20:29 "Mendirin - şol alabahar günleri" | |
«MENDIRIN — ŞOL ALABAHAR GÜNLERI»
Edebi makalalar
Halyl Kulyýewiň ömri we döredijilik ýoly türkmeniň ýaz paslyny ýatladýar. “Halyl Kulyýew” ady bilen 2010-njy ýylda çapdan çykan goşgular ýygyndysyna “Sözbaşy” ýazan edebiýatçy alym Gurbandurdy Geldiýew şahyryň edebi mirasyna şeýle baha berýär: “Ol geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynyň edebiýatyny altyna gaplan zergärleriň biri bolup, “Halyl Kulyýewiň şygryýeti...” diýlen düşünjäni ýadygärlik galdyran şahyr”. H.Kulyýewiň döredijiligine bolan uly gyzyklanmanyň sebäbi nämede? Biziň pikirimizçe, şahyr ilkinji nobatda, şygyr sungatyna mahsus bolan inçe duýgurlygy sada, şol bir wagtyň özünde şahyrana dilde beýan etmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň şeýledigini şu aşakdaky setirleriň mysalynda hem görüp bolýar: Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. Söz ussadynyň goşgularyndaky duýguly gahryman örän mylakatly, hoşniýetli, ynsanperwerdir. Onuň söýgüden doly ýüregi birahat bolsa-da, ol tesellini bahardan tapyp, hemmeleriň şoňa ymtylmagyny wagyz edýär: Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň: Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. Görnüşi ýaly, hyjuwly, joşgunly şahyr ýüregi bahar pasly bilen bir hörpden gopýar. H.Kulyýewiň ýüreginde möwç urýan söýgi ýaşaýşa, durmuşa, adamlara bolan ýürek telwasydyr, gözgüsidir. Bahar pasly bolsa ýaşaýşyň, durmuşyň başlangyjynyň simwolik aňlatmasydyr. Ajaýyp şahyrymyzyň döredijilik ýolunda bahar paslynyň häli-şindi duş gelmeginde onuň ýaşlykdan göwün beren gyzyna bolan ýürek telwasy — söýgüsi ýatyr. Şahyr magşugyndan aýralyk pursatlarynda magşugynyň gam-gussa çekmezligini, garaşmagyny, ahyrsoňy hökman geljekdigini şeýle towakga edýär: “Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa, Gaýtam, garaş öňküdenem on esse. Mendirin — şol alabahar günleri Agaçlar pyntyklap, şemal öwüsse. Gelin-gyzlarymyzy taryplamakda, olara söýgi sözleri bilen ýüzlenmekde pasyllaryň iň ajaýyby bolan bahar paslyny çeper serişde hökmünde peýdalanmagyň türkmen şygryýetinde XX asyryň 60-njy ýyllarynda giňden ýörgünli, hatda, däpleşen häsiýete eýe bolandygyny ýaýdanman aýdyp bileris. Bu çeper söz sungaty bilen türkmen adamsyna mahsus milli ruhuň utgaşygynda dörän hadysadyr. G.Ezizow, B.Hudaýnazarow, A.Atabaýew, A.Agabaýew, N.Rejebow ýaly ussatlarymyzyň döredijiligine siňňin aralaşanymyzda şahyrlarymyzyň biri-birinden täsirlenip, gyz-gelinlerimizi taryplamakda bahar paslyna mahsus ähli hadysalary (ýaşaýşyň gözbaşy, gülleriň açylmagy, tämizlik, mylaýym şemal, ýaz ýagşy we ş.m.) çeper tär hökmünde ulanandyklaryny bütin aýdyňlygy bilen görüp bilýäris. Gurbannazar şahyr: Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy, Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar. diýip, aşyk-magşugyň söýgüsini bahara deňän bolsa, H.Kulyýewiň duýguly gahrymany özünde dörän yşk duýgusyny bahar paslyna şeýle meňzedýär: Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek, Ýene ýazjak. Öňkülerim az ýaly. Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak, Söýüp ýörün... Bar pasyllar ýaz ýaly. Görnükli şahyr, edebiýatçy H.Kulyýewiň şygryýet dünýäsiniň tutuşlygyna bahar paslyna ýugrulyp, hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejekdigini ýene-de bir gezek nygtasymyz gelýär. Çünki onuň döredijiliginde orun alan bu ajaýyp paslyň özeninde tutuş adam ömri, ýaşaýşa bolan söýgi, yşkdan doly şahyr ýüregi ýatyr. Tylla ÖWEZOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |