02:10 Maru-Şahu-Jahan | |
MARU-ŞAHU-JAHAN
Goşgular
Atamyrat Atabaýewe Gökden süýnen äpet-äpet ýyldyzlaň. Gyzgyn ruhun eýläp şykga toýuna. Gurlan gadym galalarňa geldim men, Arzuwuňda gezip, ömrüm boýuna. Minaralaň Zemin-Asman paýasy, Gögi saklap duran aşak çökmeden. Ýaradan şol ýere düşen halaty, Çözenmişin, älemleriň hikmetin. Eý gadymýet kentleriniň enesi, Şäher diýip ilki seni guranmyş, Arşyň- kürsüň, älemleriň eýesi, Soňra salyň, “sura” çenli uzalmyş. Ruhuňda pygamberleň demi bar, Säherleňde oýun gurmuş erenler. Dodaklaryň Aýyň nuruny emýär, Gün şuglasy gark eýlemiş keremne. Ýiten kitaphanalaň açyk diwany, Ýada salyp Hakyň goşa aýasyn, Çözläp otyr, geljekleriň diwalyn, Alyp otyr ötenleriň aýatyn. Eger Jelil seni gurmanda başda, Gurarmydy Ersalymy, Rumy, Seniň düýbüň tutulmyşdyr aryşda, Sen soň Ýerde diklen bakylyk tugy. Maru-şahu- jahan, menzil-mesgenim, Gadymyýet kendi, gundagy ýazlaň. Irde-giçde demim üzülse meniň, Hoja Ýusup babaň ýanynda jaýlaň. ■ KENAR Atamyrat Atabaýewe Kenarlaň arasy şeýle bir daş däl, Hem beýle ýakyn däl, duşuşar ýaly. Suwa düşen nagma bolup görünýän Serwiler kenaryň arzuw- hyýaly. Gün dogan çagynda buldurjyraýan, Ýap-ýaşyl maýsalar güllände sergin. Şahalar keýpine başyn yraýar, Awara tolkynlar ak köpük serpip. Ol kenar hem uzyn boýly deregi, Owadan perileň biridir öýdýär. Gap-gara töňňeler dursa gezelip, Diridir öýdýär. Bu kenar ol taýyň gözüne yssy, Ol kenar beýlekä açanda gujak. Gygyrasyň gelýär belentli-pesli, Eý, gözel kenarlar, ajap siz, ajap. 13.11.1977. ■ OL BARÝAR Kerim Gurbannepesowa.. Ol barýar. Asmana ýetýän agaçlar, Oň öňünde bilin epläýjek bolýar. Häzir dili däl-de, oň barmaklary, Duýgynyň güýjünden gepläýjek bolýar. Illeň gussasynyň hasraty-zary, Illeň şatlygyna şatlanyp, ýeňläp. Awara durnalaň serdary ýaly, Umytly göwünleň owazyn diňläp, Ol barýar. Ol barýar. Joşgunly köçeler bilen, Illeň buýsanç doly gözlerne bakyp. Uruşda galanlaň armany bolup, Gelenlere bolup ullakan bagt. Ol barýar. Perzende zarlaryň eziz balasy, Garabagt enäň agysy bolup, Dünýäde galjaklaň beýik şatlygy, Dünýäden gitjekleň agasy bolup, Ol barýar. 25.5.1978. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||