12:47 Keçe / hekaýa | |
KEÇE
Hekaýalar
Amanmämmet molla Akdaşaýak obasynyň barmak basyp sanaýmaly bilimdar adamlarynyň biridi. Dili dogaly takwadygy üçin onuň il arasynda sylag-hormatam aýratyndy. Özem baý-garyp diýip seljerip durman, iliň-günüň toýuna-ýasyna ýarap ýören adam bolandygy üçin, aklyk-sadakanyň hasabyna düzgüni düzüw hojalyklydy. Onuň iki otagly çig kerpiçden salnyp, daşy heklenen ak tamy bolsa, ýüzbaşylaryň tutuş gara öýli syýrgynynda zerbap gupba kimin howalanyp durdy. Emma, Ak patyşany ýykyp, häkimlik jylawuny ele alan şuralar hökümeti üçin abraýly mollanyň hiç zady sarpa goýmaga mynasyp däldi. Gaýta tersinedi. Sowatlylygy-da, halal zähmet bilen toplanja emlägi-de, ýüregi päk dinparazlygy-da bäş-on ýyl mundan ozalam sähel-mähel peşeneliräk üýşmek-çaşmakda sana geçmän ýören, birtopar ykmanda bikärlerden düzülen oba şuralar geňeşiniň agzalaryna ýigrenji mugthorluk bolup görünýärdi. Şoňa görä-de oba şuralar geňeşi, özüniň ýeke-täk sowatly agzasy hem kätibi, ynkylapdan öň Ak patyşanyň emeldarlarynyň biriniň attutary bolan Nummat Gammaryň eli bilenjik ýazylan namada bellenilişi ýaly, Amanmämmet mollanyň “…ömürboýy zähmetkeş halkyň ganyny sorup, toplan baýlygyny…” Akdaşaýagyň garyp-gasarlaryna paýlamak barada karar kabul etdi. Mollanyň işigindäki mähelle-de bu gün şonuň üçin üýşüpdi. Şuralar geňeşiniň agzalarynyň söbükbasarlary hem-de galan jemendäňem käbir öz kölegesinden özi gorkup ýörenräkleri özleri gelen bolsalar, hümer duranlaryň aglaba köpüsi, baryna-ýoguna garaman şura agzalary tarapyndan atyň öňüne düşürilip, sürlüp alnyp gaýdylypdy. Şuralaryň öňbaşçysy, geňeşiň başlygy, şäherli Ahmet işine türgendi. Özi aýtmyşlaýyn: “gaty köp mugthorlaryň malyny hak eýeleri bolan mazlumlara gaýtaryp bere-bere, tejribäniňem erbedini toplan adamdy”. Ol obanyň iň bir özüni oňarman ýere urup ýerde galan ýeňiýoluklaryny ýeke-ýekeden ýanyna çagyrýardy-da, olaryň razylygyna-närazylygyna garaman, Amanmämmet mollanyň goş-golamyny, malyny paýlaýardy. Üleşigiň adyllygy, ynsaba laýyklygam diňe onuň öz wyždanyna, täze hökümediň esasy ugur alýan “ynkylaby ynam-ygtykadyna” baglydy. Onuň öz çuňňur ynanjyna görä-de onuň çirksiz adalatly ynsaby bardy. Paýlanyşyga getirilenleriň ýekejesine-de artyk ýa-da kem ülüş ýetirmän, emlägi dargadylýany tüwmaýak goýmak üçin elinden gelenini aýamaýardy. Onuň bu hysyrdyly zähmetine-de märekäniň bir çetinde üýşüp duran aýallaryň arasyndaky öz söbükbasarlarynyň heleýleriniň selkiräk-selkiräk hyşy-wyşylary örän oňat serpaý bolýardy. …Ynkylapdan öň Akdaşaýakdan bir ýatymlyk ýolda ýerleşýän şäherde “Ahmet pürsýän” ýa-da “Ahmet batrak” diýip tanalýan Ahmet şura goýun sürüsine çalym edip, hümerlenişip duranlary seňrigini ýygryp synlady. Iki aýaly, ownukly-irili çagalary bilen çetde ýüzüni sallap duran Amanmämmet molla tarap bolsa gözüniň gyýtagynam aýlamady. Hamana, ol boş ýer ýaly. -Hojalak gel!-diýip ol obanyň: “bagyr-öýkeni görnüp duran” diýilýän garyby Hojalak gedaýy çagyrdy. Orta egni ýama-ýama donly, uzynakdan hor pyýada çykdy. Ahmet şura onuň tüýi dökülen şypyrmasyna göwniýetmezçilik bilen dodagyny çöwürdi. “Şunyňy oňarmaz derejede pese düşübem özüňe erkek diýip ýören bolsaň! Häý seniňem bir, ebeteýsiziň emelsiz çagasy!” diýip oýlandy. Emma, içki duýgusyny daşyna çykarmady. -Ine, Hojalak han, saňa, hol, ýatakdaky öküzi berýäris. Ýeriň-ä bar. Şura hökümeti ony saňa öň bagyş etdi. Indi, hanha, ýeriňi özbaşyňa arkaýyn sürer ýaly malam berdik. Hojalagyň hernäçe garyp bolsa-da iliň malyny, onda-da halkyň hormatyna mynasyp bolan mollanyň zadyny alasynyň gelmeýändigi, berlenini almakdan boýun towlamaga-da şuralardan, hasam egni gaýyş penjekli, uýlugyna mauzer sapançasynyň gaby degip duran Ahmet şuradan eýmenýändigi gözünden bildirýärdi. -Al, nesip etsin! Ahmet şura Hojalagyň egnine kakdy. Şuralar geňeşiniň beýleki agzalary-da, biri-birinden kem galyp barýan ýaly, ýerli-ýerden garamaýak görgüliniň gerşine “gürp-de-gürp”, gaýym gütületdiler. Hojalak bolsa molla agadan utanjyna girere deşik tapmaýardy. Ahmet şura özünden ünsüni sowaryna mähetdel: “soň alyp giderin-dä” diýip eşidiler-eşidilmez hymyr-symyr etdi-de, märekä siňdi. Öňem-ä üýşenler agyzlaryna suw alan ýaly bolşup durdylar welin, Hojalakdan soň jemagatyň dym-dyrslygy daş bolup howadan asyldy. Şol sebäpli Akdaşaýaga belli Abadan gybat hemmelere eşitdiribräge-de ýaşmak astyndan gapdalyndaky aýala pyşyrdaýan kişi bolanda Ahmet şura ony gowy eşitdi: -A gyz, bi, hol gün, Amanmämmediň soňkusy Dürbikäniň öýündäki gyzyl gülli galyň keçeleri görüpdüňmi?! Wah, şolaryň ýekejejigi dagy meňki bolaýsady!... Ahmet şura bu pyşyrda çalymdaş “pyşyrdynyň” kime niýetlenýändigine gaty oňat düşündi. Ýöne, eşitmediksiräp, öz işini dowam ediberdi. Abadanyň goňşusy bolsa näler ony şerebeli sözler bilen gaýym duzlasy gelse-de, Ahmediň ýa-da beýleki şuralaryň jam gulaklarynyň agyzdan sypan her bir gepi özlerine gerek röwüşde eşitmäge ökdediklerinden üýşenip, dymyp oňdy. Emma, oňa derek, iller aýtmyşlaýyn, ýaş mahallary, Gökdepe ýykylandan soňky ýyllaryň birinde turan bir dawanyň dowamynda, hatda hökmürowan orus balköýnegine-de: “ýerçeken” diýmäge çekinmedik Totam eje Abadanyň eýmijini ýetirdi: -Gapylsana, samsyk heleý! Gürleýän gürrüňini gulagy eşidenok! Ýele peşmek, güne goşmak, şalpar dilli haýran! Heýem bir iliň zadyna hantamaçylyk edip bolarmy?! Toba estagpurulla! Haram zady garsaň öýüňdäki halalyňy hem zähere öwürmezmi, asyl?!-diýişdirip, köne ýaşmagynyň astyndan dogumly-dogumly suňşuryp goýberdi. Totam ejäniň “ber közi, gysymlaýyn” diýýäň gaýduwsyz häsiýetine näbelet däldigi üçin Abadan näçe gijese-de awulyja dilini dişlemäge mejbur boldy. Bar gürrüňi sypdyrman gapyp duran Ahmet şura parahat daş keşbini saklasa-da, içiniň ala-burugsy bolup tüteýändigini duýdy. Wah arman! Ýeri däl! Adam köp bu mahal! Öte çäkden geçip degsiniberdigiň, bi henizem gözi şuralar hökümediniň ýagty güneş deýin şugla saçýan nuruna açylman gaflatda gapyl ýatan millet, “öwladym” diýip, olaryň goragyna örboýuna galarmyka diýýärin. Şonuň üçinem, garaş, garaş! Totam eje jan, bu gün bolmasa ertir, siziňem-ä nobatyňyzy ýetirerin. Bujagaz hoja-öwlat neberäňiz bilen bilelikde baryňyzyň gözüňizi Sibiriň aňzagynda açdyraryn!... Entek ýöne, biraz sabyr edeli! Bi, şäherde okuw-sapak geçenlerinde aýdýarlar ahyry: “Ýoldaş Marksam sabyr edipdir, bize-de şony sargapdyr” diýip… Bi şuralar hökümeti, heýç gyssanmaç iş edýän däldir, towşany araba bilen kowalaý-kowalaý, surnukdyryp tutýandyr! Şol sebäplem howlukmaň, hemmäňiziňem gezegiňiz ýeter… Birmahallar, şäheriň tozanly köçelerinde gerşim gorküýzeli suw daşap, gündeki ölmez ödümi zordanjyk tapýarkam, meniň daşaýan bu ýalyjak çeşme suwumdan ganyp, soňam onuň bahasy bolan gara şaýyny elime tutdurmagy kiçilik bilip ýere zyňyp gidýänje, maňa “Ahmeşkä garajyk” diýen bolýanja baurjyklar nirede galdy, indi?! Hany olar?! Agyzlary gum garbadylana gaýraky gumlukda çakyr süňke öwrüldiler. Ölmän galanam her dem alanlarynda ölümi arzuw edip, hanha türmeleriň tozanyna garylyp gezip ýörler… Ahmet bolsa, ine ol! Egni gaýyş penjekli, goltuk kisesi şura möhürli, uýlugy mauzer gaply, bedew atyny säpjedip, şol birmahalky hondanbärisilerden galan-gaçanlaryň gözlerine gül salyp ýör… …Özüne näçe basalyk berjek bolsa-da, Ahmet gaharyna doly erk edip bilmedi. Göz-görtele Totam ejäniň içini ýakmak üçin, birdenkä: -Abadan!-diýip haýkyrdy. Özüni kyrkgünlük gelin däldirin öýtmeýän Abadan gybat uz ýaşynan bolup, seýkin ýöräp öňe çykdy. Bar pikiri-zikiri Totam ejäniň içine köz guýandygy-guýmandygy bolsa-da Ahmet şura bäş deşigini bir ýere üýşürip, il ýüzüne Abadandan ärini soran boldy: -Hany Mommat?! Gelmedimi?! Oral aýallyga ýeteňkirlän Abadan ýaş gelinsiremesini bes etmän, uýaljaňpisint jogap gaýtardy: -Gaýynenem ýarawsyz, şony Herrikgala tebibe görkezmäge äkitdi. Ahmediň gaşlary hasam çytyldy: -Ýene-de Hekimguly tebibiň ýanynamy?! Abadan sülmüräp baş atanda Ahmediň ýeňsedamary taýak boldy. Bu porsy heleýiň sallanjyran bolaýşyn-aý! Ýa maňa näz eden bolýarmy nämemi?! Abadany boýdan-başa birlaý gözden geçiren Ahmediň aňyrsy-bärisine geldi. Ýöne ýene-de özüne erk edip, daşyndan syr bildirmedi. Diňe daşyndan ýakynynda duranlara eşidiler ýalyrak edip hüňürdedi: -Entek, pukara hassalardan soňkuja puluny alyp, öldürip, mazlum-misgin bendelerem aldap-çürkäp ýören ojagaz tebipsumagyňam ýoguna ýanarys. Şuralar hökümeti onuň ýalaky, bisowat halkyň başyny-gözüni aýlap ýörenlere “şarladan” diýýär. Birdenem, gapdalynda gultunyp duran Abadana garşy nägile bakdy-da, azgyrylyp goýberdi: -Bar, senem atdanlykda syrt gören çaga ýaly ýyrşaryp durma! Dürbikäniň keçelerinden geregiňi al-da, göteril şu ýandan! Gökdäki dilegi ýerde gowşan Abadan, bu sözleriň aýdylyş äheňine üns bermedi. Ökjesi ýere degmän öýe topuldy-da, içerden keçeleriň iň ulusyny dolap, goltugyna salyp çykdy. Özüne alarylyşýan obadaşlaryna jinnek ýalyjak pitiwa etmänem, öýüne garşy ýelk ýasady. Diňe mähelleden mazaly saýlanandan soňra Ahmet şuranyň üstüne heňkireni aňyna ýetdi. Emma yzyna gaňrylmaga-da gyssandy. Tizräk öýüne ýetip, Dürbikäniň täze keçesini törüne ýazyp, onuň üstünde ýazylyp-ýaýrap oturyp göresi geldi. Şonuň üçinem, haýdaşlap barşyna diňe dodagyny çöwürdi-de, Ahmet şuranyň gaýybana petigulusyny bermek bilen çäklendi: -Nämäňe herrelen bolýaň-a, haram papak?! Mazeriňi (mauzeriňi) piserdip, bolduň meň başyma, şura başlygy!...Berýäniň-ä bir güýe iýen keçe welin, ýene-de minnet edenem bolýaň-a! Käşgä, ol Hojalak gedaýa berşiň ýaly öküz beren bolsaň. Onda nemetseň… Abadan öýüne gelende ýoldaşy Mommadyň hem ejesi bilen tebipden dolanyp gelendigini gördi. Mommat ejesine tebibiň beren melhemini içirip otyrdy. Endigine görä aňyrdan gelşine Abadan öýe kürsäp urdy-da, äridir-gaýnyna üns bermän içerini ala-gohdan doldurdy: -Hany, enesi, tursana, tursana! Men, ine, öýe täzeje düşek getirdim! Abadan gybat tüweleýe dönüp, ýer ýaly ýuwaş görgülileriň baryna-ýoguna bakman, ysgynsyz gaýnyny ýerinden turuzdy. Horaşaja gara öýüň törüni ala-tozan edip, sal-sal bolup giden köneje keçäni serpdi-de, heniz gyly gyrylmadyk täzesini ýazdy. Üstündenem gaýnynyň düşegini atyp, ony ýerinde ýatyrdy. Äriniňem aňyna-maňyna garaman idekläp, ejesiniň başujunda joňkartdy. Soňam öz elleriniň işine guwanyp-doýup bilmeýän dek eneli-ogluň daşyndan üç aýlandy. -Wa-eý! Görsene muny! Bir görsene munuň ýalpyldysyny dagy, enesi! Wa-eý! Munuň lowurdaýşyny! Köplenç aýalynyň ýanynda agzy mumlanana dönmägi edähet edinen Mommadyň: “Keçäni nireden aldyň?” diýmäge-de bogny ysmady. Emma, ejesi welin, çydamady. -Gelin, bu owadan zady nireden aldyň-a?! Ýeke özi heşelle kakyp ýören Abadan bada-bat dikilgazyk boldy. Ýeri, aňkasy aşan kempir, nireden alnany bilen nä işiň bar diýsene?! Kim diliňden çekýär?! Aşagyňa ýazyldymy, ýat-da, lalyňy aç-da! Indi, häzir, bi yşaradam, enesinden meçew alar-da, sorap-idän bolup başlar. Sered-ä, hanha, eýýäm gözüni däligöze öwrüp, mölterilip başlady. Içinden gaharly-gaharly oýlansa-da, Abadan dil ýaranda onuň sesi baly dökülip durana çalymdaş, şelaýyn çykdy: -Wiý, enesi! Bi: “Nireden aldyň?” diýip ogra diýilýär dälmi?! Peşgeş berdiler ahyryn… Garry görgüli aýbygadym gelniniň bu şelaýyn bihaýalygyna näme diýip näme aýtjagyny bilmedi. Şol kempi dodaklaryny müňk-müňk etdi ýatdy. Edil, nähak göwni ynjydylan neresse çaga ýaly… Ejesiniň bolşuna dözmedik Mommat är dogumyny görkezmese bolmajagyna magat düşündi: -“Nireden aldyň?” diýilýär-ow, saňa?! Mommadyň heňkirmän, az-kem gatyrganybrak beren sowalyna Abadanyň Hywa gapdallaryndaky bir ýerlerine ot ýapyşana döndi: -Gygyrma maňa!-diýip, ol gözlerinden ot syçradaýjak bolup hüžžerildi: -“Nireden aldyň, nireden aldyň”… Erkek halyna özi gidip getirmekden-ä geçen, gaýta baýguşuňky ýaly agzyna gelen yrsgaly hem änigine-şänigine ýeten kişi bolup inkär edip ýatyrlar-a, bi iki sany işigaýdanlar!... Amanmämmediň kiçi heleýiniň keçesi… Boldumy?! Ynjaldyňyzlarmy, indi?! Ahmet şura: “garyp günüňize ýardam bolsun” diýip, rehimi inip berdi. Boldumy?! Göwnüňizler kanagat tapdymy, indi?! Men, seniň ärli bolup goragly däl, ärsiz bolup dul däl halyma, öz başymy mydam özüm çarap ýörmeli heleýiňem: “berenden al, urandan gaç” diýlenine eýeribem, berlenini aldym-da gaýtdym. Boldumy, indi?! Öljeg-ä men halys şu tünek diýip. Bu ikisi welin, taňryýalkasyndan geçen, gaýta, meni kyhlap-syhlap, günüme-de goýmaýarlar-a… Abadan jibrine-jibrine, ala-güpürdi bolup, öýden çykyp gitdi. Ejesi, ýeke oglunyň öňem-ä şunça ýyl bäri önelgesizlikden kösenýän, agzala maşgalasynda ýene-de dawabaşy bolandygyna çyny bilen gyýyldy. Oglundan gözýaşyny gizlemek üçin, aňyrsyna bakdy-da ýatyberdi. Mommat bolsa, öňem nijeme gezek gaýryp gören işi, aýalynyň yzyndan gidip, ony çola çekip, it ýenjen ýaly ýenjende-de bolmajagyna düşünýändigi üçin, sesini çykarman, astlaryna ýazylgy täze keçäniň gülüni dyrmalady oturyberdi… ***** …Şol gün, gijäniň birmahaly Mommat, ejesiniň özüni çagyrýan pessaý sesine oýandy. Ziňkildäp gözüni açdy-da, töweregine garanjaklady. Abadan öýüň ters künjeginde düňderilen kersen ýaly, keseligine dönüp, hor çekip ýatyr. Mommat ejesine ýakyn süýşdi: -Näme eje? Gerek-ýaragyň barmy?! -Oglum… Ejesiniň sesi endiräp çykdy: -Oglum, sen meň garamaňlaýy bagyşla! Men beýdip, bu önelgesiz aýjyny boýnuňdan gara daş edip asmakçy däldim. Daşgyn garyndaş bolandyklary zerarly: “galyňyny hem oňuşýarlar” diýip eden zadym boldy… Bagyşla, balam! Ömrüňiz dirilikde dowzaha öwrenim üçin, başyňy gora sokanym üçin, bagyşla… Mommat, ejesi aglaýandyr öýtdi. -Goýsana, eje, gerek däl!-diýeninde onuňam sesi gyryk çykdy. Ejesiniň her bir sözi onuň köne derdini gozgaýardy. Perzentsizlikden ýaňa ençe ýyldyr ganlar öýüp ýören jigger-bagryny dograp-duzlaýardy. -Goý eje, häzir suw bereýin! Onsoň biraz köşeşersiň… -Ýok oglum, maňa suw berme! Meni şu pille sen ýalňyz dikrarymy elim bilenjik ýakanym ýakyp-ýandyryp gelýär… Ýöne, balam, saňa şunça ýamanlyk edenem bolsam, barybir dünýä inderen eneňdirin. Ak süýdümi emdirip ulaldandyryn. Meni beýle kösetme. Rahat bir ölmäge mümkinçilik beriň… Mommat düşünmedi: -Näme diýýäň-ä, eje?! Anyk aýtmasaň, men-ä halys düşünip bilýän däldirin. -Aýtsam oglum, aýyr şu keçäni astymdan. Bu keçe meniň diňe endamymy däl, göwnümem gysyp-gowrup, ýakyp-daglap gelýär. Özünem dolap göter-de, ötünji bilen halalyny hak eýesine gowşuryp gaýt. Kesekiniň zadyna el urmaga endik edinse, ahbetin şol hem bi türkmeniň başyny iýer… Ejesiniň sözleri, uzakly gün özüni serpmeden gaýdan ýaly sermisal duýup ýören Mommadyň ýüregine jüňk boldy. Ýöne, gijäň içinde biwagt-näwagt diýdirip, egniň keçeli iliň öýüne nädip barjak?! -Eje, o diýýäniň-ä dogry-la welin, bu gijäň içinde: “ogry-jümrümikä?” diýdirip, gerşim ýükli entäp ýörmän, ertir irdenjik eltip gaýdaýsam dogry bolmazmy? -Ýok oglum, ýok! Ejeňe öňki-soňky etmedik hyzmadyňy edeýin diýseň, birje pursadam eglenme-de, häziriň özünde äkit… Mommadyň ejesini mundan artyk özelendirmäge ynsaby çatmady: -Bolýar eje,-diýdi-de, emaý bilen ejesiniň aşagyndaky keçäni köne keçelerine çalyşdy. Täze keçäni dolap goltugyna gysdy-da, çykyp gitdi. Şol gidişine-de göni hojam agalara ýüzlendi. Çünki Amanmämmet mollanyň jaýy alnandan soň wagtlaýyn şolarda ýaşaýandygyny gündiz Abadanyň gürrüňlerinden eşidipdi. Ol bärden baryp, alty ganat ak öýüň işigini kakdy. Içerden biriniň ardynjyraýany eşidildi. Gapy çala açyldy-da, yşyndan hojam aganyň ukuly sarymeňiz ýüzi göründi. -Salawmaleýkim, hojam aga! Giç ýagşy! -Waleýkim essalam, Mommat! Gelen ýagşy! Bi ne giçläpsiň-le?! Eýgilikmi bir özi?! Mommat öý eýesini bimahal çak bimaza edendigine müýnürgedi. -Hawa-la, hojam aga! Şü, men, neme…bi…molla agany görüp bolmazmyka?! -Wah, görüb-ä bolar-la, welin…-diýip hojam aga, sägindi:-Ýaňyja irkilipdi-dä. Gaty gyssag bolmasa, Mommat jan, ýumşuňy maňa aýdaýsaň bolmazmy?! Erte, säher namazyna örülende elinjek ýetirerdim-dä… -Neme-le, onda, hojam aga...Ýumuş diýip beýlebir ýumşam däl-le…Neme, ýöne, ine şuny…-diýip Mommat, aljyraňňylyk bilen elindäki keçäni uzatdy:-…keýwanym, häli heleý kemakyllygyny edip, Ahmet şura berse alyp gaýdyberipdir…Molla aga gowşuraweriň. Özem gaýrat ediň-de aýdyň, ötüp-geçewersin. Garamaýak bolsam-da, näçe kösensemem, kişiň malyna el uran adam däldiris. Kine etmäwersin. Heleý heleý bolýar-da…Gaýrat ediň… Hojam aganyň ýüzi ýagtyldy. Ol müýnli müzzerilip duran Mommadyň egnine elini goýdy-da: -Gaýdyber inim, hökman aýdaryn! Senden öňem ýüzüni garaňka tutup, on-on iki adam gelip gitdi. Hatda, öýünde urbalyk ýok bolsa-da Hojalak gedaý hem Amanmämmediň öküzini getirip, ötünç sorap gitdi. Gidiber inim. Özüňe-de taňryýalkasyn, sylanyň üçin!-diýip, ony mylakatlylyk bilen ugratdy… 1997ý. | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |