14.
Operasiýa girilenine indi iki sagada golaý wagt bolup barýardy. Şeribiň gyzyny öten agşamky görenidi. Ol:
– Kaka jan, meni hiç kime bermegin! – diýip, özelene-özelene ýalbarypdy. – Olar meni öldürerler. Onsoň meni başga bir adam gyz ediner. Men islämok, islämok. Meni hiç kime ber-me, kaka jan!
Gyzjagazy operasiýa taýýarlamak üçin keselhana goýmaly bolupdy. Agşam onuň içini ýuwmaly, derman etmeli diýibem Şeribi onuň ýanyna goýbermändiler. Irden bolsa, eýýäm, Şerip gelip ýetişýänçä, operasiýa başlanypdy. Gyzjagazynyň düýnki aýdanja sözleri Şeribiň içine gor guýlan ýaly bolup durdy. Şol wagt gyzynyň sözlerine bokurdagy dolup, ol Äşejigi köşeşdiribem, hiç bolmanda: «Gyzym, operasiýa gorkar ýaly zat däl, sen uklap galarsyň, ine turarsyň welin, keselem bolmaz, gyzgyna, agyram bolmaz. Onsoň ikijigimiz näme iýesimiz gelse, iýeris, nirä gidesimiz gelse gideris» diýip, Äşejigiň halaýanja sözlerini aýtjakdy. Olam, han-a, bolmady. Ol: «Aý, ertir hoşamaýlaryn» diýipdi. Emma ýene ýetişmedi .Şerip üçin häzir ýekeje minut tutuş bir ýyl ýalydy.
Gün öýlä aganda onuň ýanyna gözleri ýaşly zenan geldi.
– Sizmi, Çarykowa diýen gyzjagazyň kakasy!..
Şerip atylyp ýerinden turdy.
– Nähili? Nähili? Operasiýa! Äşe jan! – diýip, bu sözleriň baryny bir demde aýtdy.
Wraç aýal aglady.
– Narkozy göterip bilmedi.
– Näme? Narkozdan çykma-a...
Şerip özüni göterp-göterip beton pola urdy-da, el-aýagyny sandyradyp, poly gujaklap bar-bar bagyryp eňredi. Soň oturyp, gazap bilen poly ýumruklady.
Ol birdenem ýerinden turdy-da, operasiýa edilýän jaýyň içine tarap okdurylyp gitdi.
Ol göýä bir gara hasrat ýaly bolup, aljyraşyp duran wraçlaryň ýanyna bardy.
Ol edil bir akja guşjagaz ýaly bolup, henizem operasion stoluň üstünde süýnüp ýaran gyzjagazyny gördi. Äşejigiň garaja saçly akja ejirlije ýüzi, ýumuk gözleri ne ölüp, ne-de solup bilýä, edil bir ýaňyja ýolnup, ýere taşlanan ter gunçajyk ýaly bolup ýatyrdy.
Şerip bagyrdy-da, gyzyny bagryna basdy. Ony şol durşuna göterip, misli howada ýöreýän ýaly, otagdan çykyp gaýtdy.
Oňa «Dur!» diýenem ony saklajak bolanam bolmady.Onuň özem hiç kimi görmedem, hiç kimi eşitmedem. Diňe kellesinde: «Aýtdym-a, meni hiç kime berme, meni öldürerler» diýip, «Sen meniň diýenimi näme üçin etmediň, kaka jan! Indi gördüň dälmi, ine, meni öldürdiler» diýen owaz ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy.
Ol öýüne ses edip girdi. Onuň sesine goňşy-golamlar şo bada ýygnandy.
15.
Şeribiň tutuş dünýesi, edil öýi, jübüsi kimin boşap galdy. Ol gyjagazyny jaýlap geleli, indi näçe gündir, öýden çykanokdy.
Saçy, sakal, murty ösüp, buýr-bulaşyk bolup galypdy. Şondan çen tutanyňda onuň öýünden çykmanyna ep-esli wagt bolan bolmaly. Içinden telim günläp ýyly suw geçmedik adam, misli ýazgarylan däli ýaly, ýalňyz oturan Şeribiň gözleri hanasynyň düýbüne çöküp gidipdi. Basym dulugy-dulugynyň içinden geçjekdi. Ol gaty poluň üstünde şo-ol süýnüp ýatyrdy. Gözleri ukudan doýanokdy. Aňy, duýgusy, hiç zady kabulam edenokdy. Hiç zada islegem bildirenokdy.
Şeýle gijeleriň birinde işik kakyldy. Emma Şeribiň ýerinden turmaga, işigi açmaga ragbaty ýokdy. Ol ýerinden turjagam bir boldy. Emma ýekedyzyna galanda özünden gidip, güpürdäp ýykyldy-da, ýene şol öňküje bagtdan gaýnap duran öýüne düşdi.
Ol kakylýan işigi baryp, ýeňillik bilen açdy. Içeri Keýik bilen Äşejikgirdi. Keýik diwanyň üstüne geçdi. Ol juda näzeninden owadandy. Başyndaka sary öýmesiniň altynsow şuglasy, ýaş gelniň näzik didaryna, pyýala ýaly gözlerine nur saçýardy. Egnindäki şo-ol atlaz köýnegi bolsa, ony birhili keramatly, bagtly, buýsançly görkezýärdi.
Şerip Keýik bilen şunça ýaşan bagtly günleriniň içinde, ony ýeke saparam şeýle bagtly görmändi. Onuň gujagynda ýylgyryp oturan Äşejigi görmäge göz gerekdi.
Şeribiň indi näçe günler, aýlar atygsaý, janyna jaý tapmadyk ýüregi ýerine geldi. Onuň zar bolan dideleri bi iki ezizi ýuwdaýsam diýýärdi.
– Ýeke kemimiz sen-ä, senem geläýdiňmi? – diýip, Keýik hoşamaýja seslendi. – Şerip onuň sesindenem, öýe eziziniň bagtyýarlygyny duýup, jany gönenip gitdi. – Garaşyp otyrys saňa. Gördüňmi, ejeli gyz ikimiz ýene-de gowuşdyk.
Keýigiň şuglaly didaryna kölege düşdi.
– Meniň gören günümi adam ogly görmesin. Maňa ýatlar sütem etse-de, çyn jebri-jepany, sütem-horlugy özümiňkilerden gördüm. Indi aladamyz sen. Senem öldürerler, olar. Olar adam däl-ä, olar Ezraýyldyr, Şerip!
Keýigiň aýdýan sözleri, Şeribiň hasrat, igenç, yza çeke-çeke göz-göz bolan bagryna melhem bolýan ýalydy. Onuň bu duşuşygy uzaga çekdiresi gelýärdi. Sebäbi, onuň aňynyň kesiçe, Keýigiň ynjalyksyz oturyşyny göreniňde, olar edil häzir turup gidiberjege meňzeýärdi.
Birdenem Şeribiň özi zyndana düşüp, aýaly bilen gyzy onuň yzyndan duşuşyga gelen ýaly duýgy döredi. Onuň bolsa bu pursady elinden gideresi gelmedi.
Keýik gara bulut bürän ýüzüni egşidip, Şeribe ýüzlendi. – Şerip! – Ol ýere seredýärdi.
– Men öýe gelmesemem, gandar bolsamam, Allanyň öňünde-de, seniň öňüňde-de, namysymyň öňünde-de juda päkdirin. Namysyma çirk ýetirden däldirin. Sen ondan ýaňa arkaýyn bolgun. Meni öz namysymy goranym üçin atsalar atybersinler. Ýöne welin, öz ilimiň içinde müň bolup gögererin. Iliň içinde ýekeje adam: «Öz namysyny görap öldi» diýse bolar. Ýagşylygyň tohumy çalt ýaýraýandyr. Käbir başyna telpek geýip ýören ärsumaklar ýurduny, namys-aryny satsa-da, biz öz namysymyzy goraý-goraý öleris. Men şuny saňa aýdaýyn diýip geldim.
Keýik ýerinden turdy.
– Mazaly, Äşe jana-da gowuşdym. Ýekeje kemimiz sen. Biziň ýagdaýymyz gaty gowy. Jaýymyz jennet boldy. Senem müzzerip ýörme, mert bol. Bizi gaýgy etm-me-e-e!..
Şerip gijäniň bir mahaly özüne geldi. Ol şol ýatan ýerinde, işigiň agzynda ep-esli wagt oýa batyp oturdy. Başyny hasrat bilen eledi. Ol hälki gören hekaýatyny ýadyna saldy-da, otagyň içinde, diwanyň duran ýerini gözledi. Soňra bu boram-boş içerden Keýigi, gyzjagazyny agtardy.
Äşejigiň ölümi oňa agyr zulum bolupdy. Ýöne, ol indi düşünse-de, il-gün bir gowy zat. Nerrese çagajygy Şeribe ýetirmän, ýuwdular-artdylar, jaýladylar. Şeribiň dostlaram, şu sapar özleriniň bardygyny bildirdiler. Akmyrat bazardan bir janly alyp, Äşejige sadaka berdi. Otaglara getirip, iki sany palas düşedi. Aýaly bolsa ýorgan-düşek, çäýnek-käse, jam-çemçe getirdi. Olar indi häli-şindi aýlanyp durdylar. Goňşular nahar-şam getirip gidýärdiler.
Emma Şeribiň hiç kimi göresi gelenokdy. Onuň ýeke bolsasy gelýärdi. Onuň ýüregi öz ezizleriniň ýanyndady. Onuň göwnüne bolmasa, Keýik bilen Äşejik hälki ýaly boluşyp, geläýjek ýalydy.
Şerip gijäniň bir wagty yra-dara bolup, ýerinden turdy-da, işigiň agzyna baryp, aýbogdaşyny gurup, oturdy. Ol ysgynsyz elini uzadyp, çep dulda tot-tozana bulaşyp ýatan «Maşgala potretini» galdyrdy-da, onuň ýüzüni özüne tarap öwürdi.
Ol bu portrete seredip, öz mähribanlaryny tapyp, olaryň mährinden ine-gana ganmak isledi. Emma onuň bar umydy puç boldy. Ol portretden aýalynam, gyzynam tapyp bilmedi. Onda juda-juda elujy, bir öwrenje okuwçynyň çeken bolgusyz keşpleri durdy. Ol öz ezizleriniň hälki mähribanlygyndan-a birje zerre-de zat tapmady. Dogry, sudur ýok däldi. Olaryň sudury bardy.
Şerip baş lukmanyň, Sary Babanyň, Akyşyň bu portrete seredip, näme üçin göwnüýetmezçilik edendigine, içýakgyç gülendigine indi düşündi. Ol şeýle öwrenje, ýüzleý suraty ile hödürlänine, il-günden utansa-da utandy welin, oňa umytlar baglap, onuň öňünde hil bir suratlary çekilýän ýaly bolup oturan aýaly bilen gyzynyň ruhunuň öňünde erbet utandy. Bu suraty çekip, boldum edenden soň aýalyna özüne aýdan hoşamaý sözlerini ýadyna salyp, ýer-ä ýarylmady, olam şol ýere girmedi.
Ol şol utanjyň ýalyny bilen yzaly bagryny kebaplar edip, gowurylyp giden gara ýanyk dodaklaryny janagyryly dişläp, böwrüni diňläp, ep-esli oturdy. Birdenem gazap bilen syçyrap ýerinden turdy. Reňklerini, kistlerini, şýotkalaryny düşegiň gapdalyna çekdi.
Şerip bu işe nädip başlanynam, onuň garaňky, çygly, howp bilen hasratly ruhuna nädip çümeninem duýman galdy.
Ol az-kem özüne gelende Keýigiň şuglaly älemini açyp barýandygyny duýdy. Ol gelniniň sary ýüpek ýaglygynyň keşdejiklerindäki şuglajyklaryň gözüni açýardy. Bu sary öýme tutuş portrete, Keýigiň ýüzüne, hatda owadan, kirpikmen gözlerine çenli nur bilen boýap başlady. Ol Keýigiň özündenem, özüne garaýanlardan hem uýalyp başlady. Bu päklik, çirksiz haýa onuň gözleriniň garasyndaky ak ýalymda has aýdyň boldy. Şerip, aýalynyň halyny, ine, indi duýdy. Ol Keýgiň didelerine onuň bagtyýarlygyny, buýsanjaňlygyny şatlygyny direltdi. Ine ol ýagty reňkleri şugla hem-de uýaljaňlyk bile işende, şol buýsanç şol şugla indi Keýigiň gözleriniň hanasyna sygman başlady. Şeýdip ol hudawy şugla gelniň gözlerinden üljäni iki bölen dodaklaryndan gyrmyzy ýaňagyndan mähir çaýylyp, akyp başlady.
– Ine, meniň Keýigim! Ine meniň Keýijegim! Ine meniň älem jahanym! – diýip, Şerip şol şuglany hur bilen işip-işip keramat derejesine ýetirip barýarka samrady.
Keýigiň didelerinde mähribanlyk çyrazy lowudap ýandy-da, eşrepä öwrülip, gözlerden çyrpynyp çykyp, zire-zire bolup kirpikleriň, gabagyň kenary bilen tutuş aşaklygyna darak-darak tolkun bolup gaýdýardy... Indi onuň gözlerinde seçelenen ýagty nurana şugla Şeribiň ýüregini ýagtylandyryp başlady.
Ýöne Şerip onuň bilenem kanagatlananokdy. Ol şol şuglanyň gözlerini tä açýança ynjalmady. Daňa golaý Keýigiň didelerindäki şugla, mähir, mähribanlyk portreti däl-de, tutuş içerini beslände, Şerip eli kistli işiň gapdalyna ýykylyp galdy.
Ol tutuş düýşünde bu eden işi düýşümdedir diýip, gara gaýga gidýärdi. Öz bolgusyz işjagazy üçin, aýalynyň, gyzynyň öňünde utanýardy.
Ol guşluk töwerekleri tisginip oýandy. Elindäki kiste, surata seretdi. Şuglaly nur bolup ýanyp duran Keýigiň eziz didaryny görüp, tisgindi. Keýik diridi. Şerip ylgap baryp aşhanadaky krandan ýüzüni ýuwdy. Agzyny çaýkady. Soňra çaý goýdy. Çaý demläp, aşhananyň bir burçunda bulaşyp ýatan ýaşyl syrçaly esger kürüşgesini dolduryp, özüne çaý guýundy. Çaýyna iki çemçe bal gardy. Gatyragam bolda gazete dolangy, sadakadan galan çörege alma müreppesini çalyp, edil bir agyr açlykdan çykan ýaly bolup garbandy. Ýene-de çaý içdi. Ol derläp, süňňüne gurp gelen ýaly boldy. Soň howlukman, agşamky tapan reňklerini gardy, saýlady, ahyry gün öýlä aganda özüne gerek reňkleri taýýarlady.
Şerip Keýigiň gülälegiň ýaňagy ýaly dodajyklarynyň her üljesini «Boldy-la, oglan!» diýip Keýik näzigäp elini itýänçä kistiň ýiti ujy bilen ogşady oturdy. «Dodak indi hakyky Keýigiň dodagy boldy. Oňa mundan artyk degmeli däl». Soň ýarym günläp Keýigiň dişlerini, ýaňagyny işledi. Ol Keýigiň gözlerindaki utanjyň hem-de buýsanjyň pynhandan hurly şuglasyny onuň ýaňagynda ýakdy. Ýöne bu pynhan şugla barha, barha açylyp, alkymlaryna çenli ornap gidýärdi. Gelniň guwlaryňky ýaly uzyn, owadan boýny, bokurdagy aýdyp bolmajak derejedäki ýalkyma beslendi. Onuň içip duran suwy bokurdagyndan görünip durdy.
Ol Keýigiň sary öýmesini ýene az-kem işledi. Sary öýmäniň düwülip, Keýigiň käkiligiňki ýaly owadan başyna degýän, degmeýän ýerlerini, Keýigiň öz elleri bilen eplänje ýerlerini, ýaglygyň çylyp duran näzik pürçüklerine çenli gaýtalap-gaýtalap syntgylady. Olaryň her bir sapajygyna çenli ýagty nur sepeledi.
Keýigiň owadan köýnegi Şeribiň ýadyndady. Ol Keýigiň şol köýneginiň güllerine, baldagyna, murtjagazyna çenli, onuň teniniň, bedeniniň, didarynyň aşak, ýokarylygyna seredip, işledi. Köýnek janly bedene geýdirilýänçä, iki günmi, bäş günmi, ýadaman, ýaltanman işledi oturdy.
Ol ylaýta-da Keýigiň ýakasyny höwes bilen syntgylady. Ol bu ýakany öňem Keýigiň tä göwni ýetýänçä syntgylapdy. Bu ýerde onuň dizaýynlyk, bezegçilik tejribesi hudožniklik tejribesizligi bilenem oňat utgaşyp gidipdi.
Gelniniň owadan göwsi keşdesiniň her bir sapagy, ýüpegi, nagyşlary mese mälim bildirip duran ýakasy, ýüzne tylla suwy berlen kümüş gülýakasy, barysy, indi birneme açylyşyp başlapdy.
– Boldy-la, oglan indi halys etdiň-le – diýip, Keýik birden dil açdy. – Halys sesimi çykarman otursam, çotgaň ujy bilen dyrmalap, halys öldürdiň-le.
– Azajyk sabr et, Keýijegim, azajyk! – Şerip Keýigiň öň hiç haçan sypamadyk saçlarny, zülpüni, saçynyň her bir taryny kisti bilen arman-ýadaman timarlady.
Keýigiň gara, ýüpek ýaly näzikden mymyjak saçlary gelniň başyndan misli, sowuklygyna gaýnap duram çeşmçäniň tolkunlary ýaky, jadyly owsunyp gitdi.
– Ine, indi boldy!
– Kaka, kaka jan, menem, menem...
Keýigiň didary bilen deňeşdireniňde, Äşejigiň keşbine gara palçyk çalnan ýalydy. Muny synlap, Şerip öň juda howlugyp, günä iş edendigine düşündi.
Ol gijeler ýatman, Äşejigiň keşbini işledi. Äşejik üstüne uzyn-uzyn kirpikleri näziklik bilen seçelenip duran, garaluw ýaly ullakan gözjagazlaryny ýeserje güldürip, gulagyndan dişlerine çenli hem gyjynyp, hem aýnap, hem utanan bolup, burunjagazyny çalaja ýygyran bolup, kakasyna eýemsiremek bilen gysmyljyraýan Äşä jan berdi. Indi gözleriň şuglasy gyzyň bütin näzik didaryny öňe çykardy. Şerip indi öz balajygyny köňlüniň ösen, emme bir wagt tutuş köňül dünýäsine röwşen beren ýalňyz balajygyny gaflatdan ýagtylyga çykardy.
Gyzjňagazyň şugla çaýylan gözjagazlaram, ap-akja, posalajyk ellerem, çigildemiň ýaňagy ýaly al öwsüp duran ýaňagam, seçelenipjik ýatan garaja saçam, garagolga aýnamasyna baryp goşulýardy-da, aýdyp bolmajak syrly dirilişi buşlaýardy.
– Balajygym! – diýip, Şerip gyzynyň duýdansyz direlip giden didaryna haýranlar galyp, seredip oturşyna samrady. – Eziz balajygym!..
Şerip işik kakylanda henizem bu eseriň üstünde janyny gerip, işläp otyrdy. Ol işigiň kakylýadygyny eşitdi. Suraty diwara bakan tersligine söýedi-de, hykylap, zordan ýerinden turup, işigi açdy.
Onuň ümüzläp duran gözleri Akmyrady gördi. Akmyrat bolsa Şeribi görüp, erbet ziňkildäp gitdi-de:
– B-oo-w! – diýdi. Nähili bolaýypsyň, how, Şerip eke?! Beýtme, sen ölersiň sen, ölersiň sen. Beýtme, gardaş!
Şeribiň bar ysgyny aýagynyň aşagyna döküldi. Ol düşege geçdi-de, öz salysyny oňarman Akmyradyň getirip ýazan palasynyň üstüne uzaboýuna süýndi.
Akmyrat dostuna dözmedi.
– Sen, halypa, özüňi beýle gynama. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Hany, birneme mert bol. Bu bolşuňy görse, Keýik gelneje näme diýerdi? Hany, tur, sakal-murtuňy syr. Meniň saňa gowy habarym bar.
Akmyrat Şeribi gününe goýmady. Özi suw gyzdyryp, onuň saçyny ýuwup berdi. Sakal-murtuny özi syrdy .Gaz peçde çaý goýdy. Soňra gidip, dükandan çörek, kolbasa, gaýmak, bal alyp geldi. Çaý demläp, getiren zatlaryny palasyň üstüne gazet düşäp, şonuň üstüne goýdy.
– Gel, birki käse gantlyja çaý iç!
Haçan iýip-içeni häzir Şeribiň ýadyna düşenokdy. Ol çaý içdi, az-owlak garbandy.
– Men bir hepde mundan öň gije gelip, işigiňizi kakyp-kakyp gitdim. Ýanymda aýalym Sonada bardy. Nahar bişirdi-de, «Ýöri, Şeriplerde iýäýeli» diýdi. Soň gelip, işigi şunça kakdym, yşyk ýanyp dur, emma açýan ýok. Onsoň yzymyza gitdik. – Akmyrar käselere çaý guýdy. – Onsoň, ýaňy Hudožnikler soýuzyna bardym. Sary Babaýew: «Hojambazyň Beşir obasynda uly medeniýet öýi gurulypdyr. Şonuň içini bezemäge gowja zakaz bar. Gidiň!» diýdi. Birigün ugramaly. Çärjewe çenli özüm samolýota bilet alaryn. Sen maňa pasportyňy berseň bolany. Aňram Kerkä çenli awtobusly gideris-de, derýadan geçip, maşyn tapyp Beşire baraýarys. Bolmyýamy?
Şerip iş tapylanyna begendi.
– Bolar-la! Bolar-la! – diýip, gitmäge razylygyny bildirip, aýtdy. Şol bada Akmyrada öz pasportyny tapyp berdi-de, gelip saçagyň gyrasynda oturyp, garbanmaga başlady. Ýöne häzir Akmyrat garşysynda oturan pyýadanyň ýüreginiň, duýgusynyň, barja adamkärçilik yhlasynya dula ters ýüzüne söýelgi duran portretdedigini duýanokdy.
(dowamy bar)...
Powestler