6.
– Waý, waý-eý, halys öldüm-eý – diýip, Keýik elindäki agyr torbasyny zordan göterip içeri girip, gyzjagazyny goltuguna gysyp, bir burçda duran Şeribe garap, halymsyran boldy. – Halys boldum-a...
Ol birneme özüni dürsänden soň torbasyndan çörek, et, gatykly, süýtli gaplary, birki bölek tort, şokalad çykardy-da, razylyk bilen ýylgyrdy.
– Pahyrla gaty gowy adamlar. Edil çaga ýaly-da. Içerilerini, gap-gaçlaryny syryp-süpürip, gül ýaly edýän. Şu gün ýorgan daşlary, ýassyk daşlary ýuwdum. Iki dürli nahar bişirdim. Aýaly oguljygy bilen Bona uçýar. Maňa-da «gideli» diýýär. Men nirä gideýin diýsene, çörek pulymy zordan tapýan halyma.
Şeribiň gaşlary bürüldi.
– Goýsan-a, şu igençli gürrüňiňi. Işleseňem-ä işleýäň welin, edil burnumyzdanam alýaň, igenjiň bilen. Her gepiňde çylkasyzyňy oklap. Sen, gowusy, iliň gowja çagasy barada pikiri azyrak edip, öz gyzyň ýagdaýy barada-da oýlan. Çaga halys eräp barýar.
Bu söz Keýige agyr degdi.
Ol ýaraly ýaly bolup, adamsynyň ýüzüne kese-kese bakdy.
– Näme, meniň dört elim barmy? Sizi ýallamak üçin gidýän, şol işe. Men oýnap gelemok. Han-a çagaň. Seret, ata bolýan bolsaň, başga işiň galyp baranok.
Keýik şondan soň, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, çaý içdi. Ýeňilräk nahar atardy.
Ol ertir bilen işe gitjek bolanda müýnlisiräp gepledi.
– Olaryň aýala-a çagasy bilen Bona uçýar. Ärem şu gün Daşkende uçýar. Öýlerini alada edýärler. Maňa: «Sen, biz gaýdyp gelýänçäk öýde bolaýsaň diýdiler. Hakynam iki esse artdyrjaklar. Eger sen rugsat berseň, galaýyn. Bolmasa Äşänem alyp gideýin. Bol, näme diýseň, men gijä galyp barýan...
Şerip sesini çykarmady. Diňe:
– Ol gyzgyny bilen Äşäni nirä alyp gitjek?
Keýigiň sesi begençli çykdy.
– Menem şony diýýän-dä!
Gyzjagazyň haly harapdy. Çaga wraçlary gyzjagazy halas edip bilenokdylar. Kaka näme diýeňde-de, kaka bolýardy. Gyzjagaza eje mähri, eje aladasy gerekdi. Şeribem, aýalyna berip goýbermese-de, gyzjagazyna ene bolup bilenokdy.
7.
Keýigiň «Ariananyň» başlygynyň öýüne üç aý bolan mahaly, ol birden öýe gelmesini düýbünden kesdi. Ýogsa, ol her günde, seýregräkler bolsa, günaşa öýe gelýärdi.
– Bu agşam aýaly ýeke, ýanymda bol! – diýýär diýip, jaň ederdi. Ýene bir gün: – Öýlerine iň uly başlyklary aýaly bilen myhmançylyga gelýärmiş! Öýde bolaýsaň» diýýärler diýýärdi.
Mundan dört gün öň Şeribiň aýalyna gaty gahary geldi.
– Keýik! Sen enemi, ýa oturan sokudaşmy? Haýwanam özüniň ýarawsyz balasyny taşlap gidenog-a. Sen, utançsyz heleý, otuz dokuz gyzgynly ýarawsyz çagaňy, äriňi taşlap-taşlap, ýok bolup gidýäň.
Keýik owadan nur pürkülip duran gabaklaryny gedemje gerip, gülüň ýapragy kimin ýuka, nepisje dodaklaryny çöwürdi.
– Getir, illeň äri ýaly, dök üstümden dollary, menem gitmäýin. Menem bir il ýaly, ýaýnap gezeýin. Ýöne, bilip goý, indiden beýläk, beýle agzy suwly äre ýalynja bolup, oturmaryn. Gyzymy bahana etme. Eger gerek bolmasa, bar, çagalar öýüne taşla. Men özüme aýakgaby boljak zady süýrejek däl, düşündiňmi? Bu bähbitli, düşewintli işi maňa Alla berdi. Men indi özüni oňarmadyk är diýip, hyllyk ýaly akyp duran çaga diýip, ajymdan ölüp biljek däl...
– Gitmersiň. Sen entek meniň nikaly aýalym. Aýagyňy ätmegi men saňa gadagan edýän. Sen azdyň, näme üçin Alla şükür edip, el ýaly çörek bilen bir käse suw bolsa bolar bize diýip, oturaňok.
Keýik ülje ýaljak dodagyny çöwürdi.
– Samsyk. Allaň zor bolsa, bersin saňa gowja iş. Allaň zor bolsa, seni beýdip, aýalynyň getiren it ýalysyna daňyp goýmazdy. Meniň üçin gazanç, dollar Alla!
Ejesiniň sesine Äşejik aglap oýandy-da, öýdäki gala-gala sese gorkup, aglap başlady.
– Goý-aýt, sesi başyny iýen ganjyk. Çaganyň ýüregini ýarýaň. Seniň başyňda bir ýaman päl bardyr. Sen beýdip, Alla dalaşyp başlan bolsaň.
– Üýrme. Bar güýjüň bar bolsa, senem erkek bol-da, iliň äri ýaly, işle, gazan, getirip aýalyňy ekle. Ýöne meniň üstüme gygyrmarsyň. Men näme, küntüçilige, ogurlyga, lolulyga gidýänmi? Arassaja öý, işleýän, hakymy alýan.
– Hak nämäňe gerek seniň. Yrsgalymyzy Alla berer. Beýdip, syrkaw çagaňy, äriňi taşlap, gijeden gije hars urmak nämäňe gerek. Beýdip, gazanç edip bilmersiň.
Keýik äri bir diýse, indi özi ikini diýip başlady. Şerip onuň bu häsiýetini ilkinji sapar görýärdi. Onsoňam Keýik adamsynyň sözüniň özüne gerejik ýerini alýardy.
– Maňa hakam, pulam gerek, saňa gerek bolmanda. Şu öýe-de gatanjyň ýokdur. Ikije egnimiň etjagazyny çeýnäp gurandyryn. Indem gazanjak. Gyzymy daşary ýurda äkidip, operasiýa etdirjek. Maşyn alyp münjek. Iliň aýalyndan meniň niräm kem.
– Ýok, gitmersiň diýdim, gitmersiň... – Şerip iň soňky sözüni aýtdy. – Häzir şu öýden gitseň, gaýdyp, şu bosaga aýagyňy basmarsyň.
Keýik oňa jikgerilip seretdi.
– Sen kim-äý. Bu öýe kimiň gelip, kimiň gelmeli däldigini, azajyk garaş, özüm aýdaryn. Han-a, süýdüňi, bar, asmana sag...
Keýik torbasyny alyp, yzynda eljagazyny serip bar-bar bagyrýan gyzjagazyna barmyşyňam diýmän, işigi jalkyldadyp, ýapyp gitdi.
Onuň şol gidenine, bu gün ýedi gün bolupdy. Öýde iýere ýeke dişlem çörek ýokdy. Keýik işlän bolsa-da, näme hak alýandygyny aýdanokdy. Şerip aýalynyň öýe getirýän odur-budury bilen oňuşyk edip ýördi. Barja puluny ol öz ýanynda saklaýardy.
Şerip her gün «Keýik häli geler, şindi geler» diýen pynhan umyt bilen ýaşapdy. Emma onuň bar umydy puç bolup barýardy.
Sekizinji gün diýilende işik kakyldy. Gyzjagazyna derman berjek bolup duran Şerip, eli bulgurly işigi açdy. Ol gapyny kakýan Keýikdir öýdüpdi. Gapynyň aňyrsynda gözleri bulguryň düýbi ýaly, galyň äýnegiň aňyrsynda oýnaklap duran, ýap-ýaňy öýkesinden açylan ýaly duýgy döredýän, dodaklary ýumulmaýan bir pyýada durdy.
– Çarykowlaryň öýümi? Şerip baş atdy. Ol pyýada salamdan, helikden geçen, bu içeriniň baýlygyny, garyplygyny derňemäge gelen ýaly, äýnegini dürbi ýaly edip, iki gözüni içeriniň goş-golamyndan aýyrman, köwşüni çykarman, depberilip, içeri girdi-de, diwana çökdi.
– Men Diwanow. – diýdi.
Şerip hiç zada düşünmedi.
– Bolan wakalardan habaryňyz-a bardyr?
Şerip bu pyýadanyň ýüzüne aljyraňňy seretdi.
– Näme bolanmyş?
Diwanow ýüzüni öýkeli sypjaklatdy. Onuň äheňinde «At oýnatmaň näme?» diýen many bardy. Ol äýnegini eline aldy-da, ýadan gözlerini endikli ýumjaklatdy.
– Çarykowa seniň aýalyň-hä?
– Aýalym.
– Aýalyň bolsa, onuň indi bäş gün bäri niredediginden habaryň bardyr-a.
Şerip aljyrady.
– Hä, bilýän. Ol, ol. – Ol agyr ýuwdundy. – Ol firmada. «Arian» diýen firmada. – Ol bulgurly elini hellewletdi. «Arian» hawwa, «Arian» diýen nemis firmasynda...
Diwanow gözlerini ýumjakladyp durşuna, äýnegini gözüne ötürdi-de, ýerinden turdy-da diwardan asylgy türkmen halysynyň gyralaryny elleşdirip goýberdi. Soň onuň ýüzüni sypalaşdyrdy.
– Habaryň ýokmy, ýa barmy?
Şerip sesini çykarmady-da, haýran galmak bilen, bu pyýada tä ýene baryp diwana çökýänçä, yzarlap durdy.
– Siziň aýalyňyz Keýik Çarykowanyň adam öldüreninden siziň habaryňyz bar-a.
Şeribiň aňynda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Ol bu pyýadanyň sözüniň agramyny däl-de, onuň ýaz şemalynyň öwüsginjagazy ýaly, badyny hem aňyna sygdyryp bilmedi.
– Nä-m-me?.. Diwanow agyr äýnegini elinde gelşiksiz hallanlndyryp, gözlerini ýumjakladyp durdy. Birden äýnek onuň elinden sypdy-da, şakyrdap poluň üstüne gaçdy. Şerip şakryda tisginip gitdi. Emma Diwanow oňa kän bir ünsem berip durmady. Ol egilip, äýnegini galdyrdy-da, o ýerine, bu ýerine seredişdiren boldy. Aýnalaryna üfleşdiren boldy. Döwülen-ýenjilen ýeriniň ýoklugyna göz ýetirensoňam, ýene gözlerine geýdi.
– Hawa, bilmeseň. Aýalyň şol firmaçyny kaklap goýberipdir. Öz-ä daşary ýurtly adam, hä? Özem onuň öýünde, hä? Özem, ýaşyrjak, gaçjak bolupdyr, hä? Şeýdibem özi elinje ele düşüpdir, hä? Maddasy, her näçe eýläk-beýläk çekseňem, diňe atuw! Atuw! Ine, menem şonuň aklawçysy, hä!
Şeribiň haýran galmakdan ýaňa, dili tutuldy. Diwanow bolsa, indi arkaýyn sözläp başlady.
– Indiki maslahat!
– Men-ä bilmedim-dä?! – diýip, Şerip gyzjagazynyň halsyz ýatan otagyna tarap gaýta-gaýta garanjaklady. – Gyzym gyzdyryp ýatyr. Şoňa bir dermanjagaz bilen suw bereýin. – Ol elindäki bulgury görkezdi.
– Ýok, ýok! – diýip, Diwanow hökümli aýtdy.
– Meni diňle. Men seniň aýalyň aklawçysy. Sen meni gezip ýören bir küşdüň peşkasydyr öýtme, gyzyma suw bereýin diýen bolup. Iller maňa atly kowalap, ýetip bilenoklar. Men seniň üstüňe gelýän, üstüňe. Ýadyňdan çykarma. Indi, sen meni diňle. Men seniň aýalyň aklawçysy. Sen şonuň üçin biziň aklawçylar assasiýasyýamyza bäş ýüz manat geçirmeli, bu bir, hä?! Ikinji bilen, aýalyňa, hut häzir näme aýtjak, näme iberjek?
Şerip näme diýjeginem bilmedi.
– Men gyzyma dermanjagaz bereýin. Ol gaty gyzdyryp ýatyr.
Diwanow ýene-de diwardan asylgy hala hyrydarlyk bilen garady.
– Ýaman basym geçiriň, şol puly, ýaman basym, hä! Galanyny soň. – Ol duýdansyz özüni tijedi. – Hat ýazmaly bolar, ýokary. Ýöne, olam soň. Assasiýasiýa welin ýa-ma-an çalt geçirmelidir-hä, ýaman, ýaman...
Diwanow Şeribiň üstüne kyýamat düňderip, çykyp gitdi. Onuň iki gözem diwardan asylgy halyda galdy.
(dowamy bar)...
Powestler