PENAKÄR
…Äpet ýük ulagy, mawut çadyr bilen örtülen up-uzyn tirkegini sandyradyp, endigan işläp durdy. Sag eli bilen ulagyň destini gysymlaýan çalsaç sürüji:
- Hemme zady saldyňmy?!-diýip, gabarylyp duran sebedi özüne uzadýan aýalyndan sorady-da, beýikden aşak eglip ony aldy.
- Hawa, çaý, gowurdak, çörek, süýji-köke, atym çaý, kofe, şeker, çemçe, pyçak, bulgur, käse… hemmesini saldym!-diýip aýaly sanaşdyrdy.
- Bolýa onna, sag oturyň! Men-ä ugradym!-diýdi-de, sebedi ulagyň içinde jaýlaşdyran sürüji, gapyny ýapmak üçin elini uzatdy:- Giç agşama çenli Türkmenbaşa barsam, ýük bolmasa erte irden kera-mara yzyma gaýdaryn. Öýläne çenlem nesip etse, gelerin.
- Bolýa, sag-aman baryp gel! Ýolda seresap bolaweri...-diýen aýaly, birhili, ýene-de bir zatlar geplejek bolup, gepläp bilmeýäne çalymdaş, dodagyny çeýnäp, sakyndy.
Hatynyň haly höwrüniň gözünden sypmady. Ol gapyny ýapman saklandy-da, agyr nazaryny oňa gönükdirdi:
- Näme?!
- Hiç-le, ýöne...
Erkegiň ýeňsedamarynyň gatap başlandygy äheňinden bildirdi:
- Aýt-how bahymrak! Näme, ýene-de ejemi ýatlatjak bolýaňmy? Hä?!
Zenan ilki sesini çykarman baş atdy. Soňam näme edýändigini özem aňşyrman endikli hereket bilen çalaran saçyny ýapýan köne gyňajyny düzetdi-de, pessaý hümürdedi:
- Gaty ýaramaýar ahyry! Özüň gördüň-ä! Biz, jigileň gije-gündiz ýanynda-la welin, birden-birden senem gaýtalap-gaýtalap soraberýär-dä, görgüli! Şoň üçrib, biraz nepesi durlanýança uzak ýoldan oňup, şu töweregräkde bolaýsaň gowy bolmazm...
Sürüji aýalyny sözüni soňlamaga goýmady. Al-petinden aldy:
- Goýsan-aý! Düýnden bäri ýetmiş ýedi gezek düşündirdim saňa! Onna-da şol tükezzibanyňa tutup tüketmän geçäýdiň! Men ýoldan galsam, nä ikinjiňi sen öýerjekmi? Ýa-da ertir puluňyz gutarsa, daşyň gatysyny iýjekmi? Hä?! Ýa-da nowbaharyňy öýereniňden galan bergiňi Puşkin gelip üzüşer öýdýäňmi? Hä?! Ýa nä, elli ýaşap gelýän halyma, şü ýaşyma çenli roluň başynda gijämi gündiz edip selpäp, ýabany ýatyp, gaty-guty iýip oňňut edip ýörmek, janyma noş bolýandyr öýdüp ýatyrsyňmy?! Ejem bolsa eýýäm ýigrimi ýyl bärem şol ýaraman ýörşi. Gelerin-dä ertir...-diýip gaharly jabjyndy-da, gapyny jarkyldadyp ýapdy.
- Aýryly-eý aňry! Depeleýän bolmasa! “Ýoluň ak bolsun, aman gidip esen gel” diýenden geçen, gaýta bu heleý, alys ýola barýan çagtyňam ýüregiňi bulap goýberýär-ä!...-diýip hüňürdeý-hüňürdeý ulagyna bat berdi-de, ugrady…
…Onuň gazaby uzak dowam etdi. Takmynan bir sagatdanam gowrak.
Ýöne, ýol ýaly köňlüňi köşeşdirýän zat barmy?
Olam “hürrüň-hürrüň” edip, ýoly külterläp barýan ulagynyň tekeriniň astyna zymdyrylyp girip barýan ýoly synlaý-synlaý, öz-özünden rahatlandy. Gidiberdi, berk gysymlaýan destini kätebir eýläk-beýläk çala towlan bolup…
…Giç agşam bolsa onuň gädiginde başlanan alys ýoly, deňiz duralgasyna ýakyndaky ýük ammarynyň öňünde tamamlandy.
Ulagyny togtatdy.
Düşdi.
Düşünişdi.
Düşürdiler.
Hakyny alyp, gidibermekçi bolanda, ammaryň eýesi oňa gyssagly ýük bardygyny aýtdy.
-“Ertir öýläne çenli Türkmenabada eltmeli” diýýäňmi?-diýdi-de sürüji, çal ýeňsesini gaşap oýurgandy. Böwrüne diň saldy.
Beh! Nätmekden Hudaý saklasyn welin, nätseň gowusy bolarka? Öz-ä bu mahal gaty ýadaw-a däl, sagadam on biriň ýary, Lebaba çenlem gyssaman, maýdalyňa sürüp gideniňde-de on bäş-ýigrimi sagatda barsaň boljak. Ýüküň howlukmaçlygy üçin emleniljegem içiňe depjek zad-a däl…Äý, bolýa-laý!...
Sähel salym içini hümledip durandan soň, ol aýgyt bilen elini silkdi-de:
- Ýüklesen-aý, inim!-diýdi.
Şol pursadam näme üçindir ejesi görgüliniň keşbi göz öňünde janlandy. Özem, şu mahalkysy ýaly, garryja, bir sykymjyk keşbi däl-de, özüni depesinde göterip, howlularyndaky bagdan erik ýoldurýan döwürlerindäkisi ýaly, ýaş, syrdam, kaddy-kamaty gelşikli, gözleri ýanyp duran döwri...
Sürüji kellesini silkeledi-de, tizräk ulagyna münmäge alňasady. Göýä, öz ýatlamalaryndan, ynsabyndan bahymrak daşlaşmaga gyssanýan ýaly...
Birsalymdan soň ýükläp boldular.
Ugrady.
Ýene-de ýol...
Ulagyň çyrasynyň ýüzünden tyrpýan ýagtysyna şar-gara bolup ýylpyldaýan, hakykatda çap-çal asfalt, ýene-de zymdyrylyp özüni tekerleriň astyna oklamaga howlugýar...
Çyralarynyň ýoluň ýüzünde raks oýnaýan yşygy gözüňi deşip gelýän ulaglaram, sagyndan-çepinden iki ýaňa zowlaşyp geçip gidýärler.
Dünýe tümlük...
Ony diňe ýoldan “hüňläp” barýan ulaglardan saçylýan yşyk bozýar.
Göwni-de tümlük...
Ony bolsa bozýan zat ýok…
Bozjak ýatlamalardanam ýaňy özi gaçdy…
Endigan ýol…
Garaňky dünýe…
Argyn aň…
Tümlükden doly köňül…
...Uklady…
…Ulagyň destini pugta gysymlaýan eli, assajadan gowşady-da, tekerler nobatdaky çarkandakda bökende, dest towlandy. Üsti ýükli äpet ulag garşylyklaýyn gatnawyň ugruna düşdi. Çat maňlaýyndanam edil şonuň ýaly mähnet ýük ulagy ýetip gelýär.
…Çyralar çaknyşdy…
…Aňyrdan gelýän ulagyň duýduryjysynyň “zoguldysy” özüni öldüräýjek bolup, dünýäni zenzeleden dolduryp, älemi lerzana getirýär…
…Sowara-sowlara sähelçe salym bar…
…Ol bolsa…
…Gaflatda…
…Ýatyr…
…Birdenem…
Ýigrimi bäş ýaşly ejesiniň jümle-jahanda iň mähriban, ýeriň ýüzünde iň owadan keşbi göz öňünde ýalpyldap janlandy. Käbesi şugla saçyp ýylgyrdy. Bada-badam dünýäsini gabsan gop-goýy zulmat tünlügi zym-zyýat boldy. Kalby, özüni dolduran röwşen enwerden ýaňa ýaz gününiň tämiz asmanyna döndi. Ejesi şol ýylgyryp durşuna aşak egildi-de, onuň çalaran başyny mähir bilen sypady. Süňňüňi gowşadyp, bogunlaryňy söküm-söküm sökýän yssy mylaýymlyk bilen gulagyna çawuş çakdy:
-Guzujygym! Erik iýjekmi?! Hany, aç gözüňi balam!
Sürüji ýalpa gözüni açdy. Dessine-de allajy ýaly üstüne sürnüp ýetip gelýän goşa yşyga gözi düşüp, allaniçigsi boldy. Onlarça ýylyň sürüjisiniň endikli elleri aňyndan çalt hereket edip ýetişdiler. Ulagyň destinden ýapyşyp, gapdallygyna bir burdy welin, diňe, gahar bilen “zoguldap-zoguldap” deňesinden okkesdirme geçen süýnmek uzyn gara sudury saýgaryp galdy.
Elleri sandyr-sandyr edýän sürüji, ulagyny gyra sowdy-da, saklandy. Öçürdi. Düşdi. Birsalym ulagynyň aýak goýulýanynda tüm-garaňky gijede sarymtyl bolup görünýän topraga tiňkesini dikip, ses-selemsiz oturdy. Soň ulagyň içinden sermeläp düpbesini tapdy. “Lokurdadyp” suw içdi. Agzyny süpürenem şoldy welin, kisesinden oslagsyz eşidilen ýakymsyz saza ziňkildäp gitdi.
-Häh, seniň bir, diýmäýin diýsem! Ýeri, şü mahal, ýarygijede men garamaňlaý kime gerek boldumkam?!-diýip, ol hüňürdäp, eltelefonyny aldy:
-Alýo?!
-Alýo, salawmaleýkim, agam!-diýip jaň edýän dil ýaranyndan, sürüji, inisini sesinden tanady. Bada-badam onuň ýüregi jigläp gitdi.
-Waleýkim, hä jigim, eýgilikmi?!-diýende, ol ýaňyja suw içendigine garamazdan äňine ýelmeşen diline zordan erk etdi.
-Agam...ejem-ä...-diýip, aňyrdan gepleýän gümmi-sümmi edip ugranyndanam, ol oňa soňuny aýtmaga mümkinçilik bermedi.
-Haçan?!-diýip gyryljak seslendi-de, ýuwdundy.
Aňyrdaky:
-Ýaňyja...-diýenindenem, ol nähilidir birhili çyňsaýana çalymdaş, naýynjar sojady-da, telefonyny elinden gaçyryp, aşaklygyna, gumaşak ýere çökdi. Telefondan eşidilýän: “Agam! Agam! Ýagdaýyň gowumy? Näme jogap bermeýärsiň?!...” diýip gygyrýan howsalaly sese üns bermänem, ýerde eplenip ýatyşyna gözlerinden boýur-boýur döküp, sessiz-sessiz aglap başlady…
Serdar ATAÝEW.
Hekaýalar