21:15 Suratçy / satiriki hekaýa | |
SURATÇY
Satiriki hekaýalar
Üzüm dalbarynyñ salkyn saýasynda serlip ýatan Sylap başujundaky spidolanyñ sesini birneme gataltdy. Gulaga ýakymly aýdym onuñ göwnüni göterdi. Aýdyma goşup sykylyk atdy. - Salam, ýaşuly - diýip, Sylabyñ aýagujundan eşidilen ses onuñ gulagyna-da ilmedi. Ysgynsyz çykan sesiñ eýesi elindäki mähnet sumkasyny ýerde goýdy. Jübüsindäki elýaglygyny çykaryp, derini syldy. Ol Sylabyñ başujuna dykylyp bardy-da ardynjyrady. - Ýaşuly, salawmaleýkim! Sylap ses gelen tarapa öwrüldi. Garşysynda salgym ýaly bolup duran oglany synlady. Ol inçeden şilliñ uzyndy. Içinden öl geçýäne meñzänokdy. Sähel güýçlüräk tüweleý gelse ony göterip ötägitjek ýalydy. Onuñ kesek gysan terne ýaly inçeden uzyn kellesi şlýapanyñ aşagynda hasam betnyşan görünýärdi. Sylap spidolanyñ sesini azajyk peseltdi-de, nätanyş oglanyñ salamyny aldy. Soñra: - Nähi-laý, inim, şipire kakylýan çüý ýaly bolup gazarylyp dursuñ. Geç, otur, bir käse çaý bereýin - diýip, Sylap myhmana agaç sekiniñ üstünden ýer görkezdi. Ol geçip oturdy. Krylowyñ basnýasyndaky tilki ýaly bulduraşyp duran üzüm salkymlaryna tamşanyp seretdi. Myhman guýlan çaýy içdi. Gözüni diländenem beter edip, ýene-de çäýnege seretdi. - Halypa, sumkañ ýaman uly görünýä welin, näme salgyt dagy-ha ýygnaýan dälsiñ-dä?! Myhman sesini çykarman ýerinden turdy. Baryp, sumkasyny aldy. Sumkasynyñ agzyny açdy-da: - Agam, men salgytçy däl, suratçy. Has dogrusy suraty ulaldýan. Ynha, şular ýaly portret ýasaýan - diýip, bir topar suraty Sylaba tarap uzatdy. Sylap suratlary synlaşdyrdy-da: - Be, siziñ-ä oñat käriñiz bar eken - diýip, myhmana ýene-de bir käse çaý guýup berdi. Ikisiniñ arasyndaky gürrüñ gyzyşyp gitdi. - Adym Ikilik diýýäñiz welin, düşünmedim-le, ol nähili beýle bolýar? - diýip, öý eýesi suratça sowal berdi. - Hakyky adym Meret, ýöne oglanlar Ikilik diýýär - diýip, myhman ýylgyrdy. Orta mekdepde okamda, ikilikden gözüm açylmandyr. Şondan galan at. - Meret bolsañ, diñle, inim, keýwany ikimiziñ suratymyzy, ynha şular ýaly bileje oturt-da, ulaldyp ber. Men ony bir begendireýin, özem bu günler pagtadadyr. Şony oñaraýsañ-ha, bir sogap iş gazanardyñ, inim - diýip, Sylap gerinjiräp, ýerinden turdy. Öýe gidip, iki sany surat alyp geldi. - Bu zatlaryñ külüni çykarys, ýaşuly! Ýöne, agam, bagyşlañ weli, biz öñündenem bäş-üç manat alýandyrys - diýip, Meret suratyñ arkasyna nämedir bir zatlar belleşdirdi. - Men-ä hat-petegem dolduryp durjak däl, ynanýansyñyz-la - diýip, ol Sylabyñ uzadan onlugyny jübüsine saldy. Şondan soñ tegelek bir aý bäş gün geçdi. Suratçydan gördüm-bildim bolmady. Sylap ol barada goñşulary Beglä gürrüñ berdi. - Goñşy, sygryñ dili ýalyjak kagyzyny alaýmaly ekeniñ-dä. Ynha, arada şähere gezmäge gitdim weli, myhman ýerimde oturanlar gürrüñ etdiler. Bir murtluja adam gapyma-gapy aýlanyp "Işige kakar ýaly misden nomer ýasaýan, kime gerek bolsa, häzirlikçe öñünden bir manatdan töläñ" diýip, dünýäñ puluny ýygnaýypmyşyn. Soñra zym uçan ýaly bolupdyr diýýärler - diýip, Begli muşakgat baryny ýagdyrdy. Sylap goñşusyna beletdi. Ony şu gün tanamaly däldi. Ol "Baý, şu ilerki Köpetdagyny ýasanlarynda, arkamyz bilen daş çekendiris-ä" diýýänlerdendi. Şol gürrüñden soñ ýene-de bäş gün geçipdi. Sylabyñ bagtyna suratçy geläýdi. - Men-ä gelendirin, ýaşuly, salam - diýip, ol Sylaba tarap elini uzatdy. Merediñ süýem barmagyndaky altyn ýüzük günüñ nuruna lowurdap gitdi. - Beý, "Ölme-de ýit" diýleni dogry eken-ow, geldiñmi, inim? - diýip, Sylap ýitigini tapan ýaly begendi. Uludan demini aldy. Sumkadan çykarylýan suratlara nebsewürlik bilen seretdi. - Ynha, şula-ha siziñ suratyñyz bolmaly, ýaşuly. Me, nesip etsin, özüñem ýene ýigrimi manat okla - diýip, Meret Sylaba suraty uzatdy. Sylap suraty eline aldy-da, oña üns bilen seretdi. Onuñ gaşlary gitdigiçe bürüşdi. Birdenem: - Aý, inim, sen-ä meniñ jürümi dikipsiñ - diýip, howsalaly seslendi. - Bu meñ gapdalymdaky oturan goñşym Sähetliñ aýaly ýaly-la how. Näme bizi gyrlyşdyrjak bolýañmy? Hany, derrewjik öz aýalymy tap! - diýip, Sylap suratçyñ üstüne gygyryp başlady. - Ýaşuly, aýalyñ pagta ýygmaga gidendir-dä, nämä gygyrýañ, geler-dä - diýip, Meret oýunlyga saldy. Sylabyñ gara çynydy, oýun ýadyna düşenokdy. Gapdalyndaky aýalyñ öz aýaly däldigini suratça zordan düşündirdi. - Beýle bolsa, ýaşuly, şäherde ynha, şu adrese baryñ, düşünşeris - diýip, Meret edarasynyñ adresini ýazyp berdi. Çykaran suratlaryny sumkasyna salyşdyrdy. Sylap şenbe güni şähere gitdi. Aýlanyp-aýlanyp zordan ýañky adresi tapdy. - Agam, siz öz aýalyñyzy tanamaýan bolaýmañ. Adam surayda birazajyj ýigdelýän ýalam bolýandyr. Onsoñam siz ol aýalyñ özüñiziñki däldigini nähili subut etjek? - diýip, atelýäniñ ulusy Sylapdan sorady. Sylabyñ synanyşyklarynyñ barysy biderek boldy. - Ýok, agam, bu zatlar pul bilen baglanyşykly. Bu ugurda-da bir topar adam işläp ýör. Ynha, şu siziñ suratyñyzy alyp gaýdan Ikilik häzir başga bir kolhozda selpäp ýörendir. Biz ýöne siziñ gury sözüñize ynanyp suraty täzeden çykaryp biljek däl. Eger dogrudanam şol aýal siziñki bolmasa, onda oba Sowetinden hat getiriñ öz maşgalañyz däldigi barada. Hatyñyzam möhürlije bolsun, ýogsam ýene-de heläk bolarsyñyz. Onuñ daşyndanam şu aýal "Men hakykatdanam şonuñ aýaly däl" diýip, dil haty bersin. Pasport nomerini görkezmegi hem unutmasyn. Bu ýerde edeniñi edip ýörer ýaly, kolhoz ýok saña. Dogru-da, walla! - diýip, atelýäniñ müdiri Sylaba açyk duran işigi görkezdi. - Be, bu zatlary beýdip ýörenden Sähetli bilen aýalymyzy çalşaýsak näderkä? Men-ä şol ýeñil düşermikän öýdýän - diýip, Sylap gapa tarap ýöneldi. - Ýagdaýyñyza serediñ. O zatlar öz işiñiz. Biziñ-ä düzgünimiz şeýle ýaş-şuly - diýip, suratçy Sylap bilen hoşlaşdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |