10.
Şerip üçin indi gara günler başlandy. Öýde ne bir düşenere düşek, ne-de ýapynara ýapgy, ne-de agzyňa salar ýaly bir döwüm nan bardy. Ol ot bolup, ýanyp ýatan gyzjagazynyň üstüni ejesiniň köýnegi bilen ýapyp, oňa «Gyzym, sen ýatyber, men häzir gelerin» diýip, bazara bakan ylgaýardy.
Bazar ýaňy açylypdy. Ol maşyndan halta düşürip duranlaryň ýanyna bardy. Olaryň ekabyrragyna:
– Agam, eder ýaly gara işiňiz ýokmydyr? – diýip, utanyp-utanyp sorady.
Habar soralan adam onuň ýüzüne göwniýetmezçilik bilen garady-da, gedemje ýylgyran boldy.
– Näme, pohmeliň ýetenokmy?–diýdi.
– Ýok-la, gyzjagazym usurgap ýatyr. Şoňa dermanjagaz, iýer-içer ýaly zatjagaz almaly. Pulam ýok, işem tapylanok. Ýük düşürmelem bolsa, daş çekmelem bolsa, gaçjak däl. Öýümde çagajygyň agzyna salar ýaly bir döwüm nanym ýok...
Agyr- agyr haltalary çekip duranlar gülüşdiler.
– Ondan, agam, öten agşam gaty gidipdiris. Elli gram urmasam içim ýanyp dur diý. – diýip, halta çekip ýörenleriň biri aýtdy.
Şerip olardan netije çykmajagyny duýdy-da, aňyry, ullakan-ullakan sygyr butlaryny maşyndan düşürip duranlaryň ýanyna bardy.
– Gardaş, bir işjagaz ýokmydyr. Agyr bolsa-da, hapa bolsa-da zyýany ýok. – diýip, boýnuny burup sorady. – Öýde iýmäge bir döwüm çöregim ýok. Gyzjagazym ýaraman ýatyr.
Söwdagär ýigit gaýyrjaklary düşürip duran garaýagyz pyýadany görkezdi.
– Bar, şolar bilen gepleş. Şolar işi boýun aldylar. – diýdi.
Emma ýük düşürip duran ýigitleriň golaýyna barar ýaly däldi.
– Ýok, agam, adamymyz ýeterlik. Özümizem işsiz. Munam zordan tanyşlyk üsti bilen tapdyk. – diýdiler.
Şerip günorta çenli amatlyja iş agtardy. Emma onuň gözleginden netije çykmady. Soň, ol şol ýerden göni Hudožnikler soýuzyna gitdi.
– Sary! – diýip, ol özi bilen deň-duş, Moskwada deňräk okan ýigidine ýüzlendi. – Meniň başyma häzir kyýamat gopdy. Aýalyma atuw jezasyny berdiler. Düýn içerimi, doly talap gidipdirler. Gyzjagazym juda agyr derde uçurap, kyrk gradus gyzgyny bilen ýatyr. Meniň häzir şoňa çörek almaga ýagdaýym ýok. Sen maňa üç-dört gün oňarlyk kömek et. Iş tapmaga hemaýat et. Kyn gün gelse-de, adam başyny alyp durmaz. Men juda agyr güne düşdüm, gardaş, kömek et!...
Sary Babaýew ýeserje, içi güjüklije gülen boldy.
– Goýsan-aý, Şerip, goý! – Ol ýumrugy bilen stoly urdy. – Men saňa dogrymy aýdaýyn. Sen içmäňi goý. Şonda işem tapylar, pulam, düşýäňmi!
Şerip gamly başyny ýaýkady.
– Sary, sen maňa düşün, şu geçen aýda ýeke owurt içen bolsam, çagamyň damak gany bolsun. Ýogsa-da, içenim awulyk bolsun.
Sary Babaýewiň ynanjy üýtgär ýaly däldi.
– Goýsana-aý, Şerip, ýap-ýaňy men seni bazarda gördüm-ä, alkaşlar bilen üçleşip durkaň, düşýäňmi? Öz gözüm bilen gördüm. Bar, bar, azar berme. Işle, eser döret. Başga näme işiň bar. Azar berme, häzir ýygnak bar.
Şeribiň bu ýerden gaýdasy gelmedi. Ony ýygnaga üýşen oglanlar kowan ýaly edip, otagdan çykardylar.
Şerip, boýnuny sallap hasaphana girdi. Ol garryja baş hasapçy rus aýaly Anna Iwanownanyň ýanyna bardy.
– Şerip, saňa näme bolýar, mähriban! – diýip, Anna Iwanowna hemişe dünýäni sil alsa-da topugyna çykmaýan bu adamyň beýle hala düşmesini geň görüp, zenan dözümsizligi bilen sorady.
Şerip bu aýalyň garşysyndaky oturgyja geçip, gussaly gözlerini ýumyp, ep-esli oturdy-da, ýuwaşja sözledi.
– Anna Iwanowna, derdim içime syganok. Aýalyma atuw jezasyny berdiler, düýn ýokary suda baryp-gelýänçäm, gapymy döwüp, öýe girip, içerimiň ähli zadyny talap gidipdirler. Gyzjagazym, öýede, kyrk gradus gyzgynyň içinde, ölüm halynda, agyr ýatyr. Iş tapylanok. Gyzyma derman almaga, özüme çörek almaga ýeke köpük pulum ýok. Özümem indi ýedi gün bäri agzyma ýeke döwüm çörek salamok. Maňa azajyk kömek ediň. Jan Anna Iwanowna! – diýdi-de, horlugyna çydaman silikinip-silkinip eňredi.
Anna Iwanowna erkek adamyň, onda-da dünýä göwni ýetmän, buýsançly başyny hiç kimiň öňünde egmejek bu juda gazançly, zehinli diýilýän adamyň bolup oturyşyna dözmän, olam aglady. Ol Şeribiň ýüzüne hopurganyp garady.
– Gyzyňy kime goýup gaýtdyň? Şerip gussaly, gözýaşlary buldurap duran gözleriniň hasratyny gizläp bilmän ýere garady.
– Irden, bazara barsam çörek puly, derman almaga puljagaz tapylmazmyka diýip, öýden çykyşym. Ol ölümi-dirimi, onam bilemok. Häzir baranymda-da, bermäge hiç zadym, içirmäge dermanym bolmasa, boş baranymyň haýry näme? Soýuzdan, oglanlardan azajyk kömek beriň diýip, bäri geldim. Olaram: «Sen pohmel etjek bolup, arak puly soraýaň» diýip, meni kowup goýberdiler.
Anna Iwanowna oňa zenan dözümsizligi bilen garady.
– Gyzjagazyň derdi näme?
– Gllandalarynyň çüýremegi. Bronhitiň ötüşen görnüşi. Ol indi näçe gündir, iýibem bilenok, içibem... Anna Iwanowna ýerinden turdy-da burçdaky şkafa tarap ýöneldi. Ol ýerden mürepbeli bankaň çykardy. Soň ýerine geçip oturdy.
– Ine, şu smorodinanyň mürepbesi. Gyzgynjak çaýa garyp, içir. Soň ol aýal gapdalyndaky torbasyndan öýi üçin satyn alan kolbasasyny, çöregini, peýnirini çykaryp, gazete dolaşdyrdy. Gapjygyndan iki sany on müňlük çykaryp, baryny Şeribe uzatdy.
– Noş bolsun, gutulaweriň. Eger ýagdýym bolsa, agşam baryp, görüp gaýdaryn.
Şerip, juda erbet halda, yranyp-yranyp, otagdan çykdy.
11.
Gün batan bada Anna Iwanowna işigi kakyp öýe girende, Şerip usurgap ýatan gyzjagazynyň ýanynda gam-gussa batyp, gyşaryp ýatyrdy.
Anna Iwanowna ýyljak süýtlaş getiripdir. Ol boşap galan içerini görüp, gaty gorkdy.
– Wah, wah – diýip, ol nähilidir bir howsalaly duýgulary başdan geçirip, ynjyly aýtdy. Ýöne bu ýigidiň ýüreginde zerzaw bolan dertli ýarasynyň ýüzüni dyrmamaýyn diýen manyda, onuň düşen ýagdaýlary barada hetjikläp sorap durmady.
Nämüçindir Äşejik bu aýaldan gorkdy. Onuň getiren naharyna gözüniň gytagynam aýlamady. Ol Anna Iwanowna gaýdýança, kakasynyň gujagyndan düşmedem.
Şerip, gyzjagazyň ýagdaýy örän agyr. Sen ony bir sagadam gijä goýman, keselhana ýerleşdir. Gerek bolsa, operasiýa etdirsinler. Ýöne, tijenmeseň, sen gyzyňy eliňden aldyrarsyň. – diýip, alada bilen maslahat berdi. Anna Iwanowna çykyp barýarka öýüne baryp, «Tiz kömege» jaň etjegini aýdyp gitdi.
Şerip, onsuzam, gyzyny mundan artyk öýde saklamaly däldigine düşünýärdi. Ýöne, ol näme etmeli, kime ýüz tutmaly, ine, şony bilenokdy. Keýik barka ol Şeribi eýle-beýle işleriň golaýyna-da goýbermezdi. Bar işi özi eder ýörerdi. Onsoň, Şeribiň göwnüne, ol işleriň bary öz-özünden bolup duran ýalydy.
Äşejik bu garry aýal çykyp gidensoň, kakasynyň gujagynda halsyz, agyr-agyr dem alyp ýatan ýerinden başyny göterdi-de, gyzgyn aýasy bilen kakasynyň süňklek, damarlary syh-syh bolup çykyşyp duran goşaryndan tutdy.
– Kaka jan! – diýip, ol Şeribiň ýüzüne delminip garady
– Näme, gyzym?
Äşejik ýanyp, ýara-ýara bolan dodajygyny howlukmaç ýalady-da:
– Sen meni hiç kime bermersiň gerek – diýdi.
Şerip tisgindi.
– Ýok, gyzym, men seni adam ogluna bermen.
Äşejik gan petsiz ýüzündäki, ejesiniňkä meňzäp duran ullakan, kirpikmen owadan gözlerini gorkuly tegeledi.
– Ýogsa, sen meni berseň, alyp, ejem ýaly, menem öldürerler....
Şeribiň demi tutulyp gitdi. Ol erbet düwündi. Ýöne, sesini çykarmady. Äşejik welin dili açylan ýaly sözleýärdi.
– Meni öldürtme. Men gutularyn. Onsoň, saňa çaý demläp bererin. Saňa süýjüje naharam bişirip bererin. Öýleri arassalaryn. Ulalanymda işlärin. Saňa dükandan çörek getirip bererin. Ýöne, sen meni hiç kime, hiç kime berme, bolýarmy? Berseň, menem öldürerler, kaka jan. Han-a, ejemem gelenog-a. Diňeje köýnegini goýberipdirler-ä. Menem ölsem, diňe köýnegimi bererler. Onsoň, seniň ýanyňa kim geler?!
Şerip gaty erbet boldy. Ol tas däliräpdi. Ol gyzjagazyny mundan artyk gürletmejek bolýan ýaly bolup, onuň ýüzüni kükregine basdy-da, ýüpek ýaljak, gap-garaja, aýdyp bolmajak derejede ezizje saçyny sypalady oturdy.
«Tiz kömek» giç geldi.
– Ertir özüňiz Merkezi saglyk öýüne eltiň – diýip, ýaş wraç gelin çaganyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdyp, gyzjagaza sanjym edip, boram-boş içerä howsala bilen seredip, çykyp gitdi.
Äşejik gije rahat ýatdy. Emma Şeribiň welin gözlerine çiş kakylan ýalydy.
– Keýik, Keýijegim! – diýip, ol gussaly samrady. – Mähribanym, ne günlere düşdük, ne zulumlara düşdük biz. Sen öleniňden, men ölen bolsam gowy bolardy. – diýip, samrady. Soň ýerinden turup, Keýigiň diwardan asylgyja portretini eline aldy.
Ol portretden özüne garap duran näzikden owadan eziziniň didaryna gözlerini aýyrman seretdi-de ýatdy. Keýigiň käkiligiňki ýaly owadan kellesi, şugladan doly, hatda suratdan hem daşyna pürkülip duran mähriban gözleri, owadan burny, iki bölünen ülje ýaljak nepis dodaklary doňup, Şeribe syrly garap otyrdy.
Edil, Şeribiň bu eziz didardan doýup, ganyp bilmän ýatyşy ýaly, ol hem Şeribiň didaryndan doýup, ganyp bilmeýän ýaly, Şol garap otyrdy, garap otyrdy.
Şerip Keýik bilen tanyşyşyny ýatlady. Çeperçilik uçilişesiniň ýanyndaky çagalar bagyna bir kiçijik gyzjagazyň elinden tutup gelýän orta boýly, saçyny iki örüp, öňüne goýberen gyz onuň göz öňüne geldi.
Ol umumy ýaşaýyş jaýyndan okuw ýerine gelýärkä, irden Keýigi günde gabat gelýärdi. Şonda-da ol bir gün ol ýüregine daş baglap, «Aý, näme bolsa bolsun» diýip, bu gyzyň adyny sorapdy. Soň Keýik jigisini bakja berip gelýänçä garaşdy. Keýigi ep-esli ýere barýança ugradyp, onuň durmuş ýagdaýyny bildi.
Görse, bu gyz hem özi ýaly ýetimje çaga eken. Ejesi kakasy aýrylyşyp, hersi özbaşyna maşgala bolupdyr. Indi Keýigem daýylarynyň öýünde bolýan eken.
– Meniňem kakam ýaşkam ýogalypdyr. Garryja enem bar. – diýip, Şeribem öz ýagdaýyny gürrüň berdi. – Häzir enemiň ýanynda ýaşaýan. Ejemiň ýanyna-da barsym gelenok. Şonuň üçin okuwymy tamamladygym Moskwa okuwa gitjek.
Keýik Şeribiň gürrüňlerine gyzykdy. Moskwada näçe okamalydygyny sorady. Kem-kemden Şerine imrigip gitdi. Oňa garaşdy. Şerip Moskwadan okuwyny gutaryp gelen ýylam, oňa gaçyp geldi.
Är -aýal bolup ýaşan ýyllary Şerip Keýigi hor etmedi. Işledi. Öz ugrundan gowy gazandy. Hudožnikler birleşigi olara iki otagly jaý berdi. Emma...
Emma, SSSR-iň dargamagy bilen öňki olary bagtly eden düzgünler harap boldy. Täze düzgünler, bazar syýasatynyň aldajy düzgünleri gaty köp ojagy omurdy.
– Ah, Keýijegim, howlukdyň, janym. Men seni saklap bilmedim. Men seniň äriň bolsamam, başyňa kanagat jylawyny salyp bilmedim, nädeýin...
Şerip daňa golaý uka gitdi... Ol bir ýerden gelýärdi. Ol bir görse, SSSR-iň Prezidenti Mihail Gorbaçýew aýaly Rais Maksimowna bilen gol tutuşyp barýar. Şerip ilki gözüne ynanmajak boldy. Soň olaryň yzyndan ýetdi.
– Salam! – diýip, Şerip SSSR-iň ilkinji Prezidentine salam berdi.
Mihail Gorbaçýew onuň salamyny hoşamaýlyk bilen aldy.
– Men – Şerip, hudožnik – diýip, ol olara özüni tanatdy. – Size duşanym gowy bolaýdy. Men sizden bir zat soraýyn-la, mümkinmidir – diýdi.
Mihail Gorbaçýew gözlerini elek-çelek edip, Raisa Maksimownanyň ýüzüne garady.
– Soraň. Baş üstüne...
Şerip köp wagt bäri ýüregide göterip ýören sowalyny diline geçirdi.
– Siz SSSR-i näme üçin dargatdyňyz? Eger Siz dargatmadyk bolsaňyz, ol beýik ýurt, beýik imperiýa hiç haçan dargamazdy!
Raisa göm-gök gözlerini elek-çelek etdi.
– Gör, bularyň ählisiniň şol bir sowaly berişini...
– Ýok. Ýok! – diýip, Mihail Gorbaçýow gyzyp başlady. – Sen, ine, SSSR-iň graždanini. Sen SSSR-i dargatman, berk, kuwwatly saklamak üçin nämeler etdiň?
– Hiç zat!
Mihail Gorbaçýow oňa elini uzatdy. Ol Şeribiň elini silkeläp durşuna:
– SSSR-i dargatmazlyk üçin sen hiç zat etmeseň, ol hiç zat etmese, bu ýurtda ýaşaýan 275 million adam hiç zat etmese, ýalňyz Mihail Gorbaçýow näme etsin. SSSR-i men däl-de onda ýaşaýan adamlaryň geleňsizligi hem-de sabyrsyzlygy ýykdy.
Olar diňe öz alanlaryny, şu günlerini, iýenlerini bildiler. Hiç biri, hiç hili azap çekmän, ekmän, gurman, boş galdyran ertirlerine howlukdylar. Ahyrsoňy, bosuşyp, daljygyşyp şaňlap ýatan şol boş ertire geldiler. Gelip görseler, giden boşluk. Hiç zat ýok. Aýt, indi kim günäkär. Olar indi öz ojaklaryny, maşgalalaryny opurýarlar. Oňa günäkär gözleýärler. Günäkäriň özleridigini heý, boýun alýan barmy?
Raisa Maksimowňna aldygyna baş atyp, adamsyny tassyklaýardy. Ol birden Gorbaçýewiň sözüni kesdi-de:
– Seniň öýüň, maşgalaň barmy? – diýip, Şeribe geň sowal berdi. Şerip başyny gussa bilen ýaýkady.
– Ýok, bary omruldy – diýip, gam-gussa bilen aýtdy. – Aýalymy atdylar. Öýümi taladylar. Işimi, yrsgalymy ýumurdylar....
Mihail Gorbaçýew oňa eliniň aýasyny açyp, uzatdy.
– Gördüňizmi, SSSR-i saklan bolsadyňyz, baryny saklardyňyz. Güzeran üçin, aç ölmezlik üçin, göreşýäňiz-ä, watan, ýurt üçinem göreşmek gerek!
Şerip baş atdy.
– SSSR ýumrulmadyk bolsady, öýüm, ojagym, maşgalam ýumrulmazdy...
Ol öz sesine tisginip oýandy. Ýanynda Mihail Gorbaçýew-de, onuň aýaly-da ýokdy. Olaryň bolmagy hiç babatda mümkinem däldi. Ýöne «Öýüňi, maşgalaňy geleňsizlik, bisabyrlyk, parhsyzlyk weýran etdi...» diýen owaz welin onuň kellesinde şol ýaňlandy durdy, şol ýaňlandy durdy. Bu owaz misli, öz omurylan ojagyna, talanan öýüne, jebir çeken aýalyna, dert çekip ýatan gyzjagazyna, hem-de tutuşlygy bilenem, özüne degişli ýalydy. Onuň kiçijik «SSSR-ini» – öýüni, ojagyny, maşgalasyny ini, şu üç bela omurdymyka?..
(dowamy bar)...
Powestler