02:55 Siziñ üçin... / satiriki hekaýa | |
SIZIÑ ÜÇIN... / Telegepleşige wariasiýa
Satiriki hekaýalar
Mamur eje aşhanadaky işlerini birýan ýüzli edişdirdi-de, telewizorly otaga geçdi. - Annaş, aýu Annaş-a, geleweri köşek, multik başlajak bolýa - diýip, ol eýwanda nämedir bir zatlara güýmenip oturan agtygyny çagyrdy. Multik sesini eşiden Annaş şol bada telewizoryñ öñünde joñkardy. Çagalaryñ söýgüli dosty Aman daýy ýyljyraklap ekranda peýda boldy. - Agşamyñyz haýyrly bolsun, gadyrly körpeler! Hawa, hemmämiz mawy ekranyñ başyna üýşdüñizmi? Berekella! Gyk-bagyñyzy goýuñ-da, ümsümje oturyñ. Garagolluk etseñiz, ejeñiz gulagyñyzdan çeker. Umuman, uly adamlaryñ gaharyny getirmäñ, birden gyzmalyk edip, olaryñ telek iş etmekleri mümkin. Onsoñam, olar size erbetligi ündänoklar ahwetin. Be, heniz bolup bi Towşan gelmedi-le, gözümiz ýoluñda galdy. Soñky döwürde şoñam bir hili nejisligi çykypdyraý. Ynha, gelensoñam ýolda o boldy, bi boldy diýen bolup muşakgat baryny ýagdyrar. Baý, adamlaram, wiý bagyşlañ, towşanlaram bahana tapmaga ökdeläpdirler-aý. Gadyrly körpeler, üns berýän bolsañyz, soñky döwürde öz telewizorlaryñyzyñ ekranynda Tilkini görýän dälsiñiz. Görmersiñizem. Sebäbimi? Sebäbi ol baryp ýatan melgun, has dogrusy, zypduryn ýalançy. Söz berýär-de, beren sözünde-de tapylanok, käbir ýolbaşçylar ýaly. Onuñ ýüpüniñ üstünde odun goýarlygy ýok. Şondan ötri, biz ony telewizora çykarmaklygy müwessa bilmedik. Olar ýalylary gaýtam "Ýartygulakda" ýepbeklemeli. Be-e, walla, heniz bolup, bi haram ölmüş Towşan gelmedi-le, salpy gulak. Näme bolduka oña? Onuñ özüniñ gelmänem hiç welin, ol sizi multfilmsiz goýarmykan öýdüp gorkýan, prokatdan şol getirmelidi lentany. Bu bolşy bilen Towşan bilenem basym bellisini etmeli bolarmykan öýdýän. Wah, beýle boljaguny bilen bolsam, bu ýumşy Köşejige buýrardym. Çagalar, wagtymyzam azalyp barýar. Geliñ, gowusy, men size birje erteki aýdyp bereýin. Her gün multik görübem ýadansyñyz. Onda näme, gürleşdikmi?! Hawa, bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda dag etegindäki obalaryñ birinde Mergen atly bir pälwansypat, görmegeý ýigit bar eken. Onuñ gözüni açyp göreni daýhançylyk bolupdyr. Günleriñ birinde ol gowaça eker ýaly kärendedine ýer aljak bolup, şol obanyñ ketdesininiñ ýanyna barypdyr. Gürleşipdirler. Başda işib barşy erbedem bolmandyr. Gowaçalar günsaýyn boý alyp ösüpdir. Mergen gök deñzi ýada salýan gowaçaly kartanyñ gyrasynda durup; oña buýsanç bilen seredýän eken. Gowaça-da çaga ýaly bir zat, idegi halaýar. Wagtly-wagtynda bejermeli, dökün bermeli, suwarmaly... Aý, garaz, sanasañ sanap oturmaly, hysyrdysy kän oñ. Mergen gara zähmetini gaýgyrmandyr. Ýöne ynha, bir gün dag tarapdan akyp gelýän suw paýawlapdyr. Onuñ sebäbini bilmek üçin, Mergen obanyñ hojaýynynyñ ýanyna barypdyr. Ese-boýa galan gowaçalaryñ gün-günden saralyp-süllerýändigini zar-zar aglap aýdypdyr, ondan kömek sorapdyr. - Wah, başyña-gözüñe döneýin, köşek. Suw bolsa, bizem sizi şeýdip kösäp ýörjek däl-ä. Ho-ol ilerki Märkew dagyny görýäñmi? Ana, şo ýerde bir gowakda bize gelýän suwy başga oba berip oturan parahor Döw bar. Ol şeýle bir eýmenç, gözleri edil içiñden geçip gelýär. Syrtaryp duran aññy dişleri, depesindäki somalyp duran şahy, bulam-bujar ösgün tüýleri ony hasam aýylganç görkezýär. Onuñ özi bilen-ä däl, hatda onuñ kabulhanasyndaky Aždarha bilenem düşünişmek gaty çetin. Asla, arzyñy diñlänoklar, her gün bir bahana tapyp, yzyña gaýtarýarlar. Olar bilen güýç synanyşar ýalam däl how - diýip, obanyñ ketdesi boýur-boýur gözünden ýaş döküpdir. Bu habary eşiden Mergen özi ýaly daýaw, atly-ýaragly ýigitlerden ep-eslisini töweregine ýygnap, niredesiñ Döwli gowak diýip ugrapdyr. Aždarhadyr Döw bilen birnäçe güne çeken ganly çaknyşyk Mergen dagynyñ peýdasyna gutarypdyr. Şondan soñ oba ilaty hiç wagt suwdan kösenmänmişin. Hawa, bu waka gadym döwürde bolup geçenmiş. Indi biziñ aramyzda olar ýaly parahor wagşy Döwdür, Aždarhalar ýok. Ýöne, olara derek ýakasy gaýyşly býurokratlar bar. Ine, şolar welin, ýañky ýyrtyjylardanam erbet... Towşanam gelip ýetişmedi. Ýa oña-da bir býurokratyñ biri sataşaýdymyka? Film bermän kösän bolaýmasynlar. O barada indiki gepleşigimizde size hökman aýdarys. Häzirlikçe hoş sag boluñ. Rahat gijäñiz, gadyrly körpeler! Mamur eje agtygynyñ ýerini salyp berdi. Annaşjyk kellesini goýan badyna myrlady. Onuñ uklanam şoldy welin, birden çirkin gygyryp oýandy. - Waý, eje jan, gorkýan. Wä-ä... Mamur eje agtygynhñ başyny sypady, ony köşeşdirjek boldy. - Goýaweri köşejigim. Ynha, ýene-de iki günden ejeñ bilen kakañam geler kurortdan. Me hany, bir owurt suw iç. Düýşürgediñmi? Nämeden gorkduñ? - Býurokratdan, i-iii... - Hýäk, haram boýny oñrulmyş býurokrat. Çagajagymyñ ýüregini ýarypdyr-da. Goý sesiñi, aglama. Men oñ garnyndan çiş geçirerin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |