18:24 Reşit halypalar | |
REŞIT HALYPALAR
Taryhy makalalar
Reşit halypalar (jaýlary jennet bolsun!) ibn Ryzwan Alla elhem Ažmebin. Olar alty adamdyr. Olaryň halypalyk döwri Resul aleýhyssalam (Alladan oňa salam bolsun!) bolandan soňra otuz ýyla ýetdi. Hezreti pygambermiz pany dünýäden baky dünýä geçenden soňra medineli musulmanlar maslahat bilen Sagd ibn Ybady musulmanlaryň emiri bellediler. Abu Bekir bilen Omar (Alla olardan razy bolsun!) bu habary eşidip oňa garşy durdular.Soňra barysy ylalaşyp halypalygy Abu Bekire berdiler (Jaýy jennet bolsun.). Şamyň köp welaýatlary onuň zamanynda basylyp alyndy. 12 taýpa arap kowmundan oňa garşylyk etdiler. Halypalyk döwri 2 ýyl boldy. Ondan halypalygy Omara berdiler (Jaýy jennet bolsun.). Onuň adyl edermenligi jahana ýaýrapdyr. Muhammet alaýhyssalamyň dinini kuwwatlandyrdy.Yslam baýdagyny Rumda galdyryp, näçe galany, ýurdy eýeledi. Köp kişini gylyçdan geçirdi. Iň soňunda öz guly Halyt ony urup, şehit etdi. Ondan halypalygy Osmana berdiler (Jaýy jennet bolsun.). Çünki Resul alaýhyssalamyň atasy bilen Osmanyň enesi ikisi daýy-ýegendi. Resul alaýhyssalamyň iki gyzyny nikalap aldy. Ol sebäpden oňa “Zünnureýin” lakamyny berdiler. Halypalyk wagty 12 ýyl boldy. Onuň öldürlendigi öz döwründe belli boldy. Ol şehit bolan güni Aly ibn Talyby halypalyga bellediler. Musulmanlaryň köp bölegi birleşip, Osmanyň şehit bolanyny Alydan görüp, Äşe, Tälha, Zubeýre Basra şäherine gitdiler. Aly (Jaýy jennet bolsun.) olaryň yzyndan baryp, uly jeň edip, Äşäni (Jaýy jennet bolsun.) Medinä getirdi. Tälha we Zubeýre şol söweşlerde şehit boldular. Ondan Mugawyýe gaharlanyp, uly uruş edip, halky ikä böldüler. Ahyr soňy Aly Kufä gelip, onda halypa boldy. Howarjdan1 3 adam birleşip, Alyny, Amry ibn Asy we Mugawiýany öldürmegi niýet etdiler. Oraza aýynyň 7-si günüdi. Näletsiňen ibn Müljum ertir irden Alyny ýaralandyrdy. Mugawiýany hem ýaralandyrdy. Amr ibn As ol gün onda daşary çykmandy. Onuň doganoglanyny metjitde otyrka Amru ibn Asdyr diýip şehit etdiler. Alynyň halypalygynyň wagty 4 ýyl 9 aý. Hasan ibn Aly kakasynyň ýerine halypa boldy. Yraklylar Hasana tabyn boldular. Mugawyýe onuň bilen söweşdi. Yraklylar Mugawyýeden gorkup onuň bilen parahatçylyk etdiler. Soň Mugawyýe wepat boldy. Yraklylar Hüseýini Kufede halypa bellejek boldular. Mugawiýäniň iki dogan oglany Abdylla ibn Zeýýada (nälet bolsun!) şol wagt Kufe şäheriniň emiridi. Abdylla ibn Zeýýada Hüseýin bilen söweşip, ony şehit etdi. Bu alty adam (Abubekr, Omar, Osman, Aly, Hasan, Hüseýn) Reşidiň halypalaryndandyr. Bulardan soňra halypalyk beni Ümeýýä geçdi. Olar ikinjidir. Olaryň döwri 95 ýyl boldy. Sany 12-dir. Atlary: Mugawyýe ibn Sufýan, Ýezit ibn Mugawyýe, Merwan ibn Hekim, Abdylmälik ibn Merwan, Welid ibn Abdylmälik, Süleýman, Abdylmälik, Omar ibn Abdyleziz, Ýezit ibn Abdylmälik, Hişşam ibn Abdylmälik,Ybraýym ibn Welid Merwan ibn Muhammet we Muhammet ibn Merwan. Mugawiýe ibn Abu Sufýan arap ulularyndandy. Emma Omar zamanynda Şam welaýatynda emirdi. Emma edýän işi durnukly däldi. Soň az salymdan wepat boldy. Soň hezret Aly kuwwatlandy. Zaman möhleti 20 ýyl boldy. Ýezit ibn Mugawiýäniň ýerine boldy. 4 ýyl höküm etdi. Onuň zamanynda Abdylla ibn Zubeýr ýüze çykdy. Ýezidiň işi onuň bilen söweşmekdi. Tä Abdylmälik ibn Merwan zamanyna gelinçä Yrak onuň elindedi. Ondan Merwany Hajjaja iberip, Hajjaj ony heläk etdi. Ogly Hald ýaşajyk çagady. 9 aýdan soňra Merwan ibn Hekm Ýezidiň aýalyny aldy. Aýaly oňa zäher berdi, heläk boldy. Şamlylar Abdylmälik ibn Merwany halypa bellediler. Hajjaj onuň bilen söweşip, ony öldürdi. Ýerine ogly Welid ibn Abdylmälik bellenip, 9 ýyl birnäçe aý höküm etdi. Mawerennahyryň köp ýerleri onuň döwründe eýelendi. Ondan soňra ogly Süleýman ibn Abdylmälik emir boldy. Onuň lakamy Muftahdy. Welid örän zalymdy. Onuň zamanynda açlyk peýda boldy. Soň soltanlyk Süleýmana geçdi. Ol adyllyk etdi. Allatagala ýagmyr berip, nygmatlar bilen älemi doldurdy. Süleýman 2 ýyl 8 aý höküm sürdi. Soňra Omar ibn Abdyleziz peýda boldy. Alymlary gowy ýaşadýardy. Takwa we dindar adamlar köpdi. Käbirler Omar ibn Abdylezizi ýigrenýärdi. Ol Alynyň dostudy, enesi Omar neslindendi. 4 ýarym ýyl ýurda weli bolup, ýok boldy. Soňra Huşam ibn Abdylmälik emir boldy. Akylly we düşünjeli adamdy, at-abraýlydy. Onuň zamanynda ýurtda parahatlyk boldy. Ol 19 ýyl 7 aý höküm edip, wepat boldy. Soňra Welid ibn Abdylmälik ýurda weli boldy. 1 ýyl 3 aý höküm etdi. Ondan Muhammet ibn Haled emir boldy. Halk ony emirlikden boşadyp, Ýezidi emir bellediler. Ýezidiň zamanyndan soňra Firuz ibn Ýezdiged 6 aý höküm edip, wepat boldy. Ybraýym ibn Welid doganynyň ýerine mirasdüşer boldy. 3 ýyl 10 gün patyşalyk edip, wepat boldy. Merwan ibn Hasan Muhammet ibn Merwan, Welid ibn Abdylmälik zamanynda Hamas welaýatynda begdi. 5 ýyl 2 aý hökmirowanlyk etdi. Soňra pitneçileriň elinde şehit boldy. Mundan soňra beni Ümeýýa neslinden döwlet gutarnykly dagady. Halypalyk Apbaslylar nesliniň eline düşdi. Olar üçünjidir. Sany 33 adamdyr. Ol 33 adamyň ählisiniň döwleti 520 ýyl boldy. Atlary aşakdakylardan ybarat: Abul Apbas Abdylla ibn Sefah Elmansur, Abu Jafar ibn Abdylla ibn Elmehdi, Muhammet ibn Abdylla Elhady, Musa ibn Muhammet Elreşit, Harun ibn Muhammet Alemin, Muhammet ibn Harun Elreşid, Elmamun Abdylla ibn Harun, Elmugtasymbilla Muhammet ibn Harun Elwasykbilla, Harun ibn Mugtasem el mutuwatgell Alyalla, Jafar ibn Mugtsem Elmuntaserbilla, Muhammet ibn Elmutawekgel Elmustagynbilla, Muhammet ibn Mugtasem Elmugazzbilla, Abuabdylla Muhammet ibn Mutawekgelelmuhtedibilla, Muhammet ibn Harun Elmugtamidalalla, Ahmet ibn Mutawetgelelmugtazidbialla, Ahmet ibn Tälhe ibn Mutawetgelelketfibilla, Aly ibn Mugtazydelrajybilla, Ahmet ibn Muhammet Elmugtazybilla, Ybraýym ibn Ahmet Elmustakfabilla, Abdylla ibn Ahmet Elmutigbilla Elfazl ibn Elmektader Eltawygbilla, Abdylkerim ibn Elmutygelkadarbilla, Ahmet ibn Yshak Elkaimbilla, Abu Jafar Abdylla ibn Elkadyr, Elmuktadybilla, Abulkasym Muhammet ibn Elkaim Elmustezherbilla, Abul Apbas Ahmet ibn Mugtady Elmusterşedbilla, Abu Mansur Elfazl ibn Mustezherelraşitbilla, Abu Jafar Mansur ibn Elmürşitelmuktezil Emrulla, Abuabdyllaelmustazher Abulmestenjedbilla, Abulmuzaffar Ýusup ibn Muktazyelmustagny Benuralla, Alhasan ibn Elmestenjed Elnasreddinalla, Abu elApbase Ahmet ibn Elmustazyelzaherbilla, Abunasyr Muhammet ibn Nasyr Elmustansarbilla Abujapar Mansur ibn Tahyralmugtasimbillä, Abu Ahmet Abdylla ibn Elmüstansara geldik. Indi Abul Apbas Abdylla ibn Seffaha onuň halypa bolmagyna şeýle waka sebäp boldy: Ümeýýa döwri tamam bolandan soň Yrak ýaşulylary birleşip, Abul Abbasy halypa etdiler. Merwaniler oňa garşy durup, boýun bolmady. Merwany patyşa bellediler. Halk ony ýigrenýärdi. Abu Muslim Rustak şol wagt Merwdedi. Merwanyň erbetliginden Abu Muslim Rustak Hijazda ýaşaýan Ybraýymy çagyrdy. Ybraýym 12 adam bilen Kufe tarapa ýöredi. Merwan olaryň ahwalyndan ägä bolup, olaryň geçjek ýoluna öz adamlaryndan goýdy. Olara aýtdy: „Tutup, meniň ýanyma getiriň” diýdi. Merwan olaryň öldürülmegine kast eden wagty Abul Apbas Hak hikmeti bilen, Kufe halkynyň ýardamy bilen Juma güni dört tirkeşikleriniň II aýynyň 12-nji güni hijriniň 132-sinde Kufa emir bellendi. Juma namazyny okanlaryndan soňra onuň halypalygyny bütin leşger we Kufe halky kabul etdiler. Yzynda durup namaz okadylar. Soň Abul Apbas esger jem edip, dogany Mänsura goşup, Kenana söweşine iberdi. Kenan Yrak emiridi we Allatagala ynanmaýardy. Kenany aldy. Soňra dogany Abdyllany esger bilen Şam tarapa söweşe iberdi. Mansur bilen Abdylla ikisi-de ýeňiş gazanyp yzyna geldiler. Şeýlelikde, Abul Apbas Yrakda halypa bellenilip, 4 ýyl 8 aý halypalyk etdi. Mansur Abujapar Abdylla ibn Muhammet bilen ömrüniň ahyrynda Abul Apbas haja bardy. Emma gaýdyp gelende Mansury özüne mirasdüşer belläpdi. Ýöne Mansury mirasdüşer bellese-de halypalyk Isa ibn Musa degişlidi. Ogly öldi atasy Isany halypalykdan boşadyp, mirasdüşerligi oňa tabşyrdy. Onuň zamanynda Abu Muslim emirlige dawa etdi. Mäti onuň dawasyndan gorkup, ony heläk etdi. Soň Muhammet ibn Ybraýym ibn Abdylla ibn Hüseýin ibn Aly ibn Abu Talyp (jaýlary jennet bolsun!) äşgär boldy. Onuň garşysyna Bagdada leşger iberip, ony öldürdiler. Bu waka hijriniň 145-nji ýylynda boldy. Mäti 22 ýyl halypalyk etdi. Onuň arasynda äşgär bolan beýik ymamlar Abu Hanyfa Kufaly, Mälik Medeni, Sufýan Nury (Alla olara rähmet etsin.). Mäti Muhammet ibn Abdylla Mansur bilen Hijaza gitmekçi boldy. Käbä iki menzil galanda Mansur wepat boldy. Mekgeliler Mätini halypalyga belledi. Ol zaman içinde Horasandan bir adam äşgär boldy. Patyşalyga dawa etdi. Horasandan çykyp, Zabulystana barmagy niýet etdi. Mäti ibn Muhammet onuň yzyndan esger iberip, heläk etdirdi. Onuň halypalyk döwri 10 ýyl birnäçe gün boldy. Hady Musa ibn Muhammet atasynyň wepat bolandygyny eşidip, öz ýaranlary bilen Jürjandan Bagdada geldi. Halk oňa tabyn boldy. 7 ýyl halypalyk etdi. Rowaýat edýärler: Hady wepat etdigi gije Harun Reşidi halypalyga saýladylar. Şol gije Harun Reşidiň dogany Mamun dünýä indi. Ol gujäniň adyna “Haşam gijesi” diýip at berdiler. Haruna tabyn bolanlaryň içinde Ýahýa ibn Halit ibn Bermekde bardy. Ol Samanly şalarynyň neslindendi.Ol sebäpden wezirligi oňa tabşyrdy. Birnäçe wagt ondan soňra Jafar ibn Kehýaýy öldürdi, atasyny tussag etdi. Harunyň halypalygynyň ilkinji günlerinde Hijazyň ýaşulylary alymlary bilen birleşip Bagdada geldiler. Olaryň arasynda Abu Abdylla ibn Muhammet, Idris el Şapygy bardy. Ol eýýamda Abu Ýusup kazydy. Muhammet ibn Hasan hazynanyň başlygydy. Ymam Şapygy olar bilen näçe gezek Harunyň huzurynda jedel edip, üstün çykyp gelipdi. Ondan soňra Şapygy hezretini halypa hoş görüp, oňa köp sylag-serpaý berdi. Bagdad içinde birnäçe wagt ýaşady we okatdy. Ahmet Hanbaly onuň şägirdidi. Soň Şapygy Müsüre baryp, ol ýerde wepat boldy. Harunyň wagty 23 ýyl boldy. Alemin Muhammet ibn Harun Reşit oňa mirasdüşer bolup, Mamuny Horasan tagtyna iberdi. Soň Emin halypa boldy. Aly ibn Isa esger goşup, Mamunyň garşysyna söweşe iberdi. Netijede, Eminiň leşgeri gaçdy. Gaçanlaryň yzyndan Bagdada geldi. Emin öldürildi. Onuň halypalyk zamany 4 ýyl 7 aý boldy. Soň Mamun halypa boldy. Ol ylymda-bilimde Apbasly nesliniň iň gowusydy. Şerigat hökümleri barada köp kitaplary arap dilinde ýazyldy. Pyssy-pujurlygy söýmedi. Ol sebäpden mirasdüşerligi Aly Musa Reza berdi. Şonuň üçin Apbas nesli ony ýigrenip, Ybraýym ibn Mätini halypa bellediler. Soňra Hasan ibn Sehli iberip, Mamun Ybraýymy ýesir getirtdi. Mundan ilki Aly Musa Reza wepat boldy. Mamunyň halypalyk döwri 20 ýyl 5 aý boldy. Elmugtasymbilla Muhammet ibn Haruna sekizinji halypa diýerlerdi. Sebäbi ol sekizinji asyrda sekiz ýyl sekiz aý halypa boldy. Onuň üçin oňa sekizinji halypa diýerlerdi. Onuň halypalyk zamanynda Ahmet ibn Dawut kazydy. Ysmaýyl Fereňi we Rebigul Myrady dagy şu döwriň şerigat ylymlarynyň halypalarydy. Ahmet Hanbal ol zamanda diridi. Emma Mugtasymyň meýili Mugtasymy halypa bellemekdi. Şol sebäpden alymlara üns bermeýärdi. El Wasykbilla - Harunelmugtasymyň ýerine halypa boldy. 5 ýyl 9 aý halypalykda oturdy. Soň wepat boldy. Elmutagetwelalalla Jafar ibn Elmugtasem sünni mezhebindendi. Alymlary gowy görýrdi. Ahmet Hanbal onuň zamanynda ulamalaryň başlygydy. Onuň zamanynda Tabarystandan Zeýd ibn Hasan, Zeýd Hasan Alawyny çykardy. Deýlemi esgerleri oňa tabyn boldy. Onuň halypalyk döwri 4 ýyl boldy. Ondan soňra esger Mugazbillani halypa belledi. Elmugazbilla 2 ýyl halypalyk edenden soňra türk taýpalary baş galdyryp, Mugazbillany tutup, tussag etdiler. Tussag wagty heläk bolynça nahardan kesdiler. Elmähtedibilla Muhammet ibn Elwasyk halypa boldy. Ol örän dindar adamdy. Kä wagtlar gijesi bilen namaz okaýardy. Köne eşik geýip, klimiň üstünde oturardy. Onuň eýýamynda dine garşy zatlar gadagan edildi. Halypalyk döwri 1 ýyl bolup, Haka gowuşdy. Elmugtamyd Alalla Ahmet ibn Elmutuwekgel halypa boldy. Dogany Talhany Hijaz, Ýemen taraplary özüne tabyn etmek üçin iberdi. Onuň zamanynda belli bolan şerigat alymlaryndan Abul Hasan, Abul Kasym şägirdi, Räbyg bardyrlar. Bu alymlar onuň halypalygy zamanynda bir-biri bilen parahatçylykda ýaşaýardylar. Ol halypalyk 20 ýyl 3 aý ýaşady. Elmugtasymbilla Ahmet ibn Tälha halypa boldy. Örän gorkunçdy. Oňa ikinji ganhor diýýärdiler. Onuň eýýämynyň ahyrynda Ysmaýyl Samanly çykdy. Omar leýs oňa ýesir boldy. Onuň halypalygy 9 ýyldy. Soň wepat boldy. Elmugtazerbilla Jafar ibn Ahmet halypa boldy. Onuň döwründe Nasr Enhak Hasan ibn Aly Hebeş Deýlemi çykdy. Halypa ony gowy görüp, döwletiň ynamly adamy diýip, Deýlemi esgerleriniň uly begi belledi. Halypa bilen dostdy. Kazy Abu el Apbas ol zamanda kazylaryň başlygydy. Bu hal üstünde adyllyk bilen 25 ýyl halypalyk etdi. Soň özüne iň ýakyn kişileriň elinde heläk boldy. Elkaherbilla Muhammet ibn Mukteze. Dogany ölenden soňra halypalyk oňa tabşyryldy. 1,5 ýyl halypalyk edenden soň halypalygy doganoglany Muktezede berdiler. Muktezed diýýänleri -Elrazybilla Ahmet ibn Ahmetdi. Ol 6 ýyl 2 aý halypalyk sürüp, ahyr halypalyk sellesini terk etdi. Elmuktazybilla Ybraýym ibn Ahmet halypa boldy. 4 ýyl wagt halypalyk onuň elindedi. Ondan soňra gözlerine mil çekdiler. Elmustakfilbilla Abuabdylla ibn Aly Ahmet halypa boldy. Bir ýyldan soňra Mugazeddöwle ony tutup, tussag etdi. Muktader ogluny halypalyga belledi. Soňra Elmutig ibn Jafar 31 ýyl halypalyk etdi. Soňra halypanyň iň gowy görýän türk(men) taýpalarynyň arasynda pitne turdy. Olar halypanyň üstüne hüjüm edip, ony işden boşadyp, ogly Eltabygbilla Abdylkerim ibn Fazly onuň ýerine halypa bellediler. Ol 17 ýyl 9 aý halypalyk edip, wepat boldy. Eger dünýä bir adama wepa berip, galýan bolsady Onda pygamberimiz baky galardy. Soňra Kadyrbilla Ahmet ibn Yshak Elmuktader halypa boldy. Onuň zamanynda soltan Mahmyt Söbüktegin Abdylmälik Samanyny ýeňip, Horasan mülküni gabady. Halypa boýun bolman, garşylyk görkezdi. Halypa 40 ýyl 4 aý halypa boldy. Soň Elkaim Bimeralla Abu Japar Abdylla ibn Elkadyr halypa boldy. Onuň halypalygy eýýämynda Seljuk neslinden Togrul beg ibn Mikaýyl Horasany aldy. Halypa halatlar iberip, doga we mähirlilik talap etdi. Halypa oňa Ruknaldöwlä diýip lakam berdi. Ol zamanda Horasan begi Keýas wezipesinden boşadylyp, halypa Togrul begden birnäçe kömek sorap, bu aýaty şerifi ýazyp iberdi. Elbet-de biz olara şeýle goşun bilen bararys ki, olar oňa asla bäs gelip, bilmezler we elbetde, biz olary (obalaryndan) ýeňilen ýagdaýda kowup çykararys”. Ondan soňra Togrul beg halypa hyzmatyna üns berdi. Bir menzil ýol ýöränsoň halypa olary garşy aldy. Togrul beg halypa bilen görüşmek üçin atyndan düşüp, halypanyň ýanyna baryp, aýagyna maňlaýyny goýdy. Halypa oňa Rukneddin diýip lakam berdi. Şondan soň onuň adyna Togrul beg diýmän soltan Rukneddin diýdiler. Onuň halypalyk döwri 40 ýyl, 4 aý boldy. Almugtadybilla Abulkasym Abdylla ibn Ahmet halypa boldy. Onuň halypalyk döwri 19 ýyl 8 aý boldy. Netijede, hüjüm edilip, aradan çykdy. Rawylar şeýle diýerler, ol öldügi gije etrapda bolan beglerden 15 beg wepat boldy. Ondan soňra Elmustezherbilla Abu Apbas Ahmet ibn Elmugtady halypa boldy. Onuň eýýamynda Buba nesli ýeňilip, horlandy. 25 ýyl halypa bolup, wepat boldy. Elmusteşhedbilla Abu Mansur Elfazyl halypa boldy. Onuň eýýamynda Mahmyt ibn Seljugy Bagdady esger bilen gabap aldy. Ahyr soňy parahatçylyk baglaşyp, ýene yzyna gaýtdylar. Ol tiz wagtdan wepat boldy. Ondan soňra Musterşadbilla Yraga üns berdi. Soň Deýnury derýasyndan geçip, Mahmydyň dogany Masut Seljuk bilen Musterşadbilla söweşdi. Musterşad gaçdy. Gaçsa-da tutup, Masuda ýesir edip getirdiler. Masuduň döwründe ylym, takwa şerigatyň gaty permanlary işe buýrulýardy. Mollalar Hüjjetil yslam tarapyndan terbiýelenýärdiler. Hijriniň 424-nji ýylynda wepat boldy. Halypalyk wagty 17 ýyl 7 aý boldy. Soň Elreşidbilla Abu Japar Mansur ibn Elmurşud halypa boldy. Bagdatda oňa tabyn boldular. Birnäçe aýdan soňra halypa Mosul şäherine gitmegi niýet etdi. Ondan Azerbaýjana bardy, ol ýerde karar tapman, Yraga gitmegi niýet etdi. Sadiýa atly sähra baranda kapyrlaryň elinde şehit boldy. Onuň halypalyk döwri 10 aý birnäçe gün boldy. Ondan Elmuktazyalemruhalla Abu Abdylla Muhammet ibn Mustezher halypa boldy. Reşit şehit bolandan soňra soltan Masut halypa Muktezimden tabynlyk aldy. Onuň döwründe Senguri, selgury taýpalary Mälikşa seljukly bilen bileleşip, soltan Sanjary ýesir etdiler. Mugtazimiň halypalygy 20 ýyl, 4 aý boldy. Soň Elmustenjebilla Abulmuzaffar Ýusup ibn Elmuktady halypa boldy. Onuň zamanynda Seljuk nesli ejizledi. Ol 11 ýyl halypalyk edip, wepat boldy. Elmustezibenuralla Abu Muhammet Hasan Elmustenjed halypa boldy. Onuň eýýämynda gaznalylar döwleti dargady. Emma Gur patyşalary Hindistan ýurdunda Horezmşada, Horasan ýurtlarynda we Seljuk nesilleri patyşalygynda dargady. Soltan Muhammet ibn Tekeş patyşa boldy. Şyhlaryň Şyhy Şahabeddin Suhraberdi Mukaddes syrly (sopy) şol asyryň beýik şahsyýeti oňa nesihatnama iberdi. Tekeş kabul edip, Şyhyň ýanyna gitmegi niýet etdi. Gyş pasylydy, ýolda sowukdan ýaňa esgerler heläk bolup, yzyna gaýtdylar. Çingiz hanyň esgerleri gelmezden öň Ibn Kassaby Nasreddinallany wezir edinip, ýurtlaryna şa boldy. Onuň halypalyk wagty 45 ýyl boldy. Ondan soňra Elzahyrbilla Abunasr Nasr halypa boldy. Onuň zamanynda horezmliler bilen mongolar jeň edip, mongollar üstün çykdy. Ondan Bagdat üstüne baryp, Şerefeddin bilen söweşip, gaçmaga ýüz urdy. Onuň halypalyk wagty 17 ýyl, 7 aý boldy. Elmugtasembilla Abul Ahmet Abdylla ibn Elmustanser halypalyga geçdi. Onuň zamanynda Hulagu han Bagdat üstüne jeňe baryp, bagdatlylaryň köpüsini şehit edip, halypanyň ogluny ýesir edip, Müsürde wepat boldy. Onuň halypalyk wagty 17 ýyl boldy. Bu bölüm tamam boldy. * * * Abubekr Syddyk Dört çaryýarlaryň biri bolan halypa Abubekr Syddyk (Alla oňa rahmet etsin) hezretlerine Syddyk diýilmäginiň köp sebäpleri bar. Olardan birisi budur: Wahy Rabbany (Hudaýtagalanyň buýrygy) emri subhany (Hudaýyň emri) nazyl olmazdan makdam (asmandan ýere inmezden öň ) soltan Kowneýn (iki dünýä şasy) we resulal sakaleýin, (Allanyň pygamberi dag-sährada Ybraýym pygamber dini astynda ybadat edip) Allatagala nyýaz etdi (ýalbardy). Hezreti Haktagala kabul etdi. Abubekr hezret Resulyň bu ýagdaýyny görüp, imana geldi. Kelemäni ilki bilen şol okady. Abubekr ilki yslama girdi, onuň üçin oňa Syddyk goýdular. Ol soltan dünýä saraýynda hezreti Resul a.s. dosty bolup, 63 ýyl ömür sürdi. Hezret Resuldan soňra 2 ýyl 4 aý halypalykda oturdy. Ondan ahyrýete sapar etdi. Hezreti Omar barada Soň halypalyk hezreti Omara berildi. Yslam dini şöhrat we kuwwat tapdy. Bu zamanda ýedi müň münber äşgär boldy. Muhammet pygambermiziň wesýeti we dini amala aşyryldy. Bu zamanda şeýle adalat etdi, jahan halky sag bolsun aýtdylar. Ol hem 63 ýyl ömür sürdi. Hezret Resuldan soňra 10 ýyl 6 aý halypalykda oturyp, adyllyk eýledi. Soň bakyýete gowuşdy. Hezreti Osman barada Soň halypalyk Osmana berildi. Älemi ylmy bilen doldurdy. Gurhany azym ol zamana gelinçä sahypa-sahypady. Hezret Osman halypalyga geçdi. Aýat-aýat jem edip ýazdy. Bir harp ýalňyşlyk etmedi. Ol hem dünýä saraýynda 93 ýyl ömür sürdi. “Zünnureýin” lakamynyň eýesi boldy. 12 ýyl halypalyk edip, adalatlyk etdi. Ol aýat okap otyrka şehit etdiler. Olaryň ýamanlygyndan Sizi (Eý Muhammet Alla halas edýär. Ol eşidiji, bilijidir. Hezret Aly barada Soň Hezret Aly halypalyga geçdi. Älem onuň ylymy bilen doldy. Kapyryň ýüreklerine gorky düşdi. Kuwwatlary galmady. Çünki Allatagalanyň ýolbarsydy. Ol ertir namazyny Kufe şäherinde okap otyrka Abdyrahman ibn Müljüm hanjar bilen urup, ony şehit etdi: Sahyp Muhammediýeeýesi şyh Muhammet ependiniň (Alla oňa rahmet etsin) metjidiniň ýanynda jaýladylar. Käbir Rawylar rowaýat aýdarlar. Ol soltany(Hezret Alyny) şehit edenlerinde arassa ruh bakyýet mülküne perwaz etmezden öň ogullary Hasany, Hüseýni çagyryp: “Eý meniň ezizlerim, halypalykda oturyň, adyllyk ediň. Hakyň rezasyny görüň, hezreti Resulyň aýdanlaryny ýerine ýetiriň. Dünýäde baýlyga buýsanyp, tekepbirlik etmäň” diýip, nesihatlar etdi. Ondan soňra öz ahwalyny söýledi. Aýtdy: “Meni ýuwup, kepen geýdireniňizden soňra gapa bir ýüzi örtülen arap bir düýe bilen gelse gerekdir. Ol düýäniň üstünde bir tabyt bardyr. Meni ol tabytyň içine goýup, ol düýä ýükläň .Meni ol araba beriň, alyp gitsin diýdi. Ondan soň jan berdi. Atasyny ýatlap, aglaşdylar. Görseler ol ýüzi ýapyk arap gapyda düýäni çökerip dur. Derrew tabyty çözüp ýere düşürip, Hezret Alyny ol tabytyň içinde goýup, ol düýä ýükläp, araba tabşyrdylar. Günbatara gitdi. Soňra ymamlar (Hezreti Hasan we Hüseýin) bir-birine duşdular. Kakamyzy göz görtele getirip bir araba berdik, aldy gitdi. Olar birleşip arabyň yzyna düşüp gitdiler we ýetdiler. Düýäni çökerdiler tabyty açdylar. Görseler Hezret Aly içinde ýatyr. Ol arabyň örtügini aýyrdylar, gördüler, kim, ol Hezret Alynyň özüdir. Geň galdylar. Hezret Aly aýtdy: “Eý meniň ezizlerim, baryň dünýäde dirilik we bir gowy amal gazanyň, ölüňizi öz eliňize alyp gidersiňiz” diýdi. Örtügini ýüzüne ýapyp, düýesini sürüp gitdi. Häzir ol düýe çöken ýere Maşat Aly diýerler. Ol dünýä saraýynda 63 ýyl ömür sürdi. 5 ýyl halypalykda oturup, adyllyk etdi. Dört tirkeşikleriniň III aýynyň sekizinji güni dünýä geldi. On bäşinde dünýäden ötdi. Allatagala Hezreti Ala we onuň ogullary Hezreti Hasana we Hüseýne rahmet etsin. Soň halypalyk Ümeýýalaryň eline geçdi. Mugawiýe maşgalasy ýüze çykdy. Ümeýýa hezreti Resulyň agtyklarydy. Birini zäher bilen öldürdiler. Beýlekisini suwsyzlykdan heläk etdiler. Ymam Hasan halypalykda 9 aý 11 gün boldy. 40 ýyl ömür sürdi. Medine şäherinde heläk etdiler. Ymam Hüseýin (Alla oňa rahmet etsin) halypalykda 4 ýyl oturdy. 51 ýyl ömür sürdi. Ony Kerbelada şehit etdiler. Soň halypalar zamany geçdi. Mugawiýe gämiler bilen gelip Rodos galasynda düşüp aldy. Soňra salgyt kesip gelip, Şamda düşledi. Geljek ýyl Beşirartalyny 200 sany gämiler bilen 40 müň adamy Konstantinopola urşa iberdi. Gelip Konstantinopolyň töwereklerini ýykyp, weýran etdi. Soň ýesir alyp gitdi. Deňiz kenarynda Rum taýpasynyň yzlaryna düşüp, Beşirartal kapyrlar bilen, çykyp deňiz kenarynda jeň etdi. Beşirartal kapyry soýup, deňize döküp, goşuny heläk etdi. Galan kapyrlar gaçyp, gala girdiler. Beşirartal galada jeň edip, aýlanyp Şama geldi. Şeýlelikde, 9 ýyl, geçdi. Hijriniň 52-nji ýylynda Abu Eýýup Ensary (Alla oňa rahmet etsin) geldi. 50 müň adam bilen Abdylla ibn Apbas, Abdylla ibn Zubeýri özi bilen alyp, 500 sany gämi gelip, Konstantinopol şäherini gabady. Birnäçe gün garaşdy. Netijede, bir juma güni ýörüş etdiler. Pajygaly söweşler boldy. Duýdansyz Abu Eýýup Ensarynyň eline bir ok degdi. Ýagdaýy beýle bolup galany alyp bilmediler. Yzyna döndüler, ýerlerine geldiler. Ondan Abu Eýýup Ensary özüniň dünýäden ötjegini bilip, wesýet etdi: “Gylyçlaryňyzy ýalaň eýläň, ol gala ýörüş ediň. Nirä baryp bilseňiz, söweş arasynda meni ol ýerde jaýlaň. Soň bileniňizi ediň” diýdi. Şonuň aýdyşy ýaly etdiler. Ýörgi kapyr ol wagt Konstantinopolyň serdarydy. Ol serdar bildi, kim, musulmanlaryň bir ýaşulysynyň ölendigini, olaryň özlerini alyp barşyndan aňlady. Ondan soňra Ýörgi şeýtan (oňa nälet bolsun!) musulmanlara habar iberdi: “Içiňizde bir uly ýaşulynyň heläk bolanyny, näme üçin gizleýärsiňiz?” diýdi. Musulmanlar hem gördi. Kapyr beýle ýagdaýyň bolanlygyny bildi. Netijede, parahatçylyk etdiler. Ýörgi ýene gaza donlaryny iberdi. Soň ýagdaý beýle boldy. Musulmanlar yza uruş etmän gitdiler. Yzyna gidenleriň käbiri gämiler bilen, käbiri gury ýerde, käbiri deňizden gitdiler. Emma Ýörgi gämileri taýýarlap, iki ogluna köp leşger goşun berip, musulmanlaryň yzlaryndan iberdi. Bir gije-gündiz uly jeň etdiler. Deňiz ýüzünde sany-sajaksyz adam gyryldy. Abdylla ibn Sarha Osmanyň ata bir ene başga doganynyň ogludyr. Ol şeýle güýçli jeň etdi. Deňiz ýüzünden gan rowan boldy. Ahyrsoňy Abdylla ibn Sarha garadan gaýtmaz, pälwan kişidi, şol ugra gämileri bir-birine çatyp jeň etdi. Netijede, jeň içinde Konstantiniň bir oglunyň bir gözini ok bilen urup çykardy. Kapyr goşuny ol ýagdaýy görüp, gaçmaga ýüz tutdylar. Gämilerine girmäge wagt bolman, gyra döküldiler. Abdylla ibn Seýit yzlary bilen gidip, Gara ýerde bulara gylyç urup kapyrlary gylyçdan geçirdi. Ýörginiň iki ogluny tutup, dardan asdylar. Galan kapyrlary gylyçdan geçirip, gämilerini ýesir etdiler. Köp mal-olja, zat, köp gämiler bilen yzyna dolanyp, Şama geldiler. Ýolda gelýärkäler 114 ybadathanany, 14 galany weýran etdiler. Soň Ýörgi iki oglynyň dardan asylandygyny, galan esgerleriň hem gyrylanlygyny eşitdi. Ol gazap ajysy bilen hanjar üstüne zyňyp, özüni heläk etdi. Ýörginiň bir ogly bardy. Adyna Konstantin diýerlerdi. Ýerine ol beg bolup, ondan Abu Eýýup Ensaryň mawzoleýiniň üstünde nur bark urardy. Ony Konstantin gördi. Bildi, kim, ýönekeý adam däldir. Derrew üstünde bir beýik gümmez saldyrdy. Haktagalanyň gudratyndan bir mylaýym suwly çeşme çykdy. Suwuny çüýşelere guýup, Pereňistana we her ýurda alyp giderlerdi. Ol suw her derde dermandy. Ol mawzoleýden nur bark urdugyndan ol suwuň häsiýetinden ol mawzoleýi örän gudratly tutdylar. Käbir taryhlarda şeýle rowaýat bar. Abu Eýýup Ensary gelip, Konstantin şäheriniň töweregini birnäçe ýyllap gabandygy üçin musulmanlar ejizledi. Konstantinde bolan kapyrlaram ejizläp bir ýere jem bolup, maslahatlaşdylar. Olar musulmanlara ilçi iberip aýtdylar: “Maksadyňyz näme biziň töweregimizi orap aldyňyz. Biziň barymyzy gyrynçaňyz galany bermeris. Ol hut mümkin däldir. Indi eger başga maksadyňyz bar bolsa ony aýdyň, oňa görä, oýlanalyň. Belli boldugy ýaly Siz ýene ejiz galdyňyz. Häzire çenli galany almadyňyz şondan soň galamyzy alyp bilmejegiňiz aýan boldy”. Soňra Abu Eýýup Ensary ululary jem etdi. Maslahat etdiler: “Bu galany şu wagta çenli biz alyp bilmedik. Indiden soňra hem alyp bilmeris. Çünki güýjümiz gaçdy. Esgerlerimiz haldan düşdi” diýip, geliň beýle jogap aýdalyň. Maksadymyz Aýasofiýada iki rekat namaz okamakdyr diýeliň. Mümkin kapyrlar razylyk berse, barymyz Aýasofiýa içinde iki rekat namaz kylmyş bolalyň” diýdiler. Beýle diýmekden maksatlary budy, hezreti Resul alaýhyssalamdan şeýle eşidipdirler. “Konstantine içinde Aýasofiýada iki rekat namaz kylan jennete barýar” diýipdi. Ol höwese arzuw ederlerdi. Kapyrlara hem beýle jogap etdiler. Köp kapyrlara bu jogaby eşitdiler. Ähli ululary bir ýere jem etdi, duşurdy. Maslahat etdiler: “Name edeliň. Eger bu hile bilen başymyzdan aýyrmasak heläk bolarys” diýdiler. Abu Eýýub Ensara habar iberdiler: “Sizleriň özüňiz bilýärsiňiz. Ol gadar halk gelip, gala girip, namaz kylmak, haçan boljakdyr. Ýöne içiňizden birnäçe ulularyňyz gelsin, goýalyň geliň namaz kylyň” diýdiler. Ondan ähl yslam müň kişä ygtyýar edip arz etdiler. Ondan serdary razylyk berdi. Ol müň kişiniň bäş ýüzi bir gezek şähere girer, soň bäş ýüzi girer. Bular bir pikire gelip, karar etdiler. Olar ýene deňiz ýüzünden gelerler gyradan gelmezler. Ondan Abu Eýýup Ensary ol ygtyýardan adamlaryň bäş ýüzüni alyp gämilere münüp, deňiz ýüzünden geldiler. Aýasofiýa tarapda bir gapy bardy. Oňa “Darakly gapy” diýerlerdi. Ol gapa geldiler, içeri girdiler. Ol bäş ýüz kişiniň näçe ýaraglary bar bolsa aldylar. Onda goýdular. “Ýene çykanlarynda ýaraglaryňyzy alarsyňyz” diýdiler. Musulmanlar ýene razy boldy. Kapyr musulmanlary Aýasofiýa tarapa çykardylar. Bardylar. Aýasofiýada namaz kylyp, biraz wagt seýran etmekde eglendiler. Bu ýaňa kapyrlar ol musulmanlary şähere Aýasofiýa goýandyklaryna puşman bolup, soňra hilä başladylar. Ol zamanda bir uly ruhany bardy. Ol ruhanynyň sözüne ynanýardylar. Galtiýanyň gönüsinde bir belent ýer bardyr. Ol ruhanynyň ýaşaýan ýeri bardy. Ol ruhanynyň özi serdaryň ýanyna bardy. Meger serdar ýene ähli halky bile ýaraglary bilen häzir bolarlardy. Musulmanlar bir ýaramaz iş ederler diýip, ol ruhany gelip, serdaryň öňünde gygyrdy. Sakgalany ýolup aýdardy: “Nähili masgaralyk etdiňiz. Bu türkleri getirip, biziň Mekgämiziň içine goýup, haram etdiňiz” diýdi. Ondan Serdar häzir boldy. Kapyrlar aýtdylar: “Onda nädeli, ejiz galdyk, bu belany bir ýol bilen aýyrmasak, ählimiz heläk bolardyk, ýa hut jebir bilen, zulum bilen galany alsalar, aýal-oglan-uşaklarymyz ýesir bolandan bu pikir gowudyr” diýdiler. Ol ruhany aýtdy: “Häzire çenli bolan zat boldy. Hiç bir erbetlik etmez, türkler sag-aman çykyp giderler” diýdi. Bu gezek ýene serdar aýdar: “Indi nähili pikiriň bolsa, aýt. Bizem ol pikiri bileli we uýaly, ýaşulylarymyz rowa görerse” diýdi. Ol ruhany aýdar: “Bu içeri giren türkler ýaragsyzdyr. Geliň, ýene deňiz ýüzünden gitmäge goýmalyň şäher içinden gidiň hem şähere seýil ediň diýeli. Her gapuda näçe ýaragly adam goýalyň we galanyň hemme gapylaryny ýapalyň. Ondan musulmanlar geçip barýarka arkasyndan gylyç bilen uralyň. Şeýlelikde, bulary gyralyň, olar çykalga tapmaz ýaly” diýdi. Bu sözi makul bildiler. Ondan musulmanlary gyradan şäher içine çekdiler. Musulmanlar ýaragsyz ol ruhanynyň duran ýerine geldiler. Ol nälet siňen ruhany ybadathanadan birnäçe ýaragly kapyr bilen çykyp, musulmanlara gylyç urdular. Ondan musulmanlar ýene olary görüp, jeňe başladylar. Ellerinde ýarag ýok, kimisi agaç, kimisi daş alyp, kimisi ýumruk bilen jeň etdiler. Gördiler ýagdaý beýle boldy. Bu gezek jäht edip, galadan daşary çykaly diýdi. Hüjüm etdiler. Her gatyň gapysyna gelenlerinde köp kapyrlar ýaraglar bilen gelip, jeň etdiler. Musulmanlar ýene kapyrlar bilen jeň edip, ýörkä bir ýol tapyp, galadan çykalyň diýip gidip-gidip ol gapa ýetişdiler. Serdar şäherinden aşaga “Egri gapy” diýerler. Ondan ol gapydan aşakda bir dagyň gutaran ýeri bardyr, kim, daşary ýanynda we händegiň iç ýanynda mermer derek bardyr. Dik dur. Meger ol gapy Allahyň gudraty bilen açyk boldy. Şol wagt ol gapydan musulmanlar çykandan soňra ol gapy garşysynda birgat gala bardyr. Soň musulmanlar ol gapa bardylar. Gapydan geçjek boldular. Abu Eýýup Ensary haçanda ol gapy içine gelende bir daş bilen urdular. Ýüzünligine ýykyldy ýanyndakylar goltugyna girip, gitdiler garşy burçdan gaýtadan zenberek oky bilen urup, şehit etdiler. (Allatagala rahmet etsin). Ol ýerde köp kapyry gyrdylar. Şeýle hem duran kapyrlar bir-birine söýenip ýykyldy, öldüler. Emma musulmanlar azdy, üstesinede ýaraglary ýokdy. Soň ýagdaý boldy iki galanyň arasyndan daşardan, içerden kapyrlar musulmanlaryň üstüne ýörüş etdiler. Gazaply jeň boldy. Musulmanlar köp wagt daşary çykmadylar. Iki tarapy gala bolup, musulmanlar arada galyp, köp zähmet çekdiler. Gördüler, Ebu Eýýup Ensarynyň ölüsüni alyp, gidip bilmeýärler. Näme etjegini bilmän meýdini almasynlar diýip, jeň arasynda iki galanyň ortasynda bir ýer tapyp jaýladylar. Çykyp bilen ol ýerden çykdy. Näçesini ol arada şehit etdiler. Soň ýagdaý beýle boldy. Leşger ýene takat getirmän, karar etmän gämilerne gitdiler. Ondan kapyrlar, musulmanlar ejizdir diýip, gämileri taýýarlap, yzlaryndan iberip, uly jeň etdiler. Kapyr esgerlerini soýdylar. Emma käbirleri diýerler: Bu gala goragynda bolan Abu Eýýup Ensary däl, doganydyr. Jeňde tutulypdy. Ol gapy ýanynda bir guzda tussagdy. Ony ýene ol duran ýeriniň penjiresinden aşak goýberdiler. Ol hem şehit boldy. Hawa käbir alymlar Abu Eýýup Ensary şoldy diýýär. Çünki Abu Eýýup Ensaryny gala goragynda jaýladylar. Soň Abu Eýýup Ensary şehit boldy. Aradan kyrk ýyl geçdi. Hijriniň 92-nji ýylynda Beni Ümeýýa zamanynda Süleýman Abdylla halypa boldy. Ondan leşger jem edip, Konstantiniň üstüne ýöredi. Gelip Konstantinopoly gala etdiler. Şeýle açlyk, gyrgynçylyk boldy. Kapyrlar adam täretini iýip, musulmanlar ot iýdiler. Gazany goýup gitdiler. Ahyrsoňy Omar ibn Abdyleziziň özi geldi. Galat şäheriniň adyna Metinetil Gahar (ýagny gahar-gazap şäheri diýip) goýdy. Ondan Konstantinopoly aldy. Çünki Galatany şol wagt saldyrdy. Süleýman ibn Abdylmälikden gyz doganynyň ogly Omar haýyş edip, Şama gitdi. Süleýman halypa we Müslüm beg şäheri goýup gitmediler. Soňra kapyrlar ejiz bolup, şäheri parahatçylyk bilen berdiler. Elli müň flury salgyt alyp, rowana boldular. Konstantinopol serdary Pereňistana habar iberipdir. Ol hem sany-sajagy sanardan köp leşger jemläp gelýärmiş. Soň Konstantinopola göçüp gidipdir. Omar ibn Abdyleziz halypasynyň Pereňistan leşgeriniň ýoluny bagladylar. Halypa ýene Müslüm beg bilen jem bolup, üç gün üç gije uly jeňler etdiler. Bu tarapdan serdar ähdini bozup, olar ýene ýüz sany gämiler bilen yzlaryndan ýetdiler. Halypa we Müslüm goşuny bu ýagdaýy gördiler. Gämilerden gury ýere döküldiler. Ahyrsoňy serdar ýene gury ýere çykyp, esgerlerini düzüp, üç gün, ýene gury ýerde jeň etdiler. Netijede, Haktagala yslam ähline pursat berip, kapyr goşuny gaçyp, syndylar. Serdaryny tutup, belli kapyrlary bilen beglerini ýesir edip, Bagdada eltdiler. Serdara ýene iman getirdiler. Kabul etmedi. Ählisini dardan asdylar. Serdaryň iki ogly galdy. Biriniň ady Ýörki, beýlekisiniň ady Stepandyr. Emma Ýörkiniň gijilewik keseli bardy. Stepan bolsa bir ýyldan soňra gijilewik keselden ýogaldy. Bir ogly galdy adyna Ternedfil diýerlerdi. Ol beg boldy. Ol hem bir gün deňizde gark boldy. Ogly, gyzy galmady. Emma Stepanyň aýaly hamylady. Bir ogul dogdy. Adyna Alýan goýdylar. Netijede, Uly beg boldy. Bu wagt Omar ibn Abdylmälik Abdyleziz wepat boldy. Aradan 60 ýyl geçdi. Hijriniň 165-nji ýylynda boldy. Bu gezek Merwan ibn Häkem halypa boldy. 150 müň är bilen halypa gelip, Konstantinopoly gabap aldy. Ol wagt Alýanyň ogly Harkil beg boldy. Merwan müň sany gämi bilen gelip, deňiz ýüzüni tutdy. Galany ýesir edip, ahyr şäheri parahatçylyga berdiler. Içinde metjitler saldyryp, namaz kyldylar. Kaýsary Rumdan (Rum şasy) köp salgyt alýardy. Ol alnan mal-olja salgytlaryň hasabyny Alla biler. Her ýylda bäş müň flury salgyt kesdiler. Mundan soňra 74 ýyl geçdi. Hijriniň 239-njy ýylynda halypalyk Beni Apbas zamanynda Ýahýa ibn Aly halypa boldy. Ol ýene elli müň leşger bilen Malatýany aldy. Ondan gelip, Konstantiniň öňünde kapyr esger bilen jeň edip, on müňden zyýada kapyry gylyçdan geçirip, ahyr şäheri alman yzyna gaýtdylar. Mundan 16 ýyl geçdi. Ol zamanda Herkil wepat boldy. Bir ogly galdy ady Alýandy. Bu Alýan beg boldy. Ol zaman Harun Reşit halypady. 150 müň leşger bilen geldi. Konstantinopoly tamam 4 aý gabap aldy. Ejiz bolup, yzyna galany parahatçylyk bilen berdiler. Içindäki metjitleri rejeläp saldylar. Seýit Japar gazy şeýle aýdypdyr: Bir sygyr derisi ýaly ýer beriň diýdi. Äht etdiler. Ondan ol sygyr derisini uzadyp, şäheriň bir ýanyny alyp, kapyrlardan çykaryp, müň musulman goýdy. Ondan metjit saldy. On ýyllyk salgyt, elli müň flury aldy. Ondan Harun Reşit ýene Bagdada bardy. Ol ýyl ýene Alýan azgyn boldy. Musulmanlar şäheriň içindedi. Salgyt kesdi. Mmusulmanlardan köp kişini heläk etdiler. Musulmanlar ýene köp kapyry gylyçdan geçirdiler. Aýasofiýa içinde jeň etdiler. Allanyň kömegi bilen bäş-alty müň kapyry gylyçdan geçirdiler. Aýasofiýanyň içinde gan aryk bolup akdy. Ahyrsoňy kapyrlar ýeňiji boldular. Musulmanlaryň käbiri şehit boldy, käbiri ýesir düşdi. Ondan soňra bir ýyl geçdi. Alýan beg öldi. Ýene Japar gazy deňizden gämiler bilen gelip birnäçe müň leşgerler Konstantinopola düşüp, 3 gündiz 3 gije uly jeň etdiler. Netijede, şäheri güýç bilen aldylar. 7-8 müň kapyry gylyçdan geçirdiler. Şäherden 20 müň sany ýesir edip, şäheri boş goýup, serdary ýene tutup, halypasy bolan Harun Reşide getirdiler. Harun Reşit serdary dara çekdirdi. Konstantinopol şäheri ýene ýedi ýyl weýran bolup, boş ýatdy. Ol wagt galany musulmanlar basyp aldy. Ol wagt merhumyň aýalyny Pereňistana gaçyrdylar. Gämiler bilen gitdiler. Onuň bir kiçi ogly galypdy, adyna Kenatuz diýerlerdi. Näletsiňen Pereň Kenatuzy getirip, Konstantinopolda beg etdi.Özi ajaldan gaçyp pereňde galdy. Konstantinopol begleriniň atlary bulardyr: Kenatuz ibn Alýan ibn Herkil ibn Stepan ibn Mehail ibn Konstantin ibn Ýorki ibn Herkil ibn Alýan ibn Konstantin ibn Kebrmehal, Ternedfil ibn Stepan ibn Mihail ibn Kenatuz ibn Wezantin ibn Emlak ibn Alýan ibn Flur ibn Nuznetin ibn Mawýan ibn Emlak ibn Arm ibn Öwez ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalam bularyň ata-babalarydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |