12:25 Osmanlylarda polisiýa / 1299-1453-nji ýyllarda | |
OSMANLY TÜRKMEN DÖWLETINDE POLISIÝA
Taryhy makalalar
■ 1299-1453-nji ýyllarda Mälim bolşy ýaly, türkmenleriñ Orta Aziýadan Kiçi Aziýa tarap süýşüp gaýdan bölegi häzirki Türkiýäniñ çäklerinde ornaşypdyr. Hut şol türkmenler hem Sögüt we Domaniç sebitlerinde täze türkmen begligini gurup, gelejekde şany dünýä ýañ salan Beýik Osmanly türkmen döwletiniñ binýadyny tutupdyr. Ilkibaşda agalyk sürýän ýerleri has çäkli bolan Osmanly begliginiñ dolandyryş apparaty-da çäkli bolupdyr. Döwlete ýolbaşçylyk edýän begiñ harby ygtyýarlyklar bilen birlikde raýat ygtyýarlyklary-da bolupdyr. Onuñ bellän serkerdelerdir kazylary ýurduñ dolandyryş ulgamyny emele getiripdir. Osman Gazy Türkmen Karahisary eýelän wagtynda, şol ýeri dolandyrmagy ogly Orhan Gaza ynanypdyr. Orhan Gazynyñ ýakyn egindeşi Gündiz Alpy bolsa subaşy wezipesine belläpdir. Gündiz Alpyñ ýerine ýetiren wezipesine şu günki günüñ gözi bilen baha berilende, Osmanly türkmen döwletiniñ ilkinji polisiýa işgäriniñ wezipesi diýmek bolar. Subaşylar parahatçylyk döwründe mobilizasiýa işlerini durmuşa geçirmek bien birlikde, berkidilen çäginiñ tertip-düzgünine we asudalygyna jogap beripdir. Uruş döwründe bolsa öz mobilizlän güýçlerine serkerdelik edipdir. Osmanlylardan öñki türkmenlerde bolşy ýaly, osmanlylarda hem polisiýa edarasy harby gullukçylaryñ içinde ýer alypdyr. Harby emirler şol bir wagtyñ özünde polisiýa gullukçysy hökmünde orta çykypdyr. Döwletiñ we goşunyñ şahsy düzümi wagtyñ geçmegi bilen ulalyp, absolýut ygtyýarlygy emele getiripdir. Patyşalarda iñ ýokary adalat, harby we raýat ygtyýarlyklary jemlenipdir. Ýurduñ patyşasy ähli dolandyryş we harby ugurlary bilen birlikde ýurtda jemgyýetçilik tertip-düzgüni we asudalugy üpjün etme işlerini döwlet apparatynyñ hem-de wezir-wekilleriñ üsti bilen amala aşyrypdyr. Şonuñ üçin baş wezirler polisiýa gullugynyñ işini alyp barmakda ýörite işgärleri (tebdil çuhadarlary) ulanypdyr. Baş wezirleriñ ýanynda işlän subaşylar "ýasakçy" ady bilen harby gullukçylar bilen bile ilatly punktlaryñ asudalygyna gözegçilik edipdirler. XIV asyryñ ortalarynda eýýäm ýasakçylardan başga gijeki nobatçylyga çykýan asesbaşylar bolupdyr. Osmanly türkmen patyşasy Fatih Soltan Mämmediñ 1453-nji ýylda Stambuly eýelän wagtyna çenli osmanly döwlet apparatynda iñ ýokary ygtyýarly serkerde ýa-da harby serkerde wezipesine deñ görlen subaşylaryñ golastyndaky harby birlikler daşarky howpsuzlygy üpjün etmek bilen bir wagtyñ özünde içerki howpsuzlygyñ hem üpjün edilmegine jogapkärçilik çekipdir. Stambulyñ eýelenmeginden soñ ýanyçarlar gullugy öz işini barha kämilleşdiripdir we harby serkerdelige başga atlar berilipdir. Subaşylyk kem-kemden diñe obadyr şäherleriñ tertip-düzgünine we asudalygyna, hatda şäheriñ abadanlaşdyryş işlerine jogap berýän özbaşdak wezipe görnüşine gelipdir. Şol döwürde paýtagtdan başga ýerdäki etraplary dolandyran beglerbegi we sanjaklary (welaýatlary) dolandyran sanjak begi tabynlygyndaky harby gullukçylar bilen birlikde gulluk edýän ýeriniñ jemgyýetçilik tertip-düzgünine we asudalygyna jogap beripdir. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |