05:02 Şahyryñ kämillik kitaby | |
ŞAHYRYÑ KÄMILLIK KITABY
Edebi tankyt
Şahyr Atamyrat Atabaýewiñ öñki neşir edilen kitaplary "Diýarym", "Seni söýmedik bolsam" atlandyrylyp, il-gününe çäksiz wepaly, mukaddes topraga egsilmez söýgüli bir zehinli şahyryñ ýüze çykandygyny ynançly habar beripdi. Şahyryñ "Çuñluk" kitaby özüniñ möçberi taýyndan hem, mazmuny-hili taýyndan hem, kämil şahyranalygy taýyndan hem awtory bir gez beýgeldip, onuñ kämil döredijiligi baradaky düşünjäni ykrar etdi. Öñki kitaplarynda käte şahyryñ ýetginjeklik, ýigitlik ýelgininiñ owazlary bilen utgaşyp gidýän sesini eşiden bolsak, A.Atabaýewiñ täze kitaby durmuş mekdebindenem eýýäm ýeterlik sapak alan, özüni her taraplaýyn kebşirleýän, özünden talaby güýçlendirýän işeññir şahyryñ ýetişendigini duýdurýar. Onum bu kitaby şahyryñ döredijiligindäki tematik aýratynlyklary, özboluşlyklary barada-da okyjyny köp maglumatlar bilen habarly edýär. Biz kitaba göz aýlap, onuñ soñky döwürde jogapkärçilik bilen uçursyz öndümli işländigini añýarys. Dürli göwrümli, dürli ölçegli liriki goşgulardan emele gelen goşgular kitaby ýörite gürrüñ edilmegine mümkinçilik berýär. A.Atabaýewiñ "Çuñlugy" dürli döwürleriñ dürli temaly goşgularyny öz içine alýan goşgularyñ ýygyndysy däl-de, şol bir liriki gahrymanyñ içki oýlanmalaryny, daşky sreda bolan akylly-başly gatnaşygyny hem garaýşyny, onuñ şygyrsaýyn ösýän syýasy hem graždanlyk sypatlaryny ýüze çykarýan goşgularyñ kitabydyr. Munuñ şeýledigini kitabyñ strukturasy hem äşgär edýär. Kitap dört bölümden durýar. Aýry-aýrylykda alnanda şol bölümleriñ özi hem şahyryñ dünýägaraýşy barada gutarnykly bir zady aýdyp bilýär. Şonuñ özi hem goşgular kitabynyñ agramyny kesgitleýär. Atamyradyñ liriki gahrymanynyñ durmuşa, ýaşaýşa, döredijilige egsilmez söýgüsi bar. Her bir pursadyñ gadryny bilip, öz yhlasyny şoña bagş edýän liriki gahrymanyñ şol häsiýetine kitapdaky goşgulary okan mahalyñ göz ýetirmek kyn däl. Şeýle-de bolsa ony has aýyl-saýyl duýmaga şahyryñ özi hem kömege gelýär. Kitabyñ başynda ýerleşdirilen "Golda meni" goşgusy şol maksat bilen öñe saýlanypdyr diýsek, ýalñyş bolmaz. Goşguda her bir döredijilikli, manyly ömrüñ orta çykyş, onuñ duşýan garşylyklary we kynçylyklary, kynçylygy ýeñmek, yhlasyñ hem päkizeligiñ uly güýçdügi, şeýlelikde, kämil, dörediji şahsyýetiñ kemala gelşi, sungatyñ ebedilige öwrülişi dogruda çynlakaý pikirler aýdylýar. Bu bolsa, biziñ pikirimizçe, kitabyñ esasy mazmunydyr. Kitabyñ birinji bölüminde şahyr Beýik Oktýabran W.I.Lenine, mähriban Watana, ene topraga we ş.m. çeper sözüñ hemişelik mukaddes temalaryna bagyşlanan şygyrlaryny ýerleşdiripdir. Lenin hem Oktýabr barada sowet edebiýatynda uçursyz köp eserler döredildi. Bu türkmen edebiýatynda hem şeýledir. Bu temalara her bir şahyr özüçe öz ýürek mährini beýan etdi. A.Atabaýewde-de ol şeýle bolup çykypdyr. Şahyryñ Oktýabryñ altmyş ýyllyk ýubileýine bagyşlap ýazan goşgular toplumy-da, "Lenin muzeýinde" goşgusy-da onuñ liriki gahrymanynyñ özgelerden saýlanyp duran sesini duýarlykly aýan edýär. Şahyryñ bütin poeziýasynda mahsus bola hyjuwlylyk, düşnükli we anyk sözlülik bu goşgularynda has aýdyñ bildirýär. Awtor toplumyñ birinji goşgusyny: Şeýdip bu şygryma nokat goýdum men, Soñ goşgyma gerek boldy sözbaşy. Ýazdym ýürekdäki yhlasym bilen: Oktýabr - Bagtymyzyñ gözbaşy! - diýip, jemlese-de, şol yhlas goşgynyñ ilkinji setirinden başlanýar. Ol özboluşlylyk bilen dowam edip, beýleki goşgularyñ hem süññüne siñýär. Watanymyzyñ abraýyny hem bakylygyny bütün dünýäniñ öñünde äşgär edýär. Şu Watanyñ perzendiligi üçin liriki gahrymanyñ sesi-de has buýsançly hem ýakymly eşidilýär. A.Atabaýewiñ bu goşgulary aýratyn ýakymlylygy bilen biziñ edebiýatymyzyñ "Oktýabr kitabyna" girizen gowy goşgularydyr. Şeýle pikirleri "Lenin muzeýinde" goşgusy barada hem çekinmän aýtsa bolar. Lenin temasyna bolan söýgini hiç bir şahyrda-da egsik diýip bolmaz. Ýöne ony şahyrana beýan etmek ol zehiniñ hem ukybyñ kuwwatyna bagly. "Lenini ýaralan şol gara gülle", onuñ maksady hem takdyry hakda söz açýan goşgynyñ awtory bu ýerde-de ezberligi bilen tapawutlanýar. Çuññur syýasy mazmuny bolan goşgy şahyrana detallaryñ, öwrümleriñ sowatly ýerbe-ýerligi bilen şahyryñ öz keşbini görkezýär. Okyja poemalyk maglumat berýär. Awtor kitabyñ şu bölümindäki goşgularyñ birnäçesinde topraha bolan söýgini, onuñ gymmaty dogrudaky pikirlerini okyjynyñ añyna näziklik bilen ýetirse, beýlekilerinde Watan hem watançylyk hakdaky düşünjäni özüçe çuñlaşdyrmaga çalyşýar. Şahyr "Halkym", "Iliñ mesgenine gaýra dur diýip", "Garagum bir bitin çörege meñzäp", "Ýürek" ýaly goşgularynda ynsan üçin hemişe mukaddes bolan agzybirlik, ýürekdeşlik, birek-biregiñ hormatyny saklamak ýaly adamkärçiliklikli ideýalary öñe sürýär. Goşgularyñ liriki gahrymany ýokarky pikirleriñ içi bilen mukaddes topragyñ bitewiliginiñ, ynjamazlygynyñ aladasyny edýär. Şol goşgularda şahyr halkymyzyñ bozulmaz agzybirligine, mäkäm internasional garaýşyna kepil geçip, bir goşgusynda: Olar bölüşmegi halamaz asla, Topragy - ýeke-täk ullakan bagty (20 sah.) diýip, buýsanjyny beýan etse, beýleki goşgularynda şol agzybirligiñ bozulmaz esaslaryny wasp edýär. Liriki gahrymanyñ özüniñ hem hemişe şol birligiñ goragyndadygyny aýdýan sözlerini eşideninde, oña ýürekden ynanýarsyñ. Çünki ol düýşünde-de şol birlige çala zeper ýetjek bolanda (23 sah.) "Jigerim jigledi, janym jowrandy" diýýär welin, onuñ niýeti äşgär bolýar. Şol bölümde ýerleşdirilen "Atabaýewiñ gaýdyp gelmegi", "Ýok meniñ" goşgularyny aýratyn belläsimiz gelýär. Türkmen halkynyñ şöhratly ogly Gaýgysyz Atabaýewiñ hatyrasyna ýazylan goşgy käbir ýagdaýda süýndürilip umumylyga uçrapdyr diýmeseñ, ol kitapdaky goşgularyñ iñ gowularynyñ biridir. Munda liriki gahrymanyñ dünýägaraýşynyñ giñligi, wakalardan çykarýan netijeleriniñ sagdynlygy, ligiki yzygiderliligi okyjynyñ pikirine gowy täsir edýär. Aram-aram il oglunyñ täzeden, Gaýtalanyp gelmesi bar zemine. Aýry-aýry ýaman adamlar üçin, Olar kine edip ýörenok ile. Taryhy gowy bilýän adamlar üçin gürrüñ näme hakda gidýändigini ýatladyp durmagyñ geregi ýok bolsa gerek. Bu ýerde şahyr bir tarapdan taryhdaky uly pidalara sezewar eden ýalñyşlyklara gaýtadan gynansa, şonda gurban bolan şahslara hormat beslese, başga tarapdan şeýle ýalñyşlyklara ýol berjek bolup duran "aýry-aýry ýaman adamlardan" ägä bolmalydygyny ündemäge çalyşýar. Munuñ özi çeper sözüñ adamzat hakdaky hemişelik aladasyna utgaşyp gidýär. Eseriñ esasy manysy hem şondan ybarat. Atabaýewiñ: Aslym toprak, şonuñ üçin ne gumly, ne dagly men, Öz ilimden, Watanymdan aýry zadym ýok meniñ. diýen ýaly şahyrana lezzetli setir bilen jemlenýän "Ýok meniñ" goşgusynda, köplenç, döredijilik yhlasy dogrusynda gürrüñ gidýän ýaly bolsa-da, munda şahyryñ liriki gahrymanynyñ ýokary watançylygy hem graždanlyk sypatlary umumylaşdyrylyp teswir edilýär. Belki, şeýle bolansoñ hem bölüme jemleme şekilinde ýerleşdirilendir. "Çuñluk" kitabynyñ ikinji bölüminde şahyr esasan, durmuş hakdaky, dünýä baradaky oýlanmalaryndan emele gelen goşgularyny ýerleşdiripdir. Bu ýerde eşret, baýlyk çeşmesi bolan zeminiñ agraslygy, toprak bilen ynsanyñ gatnaşyklary baradaky oýlanmalary-da ("Zemin"), gözelligiñ durmuşdaky orny hem täleýi baradaky pikirleri-de ("Awçynyñ gürrüñinden") okaýarsyñ. Onuñ durmuş meselelerine özbaşdak baha kesişini oñlaýarsyñ. Şeýle synçylyk, duýgurlyk bir-iki goşguda çäklenmän, ol goşgysaýyn kämilleşip, tutuş şol bölümiñ mazmunyny emele getiripdir. Şahyryñ "Bürgüt gözleri", "Bürgüt temasyna wariasiýa", "Gar", "Çuñluk" ýaly goşgularyny okanyñda, şol pikiri ýene tassyklaýarsyñ. Çünki aýry-aýry synçylyk bilen dörän setirler umumyadamzat pikirine utgaşyp gidýär. Ol bir ýerde: Gör, bu beýik aklygy bozmaga dözmän, Hatda gizlenipdir gara gargalar. - diýip, durmuş söýüjiligi ykrar etse, "Çuñluk" goşgusynda: Deñiziñ üstünde gopýardy apat, Ýöne deñziñ düýbi ýatyr parahat. ýaly pikirler bilen durmuş gapma-garşylyklary baradaky pikirlerinden filosofik jemleme çykarýar. Atamyradyñ goşgularynyñ köpüsinde agdyklyk edip, onuñ döredijilik keşbini emele getirýän bir täri bellemezlik mümkin däl. Ol hem şahyryñ öñe sürýän pikirlerini sungat eserlerine öwürmek häsiýetidir. Şeýdip hem goşgularyna liro-filosofiki duýgulary mümkin boldugyça, sadalyk bilen ornaşdyrmaga çalyşýar. "Kämillik", "Leýlisaç", "Garrylyk", "Suwy asman ýaly dup-dury derýa" ýaly goşgulary okanyñda, şol häsiýet aýratyn göze ilginç. Kitapda şahyryñ sadalyk bilen beýan eden adam häsiýetleri, gatnaşyklary bilen baglanyşykly dörän ençeme goşgusyny okamak bolýar. Agy-garany saýgarmaga ýetişen şahyr bu goşgularda-da öz durnukly pikirini aýtmaga çalyşýar. Ine, bir bentlik goşgy: Bagtly günüñde dörän dostlugyñ, Kyn günüñde ýan bermegi mümkindir, Ýöne kyn günüñde dörän dostlugyñ Doganlyk däldigne ynanmak kyndyr. Makullamazlyk mümkin däl. "Çuñlugyñ" üçünji bölümini düzýän goşgular, esasan, söýgi lirikasyna degişli goşgulardyr. Bölümiñ başyndaky käbir goşgularda liriki gahryman şahsy pikirleri, özüne ýakyn bolan ýaşlyk oýlanmalary bilen okyja golaýlaşýar. Soñra şol pikirler ösdürilip, timarlanyp, söýgi hem ahlak, söýgi hem maşgalanyñ durnuklylygy ýaly her bir okyjy üçin gyzykly bolan meselelere aralaşyp gidýär. Ýaşlyk yhlasy hem hyjuwy bilen dörän bu goşgularda liriki gahrymanyñ kalby has hem äşgär görünýär. Şu pikir ilki bilen, onuñ "Yhlas" atly sonetler çemenine degişli. Boýdan-başa uly hyjuw, zehin siñdirilen bu eser, dogrudan hem, hakyky yhlasyñ miwesi bolupdyr. Şahyryñ eserdäki ähli öñe sürýän pikirleriniñ içinden geçýän ideýa şol bir obýektiñ - ynsanyñ bütin ömründäki ýaşaýşa yhlasly garaýşynyñ töwereginde çugdamlanýar. Şahyr ähli sonetler boýunça ösýän pikirini: Bu hakykat. Men ynandym bir zada, Yhlas ahyr elter eken myrada - diýen setirlerinde jemläp, esere dogry kesgitleme berýär. Soñra bolsa biz kitapdan yhlasly söýginiñ netijesi baradaky goşgulary okaýarys. Bu ýerde ýaş ýigidiñ ilkinji duýgusy bilen baglanyşykly "Klasdaşlaryma" ýaly original goşgular-da, soñra şol söýginiñ maksada golaýlaşyşy barada ýazylan şygyrlary-da okyjyny ynandyryp bilýär. Bir zady ýörite nygtamaly. Olam liriki gahrymanyñ söýgüsiniñ juda arassalygy hem çynlakaýlygy. Ol her edip, hesip edip, şol söýgüniñ çynlakaýdygtny ynandyrmaga çalyşýar. Erjellik bilen öz niýetini aýan edýär. Bu, elbetde, oñlamaly hereketlerdir. Ýyrtyp oda taşlap ýazan şygrymy Söýgimi özüñde saklasañ bolýar (111 sah.) diýip, sabyrlyk bildirse, soñra: Meniñ üçin tumaram sen, doga-da, Seniñ bilen howadyr bu howa-da ("Saña") - diýip, şol hötjet söýgüsini has belende göterýär. Çyn söýginiñ mertebesiniñ beýikdigini, ony ýürek bilen goramalydygyny, yhlaslylyk baradaky pikir-düşünjesine wepaly bolýar: Çünki söýgi juda beýik zat bolýar, Kiçelenñe degýär onuñ önünde. Atamyradyñ söýgi we durmuş meselesine örän inçelik bilen garaýan medeniýetli liriki gahrymany bar. Ol ýokarky ýaly parasatlt pikirlenip, gerek ýerinde öte geçýän söýgüli gyzy bilen aç-açan dözümli gürleşmegi başarýar. Durmuşyñ oýun däldigini düşündirmäge çalyşýar. Okyjy hem ony goldaýar: Köp gezdim diñe señ adyña uýup, Soñ örtendim ýürek bir zady duýup (120 sah.) ýaly pikier bilen yhlasa dogry garamadyk wagtyndaky nägilelik duýdurylsa, käbir beýleki goşgularynda has dözümliräk, gatyrak sözleri aýtmakdan hem çekinenok. Okyjy onuñ bilen hem razylaşýar. Çünki liriki gahrymanyñ bu aladalarynyñ maşgalada mylakatlt hem agzybir ýaşaýşyñ hatyrasynadygy belli ahyry. Sowukganlylyk bilen düşünişmek oñaýly netije berýär. Liriki gahrymanynyñ yhlasy hasyl bolýar: Güldüñ, soñra öten güne ökündiñ, Gülmediñ sen meni aldamak üçin... Başa düşen gam-hasraty ýeñmäge, Ýylgyrmak ýeterlik ekeni, näzlim. Okyjy bu ýagdaýy hem oñlaýar. A.Atabaýewiñ poeziýasynda söýgi lirikisyna degişli goşgular sanardan kän. Olar hakda aýry-aýrylykda çintgäp gürrüñ etmek mümkin däl. Ýöne şol goşgularyñ köpüsiniñ ýürege ýakynlygy bilen hemişe ýaşaýşa ukyplydygyny aýtmak gerek. Okyjylaryna durnuklylygy, erjelligi, sabyrlylygy, ruhubelentligi ündeýän şol goşgular "Çuñlugyñ" hem esasy mazmunyny düzýär. Atamyradyñ çeper döredijilik, sungat hem sungat adamlary baradaky goşgulary kitabyñ soñky bölümine ýerleşdirilipdir. Awtor şygyr sungaty dogrusyndaky goşgularynda özüne has ýakyn bolan bu senediñ kynçylyklary hem mukaddesligi, onuñ häsiýetiniñ galplyga hem geleñsizliklere sygyşmaýandygyny nygtamaga çalyşýar. Bir goşgusynda (172 sah.) şahyryñ liriki gahrymany halys ýüregini açyp, "hakykat iru-giç aýdylmalydyr" diýip: Çigit ýaly gaplyk eden mahalym Diñe öz ynsabym çyksyn öñümden - ýaly pikirleri bilen öz öñünde programmalaýyn mesele goýýar. "Kyn zat", "Maña baha beriñ", "Şahyr sarpasy", "Göýä bir-bire...", "Ulaltmajak boldular", "Miras", "Şygryñ gözleri", "Kämahallar çuññur oýa gidýärin" ýaly gönüden-göni çeper sözüñ mertebesine bagyşlanan goşgulary okanyñda, onuñ wadasyna wepalydygyna guwanýarsyñ. Bu goşgulardan kiçi göwünlilik, umytlylyk, adamlaryñ sarpasyny saklamak ýaly gowy, şahyrda bolup biläýjek häsiýetleri synlaýarsyñ. Goşgy ýiti durmuş ýaragyna öwrülýär. Ol adamlara göreşde ýeñmäge, oýunda utmaga, tutanýerli we umytly ýaşamaga ýardam edýär. "Şygryñ şakäse deý iki gözi bar". Şol gözlerem alyslary, beýikligi, çuñlugy görmäge kömek berýär. Ýitigözlülik adama hemişe üstünlik, ýeñiş getirýär. Ine, onuñ şygryýet hakdaky goşgularynyñ manysy. Özem şahyr her hal bu goşgularyny-da adam ykballary, durmuş gatnaşyklaryny bilen içgin baglanyşdyrmaga çalyşýar. Şu häsiýetiñ sungat adamy üçin tapylgysyzdygyny, döredijilik adamyny bakylyga öwürýändigini "Miras" şygrynda-da, Magtymguly Garlyýewiñ, Girman bagşynyñ ýadygärligine ýazan, Ödenyýaz Nobatowyñ mertebesine bagyşlan goşgularynda-da telim gaýra teswirlenýär. Bularyñ ählisi zähmetsöýer şahyryñ çeper söze, sungata, ussatlara goýýan sarpasyny alamatlandyrýar. Elbetde, kitapda gürrüñi edilmäge degişli goşgularyñ, şahyrana duýgularyñ, setirleriñ köpdügini biz öñem belläpdik, ýene-de gaýtalaýarys. "Çuñluk" kitabynyñ şeýle üstünlikleri bilen birlikde, käbir kemçilikleriñ hem bardygyny aýtmak gerek. Biz başda kitabyñ bölümlere bölüniş strukturasyna şowly diýipdik. Şeýle-de bolsa ikinji, üçünji bölümlerdäki käbir goşgularyñ ýeri özgerdilse, kem bolmajak ýaly. Üçünji bölümdäki "Klasdaşlaryma" çenli bolan goşgulary, sonetler çemeni bilen birlikde, ikinji bölümiñ ahyryndaky söýgi goşgulary bilen çalşyrylmaly ekeni. "Çuñlukda" Atamyradyñ mümkinçiliginden pesräk käbir goşgularyñ, aýry-aýry gowşak setirleriñ, bentleriñ bardygy gynandyrýar. Onuñ "Garry oýnasa", "Bir zaman bir ýigit", "Gijäñiz rahat bolsun", "Dert", "Ýa bu bir menzile ýetildigimi", "Goşguda ýüregi orta goýmaly" ýaly käbir goşgular gowy setirleriñ bardygyna garamazdan, gowuşgynsyz, manylary howaýy. "Gowy goşgynyñ ykbaly", "Düşün, dostum, düşün" ýaly goşgularynda şahyr haýsydyr bir gürrüñ arasynda ýüze çykan nätakyk pikiri tutaryk edinip (şu häsiýet onuñ käbir beýleki goşgularynda-da bar), durmuşy häsiýet bermäge çalyşýar. Gowy eser hakda söz açyp, "Gowy şahyrlary ogurlaýarlar" diýip, goşgyny jemleýär-de rahatlanýar. Aslyýetinde beýle däl. Sebäbi gowy zady ogurlajaklar kän, ýöne olara garşy berk göreşmeli. Gözelligi goramaly. Beýleki goşgusynda ömrüñ manysyz geçmezligi ugrunda çalyşmagy ýatlatmak üçin, "Sen ölüm bardygyny ýadyña düşür" diýip, goşgynyñ her bendinde nygtaýar. Hatda bu setiri goşgy gutaransoñ, aýratynlykda-da ýazyp goýýar. Beýle edilmegini oñlamaly däl. Beýleki goşgularynda şahyryñ öz ýazyşy ýaly, sungat eseri, kyn pursatda-da ýaşaýyş ýatlamaly, durmuşa höwes döretmeli. Meşhur Gara Seýitliýewiñ şu maksat bilen ýazan: Ýöne adam ýürek ýaly bolmaly, Ýürek hiç wagt ölüm bardyr öýdenok - setirlerini ýatlanyñda göwnüñ giñeýär. Ol mamla. Atamyradyñ medeniýetli liriki gahrymanynyñ bardygyny ýatlapdyk. Umuman, bu pikir onuñ tutuş poeziýasyna degişlidir. Şeýle-de bolsa, kähalatlards şol gahrymanda-da käbir säwlikler añylýar. Olam onuñ çeper döredijilik bilen baglanyşykly pikirlerinde şeýle. Çeper sözüñ abraýy, güýji dogrusynda akyldar, belli söz ussatlary aladalanyp, öz pikirlerini aýdypdyrlar. Ýöne olar hiç mahal birek-biregi kemsidiji, igençli sözleri aýtmandyrlar. Beýik Magtymgula çenli kiçi göwünlilik bilen "sana goşulmagyñ" aladasyny edipdir. Emma biziñ soñky döwür poeziýamyzda şol endik bozulyp barýar. Galamdaşlaryna kemsidiji pikirleri aýtmagy käbir şahyrlar ýörelgä öwrüp barýarlar. Şu häsiýetiñ Atamyradyñ döredijiligine-de aralaşyp ugranlygyng duýdurasymyz gelýär. Kitapdaky "Şahyr bolman şahyrsyrap ýazýanlar" (166 sah.), "Goşgy ýazyñ, arza ýazyp ýörenler" (134 sah.), "Şygry gazanç çeşmesine öwrenler" (183 sah.) ýaly pikirleriñ üstüne "Men diñe poeziýa bilen oñaryn: "Goý, özgeler özge zat bilen oñsun" diýen ýaly düşünjelerem goşsañ, onuñ özüne igenesiñ gelýär. Howaýy, artykmaç gürlemek ýaly häsiýetler hiç kime abraý getirmändir. Atamyradyñ hem liriki gahrymanynyñ şeýle häsiýetlerden düşünjelilik bilen saplanjakdygyna ynamymyz bar. Umuman, zehinli hem ukyply şahyryñ kämilligini habar berýän kitaby, ujypsyz säwliklerine garamazdan, okyjylaryñ söýgüsini gazanjakdygyna şübhämiz ýok 1980 ý. Begmyrat USSAÝEW. #sowesjenpoeziya | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |