16:34 Türkmeniñ söz baýlygy egsilmesin | |
TÜRKMENIÑ SÖZ BAÝLYGY EGSILMESIN
Türkmen dili
Türkmeniñ söz baýlygy hakynda gep gozgajak bolsak, turuwbaşdan ellerinden dür dökülýän türkmen zenanlarynyñ deñi-taýy bolmadyk çitme, kakma, örme zatlary barasynda aýtmaly bolýarys. Gadymy döwürlerden bäri zenanlar durmuşda, ýaşaýyşda zerur gerek zatlary el hünärleri bilen döredipdirler. Özleri at dakyp, türkmeniñ söz baýlygyny artdyrypdyrlar. Türkmen zenanlarynyñ geçen asyrlarda maşgalanyñ gün-güzeranyny dolandyrmakda, eşretli ýaşaýşyñ düýbüni tutmakda erkek adamlary tesdiren ýyllary sanardan köpdür. Erkekler öýüñ süññüni satyn alsa, üzük, durluk, serpik, tarpýapar, gapykilim, golañ, düzi ukbagy, tüýnükýüp, öý gamyşy, alaýüp, tärimýüp ýaly zatlar naçarlaryñ çeper elleriniñ önümidir. Türkmen öýi kemala gelýär. Indi onuñ içine goş-golam gerek. Haly, palas, kilim, garçyn, düýptorba, germe çuwal, iktorba, kendirik, saçak (düýeýüñden egrilýär, kakylýar, inedördül tikilýär), goştorba (susak, kepgir, çemçe salynýar), ojakbaş, düşekkeçe, ýankeçe ýaly zatlar zenanlaryñ on barmagynyñ hünärleridir. Kerwen gurap argyşa gitmek üçin howutlyk ýüp egirmeli, ýüwürtmeli, gylyç bilen kakyp, howutlyk taýýarlamaly. Argyşa äkitmek üçin goştorba taýýarlamak-da zenanlaryñ borjy hasaplanýar. Elbetde, erkekleriñ-de özüne ýetik işleri bolupdyr. Olar hatap ýasamak, çemmeler, büýli, çetnik, burnuk, nogta ýaly zatlary amal edipdirler. Ýaradanyń mähri siñen türkmen bedewlerimizi-de bezemeli. Atkeçe, içirgi, uýan, eýer, agyzdyryk ýaly zatlary är-aýal birigip edipdirler. Zat ýitýär - at ýitýär. Söz baýlygy egsilýär. Ýalançy dünýäniñ ýyllary möwrit-möwrit geçip dur. Pelegiñ çarhynyñ gudraty şeýle, her döwrüñ özüne görä durmuşy, ýaşaýşy bolýar. Zerurlyk ýitýär. Sözleriñ birnäçesi syrylyp galýar. Ýük maşynyñ bar ýerinde kerwen gural argyşa gitmegiñ zerurlygy ýok. Şu ýerde-de howut, halyk, çemmer, çuwal, çuwalbagy, köji, köjibagy, hatap, çetnik, burnuk ýaly sözler ýitýär, ulanyşdan galýar. Ak "Wolgadyr" dürli kysymly ýeñil awtomobiller bolsa düýäniñ üstüne kejebe gurap gelin almak ýaly ajaýypdan gözel däbimizi durmuşymyzdan daşlaşdyrdy. Şeýdibem, kejebäniñ bezegleri bolan düýebaşlyk, düýehalyk ýaly sözler gepleşikden galyberdi. Çaryk, çokaý, dolak ýaly zatlar bilen baglanyşykly sözler-de, gynansak-da, ýitip barýar. Hawa, durmuşyñ özgermegi bilen şäherde ýaşaýan ýaşlaryñ ýokarda agzalan esbaplaryñ atlaryny bilmezligi juda mümkin zat. Şonuñ üçin ene-atalar, mugallymlar, ýaşulular ýaşlarymyza olary öwretseler gowy bolardy. Mümkinçiligi bar ýerinde ýitip barýan zatlary görkezseler; adyny aýtsalar, ona ýetesi zat ýok. Umuman, şu ugurdan ündewi-ünsi güýçlendirmeli. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |