08:56 Sähra / hekaýa | |
SÄHRA
Hekaýalar
Jorasynyň getiren habaryna üstünden gaýnan suw goýberilen ýaly boldy. Ojagyň başynda aýaklary diýenini etmän, gapdalyndaky tam kepbä arkasyny diredi. Ol öz ýanyndan pyşyrdap diýen ýaly gürledi. — Ýalandyr, ol meniň bagtym. — Ýalan bolsa, hal-ha il aýdýar. Ynanmasaň bagtyňa garaş-da geziber – diýip, jorasy özüne ynam edilmedigine gatyrgandy. Ilerki obadan biri bilen guda bolupdyrlar. Nurmyradyň ejesiniň özi aýdypdyr. Sähra jorasyna „gel, geç” diýmegi-de, asla onuň öz ýanynda duranlygynam unudup, häzir oýlanmak ukybynam ýitirip, gös-göni Nurmyratlara tarap tutdurdy. Onuň üçin ähli zat Nurmyratlara ýeteniň bilen çözüläýjek ýalydy. Ýöne onuň nähili-neneňsi çözüljegi bir Taňra mälimdi. Belki, ol çözgüt Sährany namysa goýar. Belki-de ykbal oňa gülüp bakar. „Öz ykbalymy özüm çözmesem, kim çözer?!!!” Sähranyň kellesinde diňe şu pikir at salýardy. Bu pikir bolsa Sährany hemişe-de biynjalyk edýän, böwrüne sanjy bolup dörän garaýyşlaryndan, gelip çykýan netijedi, maňa bagly ykbalyňa sen kesekini nädip goýberip biljek, Nurmyrat. Kim bolanda-da däl ýerine „däl” diýip bolar-a”. Şol eňip barşyna Sähranyň dumanlap duran kellesine başga bir pikir galyp boldy. Aý geçdi, ýyl geçdi maňa bagly ýüregiň buza dönäýdimi? Kim ýazykly, Nurmyrat! Buza dönse kim dönmeli? Ýekeje gezek „halyň niçik?” diýmediň. Utanman bäş şaýyňam dostuňdan uzatdyň. Saňa „bigaýrat” diýmäge dilimem baranok. Sen meni henizem tanaňok, tanajagam bolaňok. Sen welin meniň öňümde pese gaçdyň. Men uzadan ujypsyzja pulyňam alyp galmadym. Ýogsam şol wagt öýümizde urbalygam ýokdy. Jübimizde-de „it uwlaýardy”. Men öz mertebämi depeletmekden daşdadyryn. Bu pikirler indi gahar-gazaba öwrülip, gyzyň kalbynda möwç urup başlady. Ol urup-ýaryp bir ýerden çykyp, soraşman-ideşmän Sährany öz ýerinde goýdy. Gyz öz – özüni igeläp başlady: „Bolduň meň başyma mertebeli adam. Üşügiň bolsa utanman nirä barýaň? Alaga-da „Git, bagtyňy daşdan gözle” diýse nädersiň? Ýüzüňe tüýkürilen ýaly bolmazmy? Beýle masgaraçylyga çydap bilermiň? Bilmerin. Ýöne ol diýmez. Goýsana. Garaşyp, garaşyp ýagşy umytlaryň üzülere geldi. Bir gara berdimi? Abraýyň barka dolan yzyňa. Sähra ýoluň ortarasynda haýsy tarapa ýörejegini bilmän iki arada boş göwrä dönüp, hallan atyp durdy. „Akylyňa geňeş-de sabyr et, Sähra – diýip, gyz uludan demini aldy – Mert bol!” Sähra yzyna dolandy. Onuň depesinden edil asman basyp gelýän ýaly, aýagy-aýagyna şolaşyp, her ädimde büdräp barýardy. * * * Aýjahan ýüwürjisi bilen tirkeşip gapylaryndan girende Sähra törde jigilerine jorap örüp otyrdy. Ol tarsa ýerinden galdy, utanjyndan çym-gyzyl boldy. Aljyrap ýüzüni keseräk sowup, sawçylaryň giren gapysyndan söýä degmän çykyp gitdi: „Özüň-ä bir eýjejik çaga ekeniň weli, arman asgynjagyň bar-da” diýip, gyzy synlap ýetişen Aýjahan içini gepletdi. Saglyk-amanlykdan soň, ol töre geçip abşarylyp otyrdy. Goltugyndaky saçagy patyladyp orta atdy. Sähranyň ejesi gyzynyň ýaňyja demlän çäýnegini iki sany käse bilen myhmanlaryň öňüne süýşürdi. Ara bir sellem dymyşlyk düşdi. Ahyrda Aýjahan howlukmaçlyk bilen işlije gelendiklerini aýtdy. Abadan sypaýçylyk etdi: — Hany bir çaý-suw içiň, duz dadyň, habaryňyzam soň aýdar oturarsyňyz-da – diýdi. Özi welin olara tarap süýşüren saçaklaryny açmanlaryny kem görmedi. Saçakda ýekeje barmak zagara bardy. — Sen bizi egleme Abadan! Esenem işli. Biziň gyssanjymyz özümiz bilen. Sähra jany sorap geldik. — Gowy habar bilen gelipsiňiz, Aýjahan. „Gyzla kyrk ýerden sawçy geler, ahyrda nesibeli alar” diýipdirler. Hany çagalaryň özleri nä pikirde diýeninden, Aýjahan öý eýesiniň sözüni agzyndan kakyp aldy. — Munyň-a bolmady, Abadan. Uly il biler-de gyzyň enesiniň habary bolmazmy? Çagalarymyz halaşyp ýörler. Saçagymyzy aç-da habarmyzy al! Şumat gyz sorap barsam „Men” diýen barjamly adamlaryňam günübirin „geliberiň” diýjeklerini bilýänsiň. Gatnadyp durma. Aýjahanyň oda düşen ýaly bolup otyryşyny, gyşyk gürrüňlerini halamasa-da, hiç wagt adamyň ýüzüne gelmeýän Abadan sesini çykarmady. Aýjahanyň saçagynam açmady. Aýjahan saçagyny goltuklap, tasanjyrap ýüwürjisi bilen öýden çykyp gitdi. — Biragyzam gürläýmediň senem – diýip, Aýjahan ýolda ýüwürjisine igendi. — Gelneje, sen gürlär ýaly etdiňmi? Beýle diýjegiňi bilen bolsam, saňa ýoldaş bolmazdym. — Dogry zady aýdanymda ýüregi ýarylýarmyşmy? Gyzyna buýursyn her kim. Meniň aýagym çekip duranok şulara. Nurmyrat jan körpäm. Aljagymam öýdeşim bolmaly. Gördüňmi enesi oturan bir tokga et. Daşam doly çül çaga. Diýmäýin diýsem entäniň taşlandysynam hamana diýersiň altyn tapan gyrnak ýaly bolup, bagryna basyp, tünegine getiripdir. Boldy meň başyma dözümsiz gyrnak. Ekläp bilmejek bolsa, dogyrmasyn her kim „Waý-eý, ýanaşar ýaly adamlar däl-le bular. Atalary bir salatynyň yzyna düşüp gitmedimi? — Küpür gepleme, gelneje, enesinem, Sähranam ýazgarma. Onda ýazyk ýok. Sährany uly il arzuwlaýar. Onuň eýe çykan çagasynam senden başga ýazgarýan ýok. Häzir çagalaryny ekläbilmeýän gyt däl. Onsoňom „iki aýakly iki günde” diýipdirler. Abadanyň ogly ýetişipdir. Hä diýmänem öýererler. Eklenç edip ýör. Abadanyň agtyklary saňa ýük bolmaz. — Otursana, Esen, senem gürlemeli diýseler, tapdyň arkasyny aljak adamlaryňy Abadana mugt gyz berjek bolup duran barmy? Ilem akmak däl. Görüp gaýtdyň. Düşenip otyran düşeklerem oda atsaň tütejek däl, eşiklerem. Özüm-ä şonuň ýaly şylhalarda itimem ýatyrjak däl. Gelnejesine belet bolansoň, onuň gürrüňleri maňzyna batmasa-da ýüwürjisi: — Ilçilikdir, gelneje, ýüregi ýuka-da tapylar. Olaryň mydaralaram beýdip durmaz – diýdi-de öwrülüp geplemedi. Ejesiniň ýüzüden Nurmyrat olaryň hoş habar bilen gelmändiklerini aňdy. — Eje, gurtmysyň, tilkimisiň? – diýip ol dillendi. — Hijisem däl. Gyrnagyndan sorap habarmyzy soň aljakmyşlar. — Sorasa, näme „ýok” diýer öýdýärmiň, eje. Habaryňy bu gün almasalar, ertir alarlar. Gyzly ýerdir-dä. — Bolmanda-da ýüküni atmaga seň ýaly ýigit tapsa, alman nirä gitsin? Wah, maňa galsa şolara aýagymam sekjek däl. Kösenersiň, soň düşünersiň. Bir aýagy atasy öýünde bolar, çagaly aýala öýlenen ýaly bolarsyň. Ýöne oglum, henizem bir pille, ejeňe „hä” diýäý. Ýigit sesini çykarmady. Ol öňem ejesi bilen az çekeleşmändi. Indi oňa sözüni zaýalasy gelmedi. Sähra-da ejesiniň ýüzünden onuň sawçylar bilen jynynyň jyňkyrşmadygyny aňdy. Ýöne ejesi dil açýança soramaga bogny ysmady. Özüniň welin esli wagtlap bokurdagyndan zat geçmedi. Aýjahanyň ýoknasyz gürrüňlerini dili gijeýänler onuň gulagyna-da ýetirýärdiler. „Abadanyň ýetimlerini boýnundan asdyryp, körpe balamy ýükçi eşege öwrüp bilmen. Obamyzda gyz gytçylygy ýok. Tapmaýanmy şol gyrnaga müň degýänini. Sorabilsem berjekler. Öňýeten gyrnak üçin oglum sözümi ýyksa, onda dört tarapy açyk. Gidibersin. Bir ogla galan günüm ýok. Abadanyň gyzyny döwletli ojagyma getirip, bujagaz rysgalymy dagydyp bilmen”. Hernäçe mertlige salsa-da, bu gürrüňler Sähranyň ýüregini çişirýärdi. Sähra oýlanýardy. „Bu ýagdaýda men ol ojakda ýaýnap ýaşarmykam. Bir aýagymyň öýde boljagy-ha hak”. Sähranyň ejesi ysmaz keseline ýolugyp, iki aýakdan galypdy. Abadanyň ogly urşuň ahyrky ýyllary fronta gidip yzyna dolanmandy. Gelni hem yzynda iki çagasyny Abadana goýup ýaş üstünden ýogalypdy. Aýjahanyň esasy bahanasy gyzyň jigileri däldi. Onuň öz aýdyşy ýaly, barjamly ýer bilen guda bolasy gelýärdi. Abadanyň äriniň taşlap gitmeginem ol biabraýlyk diýip düşünýärdi. Abadan idili heleý bolanlygynda äri ony terk etmeli däldi. Aýjahanyň bigäne çagalary Sähranyň boýnundan asyp ýörmesinem keşdi çekenokdy. Bu zatlara onuň öz garaýşy bardy. Akly ýerindäki adam beýle etmeli däldi. Bu zatlar onuň kellesine syganok. Dogrydanam, Sähranyň kakasy obalaryna işe gelen bir şepagat uýasyna aşyk bolup, şonuň yzyna düşüp gidipdi. Sähra ýigit bilen ikiçäk oturup gürleşmegi ýüregine düwdi. Bu gezek duşuşyga ýigidi özi çagyrdy. Şol bir bukuja ýerde, uly jaryň boýunda tegelenip oturan läheň agajyň aşagyna. Gündiz az-kem gyzanam bolsa, gije şeýle ýakymlydy. Sähra haýaljak ädimläp barýardy. On dördi gijäniň Aýy, dünýäni nurlandyryp, Sähranyň depesinden oňa ýylgyryp bakýardy. Bütin töwerek asudady. Sähranyň ýöräp barýan inçejik ýodajygynyň gyrasyny jähekläp otyran ot-çöplerden mör-möjekleriň sazlaşykly owazy gyzyň gulagyna üznüksiz gelip durdy. Günbatardan öwüsýän ýakymlyja şemal Sähranyň burnuna ot-çöpleriň, gül-gülälekleriň ysyny getirýärdi, hem gyzyň maňlaý saçlaryny ak ýüzünde ykjadyp keýipden çykýardy. Sähranyň al öwüsýän terje ýaňaklaryny sypap-sypap heziller edinýärdi. Pyşyrdap „Sähra, mert bol, hemme zat düzeler” diýýärdi. Sähra bu gözellige maýyl bolup, özüne ynjalyk bermedik oý-pikirlerini beýläk atyp, ýüregini eredip barýan näzik duýgularyna berlip, hoşbagtlykdan özüniň söýgüli aýdymjygyna hiňlenip barýardy. Gyzyň sag egninde hol gözýetime çenli uzalyp gidýän göm-gök maýsaly ekin meýdanlary ýaz gijesi, deňze meňzäp, haýaljak öwüsýän şemala ýuwaşja tolkun atyp onuň aýdymlarynyň sazyny çalyp berýärdi. Sährä çagalykda gulpajygyny galgydyp çöpleme çöpläp, tezek ýygnap, soň bolsa deň-duşlary bilen kätmen urup, çilini çeken ol meýdanlaryň aşygydy. Sähelçe ýüregi gyssa Sähra şol meýdanlardan özüne kuwwat tapýardy. Hatda edil adam bilen gürleşýän ýaly, olara içini dökýärdi. Nurmyrat bilen bagly kalbyny eýelän näzik duýgylar gyz ýüreginde heniz aýdylmadyk mukama öwrülip, dyngysyz saz-söhbet edýärdi. Bütin janly-jandary, ala meýdanlaryň bag-bakjasyny täze hyjuw bilen söýýän gyz, şol mukamy dünýä peşgeş edesi gelýärdi. Toraňňa golaýlaşdygyça Sähranyň bidenini ýakymly jümşüldi gaplap aldy. Ýar wysalyna gowuşjak ýüregiň urgysy çaltlandy, ädimler welin haýallady. Gara görnümden gyzy görüp, ýigit oňa tarap ýöneldi. Ýüregiňi sarsdyryp barýan şol bir ýakymly, sessiz nazar. Gyz haýasy mährem ýigidiň giň gujagyna dolmakdan Sährany saklady. „Janyňa döneýin. Göwnüňe degmäge-hä gelmedim”. Gyzyň hujuwy şu sözler aýdylandan soň birneme köşeşdi. Ýigit gyzyň edil garşysyna gelip daýandy. Sähranyň pamyk ýaly ýüzüne düşüp, onuň kirpikmen gözlerini örtýän alyn saçlaryny emaý bilen aýyrdy. Ýaňaklaryny ýuwaşja sypady. Ýigidiň eliniň ýylysy gyzyň ýüregine ornady. Gyz yzyraga çekilip durdy. Ýigit güldi: — Biziňkileriň köwüşlerini öňlerine ataýypsyňyz-la, Sähra! — Atan bolsalar, sebäbi bardyr-da — diýip Sähra dillendi. Soň bolsa öz niýetini mälim etdi: — Şol bir zady gaýtalap ýüregime düşýäň diýme, Nurmyrat. Henizem bolsa oýlan, öýdäkiler size ýük bolmaz. Ýöne olar özlerini oňarýançalar gol kömegine mätäç. Ejemiňem ýagdaýyny bilýäň. Onsoň iki günüň birinde zowzuldap öýe gatnap dursam, halamarsyňyz. Dartgynly ýaşarys. Men çekerin, sen çydamarsyň. Bolmanda ýarym ýyljyk gaýrat et. Jigimi öýli-işikli edeli. Ýarym ýyl ynha geçmeýärmi, men senden bolmajak zady talap edemok ahyryn. Ýigit „garaş” sözünden halys ýadapdy. Sähranyňam göwnüni ýykasy gelenok. Ýöne ejesi şol bir zady gaýtalap peteň-bizaryny çykarýardy. Nurmyradyň deň-duşlary birçak öýlenenmiş. Onuňam agtyk söýesi gelýärmiş. Agasyndanam perzent ýokdy. Ýigit hemme zada düşünse-de, ene ornunda sylap, ejesiniň ýüzine gelip bilenokdy. Aslynda-da Nurmyrat hiç haçan hiç kimiň ýüzüne gelmeýän, göwnüne degselerem, sesini çykarman gidiberýän, polady ýumşak, sada, ony öz obadaşlarynyň dili bilen aýtsaň, „ýüpek ýaly oglandy”. Özüniň düýbünden ylalaşmaýan zatlaryny aýtsa-da ejesine-de sesini çykarmaýan ýigidiň hemişe dymmagyny Sähra oňlamaýardy. „Wah, bor-la bir basan ýerinden ot çykyp duran edenli ýigit” diýip, Sähra kä wagt ahmyrly dillenýärdi. Ýigit tutanýerli bolanda Sähra bu zatlar üçin özi ylgap ýörmeli däldi. Häzirem Nurmyrat alaçsyzlygyny boýnuna aldy. — Bu zatlaryň hemmesiniň bir çäresi bolar, Sähra. Sen ýagdaýyma düşün-de, maňa „garaş” diýme, onsoňom göwnüňe alma. Şol çaganam halal öýüňden çykarsana, Sähra. Kim getiren bolsa eýelik etsin. Siz bir arassa adamlar ahyryn. Düşünseň ol seň abraýyňa däl. Gürrüňiň haýsy çaga hakynda gidýändigine düşünen gyz ýigitden beýle söze garaşmandan soň, bir erbet bolup: — Çagada näme ýazyk bar, Nurmyrat. Bu sözler seniň öz sözüňmi ýa ... Eger şeýle bolsa, haýyp. Ikimiziň ykbalymyz şol çaga bagly bolsa, sen meni şu ýerik gelmedik hasap edäý! Gyzy halal ýerden gözläberiň! Göwni ýykylan ýerde Sährada beýle gönümellik bardy. Soň ol doňan ýaly bolup gymyldaman duran ýigide bakdy-da: — Kä wagt aýdýan zatlaryň hakda öz kelläň bilenem oýlan – diýdi. Ýigitden göwni galan gyz gelen yzyna dolandy. Saklasa bulaşjagyny aňan ýigit sesini çykarman şol duran ýerinde onuň yzyndan seretdi durdy. Gyz ýap-ýaňy aýdyma hiňlenip geçen ýolundan gitmän, Aýy gizlän bulutlardan nägile bolup, jaryň gyrasy bilen keseklere büdräp-büdräp ýykylman, zordan öýlerine aşdy. Urşuň yz ýanyndaky agyr ýyllar bolansoň gün-güzeranlaryny zordan dolaýan diňe Sähralar däldi. Nurmyratlar ýaly bol-elin ýaşanlar diňe barmak basyp sanaýmalydy. Nurmyradyň kakasy uzak ýyllar kolhoza başlyklyk edipdi. Sähra goňşulary Nabat daýzanyň gyzy Gülnar bilen daňyň umuş-tamyşynda turup, bileje işe gidýärdi. Mazaly garaňky gatlyşansoňam dolanyp gelýärdiler. Ekin meýdanlaryna dersi gije daşaýardylar. Beýle ýagdaýda olar ýary gijä çenli şol ýerde galýardylar. Iki öýe-de Nabat daýza göz-gulak bolýardy. Sähranyň bir jigisini okuwa ugradýardy. Körpesi bilen Tyllajyk öýde galýardy. Gowy zady – Sähranyň ejesi oturan ýerinde iki öý üçinem ot bilen garyp tapanjasyny bişirýärdi. Adamlar bu iki öýe bir maşgala ýaly garaýardylar. Nabat daýzanyň adamsy Ata aga çölde çopandy. Ol Sähradan kiçisini öz ýanyna çoluk edip alypdy. Döwlet dogumly ýigit bolup ýetişipdi. Ata aganyň hem ondan göwni hoşdy. Tyllajyk welin iki öýüňem hanydy. Ýumruk ýaly bolup, jedirdäp ulusyna-kiçisine diýenini etdirýärdi. Gaty çenden çykyberse, Güllerjik ony hiç kime duýdurmazdan mugyra getirýärdi. Güllerjigiň ony nähili ýol bilen terbiýeleýäni belli däldi. Tyllajyk welin öýde bir şondan çekinýärdi. Bir gün Sähra işden gelip öýe giren badyna, kimdir biri onuň adyny tutup, howsalaly gygyrdy. Sähra bolsa-da onuň sesini tanady. Ol ylgap daşaryk çykdy: – Näme boldy gyz, ýüregimi ýardyň jarçy ýaly zowladyp durma-da geläý-dä! – Sähra jan, bu çagajyga seretsene – diýip, ol demi-demine ýetmän gürledi. Hakyt Nurmyratlaryň mal ýataklarynyň düýbünde aglapjyk ýatyr-da. – Emýän çaga ýaly-la bu – diýip, Sähra goňşysynyň gujagyndaky çagajygy synlap dillendi. Çagajygyň egninde boýalan bizden köneje köýnejigi bardy. Ony sal-sal köne dona dolaýypdyrlar. Sähra goňşysyna ýüzlendi: – Çaga kimiňki? – diýip gygyrsaň bolmadymy? – Gygyrdym-la, näçe gezegem. Ýöne ses beren tapylmady. goňşusy çagajygy hamana diýersiň ejesine berýän ýaly edip, emaý bilen Sähra uzatdy-da özelenip ýalbardy: – Muny ýygnaly, Sähra jan. Ýogsam öler bu. Süýdüm az bolsa-da emdirmek meň bilen. Öýe eltsem gaýnym halamaz. – Goýmaly ýerin-ä bilipdirler. Başlyklaryň töweregi – diýip Sähra dillendi. Gyz alma ýaljak üýtgeşijek çaga nebsi agyryp, esli seredip durdy. Goňşusy Sähra ony yzyna berer öýdüp gorkup: – Sähra jan, gaýrat et, ýalkanarsyň emdirmek meň bilen diýdim-ä. – Otursana – diýip Sähra janagyrly dillendi – Syryljyrap öz çagaňy bir ekläp bilýärmiň? Görmän ýörüsmi? – Aý, onda-da – diýip gelin ýöwselledi. Gözi welin çagadady. Ol gyzjagazy Sähra gujagyna gysyp, öýlerine girenden soň ynjaldy. Sähra ejesiniň soragly nazaryna „tapdyk” diýip jogap berdi. Tyllajyk del öýe öwrenişýänçä, Sähranyň burnundan bulak getirdi. Ýadyrgap, töweregine garanjaklap, ejesini gözläp, elde-aýakda durmady. Gijelerine özem ýatmady, beýlekilerem ýatyrmady. Sähra ony daň atýança daşarlarda göterip gezdi. Wagtal-wagtal çydaman gyzjagaz bilen özem bile aglady. Gyzyň gije çirim etmän işe gidýän günleri az bolmady. Abadan gyzyna-da döýzmedi çagajyga-da. – Aç bolýar-da, şol, Sähram. Ýogsam çaga beýle aglamaly däl. Sähra işden gelip, iýmän-içmän, Tyllajygy göterip, obanyň ol başyndaky emzikli aýallara-da emdirdip gelýärdi. Ahyrda Ata aga bulara çölden ýörite bir geçi iberdi. Ol geçiniň süýdünden Güllerjigem kämahal dawalaşyp „gyrp-çyrp” etdi. Aý-gün geçip dur. Tyllajyk barha öwrenişdi. Geçiniň süýdünden içip başlany bäri onuň azaram azalyşdy. Gyzjagazy ekläp bilmän açlykdan öldürmezlik üçin „biri eýe çykar-da” diýip taşlanan bolmagy mümkindi. Sebäbi ol döwürde beýle zatlar bolýardy. Soňabaka eýjejik Tyllajyk bir enaýyja ýylgyryp, iki maşgalanyň-da güýmenjesine öwrüldi. Gülleriň köne-sana matalardan tikip ýasan gurjajygynam oýnap oturýardy. Ony gysgajyk aýajyklarynda ýatyryp hüwdüleýärdi. Ýöne Güller ony süýrekläp gününe goýanokdy. Ol Güller üçin janlyja gurjakdy. Ynha bir günem Tyllajygy göterip gidip, buz ýaly ýerde oturdypdyr-da oňa gyk-paňk öwretmekçi bolupdyr. Gyzjagaz üsti-başyny palçyga bulap pökgüje eljagazlary bilen laýy ýere patyladyp uranda Güllerjik gülüp-gülüp keýpden çykypdyr. Ahyrda ony durşuna palçyga bulap öýe getiripdir. Palçykdan zordan gözjagazlary görünýän gyzjagaza öýdäkiler gülüp-gülüp kese ýykylypdyrlar. Çygly ýerde oýnadylan Tylla agşam ýanar ot bolup gyzdyryp başlady. Ýüregi ýarylan Sähra açlykdan, ýadawlykdan başy aýlanyp duranam bolsa, Tyllany alyp medpunkta tarap ugrady. Däri-derman bilen Tylla sowuklamadan zordan saplandy. Soň Güllere Tyllajygy „guk-paňk” oýnamaga bermediler. Meýdan işi, jigileri bilen başagaý Sährany gündelik aladalar özüni horlaýan pikirlerinden daşlaşdyrýardy. Emma ara sähelçe böwüşgenlik düşse, ol özüne ynjalyk bermeýän duýgularyna berlip, ejir çekýärdi. Ýigit sadalykdan onuň göwnüne degýärdi. Şonuň üçin hem oňa „dört tarapyň açyk” diýip bilenokdy. Nurmyrat onuň ömrüniň manysydy. Ol durmuşy hem öz, hem Nurmyradyň gözi bilen synlaýardy. Ýigit onuň begenjine-de , gynanjyna-da şärikdi. Ol obalaryna abanyp, uzalyp gidýän baýyrlary-da onuň aňyrsyndan görünýän daglary-da Nurmyrat bilen bile söýýärdi. Hyýalynda onuň bilen depeden-depä aşyp, ýuwa-elmik ýygýardy. Kämahalam hyýalynda hemişe durmuşda bolşy ýaly, gözlerine bakyp durýardy we oňa: – Sen üýtgeşik, Sähra! – diýýärdi. Alyn saçlaryny oýnaýardy. Aslynda Sähranyň tebigy häsiýeti şadyýandy. Ol Sähra ýaly päkdi, arassady, giňdi. Onuň ruhubelentlikden hem hyjuwdan dem alýan ýagty ýüzi mähribandy, owadandy, özüne çekijidi. Okara ýaly gözleri hatda onuň gam-gussasyny-da gizläp bilýärdi. Syratly kaddy-kamaty gelşiklidi. Meýdanda-da ýaş ýetginjekleriň gözleri Sähradady. Sährada garagollugam bardy. Kähalatlarda meýdanda suwa düşmäge gidenlerinde kenarda suwa golaý duran oglanlary Sähranyň derýanyň içine itip goýbermek häsiýeti bardy. Sähranyň özünem aýamaýardylar. Ýöne ol „ar almaly” bolanda gyzy oglany ýok, derrew kowup ýetýärdi. „Günäkärem” göterip suwa oklaýardy. Soň bolsa ýüzüni az-kem ýokaryk tutup tekepbirlik bilen gülýärdi. Onuň bu häsiýeti gyza şeýle görk berýärdi. Onuň inçejikden uzyn boýy, näzik bedeni diýseň gujurlydy. Şol näzik bedende şonça gujuryň neneňsi ýerleşýänine haýranlar galýardylar. Araky duşuşykdan soň Sähra Nurmyratlardan golaý-goltumda özüni sorap gelerler öýütmeýärdi. Emma çaky çykmady. Abadan Nurmyradyň ejesine gyzynyň islegi bilen „Oglumy öýermän, gyzymy çykarjak däl” diýip çürt-kesik aýtdy. Beýle jogaba garaşmadyk Aýjahan ör-gökden geldi. – Heý, toba – eý, ilde ýok hokga çykarma Abadan. Akylly-başly gürrüň et. Gyzyň ogluňdan uly ahyryn. „Däliden dogry” habar, biz oňa garaşyp biljek däl. Aňrujy biziň bilen garyndaşlyk açmak isleýän bolsaň, geregiňi artdyryp, tykyrap oturma. Islemeýän bolsaň, ondakysyny onda aýt. Gatnadyp durma. Abadan aýtjagyny aýdandan soň, Aýjahan bilen çekeleşip oturmagy özüne uslyp bilmedi. – Abadan, gyzyň bagty açylanda, saklap otursaň, iki tarap üçinem gowy bolmaz, uly iliň sylaýan adamlary, soň ökünäýme – diýip, Aýjahanyň ýany bilen gelen aýal dillendi. – Bu zatlara biziňem akylymyz ýetmän duranok weli, her kim „ýorganyna görä aýagyny uzadýar” – diýip, Abadan jogap berdi. Aýjahan Abadan bilen düşünişip bilmejegine akyl ýetirdi: – Abadan, çagalaryň hatyrasyna ýene bir gezek gelerin. „Men diýen adamlaryň gapysyny açyp bilýärkäm, hetdiňi tanaman, gyzyňy gerekledip otursaň, onda özüňden gör, yzyma dolanyp gelmejegim hakdyr – diýip Aýjahan çişip çykyp gitdi. Goňşusam yzyna düşdi. Nurmyrady tanandan soň, Sähra bu dartgynly ýagdaýyň gowulyk bilen gutarmajagyny duýdy. Ol bu ýagdaýdan baş alyp çykmagy başarjak ýigit däldi. Häzir ikisiniňem ykbaly döwüljek-döwüljek bolup duran gamyş köprüniň üstüne mündi. Sähra ejesi hem Nabat daýza bilen maslahatlaşyp, Döwleti öýermeli diýen pikire geldiler. Häzir dara-direde başga çykalga tapmak kyndy. Sähranyň daýzasy gyzyny berjekdi. Toýam bir orta çykyp bilseň, ýagdaýa görä il-gün ýokdan bar etjekdi. Sähra Döwleti günibirin çagyryp getirtdi. Ol jigisi bilen her hili dartgynly pursatlarda batyrgaý düşünişip bilýärdi. Bi gezegem ol Döwlete göwnündäkisini bassyr-ýussursyz aýtdy. Döwlet edýän işi däldir weli, käsesiniň düýbünde galan çaýy pejiň aşagyna serpip goýberdi-de, şeýle bir haýran galyp doganynyň ýüzüne seretdi weli, onuň ýüzünden ähli zady okap, gyza niýetini gaýtalap düşündirmek geregem bolmady. Her ädimde maňlaýy daşa degip duran gyz bokurdagy doldu-da, uludan dem alyp arkasyny diwara ýaplap oturdy. – Sen menden gaty görme, Sähra, men hemme zada düşünýän. Başga bir mesele bolanlygynda seniň ony çöp döwen ýaly etjegiňem bilýän. Şonuň üçin bu sözüň seniň agzyňdan çykýanyna ynanasym gelenok. Bu gelen netijäň çykalga däl. Iki adamyň ykbaly beýle çözülmeýär. Akylyň ýetip duran zadyny maňa aýtdyrma. Men çölden gaýdaýyn. Eklenjiňem bir zady bolar, öýdäkileri hor etmen – diýdi. Iki doganyň arasynda bolan bu kesgitli gürrüňden soň, ne Nabat eje, ne-de gyzyň ejesi bu meselä dolanyp geldi. Ahyr bir gün Nabat daýza: – Sähra jan, töwekgele endişe ýok – diýipdirler. Seň bagtyňy baglamaly, gyzym. Uzak ýere gideňok, gyssansak özümiz bararys, bir gün özüň gelersiň. Garaz günümizi göreris. Olar eglişik etmese, biz edäýeris. Galanynam Alla oňarsyn – diýdi. Sähra göwni ýykylsa-da, garrylaryň gelen netijesi bilen ylalaşdy. „Bolýar-da” diýip, ol uludan demini alyp öz-özi bilen gürleşdi. „Siz meni süýjülik bilen öýden çykarjak däl. Häzir boýun gaçyrsam ýazykly adam men bolaryn. Bir ýerde daşyňyz bolsa, üstüme togalarsyňyz. Ýöne menem Döwleti öýermän bir aýagym öýde boljakdygyny aýdandyryn. Soňky gün hytdy-pytdy gürrüňleriňiz bilen ylalaşmaryn. Siziň garaşmaga ýagdaýyňyz bolmasa, meniň siz bilen göreşmäge güýjüm ýeter. * * * Aýyň bölegi ýaly Sähra Nurmyradyň kalbynam, döwletli ojagynyň törünem bezäp, şaňňyrdap, seýkin basyp girip-çykanda, Nurmyradyň onuň jadyly keşbinden gözüni aýrasy gelmedi. Ol keşp ýigidi jadylady. Sähranyň daşy çolardygy onuň garşylygyna garaman, gujagyna gysdy. Ýigit dodagyny Sähranyň ýukajyk dodagyna basanda Sähra akja gollaryny ýigidiň boýnundan aýyrman, durky bilen onuň ygtyýaryna berildi. Bu bagtly pursatlaryň lezzetini diňe birek-biregi söýýän iki ýürek has güýçli duýýan bolsa gerek. Sähra ýarym aýa golaý wagt Nurmyratlarda bolan döwründe, ýekeje gezek Nurmyrat bilen hatda gaýyn enesine-de duýdurman, öýlerine gelip habar tutup gitdi. Şol aralykda onuň ýanyna Gülnar bilen jigisi geldi. Bir gün günortanlar Sähranyň yzyndan goňşy gyzjagaz gyssanmaç geldi. Ony Nabat daýza iberipdir. Sähranyň jigisi bagyň depesinden gaçypdyr. Öýde duýduraýyn diýse, özünden başga adam bolmandan soň, Sähra Nurmyradyň yzyndan goňşy oglanjygy iberdi. Nurmyrat hasapçydy. Oglanjyk ony tapman geldi. Gaýynenesem goňşy obadaky garyndaşlarynyň birine zerury bilen gidipdi. Sähra näme etjegini bilmän, girip-çykyp halys boldy. Ahyram goňşularyna ýagdaýyny aýdyp, elem-tas bolup öýlerine ylgady. Gelse, lykman çagyryp jigisiniň kellesini saradypdyrlar. Başujunda ejesi aglap otyrdy. – Şükür ediň, çöregiňiz bütin eken – diýip, Nabat daýza olaryň daşyndan hozanak ýaly aýlandy. Tyllajyk Sähra gapydan girenden, ylgap gujagyna doldy. Eljagazyny salgap jedirdäp bir zatlar, bir zatlar düşündirmäge çalyşdy. Sähra derrew jigisiniň ýanyna geçdi. Elini onuň maňlaýyna goýdy. – Jigim jan, häzirräk bolmal-a. Men saňa näçe sargaýan. Diňläýmeli-ä – diýip, Sähra soň ejesine ýüzlendi. – Eje, senem darykmasana haýsymyz bagdan ýykylman ulaldyk. Jigisiniň bolup ýatyşyny göreninde Sähranyň özüniňem haýy gaçdy. Jigisiniň ak esgi ýaly ýüzi güp ýaly çişdi. Gorkan bolmaga çemeli. Lukman kellesini sarap oglany ýerinden gozgamazlygy tabşyryp gidipdir. Gyzy gelenden soň Abadanyň birneme göwrümi giňedi. Sähra ynjalman ylgaşlap gidip, tanyş lukmanlarynyň birini alyp geldi. Ol çaga mazaly seredip, gorkar ýaly zadyň ýokdugyny aýtdy. Sähra derrew horazlarynyň birini öldürtdi-de naharyň ugruna çykdy. Nabat daýza Gülnaryň meýdandan getiren selmesini bişirdi. Ony kendirigiň içinde galan una eýläp derrew gyzdyrma etdi. Tyllajyk ýene gider gorkusy bilen Sähra daş çyksa daş çykdy, öýe girse köýnegine ýapyşyp öýe girdi. Sähra bilen gelen lukman ýagdaýy aňan bolara çemeli, oguljygyndan eslije un bilen, azrak gowurma iberipdir. Şu zatlar Nurmyratlarda-da bardy. Emma Sähranyň olardan öýleri üçin dadymlyk almaga-da eli uzamady. Sähra Gülleri jorasynyň birine gatyga iberdi. – Wah, öýde Sähra bolsa horluk ýok – diýip, ertirden bäri näme bişirjegini bilmän oturan Nabat daýza dillendi. Gelende gelnini tapmadyk Aýjahan, goňşularyna ylgap, onuň öýlerine gidenini eşidip ör-gökden geldi. – Toba-eý, ölmeseň her ki zat görüp-eşitjek ekeniň. Heý törde oturan täze gelin soraşman-ideşmän gidibermeli bolarmy? Il-gün näme diýer. Ol hamala diýersiň bir ýerde ýangyn bolupdyr-da, ony söndürmäge barýan ýaly, elem-tas bolup ylgaşlap gudalaryna gaýtdy. Gapydan ätleninden sen-de ýok, men-de ýok, salam-da ýok, älik-de ýok, elini agzyna ýetirip: – Toba, toba, Sähra jan, bu näme etdigiň boldy? Soraşma ýok, ideşme ýok. Törde oturan täze gelin obanyň içinde alakjap ýörse, aýyp bolmazmy? Beýdip bizi namysa goýma. Biz bir il-güniň sylaýan abraýly adamlar-a. Seniň akylyň ýetmese, eneň akyly ýetmezmi? Näme bolupmyş beýle. Çagadyr-da bir gün jaýdan togalanar, ertesi bagdan gaçar. Bagdan gaçyp heniz ölen çaga göremizok. Sähra näme dogtormyşmy? Gelipdir taň edipdir, ugrubir yzyna ugratsaň bolmadymy? Derrew öýe dolan, öýe – diýip, Aýjahan bir ýarylmady. Unaş kesip oturan Nabat daýza, Aýjahanyň bolşuny juda geň görüp dillendi: – Aýjahan, munyň nädogry jigisi ölümiň gyrasyndan gaýtdy. Ony taşlap nädip gaýtsyn. Bu öýde Sähradan başga ylgajak barmy? – Bolýarmy-bolanokmy? Men özüm gowy bilýärin. Meniň akylym özüme ýetik, her öňýeteniň akylyna mätäç däl. Soň ol jigisiniň gapdalynda sesini çykarman ýüzüni aşak salyp, ýaşynyp oturan gelnine ýüzlendi: – Sen meniň bilen gitjekmi ýa şeýdip oturjakmy? Sähra sesini çykarmady, ýerindenem gozganmady. Bu ýagdaý Aýjahanyň hasam degnasyna degdi. – Häzir şu tünekden meniň bilen deň çykmasaň, soň idelmersiň. Şuny bek belle . – Beýdip, iň soňkyňy aýdyp durma, gyzymyň idelmez ýaly ýazygy ýokdur. Barar günüň bir ýerinde – diýip, Abadan sypaýçylyk etdi. – Ýazyklymy, ýazyksyzmy, häzir öňüme düşmese, soň ökünersiňiz – diýip, Aýjahan ýene bir gezek gelniniň gozganaryna garaşyp aýak çekdi. Emma Sähranyň şol oturşy. Aýjahan hum ýaly çişip, tasap çykyp gitdi. Jaýa içgysgynç dymyşlyk aralaşdy. Birhaýukdan soň Nabat daýza dillendi: – Heý, toba, „Ýatanyň üstüne turan gelmesin” diýen ýaly. Men Aýjahany beýledir öýtmeýärdim. Bolduň meň başyma abraýly heleý. Bu bolup ýörşüňe sende abraý näme işlesin. Ähli kişiniň agzyna zäk atylan ýaly boldy. Soň hiç kim bu gürrüňe gaýdyp gelmedi. Öýleden soň Nabat daýza: – Gyzym, ýaman bilen ýaman bolup bolmaz. Men seni eltipjik gaýdaýyn – diýip Sähra töwella etdi. Emma Sähranyň gelen yzyna aýagy çekmedi: – Gerek bolsam, özleri gelip alyp giderler – diýip, ol içerini tertibe salyp ýörşüne uludan demini alyp aýtdy. Emma olardan ertesem, şol günem adam gelmedi. Nurmyradyňam ýüregini çişiren bolmaga çemeliler. Sähra bir aý garaşdy, iki aý garaşdy, gara beren bolmady. Her bir zady bolşy ýaly kabul edýän Sähra ýazygy bolmandan soň, eden işine puşman etmedi. Aglamadam-eňremedem, bilini berk guşady-da Gülnar bilen meýdan işine gidiberdi. Ine, ol bu günem Nurmyradyň öýlenjek habaryny eşitdi. Ýüregi howlap, otly köýnek geýse-de, Sähra bu habara gaty bir ynanmajak boldy. Ir bilen onuň işe aýagy çekmedi. Öýe-de sygmady. Gussadan ýaňa ýarylyp gelýän ýüreginiň urgusyna çydaman daşaryk çykdy. Sähra üçin durmuşyň bütin eşreti Nurmyrat bilen giden ýaly boldy. Ol edil gapylaryndaky gojaman tuda ýaplanyp otyrdy. Dogup gelýän Günüň şöhlesi tuduň ýapraklaryna düşüp, bütin älem gyzyň gözüne altyn öwsüp duran ýaly boldy. Gün şöhlesi Sähra: „Gam çekme, wepasyz ýar gam çekeniňe degýärmi? Aýdym aýt. Sesiň daglardan aşsyn. Mert bol” diýýän ýaly onuň ýüzüne düşüp, gyzyň gara bulut örten ýüzüni ýagtylandyrdy. Sähra birneme kuwatlanýan ýaly bolup, hol uzaklara, asman bilen zeminiň birleşýän ýerine seretdi oturdy. Birdenem gyzyň hyýalynda Nurmyrat hol uzaklardan magallaklap görünýän baýyrlaryň üstünden saldamly ädimläp, özüne tarap gaýtdy. „Men seni bagyşlap bilemok, Nurmyrat!” Sähranyň gözýaşlary özünden biygtyýar düwme-düwme bolup, alma ýaly ýaňaklarynyň üsti bilen syrygyp gaýtdy. Sähranyň körpe jigisi, Tyllajygam onuň yzynda tirkeşip daşaryk çykdylar. Gelip hersi bir egnine ýapyşyp, egilip-egilip onuň ýüzüne seretdiler. Tyllajyk pökgüje eljagazalary bilen Sähranyň goşarlaryny ýowaşja sypady. Bu duýgudaşlykdy. – Sähra, sen aglaýarmyň? – diýip Güller kemşerdi. – Ýok, ýok, jigim jan, siz barkaňyz, menem heý aglarynmy? – diýip, olaryň hersini bir goltugyna alyp, bagryna basdy. Ahyrda Sähra gözýaşlaryny süpürip, jigilerini öýe saldy-da Nabat daýzanyň ýanyna ugrady. Ejesinden weli bu habary gizledi. Nabat daýza Sähra üçin syryny paýlaşýan jorasydy. Hem her ädimde maslahat berip duran, gyssananda ýetmezini ýetirýän halasgäridi. Sähra-da juda bir çykgynsyz ýagdaý bolaýmasa, olara kän azar berenokdy. Sähra baranda Nabat eje bir halta ýüňi ýanyna alyp ýüň darap otyrdy. Nabat ejä gözi düşenden Sähranyň bokurdagy dolup, ajy gözýaşlary gözünden syrygyp gaýtdy. Ol hernäçe mertlige saljak bolsa-da başarmady. Allaniçigsi bolup, goňşusy daragyny taşlap ýerinden galdy. Sährany töre geçirip, özem alkymynda oturdy. Gyňajynyň çowy bilen Sähranyň gözýaşlaryny süpürdi: – Sen mertsiň-le, Sähram. Aýt hany, näme boldy? – Nurmyrat öýlenýärmiş, Nabat daýza – diýip, Sähra zordan gürledi: – Ýalandyr. – Çyn-da, şol Nabat daýza, çyn. Elin adamdan eşitdim. – Bolaýypdyr. Çyn bolsa – diýip, öňem şolardan eden tamasy çykman, jany ýanyp ýören Nabat daýza ýüregindäkini aýtdy: – Geçenden geçerler. Idemedi. Idelmez ýaly sende näme ýazyk bardy. Ne gözel ýigitler seni henizem depesine täç etjek. Gadyrsyzyň ýanynda bigadyr bolup, şol bagtyňy baglap otyrsyň. Seň şol adamyňy öwselerem, kim nämä diýse, agzyna aňalyp oturan „peýdasyz perişde”. Gördi-bakdy, ýagşylyk bilen ýol alyp bilmedi. Baýdak ýaly gelin ýoluňa bakyp oturar-da depirenmezmi bir adam. Ýüregi sende bolsa köwlenmezmi? Heý, toba, men-ä şoňa näme diýjegimi bilýän däldirin. Sataşan soňam idip ýörmeli bolaýmasaň – diýip, Nabat daýza şol bir gaýtalaýan pikirine dolanyp geldi. Her näme diýse-de Sähra boýurganyp oturan soň, Nabat daýza bu gürrüňiň aňyrsyny anyklamagy göwnüne düwdi, özi Nurmyratlaryň goňşularyna tarap gitdi. Ahyrda ol gürrüňlerden ugur-derek tapman, dolanyp geldi. Bolşy-bolşy ýaly edibem Sähra aýdyp berdi. – Senem goýa-gopuz ýok ýerden harasat gopduryp ýörsüň. Goňşularynyň-a habaram ýok, eltiňem – diýdi. Birneme köşeşenden soň Sährada ýene inçe umyt döredi. Agşam Nabat daýza iki maşgala üçinem möhüm bir gowy habar bilen geldi. Onuň ýüzem ýagtydy. Ol Sährany edil gapdaljygyna geçirip oturdyp: – Abadan, senem diňle – diýip göwnündäkini gös-göni aýtdy. – Döwlet jany ur-tut öýereli. Sähra janam jigilerinden soňky gün arkaýyn bolar. — Wah, Döwlet jan göwnemän ýer depip dur. Özüňem habarly ahyryn – diýip, Abadan janygyp düşündirdi. – Göwnemän näme bolupdyr. Ýeriň-gögüň diregi daýzalarynyň gyzy däl. – Senem bir zat diýäýýäň Nabat. Şu ýagdaýda kim bize gyzyny berjek – diýip, Abadan agyrly ýerini tutdy. – Ilçilikdir, tapylar. Tapylmasa, Gülnar jany razy ederis. Döwlet janam „ýok” diýmez. Sähra goňşusyndan beýle habara garaşmandan soň, aňk bolup galdy. Bir haýukdan soň: – Gülnar jan göwnärmikä? – diýdi. Nabat daýza gürrüňi uzaldyp oturmady. – Çakym çak bolsa, razy bolmaly. Kakasam „däl” diýmedi şuňa. Iki maşgala Döwleti öýermek üçin ýene bir gezek synanyşyk etdiler. Ony çölden çagyryp getirdiler. Döwlet gapydan giren badyna saglyk-amanlykdan soň, doganynyňam ýüzi ýagty bolan soň: – Näme, täzelik, Sähra? – diýip, ýylgyryp sorady. – Täzelik uly jigim jan, ýöne ol saňa bagly. Döwlet howlukdy. – Näme ýene bir ýerik gudaçylyga gitmekçimiň. – Ýok-la – diýip Sähra gönüledi. Nabat daýza Gülnar üçin saňa gudaçylyga geldi – diýip güldi. – Näme, näme, bir hili gulaklaryma ynanmajak bolýaryn. Nätdiňiz onsoň habaryny aldyňyzmy? – Senden soraman, habaryny alyp bolarmy? – Beh, çynyňmy? Özleri aýdaýdymy? – Nabat daýzanyň hut özi aýtdy. Gülnar janam razymyş. Hany, sen näme diýjek. – Ýüregimdäkini aýtsam, geň görmezmiň? – diýip, Döwlet bir hili gyzardy. – Aç-açan gürleşäýäris-ä jigim jan. – Onda, Nabat daýza aýdaý, Gülnaryň göwnüni ýykyp bolmaz. Gudaçylyga gelibersinler. Doganlar öz gürrüňlerine özleri gülüşdiler. Begenjine Sähra jigisini gujaklady. Toýuň öň ýanynda Sähranyň oguljygy boldy. Atasy öýünde çagamalaga namys etse-de, Sähranyň başga alajy bolmady. Ol birneme daýanandan soň, toý sähedini bellediler. Toý gününiň öň ýanynda orta ýaşan bir nurana adam bilen bir nätanyş aýal Sähralara geldi. Olar toý goşandy – diýip, az-owlak pul getiripdirler. Öýdäkileriň birem olary tanamady. Nabat daýza olara çaý-suw berdi. Sähra bilen Döwlet toýuň aladasy bilen gerek–ýaragyny almak üçin şähere gidipdiler. Nätanyş aýalyň iki gözi Tyllajykdady. Munam duýdurmajak bolup dert-azara galýardy. Ol gyzjagaza telim gezek lak atdy. Ol gözjagazyny bir enaýyja tegeläp nätanyş aýala seredip goýdy. Soň baryp Abadanyň egnine ýapyşyp durdy. Onuň gujagyndaky çagajygy itip-itip goýberdi. Öýdäkiler gülüşdiler. Dogry-da, Abadanyň gujagy diňe Daýançjyga galmandyr. Abadan agtygyny ýerde ýatyrdy. Şondan soň ýüki ýeňläp Tyllajyk Abadanyň gujagynda oturdy. Myhmanlar tanyşlyk açmagyň ugruny tapman oturanlaryndan soň, toýuň aladasy bilen girip-çykyp ýören Nabat daýza olara ýol arçady. Aýyplaşmazlyklaryny towakga edip, olary tanamandyklaryny boýnuna aldy. –Aý, bizem bir ýat däl, şu maşgalada biziňem şärikligimiz bar – diýip, ýat aýal dillendi. Onýança ýüklenibilenini ýüklenip Aýjahan gapydan girdi. Ol „gel-geç” diýilerine mähetdel abşarylyp töre geçdi. Sähralaryň myhmanlary bilenem salamlaşdy. Içginsiremese-de tanaýan bolarly, olaryň ilen-çalanlaryna çenli soraşdyryp çykdy. Soň: — Hany, Abadan agtyjagymy uzat-la, enesem bir ony görsün – diýip, Aýjahan Abadanyň golaýyna süýşüp bardy. Çagajygy alyp gujagyna gysdy. Ony içgin synlap: – Tüweleme, agynjak kakasy-da – diýdi. Soň ol haly torbasyndan bir giden çaga eşiklerini çykardy: – Ynha, eneň saňa nämejikler getirdi. Sen bezenip-beslenip gezmeli çagasyň – diýip öz başyna gürledi. – Daýanç jan juluň içinde-de adam bolar, Aýjahan. Sen ol eşikleriňi ýygnaý. Men olary alyp galyp bilmen. Ejesi halajakmy, halamajakmy, men ony bilmen – diýip, gudasynyň gürrüňi maňzyna batmadyk Abadan dillendi. – Sylap sowgat getirler-de kim ol halamajak. Agtyk biziňkidir. Ony hossarlaryndan aýryp bilen adam bolmaz. Abadanam gep alyp galmady. – Aýjahan, sen sesiňe bat berip, meniň dek oturan başymy depejek äre berme. Agtyk kimiňkem bolsa, onuň ykbalyny ejesi çözýär. Myhman-mediwan bar, biz beýdip, sanaşyp oturmaly. – Myhmanam ýat adam däl, mediwanam. Agtygymyň ykbalyny kakasy çözer, Abadan. Meni şol iberdi. Abadanam halys jany ýanyp ýüregindäkini aýtdy: – Kim ol kakasy diýýäniň. Biz-ä şu wagta çenli kaka göremizok. Aýjahanyň ýüzi üýtgäp gitdi. Bigünä çaga awusyny pürkdi. – Taşlandy çaga gujagyňda otyr. Namys etseň şoňa et. Onýança dulda oturan nätanyş aýal gozganjyrap dil açdy. Abadana ýetirmedi: – Ol çaga dil ýetirseň agzyň gyşarar, Aýjahan. Ol gaty arassa „men” diýen adamlaryň çagasydyr. Taşlanmaly çaga-da däldir. Halys çykalgasyz ajyndan öldürmezlik üçin hossarlyk edersiň diýip, seň gapyňda goýup gitdim. Perzende zar bolup ýörsüň. Al, diýsem etmersiň. Munam aýdaýyn. Şu çagany görmedimem diýip bilmersiň. Men bukulyp seredip otyrdym. Görüp ýakaňy towlap öýüňe girdiň. Wah, gara gün gursyn. Kimlerden hemaýat isläpdirin. Sen asyl öz agtygyňam ýaňy tanap ýörsüň. Hudaýa şükür, ynha atalary frontdan geldi. Gelnim ölmän zordan aýak üstüne galdy. Agyr gün başyňy alyp durmaýan eken. Açlyk belasyndan gutuldyk. Geýmesegem, iýmäge taparys. Biz şu çagany idäp geldik. Ol meniň agtyjagym. Hudaýym görjekleri gowy bolsun. Berseler taňryýalkasyny bilen alyp gitjek. Bermeseler zarymyz bar, zorumyz ýok. Gelnem göresi gelse geler durar. Öňem bu çaganyň düşen ýerini bilemiz soň, ogryn-dogryn görmän duramyzok. Bu aýal Nurmyradyň atasynyň aýal doganynyň gyzy eken. – Bumat her kim özüniňkini ekläp bilenok. Bizden her öňýeten tamakin – diýip, Aýjahan utanman, müýnürgemän awuly dilini ýetirdi. Aýjahany tananlaryndan soň hiç kimden ses çykmady. Şäherden gelen Sähra gaýyn enesiniň gelenine begense-de, oňa barmysyňam diýmedi. Ol edil ýok ýaly girdi çykdy, ýördi. Abadan Sährany Tyllajygyň ene-atasy bilen tanyşdyrdy. – Onda biziň öýümizde iki toý tutuljak-da – diýip, Sähra olar bilen gadyrly görüşdi. Döwlet bilen Gülnaryň toýuna obanyň ýerden ýöräni geldi. Sährany uly il sylady. Toý güni guýrugy degirmen ýaly bir goýny, bir halta un hem gapdalynyň ýagy bilen bir ýigit Sähralaryň gapysynda düşürdi. – Muny kim iberdi? – diýip, toý söwüşiniň nireden gelenini çaklasa-da, Nabat daýza osmaklatdy. – Aý, munam iberdiler-dä! – Iberen bolsalar gaty gowu-da. Ýöne sen, gitme dur, men Sährany alyp geleýin, geler weli oňa düşündir. Nabat daýza yzyna öwrülmänkä ýigit yzyna seretmän arabasyny şakyrdadyp sürüp gitdi. „Özüňjik gelip, toýuňyz gutly bolsun!” diýäýmeli dälmi?. Sähra janyň göwni biterdi-dä?” diýip, Nabat daýza başyny ýaýkady. Toýdan soň, Sähranyň birneme ýüki ýeňledi. Aýjahan at tezegini guratman Abadanlara gatnap başlady. Ýüz berselerem geldi, bermeselerem. Sähra weli diňe Nurmyrada garaşdy. „Özüňjik ötünç sorap gelersiň”. Menem Daýanç janyň hatyrasyna yzyma dolanaryn. Arassa kalbymdan, päkize ýüregimden dörän, ýalňyz saňa baglanan söýgümiň hatyrasyna men yzyma dolanaryn. Şirinjemal GELDIÝEWA. | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |