10:13 Poeziýa - öwrediji, söweşjeñ bolmalydyr | |
POEZIÝA - ÖWREDIJI, SÖWEŞJEÑ BOLMALYDYR
Edebi tankyt
Poeziýanyñ graždanlygy hakyndaky gürrüñ hut onuñ söweşjeñligi, ýaşaýşa ukyplylygy hakdaky gürrüñdir. Goşgynyñ graždanlygy, meniñ düşünşimçe, onuñ durmuşylygy, milli koloritliligi, onuñ özboluşly häsiýetliligi bolsa gerek. Mundan öñem poeziýa barada çekişmeler, poeziýa anketleri guralypdy. Aýry-aýry awtorlar tarapyndan uly göwrümli makalalaryñam telimsi ýazylypdy. Elbetde, olarda-da peýdaly pikirler, maslahatlar orta atylypdy. Kähalatlarda goşgulara analizem bolupdy. (Ýöne ujypsyzdy). Dogrymy aýtsam, meniñ özüm-ä şu çekişmäni şolaryñ biri bilen deñäp biljek däl. Çünki şunuñ ýaly düýpli, giñişleýin analizler, açykdan-açyk batyrgaý tankyt, ýürekdeşlik bilen aýdylýan pikirler ozalkylarda ýok diýerlikdi. Bolaýanda-da bir ýarym ýaş, başlangyç şahyryñ goşgulary bilen mydar edilýärdi. Şu çekişmä gatnaşýan awtorlaryñ makalalaryny okap, çekişmäniñ işiniñ çynlakaý guralandygyny gutlasym gelýär. Poeziýanyñ graždanlygy diýlip orta atylýan şu mesele, dogrudan hem, konkret gürrüñ etmäge gönükdirilen. Ýöne näme üçindir Allaberdi Haýydowyñ ýazyşy ýaly, gürrüñ öz çäginden çykdy. Munuñ şeýle bolmagynyñ hem öz sebäbi bar. Poeziýany poeziýa edýän esasy faktoryñ - onuñ graždanlygynyñ ençeme goşgularda kemterligi ýa-da ýoklugy dürli-dürli oý-pikirleriñ ýüze çykmagyna eltýär. Men poeziýanyñ graždanlugy hakda kesgitli teoretik pikiri orta atyp biljek däl. Ýöne ol ýokarda belleýşimiz ýaly, gürrüñsiz ýaşaýşa ukyply bolmalydyr. Biz iki sözümiziñ birinde "Goşgy bize okamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge ýardam edýär. Söweşmegi, ýeñmegi öwredýär" diýýäris. Şeýle sözleri biz nähili goşgular hakda aýdýarkak? Gürrüñsiz, graždanlyjk pafosyna, hyjuwa ýugrulan goşgular haksa aýdýarys. Şeýle goşgular bolsa biziñ poeziýamyzda sanardan köpräkdir. Olary otuzynjy ýyllaryñ gurluşykçy-agitator poeziýasyndanam, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyñ poeziýasyndan hem isledigiñçe tapmak bolýar. Aslyýetinde, harby ýyllaryñ poeziýasyna biz tutuşlygyna söweşjeñ poeziýa diýip at berýäris. Bu poeziýanyñ liriki gahrymany Aşgabatdan Berline çenli söweş ýoluny geçen türkmen esgeri bolupdyr. Ýöne A.Haýydowyñ belleýşi ýaly, gazaply-gohly, gan döküşikli-gahrymançylykly wakalaryñ sowulmagy bilen, oña gatnaşan adamlaryñ azalmagy bilen graždanlyk peselermikä? Elbetde, bu nädogry düşünjedir. Halkymyzyñ uruşdan soñky dikeldiş ýyllaryndaky taýsyz edermenlikleri, tarp we boz ýerleriñ özleşdirilmegi, dünýäde deñi-taýy bolmadyk Garagum kanalynyñ geçirilmegi, eýsem gahrymançylyk dälmidir? Iñ bärkisi tebigy heläkçilik zerarly weýran bolan Aşgabadymyzyñ şu günki gözel görnüşi hem ummasyz uly edermenlikleriñ netijesi ahyryn. Bularyñ ählisi hem uruşdan soñky edebi nesilleriñ gözüniñ öñünde, olaryñ ençemesiniñ şol işlere gatnaşmagyna emele geldi. Men şu pikir bilen baglanyşykly Berdinazar Hudaýnazarowyñ, Nury Baýramowyñ kanal, bol suw, Hanhowuz hakdaky eserlerini, şol eserleriñ graždanlyk derejesiniñ hiç bir döwürdäki eserlerden kem däldigini aýdasym gelýär. "Bäbekhanadan reportaž" (K.Gurbannepesow), "Aşgabatda haýat ýykylýar" (A.Atajanow), "Aşgabat" (A.Haýydow) ýaly goşgular, ençeme şowly aýdym tekstleri gün-günden gözelleşen Aşgabada bolan söýgüden, döwürdeşleriniñ gahrymançylykly işlerine buýsançdan dörän duýgulardyr. Käbir halatlarda "graždanlyk temasy" diýilýän ýörelgäni hem öñe sürýärler. Biziñ pikirimizçe, graždanlyk temasynda ýazylan goşgy ýok. Ýöne islendik temada ýazylan her bir goşguda graždanlyk bolmaly. Mysal üçin, ýaprak hakynda, çeşme-çaý hakynda ýazybam Watana bolan söýgiñi ýüze çykarsa bolar. Mahlasy, islendik temada graždanlyk bolmaly. Muny biz bir şahyryñ dürli ýyllarda, dürli temada ýazan goşgularyndanam görüp bileris. A.Atajanow: "Açylanda alça güli", "Ýazlynyñ köprüsi", "Korrektor", "Barmaklar", "Näbelli gahrymana", "Gözi ýolda galan söýgi", "Hökmürowan" we beýlekiler. Şu goşgularyñ haýsy temada ýazylanlygy, täsirlilik derejesi, näme üçin mysal alynandygy okyjylara düşnükli bolsa gerek. Goşgynyñ öwredijilik, durmuşylyk derejesi barada gürrüñ edilende halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyñ "Maşyn, maşyn, maşyn" diýen eserine ýüzlenesim gelýär. Adyndan başlap, iñ soñky setirine çenli hyjuwa, öwredijilik duýgusyna ýugrulan bu goşgy eýsem näme hakda gürrüñ berýär? Biziñ durmuşymyzyñ şu günki iñ derwaýys meseleleriniñ biri hakda. Ynsanyýetiñ ömründe gurply ýaşamak, bolçulyk barada arzuw etmedik, şol ugurda göreşmedik wagty ýok. Biz şol arzuw edilen gowy durmuşda ýaşaýarys. Bu şeksizdir. Ýöne bolçulyk bolany bilenem medeniýet, ahlak, estetiki çeşmelerden sowlup, ruhy gözelliklerden sowlup, işiñi-pişäñi: "Motor, çyra, şin, Tormoz, tigir, nomer, Maşyn, maşyn, maşyn" - edinäýmeli däl bolsa gerek. Goşgynyñ leýmotiwi okyja ündejek bolýan ideýasy, hut şu hakykat bolsa gerek. Jaý wagtynda ýazylan öwrediji goşgy. Goşgynyñ liriki gahrymany öz asylly ýörelgesi bilen onlarça maşynparazlary maşynly gürrüñden-ä däl, blki, maşyn edinmek üçin edýän harsydünýälikli hereketinden hem sowsa gerek. Ine, meniñ özüm-ä graždanlyga ýugrulan diýip, şeýle goşgulara aýdýaryn. Özem ýönekeý durmuşy temada ýazylan goşgy. Graždanlyk borjuny bolsa doly ödeýär. Ählisini derñäp-analizläp durmanyñda-da, graždanlyk ruhuna ýugrulan goşgularyn ençemesini ýüzugra agzap geçmegem peýdaly. D.Haldurdynyñ "Oba Oktýabr geldi", "Agyr günler unudylmaýar", B.Hudaýnazarowyñ "Guwançly goşgy" goşgular toplumyny, M.Seýidowyñ "Çopanyñ haty", "Gañrylyp seretsem", "Garañky gijeler", "Bu bahar mukamy", A.Haýydowyñ "Hazynalar çöli", "Öz zadymyz bilen edip kanagat", G.Şamyýewiñ "41 bilen 75-iñ arasy", G.Ezizowyñ "Asatur aga", I.Nuryýewiñ "Täji kertikler", A.Agabaýewiñ "Şükür bagşy", Ş.Çarygulyýewiñ "Ýene-de geýip çyk öz keteniñi", A.Atabaýewiñ "Keýik", "Dagly ýigidiñ aýdymy", "O daglaryñ...", "Ynanma" hem şahyrlarymyzda bar bolan şeýle hörpdäki başga goşgulary graždanlyk motiwi, ýaşaýşa ukyply goşgularyñ hatarynda goýýaryn. Has dogrusy, bulary "ýatda galýan" goşgular diýip atlandyrasym gelýär. Şonuñ özi hem olaryñ graždanlygyny subut edýän bolsa gerek. Soñky döwürlerde inersiýa bilen ýazylan goşgularyñ köpelili barada Saýlaw Myradowyñ aýdan pikirine doly goşulýaryn. Soñky döwürdäki köp goşgularda graždanlyk borjuñ, söweşjeñligiñ ownuk pelsepeçilligiñ içinde ýitip gidýän halatlary az bolmaýar. Käbir ýoldaşlar başarsa-başarmasa, pelsepeçi, öwüt-ündewçi boljak bolup, azara galýar. Düşnüksiz öwrümli sözler, setirler bilen akyl satjak bolup, okumyşlyk etjek bolup şireli, baý, şahyrana dilimiziñ lezzetini gaçyrýar. Aslyýetinde, sungat eseri näçe belent, näçe akylly bolsa, şonuñ ýaly-da sada, düşnükli bolmaly ahyryn. Şolam onuñ hakyky milliligini kesgitleýän alamatdyr. Emma soñky döwürde ýazylýan käbir goşgulary okanyñda başyñ aýlanyp gidýär. Netijede bolsa şeýle goşgulardan terbiýeçilikli pikire derek galp, nirä çekseñ çekilip durulan pikirler önýär. Hatda jemgyýetçilik gurluşuna, syýasy durmuşymyza gabat gelmeýän kesgitlemeleren gabat gelýär. Şunuñ bilen baglanyşykly Atamyrat Atabaýewiñ çekişmä ýazan makalasynda ýüze çykan bir tendensiýa göwnümden turmady. Zehinli şahyr deñ-duşlarynyñ, galamdaş ýoldaşlarynyñ özlerinden "öñki" nesliñ ýörelgelerinden ýöremän, täzeçe oýlanmaga, täzeçe pikirlenmäge, poeziýada öz sözlerini aýtmaga çalyşýandyklaryny buýsanç bilen belleýär. Ýöne "könesi bolmadygyñ, täzesi bolmaz" diýen halk pähiminden ugur alyp, olaryñ şowly çykan setirlerini gutlap, başga bir zady ýatlasymyz gelýär. Edebi jemgyýetçiligimizi düzýän adamlaryñ, aýratyn hem ýaş şahyrlar nesliniñ N.Pommanyñ "Watanym" goşgusyndan "Ilden illere" poemasyna çenli, G.Seýitliýewiñ Baku goşgularyndan "Adamnamasyna" çenli, D.Haldurdynyñ "Garry saýlawçysyndan" "Goja soldatyna" çenli, A.Kekilowyñ "Ýan ýansañ" goşgusyndan "Waspnama" kitabyna çenli, R.Seýidowyñ "Meni" goşgusyndan "Awçy, atma jereni" goşgusyna çenli okap, köp zat öwrenendiklerini minnetdarlyk bilen aýdasymyz gelýär. Orta nesliñ wekilleri bolan K.Gurbannepesowyñ, A.Atajanowyñ, B.Hudaýnazarowyñ, M.Seýidowyñ, A.Haýydowyñ, Ý.Pirgulyýewiñ, A.Kowusowyñ, A.Omarowanyñ goşgular kitaplarynyñ olardan soñky nesil üçin uly mekdep bolandygyny boýun almak gerek. Ýörelgeden ýöremek diýmek hökman goşgynyñ özenini düzmegi öwrenmek däl ahyryn. Öz dilinde düşnükli sözlem düzmek üçin sözleri ýerli-ýerinde goýmagy öwrenmegem uly zatdyr. Muny bolsa biz şolardan öwrendik. A.Atabaýewiñ "Özünden öñki nesil" diýýänem G.Ezizow, G.Şamyýew, A.Agabaýew, I.Nuryýew, H.Kulyýew dagylar dälmi näme? A.Atabaýewiñ gürrüñini edýän nesliniñ şolardan hem üýtgeşik näme döredendigine biz-ä haýran. Şol makalada "biz goşgynyñ her setirine agram bermäge çalyşýarys" diýilýär. Munuñ nä derejede dogrudygyn-a bilemzok. Ýöne şol goşgularyñ köpüsini okanyñda beýniñe agram berýändigi welin dogry. Biz Atamyrat Atabaýewiñ poeziýasyna, zehinine aýratyn sarpa goýýandygymyzy öñ hem aýdypdyk. Ýöne eý görülýän goşgularda gödeklige duşsañ, juda gynanýarsyñ. Şahyryñ "Aýralyk mukamy" goşgusynyñ ündeýän zady düşnükli. Gurluşam hiç neneñ däl. Emma: Başky söýgüsinden aýra düşene, Zalym mukam ýatladyp dur ýaryny - diýýär welin, bar keýpiñ uçýar. Halkymyzyñ ýyllarboýy gözüne, ýüregine deñäp gelen iñ eziz zadyna "zalym mukam", yzrakda "ýowuz mukam" diýýärde bar lezzetini gaçyrýar. Oña derek mukamyñ döremegine sebäp bolan döwre, hadysa zalym, ýowuz diýilse, dogry bolardy. Şu ýerde özboluşly ýol gözlemäge, üýtgeşik owaz bilen goşgy ýazmaga çalyşýan ýaşlaryñ käbiriniñ goşgusyna seredesim gelýär. Edebi ýygnaklarda, makalalarda ady ýygy-ýygydan agzalýan Atajan Annaberdiýew öndümli işleýär. Dogry, onuñ goşgularynyñ arasynda şowuna düşýänleri-de bar. Emma kähalatlarda A.Annaberdiýew uçursyz akyllysyrajak bolup, köpbilmişlik edip, şowsuzlyklara duçar bolýar. Goşgular toplumyna seredeliñ. Ine, onuñ "Tändi tomus..." goşgusy. Tomus geçip barýar, guwlar köllerden uçup barýarlar. Guşlar "sary sährany ýelpäp" (?) gidýärler, "Guşlara gol bulap tozgun erikler" (?) diýýärler: "Gök öwsemde ýene geliñ". Şu pikirlerden soñam awtor ýene ýaz alamatlaryna geçýär: Ýazda ýaýnap, ak gül açan almalar, Gyş düşjegni duýup (?) batypdyr gama. Eýýämhaçan kemsiz ýumşan zamçalar Diýýärler: "Meni şu bolşumdan gozgama". Ýene-de şahyryñ gamgynlyk bilen geçip barýan güýze, şonuñ üsti bilen hem durmuşa garaýşy beýan edilýär: Tutlar gasyn atdy äpet beýni deý (?) Gasyn atdygyça ömri gädiler. Çyp-ýalañaç galyşyna utanyp, Ýatyr äpet-äpet haýwankädiler. (?) Obalar güýz günem şowhun-şagalañ, Toý tutýarlar, gyz çykarlar, öýärler. Wah, maña bu güýze gaýdyp gelme ýok, - Pasyllar ömrüni gaýtalaýarlar. Ine, ýaş şahyryñ durmuşdan tapan lezzetli görnüşleri. Birinjiden-ä, goşgy logiki taýdan hiç bir jähetden baglanyşanok, yzygiderlilik ýok. Esasy zat bolsa, onuñ umytsyzlygy. Goşgynyñ liriki gahrymany ýok bolup barýan durmuşyñ hasraty bilen ýaşaýar. Durmuşdan ýekeje-de gyzykly zat tapanok. Hatda ol güýz gününde geçýän toýlara-da geñ galýar. Onuñ pikiriçe, güýz ömrüñ ahyry bolup görünýär. Şonuñ yzyndaky goşguda liriki gahryman ýene güýzüñ gelip başlanyny görüp, titräp ugraýar. Goşgynyñ başky setirlerinde güýz hakda umumy gürrüñ berilýär. Soñam liriki gahryman atasynam kömege çagyryp, "dana" pikirler aýdyp başlaýar: Piline söýenip, çal saçly atam Käte buýsanç bilen şeýle diýerdi: "Şumluk bolar çalyşmasa pasyllar, Gündizler gün ýaşyp (?), gije ötmese. Tebigat artykmaç berjek zadyny, Bize däl, goý, bersin ýeter-ýetmeze (?) Baharda derýalar joşup güwlesin, Ýagmaly wagtynda ýagsyn, goý, bu gar". ...Ýöne näme üçindir tukat (?) güýz güni Öz ömrüñ özüñe gysga duýulýar. Liriki gahryman atasynyñ käbir pikirine uýup, birneme ruhlanmajagm bolýar. Şeýle-de bolsa; ýene özüniñ gamgyn dünýäsini ol pikirleriñ hemmesinden üstün çykarýar. Aslyýetinde, ol pikirlerem ýerliksiz. Goşgynyñ soñky iki setirindäki "filosofiýa" ony hasam gysyp-gowrup barýar. Aslynda, atasynyñ aýdýan pikirlerinde ruhlanara onçakly zat ýok. Ine-de setirlerde aýdylýan aýry-aýry pikirleriñ ýagdaýy. Gündizler Gün ýaşmaýar (3-nji bentde), eger şeýle bolsa, uly betbagtçylygyñ alamaty. Tebigat artykmaç zadyny kime bermelikä? "Ýeter-ýetmez" diýlip, kimler göz öñüne tutulýarka? (3-nji bentde) Güýz günleri näme üçin tukatka? (4-nji bentde). Bu pikirler arkaly liriki gahryman özüniñ nadanlygyny gizlemek üçin, atasynam egoistlige, tekepbirlige alyp barmaýarmy näme? Awtor başga bir "Çigrek gaşyn çytdy" diýip başlanýan goşgusynda güýzüñ ahyrynda, gyşyñ başynda emele gelýän tebigaty şeýle bir wejera edip görkezýär, göýä tutuş ynsanyýet ýurtdan el ýuwup, gidip barýan ýaly. Dünýä ýalañaç eýesiz, gamgyn halda görünýär. Meselem: Tänen ýapraklaryñ sanyn ýitirip, Ala garga jak-jaklaýar aljyrap. Suwsuz ýapda tutulmadyk balyklar (?) Altyn bölegi deý ýatyr ýaldyrap. Görşümiz ýaly, şol bulam-bujar görnüşi synlap oñaýmasañ, goşgudan başga şahyrana netije, kämil duýgy görünmeýär. Ala gargalaryñ jak-jaklap aljyrap ýörmegi, tutulmadyk balyklaryñ suwsuz ýapda ýaldyrap ýatmagy ýaly düşünjeler bolsa, biziñçe eleşanlyk. A.Annaberdiýew şol ýerdäki üçünji bir köl hakdaky goşgusynda kölüñ başynyñ ýazyñ gelmegi bilen oýanyşyny, onuñ ýakalarynda täze durmuşyñ başlanyşyny, şagalañ-şowhuny suratlandyrjak bolup şeýle "şahyranalygy" öñe sürýär: Habary ýok bir gelniñ Çogup barýan nahardan, Şorumtyk gyz dodagnyñ Ysy gelýär bahardan. Köl joşsa-da baharda Tomus gowşadýar ýolun. Ýatladyp dur ol käbir Şahyrlartñ ykbalyn. "Şorumtyk gyz dodagnyñ" nähili ysy bolýarka? Kölleriñ suwy baharda köpelýär. Joşmagam mümkin. Ýöne köl joşgunly akmaýar. Onsoñ ol tomus nähili ýoluny gowşadýarka? Öz ýagdaýy şeýle bolansoñ, A.Annaberdiýewiñ şahyrlara dil ýetirmäge nähili hukugy barka? Aslyýetinde, A.Annaberdiýew şeýle goşgular bilen okyjylara näme öwretjek bolýarka? Görüp geçişimiz ýaly, bu ýaş awtoryñ goşgularynyñ ählisiniñ şol bir temalaryñ daşynda bir meñzeş üzlem-saplam pikirler bilen aýlanyp ýörmegi-de, birmeñzeş söz düzümleri, añlatmalar bilen bulaşyp ýörmegi-de heniz-henizler onuñ döredijilik ukybynyñ gowşakdygyny görkezýär. Meniñ pikirimçe, ýerliksiz öwgüler, artykmaç üns berilmegi ony men-menlige, ideýa taýdan gowşaklyga, abstraktlyga alyp barypdyr. Şunuñ ýaly ýasamalyk, galplyk birwagtlar juda ukyply, zehinli hasaplanýan dostumyz Tagan Söhbetowyñ "Gözler", "Dellekhanada" ýaly goşgularynda-da bar. Ine, onuñ "Gözler" diýen goşgusynda öñe sürülýän pikirler. Awtor goşgynyñ birinji bölüminde ynsanyýetiñ ähli formaly, dürli reñkli, dürli duýguly gözlerini synlap, şol gözlere şeýle ýüzlenýär: Goý, ýalpak, pökgüje, çukurja boluñ, Goý, sada, köpbilmiş, mekirje boluñ, Goý, gamgyn, şadyýan ýa tukat boluñ, Ýöne mydam ýanyp duran ot boluñ. Bir haýyşym bolsañyz hem her jüre Dünýäme perwaýsyz garamañ, gözler! Başga tagaşyksyzlygyny aýtmanyñda-da, dünýäniñ ykbalyny köpbilmiş, mekirje, ýene şonuñ ýaly gözlere ynanyp bolmajakdygyny aýtmalydyrys. Progressiw adamzat hemişe şol gözlerden howatyrlanyp, goranyp gelýär. Biziñ şahyrymyzyñ olara ynam bildirmegi bolsa gynandyrýar. Biziñ edebiýatymyz gamgynlygy-da, tukatlygy-da hiç wagt arzuw etmändi, etmezem. Gamgynlyk, tukatlyk bilen göreşe çagyrylmaýar. Umuman, köp halatda pikirler rifmanyñ gurbany bolup, şahyryñ niýetini başa bardyrmaýar. Şolam, isleseñ-islemeseñ, galplyga alyp barýar. T.Söhbetow "Dellekhanada" diýen goşgusynda bolsa toslama pikirler bilen okyjyny güýmejek bolýar. Ine, goşgynyñ mazmuny: Bir gelin çagasyny dellege getirýär. Dellekhanada nobata garaşyp oturan adamlaram gelne seredýärler, synlaýarlar. Liriki gahryman gelne seredýänleri ýazgarýar. "Sebäbi gelniñ adamsynyñ ölen bolmagy mümkin, ony keç ykbal şu ýere getiripdir, adamlar näme üçin onuñ ykbaly hakda pikirlenmän, gelne seredýärler" diýip jibrinýär: Ykbaly keç bolmasa, Bu ýere hiç geljek däl. Ýöne mundan bu ýana Gelmese-de boljak däl. Şu ýerde "dellekhana diñe adamsy ölen gelinler gelýärmikä?" diýen sorag ýüze çykýar-da, goşgynyñ tutuşlygyna galpdygyny subut edýär. Ýokarda agzalan goşgulara kybapdaş goşgular kimiñ kitabynda bolsa-da graždanlyk borç diýilýän mukaddesligi hiç wagt ödäp bilmejekdiklerini açyk aýtmak gerek. Ol goşgularyñ gahrymanlary (A.Annaberdiýewiñkiler) graždanlyk borjuny ödemeg-ä beýlede dursun, hatda öz ene dilinde sowatly gürlemegem öwrenmändirler ahyryn. Dilsiz agitatory bolsa hiç kim diñlemezem, ünsem bermez. Edebi tankytçylara, edebiýat alymlaryna çap bolan makalalarda ýerliksiz igenilýän ýaly. Birinjiden-ä, poeziýa baradaky makalalary şahyrlaryñ özlerem erbet ýazmaýarlar. Özüm-ä şahyryñ şahyr hakdaky makalasyny hiç alymyñkydan pesde goýmaýaryn. Şonuñ ýaly-da eý görüp okaýaryn. Şeýle gowy makalalar bizde sanardan köp. Onsoñam käbir alymlaryñ poeziýa hakdaky pikirlerini Nargylyç Hojageldiýewiñ makalasynda-da okadyk ahyryn. Ikinjiden bolsa, edebiýatçy alymlar tankydy makala ýazmaly bolsa, biziñ şahyrlarymyzyñ köpüsi alymlyk derejesini alypdyr. Şol sebäplem başga adamlara igenip durasy iş ýok bolsa gerek. Göwnüñe bolmasa, tankytçy ýoldaşlara ýerliksiz igenip ýörenden, "Şahyr şahyr hakda" diýen ýörelgä köpräk üns berilse, kem bolmajak ýaly. 1975 ý. Begmyrat USSAÝEW. ________________________________ * Makala 1975-nji ýylda "Edebiýat we sungat" gazetinde guralan poeziýa baradaky çekişmä bagyşlandy. # sowesjenpoeziya | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||