8.
Nämüçindir, Keýigi çalt sud etdiler. Özüne prokurordan, suddan çagyryş haty bolmasa-da, Şerip gyzjagazynyň elinden tutup, Ýokary suduň jaýyna ir bilenjik gelip, suduň geçjek ýerinde oturdy.
Sagat on bolmanka, Keýigi getirdiler. Onuň daşy poliseýlerden doludy. Ejesiniň ters ýüzdäki işikden girenini gören Äşejik oňa tarap owsunyp-owsunyp galdy. Ol kakasynyň ýüzüne gözjagazlaryny balkyldada-balkydada oýurganyp seretdi. Kakasy: «Sesiňi çykaraýma» diýip yşarat etdi. Gyzjagaz ejesiniň bu ýere duşuşyga, ýa görme-görüşe getirilmändigine düşündi. Ol demir gözenegiň aňyrsyna salynan, eli awtomatly poliseýleri saklap duran ejesine bakan garap, erbet titräp, gözjagazlaryndan boýur-boýur ýaş döküp başlady. Gyzjagaz sessiz aglaýardy.
Şerip Keýik tarapa seretjeginem, gyzyna höre-köşe etjeginem bilenokdy. Sud edilýän jaýda adam gaty azdy. Barlary hem «Ariýana» firmasynyň adamlarydy.
Sud başlandy. Suda başlyklyk edýän aýal sud edilmeginiň sebäbini, kast edilmäni, Keýigiň gysgajyk terjimehalyny yglan edip, soň sud seljermesine geçdi. Esasy şaýatlar firmanyň garawullary bilen Olýa diýilýän aýaldy.
Keýige söz berildi. Ol bolan wakany jikme-jigi bilen gürrüň berdi. Soň şaýatlara söz berildi.
– Gijäniň bir wagty telefon geldi. Bu kimkä, gyz, gijäniň bu wagty – diýip trubkany alsam Keýik. – Men allaniçigsi bolup – A gyz eýgilikmi? – diýsem «Gyssagly gel, bagtym ýatdy!» – diýip, bagyryberdi. Taksi münüp, Keýigiň gel diýen ýerine barsam, aşhananyň ortarasynda firmanyň başlygy Gans Hýüller gara gana bulaşyp diň arkan ýatyr. Keýigem bar-bar bagyryp, bir burçda çöküne düşüp otyr... Ýüregim ýarylara geldi. «Näm boldy? Kim muny beýtdi» diýdim. Olam «Men etdim. Haram meýdi ýanan meni zorlajak boldy. Meniňem alajym bolmady» diýdi. Soň: «Indi näderis?» diýdi. Menem «Häziriň özünde goragçylara, polisiýa jaň etmeli» diýdim. Hä diýmänem polisiýa, «Tiz kömek» gelip, olary alyp gitdiler. Bar bolany şol.
Olýa garalowjynyň aklawjynyň sowallaryna jogap berip, ýerine geçip oturdy. Soňra ýene Keýikden sorag edip başladylar. Ejesiniň sesini eşiden Äşejik arkaýyn oturyp bilmedi. Ol wägirip elden-aýakdan çykyp «Eje, Eje jan!» diýip, wägirip aglady. Sud muny ýörite guralan spektakl hökmünde kabul edip, Şeribi gyzy bilen birlikde sud bolýan jaýdan çykardy.
Gyzyny kimedir goýup, Şerip bir salymdan içeri girdi. Keýik gepläp durdy.
– Men adamym bilen maslahat edip, «Ariana» firmasynyň başlygy Gans Hüýleriň öýüne öýdeniçer bolup, işe ýerleşipdim. – diýip, ol Şerip tarapa seretdi.
– Gatyrak gürle, eşidemok! – diýip, sud edýän aýal azgyrylybrak aýtdy. Emma Keýik äheňini üýtgetmedi.
– Olarda üç aý işledim. Gans Hüýleriň maşgalasy Germaniýa gitdi. Onuň aýaly menem Germaniýa alyp gitjek boldy. Men ýarawsyz çagam bolany üçin, gidip bilmedim. Şonuň üçin ol aýal: «Men gelýänçäm öýde bol. Aýlygyňy iki esse artdyrýan» diýdi.
– Sen şondan soň olarda ýatymlyk bolýardyňmy?
– Hawa, men öňem olarda ýatymlyk galan wagtlarym bolardy.
– Adamyň, gyzyň bu meselä nähili garaýardylar. – diýip, aklawjy ýene içýakgyç sowal berdi.
– Keýik Şeribe bakan gözüniň gytygyny aýlan ýaly boldy.
– Adamym Serip Çarykow häzirki wagtda hiç ýerde işlänok. Ol öýde gyzymyza seredýär. Ol işlejek welin, iş tapylanok. «Maňa iş tapylýança, sen işläý» diýip, maňa rugsat berdi.
– Aýdyber.
– Onsoň, öý eýeleri gitdiler. Bir gün gije ýeke özüm ýatyrdym. Biri işigi açdy. Görsem öý eýesi Gans Hüýler! Ol meniň bilen salamlaşdy. Men ýerime geçip ýatdym. Irkilipdirin. Birden gara basan ýaly boldy. Tisginip oýandym. Görsem, şol haramzada nejis. Eşiklerini çykaryp dur. Özem içgili. Ol eşigini çykaryp, maňa ýapyşdy. Men ondan sypjak boldum. Gygyrdym, dyzandym. – Keýik aglady. – Gaty namys etdim. Soň, elinden sypyp, aşhana ylgadym. Ondanam daşary çykjak boldum. Emma ol meýdi ýanan ýekegapan ýaly bolup, üstüme topulyp gelýär. – Keýik ýene aglady. Birsalymdanam: – Gaharyma näme edenimi bilmändirin. Bir görsem, ol gana bulaşyp ýatyr.
– Dur! – diýip, aklawjy ony saklady. – Gans Hüýleriň içgilidigini nädip bildiň?
– Meni basyp-bogup, zorlajak mahaly bilip galdym.
– Içgilimidi, ýa gaty serhoşmydy? – diýip sud edýän aýal sorady.
– Serhoşmy, dälmi, onçasyny bilemok. Ýöne aragyň ysyndan dem alar ýaly däldi.
– Ol seni zorlap, aýal-erkek gatnaşygyny etdimi? – diýip, aklawçy sorady.
Keýik sesini çykarmady.
– Seniň eşikleriňi zor bilen sypyrdymy? – diýip, garalowjy sorady.
– Hawa.
– Onda näme, sen-ä garşylyk görkezýäň? Özüňem, eşikleriň abat, ilikleriň üzülen ýeri ýok-ga. Ýa, teniňe şikes, hiç bolmanda gök düşen ýeri ýok?
Keýik sesini çykarmady.
– Sen olarda gije galanda jebir çeken saňa ýakynlaşmak, ýagny, erkeklik- aýallyk gatnaşygyny etmek barada teklip etdimi? – diýip, sud edýän aýal sorady.
– Hawa. – diýip, Keýik boýun aldy.
– Onda näme üçin, beýle namysjaň bolsaň, olaryň öýüni taşlap gaýtmadyň.
Keýik ilki sesini çykarmady. Soň, aglap, gaharly gürledi.
– Men nirä gideýin? Siz bu ýurdy nämä öwürdiňiz?! Ýurdy daşary ýurtlylara satdyňyz. Garyba, hossarsyza iş bermeseňiz, harydyň, iýmek-içmegiň bahasyny keýigiň şahyna çykaryňyz, onsoň, men nirä gideýin? Adamym indi ýedi aý bäri öýe ýeke köpük getirenok. Gyzym ýarawsyz. Menem baryp, öýde otursam, maşgalam toprak ýalamalymy? Gül ýaly ýurdumy jelephana, gedaýhana öwüreniň öýi otlansyn. Biziň ýaly müňlerçe ejizi, howandarsyz, hossarsyz naçary hapa esgä öwrüp, daşary ýurtlylaryň aýagynyň aşagyna taşlanlaryň ylaýym, meýdi ýansyn.
– Hany, bes et-de, işe degişli sowallara jogap ber. Men saňa duýduryş berýän – diýip, sud edýän aýal zalda oturanlara gorka-gorka nazar aýlap, aýtdy.
– Sen aýt, saklanan mahalyň, seniň ýanyňdan ABŞ-yň dokuz ýüz elli dollary, türkmen pulunyň iki million manady çykypdyr. Sen şol pullary nireden aldyň?
– Barysy meniň üç aýky gazanjym. – diýip, Keýik aýtdy.
– Sen näme üçin gazanan pullaryňy öýüňde ýa-da adamyňa goýmansyň?
Keýik sykylyp, çöpe dönen göwresini, kagyz ýaly ap-ak ýüzüni hasrat bilen örtüp, ýuwaşja gürledi.
– Aprel aýynyň hakynam alsam, işden çykyp, gyzymy Moskwa äkidip, operasiýa etdirmegi niýet edinip ýördüm. Emma, nädeýin, täleýimdir-dä.
Suduň ikinji bölüminde Şerip gidip, gyzynyň halyndan habar alyp gaýtdy. Gyzjagaz usurgap ýatyrdy. Onuň gyzgyny öňküden hem galypdy.
Adamlar agyr hasrat bilen sud bolýan jaýdan çykdylar. Iliň soňundan Diwanow çykdy.
– Ýok, ýok, bu karar bolmaýar. Ýok, atuw bolmaz-a. Biz häziriň özünde ýokary – Ol başam barmagyny ýokary, bir ýerlere uzadyp aýtdy. – Kasastasion şikaýat ýazmaly. Atuw diýeni bolmaýar. Hökümet bu jeza çäresini ýatyrjak bolup ýör. Köp ýurtlar bu çäräni bir wagt ýatyrdy. Onda-da aýallar meselesinde. Basym bizde-de ýatar ol, häzir dowam etse-de.
Sud edilişigiň ikinji bölüminiň ahyrynda döwlet garalawjysy işi tersine öwürip başlady. Ol: «Misli, Keýik, köp mukdarda pul gazanmak maksady bilen Gans Hüýler bilen, onuň niýetini amal etmekde ylalaşyp, soňra şol ylalaşyk başa barmany üçin, oňa kast edipdir» diýip, özüniň sözüni delillendirip aýdýardy. Onuň pikiriçe, erkeklik-aýallyk gatnaşyklarynyň bolmak prosesi bir wagtda, emma, kast etmegiň prosesi ep-esli wagt geçenden soň, duýdansyz, bilkastlaýyn edilen bolmalydy...
Ine, şeýle deliller, şeýle mysallar, tymsallar bilen, sud Keýige atuw jezasyny yglan etdi.
Diwanow bolsa: «Beýle bolmaly däl, Keýik sudda öz ýagdaýyny düşündirip bilmän bulaşdyrdy. «Arionyň» adamlary bolsa ýokarkylary satyn alan bolmaly» diýip, hil bir gepim barmyş diýip, özüni aklap, ýom-ýok bolup gitdi.
9.
Şerip indi halys ugruny ýitiripdi. Ol Keýigiň sudy, aklawçynyň haky üçin diwardaky el halyny Diwanowa satyp, ondan özüne galan sähelçejik pula gyzyna derman, çaga iýmitini satyn alyp gününi görýärdi. Onuň üstesine, alsalar-almasalar-da, oňa berseler, bermeseler-de, Keýigiň yzyndan iýmek-içmek alyp barypdy. Aýalyny görjek bolubam, azar baryny gördi. Emma, Keýigi görüp bilmedi.
Aklawçy bolsa ýene gelip, ýokarky guramalara arza ýazmak üçin ondan pul soraýardy.
Ol iküç günlükde telefon apparatyny, telewizoryny goňşularyna satyp, gyzjagazyna derman alar ýaly pul jemledi. Iýer-içer ýalyt azyk satyn aldy. Emma olar hem ýalaň odunyň ýalyny ýaly, sähelçe wagtda gutardy.
Şerip agyr oýlara gark bolýardy. Ol indi, iş tapylaýanda-da, Äşejigi ýeke taşlap gidip biljek däldi. Keýigiň ne günlere düşeni tutuş şähere «dark» bolupdy. Onuň utanjy, namysy gelip Şeribe degýändigi üçin, ol indi ile-güne, deň-duşlaryň arasyna, şähere başyny göterip çykmaga-da namys edýärdi.
Goňşy tebip aýal Äşejigi görmäge gelende-de:
– Wah, wah, gowy maşgalady. Göz boldy, dil boldy, balam. Heý, atuwa dözer ýaly maşgalamydy. Howlukdy-da: «Geçer gahatçylyk, galar biabraýçylyk» diýenleri boldy-da. – diýip, Şeribiň bagryna otlar guýup gitdi.
Äşejik indi belli-külli ýorgana baglanypdy. Goňşy tebip aýal «Gyzyň damak bolupdyr. Daňdan ejesi damagyny ýalasa, gül ýaly gutulyp giderdi» diýip, gidipdi. Emma Şerip indi onuň ejesini nireden tapsyn ahyry.
Şerip nämüçindir Keýik bilen duşuşmak isleýärdi. Ol şu talap bilen onuň saklanýan ýerine baryp, iki sapar olardan resmi rugsat hem aldy. Emma duşuşyk başa barmady. Oňa: «Aýalyň islänok» diýen jogaby getirýärdiler. Ol bir gün gidip, Ýokary suduň başlygynyň kabulhanasynda güni bilen oturdy, emma indi kabul etmeýärdiler. Günleriň birinde bolsa Ýokar suduň kabulhanasynda oňa Diwanow pete-pet gabat geldi. Ol hem «şikaýatyň güýjünde galdyrylandygyny» habar berip, Şerip bilen juda sowuk gürleşip, öz ugruna gitmek bilen boldy.
Indi Şeribiň barara başga gapysyhem galmady. Ol aç, suwsuz, surnugyp, öýüne geldi. Öýünde bolsa onuň ertir ýokary suduň kabinetleriniň birine barmalydygy baradaky çakylyk ýatyrdy...
Bu çagyryş haty Şeribiň köňlünde nähilidir bir umyt yşgalaňjagazlaryny oýaryp başlady. Onuň göwnüne bolmasa, ertir Ýokary sudda oňa Keýgiň işiniň yeňilleşdirilendigi baradaky hoş habar aýdylaýjak ýaly boldy. Ol şol duýga beslenip, Äşejigi naharlady. Onuň dişlerini ýyljak suw bien ýuwdyrdy. Agzyny, bokurdagyny narpyz suwy bilen çaýkatdyrdy. Onuň aýajyklaryny gyzgynjak suwa salyp, tä derleýänçä oturtdy. Soňra ýüň mata bilen süpürip, oňa ýüň jorap geýdirdi-de, ýerine geçirdi. Boýnuna, bokurdagyna spirtli pamyk goýup, ýumşajyk mata bilen daňdy.
Onuň pikiri ertir Äşejigi idelýän ýere alyp gitmekdi.
«Belik, ejesinden bir habar bolaýady-da. Ejesini görse, ýarajygy ýeňlär.» diýip oýlandy-da, özem ir gözünden ýerine girdi...
Ol ýatan ýalam bolsa, birden öýde Keýigiň barlygyny duýdy. Ylgap onuň ýanyna bardy.
– Keýijegim. Seni boşatdylarmy?
Keýik käkiligiň kellesi ýaly owadan başyny gaýşardan bolup näzirgäp, ýylgyrdy.
– Hawa-laý, bary biderek ekenläý. Ol haram ýer çeken ölmänem eken-ä. Morga almaga barsalar, ýalaňaç halyna otyrmyş-a. Özem, haram meýdiň «Meni Katýaň ýanyna alyp gidiň, ötünç sorajak diýip, bar-bar bagyrýarmyş. Katýasam, men. Haram meýdi ýanan uly iliň içinde meni masgara edeni galdy. Ýene öýmüze öýdeniçer bol diýýär. Gabra gitsin. Pullaram gerek däl. Peýdalaram. Aýlanaýyn ärim bilen çagamdan. Seniň diýişiň ýaly, el ýaly gaty çörek bilen bir käsejik suw tapsam, başga eşret gerek däl, maňa. «Aç başyň, dynç gulagym»... Şeribiň dünýesi giňedi. Onuň çeken ähli derdi dargap gitdi. Ýüreginiň başyndaky demir penje aýrylyp gitdi.
– Dogry aýdýaň, ezizim. Heý halal ömürdenem gowy zat botmy. Aç bolup, beýle ajam bolmarys-la. Ýöne özüň birazajyk howlugagan-da...
Şerip tisginip turdy. Ol bu zatlaryň düýşüdigini aňybam «Keýijegimi azat ederler» – diýip, tä daň atýança umyt edip, ýatyp bilmedi.
Ol şol oýlary bilen, iş ýaňy başlanan badyna diýilen ýere bardy. Oňa bir köne žurnala gol çekdirdiler-de, eline bir düwünçegi hem-de Keýige çykatylan hökümiň ýerine ýetirilendigi baradaky hat ýazylan kagyzy gowşurdylar.
Şerip nämäniň nämedigine şol mahal düşünip galdy. Onuň depesine dünýe düňderildi. Ol iki eli bilen kellesini tutdy-da, poluň üstüne çökdi. Soňam iki eli bilen ýer ýumrukjlap erbet-erbet yňrandy. Ýöne, nämüçindir gözlerinden ýeke damja-da ýaş çykmady.
Kakasynyň aglaýşyny görüp, Äşejik «Eje janym! Eje janym-eý!» diýip, erbet aglady. Olary ýokary suduň jaýyndan çykaryp goýberdiler.
Şerip Keýigiň ysy gelip duran düwünçegi bagryna basyp, gyzjagazynyň, elinden tutup, elenip öýüne baranda, işiginiň açykdygynam duýmady.
Içeri haňlap ýatyrdy. Ertirem, görer göze doly içerde, köne-küşülden başga hiç zat goýmandyrlar.
Stenka, holodilnik, radio, haly, beýleki ýorgan düşekler, diwan, stol, stullar, gap-gaçlar, aýnalaryň tutulary, bary, bary, edil ýel çalan ýalydy.
Ýerde ejesinden galan şylhasy çykan palas, burçda bolsa bir wagt yşkyna düşüp çeken maşgala suraty, onuň gapdalynda doly, ýarty reňkli çüýşeler, kistler, çotkalar, galam-kagyzlar pytyrap ýatyrdy.
Şerip ilki erbet aljyrady. Soň çykyp, duldegşir goňşularynyň işigini kakdy.
– Kimsiň?
– Men – goňşyňyz.
Işik açyldy.
– Öýümiň ähli zadyny göterip gidipdirler. Gören-bilen ýokmyka?
– Aý, ýog-a. Men-ä bilmedim.
Şerip goňşy aýal işigi ýapmanka ýene oňa habar gatdy.
– Onda bir polisiýa jaň edip alaýyn. – Şerip ol aýalyň rugsat bererine-de garaşman, içeri kiürsäp girip telefonyň trubkasyny galdyryp, «02» jaň etdi. Ýagdaýyny düşündirdi. Adresini aýtdy. Soň goňşularyndan çykyp, öz öýüne girdi. Äşejik gaty poluň üstünde, ejesiniň ysy gelip duran düwünçegi bagryna basypjyk ýatyrdy. Şerip gyzynyň aýagujyna çökdi-de, silkinip-silkinip aglady. Soň düwünçegi aldy-da, onuň syrçasyna zeper ýetirmejek bolýan ýaly bolup, onuň düwünçegini emaý bilen çözdi.
Düwünçekden Keýigiň şol owadan atlaz köýnegi, bazardan saýlap-seçip alan bosonožkasy, gapjygy, sagady çykdy. Okuwçy depderiniň bir sahypajygynyň bölejik ýerine-de «Ýamanlykda ýatlamaň, ezizlerim» diýen ýazgy bardy.
Şerip ol bölejik kagyzy gözleriniň öňüne tutan badyna, onuň üstüne doly tutaşan ýaly bolup gitdi. Bu gysgajyk ýazgy Şeribiň ýürek ýarasyny dyrtmalap, oňa bir gysym duz guýan ýaly boldy.
Ol tutuş otagy sarsdyryp, misli aýalynyň patasyny alan ýaly bolup, waý çekip aglady,
Gijara işik kakylyp, içeri iki sany poliseýsiki girende-de, ol köşeşip bilenokdy.
Polisiýa işgärleriniň ekabyrragy adamkärçilikliräge meňzeýärdi. Ol içeriniň naýynsap adamlar tarapyndan tümaýak goýulandygyna erbet gynandy. Ol poluň üstünde pytyrap ýatan höküm hatyny okandan soň-a hasam gynandy.
– Naýynsaplar, ogurlyga gelmeli wagtlaryny tapypdyrlar – diýdi. Soňra protokol düzmäge başlady. Ogurlanan zatlary, ütükden başlap, stenka çenli, diňe Keýigiň, Şeribiň eşiklerine, Äşejigiň eşijiklerine, oýnawaçlaryna, köwüşjagazlaryna çenli, gap-gaçlaryna çenli baryny, protokola geçirdi.
Olar soň goňşylaryň telefonynda merkez bilen gepleşip, el-aýak yzlarynyň suratyny hasaba alýan goşmaça güýç çagyrdylar. Soňam, ýazyşdyryp, pozuşdyryp, işikde, beýleki güman edilen ýerlerde galan el-aýak yzlaryny alyşdyryp, çykyp, gitdiler.
(Dowamy bar) ...
Powestler