12.
Ol Äşejigi göterip öýüne gelende, işiginde garaşyp duran käreşi, Moskwada bäş ýyl bileje okan ýoldaşy Akyşa gabat geldi.
– Ho-ho-hoý, Şerip eke how, essalowmalýkim.
Şerip Äşejigi ýere düşürdi. Soň kärdeşine elini uzatdy.
– Ýör, öýe gireli.
Akyş howlukmaç göründi.
– Şerip eke men seni toýa çagyrmaga geldim. Oglumyň galpak toýuny edýän. Onsoňam bir maşynjygam satyn aldym, howlujyk aldym. Hemmesini birleşdirip, işigimde bir kiçeňräjik toýjagaz edäýsem diýýän. Üýşmäge, didarlaşmaga bahanadyr-daý, galpagam, beýlekisem. – Ine, bu-da şol amanat. – Ol elindaki kagyza dolangy düwünçegi uzatdy. – Taňry ýalkasyn. Döwletliden döwlet ýokar diýişleri ýaly, edenim ugruna boldy gitdi oturdy.
– Bu näme?
Akyş ýylgyrdy.
– Aç-da göräý. Bolýa, onda, agşam Keýik gelnejem bilen garaşýas.
Akyş gitdi. Şerip bu düwünçegiň nämedigini aňyp bilmedi. Diňe öýe girenden soň düwünçegi açdy.
Düwünçegiň içindäki Şeribiň öýleniş toýunda geýen toý kostýumydy. Içinde-de akja köýnegi. Akmyrat öýlenende, ybaly penjegem bolmansoň, oňa öz toý kostýumyny beripdi. Ondan bäri, gör, näçe ýyllar geçipdir. Şondaky penjeksiz ýigit indi, gör, howluly, maşynly, ogluna ili ýygnap galpak toýy edip ýör...
Şerip Äşejigi naharlady. Soň toý kostýumyny, «Maşgala portreti» diýip çekenje işini gazete dolady-da, gyzjagazynyň golundan tutup, keselhana bakan ugrady.
Ol Anna Iwanownanyň goldawy, maslahaty bilen, geçen birküç günüň içinde Merkezi saglyk öýüneiň çagalar bölümine gatnap, Äşejigiň ýagaýyny ilik düwme barlatdy. Ony lukmanlaryň buýran barlaglarynyň ählisinden geçirdi. Ahyr soňy gyzjagazyny Merkezi çagalar keselhanasynda operasiýa eltmeli diýlen gönükdirme hatyny, keseliň ýazgysyny aldy. Şu gün ir bilenem ol şol keselhana ugramagy niýet edinip ýerinden turupdy.
Belli çagalar keselhanasynyň baş lukmany nahara gitjek bolup duran eken. Ýaş, uzyn boýly owadan ýigit lukmanyň akja haladynyň içinde has görmegeý, nurana görünýärdi. Şerip ony yzyna dolady.
– Gardaşym! – diýdi-de, baş lukmanyň gözlerine göni seretdi. – Men juda kyn güne düşdüm. Aýalym ýogaldy. Öýümi taladylar. Özüm Moskwada bäş ýyl okap gelen hudožnik bolsamam, häzir geçiş döwri diýip, iş tapamok. Şu ýagdaýymda-da, gyzjagazym erbet näsaglady. Ýeke köpük pulum ýok. Gyzymy operasiýa ediň. Men şu ýylyň dowamynda näçe tölemeli bolsa, gazanarynam, tölärinem. Eger geçýän bolsa, bir böwregimi kesip alyň. Meniň bedenimden haýsy süňňüm gerek bolsa, alyň, ýöne...
– Baş lukmanyň ýüzi sallandy. Ol golundaky sagadyna seretdi-de:
– Hany, epikrizi barmy? – diýdi. Şerip onuň ýüzüne seretdi.
– O näme?
– Keseliň ýazgysy.
– Bar.
Baş lukman keseliň resminamalary eline gelensoň, oňa seredip, agyr oýa batyp oturdy. Birdenem, agyr ukudan oýanan ýaly bolup, elleriniň aýalary bilen ýüzüniň derisini agyr-agyr owkalady.
– Çylşyrymly operasiýa! – diýdi. Şerip ýerinden turdy-da kagyza dolangy kostýumy bilen maşgala portretini baş lukmanyň öňünde goýdy.
– Ine, meniň dünýäniň ýüzündäki barja baýlygym. Häzirlikçe şuny al. Soň, bütin ömrüm boýy, näme diýseň, edeýin. Ýöne gyzjagazymy bir halas et. Men saňa beýik Taňra ýalbarýan ýaly ýalbarýan. Häzir meniň üçin, Sen – Hudaý!
Baş lukman özüne hödürlenilen sowgady açdy. Soň göwniýetmezçilik bilen ýylgyrdy.
– Bu suraty kim çekdi?
– Men! Men.
Ol sesini çykarmasa-da, «Sen özüňe hudožnigem diýýäňmi?» diýen manyda, sowgady yzyna itdi:
– Al, bulaňy. Men bulary nädeýin? Sen ertir sagat dokuzda-da bir ýanyma gel! Kagyzlaryňy goýup gidäý – diýip, çykyp gitdi.
* * *
Toý gyzyşypdy. Aýdym-sazyň belent owazy tutuş howlyny tutupdy. Şerip boýny akja hasa bilen saralan Äşejigiň elinden tutup, howla girdi.
Ol toýa gelen myhmanlary garşylap ýören Akmyradyň ýanyna bardy. Akmyrat aljyraňňyrak bolsa-da, bagtyýardy.
– Hany, Keýik gelneje?! – diýip, ol Şeribi şahandaz garşylady. Şerip sesini çykarmady. Ol goltugyndaky «Maşgala portretini» çykardy-da, Akmyrada uzatdy.
– Toý gutly bolsun. Ine, menden saňa ýadygärlik. Toý eýesi bu portreti yhlas bilen aldy-da, oňa hyrydar seretdi-de, edil baş lukmanyňky ýaly, göwnüýetmezçilik bilen birhili, kineli ýylgyrdy. Soňam:
– Bolýa-laý, muny alaý özüňe.! – diýip, yzyna gaýtaryp berdi-de, täze gelenlere bakan ugrady.
Şerip stoluň başyna geçdi. Soň portreti aýaklarynyň arasyna salyp, dyzlary bilen gysdy-da, ilki Äşejigi ýagşy naharlady. Soňam, turup, Akmyrat bilenem hoşlaşman, howludan çykyp gitdi.
13.
Baş lukman ony bu gün hoşamaý garşylady.
– Biz nesýe-de bolsa, gyzjagazyňy operasiýa edeli. Ýöne, düýnki wadaňy ýadyňdan çykarma. Zerur wagty bize donar bolarsyň. Ýöne dermanlary özüň satyn al. Baş lukman bäş-alty dermanyň ady ýazylan haty Şeribe uzatdy. Şeribi der basdy. Ol şol hat bilen kommersiýa dermanhanalarynyň birine girdi-de hatyny görkezdi.
– Agam, bu dermanlar dollara berilýär. Gaty gymmatdyr. Hersi, on, ýigirmi dollar töweregidir – diýip, garagözelek türkmen gyzjagazy ak haladynyň ýakasyna pitikläp aýtdy. – Ýa-da dollaryň häzirki gymmaty bilen manat bolsa-da bolýar.
Hut häziriň özünde, nämüçindir, Şeribiň ýadyna Sary Babaýew düşdi. «Häzir baryp, ýagdaýymy aýtsam, belki kömek eder. Olam adamdyr-a, düşüner. Juda bolmasa, portretimi satyn alsyn...»
Ol öýüne baryp, gyzjagazyny öýde galdyryp, Hudožnikler birleşigine bardy. Mazaly ol baranda Sary Babaýew hem ýerinde eken.
– Gardaş, kömek et, ertir gyzjagazymy operasiýa etjekler. Maňa, ine, şu dermanlary almaga elli-altmyş dollar gerek. Bolmasa, ine, şu suraty häzir satyn al. Azajyk gurplanymdan soň, özüm yzyna satyn alaryn. Maňa başga zat gerek däl.
Sary Babaýew işe seretdi-de, göwnüýetmezçilik bilen ajymtyk ýylgyrdy.
– Al-ow, meni masgara etmejek bolsaň, munyňy bir oglanlar görmänkä, ýok et. Sen hudožnik däl! Sen bezeýji. Bar-da, öz başarýan zadyňy et.
– Kömek et, dogan – diýip, Şerip, halys alaçsyzlykdan guty gurap, özelenip ýalbardy.
Sary burnuny gedemlik bilen ýokary tutdy.
– Näm-ow, bu gedaý hudožniklere beriberer ýaly, meniň dollar zawodym bar diýip aýtdylarmy?!
Şerip bu adamyň ýanyndan gözüne urulan ýaly bolup daş çykdy.
– Al-aýt, munyňy, öýüňde goý, hudožnikler soýuzy saňa hapa-hupaňyz taşlanylýan ýer däl.
Şeribiň soňky günlerde ilkinji sapar gahary geldi. Ýöne, nämüçindir, ol bu sapar sesini çykarmady. Ol öýüne baryp, tä gijäniň bir wagtyna çenli kellesini tutup, gaty poluň üstüne ýazylan gazetiň üstünde ýatdy.
Gijäniň bir mahaly işik kakyldy.
– Anna Iwanowna! – Şeribiň dünýesi ýagtyldy.
Garryja aýal bir kiçijik bankajyk baly, alma mürepbesini, bir tabajyk süýtli aşy, iki bölejik torty Şeribiň hälki ýazan gazetiniň üstünde goýdy.
– Gyzjagaz nähili?
Şerip keýpsiz gepledi.
– Operasiýa etjekler. Derman...
Anna Iwanowna öý haladynyň jübüsinden bir gysym ABŞ-yň dollaryny çykaryp, hälki zatlaryň gapdalynda goýdy.
– Derman alarsyň. Şu gün soýuza baranyňy gyzlar aýtdylar. Gam çekme. Adam başyny alyp durjak zat ýokdur. Bu dünýe başlary gedaý edip, gedaýlary baý edýän dünýedir. Kimiň başynda nähili ahwalatyň bardygyny bilip bolmaz. Ýykylmasa SSSR ýaly beýik imperiýa ýykylmazdy. «Sabyr et, kazak, ataman bolarsyň» diýipdirler.
Anna Iwanowna kän oturman turmak bilen boldy. Bir gapdalda ymyzganyp ýaran Äşejik bu sapar hem bu garryja aýaly görüp gorkdy-da, gelip, kakasyna gysmyljyrady.
– Sag bol, Anna Iwanowna Sen maňa edil, Hydyr ata bolup ýetişdiň. Sizi Alla ýalkasyn.
– Şeýle bolsun-da, hernä! – diýip, ol aýal gidip barşyna aýtdy.
(dowamy bar)...
Powestler