GOŞMAÇA
■ Türkmenler we goranyş esbaplary
Türkleriň goranyş ýaraglary wenger we polýak ýaragyndan kän tapawutlanmaýar, olar ýöne şişaklary we dürli görnüşli galkanlary has ýygy ulanýardylar. Olaryň ýaragy örän köp dürlüdi hem-de gündogara mahsus usulda bezelmegi bilen tapawutlanýardy, baýdaklary dürli görnüşde bolup, sapynyň ýokarsynda keseligine berkidilen taýaga dakylýardy. Mundan-da başga, olarda dürli dogalar okalyp ýasalan, ýokyrsynda ýarymaý (helal) we atyň guýrugy berkidilen uzyn baýdaksaplary bardy. Türkler özleriniň uzyn söweş naýzaryny-da käte şeýle guýruklar bilen bezeýärdi. Ruslaryň bolşy ýaly, wengerler hem, türkler hem owadan atlary we gymmat bahaly at-esbaplalryny halaýardy. Olar şöweş atlaryna halkalardan we apbasylardan ybarat sowut geýdirýärdi hem-de olaryň kellelerine dürli reňkli perlerden ýasalan başlyklary dakýardy.
Bu halklaryň harby taýdan gurluşy olaryň ýaragynyň hem bolşy ýaly, uzak wagtdan bäri iş ýüzünde üýtgemän galdy. Türkler bu kadadan çykýardy. Soltan Süleýman II (1519 – 1566-njy ýyllar) tagta çykandan soň türkleriň guryýer we deňiz goşunlaryny özgertmäge girişdi. Hemişelik goşunyň esasy bölegini düzýän türklerde ýanyçarlardan we ruslarda atyjylardan başga, wengerlerde we polýaklarda hem bolşy ýaly, bu halklaryň ikisiniň-de harby güýçleriniň düzüminde öz nökerleri bilen barýan atly hanlardyr begler bolýardy. Talap edilen halatda daýhanlardan hem adamlar wagtlaýyn goşuna alynýardy. Örän seýrek halatlarda goşunyň düzümine hakyna tutma esgerler alynýardy, olaryň-da sany juda az bolardy. Şol goşunlaryň ýaraglarynyň we geýiminiň Günbatardaka garanyňda, belli bir kada berk laýyk bolmagy juda hökman däldi. Polýak we wenger goşunlarynda olar has-da dürlüdi. Türklerde ýanyçarlar umuman, birmeňzeşräk ýaraglanýardy we geýinýärdi, beýleki goşun bölümlerinde bolsa ähli talaplar ýaragyň dogry paýlanylmagy hem-de Süleýman II-niň goşunlaryň arasynda girizen käbir tapawutlandyryş nyşanlarynyň bolmagy bilen çäklenýärdi.
Rus goşunynda atyjylar birmeňzeş giýinýärdi we ýaraglanýardy. Olaryň gonjy uzyn ädikleri, giň jalbarlary, dyzyna etip duran ýa-da has uzyn, bilinden guşak bilen daňylan kazakinleri, ýeňleri juda giň bolmadyk uzyn we giň, käte içmek görnüşinde kaftanlary hem-de etegine deri tutulan tegelek ýa-da dört burç telpekleri bolardy. Goşun bölümlerinde dürli ýaraglar: gylyçlar, berdyşlar, peýkamdyr ýaýlar we pelteli tüpeňler bolardy. Olarda hiç hili goranyş ýaragy bolmazdy.
«Offene syýahat» atly eseri (1604-nji ýyl) ýazan adam türk serkerdeleriniň geýimi we ýaragy barada şeýle ýazýar: «Ertirlik naharyndan soň biziň ýanymyza beý geldi – ol dolmuş ýüzli we uzyn sakgally etli-ganly pyýadady. Onuň kellesinde selle, sary reňkli egin-başynyň üstünden ýaşyl ýapynjasy, örän owadan kümüş gynly gylyjy we sary ädigi bardy. Soň biziň ýanymyza aga geldi, ol dolmuş ýüzli semiz adamdy, sag gözi ýokdy; onuň uzyn, çal giren sakgaly aşakda ikä bölünýärdi. Onuň kellesinde ýanyçarlaryň altyn bilen bezelen, ujy gapdala sallanan çüri telpegi, ýiti gyzyl ýapynjasy, badam reňkinde üstki geýimi we gyzyl ädigi bardy. Onuň ýanynda örän ak perlerden we birnäçe durna perinden ýasalan beýik jygaly ýanyçar telpegini geýen başga bir türk bardy. Onuň egninde ýiti gyzyl doloman, goňur şylwar we aýagynda sary ädik bardy. Sag elinde ol gürzini saklaýardy, biline bolsa kümüş gynly çylyç dakylgydy. Olaryň ýanynda dolomanlara geýnen we peltesi tüsseläp duran myltykly deşli we etli-ganly ýanyçarlar bardy».
■ Ýaraglaryň görnüşleri
Parslaryň goşunynda guramaçylyk işi Oguz han tarapyndan başlandy we Dariý mahalynda kämil derejä ýetirildi.
Oguz hanyň goşuny gurnamak boýunça gören çäreleri, birinjiden, onuň goşunyň düzüminde atly toparlary döredenligindedi – Parsystanda atlaryň azlygy sebäpli munuň özi döwürdeşlerini aýratyn-da geňirňendirdi; ozalky ýeňil söweş arabalaryny has pugtalar bilen çalşyrdylar, olarda söweşýän esgerlere bolsa pugta sowutlary geýdirdiler. Lidiýalylara garşy söweşmek üçin düýeli esgerleriň toparynyň döredilmegini we galadyr şäherler gabalanda peýdalanylýan enjamlaryň ulanylyp başlanmagyny-da onuň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Ähli şu özgetrmeleri Oguz han goňşy halklardan öwrenipdi we olar Dariý üçin örän peýdaly boldy. Eýýäm Oguz han döwründe parslaryň eýeleýän ýer-ýurtlarynyň giňişligi sebäpli basylyp alnan ýerlerde aýratyn bir serkerdäniň baştutanlygynda goşun bölümini galdyrmaly bolýan bolsa, Dariý döwründe bu çäre asla hem zerur boldy. Munuň özi hemişelik goşuny dürs guramagyň zerurdygy hakynda şaýatlyk edýärdi. Goşunlaryň ozalkysy ýaly, ýöne toparlary bölünmegi bes edilip, esger sany deň bolan toparlara bölmek usulyny ulanmak gerekdi. Şonuň bilen bir wagtda ýarag hem kämilleşdirildi, özi-de onuň her bir görnüşi belli bir maksat üçin niýetlenilýärdi.
Çarwa-çopançylyk bilen meşgullanýan mahaly parslaryň ýaraglary ýönekeýdi. Käbir taýpalar gysga hanjarlar bilen uzyn urganlardan başga ýarag bardyr hem öýtmeýärdi, has giçki döwürlerde hem başga ýaraglary ulanmaýardy. Ösüş derejesiniň has okary basgançagynda bolan taýpalarda peýkamdyr ýaý we naýzalar bardy.
Oguz han eýýamynda uzyn we gysga gylyçlar ulanylyp başlandy. Söweş arabalaryndaky esgerlere sowut geýdirmek bilen bir hatarda agyr ýaragly atly goşunyň döredilmegi hem onuň döwrüne degişli edilýär. Şeýle goşun toparlarynda esgerlere apbasylar görnüşinde agyr sowutlar geýdirilýärdi, atlar bolsa demir döşlükler we beýleki görnüşli sowutlar bilen goralýardy. Şeýle goranyş ýaraglaryny Oguz han öz tabyn eden midiýalylaryndan, kä birini bolsa beýleki halklardan öwrenipdi. Mysal üçin, iň gadymy döwürlerden bäri mälim bolan galyň matadan tikilýän örtükleri ol müsürlilerde görüpdi. Parslaryň mukaddes kitaplarynda her bir esger üçin zerur bolan ýaraglaryň arasynda şular görkezilýär: etegi egnine düşüp duran galyň mata tutulan sopbaş, injiklik we guşak, galkan, ýaý we 30 sany peýkam, sapan we zyňmak üçin hut şonça daş, pyçak (hanjar ýa-da göni gylyç), gürzi we naýza.
Parslaryň daşdan ýasalan güberçek şekillerinde sypaty boýunça tapawutlanýan galkanyň aýratyn bir görnüşi gabat gelýär. Sudury skripkany ýadyňa salsa-da, ol has soň peýda bolan we beotiýa galkany diýlip atlandyrylýana meňzeýär. Onuň beýikligi üç dabana golaýdy, ähtimal, agaçdan ýasalyp, ýüzüne deri çekilýärdi we ortasyna demir okara berkidilýärdi. Şeýle galkanlar patyşa janpenalarynyň diňe bir toparyna berlipdi, goşunlar bolsa örülen ullakan assiriýa galkanlary ýa-da demir we deriden ýasalan tegelek galkanlar bilen üpjünlenendi. Pompeýýadaky mozaika şekilinde pars esgerleriniň ellerinde tegelek galkanlar bar. Pars goşunlarynda has giçki döwürde ulanylyp başlanan aşakdan ýokaryk süýnmek dörtburçluk görnüşindäki galkanlar hakynda Strabon ýazýar. Şeýle görnüşdäki galkanyň suraty Bawianyň ýakynynda gaýanyň ýüzünde oýulyp ýasalan şekilde gabat gelýär.
Parslar adatça kellesini deriden tikilen telpek bilen goraýardylar, olara şeýle telpekleri geýmek kiçilikden öwredilýärdi. Parslaryň kelleçanagynyň beýleki halklaryň wekilleriniňkä garanyňda gowşagrakdygy köplenç şu däp bilen düşündirilýär. Käbir goşun bölümleriniň esgerleri sömelip duran çüri telpekleri, beýlekiler bolsa – öňe tarap eplenilen, ýeňsäni gulaklar bilen bilelikde ýapýan we alkymynda daňylýan frigiýa telpeklerini geýýärdi. Ol «kirbozia» diýlip atlandyrylýardy, şeýle at adaty kulahlara hem berilýärdi. Şemaldan we tozandan goranmak üçin telpegiň üstünden ýa-da onuň aşagyndan agzyny we boýnuny ýapar ýaly ýaglyk hem daňylardy. Sopbaşlary diňe agyr ýaragly esgerler geýýärdi. Serkerdeler hem özleriniň assiriýa-midiýa ýaraglary bilen olary kellesine geýýärdi. Sopbaşlar demirden ýa-da misden bolardy, tanymal kişileriň ýokarysyna gyzyl çaýylan we depesinde bir gysym per ýa-da atlaryň ak gylynyň bir gysymy berkidilen sopbaşlar bolardy.
Patyşanyň iň ýakyn emeldardyr jan penalary bolan atlylar müsürlileriň galyň mata örtüklerini ýa-da apbasyly assiriýa sowutlaryny geýerdi, olaryň hut şonuň ýaly garylyklary we injiklikleri bolardy. Olar atlarynyň-da maňlaýyny, döşüni we ýagrysyny demir örtükleri bilen goraýardy.
Patyşanyň pyýada janpenalary ýokarda beýan edilen ýaly geýinýärdi, ýöne olaryň üstbaşy juda agyr bolmaýardy. Adaty esgerler parslaryň ýönekeý teletin geýimlerini geýerdiler, ol kätä ýüzüne teňňeler dakylan ýaly edilip bezelerdi.
Esasy hüjüm ediş ýaraglary bolan naýza we peýkamdyr ýaý hiç hili üýtgemändi. Sapy adatça berk agaçdan ýasalan naýzanyň uzynlygy 7 daban bolup, ol eliňde saklap zyňmak ýa-da duşmana tarap zyňmak üçin niýetlenilipdi. Soňra uzynlygy Gerodotyň we Ksenofontyň ünsüni özüne çeken lidiýa we has giçki müsür naýzalaryna meňzedilen has uzyn naýzalar girizildi. Şol uzyn naýzalaryň pars goşunynda köpçülikleýin ulanylyp başlandygy Pompeýýadaky mozaika şekilleri bilen subut edilýär. Şol şekilde naýzanyň ýüzi diş-diş görnüşi hem bar, ähtimal, bu pars drotigidir.
Ýaýdyr peýkam hemişe parslaryň esasy ýaragy bolmagynda galdy, olar şu ýaraglary ýanyndan aýyrmazdy. Ýaýdyr peýkamlar bilen «ýaraglanan pars hatda patyşanyň hem ýanyna barardy. Oguz han öz esgerleriniň ýaýdan peýkam atmakda hemişe türgenleşip durmagyna uly ähmiýet berýärdi. Pars esgerleriniň ýaýdan atmakda ussatlygy grekleriň arasynda hatda köp agzalýan hadysa öwrülipdi.
Parslaryň adaty ýaýy agaçdan ýasalardy ýa-da haýwanlaryň siňirlerinden örülerdi, uzynlygy birýarym-üç daban bolardy. Ol ýöne egnine dakyp ýa-da çep tarapdan biline dakylýan ýörite gapda göterilerdi. Patyşanyň ýaýyny onuň yz ýanyndan ýöräp, gymmat bezelen gapda götererdiler. Onuň möçberlerine we gymmatlygyna garamazdan, ol çeýeliginde hebeşi ýaýlary bilen bäsleşip bilmezdi, olaryň kirşini çekip, peýkam salmagy hatda pars esgerleri-de başarmaýardy.
Peýkamlar ýaý bilen bilelikde adaty gapda göterilerdi ýa-da aýratyn sagdaga salnardy. Sagdagyň mälim bolan şekillerine görä, oňa birnäçe guýrugy bolan gamçy berkidilerdi. Peýkamlar gamyşdan (çiňrikden), olaryň uçluklary bolsa bürünçden ýa-da demirden bolardy. Kirşe dakylýan tarapdan olara perler dakylardy.
Naýzalardan başga, Oguz han döwründe parslar assiriýa gürzülerini, assiriýa aýpaltalaryny we ýönekeý paltalary götererdi. Assiriýalylaryňky ýaly, iki tarapy-da ýiti paltalar saklaryň esasy ýaragy hasaplanylýardy.Gysga we uzyn saplara geýdirilen iki taraply çekiçler hem golaý ara gelen duşmana garşy söweşmek üçin ulanylardy. Gylyçlar we hanjarlar diňe bir ýarag däl, eýsem tanymal parslar tarapyndan bezeg serişdesi hökmünde ulanylardy.
Adaty esger gylyjy bir dabana golaý uzynlykdady. Onuň iki tarapy-da ýiteldilen göni we giň dili dikligine urmakdan beter, keseligine zarba urmak üçin has amatlydy. Gylyç sag tarapda guşaga dakylardy. Egri gylyçlaryň ulanylandygy hem ähtimal; gadymyýetiň ýazyjylarynyň agzaýan «kopisi» hut şeýle ýarag bolup biler.
Tanymal parslaryň urşa ugranda dakynýan, parahat döwürde bolsa aýratyn bellenilýän hyzmatkärlere götermäge ygtyýar berýän altyn midiýa gylyçlary käbir assiriýa gylyçlary ýaly, sähelçe egreldilendi. Göni gylyçlar diňe soňky Dariý döwründe girizilidi, ol şol gylyçlary makedonlaryňka meňzedip ýasadypdy. Ýasalyp bezelişi boýunça olar midiýa gylyçlaryndan pes durmaýardy, hatda grekler olary haýran galmak bilen synlaýardy we naýbaşy harby olja hasaplaýardy. Issanyň etegindäki söweşde Dariý III gymmat bahaly daşlar bilen bezelen gylyç bilen söweşýärdi, onuň gyny kümüş halka arkaly berkidilýärdi. Kabiziň ölmegine sebäp bolan gylyjyň hem gymmatynyň şondan pes bolmandygy şüphesiz: gynyň altyn gaby bölündi we gylyjyň ýalaňaçlanan ujy patyşany ýaralady.
Sapanlary we urganlary ulanmagy parslar öz goşunlarynyň düzüminde bolan sagartlara we beýleki ýarym wagşy halkyýetleriň wekillerine ynanýardy. Parslaryň özleri şeýle ýaraglary erkin esgerleri kemsidýän ýarag hasaplaýardy.
Parslaryň goşunynyň esasy baýdagy Ahemenileriň şejeresiniň harby alamaty bolan bürgüdiň altyn şekili bilen bezelerdi, bu guş parslaryň mukaddes kitaplarynda keramatly hasaplanýardy. Ýörişler mahalynda hemişe goşunlaryň öňünde göterilýän esasy baýdakdan başga her bir goşun bölüminiň öz aýratyn baýdagy bolardy, ol hem nämede bolsa bir zady alamatlandyrýan şekil bilen bezelerdi.
Ýörişler we söweşler mahaly goşunlaryň hereketleri we bolýan ýerini üýtgetmegi zurnaýlardan berilýän duýdurmalara görä amala aşyrylýar. Mysal üçin, zurnaýlaryň ýaňlanmagy söweşe girişmegi aňladýardy; parslaryň dini olara daň atmazdan öň söweşe başlamagy gadagan edýärdi.
■ Pars goşunynyň düzümi we bölünişi
Pars goşuny pyýada goşundan, atlylardan we söweş arabalarynda söweşýänlerden ybaratdy. Şol bölümleriň her biriniň ýeňil ýaraglananlary we agyr ýaraglananlary bolardy, ähli goşunlar bolsa bölüklere, toparlara we ýüzlüklere bölünýärdi. Bölük 10.000 adamdan, topar 1000 adamdan ýa-da 10 sany ýüzlükden ybaratdy. Şeýle bölünişige laýyklykda serkerdeler hem bölük başlygy, topar başlygy we ýüzlük başlygy diýlip atlandyrylýardy.
Ýeňil atly goşun galyň matadan sowutlary, apbasy görnüşindäki sowutlary geýerdi hem-de peýkamlar, gylyçlar we galkanlar bilen ýaraglanardy. Agyr atly goşun apbasy görnüşindäki sowutlary geýerdi, şeýle sowutlar esgeri-de, onuň atyny-da doly örterdi. Olarda ýaýdyr peýkamdan başga gylyçlar we galkanlar, şeýle hem uzyn naýzalar bolardy. Atly goşunyň, aýratyn-da, Dariý döwründe güçlendirilmegi pars goşunyndan söweş arabalaryny gysyp çykardy; olar ahyrynda patyşa hezretleriniň we goşunlaryň baş serkerdesiniň hormatlanylmagynyň bir alamatyna öwrüldi.
Şeýlelikde, pars goşunlarynyň esasy güýji, onuň özeni atly bölüklerden ybaratdy, pyýada goşunlar bolsa olara goşundy ýaly bir zatdy. Ýeňil pyýada goşun gylyçlar, galkanlar, ýaýdyr peýkamlar, naýzalar bilen ýaraglanandy hem-de olaryň ýeňil örtünjeleri bolardy, agyr ýaragly pyýada goşunda bolsa gylyçlar, paltalar we aýpaltalar bolardy we olar agyr esbaplary dakynardy. Ýeňil ýaraglylara sapançylar hem degişlidi.
Goşunyň saýlama bölegi bolan tanymal esgerleriň egin-başy örän gymmatdy hem-de patyşanyň lybasyndan sähelçe tapawutlanýardy. Patyşa ýaly, olar hem gymmat baha keşdeli jalbarlary, içligi ak bolup, dyzyna ýetip duran donlary geýerdi, gök ýa-da mawy reňkli, gyşyna bolsa dürli nagyşly ýapynja atynardy we paşmaklary geýerdi. Gymmat bahaly bezeg şaý-sepler bu geýimi has-da göze ilginçden kaşaň edýärdi. Esgerler geýimleriň käbirini ýaragyň üstünden, kä birini bolsa aşagyndan geýýärdi. Eshil Kserksiň goşunlaryny «lowurdaýan altyn» diýip atlandyrýardy, Kmon bolsa ýesir parslaryň geýimlerini ulanyp, Grekleriň soýuzdaşlaryny aldatmagy başarypdy. Eginanyň ilaty Plateýanyň estegindäki söweşden soň sada ýürek ilotlardan olara olja düşen pars geýimlerini we bezeglerini satyn alyp baýandygy hakynda hem gürrüňler bardy.
Pars goşunlarynyň artykmaç hukuklardan has köp peýdalanýan bölegi patyşanyň goraýjylarydy. Oguz han ony midiýalylaryňka meňzedip döredipdi we onuň sany Oguz hanyň oruntutarlary tarapyndan has-da köpeldildi. Sany boýunça ähli hemişelik goşunyň 10-dan bir bölegine barabar bolmak bilen, goraýjylar 2000 saýlama atly esgeri, 2000 naýzadary we 10.000 pyýada goşun esgerlerini öz içine alýardy. Olara «ölmez-ýitmezler» diýlerdi we olar ähli ýerde patyşanyň ýanynda bolardy. Naýzadarlaryň geýiminde hem midiýa, hem pars lybaslary bolardy, olar yz tarapy kümüş ýa-da altyn togalakdan ybarat bolan naýzalar bilen ýaraglanandy; «ölmez-ýitmezleriň» 9 müňüsiniň naýzalarynyň ujuna kümüş, beýlekileriniňkä altyn granatlar dakylardy. Esgerleriň käbiriniň elinde naýza derek gysga altyn hasalar bolardy.
Pars goşunlarynyň sanalyp geçilen guramaçylykly bölümlerinden başga onuň urşun öň ýanynda patyşalygyň ähli welaýatlaryndan toplanylýan beýleki bölegi taýpalaryň dürli-dümen söweşijilerinden ybaratdy.Urşa çagyrylan ýaragly adamlaryň başly-baratly toparlary tä duşmanyň ýerleriniň serhedine çenli ýöräp barýardy we diňe şol ýerde bölüklere we toparlara bölünýärdi. Üpjünçilik ulaglary adatça goşundan öňe ibilerdi. Şol üpjünçilik bölümleriniň sanynyň näçe adamdan ybarat bolandygyny göz öňüne getirmek üçin şulary bilmeli: olaryň düzüminde ýaraglary abatlamak, geýim-gejimi tikip ýamamak, beýleki zatlary abatlamak üçin köp sanly senetkärleriň bolandygyny (gadymy döwürlerde bu işleriň ählisini esgerleriň özleri edýärdi), şeýle hem topar-topar zenanlaryň bolandygyny bilmek gerek. Gyzgyn ýaka el salmaga juda ýykgyn etmegi parslaryň esgerlik edermenligini tiz wagtdan gowşatdy. Eýerler ýumşak ýassyklara öwrüldi we esgerler gymmat bahaly sütükden ellikleri geýip başladylar. Özleriniň ejizligini duýup, parslar hakyna tutma goşunlary ulanyp başladylar, özleri uruş wehimlerine sezewar bolandan, söweşlere başgalary ibermegi kem görmedi.
Parslar özleriniň ejizleýändigini has beter duýdugyça, olar harby ýesirler barada şonça has birehim hereketlere ýüz urýardy. Olar ýesirleri dodagyna dakylan halkadan geçirilen ýüplerde itmek däbini assiriýalylardan öwrendiler. Ýöne hakykatda bu däp has irki döwürlerde döredi. Has giçki döwürlerde maýyp etmek adaty jeza çäresine öwrüldi: ýesirleriň gözleri oýulýardy, burunlary, gulaklar, elleri, aýaklary, beýleki synalary kesilýärdi. Ölüm jezasy berilmeli edilen ýesirleri ujy ýiteldilen agajyň üstüne oturdýardylar, ýakýardylar, dartyp parçalaýardylar, derisini soýýardylar ýa-da diriligine ýere gömýärdiler. Soňky patyşalar mahaly kelleçanagy haýallyk bilen mynjyratmak, synalary birin-birin kesip aýyrmak we beýlekiler ýaly täze jezalar girizildi.
Ähtimal, baryp Oguz han döwründe mümkin ol tarapyndan midiýalylaryň nusgasy boýunça döredilen, dogaçylar birleşmesi diňe pir pars patyşalarynyň köşklerinde däl, eýsem tutuş pars patyşalygynda ruhanylar häkimiýetiniň iň ýokary basgançagydy. Dogaçylar babatda ýokary ylahy bolan Ormuzdyň wekili hökmünde hem çykyş eden patyşanyň ýanynda dogaçylar örän hormatly orunlary eýeleýärdi. Olar patyşa tarapyndan her gün Oduň we Günüň hatyrasyna bermeli bolan gurbanlyklarynyň geçirilişine gözegçilik edýärdi. Ýerine ýetirijilik we kazyýet häkimiýeti olaryň elindedi, döwlet geňeşiniň agzalary-da şolardy.
Birleşmäniň içerki gurluşy onuň syýasy ähmiýetine laýyk gelýärdi, sebäbi ol bütin patyşalygy dogaçylar bilen üpjün etmelidi we diýmek, olaryň ylym-bilim almagy hakynda alada etmelidi. Dogaçylar birleşmesiniň işleriniň hemmeler üçin açyk-aýan bolmandygy olara dünýewi häkimiýet bilen ylalaşmazlyga mümkinçilik berýärdi. Kabiziň patyşalyk eden döwründe hut şeýle boldy. Munuň özi dogaçylaryň birleşmesiniň özgerdilmegine, mukaddes dogalara Zerduştynyň sargyt-wesýetlerinden täze parçalaryň goşulmagyna we ahyr soňy birleşmäniň birmahalky kuwwatyny we täsirini ýitirmegine eltdi.
Dogaçylar birleşmesiniň agzalary kämil halypalara (destur-mobed), halypalara (mobed) we talyplara (gerbed) bölünýärdi. Derejeleriň üçüsine-de degişli bolanlar «keramatly guşak» dakynýardylar hem-de giçki döwürlerde midiýalylaryň giň geýimlerini geýýärdiler. Has giçki ýazyjylaryň şaýatlyk etmegine görä, ybadat amallaryny eden mahaly dogaçylar diňe ak geýimleri geýipdir, hiç hili bezeg şaýlaryny dakynmandyr, elleri çiňrik hasaly ýöräpdir, olaryň hyzmatkärleri bolsa, aýratyn-da, mukaddes Ýalynyň hormatyna guralýan ýörişler mahaly mämişi geýimleri geýipdir. Şundan pars dogaçylarynyň geýimi assiriýa dogaçylarynyňkydan kän tapawutlanmandyr diýen netije çykarmak mümkin. Olaryň hem mämişi lybas geýýän baş dogaçysyndan başgalary ak geýim geýipdir. Patyşanyň ýanyna hiç bir adamyň agzyny eli bilen ýapyp barmaga milt etmeýşi ýaly, gurbanlyklar we beýleki dessurlar mahaly agzyny we burnuny dykyz mata bilen daňmadyk hiç bir adamyň şol ýerde bolmaga hukugy bolmandyr. Şeýle daňy doga-namaz okalanda hem dakynmalydy. Dünýewi adamlar dini dabaralara öz adaty geýiminde gelipdir, diňe kellesindäki telpegiň üstünden mirt bogdagy bolmalydy.
Parslarayň hem, assiriýalylaryň hem gadymy döwürlerden daşyň ýüzünde ýasalan güberçek şekilleri aýallaryň geýimleri hakynda hiç hili maglumat bermeýär. Şol şekillerde zenanlaryň sudurlarynyň ýoklugyny şeýle şekilleriň biziň döwrümize çenli saklanyp galanlarynyň azlygy hem-de olaryň maşgala däl-de, resmi wakalara bagyşlanylandygy bilen düşündirip bolardy. Emma biz her niçik-di bolsa, Parsystanda zenanlaryň ýagdaýy Assiriýadaky ýalydy diýip çak edip bileris. Parsystanda zenan maşgalalara jemagata çykmak gadagandy, şeýle hem olaryň sudurlaryny güberçek şekillerde beýan etmäge rugsat berilmeýärdi. Pars patyşalarynyň we emeldarlarynyň aýallary barada bu çaklama has-da dürs bolup biler, sebäbi olaryň aýallary örän köp bolardy, şonuň üçin olar aýaldyr gyrnaklaryny aýratyn binalarda (heremhanalarda) saklapdyr. Jemgyýetiň aşaky gatlaklarynda zenanlar muňa görä erkinräkdi, emma şonda-da olar tabyn derejededi. Çagalarynyň köp bolmagy parslarda hemmeleriň tagallalarynyň netijesi hasaplanylýardy. Bu ýagdaýy patyşalaryň özleri-de höweslendirýärdi we maşgala agzalarynyň sany has köp bolan öz raýatlaryna her ýyl ýörite peşgeşleri berýärdi. Has giç döwürde hut öz ejesi ýa-da uýasy bilen nykada bolmaga rugsat berilýärdi.
Pars zenanlarynyň gadymky geýimi erkekleriňkiden kän tapawutlanmaýardy we olaryňky ýaly, ilki haýwan derilerinden we bejerilen gönden, soňra bolsa gödeksi dokalan ýüň matalardan tikilerdi. Midiýa däpleriniň girizilmegi bilen, pars zenanlarynyň, juda bolmanda, olaryň ýokary synplara degişlileriniň lybaslary gymmat bahaly assiriýa we midiýa geýimleri bilen doly çalşyryldy. Rowaýatlara görä, zenanlaryň assiriýa geýimleriniň Semiramida tarapyndan, midiýa lybasynyň bolsa Kolhidadan Medeýa tarapyndan oýlanyp tapylandygy sebäpli assiriýa-midiýa lybasynyň erkek geýimi däl-de, has dogrusy zenan lybasy bolandygyny, diýmek, pars zenanlary tarapyndan üýtgedilmän kabul edilendigini çak etmek bolýar. Şonuň üçin grek lybasyna geýnen Medeýanyň grekler tarapyndan döredilen şekilleri geýimiň gadymy Aziýa, diýmek, gadymy pars zenan lybasynyň nusgalary bolup durýar diýip çak etmäge mümkinçilik bar. Ol köp babatda erkek midiýa geýimine meňzeýär. Ol giň we uzyn köýnekden ybarat bolup, eliň diňe bir ýokarky bölegini tirsege çenli däl-de, barmaklarynyň ujuna çenli örtýärdi. Bu geýim adatça iň inçeden dokalan we gymmat ýüň matalardan tikilipdir. Tanymal pars zenanlary geýnip bezenmegi we gymmat bahaly şaý-sepleri dakynmagy halapdyr, käbir pars patyşalary öz aýallaryna tutuş welaýatlary «geýim-guşak puly bolar ýaly» peşgeş berýärdi. Zenan geýminiň iň gymmatly görnüşleri owadan nagyşlanan gymmat aýakgapdan hem-de altyn sapaklar geçirilen örtük bilen örtülýän, tegelek telpejik görnüşindäki gymmat bahaly börükden ybarat bolupdyr. Pars zenanlarynyň şol döwürde Gündogara häzir mahsus bolşy ýaly, ýüzlerini örtendigi ýa-da däldigi mälim däl. Patyşalaryň aýallary geýimler babatda belli bir kadalary saklamaýardy. Ýöne diňe patyşanyň söýgüli aýaly onuň ejesi dilen deň derejede hormatlanýardy hem-de altyn sapaklar geçirilen mämişi örtükleri atynardy, maňlaýlyk şaý-sep bilen bezelen patyşalyk täjini geýipdi. Ýöne ol hem patyşalyk derejesiniň alamaty bolan skiptriň öňünde başyny egmelidi.
Parsystanda zenanlaryň jemgyýetdäki ýagdaýy hakynda gadymy ýazyjylaryň eserlerinden biziň mysal getiren parçalarymyz parslaryň keramatly kitaplarynda ýazylan kanunlara ters gelýär, olarda maşgala agzybirligi diniň goragy astyna alynýar hem-de gadymyýetiň ýazyjylary tarapyndan «pars azgynlyklary» diýlip atlandyrylýan ähli ahlaky azgynlyklar ýazgarylýar.
Kanunlar kitaby parslara nikanyň mukaddes borçdugyny ündeýär. Ol aýaly bolan adamy sallahdan ileri tutýar, çagalylary bolsa çagasy ýoklardan; maşgalabaşa ähli beýleki maşgala agzalarynyň ykbalyny gözmäge ygtyýar berýär. Şol kitapda ulahy Gaoma «ýaşy geçip barýan gyzlara hoşgylyk ärleri ibermek» hakynda haýyş bar, şol bir wagtda hem onda gyzlaryň on bäş ýaşdan ir durmuşa çykmaly däldigi, at-abraýyny goramalydygy we gulaklaryna ysyrga dakynmalydygy ündelýär. Ysyrga zenanlyk kämilliginiň alamaty hasaplanylýardy. Azgynlyk edýän we ahlak kadalaryny bozýan ýigit kanunlar kitabynda erkini döwlere beren adam, hatda olaryň ýarany hökmünde şekillendirilýär.
Täze dogan çagalaryň ähli göwresini üç gezek sygryň siýdigine we bir gezek suwa ýuwmalydy. Oglan on bäş ýaşyndan ýüňden ýa-da düýe gyllaryndan örülen guşak dakynmalydy. Şol guşak ony jyn-arwahlardan goramalydy hem-de kämillik ýaşyna ýetmeginiň alamatydy; şeýle guşagy daňynan ýigitler öz edýän hereketleri üçin jogapkärçilik çekýän adamlara öwrülýärdi.
Strabon parflar hakynda gürrüň etmek bilen, bu halkyň ýany hemişe ýaragly bolýandygyny bellände, onuň bu sözlerini Sasanileriň hökmürowan bolan döwrüne hem degişli etmek gerek. Ähli ýaraglar, şeýle hem ýaragyň aýry-aýry görnüşleri babatda parflaryň parslara bolan täsiri ujypsyzdyr. Parflar tiz wagtdan hatda öz gödek ýarag-esbaplaryny parslaryň kaşaň ýaraglary bilen çalşyrdylar. Olaryň bir-birine özara täsiriniň bolandygyny iňkär etmek bolmaz, ýogsa parflaryň täsiri diňe daş görnüşine we bezelişine degişli bolup biler. Beýleki tarapdan bolsa, bu taýpanyň ýaragyň özüne mahsus bolan käbir aýratyn görnüşlerini saklap galmak bilen çäklenmän, olaryň köpüsiniň parslara hem geçmegine sebäp bolandygyny iňkär etmek bolmaz.
Ýaraglary ýasamak we bezemek üçin ulanylan närseleriň arasynda gymmat bahaly altyndyr-kümüşden, piliň süňkünden, gymmat bahaly daşlardan, göwherden, dürli reňkli gönden we beýlekilerden başga demir we bürünç esasy orun tutýardy. Bürünç ýurduň içinde öndürilýärdi. Demir Ärşakiler zamanynda esasan demirgazyk sebitlerden, köplenç Margianadan getirilýärdi. Soňra parflar özleriniň asylky mekanyna gysylyp çykarylandan soň demriň şol ýerden getirilmegi köp wagtlap mümkin bolmady, şonuň üçin Şapür II demri grek imperatoryndan sorap almaly bolýardy.
Strabonyň suratlandyryşyna görä, parflaryň we parslaryň ýaragy keseburç galkandan, apbasylar görnüşdäki örtükden, tiara meňzeş telpekden, peýkamdyr ýaýdan, gylyçdan, aýpaltadan we ýönekeý sapandan ybarat bolupdyr.
Şu suratlandyrmadan parslaryň ýaragy, aýratyn-da, goranyş ýaraglarynyň Ahemeniler döwründe bolanyna garanyňda ep-ýesli üýtgändigi görünýär.
Bu aýdylanlar ozaly bilen esasy goranyş ýaragy bolan galkana degişlidir. Strabon, umumylykda ulanylýan galkany suratlandyrmak bilen, onuň kese burçly görnüşde bolandygyny aýdýar, parslaryň gadymy galkany bolsa iki görnüşdedi: olar skripkalaryň gapaklary ýaly, güberilip duran, iki gyrasynda-da ýarym halkalar bolan, süýnmekden tegelek ýa-da dürs görnüşli tegelek sudurynda bolupdyr. Olaryň birinji görnüşi keseburç galkanlaryň, şeýle hem galkanlaryň parflara mahsus bolan beýleki görnüşleriniň ornuny alypdyr. Galkanyň ikinji görnüşi örän uzyndan uly bolup, goranyş ýaraglarynyň ähli beýleki görnüşleriniň ýerini tutýardy, esgeri doly goraýardy. Şeýle galkanlar diňe pyýada goşunyň ýaramaz ýaraglanan esgerlerine berlerdi. Atly goşuny düzýän tanymal adamlar beýle galkanlary hiç haçan ulanmaýardy, olar ýa tegelek, ýa-da kese burçly galkan götererdi. Prokopiniň pikirine görä, şol uzyn galkanlar Keramatly Perişde galasy gabawda bolan mahaly gotlaryň ulanan «gerra» diýilýänlere meňzeýär.
Galkan bilen bilelikde parslaryň goranyş ýaraglarynyň beýleki görnüşleri hem üýtgedi. Parsystanda parflar häkimlik eden döwürde ähli ýerde apbasylar görnüşli gorag örtügi ýaýrady, ol gadymy eýýämde birkemsiz kämilleşdirilipdi. Şeýle örtügiň teswiri gadymy ýazyjylar tarapyndan telim gezek berlipdi we ol «kartafraktes» diýen at bilen tanalýardy. Ol diňe bir esgeriň özüni däl, eýsem atyny-da başdan-aýak goraýardy we bedene şaplaşyp duran gön geýimden ybarat bolup, onuň baldyrlaryň iç ýüzüni ýapýan ýerlerinden başga tutuş ähli ýerlerine apbasy görnüşindäki ýasy demir bölekleri tikilýärdi. Şeýle örtükden başga parslar hakyky sowutlary geýipdirler, şeýle hem olarda köneden ulanylýan, galyň matadan tikilýän, ýeňlerine ýasy demir bölekleri berkidilýän kelte donlar hem bolardy. Şonuň bilen bir wagtda Kazerunyň golaýyndaky gaýadaky şekilleriň arasynda sasaniler atlylarynyň bir toparynyň şekili gabat gelýär, olaryň egninde ýarty ýumurtga görnüşli telpekden başga hiç goranyş esbaby görünmeýär, olaryň ählisi her gün ulanylýan giň geýimli.
Kelläni goramak üçin ýönekeý telpeklerden başga kirbasiýa diýlip atlandyrylýan, matadan ýa-da gönden kulahlar, şeýle hem demir we mis sopbaşlar ulanylypdyr. Demir sopbaşlary diňe ýokarky gatlakdan bolanlar geýipdir we olar pars taýpalarynyň käbirinde ýaýranlar ýaly, çüri bolupdyr, altyn we kümüş nagyşlar, eteginde sallanýan zynjyrjyklar hem-de gysga kesilen perler ýa jyga bilen tapawutlanypdyr. Sasaniler şejeresinden bolan patyşalar adatça öz sopbaşlaryny derejesine laýyk alamatlar bilen bezäpdir, käte bolsa Günbataryň has giçki döwürlerdäki demir sowutly söweşijileri ýaly, dürli bezegleri – altyn tegelekleri, haýwan şahlaryny, ganatlary we şuňa meňzeşleriň şekillerini goýdurypdyr.
Parslaryň keramatly kitaplarynda esgeri ýaraglandyrmak üçin zerur zatlar sanalanda guşak we injiklik zerur goranyş serişdeleri hökmünde agzalýar. Gündogarda giňden mälim bolan bu zatlaryň ikisi-de, demir garylyklaryň hem bolşy ýaly, diňe has giçki ýadygärliklerde gabat gelýär, olaryň surat görnüşdäki şekilleri bolsa XV ýa-da XVI asyrlarda peýda bolýar.
Sasaniler döwründäki atlaryň adaty ýaraglanyşyny we şol goranyş serişdeleriniň guralyşyny Firuz patyşanyň ýokarda agzalan we kümşüň ýüzünde ýasalan şekilinde görmek bolýar.
Strabonyň ýazmagyna görä, adaty hüjüm ýaragy gylyçdan we aýpaltadan, içi peýkamly sagdakdan, ýaýdan we sapandan ybarat bolupdyr. Parslaryň mukaddes kitaplarynda hanjar görnüşindäki pyçak, gürzi we naýza hem agzalýar. Ýaragyň şu görnüşleri beýleki ýadygärliklerde hem bar. Mysal üçin, şekillendiriş sungatynyň käbiri parslaryň urgany ýa-da arkan ýaly saralýan uzyn ýüpi ulanandygyny tassyklaýar. Bu ýarag baryp gadymky eýýamlardan bäri mälimdir, şonuň üçin onuň nähili şekilde özgerdilendigine baha bermek kyn.
Ýaragyň ýokarda agzalyp geçilen görnüşleriniň arasynda ähli gündogar halklarynda peýkamdyr ýaý esasy ýarag hasaplanypdyr. Ol agaçdan ýasalypdyr ýa-da haýwanlaryň pugta siňirlerinden örülipdir, oňa altyn çaýylypdyr, dürli suratlar çekilipdir we iki ujuna seçek dakylypdyr. Abat saklanylmagy üçin onuň daşyna käte gönden tikilen torba geýdirilipdir, ol hem azda-kände kaşaň bezelipdir, tanymal adamlarda bolsa olaryň ýüzüne gymmat bahaly daşlar hem dakylypdyr. Adatça ýaý bile dakylar eken. Peýkamyň uzynlygy ýaýyň möçberine görä, sagdakdaky bezegler bolsa ýaý torbasyndakylara laýyk bolupdyr. Käte sagdak bilen ýaý torbasy ussatlyk bilen birleşdirilipdir.
Peýkamdyr ýaýdan soň iň ýörgünli ýarag zarbalyk naýzady. Onuň bir ujuna iki tarapy-da ýiti bolan demir ýa mis uçluk dakylypdyr, beýleki tarapyna bolsa ýiti demir berkidilipdir. Sapynyň uzynlygy ilki başda alty-ýedi daban uzynlykda bolup, Sasanileriň hökmürowan bolan döwründe iki esse dagy uzalypdyr. Pars şaýylyklaryndaky şekillere görä, naýzalaryň käbirinde edil uçlugyň aşak ýanynda gysga we ýokaryk egreldilen gaňrak bolupdyr, onuň näme üçin niýetlenilendigini düşündirmek kyn.
Ilki başda egri zolak görnüşinde bolan pars gylyjy soňra Dariniň buýrugy boýunça grek-makedon gylyjyna meňzedilip göňeldilipdir. Sasaniler döwrüniň ýadygärliklerinde ony şeýle şekillendiripdirler. Hut şol ýadygärliklerden adatça sag tarapdan dakynylýan ýaragyň çep gapdala geçendigini hem görmek bolýar. Diňe pars hökümdarlygy syndyrylandan soň araplaryň täsiri netijesinde göni gylyçlar bilen bir hatarda egriler hem peýda bolupdyr. Hanjar görnüşindäki pyçaklar hakynda hem şuny bellemek gerek. Adatça esgeriň biline gysga baglara daňylan şeýle pyçaklaryň birnäçesi dakylypdyr, käte bolsa olar guşaga gysdyrylypdyr.
Uzyn saply aýpaltalar, paltalar, gürzüler köneden gelýän görnüşini saklapdyr. Aýpaltalaryň sapyna bir, käte bolsa iki sany ýiti palta dakylypdyr, olar iki ýüzli assiriýa aýpaltasyna ýa-da küdüňine meňzedilipdir. Gürzüler aslynda bir ujy ýogyn ullakan taýakdan ybarat bolup, ýüzüne çişler berkidilipdir.
Sapanlar ýokarda agzalan urganlar ýaly, berk guşaklardan örülipdir.
Goşuny nyzama duruzmak hem-de onuň dürli hereketleri amal etmegi üçin zurnaýlar we depler ulanylypdyr. Baýdaklar ýa-da aýratyn görnüşli tuglar görnüşinde beýleki meýdan nyşanlary hem bolupdyr. Içi köwülen agraç kesindisinden ýasalan, daşyna deri çekilen we urmak üçin mis taýagy bolan dep gadym döwürlerden bäri parflara degişli gural, demir zurnaý bolsa parslara mahsus hasaplanylýardy. Parflaryň hökmürowan döwürlerinde ýöriş ýa-da nyzama düzülmek wagtynda ulanylýan nyşanlar altyn sapaklar geçirilen mata böleklerinden ýasalan kiçijik baýdaklardan ybarat bolupdyr. Parslar şeýle nyşanlar hökmünde şonuň ýaly baýdaklary ýa-da altyn bürgüt şekillendirilen has gadymky döwlet baýdagyny, soňra bolsa Difeýeş-i-Kawani diýlip atlandyrylan «demirçiniň mukaddes baýdagy» ulanylypdyr. Göwher we beýleki gymmat bahaly daşlar bilen bezelen şol baýdak, has gadymky rowaýatlara görä, birmahal parslara sütem eden rehimsiz Zohakdan üstün çykyp, ýeňiş gazanan Kawa demirçiniň deriden ýasalan öňlügi bolupdyr.
■ Millet, Goşun, Döwlet
– bir bitewi birlik
Oguz han döwründen başlap, Millet – Goşun – Döwlet biri-birine barabar bolupdyr. Bu üçlük oguzlaryň ýaşaýyş aýratynlygy, ýaşaýyş usuly hasaplanypdyr.
Millet, Goşun, Döwlet – bir bitewi birlikdi.
Goşun döwletiň, milletiň saklanmagy, ösmegi üçin esasy özendi. Şonuň üçin hem goşuny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýärdi.
Goşunyň nädereje bolandygyny goşunyň serkerdeleriniň atlandyrylyşyndan hem aňyp bolýar: wisakbaşy, onbaşy, ellibaşy, ýüzbaşy, müňbegi, tümen begi, boý begi, orda başy. Diýmek, on, elli, ýüz, müň, on müň, ýüz müň, million. Goşun bölümlerinden, serkerdeleriniň atlandyrylyşyndan çen tutsaň, pederlerimiziň ymgyr köp esgerli güýje eýe bolandyklaryna göz ýetirýärsiň.
Goşun nähili görnüşde bolmaly? Goşun ganatlaryny ýaýyp uçup barýan bürgüt şekilinde bolmaly.
Oguz goşuny duşmana bürgüt bolup zarba urmaly!
Bürgüt bolup!
Bürgüt synasy esasynda goşun, esasan, üçe bölünýär.
Sag ganat (meýmene).
Sol ganat (meýsere).
Gol, baş, merkez (kalb).
Sag ganat – içoguz.
Sol ganat – daşoguz.
Sag ganat – bozok.
Sol ganat – üçok.
Sag ganata – bozaga Gün han, Aý han, Ýyldyz han degişli.
Sol ganata – üçoka – Gök han, Dag han, Deňiz han degişli. Merkezde – Bürgüdiň başynda jylawdar (awangard) goşun durýar. Jylawdar goşun söweşmekde iň saýlanan esgerlerden ybarat. Oňa soltanyň özi gönüden-göni ýolbaşçylyk edýär.
Söweşlere ýurduň patyşasy ýolbaşçylyk edýär.
Ýurduň patyşasy söweş tilsimatlaryna, ilkinji nobatda, ussat bolmaly.
Göktaňry han patyşa göteren kişisine bäş sany ady peşgeş berýär:
1. Gut (hökümdarlyk).
2. Ýarlyk (buýruk).
3. Ülüg (ykbal).
4. Küç (güýç).
5. Paýhas.
Sag gol bilen sol goluň aralygyndaky gol (merkez) goşunyň gözi hem gulagy, ýüregi hem akyly hasap edilipdir.
Golda serkerde goşuna ýolbaşçylyk edýär. Golda goşunyň tugy saklanýar.
Söweşde esasy agram sag ganata düşýär.
Gol ganat goşunyň hojalyk bölümi hasap edilýär. Şeýle-de bolsa, olar gerek ýerinde darkaşa gaýym bolmaly.
Parahatçylykly döwürde patyşanyň sag elinde ujuna altyndan möjegiň şekili oturdylan hasasyny saklanýar.
Böri – oguzyň harby häkimliginiň, harby güýç-kuwwatynyň nyşany hasaplanýar.
Öküz – döwletiň parahatçylyk meýilleriniň, böri – päliýaman ýagy bilen garpyşmak üçin harby-uruş meýilleriniň nyşanydyr.
Ýaý – patyşa.
Ok – ilçi we nöker.
Sol saga tabyn bolmaly.
Oguz oturanda sag elini sol eliniň üstünde goýup oturmalydyr.
Ýer Asmana tabyn bolmalydyr.
Goşun üç goşundan we birnäçe bölümlerden ybarat bolmaly.
Goldaky goşun – jylawdyr goşun.
Sag goldaky atly goşun.
Sol goldaky ylgary goşun (pyýada goşun).
Bölümler: Goşun onluklardan ybarat bolupdyr.
Aňtawul bölümi. Bu bölüm goşunyň edil öz içinde bolman, duşmanyň içinde hereket edýän gizlin topardyr. Bu topar iki-üç günlük öňden ýöräp, öňdäki ýagdaýlar, keseki döwletiň ýollary, derýalary, daglary, geçelgeleri, köprüleri, nirelerde agyz suwunyň bardygy, duşman goşunynyň nirede ýerleşýändigi, goşunyň sany, ýaraglary we ýaraglarynyň görnüşleri, goşunyň üpjünçiligi, hökümdaryň haýsy wagt nirä gidýändigi, näme bilen meşgullanýandygy barada yzygiderli habar berip durýarlar. Aňtawul bölüminiň esgerleri ýerli ýagdaýa görä söwdagärleriň, täjirleriň, derwüşleriň, gazanç etmek üçin iş gözläp ýören pukara adamlaryň keşplerine girýän pursatlary az bolmandyr.
Garawul bölümi.
Bu bölümiň esgerleri ýurduň serhetlerinde bolupdyrlar, duşmanyň gelýändigini görüp, dessine merkeze habar beripdirler. Garawul bölüminiň esgerleri patyşanyň goşunynyň dört tarapynda bolmak bilen soltan goşunyny duýdansyz hüjümden gorapdyrlar.
Ýerawul bölümi.
Bu bölümiň esgerleri batyr, güýçli, ýokary harby taýýarlykly saý ýigitler bolupdyr. Bu bölüm darkaş döwründe ýa-da gepleşikler geçirilýän döwründe ýüze çykýan çykgynsyz ýagdaýda ýardama ýetişýän häzirki döwürdäki milli howpsuzlyk gullugyny ýada salýar.
Ýasawul bölümi. Bu bölümiň esgerleri hökümdaryň şahsy goragyny üpjün edipdirler.
Ýiglewük ýa-da ökje. Bu bölümiň esgerleri serkerdäni we tugy yzdan, art tarapdan howpsuzlandyrypdyrlar. Bu bölüm 18-25 ýaşlaryndaky ýaş, gujurly, güýçli esgerlerden ybarat bolupdyr.
Pugtarma bölümi. Munuň özi goşunyň yzynda ýerleşip, söweş wagtynda goşuny gerekli zatlar bilen mähetdel üpjün edip durýan, şeýdibem goşuny pugtalaýan, ýagny ony täze ýarag, at, esger bilen üpjün edýän bölüm bolupdyr. Bu hojalyk bölümi diýip hem atlandyrylypdyr.
Bekewül bölümi. Bu goşun ýurduň goragyny üpjün edipdir. Bu bölümiň esgerleri diňe bir ýurduň serhetlerinde däl, eýsem, her bir şäherde, galada hem bolupdyr.
Goşundaky ýokarky bölümlerden başga-da orun, solgaý, sowrum, ünüş, küşük atly bölümçeler hem bolupdyr.
Goşunda ünsden düşürilen zat ýok. Her kimiň etmeli işi anyklaşdyrylan.
■ Oguz hanyň agtyklaryna wesýet eden bedewleri
Oguz han 24 agtygynyň – 24 taýpanyň hersiniň haýsy golda bolmalydygyny, haýsy reňkli atyň haýsysyny münmelidigini örän takyk kesgitläp beripdir.
Sag goluň kowmy bolan bozoklaryň – Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň agtyklary:
– Gaýa, Baýat, Alaöýli, Garaöýli – gara reňkli at;
– Ýazyr, Düger, Dodurga, Ýaparly – goňur (mele) reňkli at;
– Owşar – ak reňkdäki at;
– Begdili – gyr at;
– Garkyn – gara gyr at;
– Baýyndyr, Bijek, Çowdur, Çepni – dor at;
– Salyr, Eýmir, Alaýuntly, Üregir – alabeder at;
– Igdir, Begdüz, Ýüýewe, Kynyk – al at münmeli edilipdir.
Netijede, her taýpanyň esgerlerini münen atlaryndan tanapdyrlar.
Goşunda Oguz hanyň Asman ogullary – Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň neberesi merkezde, sag hem çep ganatlarda durýarlar.
Muhammet Nesewi «Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Bellenilen gün soltan goşunyny söweş nyzamyna düzdi. Goşunyň merkezi diňe gara atly, gara geýnen ýigitlerdendi, sag ganat dagyň sili ýaly uçganaklap duran ak atly, ak geýnen nökerlerdendi, çep ganaty bolsa mele atly, mele geýnen nökerlerden ybaratdy» 254 sah.
Nesewiniň bu jümleleri Oguz hanyň reňkler baradaky pendi bilen tanyş bolmadyk okyjy üçin geň bolup görner. Aslynda soltan Jelaleddin Oguz söweş resimini saklapdyr. Söweşiň merkezindäki gara atly, gara geýnen ýigitler – Gün hanyň neberesi. Olaryň merkezde bolmalydygy – bu Oguz hanyň pendi. Sag ganatdaky ak atly, ak eşik geýnen atlylar owşarlar. Çep ganatdaky mele atly, mele geýnen esgerler – Aý hanyň agtyklary.
Diýmek, nesewi bu ýerde goşunyň öňüni Oguz hanyň pendi boýunça asman ogullarynyň çekýändigini nygtamak isläpdir.
Ýeri gelende, ilçileriň, çaparlaryň alabeder at münendiklerini nygtamak isleýärin. Alabeder at münüp gelýän bolsalar, diýmek, seniň ýanyňa ilçi gelýär!
Oguz han Türkmeniň baýdagynda hem şu dokuz reňkli at şekillendirilipdir, ýöne ol atlar guýruklary düwlen görnüşde görkezilipdir.
Öküz, dokuz guýruk, dokuz reňk, düwlen guýruklar ýaly şekilleriň göçme manylary bar.
Öküz – Oguz hanyň döwletiniň kuwwatlylygynyň sypaty. Öküziň nyşanynda oguz halkynyň, döwletiniň, şeýle hem dininiň bitewüligi görkezilýär. Öküz – oguz şalygynyň syýasy-ruhy gymmatlygy.
Oguz hanyň dört ogly bilen ýigrimi dört agtygy öküziň – ýagny şalygyň goragynda durmaly.
Düwlen guýruk – bu atyň ýörişe, söweşe taýýardygyny alamatlandyrýar. Bu aňlatma biraz soň, Parfiýa şalygy döwründe eýerlenen at görnüşine geçdi. Üsti adamsyz eýerlenen at Parfiýa döwletiniň nyşany hökmünde kabul edildi.
Mundan buýanky etjek gürrüňime aýdyňlyk bermegi üçin Oguz hanyň ogullaryna galdyran ýedi mirasyny ýatlamak isleýärin. Ine, şol ýedi miras:
1. A:t.
2. Tagma.
3. Guş.
4. At.
5. Ýurt.
6. Ülüş.
7. Orun.
Oguz hanyň öz agtyklaryna galdyran bäşinji mirasy harbylyk, goşun bilen baglanyşykly. Oguz han agtyklarynyň mejlisdäki, meýlisdäki, goşundaky orunlaryny aýdyňlaşdyrypdyr.
Oguz han asman baglanyşykly Gün, Aý, Ýyldyz atly üç ogluny Bozoklar diýip atlandyrmak bilen sag goly, Ýer bilen baglanyşykly – Gök, Deňiz, Dag atly üç ogluny Üçoklar diýip atlandyrmak bilen sol goly berdi. Mejlisde – döwlet işleri maslahat edilende; meýlisle – awda-şikarda, toý-dabarada, dynç alyşda; goşunda – söweş, darkaş, uruş mahalynda her bir ogluň, her bir agtygyň öz eýelemeli orny, öz etmeli işi Oguz hanyň miras bölüşiniň düzgünnamasyna laýyklykda kesgitlenipdir, bu düzgün gaty berk ýöredilipdir.
Oguz han şeýle diýipdir:
– Sag goluň orny ulurakdyr, ýaý bolsa patyşa ornundadyr, şonuň üçin begligi, töreligi we patyşalygy sag gola berdim. Sol gol bolsa ilçilik we nökerlik derejesinde bolsunlar.
Patyşa söweş mahaly harby ýolbaşçy bolupdyr. Ol haýsy goşunyň haçan hüjüm etmelidigini kesgitläpdir.
Oguz patyşalaryny başa-baş söweşip gazanylan ýeňiş kanagatlandyrmandyr, olar harby ussatlyk, tilsim bilen gazanan ýeňişlerinden lezzet alypdyrlar.
Harby tilsimi gowy ulanyp bilen ýagdaýlarynda on bäş müňlük esger bilen duşmanyň elli müňlük, ýüz müňlük esgerli goşunyny ýeňipdirler.
Oguz han «Her bir oguz esgeri duşmanyň ýüz esgerine taý gelmeli, ýeňmeli» diýende başa-baş söweş däl-de, harby tilsim göz öňünde tutulýar.
Oguz handan ençeme harby tilsim miras galypdyr.
Gürrüňi Oguz hanyň «Güpbasdy» atlandyran tilsiminden başlaly.
■ Güpbasdy
1036-njy ýylda gaznaly soltany Masut salar Begdogdyny on bäş müň atly saý goşuna salar belläp seljuklylaryň üstüne Nusaýa gönderýär.
Salar Begdogdy Nusaýyň eteginde seljuklylaryň 800-e golaý adamyny öldürip, ýeňiş gazanýar, köp mukdarda olja alýar. Salar bu ýeňşe aşa begenip, soltana ýeňiş hakda habar gönderýär. Seljuklylaryň üç müň atlysyndan galan iki müňden gowrak atlysy gaçyp çöle siňýär.
Köp mukdarda olja alan goşun oljany paýlaşmak isleýär.
Olja paýlaşmakda hem berk kada-düzgün bar.
Olja paýlaşylanda oljanyň bäşden birine hums diýilýär. Hums – patyşanyň paýy.
Oljanyň bäşden başga bir bölegi şalygyňky, din hadymlarynyňky.
Galan bäşden üç bölek esgerler, has takygy, gulamlar (gulam – hakynatutma esger) arasynda paýlaşylýar. Gaznaly gulamlar hem Nusaýda öz oljalaryny paýlaşmaga başlaýarlar. Paýlaşykda dawa ýüze çykýar. Gulamlar biri-biriniň üstüne sürünýär, biri-birinden köp aljak bolýar.
Gaznaly esgerleriň olja paýlaşyp duran pursady – üste ýagy döküler diýip eger-eger pikir edilmedik pursady. Edil çabga ýaly bolup, asmandan inen Bürgüt ýaly bolup, iki müňden gowrak seljuk atlysy on bäş müňden gowrak gaznalynyň üstüne dökülýär.
Seljuklylar aýylganç-aýylganç gykylyklap, gaznaly gulamlary parçalap ugraýarlar.
Gaznalylaryň ellerinde ýaragy, başlarynda tuwalgalary, eginlerinde jöwşenleri, sowutlary, çaraýnalary ýok.
Dökülen ýaga garşy söweşmek hakda hiç hili buýruk-da ýok.
Elbetde, taýýarlykly bolsa, onda on bäş müň gulamly gaznalylaryň ýeňjekdigi köre hasa. Ýöne gaznaly gulamlar dowla düşýärler. Seljuklylaryň rehimsizlik bilen öldürýändigini gören gaznalylar oljalaryny, ähli ýarag-esbaplaryny taşlap, asta gaçan namart diýýän ýaly gaçmak gaçýarlar. Seljuk atlylary bolsa badadaýlap gaçyp barýan gaznalylaryň yzlaryndan ýetip, ýeke-ýekeden gylyçdan geçirýärler.
Netijede, iki müňden gowrak seljukly on bäş müňden gowrak gaznaly soltanynyň saýlama esgerli goşunyny ýok edýär. Köp mukdarda olja alýarlar. Elbetde, bu söweş tilsimi, usuly. Bu usul bilen türkmenleriň taryhda ýeňiş gazanan ýerleri kän.
Bu tilsimiň adyna güpbasdy ýa-da bürgüt hüjümi diýilýär.
Türkmen taryhynda ulanylan söweş tilsimleri diňe güpbasdy däl. Bürgüt hüjümi oguz eýýamyndan gelýän iň ýörgünli uruş usuly.
Ýerdäki jandar – alakadyr, towşan boljak iş bolýança bürgüdi görmeýär. Ol özüne howp abanjagyny, ýene sanalgyja sekuntdan öljegini bilmeýär.
Ýagynyň üstüne duýdansyz dökülmek we ýagyny aljyraňňylyga salmak soltan Mahmyt Gaznalynyň hem iň gowy görýän söweş usuly eken.
Soltan Mahmyt demirgazyk Hindistana degişli bolan, Gaznanyň golaýynda ýerleşýän meşhur Kustar (oňa Guzdar hem diýilýär) etrabyny basyp almak isleýär, ýöne ol bu maksadyny gaty ýaşyryn saklaýar.
«Soltan 1012-nji ýylda Gaznadan Bust tarapa çykdy, soňra Hyrada tarap ýöredi. Onuň bu ýörişi baradaky habar töwerege ýaýrady. Hyrada ýetenden soň soltan atynyň jylawyny Kustara tarap aýlady. Ol Kustar daglarynyň geçmesi kyn bolan ýollaryny gijäniň içinde ötdi. Kustaryň häkimi soltanyň bu ýere nähili gelenini duýman galdy. Soltan gün şöhleleri äleme ýaýrap-ýaramanka onuň köşgüniň ýakynyna gelip ýetdi. Kustaryň häkimi: «Aman, aman!» diýip jar çekdirdi we soltandan geçirimlilik sorady». (Abu Nasr Utby. Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy).
■ Sabahun söweş tilsimi
Magtymgulyda şeýle setir bar:
Şebgert bar, şebihun bar, çyda bilmez sen. (Şebgert – gije garawuly, sakçysy).
Sabahun, şebihun – şol bir sözler bolup, bu aladaňdan, gijäniň ýaryndan soň duşmanyň üstüne duýdansyz hüjüm etmegi aňladýar.
Sabahun söweş tilsimini peýdalanmagy seljuk serkerdeleri, Jelaleddin Meňburun gowy görüpdir. Olar bu söweş tilsimlerini ýerlikli peýdalanyp, uly ýeňiş ganypdyrlar.
Taryhda 1034-nji ýylda sabahun söweş tilsimini Jendiň emiri Şamälik Togrul begiň garşysyna ulanýar. Şamälik Togrul begiň on müň esgerli goşunyny gyrmak gyrýar. Netijede, Togrul beg bu sabahun söweşinde özüniň sekiz müň esgerini ýitirýär.
Osman ÖDE.
Taryhy makalalar