5.
Gazançsyzlyk, işsizlik Şeribiň tutuş dünýäsine dert bolup, gaplap aldy. Ol ilki-ilkiler: «Aý, işdir-dä, nirä baranyňda güzeran dolarlyk iş tapylmajak» diýip oýlanypdy. Emma gapy-gapy diýen ýaly entedi. Çeperçilik fonduna, çeperçilik uçilişesine bardy. Çeperçilik akademiýasynyň rektorynyň kabulhanasynda ýüzüni saraldyp oturdy. Neşirýatlara, hatda, çeperçilik mekdebiniň direktorynyň ýanyna-da bardy. Emma baran ýerleriniň barysy tap-takyrdy. Ýa-ha onuň diýýän işi ýokdur, ýa-da adamlar ol wezipede işläp ýörendirler.
Şerip iş diýen meselede beýle gahatçylygyň düşüşine haýranlar galdy.
– Eý, Allam! – diýip, ol lapykeç halda öýüne gaýdyp gelýärdi. Öýde bolsa Keýigiň keýpi ýokdy. Bu günem ol gepi aýlap-aýlap ýene gazanjyň üstünden düşdi.
– Atamämmetler maşyn satyn alypdyrlar, şoňa sadaka edýärmişler, aýaly ýörite gelip, çagyryp gitdi. – Keýik käkiligiňki ýaly owadanja kellesini geň-enaýyja ýaýkady.
– Biz-ä indi iýmäge el ýaly çörek gaýgy. Il weli, guduraşyp, maşyn satyn alýa... Il-ä ökde. Ýogsa şol Atamämmet dagy seniň gutaran okuwyňy näçe ýyl soňam gutardy. Edil bir, ýer gemirýär. Aýalam aldygyna Hytaýa gatnap, ol ýerden arzan harytlary getirip satýa... Biz bolsak...
Äşejigiň yňňyl-çyňňyly barha artýardy. Ol indi ýarawsyzlygy sebäpli bakja-da gidip bilenokdy. «Öýde bir igençlik bolmasyn» diýip, Şeribiň özi ony saglyk öýüne eltip gelipdi. Çaga wraçy Äşejigiň ýagdaýy gowy diýmedi.
– Bokurdak mäzleri azypdyr. Onuň üstesine, dem alyş ýollaram sowuklapdyr. Öýden çykarman, ýyljak ýerde saklamaly.
Şerip ýanyndaky ähli puluna derman satyn aldy. Ol şu sapar derman ýaly mukaddes zadyň beýle gymmatlygyna haýranlar galdy. Ol «Adam ýaramasa, gazanan puly dermana-da ýetjek däl-ow» diýip oýlandy. Ol öňler Amerikada ýaşaýanlar ýekeje zatdan – syrkawlamakdan gorkýarlar» diýip eşidende, geň galmak bilen «Olar näme üçin ondan gorkýarkalar» diýip oýlanypdy. Sebäbi bizde-de SSSR döwründe derman, keselhanalar, saglyk öýleriniň hyzmatlary mugtdy. Şol mugtyň gadryny hiç kim bilenokdam. Her kim bu mugutlyk başdan şeýledir, inden şeýle bolup gider» diýip pikir edýärdi.
Amerikada bolsa ol başdan şeýle eken. Bir sapar syrkawladygyň tutuş ömrüňe ýygyp-ýygşyranyňy harç edibermeli eken. Sebäbi, derman bilen medisina hyzmaty kapitalistik ýurtlarda iň gymmat zatlar eken, soň eşidip otursa. Indi şolaryň ählisi «geň göreniň alyna» diýişleri ýaly, Şeribiň öz başyna-da düşüp dur.
Ol dermanhanadan çykyp, hars urup, iş gözlegine çykdy. Emma ol her näçe hars urup gözlese-de, iş ýokdy.
– Bar ýer gapyşdy! – diýip, ol öýden keýpsiz oturan aýalyna ýumşaklyk bilen aýtdy. Keýigiň ýüzi açylanokdy.
– Beý, näme alaç etmeli bolar? – diýip, indi Keýigiň özem açyk pyşgyryp başlady. – Eýrandan getiren harytlarymym gönendirmedi. Ýa bolmasa, men bakjadan beýlekiden iş gözläýsemmikäm?!
Elbetde, ýeriň giňi bolan bolsady, Şerip aýalyny iş diýen zadyň golaýyna-da goýbermezdi. Emma, häzir ol dilini dişläp, aýaly igenmese razy bolup otyrdy.
Ol özüniň birden aýalynyň hökümdarlygyna düşüp galanyny aňdy. Ýöne, Şerip ýekeje zady bilýärdi. Sabyr etmelidi. Darykmaly däldi. Ýöne, ol öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «sabyr edip, iki eliňi tutup oturardan, ömür juda gysgady».
– Haçana çenli sabyr etmeli bolarka? – diýip, ol gamgyn oýlandy.
Keýik adamsyndan hiç hili delalatyň ýokdugyna doly göz ýetirenden soňmy, ýa-da başga bir pikire gulluk edipmi, geýinip başlady. Ol Şeribe «pylan ýere gidýänem» diýmedi. Şeribem oňa: «Sen-ow, nirä barýarsyň» hem diýmedi. Çünki, häzir Şeribiň öz derdi özüne ýetikdi. Ol bu gün daşary ýurt firmalaryna öz hyzmatyny hödürläp görmekçidi. Emma, Keýik beýdip gidensoň, ol Äşejigi taşlap, çykyp gidip bilmedi.
Ol ysgyn-mydarsyz, saralyp, ýüpek sapaga dönen gyzjagazyny gujagyna alyp, onuň jennetiň maýsasy ýaly saçjagazyny sypalady oturdy.
Keýik giç geldi. Ýöne onuň keýpi diýseň çagdy.
– Aý-uw, oglan, Şerip! – diýip, ol gele-gelmäne Şeribe lak atdy. Şerip aşhanada kortoşka arassalap otyrdy. Ol bir eli pyçakly, bir eli ýarsy arassalanan kortoşkaly aşhanadan çykdy. – Barmyň?!
Keýik enaýyja ýylgyrdy. Aýalynyň mähriban dideleriniň nuruny görüp, Şeribiň dünýäsi giňäp gitdi.
– Bar, bar-la – diýip, ol öýke-kinesiz jogap berdi.
Keýik adamsynyň elindäki kortoşkany, pyçagy görüp gaty geň galdy.
– Munyň näme?
– Häzir kortoşkajyk gowuraýyn diýip durun. – diýip, Şerip edil ogurlykda tutuýan ýaly bolup, oňaýsyz halda hymyr-symyr eden boldy.
– Goý, goý, häzir özüm ederin.
Keýik öý eşigine girip, aşhana geldi-de kortoşka gowurdy, çaý demläp stoluň üstüne getirdi.
Şerip aýalynyň bir möhüm habar aýtmakçy bolýanyny aňdy. Emma sesini çykarmady.
– Ýaňy awtobusda ejemleriň goňşusy Olýany gördüm. Şeýle bir geýinipdir, Şerip, edil sygyryp seredip durmaly-da. «Nemis firmasynda işleýän» diýdi. – Keýigiň ýap-ýagty ýüzi birden kölegelenip gitdi. – Şol diýýär-ä, «Biziň firmamyzyň başlygy bar. Şoňa öýdeniçer hyzmatkär gerek» diýýär. «Gözüňde bolsun» diýýär. Menem, «Näçe aýlyk berýär?» diýdim. «Aşgabadyň ministriniňkä iki esse» diýýär. Menem, seniň bilen maslahatlaşmanym üçin, sesimem çykarmadym. Ýöne, adamçylykdyr diýip, Olýanyň telefonyn-a aldym...
Şerip sesini çykarmady. Sebäbi, ol iş meselesinden şeýle bir ýorulypdy welin, dünýäniň aladalarynyň bary onuň depesinden towky bolup inen ýalydy.
Ýöne ol ýurduň daşary ýurt firmalaryndan dolup galanyny bilýärdi. Olaryň käbiri işgärlerine haky erbedem tölänokdy. Ýöne Olýanyň gepine geň galyp oturasy zat ýokdy.
– Eger rugsat berseň, men Olýa bilen gepleşip göräýeýin.
– Gepleşip göräý! – diýip, Şerip, geň galmaly ýeňillik bilen razylaşdy. Keýigiň ýüzi açyldy.
– Näme, iliň edip ýören işi. Hyzmatyny ederin, hakyny alaryn. Sähelçejik işlesem, oňa çenli senem beýdip ýatman, bir ýerden bir güýmenje taparsyň-a.
Şerip sesini çykarmady.
Şondan iki gün geçenden soň, Keýik «Arion» firmasynyň şäherdäki öýünde öýdeniçer – hyzmatkär bolup, işe başlady.
(Dowamy bar)...
Powestler