15:43 Ömürzaýa / powestiñ dowamy | |
5.
Powestler
Altyn giç ikindinler geldi. Eşeginden düşerine mähetdel, Ýagmyr haýdap, gaňňadan horjuny aldy. Onuň höwesekligine Altyn üns bermedi. – Kino gelipdir, gör-de geläý – diýdi. – Bile gidäýeli. – Kelçerme. Horjunda somsa bardyr, ejeň iberdi. Altyn börügini teläriň agajyndan asdy, başyna öýme daňdy. Gök öýme ýüpek keteni köýnege şeýle bir gelişdi welin, Altynyň tarypyny edip oturmaly boldy. Ol şähere-de şu köýnekde barypdy. Muny gaýyn atasynyň balnysa äkidilen güni geýmejek ýaly, nähili-de bolsa, gelşikli köýnegi geýip, Altyn Ýagmyryň göwnünden turdy. Altyn köne legende öňden duran düýe gumalaklary ýakmaga oturdy. – Mämmet agany äkitdilermi? – Äkidenleri bilen sagalar öýdýän bolsalar, äkitdiler. Kakasynyň sagalmajagyny Çeperem bilýä, Çeperiň ärem bilýä. Alada galan bolşup, meň hiç kimdigimi ile göz etjek bolýalar. Hawa-da, men hiç kimem-dä. Meni, ho-ol, gawunyň ortasyna dikilen garantga deňeseňem boljak. Garantgany görüp, bi ýer bakja ekeni diýjekler, meni görübem Mämmet traktorçynyň oglunyň bolandygyny ýatlaýmasalar... Ýagmyr Altynyň ýoluna bisabyr garap, eden arzuwlarynyň başa barmajagyna düşündi. Altyn gelşine suwa düşmäge gider, agşam ýeke gitmäge çekiner, özüni ýany bilen alyp gider öýdüpdi. Altynyň suw ýadyna-da düşenok. Ýap boýundaky ýapragy çalaran tallaryň depesine ýaşyp barýan Günüň gyzgylt şöhlesi düşdi. Biýaralaryň güýjüniň gaçmagy bilen ak ýapraklary köpelen gawunly meýdana kölege kimin garaňkylyk indi. Biraz salkynlyk aralaşdy, howur ýüzüňe uranokdy. Hasap ýöredýän adamlar ýaldyragyň görnendigini, gijelerine howanyň çigrejekdigini aýdýarlar. Salkynlyk bolsa, Altyn ýaba suwa düşmäge gitmez. Beýle boljak bolsa, howa salkynlaman geçsin! Düýe gumalagynyň ajy tüssesi demiňi tutup barýar. Altyn burugsaýan legeni çatmanyň içinde goýdy. – Tüsse siňse, çatmada çybyn galmaz – diýdi. – Bi tüsseden-ä çybyn çakanam gowy. Altyn, häli gelenimde çatmada Aga suwçy ýok ekeni. Gije suw gaçypdyr, brigadir oň bäş zähmetini kesmeli etdi. – Aga suwçam biz ýaly betbagtdyr-da, betbagt bolmasa, aýaly ölermidi. – Brigadir saňa-da ertir gowaçaň içiniň iri otuny alsyn diýdi. – Sen näme etmeli? – Men?.. men täbil ýazmaly. – Senem meň bilen ot alarsyň. Altynyň öýkeländigini aňsa bolýar. Ind-ä ol suwa düşmäge hyýalam etmez. Ýagmyr soňkuja umydyna ýapyşdy: Altyn ikisi bir çatmada-ha ýatarlar-da: Altyn – törde, Ýagmyr – girelgä golaý. Edil häzir dünýäniň ähli hezilligi ajy tüssä gaplanan çatmanyň içindedi. Ýakymly alada galdy, düşekde ýatan Altyna nädip lak atarka? – Altyn, utansaň,men daşarda, telärde ýataýaýyn? Altyn geleli bäri birinji sapar güldi. – Maňa ýene bir gaýynata tapyljak – diýdi, köýneginiň bagjygyny ýazdyryp, göwüslerini serginletdi, ýassygy tirsekläp, gapdal ýatdy, sagrysy ýumralyp ketenini dartdy. –Men seň gözüňe owadan bolup görünýänmi? Beýle gönümel sowal Ýagmyry aljyratdy, aýby duýdansyz ýüzüne aýdylan ýaly utandy, ýüzem gyzaran bolsa gerek, hernä çatmadaky garaňkylyk Altynyň synlamagyna päsgel bersin-dä! – Men senden soraýan, gulagyň gapyldymy?! – Sen, hawa, owadan... Sen Nurjemal Allakdanam owadan-a! – Sen aýtmaňda-da bilýän. Nurjemal Allak dile düşen heleý-dä, başlyk apalamasa, o heleý gözüňize-de ilmezdi. – Sen gelinleň ählisindenem owadan, seň adyňam owadan. – Sen, oglan, maňa seredeňde, gatlaklydan hantama itiň seredişini etme. Masgara seredişiňi öýdäkileň ýanynda-da edýäň. Her seredeňde, meni gözüň bilen ýalaňaçlamasaň oňaňok sen. Dolan Aý günorta tarapa eňňit atdy, Altyn teläre münüp, peşehana gurdy. Aý şöhlesine peşehana agaryp görünse-de, içinde oturany saýgarjak gümanyň ýok. Ýagmyr Altynyň çakylygyna bisabyr garaşyp otyr. Eger Altyn çagyrmajak bolsa, Ýagmyryň düşegini salyp giderdi. Bä-ä, Ýagmyr Altyn bilen teläriň üstünde bileje ýataýsa, bile suwa düşençe boljak. Ýagmyr çatmadan ymsynyp seredýär. Telär has beýgelen ýaly, peşehana al-asmana göterilipdir. Ýagmyryň oturan çatmasy guýyň düýbüni ýatladýar. Peşehanada bireýýäm gymyldy galdy, Altyn uka gidäýdimikä? Beýle etse-hä karam bolar. – Altyn, men çatmada ýatmalymy? – Başga nirde ýatmak hyýalyň bar? – Özüň-ä çybyndan gorkyňa peşehana girdiň. – Alaka bilen syçany göreňde, çybyna kaýyl bolarsyň, olar garnyň üstünde tans edip başlarlar. Ýagmyr eplengi duran düşegi çatmanyň ortasyna bulap urdy: – Altyn! – Hä, düşegiňe ýylan girdimi? – Dustuň ysy aňkap dur-ow... – Şoň ysy burnuňa indi degýämi? Biz-ä dustuň ysyny alyp durmasak, ýatybam bilemzok, çaky, şäher seni aýnadypdyr. – Ýylan diýeniň näme? – Bir gulaç zäherli ýylan-da. – Ýylanam çatma girýämi? – Gireni bilen oňanok, eliňe dolaşyp, bileje ýatýa. Altyn güldi. Ýagmyr öz içinden: ”Altyn meni kösejek bolýar” diýdi. Häli görseň, it-guşuň, adam-garanyň ýatmagyna garaşýandyr, soňra bir bahana tapyp, aşak düşer ýa-da Ýagmyry peşehana çagyrar. Nurjemal Allagyň üzümindäki ýakynlykdan soň, şeýle boljagyna ynanýar. Aga suwçyňam gelmejegi belli: birinjiden, Mämmet traktorçynyň ýokdugyny bilýär, ikinjiden, jerimeden soň suwuň başyndan ho ýana gitmäge-de het edip bilmez, indi suw gaçyrsa, kolhozdan kowuljagyny bilipjik durandyr. Heniz kino-da gutarmandyr, pulemýotlaryň tatyrdysy, toplaryň gümmürdisi, soňra hüjüme geçen goşunyň ”ura” sesleri meýdana ýaň bolup ýaýrady. Häzir biziňkiler ýeňiş gazanar, hä diýmän kino gutarar. Altyn: – Giden bolsaň-a, uruşly kino görerdiň – diýdi. – Öňki gezegem şu kinony görkez-dä. – Birgiden neressäň-ä läşi guma garyldy gitdi, tapaly diýenoklar, utanman, oýna öwrüp, kino salýalar. Soňabaka ölenlere gynanjagam tapylar öýdemok. Kim üçin oýun, kim üçin çyn, dert. Kim ýanyp ölmeli, kim gülüp ölmeli. Gara saçym ýassykda, ala gözüm gapyda diýeniňe kim ynanjak?.. Altyn gaýdyp gep atmady. Aşaklan Aýyň ýagtysy bar hem bolsa, aýylganç ümsümlik töweregi garaňka gaplady, ähli alada, gorky, ätiýaç çatmanyň içine doldy... Ýagmyr güýçli siltenmä oýandy, äm-säm kellesini galdyranda çatmada ýatany ýadyna düşmedi, öýlerindedir, ejesi oýarýandyr öýtdi. – Aňalyp oturma, tur-a! – Bu Altynyň sesi. Ýagmyr düwdenekläp, çatmadan çykdy. – Nirä barýaň, köwşüňi geý! Gyranalmyş şagallar çozdy. Altyn Ýagmyryň eline saldamly taýak tutdurdy, taýagy süýräp, Altynyň yzyna düşdi. Aý ýaşypdyr, töwerek garaňky, ýap boýundaky hatar tal ýyldyzly asman bilen ýeriň serhedini görkezýän gara depä meňzedi. Ýagmyr Altynyň eliniň boş däldigini bilse-de, ilki nämedigini aňşyrmady, golaý baranda bedredigini bildi. Altyn käýinýärdi: – Gawun bary harama çykdy. Aýdyp-aýdyp, halys diljagazym syryldy: çaltrak paýlalyň, köpüň zady ýere siňip barýa diýýän. Byrgadyr nejisiň piňine-de däl, gözi heleýi bilen gowaçadan başga zady görenog-a, gözi gapylmyşyň! – Şagallar seslerini sazlap gygyrdylar. – Sesiňiz sem bolsun! Altyn taýak bilen bedräniň düýbüne urup başlady. Entek öz etmeli işini bilmän barýan Ýagmyr pikir etdi: şagal adamdan gaçsa-da, garagulak gaçanokmyş. Garagulagy gözi bilen görmese-de, käwagt sesini eşidýärdi. Onuň ýürekli ýyrtyjydygyny haýbatly sesi aýdyp dur. Garagulagy bu garaňkyda nädip saýgyrjak? Gorky aýagyna duşak boldy, büdräp ýykyldy. Altyn jabjyndy: – Sen-ä nalajedeýin ekeniň. Ýalaňaç heleýe seretmeli boland-a, gözüň ýiti, häzir gapylaýdymy?! Olar gawun meýdany bilen öwlüýäniň arasyndaky çarkandakly zolakda iki ýana ylgap, şagallara abaý etdiler. Altyn erjellik bilen bedräniň düýbüne kakdy, Ýagmyr gyk-bak etdi. Şagallaryň sesi galdy diýäýmeseň, olaryň gaçyp-gaçmanyny saýgaryp bolanok, ähli zat garaňka bürelip otyr. Töwerek ýene ümsümlige gaplandy. Altyn köne ýabyň raýyşynda çommaldy, haşşyldysy eşidilýärdi. – Ölen ozdurdymy ýa diriligiňe şükür etmelimi, bi hazan uran dünýäde biler ýaly bolmady. Ýagmyr ukudan açylsa-da, süňňündäki agyrlygy duýýar, kellesini ýere goýdugy uka gitjegini bilýär, wagtyň näçedigini bilenok. Asmanyň tot-tozandan arassalanandygyny görýär, ýyldyzlar ýitelipdir, ýöne olaryň ýerleşişine seredip, wagty kesgitlemäge Ýagmyryň kakasy ökde. Olar gawunly pelleriň aýagujundaky salmanyň gyrasy bilen çatma tarap gaýtdylar. Bu zolagy selme düýpleri tutupdyr, garaňkyda olar hasam gaba görünýärler. Duýdansyz pille selmäniň düýbünden bir jandar towsup turdy. Ýagmyr üstüne zyňylandyr öýtdi, erbet gygyryp, ýeňsä serpildi. Göwresi Altynyň üstünden indi. Altyn onuň badyny saklap bilmän, ýalpak salmanyň içine agdaryldy, Ýagmyram üstüne düşdi. – Garagula-ak!.. Altyn arkan serlip ýatan ýerinden gülüp başlady, onuň bökýän göwresi Ýagmyryň göwresinem bökdürdi. Ýagmyr ýumry göwüsleriň ýüzüne degýändigini duýanda, Altynyň üstünden aýrylmaga howlukmady. Altyn ýakasynyň bagjygyny daňmandyr, näzik teniň gün degmeýän ýeri akjaryp göründi, has beteri-de, göwüsleriň aýyrdyna dodagy degip, burnuna üýtgeşik ýakymly ys uranda Ýagmyryň bedenine ýalyn çabrana döndi, ýygryldy, dartyldy. Altyn henizem gülýärdi, güleni bilenem oňmady, elleriniň aýasy bilen Ýagmyryň kellesini hoşamaý gysdy. – Ýürejigiň ýarylaýan-a däldir, batyr ýigit? Ýagmyryň kellesini ýüzüne golaý getirdi, edil eýjejik çagany bagryna basjak ýaly gyjyndy, ogşamalydy, ogşamady. Sen ogşa diýýän ýaly, salym berdi, garaşdy. Ýagmyr ogşady. Ilki Altynyň näzik, salkyn alkymyndan, soňra duluklaryndan ogşady, Altyn päsgel bermedi. Ol indi gülmäge derek tenini bezeýän gyzgyn posalaryň ýakymyny duýdurýan ýaly süýjülik bilen sojaýardy. Soňra dartylan göwresini towlady, towladygyça-da Ýagmyr beter dälireýän ýalydy. Dodaklarynyň posa alýanyny kemter gördi, näzik teni ýalady. Keteniniň daşyndan ýumry göwüslere agyz saldy, öňüne süňk atylan aç it ýaly hyňrandy. Bir eli buduň ýumrusyna ýetdi. – Aýryl! Altyn Ýagmyry gapdala agdardy, hasanaklap turşuna kellesinden sypan öýmesini garbap aldy, keýp bilen güldi. – Aýgyrlykda senem eşegiňden pes oturjak däl! Altyn salmanyň içi bilen haýdady. – Altyn... Altyn, duraý-da! Altyn, bedräň galdy. Ýagmyr çatma dolananda Altyny görmedi, diňşirgendi. Eýýäm peşehana girip, ýatmaga ýetişäýdimikä? Barlasy geldi. – Gelme bärik! Altynyň jabjynmasy Ýagmyr üçin düşnüksiz duýduryşdy. 6. Ukudan haýal oýanan Ýagmyr öňi bilen çöp çatmada ýatandygyny aňşyrdy, ýerinden galman gerindi, gijeki hezilligi umyt etdi. Gözüni aýlan ýerinde Altyny görmedi. Köne keçäniň çetinde tüňçe dur, çaý demlenendigini agzyna ýapylan tutaç aýdýar. Waharman gawun bilen süýri ak garpyzyň gapdalynda igli pyçak ýatyr. Nan haltanyň üstüne käse düňderilip goýlan. Käse ýuwlup-ardylypdyr, aşagynda üç bölek gant bar ekeni. Somsadan galan bölek ak ýaglyga dolangy. Altynyň özi niredekä? – Altyn... Altyn!.. Jogap bolmady. Ýagmyr çatmadan çykanda guşluk ýerine galan Günüň howry ýüzüne urdy. Gawunçylyga göz aýlady, ezenegini agdyryp oturan garantgadan başga gara görmedi. Maçy eşek gazykda dur, eşeksiz Altynyň uzaga gitmejegi belli. Teläriň aşagyna zaýalanan gawunlar üýşürilipdir, kyrk-elliden az däldir. Biri çüýräp başlapdyr, beýlekisini şagal ýarypdyr. Munça gawuny daşamaga näçe wagt gerek! Kömekleş diýip, Ýagmyry turuzmandyr, öýke etdimikä? Altyn gowaçanyň otuny almaga gidendir, börügi bilen başbogusy mata horjuna dykylyp goýlupdyr. Ýagmyr bir garyş beýiklikdäki börügi eline aldy, içini-daşyny ysgady, ys agryljygam bolsa, Altynyň tenine degen zat ýakymlydy. Börügi kükregine gysdy, Altynyň bedenini gysan dek, gyjynmadan süňňi lerzana geldi, ukynyň beren rahatlygy ýom-ýok boldy. – Altyn ja-an! – diýip pyşyrdady. Altyn öýkelänem bolsa, Ýagmyry ýigrenmeýändigini iýgi-içgini yhlas bilen taýýarlap gidişinden biläýmeli. Turuzmandygy bolsa, hezil edip ukusyny alsyn diýendir. Olar bu günem, ertirem, Mämmet traktorçy gelmese, tä okuw başlanýança çola meýdanda ikiçäk galmaly. Mämmet traktorça-da saglyk diledi, ölmäwersin diýdi, ýöne entek balnysda ýatsa gowy, birazajyk derdi ýeňlär, onuň ýolugan keselinden açylyp gidýän ýok diýip, Ýagmyryň ejesi häli-şindi aýdýar. Ejesiniň agzy batly diýmeseň, ol bilmän bir zat aýdanok. Mämmet traktorçynyň demgysmadan başga has agyr derdiniň bardygyny dogry aýdypdyr-a! Ejesiniň bilgirligi Ýagmyra-da geçipdir diýse boljak. Ol öten gije Altyny ogşap ýalňyşmady, Altynyň göwnünden turdy. Klasdaşyny ýatlady. Klasdaşam Ýagmyr ýaly obadan baran oglan, oňa oglanam diýmeli däl, dört ýaş uly, eýýäm öýlenen adam. Ir öýlendirdiler diýip, gynanyp oturanok, öýlenmek hezil ekeni diýýär. Hezil bolmasa, ýatak jaýda iki gün galmaga takady ýetmän, günaşa ýol söküp, oba gatnamazdy. Öýlenen gijesi gelni ýüzüni açan badyna gujaklagadan ogşajak bolupdyr. Gelni: howlukma, gürrüň edip oturaýaly-la diýipdir, ýalbarypdyr. Gürrüňden nä peýda diýdim-de, ogşaberdim, ogşaberdim, gelnimem uzak çydap oturybilmedi, özem ogşap başlady diýýä. Ertesi gelni: agşam ogşamadyk bolsaň, saňa öwrenişip bilmezdim diýipdir. Börügiň gapdal ýüzüne berkidilen kümüş şaýda Ýagmyryň ünsi eglendi. Ol şaýlaryň köpüsiniň adyny bilenok, ýüzüne altyn çaýylan bu şaýyňam adyny bilenok, ýöne börügiň ýüzüne berkidilýän şaý däldigini çak edýär. Börüge ildirgiç dakýarlar, käwagt toýda uly topbularyna egme dakan aýallary-da görýärdi. Altynam ildirgiç dakynýar, bu şaýy welin, ilkinji sapar görýär. Şaýyň üç sany gyzyl gaşy bar. Her gapdalynda-da bir halka, aşak gyrasynda-da hatar alty halka. Halkalaryň şelpe asmak üçin gerekdigini bilýär. Şelpesi bolsa, hasam nepis, owadan görünjek. Bu şaý iki sany, hersi börügiň bir gapdalyna berkidilipdir. Olar ildirgiç ýaly börüge görk berenoklar, dakylmaly ýerinde däldigi üçindir. Şaýa ünsli garadygyça Ýagmyr geň galdy. Ony dikligine tutdy welin, şaý tutuşlygyna aýal keşbine meňzedi, hut ýalaňaç aýalyň keşbine! Täsinlik bu ýerde ekeni! Asyl, seretdigiçe ýokardan aşak gaýdýan gyzyl gaşlar beden böleklerini aňladýan belgä öwrüldiler duruberdiler. Ýokarky gaş – ýüz, ortaky – göwüs, şol ýerde-de şaý sozulýar, aýalyň inçe bilini görkezýär. Wah, Altynyň bili ýaly-da! Altynyň inçe biliniň ýakymyny häzir ol barmaklarynyň ujunda duýdy. Inçe bilden aşak şaýyň ýaýrawy giňeýär, tegelek görnüşe geçýär. Ýagmyr bilden aşakdaky tegelegiň ýumrusyny duýmaga-da ýetişipdi. Tegelegiň ortasynda-da aşaky, üçünji gaş dur. Oňa göbek diýse-de boljak. Äý, şoň-a göbek diýmän, başga zat diýse-de boljak... Gapdaldaky şelpe dakylmaly halka biraz uzaldylan, aýal bedenini göz öňüne getireniňden soň, onuň eli aňladýandygyny saýgarmak ap-aňsat. Ýagmyr indi jadyly şaýdan gözüni aýryp bilenok. Şaýa jan girdi, örtügini, lybasyny sypyrýar. Ýagmyryň gözleri Altynyň altyn çaýylan bedenini görýär. Şaýly börügi bagryna basdy. Süýji azaryň zarbyna çydap bilmän iňledi: – Altyn jan!.. Altynym!.. Ýagmyryň açyşyndaky gizlenip ýatan syry Altynyň özi bir bilýärmikä? Eger bilýän bolsa, ony Ýagmyryňam bilmegini isländir. Altynyň bu islegine Ýagmyr öz akyly, öz paýhasy bilen ýetdi. Ýagmyra zor diýmeli! Çyzuw sapagyny okadýan mugallymam zor diýer. Hemişe welosipedli gezýän mugallymyň geň galaýmaly bolşy bar. Ol klas tagtasyna çyzyk, tegelek çeker-de: “Näme görýäňiz?” diýer. Okuwçylar görýän zatlaryny aýdýarlar: çyzyk, tegelek görýäs diýýärler. Mugallym başyny ýaýkaýar: “Siz-ä göz bilen görüp bolýan zady aýdaýdyňyz. Adam beýni bilen görmegi-de başarmaly! Akyl-paýhas diňe gözüň görenini aýt diýip berilmändir. Eger beýni bilen görsek näme bolar? Şüý-ä – şu bolar, bi-de – bi bolar!” Ol çakganlyk bilen öňki çyzygyň, tegelegiň gapdalyna goşmaça çyzyjaklary ýelmeýär welin, adamyň ýa-da haýwanyň şekili bolýar duruberýär. Okuwçylary geň galdyryp bilenine şat bolup gülerdi. “Weý, bir şekilden diňe bir zady görmegi samsyk adamam başarýar, bir şekilden köp zady görmek welin, akylly adama başardýandyr. ”Nädip akylly bolup bolýar?” diýersiňiz. Akylly bolmak üçin köp okamaly!” diýer. Ýagmyr özüni akyllylaryň hataryna goşdy. Eger täsin açyşyny Altyna aýtsa, Altynam oňa akylly diýer. Altyn okarygyň gyrasynda oturan ekeni. Oragyň ujy bilen ýer dyrmalaýar. Ýüzüni, boýnuny ak ýaglyk bilen bogupdyr, egninde-de Ýagmyra ýigrenji görünýän alaça köýnek. Bilindäki guşagam çözmändir, öňlüginem aýyrmandyr, gapdalda-da köki bilen goparylan bäş-on gysym ösgün suwoty, täjihoraz ýatyr. – Altyn, arma! – Hasap çykarmaga geldiňmi? Keşme-keş aýlanybam aýyran otuň şujagaz diýersiň. Görüşiň ýaly-da, seret! – Altyn oragyň ujy bilen oty pytradyp goýberdi. – Bäş düýp ot üçin entänim zähmete girenok diýjekmi? Altynyň sözi Ýagmyryň ünsüne ýetmedi, ol şaýda gören gözelliginiň täsirinden sypyp bilmän durdy, şol gözelligi gönüden-göni Altyna ýöňkeýär, onyň myrtar egin-başy muňa päsgel berenok. Altynyň diňe gözi, agzy görünýär, duluklary, eňegi, ak alkymy ýaglyk bilen örtülen. Şirä, tot-tozana galňan öňlügi gatan derä dönüpdir. Ýagmyr kenege guýmak üçin gurşun eredişini ýatlady. Hapa üräniň aşagyndan ergin gurşunyň ýalpyldap çykyşy ýaly, Altynam egnindäki soýkalary sypyraýsa, ak bedeniň täsinligi Aýyň jemalyndan pes oturmaz. – Seredişiň näteňet, ýene gatlaklydan hantama ite meňzediň. – Guşluk çaýa çyk-a, dynjyňy al. – O nejis iş ýok ýerden iş tapýa, arzyly byrgadyryňa aýt, şeý diý-de. Howur alýan keşiň arasyna özüni dyk-da welin!.. Naçar heleý zalym äre sataşaýsa, takdyrdyr, maňlaýyndan görsün diýen borlar. Bi gowaça näme diýjek, berýän azaby, hunabasy zalym ärden ýüz beter. Gözümizi açyp, görenimiz şu hazan uran! Altyn elýeterindäki gowaça düýbüniň ýaýbaň şahalaryna orak inderdi. Iki şaha döwlüp, bäş-alty goza aşak sallandy. – Altyn, beýtme... Altyn! – Şeýdesim gelýä-dä! – Altynyň janagyrly gülküsi Ýagmyry gorkuzdy. Ol beýleki şahalaram kakyp düşürdi, purdalanan düýbüň köküne orak saldy, kesip, eliniň tersi bilen okarygyň içine zyňdy. – Byrgadyryň-a süňňi sarsyp gidendir, tenine pyçak urlan ýaly bolandyr. Äkit-de, görkez, gynansyn. ýas tutsun! Ýagmyr gowaça düýbi, şahalary, gaçan gunçalary, gülleri, gozalary çöpledi, äkidip, keşiň arasynda gizledi, Altynyň sözleri gulagyna ýetdi: – Kepene salyp göm-ä! Ataň ölen ýaly ses et, uwla! Soňra çatmada otyrkalar Altyn birden güldi: – Agşam garagulak nirden ýadyňa düşdi? – diýip sorady. – Şagal gaçsa-da, garagulak gaçmaz, garagulakdan itlerem gorkýar diýýäler. – Ejeň gepi çyn bolsa-ha, it gorksa-da, sen gorkmaly däl. Ol-a seni möjek ýaly garadangaýtmaz edip goýýa. Tiräňiziň ady möjek bolansoň, şeý diýýändir öýtdüm, eşidip otursam, sebäbi başga ekeni. “Ýagmyr göwrämdekä, bilmän, möjek çeýnän goýnuň etini iýipdirin diýýä, çaga möjegiň gylygy geçermiş diýýäler, şo diýilýäni biçemem däl. Ýagmyry gören it zut gaçar, çagaka-da itden gorkmasy ýokdy” diýip, tarypyňy ýetirýä. Möjek gylykly oglanyň garagulakdan gorkuşy ýeser, sesiň oba ýetendir. Altyn degişmesine şowhun berjek bolup gülse-de, gülküsi dowamly bolmady, gaşlary çytyldy. Gelniň ýene-de käýinip başlamagynyň ähtimaldygyny aňan Ýagmyr onuň ünsüni sowmaga howlukdy: – Altyn, ho şaýyň ady näme, börüge dakylan şaýyň? Altyn çatma dolanan dessine el-ýüzüni ýuwup, alyn saçlaryna suw çalyp, başyna börügini geýdi. Soňam börügi eline alyp, Ýagmyry gyzyklandyran şaýa seretdi. – Muň uzyn-uzyn şelpeleri bolmaly. Şular şelpe dakylýan halkalar. Prontdan öň toý bolsa, dakynardyk. Saçyňa dakyp, çekgäň üstünden goýberersiň welin, biliňden aşak düşer. Adyny bilmek nämä gerek, indi muny dakynyp ýören barmy?! – Owadan görünýä, adyny bilesim geldi. – Biz-ä çekgelik diýýäs, ejem: ýomut ilinde başga ady bar, adamlyk diýýäler diýipdi. Pronta berdirmän alyp galan ýekeje şaýym şü, onda-da şelpelerini berdik. Ejem ýüzügimize çenli ýygnaşdyryp berdi goýberdi. “Eje jan, şujagazy galdyraýaly-da!” diýip ýalbardym, aglap-eňräp ýalbardym. “On kilodan artsa, galsyn” diýdi. Hökman on kilo kümüş tabşyrmaly diýenem ýok ekeni-le. Sähelçe ýetmän dur, şelpeleri alyp terezä goýdy, soňam şelpe tapylar-la, dakaýarys” diýdi. Soňam şelpe-de dakjak bolmadyk, şaýam dakynmadyk. – Altyn oňatja seret şoňa, syn et... dik tutup seret... hä-ä, ana, şeýdip... näme görýäň? – Näme görünsin? Üç sany gaş, oň üçin dik tutup seretmegiň geregi ýok, – Altyn, beý diýme-de, oňatja seredäýsene! Altyn yhlas bilen çekgelige çiňerildi. – Başga näme görjek, şo görlüp ýörlen şaýdyr-da. – Men düşündireýin welin, soňam bir seret. – Ýagmyr dyzyna galyp, düşündirmäge höwesekdigini bildirdi. – Seret, aýalyň bedeni ýasalypdyr-a, görnüp dur-a! Altyn: – Ýit-ä! – diýdi, börügi başyna geýdi. – Näme diýjekkä diýip, menem bi erkek eşegiň gepine gulagam gabardýan-a. Hawa-da, seň häzir sereden zadyňdan ýalaňaç heleý görnäýjek ýalydyr, esräp öten! Altyn güldi, Ýagmyr üçin onuň güleni gowudy, gülmese, umydy soňlanyp, barýardy. 7. Altyn çatmada ýatan Ýagmyry turzanda Gün dogan ekeni, gijäniň çigregi entek aýrylmandyr. – Öýe baryp gaýtjak, ynjalamok, düýş görüpdirin. – Düýşe-de ynanýaň-maý? – Sen ýaly okumyş däl men. Altyn günortandan soň dolandy. Iki gözi zatdan doly horjuny göterip, çatma girdi. Ýagmyr ony begendirmäge howlukdy: – Öýlän gawun ýolmaly, ertirem bäş kömekçi gelýä, agşam paýlap gutarmaly. Brigadir kak diler ýalysyny paýlamaň diýdi. – Diýip ötsün! Ýumuş buýurýar diýme, sowujak suw getiräý-dä, ýüregim ýanyp barýar. Guýa tarap barýarka Ýagmyr Altynyň düýşüniň aladasyny etdi. Düýş diýilse, ony köplenç ölen-ýitenler bilen baglaýarlar. Altynam Tagany göräýdimikä? Äri ýadyna düşüp dursa, Altyn ogşatmaz diýdi. Suw içip ýüregini sowadandan soň, düýşüni aýdyp berer. Şo düýş aýdylman geçsin! Aýallar gören düýşlerini aýtmaga ökde bolýarlar, Altynam oňaryp aýdar welin, gaýdyp Ýagmyr ogşamaga milt edip bilmez. Ýagmyr entek aýdylmadyk düýşi ýigrendi, gaýgyly bolsa-da, ýigrenerin diýdi. Erbet düýşleriň oňatlyga ýorulýan mahalam bolýar. Bir gezek Aýna gören düýşüni ejesine aýtdy: “Waý-eý, eje, düýşümde hakyt Mämmet traktorçy ölýämikä diýýän-dä”. Ejesi aňsatja ýordy: “Uzak ýaşajakdyr bende” diýdi. Ýagmyram düýş görýär, ýöne turanda gürrüň berere ýadynda oňly zat galanok. Heniz bir gezegem Altyn düýşüne girmedi, gapdalynda bolany üçin girýän däldir, okuw başlansa, şähere gider welin, hökman düýşüne girer. Okuw başlanjagy Ýagmyry gynandyrdy. Bary-ýogy ýekeje hepde galdy, onuňam soňky iki güni şäherde bolmaly, mekdepde iş bar diýdiler. Ýagmyryň gitmelidigini, günleriň azalýandygyny Altyn bilýär, şonda-da ýaba suwa düşmäge gidenok. Ýagmyry halaýan bolsa, giderdi. Ýagmyr Altyndan öýke etdi. Iň bolmanda ýekeje gezek Altynyň ýalaňaç bedenini görsedim diýip zarlady. Olar bişen gawunlary sapagyndan tändirip, joýanyň içine togaladylar. Biraz serginlik aralaşanda çatmanyň ýanyna daşap başlamalydy. Gün ikindi ýerine ýetende Altyn: – Ýör, maňa ýoldaş bol! – diýdi, hezillik görkezjek diýmedi. Altynyň irdenki agraslygy oba gidip gelenden soň hasam gözeilginçdi, ony ýas ýerindäki heleýleriň bolşuna-da deňese boljak. Geplänok, asyl Ýagmyra ünsem berenok. Ýagmyr onuň wajyp bolan bolşuny ýigrenç bilen synlaýardy, sebäbi şol halat özüniň oglandygyny ýatlamaga ýakymsyz mejburlyk duýýardy. Altyn el-ýüzüni ýuwdy, börüginiň üstünden bürenjek atyndy, alkymynyň aşagyndan ýaşmak aýlady. Ýagmyryň her goltugyna bir waharman berip, içi zatly horjuny egnine atan gelin, öwlüýä tarap ýöräberdi. Nirä barýandyklaryny aýtmazlygy Altynyň niýetine Ýagmyryň dahylynyň ýokdugyny aňladýan bolsa gerek. Ýagmyr kemsinse-de, nirä barýas diýip soramady. Olar ýol-ýoda diýmän, köne ýabyň aňyrsyndaky hyşaly, ýylgynly jeňňelden duwara geçip, Seýit piriň gümmezine çykdylar. Gümmezden taýagatym sowaşyk dikilen kepbä ýöneldiler, oňa ýetmäge bäş-on ädim galanda Altyn horjuny düşürdi. – Gawunlary goý-da, bar, gör, müjewür barmy – diýdi. – Adyny bilemok, işan aga diýäýsene, gaýraky obadanmyş. Ýagmyr gelendiklerini duýdurmak üçin iki öwre ýalandan üsgürdi, ardyndy, gapyny itdi, içerden ýogyn ses eşidildi: – Geliber, hudaýyň bendesi. – Maňa garaş entek – Altyn horjuny alyp, daş bosagadan içerik boýnuny uzatdy. – Işan aga, salamälik. – Aleýksalam, giriberiň. Altyn kepbä girip, tagta gapyny jebis ýapdy. Ýagmyr henizem Altynyň bolşundaky geňlige düşünip bilmän durşuna, töweregini höwessiz synlady. Ýerden gazylan iki ojagy, pytrap ýatan küli, üç-dört sany gara taňkany gördi. Başga göz eglenere zat ýok. Palçyk bilen suwalan gümmeziň pessejik sokma gapysyny akja ýüp bilen baglapdyrlar. Daşdan garasaň, gümmez belent, haýbatly ýaly görünýär, ýakyndan seretseň, beýle-de däl ekeni, gaýta zeýli topraga çöküp barýan ýaly. Ileri ýüzde dikilen ýaý şekilli agaçlara ak esgijikler daňylypdyr, olar golaýdaky ýylgyn düýpleriniň şahalaryndanam sallanyşyp durlar. Näme üçin daňylanyny Ýagmyr bilenok, Altyn bilýändir, bilmese, bu taýa gelmezdi. Topragyň ýüzüne güberilip galan şor gatlakda öz aýak yzlaryny gördi, başga täze yz görmedi. Altyn haýdap çykdy, iki gawuny göterip, kepbä dolandy, Ýagmyryň ýüzüne-de seretmedi. Çaky, Ýagmyry kepbä çagyrjak däller. Ol gawun götermek üçin gerek ekeni, häzir gidiberende-de, Altyn ondan ýokuş görmez. Gidibilmedi, garaşdy, garaşdygyça-da öwlüýä diýilýän ýeriň aýdylyşyndanam beter çola, tukatlygyny gördi. Gümmeziň ýakyn golaýynda mazar tümmekleri görnenok, şordan, zeýden garalan meýdanda olaryň sudury bildirýär, ýiten mazarlar bolmaly. Şularyň arasynda enesiniň mazarynyň bolmagy-da ähtimal. Gapy ýene açyldy, Altyn elini salgap, Ýagmyry içeri çagyrdy. Ol bosagdan ätläp, salam berdi: – Salawmaleýkim... Ýagmyryň salamyna jogap bolmady, bolanam bolsa, eşitmedi. – Geç, geçiber bärik. Altyn äm-säm töre seredip duran Ýagmyry howlukdyrdy. Içeriniň garaňkylygyndanam beter, agryljyk porsy ys başyňy aýlap barýardy. Deriň ysymy, temmäkiniň, yzgaryň ysymy, saýgaryp bilmedi. Az salymdan içerä gözi öwrenişdi, törde aýbogdaşyny gurup oturan adamy gördi. Ol agymtyl ezýaka köýnegiň üstünden don atynypdyr. Ýüzi ýasy, sakgaly bulaşyk. Demini sojabrak alýar. Onuň gabat ýeňsesindäki penjire ýapyk, diňe ýokarky kiçijik deşikden ýagty düşýär. Orta saçak ýazylypdyr. Saçagy Altynyň ýazandygyny üstündäki tagamlara seredip, biläýmeli. Işlekliniň bäş-alty bölegi, göweç doly gowurma, tegelek çörek... Altyn irden oba gidip, bu zatlary bişirip gelen ekeni. Waharmanyň birini kesip, käseleşdirip, mejimäniň üstünde goýupdyr. Ýagmyryň gözi içerä öwrenişse-de, burny ysa öwrenişmedi, Altyn bilen müjewüriň arasynda oturanda, göwnüne bolmasa, ys müjewür tarapdan gelýän ýaly boldy, agryljyk ys daşaryň sergin howasyny küýsetdi. Altyn ýaşmagyň astyndan Ýagmyra: – Iýip otur, iý – diýdi, işlekliniň bir bölegini Ýagmyryň öňüne süýşürdi. – Işan aga aýat okap berjek. Işan aga diýilýän welosipediň ruluna meňzeýän gaşlarynyň aşagyndan gözleriniň agyny köpeldip, Ýagmyra garady. – Edepsiz oglan ekeniň – diýdi. – Özüňden uly bilen görüşmek öwredilmändir çaky, edep öwrenmeli ekeniň. – Äý, bular entek oglan-da, işan aga. – “Oglany ýaşdan, heleýi başdan”. – Indem bolsa, tur, işan aga bilen görüş. Ýagmyr gozganmady. – Bi tetelli edepsizi ýanyňa almagyn, gelin, zyýaratyňa zeper ýetirip-de biler. Ýeke geleňde-de, Seýit pir zyýaratyňy kabul etmeli, enşalla, kabul bolar. – Müjewür ýene gözüni agdaryp, Ýagmyra seretdi. – Kimiň dogmasy bolarsyň? – Kakamyň. – Heh!.. Edepsizmikä diýsek, tekepbirligem bar munda. – Işan aga, bi oglan abraýly ýeriň çagasy. – Altyn ýaşmak astyndan Ýagmyra azgyryldy. – Al kakdymy seni?! Iýip bir otur... Ýagmyr çümhöreklik etdi, ýekeje gowurdagy agzyna atyp, howlukman çeýnemäge başlady. Işleklä işdämen agyz salan müjewür bolsa owurdynyň gowzaryna garaşman, ýene Ýagmyra gep atdy: – Kakaň nirde işleýän adam? – Kolhozda. – Kolhozda näme pişe edýä? – Buýrulan işi edip ýör. – He-heh... belli bir käriň başyny tutmadyk bolýa-da çaky. – Diňe öwlüýä sakçy bolup görenok. Altyn Ýagmyryň böwrüne dürtdi. – Ýalan sözlär oturar-da... tüweleme, kakasy kolhozyň atly çopany. – Çopanlygy çyn bolsa, şo bendä işan agaň sargydy diý-de bir zat aýt, gelin. Ogluny-da goýun sürüsine goşsa, anjaýyn bolardy. Süriň içinde gezse, bir düzgüne, bir ýola ram eder gider. Ýagmyr mäläp goýberdi. Müjewür iýmesini bes etdi. – Häý, pedernälet! – diýdi. Ýagmyr bu söze düşünmese-de, aýdylyş äheňinden sögünçdigini aňdy. Müjewür kynlyk bilen dyzlaryny epip, aýat okamaga oturdy. Uzak okady, okadygyça-da heňini sazlady. Gözlerini ýumup, heňiniň hörpüne görä başyny yrap, asyl, bu golaýda gutarjaga meňzänok. Gapdalyndakylary unutdy diýse-de boljakdy, ýöne birki öwre gabak astyndan Altyna seredenini Ýagmyr göräýdi. Şundan soň, müjewür Altynyň göwnünden turmaga tutanýerlilik görkezýär diýdi. O bolmasa-da, müjewür Ýagmyry dymyk, porsy kepbede uzak saklap, oňa jeza bermegiň kül-külüne düşendir, çydaman, çykyp gider öýdýändir. Ýagmyr çykyp gitse, müjewür porsy kepbede Altyn bilen ikiçäk galmaly boljag-a! Ýagmyryň Altyny galdyryp gitjek gümany barmy! Eger şoňa düňünmeýän bolsa, bi işan aga diýilýän adam samsygyň baryp ýatany!.. Ýagmyr Altynyň aýtman-diýmän öwlüýä gaýtmagyna geň galypdy. Ind-ä hasam geň! Topbuly, bürenjekli, ýaşmakly otyr. Başda Altyn kepbede eglenende, näme üçin gelendigini müjewüre düşündiren bolmaly, Ýagmyra welin, hiç zat aýdanok, ony çaga görýär. Altyn tarapdan özüniň kiçeldilmegini kemsitme diýip bildi. Gabanjy artdy, Müjewür aýatyny soňlady, aýalaryny ýüzüne golaý tutup, bir zatlar samyrdamaga başlady. Ýagmyr samyrdynyň arasyndan “Tagan Mämmet oglunyň ruhuna” diýen söze dykgat etdi. Şol bada-da Altyna gözüni aýlady. Altyn gamgyn görnüşde ellerini ýüzüne syljak bolup, garaşyp otyr. Ýakymsyz düýş görenlerinde aýallaryň hudaý ýoluna çörek aýdýandyklaryny Ýagmyr bilýärdi. Düýş görenini Altynyň özi aýtdy. Sadaka aýdyp, bu ýere aýat okatmaga geleni-de gören düýşi sebäpli bolmaly. Ýagmyra gabanyp oturara zadam ýok ekeni. Altyn getiren tagamlaryny kepbede galdyryp çykdy. Indi Ýagmyr müjewürden işleklini gabandy, hezil edip iýer. Altyn Ýagmyra niýetläp, çatmada-da ondan bir bölejik dagy goýdumyka?.. Altyn Ýagmyra igendi: – Kakaň çopandygyny aýtmagy namys bildiňmi, şäherde okaýan alym oglan? – Şol adamyň gözüni halamadym. – Gözi bilen nä işiň bar, ýa sen trahoma barlamaga gelen göz dogtarmy? – Seredişi düzüw adama meňzänog-a, hüwi ýaly. – Mazarystanda gije-gündiz ýeke otursaň, senem hüwä dönersiň. – Bile gelenimizi halamady, seni gabanýandyr öýtdüm. – Lal bol! Ýagmyr hötjetlik bilen ýer depip gygyrdy: – Şu ýere näm üçin geldik? – O seň işiň däl! – Altyn dikilgazyk bolan Ýagmyra iňkisli garady, äheňini ýumşatdy. – Ýüregiňi eliňe alma, bilersiň. Şu taýyk geldik diýip, adam oglunyň ýanynda dil ýaraýsaň, gaýdyp menden güler ýüz görmersiň... 8. Öwlüýäden gelensoňlar, Altyn bilen Ýagmyr ýolnan gawunlary çatmanyň gapdalyna daşadylar. Bu iş Ýagmyryň wezipesine girmese-de, agyr ýüküň astynda Altynyň ýeke özüniň gerjeşip ýörşüni görüp, arkaýyn oturyp biljek däldi. Ýene bir islegi: Altyn ýylgyrar, gep atar öýdýärdi. Bu diýeni bolmady. Hernä, işlekliden Ýagmyr üçin saklan ekeni, çaýyň gapdaly bilen äberdi. Ertir gawun ýygmaga geljekleriň ýanynda-da Altyn oňa gep atmaz, wah, şeýdip ýene bir gün boş geçer! Ýagmyr irden çatmadan çykanda Altyn gara tüňçeleri oda goýupdyr, ol ýandagyň al ýalnyna garap dur. Başyny kelegaý ýaglyk bilen bogupdyr, egninde ýigrenji alaça köýnek. Bular uzak günüň ýakymsyz boljagyndan alamat. Şonda-da Altyn owadan. Ak alkymyna oduň ýalkymy düşýär. Ol özüni Ýagmyryň synlaýandygyny duýdy, oňa garady, ýöne bir garamagam däl, ýylgyryp goýberdi, gamgyn ýüzünde gant eräne döndi. Onuň ýakymy Altynyň tämiz ak bedenini göz öňüne getirmäge sebäp boldy. Altyn gaşlaryny çytyp, oda tarap öwrüldi. Soňra Altyn uzak günüň dowamynda ýeke gezek-de Ýagmyryň ýüzüne garamady, irden paýyňy aldyň, şonuň bilen oňmaly borsuň diýen ýaly boldy. Altyn brigadiriň iberen adamlary bilen meýdanyň gawunyny deň daşaşdy, gürleşmäge, degişmäge, gülüşmäge höwes etmedi. Onuň keýpsizligini gaýynatasynyň keselhana düşendigi bilen baglanyşdyrandyrlar. Iş çak edilişinden çalt bitdi. Öýle guşlugyna ýetirmän, ýolnan gawunlary çatmanyň gapdalyndaky boşluga üýşürdiler, soňra hojalyklara paýladylar. Bu işi brigadir Ýagmyra ynanypdy. Onuň elinde hojalyklaryň soňky ýarym aýda gazanan zähmetleriniň hasaby bardy, şol hasaba görä-de gawun paý berilmelidi. Her paýa hojalykbaşynyň ady ýazylan kagyz berkidilýärdi. Gün ýaşmazyndan öň aňrujy ýagdaýy bolan paýyny alyp gitdi. Uzak günüň ýadawlygynyň üstesine-de Altyn gelenleriň ýüküni eşege ýüklemäge kömek etjek bolup, halys surnugdy öýdýän. Ahyry dokama guşagyny çözmäge nobat ýetdi. Derden ýaňa endamyna ýelmeşen alaça köýnegi ýelpäp, göwüslerini, goltuklaryny serginletdi. Börügini teläriň agajyndan asyp, başyna ýaglyk bogdy. Indi Ýagmyra garap, irdenkisi ýaly ýylgyraýsa-da boljak. Ýylgyrmady, asyl Ýagmyra üns berenok! Ýagmyryň ”Altyn, suwa düş-de geläý” diýesi geldi, diýmedi, gorkdy. Altyn düşnüksiz bir alada bilen gümra. Çatmanyň öňüne keçe atyp, saçak ýazyp, nan-çaý goýanda-da, şol aladadan sypyp bilmedi. Iňrik garalyp başlanda çatma girdi, uzak wagt hysyrdysy ýatmady. Keçäniň üstünde gyşaryp ýatan Ýagmyr: – Altyn, çaýyň sowady – diýdi. – Içjek däl, suw içdim. – Nanam-a iýmediň. – Iýesim gelenok. Tegelenip dogan Aý töweregi ýagtyldanda, Altyn çatmadan çykdy. Başyndan ýaglygy aýryp, börügini geýdi, bilini guşady. – Maňa ýoldaş boljakmy? – diýip sorady. – Düýnki adamyň ýanyn-a barjak däl. – Onluk iş bitdi. – Indi näme? Maňa hiç zat aýdaňog-a! – Aýtmamda-da düşünersiň, hiç zat sorama menden. Tur, sen gitmeseň bolanok, erkek adam gerek. Altyn teläriň aşagynda taldan kesilip goýlan iki ýanagajy, pili Ýagmyra berdi, öz egnine gözleri doly horjuny atdy, eline-de adam boýy uzynlykdaky, ujy şahaly agajy alyp, öňe düşdi. Bu agaçlaryň haçan kesilip getirlenini Ýagmyr bilenok, düýnem olary teläriň aşagynda görmändi. Entek olaryň gabygynyň öldügini teni duýdy. Beýnisine şu bela agram salsa-da, Altynyň ýene nähili iş etjek boýandygyny aňşyrmagy başarmady. Müjewür bilen dil düwşüp bir zat etjek bolýarmykalar? Ony Ýagmyrdan gizlin ederdiler-ä? Ýagmyr gitmese, bolmajak iş nämekä? Altyn erkek adam gerek diýdi... Ýagmyr sowalyň toruna çolaşdygyça Altyndan eýmendi, gyssanjyna enesiniň albassy hakynda aýdanlarynam ýatlady. “Albassy heleý sypatynda adamlaň arasyna gelermiş” diýerdi. Ony nähili tanamalydygyny welin, enesinden soramandy, enesi aýdanam bolsa, Ýagmyryň ýadynda galmandyr. Altyn köne ýabyň ugrundaky jeňňele ýetip, mazarystanlyga girmän, demirgazyga öwrüldi. Ýol gözläp, töweregine garanjak bolanok, iňňän belet ýoluna düşen ýaly haýdap barýar. Hakykatda welin, ýolam ýok, ýoda-da. Adam boýy ýandak düýplerinden, ýylgyn şahalaryndan sowlup geçmegem gara görgi. Aýyň ýagtysynyň barlygam bir gowy zat, ýogsam bolmasa, eliňde, ýüzüňde abat ýer galjak däl. Altyn açyk meýdana çykyp sägindi, töwerege esewan boldy. Aý şöhlesine agaryp görünýän gümmez günbatarda sesýetim daşlykda galdy. – Sen dur şu ýerde. Altyn taýagatym aralykdaky mazar tümmeklerine ýetip saklandy. Obadan gelýän gumak ýolam şu ýerden daş bolmaly däl. Ýagmyr şol ýol bilen henize deňeç obadaşlarynyň mazarynyň arasyna gelip görmändi. Mazarystanlyk aýal-gyzyň, oglan-uşagyň baryp ýörmeli ýeri däl diýýärdiler. Altynyň horjunyny düşüren ýeri mazarlardan sowa, jeňňeliň gyrasy. Iki äpet ýylgynyň aralygynda, öýüň içi ýaly tekizje ýer. Soňra ol pil bilen tekizligiň dört tarapyna bellik etdi. – Kybla şu tarap bolýa dälmi? – diýip, gabat ileri bakyp durdy. Ýagmyrdan jogap bolmandygy gaharyny getirdi öýdýän, jabjyndy. – Haýsy tarapa bakyp namaz okaýalar? – Şu tarapa bakyp – Ýagmyr gümmeze tarap elini uzatdy. – Şony bilýäniňe-de şükür. – Näm etjek bolýaň-aý, Altyn? Altyn haýdap, boýy üç, ini birki ädim çemesi ýeriň daşyny çapyklady, bat bilen pili ýere dikdi. – Taganyň görüni gazmaly! – diýdi. Altyn däliräpdir! Ýagmyryň kellesine gelen ilkinji hyýal şol boldy: wagt barka, ökje götermeli! Gaçyp sypaýmasaň, başga alaç ýok! – Altyn dälirändir öýdäýme, oglan. Ýagmyr aňaldy duruberdi. Albassy diýen pikirini nädip kellesinden çykarjagyny bilmän kösendi. “Albassydygyma düşündiň dälmi?” diýägeden pili Ýagmyryň depesinden inderäýse?.. – Gabry erkekler gazmaly, ýeke özüňe kyn düşer, sen başlap ber – Altyn piliň sapyny Ýagmyryň eline tutdurdy. – Bissimilla diý. – Bissimilla... Ýagmyr ysgyny gaçanyň gowuşgynsyzlygy bilen bir depik gumy galdyryp, nirä zyňjagyny bilmän ýaýdanyp durdy. – Zyň şu taýa! – Altyn bat bilen dabanyny ýere urdy. – Indi, hany, pili ber. Menem erkege öwrülip giden heleý, hudaý kabul eder. Altyn haýdap, gazyp başlady. Ýagmyr gorka pikir etdi: nädip gabyr gazmalydygyny soraşdyryp bilendir... Gulagyna heň eşidildi, Altyndan başga kim bolsun?.. Dogrudanam, Altyn hiňlenýän ekeni, özem gaýrat bilen gum zyňýar, hiňlenip bir zatlar diýýär. Ýagmyr ünsüni gönükdirende, Altynyň sesi gatalan ýaly boldy. Sözler agyň arasy bilen aýdylýan ýaly zaryn äheňdedi. – Ýüpek geýip, ýaýnamadym-a-a... Bal iýip süýjemedim-ä-ä... Guş bolup parlamadym, ho-ow... Arzuwlam asmanda galdy-le-eý... Altyn çapygyň ugry bilen gazyp, çukuryň aýtymyny mälim etdi, indi çuňluga gidibermelidi. Dyzboýy geçip, gezegi Ýagmyra berdi. Bu ýöne bir çukur däl, gabyr diýip gazylýan çukur. Çukuryň düýbüne dabany degende Ýagmyr gorpa zyňylan dek gorky duýdy: gabyr gazylsa, birini jaýlamaly bolar-a?.. – Haýdaweri!.. Ýagmyr tisgindi, “seni jaýlajak!” diýen ýaly boldy. Altyn bu işi öňüni-soňuny bilip edýändir, boş goýmak üçin gabyr gazylmaz-a? Altyn barha tüýsüni üýtgedip barýan ýaly boldy, Ýagmyr ýene albassyny ýatlady. Howsala bilen başyny galdyrdy, Altyny görmedi. Altyn gizlenip, albassynyň sypatyna girýändir. Enesi albassy saçy hüžžük, dyrnaklary baýguşyňky ýaly ýiti, dişsiz, hamy süňküne ýelmeşip duran bedroý kempiriň sypatynda görnermiş diýerdi. Görünmänem gelip bilýärmiş. Görünmän gelägeden Ýagmyryň depesinden tal taýaklaryň birini inderse, Ýagmyr ýykylar, onsoň üstüni gömäýmek galar. Häzirem bir pille, zut gaçmaly! Edil şol mahal ýylgynyň aňyrsyndan aýak sesi eşidildi. Kimkä? Gara görünýänçä, tas demi agzyndan çykypdy. Altyn göründi. Kükregine gysyp, bir zat göterip gelýär. Taganyň meýdini getirýän bolmasyn?.. Altyn çukuryň gyrasynda ýüküni düşürdi, bäş-alty sany çig kerpiç ekeni. Kerpiçleriň hakykylygy ýaly, Altynam öňki sypatynda. Ol yzyna haýdap gitdi. Kerpiçleri öňden gizläp goýan bolmaly. Ýagmyryň howsalasy peselmedi, gaýta beterledi. Indi gabyrda biriniň jaýlanjagyna onda güman galmady. Altyn dört gezek gatnady. – Kerpiçleri nätjek, Altyn? – Menden zat sorama diýdim-ä. Aý ileri saldanýança gazdylar, gabyryň çuňlugy kükrege ýetdi. Soňam Altyn esli wagt içinden çykmady. Çukuryň içine kölege düşensoň, onuň nämä güýmenýänini saýgyrmak kyndy, Ýagmyryňam seredip durmaga höwesi ýok. Hereketinden çen tutsaň, çukuryň ileri düýbüni gazýan ýaly. Ýene aga meňzeş hiňlenmesi eşidildi: – Atly görsem, aryndym-e-eý, Düýeli görsem, sorandym-e-eý... Atly bilen atyşaýdym-o-ow, Düýeli bilen tutuşaýdym-o-ow, Arzuwlam ýolda galdy-le-eý... Altyn gabryň içinden goluny uzatdy. – Çek! – diýdi. Çykyp, horjuna ýapyşdy, içindäki zatlary sogrup-sogrup aldy. Ýagmyr özüne ýapyşylsa, gaçmaga häzirdi. Altyn şahaly agajy göterdi, Ýagmyr özüne: gaç! – diýdi. Altynyň sesini eşitdi. – Şeýt-de saklap dur! – Agajy tut diýýän ekeni. – Götünjekleme, golaýrak dur-a, ysgynyň ýokmy, tut merdemräk! Iki tarapa şahasy somalyp duran agaja Altyn ak ezýaka köýnek geýdirdi. Garantga etjekdir!.. Garantgany jaýlajakdyr!.. Altyn däliräpdir!.. Ýagmyr özüniň mamladygyny tassyk etjek ýene-de alamat görerin öýdüp, Altyna çiňerildi. Altyn köýnegiň üstünden şahalara gyrmyz don geýdirip dur. Ýagmyryň burnuna sandygyň düýbünde uzak ýatan geýimlere siňen agryljyk ys degdi, porsydermanyň ysynam ýatladýar. Altynyň ýüzüniň şol owadanlygy! Aýyň ýagtysyna hasam owadan. Ähli ünsi edýän işinde. Edýäni welin, akyly ýerindäki adamyň etjek işi däl. Garantganyň jaýlanýanyny Ýagmyr henize deňeç eşitmändi. Altyn eýýäm gyrmyz donuň daşyndan ýüpek guşak daňmaga, agajyň ujuna şempa telpek geýdirmäge ýetişipdir. Takyr ýere ilki giň mata, üstündenem insizräk ak mata ýazdy. Ak matanyň üstünde garantgany ýatyrdy. Indi oňa garantga diýmeseň-de bolar. Ölenleriň jesedi ak mata dolanýar, oňa kepen diýilýänini Ýagmyr bilýar. Altynyň niýetine hormat goýjak bolsaň, garantga Tagan diýmeli. Altyn Tagany kepene dolamazdan öňürti onuň bilinden aşagynam adama meňzetdi. Agajyň aşak ujuny balagyň içinden geçirdi. Balagyň her taýyny ädigiň bir gonjuna sokdy, olary jübütläp, agaja daňdy. Şondan soň Tagan diýilmeli garantgany kepene dolady, daşyny ak matadan gyrkylan ýüpler bilen daňmaga başlady, öňki heňini dowam etdirdi: – Art etegmi at etdim-ow, Öň etegmi gamçy etdim-ow, Ýanymy ýassyk etdim, Synymy düşek etdim, Gara saçymy guşak etdim-ow... Arzuwlam gumda galdy-le-eý... Altynyň heňi zaryn bolsa-da, ýas ýerinde aglaýan aýallar ýaly eňremedi. Aýak üstüne galdy. – Gel, gapdalyma geç! – diýdi. – Şu ýerde dur-da, men göteremde senem, ine, şu ýerden, usul bilen deňje galdyr... galdyryber, gaçyraýma, seresap bol, geliber, geliber... Wah-eý, düşürmesek bolmady, huşum gursun. – Altyn haýdap, takyr ýere ýazylan giň matany göterdi, birki öwre silkdi, getirip, çukuryň kybla tarapyna düşen ýazgyn öl gumuň üstüne ýazdy. – Mataň üstünde goýaly... öwrüliber, kelle tarapy gümmeziň ugruna bolmaly... eliňden sypdyraýma, deň tutsana... Kepeni çukura abandyryp goýdular. Altyn çukuryň içine bökdi. – Senem gir – diýdi. Depede ýatan kepeniň aşagyndan deň tutup, ony seresaplyk bilen gabryň düýbüne düşürdiler. Ýagmyryň gözi çukuryň garaňkylygyna öwrenişdi. Altyn häli eglenende, ilerki diwaryň aşagyny köwüp, ýene bir çukur gazmaga ýetişen ekeni. Şol çukurda kepeni sag gapdalyna ýatyryp goýdular. Altyn kepeniň daşyndaky mata daňylary aýyrdy, hersini aýranda “bissimilla” diýdi. – Çyk-da kerpiç äber! Ýagmyryň äberen kerpiçlerini dik goýup, gelin içki çukury ýapmaga başlady. Soňra zaryn heňi eşidildi: – Arzuwlap, asman uçdum-e-eý, Patylap derýa düşdüm-e-eý, Derýa suwun guratdym, Balyklary çüýretdim, Janym dowzahda galar-e-eý... Pili alyp, içki çukurdan çykan gumy kerpiç hatarynyň üstüne sürdi, ýüzüni patdatlady. Ýokary çykyp: – Seret bäriňe – diýdi, zyňylan gumdan bir gysym aldy. – Gysymyňa gum al, menem aldym. Bissimilla diýip zyňarsyň, üç öwre zyňmaly, üç gezegem bissimilla diýmeli. Sen erkek adam, ilki sen zyň. – Bissimilla... Ýagmyr öwredilişi ýaly etdi. Soň çukury gömmäge durdular. Mazaryň her gapdalyna tal agaçlaryň birini dikdiler. Altyn olara ak ýaglyk daňdy. Mazaryň tümmegine timar berdi. – Otur – diýdi. – Aýat bilýänmi? – Bilemok. – Kulhuallany okaryn welin, meň diýenimi gaýtalaber, erkek adam okady hasap bor. Altyn ”Kulhuallany” üç öwre okady, elini ýüzüne syldy. – Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Tagan... Bol, senem diý. – Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Tagan... Altyn, Tagan ölüpmi? – Tur, gideli!.. Pili göter. Altyn matany düýrläp horjuna dykdy, yzyndan kowgy ýetäýjek ýaly haýdap, mazardan ara açdy. Bu howlukmaçlygyň sebäbini Ýagmyr bilýärdi. Adamlar mazary taşlap gaýdanlarynda görde ýatan öli gygyrarmyş, menem gitjek diýermiş, onuň sesini eşitmejek bolmaly diýerdiler. Haýdap gelişlerine tally ýaba ýetdiler, Altyn dyzyny epdi. – Öýe gelenmişikdä, otur – diýdi. Ýene üç öwre “Kulhuallany” okady, elini ýüzüne syldy. – Okamaly aýatlary işan aga okandyr, men başaranymy etdim, razy bol, Tagan... Ýagmyr Altyn turar öýtdi, turmady, dymdy oturdy. Suwa aşaklan Aýyň ýagtysy düşýärdi. Bedenler sowadygyça gijäniň çigregi artdy. Altyn haýran galaýmaly mesaýylyk bilen: – Ýagmyr, indi gördüm diýen düýşümi aýdyp bereýin – diýdi. Ol iki dyzyny gujaklap, depedäki tallara bakyp, bir meýdan dymdy. – Şu tallara seredýän, başlary belent diýjeksiň, bulaňam ýagysy ýetik. Gurçugyň kerebinden ýapraklary bürşüp galdy, düýbünden suw aksa-da, ýüzüne kül sepilen ýaly. Meň düýşüme giren ýazyň tallary, ýapraklary göm-gökje, gün şöhlesine ýaldyraşyp otyrlar. Bir seretsem, tallaryň depesinden ak paraşýut inip gelýä. Bizem paraşýut görýäs-ä, Burungalaň ýanna düşýän paraşýutlardan üýtgeşik, oň ýaly ak paraşýuty senem gören dälsiň. Asyl ýöne gara gözüm ak paraşýuta baglandy galaýdy. Asmanda asylyp dur, bi nä düşenok-la diýýän. Sallanyp duran adam el bulaýa, sesini eşitmesemem, ýüzüni çalarak saýgarýan, ýüzi Tagana meňzeş. “Tagan ýaly-la” diýip gygyrýan. Meň sesime ak paraşýut üflenen tozga ýaly pytrap gitdi. Taganam ýom-ýok! Bir seretsem, paraşýutyň bölejikleri göm-gök tallaryň üstüne düşüpdir, bir enaýy, bir enaýy!.. Taganyň ýom-ýok bolany ünsümden sypandyr-da, aglama derek hezil edip gülýän, oýanamsoňam aglamok, asyl aglamalydyr öýtmesem näme?! Tagan neresse ölenini duýduran ekeni, şo mahal oýuma-da getirmändirin. Düýşümdäki göm-gök tallar şu tallar bolmaly, baharda bularam göm-gökdi. Bulaň saýasynda Taganam oturandyr. Mazarym galmasa-da, şol tallar mazarymyň başyna dikilen gadyr agajy bolsun diýendir. Paraşýutyň bölekleriniň tallaryň üstüne düşenem şondan. – Ýapragy seýreklän tal şahalarynyň arasyndan solaksy düşýän Aýyň ýagtysyna Altynyň duluklaryndan syrygýan ýaş damjalaryny saýgarsa bolýardy. – Menden razy bol, Tagan, jesediň bolmasa-da, indi, hol-ha, öwlüýäde ornuň, mazaryň bar. Ikimiziň ykbalymyzy bäş gün kapasa gabalan jandara-da meňzetse boljak. Birek-biregi tanamaga-da ýetişmedik. Şuny men ýöne ýere aýdamok – Altyn Ýagmyryň egnine elini atdy. – Paraşýutdan sallanyp gelýän adam Tagan diýdim, şoň Tagandygyna-da ynanýan, ýüregim syzyp dur, ýöne ertesi göz öňüne getirjek bolsam, bolanok. Ýekeje suraty galan bolsady, beýle bolmazdy. Prontdan suratynam ibermedi, baran dessine öldüräýdiler öýdýän. Bi bolýan geň zady diýsene, ýalan sözlämok, Taganyň ýüzi ind-ä göz öňüme geler diýýän welin, seň ýüzüň ara düşýär, sen Tagana meňzeşem-ä däl ýaly! – Altyn turmaga häzirlendi. – Eger şu gijeki bolan zady diliňden sypdyraýsaň!.. – Aýtman-how! – Boljak zady duýduraýyn: gabyrda bolsamam, ýetişerin! Düýşüňe girerin, gijeleri basyrganyp geçirersiň, däliräýmeseň sypmarsyň!.. Altyn sözüne kybapdaş erjellik bilen aýak üstüne galyp, çatma tarap ugrady. 9. Irdenki çigrek ýaňy dogan Günüň şöhlesindäki ýylynyň ýakymyny artdyrdy. Ýagmyr Altynyň ýüzüni lowurdaýan Güne deňedi. Ýaş gelniň süýji ýylgyrmasyndan soň düýnüň wakasyndan galan ýakymsyz duýgular, umytsyzlyk onuň öz gürrüňindäki ak paraşýut ýaly pytrap gitdi. Altyn ýuwnupdyr, gözüne, gaşyna, gara saçlaryna timar beripdir. Owadan öýmäni şäher gyzlarynyňky ýaly biraz beýgeldip daňynypdyr, ýüpek keteni köýneginiň ýakasyny baglamandyr. Bu köýnek has täze, öňkä görä dar ýaly. Altynyň bedenindäki gyjyndyryjy ýumrular has gözilginç. Göwüsleri ýa-ha ulalypdyr ýa-da köýnegiň gysýanlygyndan, öňki görýäninden tapawut edýär. – Dön aňryňa, utançsyz! – Altyn degişme äheňde güldi. Gülküniň sebäbine düşünmek Ýagmyra kyn düşmedi. Mekdepde bedenterbiýe sapagy üçin berlen çit matadan tikilen balagynyň öňi murtar galyp duran ekeni. – Turuzmaga-da gorkdum, öz-özüme: ”Düýşünde ýalaňaç heleý görüp ýatandan ägä bolaweri” diýdim. Ýagmyryň: “Altyn, düýşümde seni gördüm!” diýesi geldi, çekindi. Çatmada, biri-birine bakyşyp, ertir çaýyny içdiler. Altyn: – Ediljek häzir, kimiň pikirini edýänimi oslaýanam dälsiň – diýdi. – Ýok. – Aýnaň pikirini edip otyryn-da, seň doganyň! Hä, geň galdyňmy? Geň galan bolma, özüňem bilýänsiň. Aýal doganyň bedenterbiýe mugallymy Gylyjy ölemen söýüp ýör. – Ýalandyr-laý! – Ýalan bolaýşyny!.. Ajap bilen görüşseler gürrüňleri şol, gulagym bilen eşidenimi aýdýan: “Ejem-kakam razy bolmasa, gaçyp gidäýjek” diýýä. Gylyç mugallym bilen uýaň duşuşýan ýerinem aýdaýynmy? Altyn öjükdiriji äheňde güldi. – Gaharymy getirjek bolup tapýan zadyň-laý. – Wah-wah, gaharyňdan daglar gümmürdär, ýer oýulyp, asman çöker. Namys edip, iki aşygy gylyçdan geçiräýmäweri! – Başga gürrüň etsene, Altyn. – Başgasy maňa gyzykly däl-dä. Men seň uýaň gürrüňini etjek. Gözüm gidäýdi-dä, bahyllyk edýäň diýilse-de, ýok diýjek däl. Gylyç mugallymyň boýnundan asyl-asyl bolup, ol bir öpse, seň uýaň üç öpýä, şolara bir seret, söýüşesiň geliberer. Seretjek diýseň, äkidip görkezäýjek. – Gaharymy getirýäň-how, Altyn! – Seň gaharyňy başyma ýapaýynmy?! Oraz mugallym Gylyç mugallym bilen öňden dost ekeni, Aşgabatda bile okapdyrlar. Gylyç mugallymy bärik işe getirenem Oraz diýdiler, gelen badyna Orazlarda ýaşady. Aýnaň öýden ümsümje çykyp barýanyny görseň, yzyna düşübergin, beletje ýodasy bilen gider, barybam Oraz mugallymyň ussahanasyna sümler. Keseden seredeniň gözüni baglamaga ýeser bahanasy bar, şaý buýurmaga bardym diýäýmeli. Ussahanada uýaňa Gylyç mugallym garaşypjyk otyr. Baý-baý, aşyk-magşugyň gözi kör, gulagy ker bolýan ekeni, äpişgeden seret-de dur, eger-eger duýmazlar. Pynhanja ýerde mynçgalanan uýaňa bir syn kylgyn, ýaňagynda, dodagynda gyzgyn posalaryň yzyny görersiň, ýüzünden howur göterilýändir. Altyn ýakymsyz şowhun bilen güldi, Ýagmyr gorkdy, bu gülki sag adamyň gülküsine meňzänok diýdi, tasdanam keýpden kesilipdi. Altyn: – Oglan, Tagan prontdan geläýen bolsa, maňa aşyk bolmaga gorkarmydyň? – diýdi, garaşylmadyk sowala Ýagmyryň aljyranyny gördi. – Men saňa aşyk däl diýjek bolýaňmy? Seň aşyklygyň uýaňkydan pes däl, görelde bolaýjak aýgyr eşegem tapypsyňyz. – Sen gorkmasaň, men gorkman. – Seretsene, bujagaz batyra! Uýas-a Esen çopandan gorkanok, bi-de Tagandan gorkjak däl ekeni. Beýle bir garadangaýtmaz tohum bolaýşyny diý!.. Wiý, siziň tiräňiziň möjeklerdigi ýadyma-da düşenok! Altyn janagyrly güldi, ýöne bu gülki onuň meňzine çaýylan üýtgeşik görki kemmedi. Gaýta gelniň gözleriniň ýagtysy hasam ýiteldi, dodaklary süýjäp, tagamyny güjeňledi. Ýagmyr ondan gözüni aýryp bilmän, aňk bolup otyr. Altynyň däli bolasy gelýär, goý, bolsun! Uýasynyň gepini edip, Ýagmyryň janyny ýakyp, tomaşa küýseýär, goý, diýsin, göwün-solpudan çyksyn! Ýagmyry ýanyndan kowmasa bolýar. Altyn dowam etdi: – “Ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyny eýgermez” diýen söz bar, eşidipmidiň? – Eşidemok. – Onda, eşidip goý. Şeý diýjekler üçin men-ä guýruk bulaýan owadanja ganjyk, senem jahyl çykan köpek. Belaň körügi men, oglany azdyrypdyr diýerler. Meni uýaň ýaly batyrdyr öýdäýmegin, hudaý saklasyn meň gorkaklygymy... Has beterem, ýekelikden gorkýan. Tagan pronta gidende ýekeligiň hunabasyny göz öňüne-de getirip bilmän ekenim. Gaýyn enem öldi welin, ýalňyzlyk abyrsyz dert bolup başymdan indi. Şonda-da baldyzym ýanymda-la diýip, göwnüme teselli berjek bolýadym. O saçy kesilenem sähel salymda ýaby ýaly ulaldy gitdi. Çeperiň gelnalyjysy gelende meň dalaş edişimden habarlysyň. Sen obadadyň, bilmel-ä. Gelnalyjyň heleýlerini pylçap-pylçap, ýere urdum. Bir heleý: “Waý-eý, bi Harmandälini nirden tapdyňyz?” diýip bagyrdy. Gelnalyjynyň garasy ýitdi, boşap galan öýe dolandym, tas ýüregim agzymdan çykypdy. Ýer bagyrtlap ýatdym, agladym, eňredim. Bi gelin-ä baldyzynyň gidenini ýokuş görd-ow diýendirler, olara-da ”hä” diýse bor. Çeper bilen sene-menämiz bolsa-da, gapdalymda höwürdi. Ýöne o gezekki ýer urup uwlanym, maňlaýymyň garalygyndan naladym. “Hudaý jan, näm üçin Çeper bagtly bolmaly-da, meni garamaňlaý etdiň!” diýýän. Çeper baran ýigidi bilen öň telim öwre duşuşan ekeni, gurnap ýörenem seň uýaň bolup çykdy, maňa duýdurman etdiler. Çeper-ä bi gije äri bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatar, menem haňlap galan öýde ýalňyz ýatmalymy diýip eňreýän. “Gelnalyjynyň maşyny ýolda agdarylypdyr, Çeper ölüpdir, ýa maýyp bolupdyr” diýilse, beýle ýer urup eňrejek däl-dä. Çeperiňem maňlaýy gara ekeni diýjek, özüme dertdeş tapynan ýaly bolaýjak-da! Begenjekdim diýsem-ä, ynanmarsyň, ýöne sen begenerdiň diýene-de ”lal bol” diýip bilmezdim. Altynyň gözüniň owasyna ýaş doldy. Meňzini eýelän gussa tutuş keşbine näziklik çaýdy. Ýagmyr ýylanyň jadysyna baglanan aw ýaly ondan gözüni aýryp bilmän otyr. – Men erbet heleýdirin, Ýagmyr jan. – Sen gowy-la, Altyn... seň ýaly owadan gelni obada-da, şäherde-de göremok! Altyn göwresini silkip güldi, ähli gussasy ýom-ýok boldy. – Meň owadanlygymy sen indi görersiň – diýdi. – Entek, bar, byrgadyr dostuň berjek ýumşuny bitirip gel, öýňüze sowul, ejeň naharyny iý, ikindiden bäri dolanma. | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |