6. Ýarag we goranyş esbaplary
Türkmenler müňlerçe ýyllaryň dowamynda ägirt uly söweşlerde ýaraglarynyň birkemsiz ussatlyk bilen ýasalandygy netijesinde ýeňişleri gazanýardylar.
Türkmenler gadym döwürlerden bäri demir magdanyny gazyp çykarýardylar, polat esbaplaryny we dürli ýaraglary ýasaýardylar. Bu däpler XIX asyra çenli dowam etdi. 1881-nji ýylda W.A.Tugan-Mirza Baranowskiý şeýle ýazdy: «Tekeler esasan ýarag ýasamak bilen meşgullanýar... olaryň gylyçlary parslaryňka meňzeş, hanjarlary bolsa insiz, örän uzyn we göni, diňe bir tarapy ýiteldilen (tutawaçlary köplenç süňkden ýa-da agaçdan). Teke ýarag ussalary tüpeňleri ýasamakda hem hiç neneň däl».
Biz häzir ok atýan ýarag barada gürrüň edip durjak däl. Eýsem, türkmenleriň daş asyryndan başlap XX asyra çenli ata-babalarymyza birkemsiz hyzmat eden, köp gezek jeň meýdanynda abraý getiren, adynyň äleme dolup, şan-şöhrata beslenmeginiň gözbaşlarynyň biri bolan ýaragyň däp bolan görnüşleri hakynda söhbet etmekçi.
Türkmeniň esasy ýaragy ýaýdyr peýkam. Bu sungata ussat bolmak, nyşanany bir okda urmak üçin çagalyk ýyllaryndan başlap, ady belli mergen halypalaryň elinde uzak wagtlap arman-ýadaman tälim görmek gerekdi.
B.e.ö. VIII – III asyrlarda türkmenleriň ata-babalary uzynlygy 60-100 santimetr aralykda bolan ýaýyň örän çylşyrymly görnüşini ulanypdyr. «Skifleriň» ýaýy diýlip atlandyrylan şol kuwwatly ýarag ähli gadymyýet dünýäsinde ýaýrapdyr. Grekler, parslar, midiýalylar öz esgerleriniň ýaýdan atan peýkamynyň hiç haçan nyşanadan sowa geçmezligini maksat edinip, tälim bermegi üçin türkmenleriň ata-babalaryny ýörite çagyrypdyr.
B.e.ö. III asyrda ýaý has kämil görnüşe getirilipdir. Onuň uzynlygy 2 metre çenli ýetirilipdir, şeýlelikde, peýkamyň uzaga gidişi we zarbalyk güýji artypdyr. Türkmenleriň ata-babalary ýaýyň bu görnüşini hem Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna ýaýradypdyr.
Türkmenler şeýle ýaýlary X asyra çenli ulanypdyr. Uruşlaryň uzaga çekmegi ýaýlaryň gurluşyny üýtgetmäge mejbur edipdir, onuň möçberleri kiçelipdir, ýöne ol peýkamlary çalt kirişe dakyp, nyşana ugratmak üçin has amatly edilipdir.
Ýaýlaryň dürli görnüşleri bolupdyr, olar söweş üçin, türgenleşme üçin, mergenler üçin niýetlenen, aw üçin, tälim görmek üçin niýetlenen we beýleki ýaýlardyr.
Ýöriş mahalynda ýaý kirişi aýrylyp, esgeriň sag gapdalynda ýörite torbalarda saklanypdyr.
Peýkamlar bolsa köplenç gamyşdan ýasalypdyr, ýöne ak derekden hem peýkamlar ýasalypdyr, olar has gymmatly hasaplanypdyr. Şeýle peýkamlara gadymyýetde bürünçden we süňkden ýasalan, soňky döwürlerde bolsa demirden ýasalan, gyraňlary dürli bolan uçluklar dakylypdyr. Käte uçlukda ýörite deşik edilip, peýkam atylandan soň şuwwuldy eşidilip, duşmana eýmendiriji täsir edipdir. Kä halatlarda şeýle uçluklara ýylanyň zäheri çalnypdyr. Duşmanyň bedenine degen şeýle peýkamyň onuň ölmegine sebäp boljakdygy ikuçsuzdy.
Eger gadymy zamanada uzynlygy 50 santimetr bolan, şol döwrüň taryhçylary tarapyndan «akinak» diýlip atlandyrylan, iki tarapy-da ýiteldilen gylyç meşhur bolan bolsa, onda b.e.ö. III asyrdan başlap türkmenleriň ata-babalarynyň arasynda uzyn we göni gylyç giňden ulanylypdyr.
Egri gylyjyň döremegi biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna degişli edilýär. Türkmenler eýeri we üzeňňini oýlap tapypdyr. Şeýlelikde, esger atyň üstünde has ykjam oturypdyr, bu bolsa oňa has kämil ýaragy ulanmaga mümkinçilik beripdir. Duşmany has güýçli zarba bilen urmaga mümkinçilik berýän gylyç oýlanyp tapylypdyr. Gylyç açyk gyýnyň içinde çep tarapdan dakynylypdyr.
Naýza (suny, jyza) hem möhüm ýarag gurallarynyň ýene-de bir görnüşi bolupdyr. V – XI asyrlaryň dowamynda naýza agyr ýaraglanan atly türkmen esgeriniň esasy ýaragyna öwrülýär. Biri-birine ýakyn duran esgerler-de, atlar-da sowut bilen goralan hatarda naýzalaryň uzynlygy 6-7 metre ýetende, şeýle goşun üçin duşmany yzyna serpikdirip, kül-peýekun etmäge başga ýarag derkar däldi.
Zyňyp peýdalanmak üçin ulanylýan has ýeňil naýzalar hem bolupdyr.
Aýpalta hem ýakyn aralyga gelen duşmana garşy söweşde netijeli ýarag bolupdyr, ol ýeterlik güýç bilen urlanda, islendik sowudy-galkany döwüp bolýardy.
Ýakyn aralykda söweşen mahaly atly esgerler we pyýada goşunlar agaçdan ýa-da demirden ýasalan gürzüleri (şemşerleri) ulanypdyr.
Türkmenler söweşlerde sapan hem ulanypdyr, özi-de sapançylar dürli ululykda bolan daşlary peýdalanyp, duşmana örän agyr zyýan ýetirmegi başarypdyr.
Türkmenlerde pyçaklaryň dürli görnüşleri: iki tarapy-da ýiteldilen, bir tarapy ýiteldilen, dörtgyraň uzyn pyçaklar bolupdyr.
Hatda XIX asyrda hem urganlar (arkanlar, kementler) öz ähmiýetini ýitirmändir. Ýüňden ýa-da atyň gylyndan örülip ýasalan urganlar başarnykly ellerde örän täsirli ýarag bolupdyr.
Gamçy hem goşmaça ýarag hökmünde ulanylypdyr, onuň kömegi bilen hem-ä atyňy ugrukdyrmak, hem-de duşmanyňy ýençmek bolýardy. Onuň ujuna tegelek demir dakylanda bolsa, gamçy eýýäm gürzä meňzeş haýbatly ýaraga öwrülýärdi.
Türkmenler ok atýan ýaragy XVIII asyryň ahyrynda has köpçülikleýin ulanyp başlapdyr. Tüpeňleriň hyrly tüpeň, gara tüpeň, myltyk ýaly görnüşleri bolupdyr.
Top, zemburek ýaly ýöntem artilleriýa ýaragy hem bolupdyr.
Türkmenleriň esbaplarynyň arasynda tor görnüşindäki, şeýle hem bir-birine berkidilen apbasy ýa-da ýasy demir görnüşindäki sowutlar, sopbaş (tuwulga), galkan ýaly esbaplar ulanylypdyr.
Türkmen sopbaşy çüri görnüşde bolupdyr. Hatda dikligine inderilen gylyjyň zarbasy hem oňa täsir edip bilmeýän eken.
Galkanlar tegelek görnüşde bolupdyr. Agaçdan ýasalan tegelegiň ýüzüne deri çekilipdir, ortasyna bolsa demir okarajyk berkidilipdir. Şol tegelek galkanlar esgeriň bedeniniň diňe ýokarky bölegini goraýardy we atly esgerler üçin niýetlenilýärdi.
Elbetde, jemagatyň has garyp bölegi ýokarda agzalan ýaragdyr esbaplaryň ählisini asla edinip bilmändir. Ýöne olaryň käbiri sowudyň ýerine ulanmak üçin birnäçe gat deriden ýörite içmekleri tikipdir, goýun derisinden tikilen gaba telpek bolsa sopbaşdan kem goramandyr, sebäbi ol hem gylyjyň zarbasyny gowşadýan eken.
Türkmenleriň esgeri-de, bedewi-de sowutlar bilen goralan atly goşuny gören gözi dokundyrar eken. XVII asyrda Abylgazy han «Türkmenleriň şejeresinde» türkmen goşunyny şeýle suratlandyrýar: «Daşyndan göräýmäge, olar bir müňe golaýdy, ýedi ýa-da sekiz ýüzüsi sowutly, sopbaşlydy. Sowutlar, sopbaşlar, injiklikler, dyzlyklar adamyň bedenini doly ýapýardy we onuň gözlerinden başga açyk ýeri galmaýardy».
Türkmenleriň orta asyrlarda, şeýle hem olaryň ata-babalarynyň has irki döwürlerde ulanan ýaraglary we esbaplary öz döwri üçin iň ussatlyk bilen ýasalan ýarag-ýesbaplardy. Munuň netijesinde Kiýew Rusy, Wizantiýa, Rim imperiýasy, Hytaý, Eýran ýaraglaryň we esbäplaryň ähli görnüşlerini diýen ýaly ýasamagy türkmenlerden öwrenmäge ýa-da satyn almaga mejbur bolýardy.
Taryhy makalalar