16:28 Täze ýyl degişmesi / satiriki hekaýa | |
TÄZE ÝYL DEGIŞMESI
Satiriki hekaýalar
"Gurluşykçy" diwar gazetiniñ redaktory Bezirgen Berdiýewiç meni ýanyna çagyrdy-da: - Sen indi näçe ýyl bäri biziñ edaramyzda süýrenip ýörsüñ? - diýip burnuny çekdi. Men çiñerilip onuñ ýüzüne seretdim. Şony bilmän kadrlar bölüminde nä körüñe işleýäñ diýsene! Şubela dilim gijedi welin, hantamaçylyk gursun. Täze ýylyñ öñ ýanynda şular meni bir sylagz-serpaýjyk bilen begendirjek bolaýmasyn diýip göwün ýüwürtdim. Çep elimiñ barmaklaryny gezeşdirip, öñe uzatdym-da: - Ony, ynha, hasaplap göräýeris, Bezirgen Berdiýewiç. O-ol öñki başlygymyz bardy-la, kimdi oñ ady? Özem bir zat bolsa girreler durardy-laý. Wah, şu wagt dilimiñ ujunda welin, ýadyma düşenok-da. Aý, bizde-de ýat galmandyr-ow. Hä-ä, tapdym-tapdym... Kergulyýewiç. Ynha, şoñ bilen-ä üç ýyla golaý, bu başlyk bilenem iki ýyl bolup barýar - diýip, men öñe uzap duran barmaklarymy ýumuşdyrdym. - Ýöne Nury Geldiýewiç bilen entek-entekler işleşeris saglyk bolsa. Ol gaty sypaýy adam, parasatly ýolbaşçy hem-de... - Bir edarada kanagat edip şonça işläp bilen bolsañ berekella diýmeli. Bu gaty gowy zat. Ýöne bu görkezme esbabyny bir ýok et şu ýerden - diýip, öñe somalyp duran elime kakyp goýberdi. Arasy bölünen gürrüñimi dowam etdirjek bolup eden synanyşyklarymyñ bary biderek boldy. Bezirgen Berdiýewiç eñegine jañ kakylan ýaly bolup, asyl maña gezek bermedi. - Eşidişime görä, señ o-bu şerebelije zatlar ýazaýmañam bar öýdýän - diýip, ol başga gürrüñiñ başyny agyrtdy. "Be-e, bu asyl osmakladan bolup, mundan çykdy-ow" diýip içimi gepletdim. - Aý hawa, aýda-ýylda bir eşek oýny diýen ýaly käte bir çyrşaýmam bar. Onda-munda çykana-ha bolup dur. Näme?! - Gaty gowy zat. Ýöne "Gurluşykçy" diwar gazetiniñ redaktory hökmünde men senden nägile. Onda-da gaty nägile. Sebäbini aýdaýyn. Ynha, bizde biregne işläp ýöreniñe bäş ýyla golaý wagt bolupdyr. Gazetimize welin bir setirem ýazañok. Utanç, ýoldaş Poşalakow! Käşgä eliñden gelmeýän bolsa, onda gürrüñinem etjek däl. Sen gyssagly görnüşde bize "Täze ýyl degişmeleri" diýen ýaly bir zatjagazlar ýazyp ber. Nähili görýäñ, başararysmy? - diýip, Bezirgen Berdiýewiç kellesini silkdi. Tapdyb ýagşam bir keçe telpegi. Näme, diwar gazetine ýazanyñ bilen oña tölenýän zat barmy. Degişmäñ deregine awyñ sapyny alarsyñ. Bir zat çyrşabilsek, ony çykartmaga ýer tapjak-la. Içim ýanyp duranam bolsa sypaýyçylygy elden bermedim. - Bezirgen Berdiýewiç, baş üstüne, ýazardym welin... - diýip, men ýeñsämi gaşadym. - Welini näme, aýdyber! - Welini neme-le, ýagny bu döredijilik diýilýän zada, birinjiden-ä, keýpihonlyk, ikinjidenem, wagt gerek, wagt! Şo zatlañ, agam, häzir mende ikisem ýok. Özüñ görüp otyrsyñ, işde-hä bir başagaýlyk, öýe barjak bolşup işlemäge goýanoklar, hersi bir ýanyñdan çekişip. Onsoñ men sizi birden ýüñsakgal edäýmäýin. Täze ýyla-da sanlyja gün galdy. Dogrymy aýdýan, men ýetişmen, siz gowusy, o ýumuşyñyzy başga birine buýraýyñ. Bu eýýämde näme satiradan başy çykmaýan barmy... Meniñ per bermejegimi añdy öýdýän. Bezirgen Berdiýewiç burnuny çekip ýerinden turdy. Sokjarylyp ýanyma geldi-de, gözüni alardyp, ýüzüme seretdi. Tomzagyñ arkasy ýaly ýalpyldap duran kirpikmen gara gözleri meniñ sussumy basdy. Men aýagymyñ burnuna seretdim. Ol sag eloni egnimiñ üstüne goýdy-da: - Sen o zatlary gaýgy etme, şert dörederis - diýip, mylaýym ýylgyrdy. Men sesimi çykarmadym. Süýem barmagym bilen tozanly stoluñ üstüne düşnüksiz şekilleri çekişdirdim. Men dürli pikirlere gümra bolup oturşyma Bezirgen Berdiýewiçiñ ýanymdan gideninem duýmandyryn. Ol şakyrdadyp şeýfini açdy-da, ondan kagyza dolangy bir zat çykardy. - Ynha, şujagazy iki bolup jynkytsak, onsoñ sende joşgun hökman dörär. Özümem edil señ ýaly, içmesem işläp bilemok - diýip, ol grafiniñ ýanynda duran stakany arakdan dolduryp maña uzatdy. Elbetde, bu meselede men ikirjiñläp durmadym. "Aý, soñunam görüp gelen ýok, içeýin-le" diýip çekdim başyma ýañkyny. Bezirgen Berdiýewiç özünem ýadyndan çykarmady. Içip boldy-da, eliniñ ýeñsesi bilen agzyny süpürişdirdi. Içip boldy-da, eliniñ ýeñsesi bilen agzyny süpürişdirdi. Galanjasynam paýlaşdyk. Soñra ol meni boş duran kabinetleriñ birine eltdi-de: - "Arkaýyn işläber, pagtaçy gözel" diýlişi ýaly, ine, boş ýer, geç-de, işläber. Adam azar bermez. Özüñem joş, añrujy joşjak bolsañ bir zaman! Bu gün ýazyp gutarmasañ, ertir işdenem rugsat saña, başlyklar bilenem özüm gürleşerin, ony gaýgy etme. Onda näme, wezipe düşnükli bolsa, ýazyber - diýip, Bezirgen Berdiýewiç işigi ýapdy. Men üpjünçilik bölüminiñ müdiriniñ kreslosynda joñkardym. Bäý-bä, munuñ ýumşajykdygyny. Arkan-ýüzin gaýyşyp gördüm. Öñümdäki ýatan arassa kagyzlara şubela ony-muny ýazjak boldum welin, näçe otursamam çyrşan zadym bolmady. Dogrusyny aýtsam, ýylyjak kabinetde meýmiräp irkilipdirin. Telefon sesine oýansam, sagat eýýäm ýedi bolup barýan eken. Işde menden başga adam galmandyr. Zöwwe ýerimden galyp, gözümi owkalaşdyryp, çykyp gitdim. - Neresseleñ işi köp bolýar öýdýän, gijäñ bir wagtyna çenli işleýärler - diýip, garawul ýaşuly yzyndan madyrdady. Şol günüñ ertesi işe gelmedim. Bahanam bar, diwar gazeti üçin Täze ýyl degişmesini ýazmaly. Iki elimi burnuma sokup baraýmaýyn diýip bir zatlar çyrşaşdyran boldim hernä. Bezirgen Berdiýewiç ýazan zatlarymy garbap aldy-da: - Galanyny soñ gürleşibereris, gidiber - diýdi. Men ýüküm ýeñlän ýaly bolup ýerime bardym. Telefonda kimdir biri bilen gürleşip otyrdym welin, ýañky ýüzüni ak tam edip ylgap geldi. - Näme, sen bu adamlary çörekden kesjek bolýañmy? Bizem çaga eklemeli. Ýumorçy bolup ýitä galdyñ, meñ başyma - diýip, dişinin arasyndan syzdyryp gürledi. Men düşünmezlige salan boldum. Mönsüräp, onuñ ýüzüne soragly seretdim. - Näme, göle ýaly möleren bolýañ. Bu ýazan zatlañ ählisi öz başlygymyz hakynda ýaly-la... Onuñ sandyrap duran kagyzly eline gözüm düşende nätjegimi bilmän: - Başlygyñ adyny üýtgedip aldym ahyryn, ony hiç kim bilesem ýok-la - diýip, men ýuwaşjadan pyşyrdadym. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |