11:25 Wizantiýa imperiýasynyñ hökümdarlary | |
KONSTANTINOPOLYÑ PATYŞALARY HAKYNDA HEKAÝAT
Taryhy makalalar
Rawylar şeýle rowaýat aýdýarlar: Soltan Myrat II ibn soltan Muhammet han Zullalla (Alla saýasy) Konstantinopoly almagy maksat edindi. Gelip, galany aždarha meňzeş toplary bilen alyp bilmediler. Netijede, soltan Muhammet II Hak ýoluna ýörüş we talaň edip, zordan we güýç bilen gala içine gazylar topulup, kapyrlaryň bir bölegini gyryp, bir böleginiň aýallaryny, oglanlaryny, mal-oljaladyr, zatlaryny taladylar. Hijriniň 857-nji ýylynyň dört tirkeşikleriniň I aýynyň 20-nji güni ýaş güni Konstantinopol şäheri basylyp alyndy. Mukaddes şäher taryhyň sahypalarynda altyn setirler bilen ýazylandyr. Çünki Soltan Muhammet II Konstantinopoly basyp alandan soň birnäçe ajaýyp, owadan binalara tomaşa edip, ol binalara haýran galdy. Ol höküm etdi: Rumdan, Fransiýadan gelen taryhçylardyr, ruhanylary jem edip, “Konstantinopolyň gurluşygyny kimler etdiler, kimler bu şähere gelip gitdiler” diýip, ony bilmek isledi. Rum taýpasynyň taryhçylary jem bolup, sowal etdiler. Bu binalary kimler gurdularka, bu şähere kimler häkim boldyka? diýip bildiklerinden kitaplary dörüp soltan Muhammet II habar berdiler. Ähli taýpanyň habar bermegine görä, Haktagala hezreti Süleýman pygambere pygamberlik berdi. Şeýle janly-jandarlara höküm etdi. Älemiň şalary oňa gulak goýdy. Dünýä ýüzünde Süleýman pygamber höküm etdi. Meger Günbatarda Pereňistan etrabynda bir ada bardy. Ol adanyň patyşasy bardy. Adyna Angur diýerlerdi. Ol uly patyşady. Günbatarda Pereňistan tarapda ondan uly patyşa ýokdy. Ýüz müň äre we leşgere güýji ýeterdi. Emma hiç kişä baş egmezdi. Süleýman pygamberiň şan-şöhratyny we janly-jandarlara höküm edýändigini eşidýärdi. Ýöne tekbirliginden baş egmezdi. Bir gün Süleýman pygamber döwleri, perileri, ähli janly-jandarlary jem etdi diýdiler. Ondan ol jezirä bardy. Nälet siňen Angur ýene leşger bilen garşy baryp, uly jeň etdi. Netijede, Anguryň leşgeri harap bolup, basylyp derbi-dagyn boldular. Soňra Angury tutup, Süleýman pygamberiň ýanyna getirdiler. Süleýman alaýhyssalam Angure “Yslam dinine gir” diýdi. Ol kabul etmedi. Süleýman buýurdy, başyny kesdiler. Ol jeziräni alyp zabt etdiler. Ähli galalary özüne boýun egdirdi. Anguryň malyny we zatlaryny aldylar we Süleýmana getirdiler. Süleýman ýene leşgere bagyş etdi. Meger bu Anguryň bir sahypjemal gyzy bardy. Gözellikde görmegeý, owadanlykda deňi-taýy ýok. Ol gyzyň adyna Şemsiýediýerlerdi. Süleýman pygamber ol gyzy gören badyna aşyk boldy we onuň bilen nikalaşdy. Ol gyzy çäksiz söýeni üçin sözüni iki diýdirmezdi. Şemsiýehatyn bir gün Süleýman pygambere aýtdy: “Meniň üçin bir beýik saraý bina et! Onuň ýaly ýadygärlik dünýä ýüzünde bolmasyn. Şunuň ýaly binany başga hiç kim bina edip bilmesin” diýdi. Soň Süleýman pygamber döwlere, perilere, janly-jandarlara buýurdy: “Bir ýer tapyň howasy gowy bolsun, jennet sypaty bolsun. Onda meniň üçin bir beýik köşk bina ediň” diýdi. Ondan döwler, periler älemi keşt etdiler. Arap, Ajam, Hindistan, Hytaý, Hotan, Çyn-Maçyn welaýatlaryny gezerdiler. Hiç bir howasy gowy ýer tapman, netijede, Rum welaýatyna geldiler. Rumlylar ýunanlar diýilip tanalýardy. Onda Akdeňiz kenarynda bir howasy mylaýym ýer bardy. Aýdany ýaly. Ol häzirki asyrda hem bardyr. Oňa tomaşalyk diýerler. Esasy bina ol ýerdedir. Netijede, begenip ol ýere köşk bina etmäge meşgullandylar. Döwler, periler ýene älemi keşt edip gezdiler. Kap dagyndan, Elburus dagyndan we bildikleri ýerlerden, näçe mermer-magdany bar bolsa, tapan mermerlerini getirdiler. Her dürli reňkli mermerler tapyp, her dürli derekler kesip ýygnadylar. Şol 8 sütün mermer, derek Aýasofiýanyň içinde bardyr. Ony döwlere, Kap dagyndan getirtdiler. Döwler, periler jem bolup, bir beýik köşk binýat etdiler. Dünýä ýüzünde hiç kimde ýokdur. Ony Sedad ibn Ad atly binagär gurupdy. Soň ol köşgi tamam etdiler. Şemsiýehatyn gelip, ol köşkde düşledi. Birnäçe zaman onda boldy. Netijede, ol ýere hem begenmedi. Süleýman pygambere: “Meni “Mukaddes öýe”1 äkit” diýdi. Süleýman Şemsiýäni “Mukaddes öýe” äkitdi. Şemsiýeonda düşledi. Meger Şemsiýehatynyň ogryn öz dini bardy. Atasynyň dininden çykypdy. Buta sežde ederdi. Süleýmanyň habary ýokdy. Süleýman Şemsiýäni Mukaddes öýe alyp barýan wagty Şemsiýäniň bir uly buty bardy. Ol buty göwnüne makullap, köşgiň içinde bir ýerde gömdi. Süleýmanyň habary ýokdy. Iň soňunda Süleýman pygamber ol gyzyň sejde edýän butuny tapýar. Ol gyz Süleýmany taşlap, öýüne gidýär. Sýleýman ol gyzy tapandan soň, Haktagalany unudýar. Allatagalany unudyp, gyza göwün bereni üçin durmuşynyň soňky günlerinde köp wakalary başdan geçirýär. Täjinden, tagtyndan aýyrlyp, halk içinde masgara bolýar. Istehda atly döw Süleýmanyň tagtyny eýeleýär. 40 günläp, Süleýman pygamber sergezdan boldy. Şeýlelikde, Allatagala öz kelamynda şeýle buýurýar: Hakykatdan hem, Biz Süleýmany synag etdik we onuň tagtynyň astyna bir jansyz jesedi taşladyk. Soňra ol toba-tagsyr etdi. Netijede, Süleýman alaýhyssalam tagtyny, täjini soltanlygyny yzyna alyp, gaýtadan patyşa boldy. Hekaýat “Kyssasyl enbiýada” mälimdir. Soň Süleýman ol gyzyň buta sežde edýändigini bildi. Ol gyzy heläkledi. Netijede, Süleýman birnäçe wagt soltanlyk sürüp, oňa dünýä wepa etmän, ýalan dünýäden baky dünýä geçdi. Ondan soňra birnäçe patyşalar, süleýmanlar gelip gitdiler. Netijede, Ýunan welaýatyndan, Kaýsary rum diýaryndan bir uly patyşa ýüze çykdy. Adyna Ýangu ibn Mawýan diýerdiler. Ol Adyň neslinden bolan Ymlagyň neberelerindendi. Jitdeden (Saud Arabystanyň uly şäherleriniň biri) Şetdady (ýalan pygamber) kowup çykardy. Şeddady hem görüpdi. Rowaýat aýdarlar Ýangu ibn Mawýan Süleýman alaýhyssalamyň saldyrdan köşkünde oturan. Bir gün birnäçe ýerden duýdansyz Şemsieniň gömüp goýan butyny tapdylar. But gymmat daşlardan bolan hünjiler bilen bezelipdir. Ol buty getirip, wezirlerine görkezdi. Wezirler ol buty gördüler. Haýran galdylar. Ondan Ýangu ibn Mawýan aýdan: “Eý wezirler, men älemde bir at isleýärin. Meniň adym älemde ýadygär galsyn”. Ondan wezirler maslahat etdiler. Bir akylly weziri bardy. Adyna Keptuz diýerlerdi. Süleýman zamanynda Angur jeňinde biledi. Süleýman pygamber alaýhyssalam Kuts mübärek ýerde (Beýtilmukaddesi bina edýän wagty) Aksa metjidini görüpdi. Ondan Keptuz weziri aýtdy: “Eý älem şasy, häzirki zamanda Süleýman sensiň, bir mukaddes şäher binýat et. Süleýman ýaly seniň hem adyň älemde galar” diýdi. Ýangu ibn Mawýanyň ili, ýurdy, leşgeri deňi-taýsyzdy. Kaýsary rumdan tä Oňrus welaýatyna barynça ähli Türküstan, günbatar zeminden Arap diýaryna, tä Trablusa, Damaska barynça, ýene Ajam welaýaty, Samarkant töwereklerinden çykyp, tä Hytaý, Hotan, Çyn-maçyn, Hindistan deňzine barynça, Deşt welaýatyndan bärisi Çerkesdir, Kufedyr. Soňra koroliýe taýpasydyr. Oýrussurdyr we Garabagdandyr. Ondan bäri Eflak, ondan bärisi Olkrusdyr. Ondan aňyrsy Derule, Akarusi. Ondan aňyrsy Moskowdyr. Ol hem bir taýpadyr. Aňyrsy-bärsi görünmeýän ýurtdyr. Tä Jed deňzine barynça. Ondan ötseň garaňkylyk, adamzat ýokdyr. Ondan aşagy Latyn we Almanýadyr. Olar hem bir taýpadyr. Bosniýa Almaniýa bilen Olkrus aralygyndadyr. Tä Günbatar zemin welaýatyna barynça ýurtlaryň dörtden bir bölegi Ýangun ibn Mawýan bilen dostlaşdylar. Oňa boýun boldular. Ýangun ibn Mawýan tä Arap, Ajam, Ýunan, Rum, tä Oňrus gapysyndan Samarkant tarapyna barynça höküm ederdi. Baht el Nasr bilen Kuds şerifde duşuşyp, birnäçe gezek bagt synaşypdy.Ýangun ibn Mawýan höküm etdigi welaýatyndan leşger jem etse, kyrk gezek ýüz müň leşgere güýji ýeterdi. Ýangun ibn Mawýan şol taryhda bolan adam pygamber döräli bäri tä Ýangun ibn Mawýan zamanyna gelinçä 4600 ýyl geçipdi. Isgender Rumy dünýä gelmezden ileri 230 ýyl öňdi. Isa alaýhyssalam dünýä gelmezden 61 ýyl öňdi. Ýangun ibn Mawýan Konstantinopolyň binýadyny goýdy. Hezret Resulyň bu taryhyna çenli soltan Muhammet Konstantinopoly basyp aldy. Hijriniň 857-nji ýylynda bu taryhdan ileri Konstantinopol bina bolanyndan şol güne çenli geometriýa ylmyny bilýänler dünýäniň bar ýerini jikme-jik hasap etdiler. Konstantinopoly basyp alynça 2288 ýyl ileri bina edilip, taryhyň hadysalarynyň içinde şeýle waka boldy diýdiler. Biz ýene söz owwalyna geleli. Soňra Ýangun ibn Mawýan diledi: “Bir şäher binýat edeýin” diýip. Emma nirede gursa onuň ajap boljagyny pikir ederdi. Bu pikirde wagty gije duýdansyz ýatyrka düýşünde oňa:. “Saldyrjak şäheriňi Gara deňizden, Ak deňze akyp giden bogazyň kenarynda bina et” diýdiler. Ondan Ýangu ibn Mawýan oýandy. Wezirlerini çagyryp, geldiler. Wezirlerine aýtdy: “Düýşümde şeýle ýer görkezdiler, bilemok ol näme ýerdir?” Wezirleri ýene bilmän çuň pikire batdylar. Birdenkä bir gije Ýangu ibn Mawýany tagtyndan düşek bilen bile gapdylar. Konstantinopala getirdiler, goýdular. “Ol saldyrjak şäheriňi bu ýerde sal” diýdiler. Ýangu ibn Mawýan oýandy. Özüni bir ajaýyp ýerde gördi. Yzyna gözüni ýumdy bir howp waka boldy. Ajaýyp düýşmidir diýdi. Gözüni açdy. Gördi kim, düýş däl. Oýanyp, turup geldi. Özüni deňiz kenarynda gördi, ýalňyz çuň pikire batdy. Turdy dört tarapa seretdi. Ol ýeriň beglerinden biri bardy. Ýagdaýyny oňa aýtdy. Ol beg hem bildiginden aýtdy. Ýangu ibn Mawýan hyzmat guşagyny biline baglady. Ondan ol beg atlary getirdi. Atlandylar. Ikisi ol ada girdiler. Görseler Gara deňizden Ak deňze gidýän bogazdan somsa şekline şemaly tarapda jezire ýaly bolup görünýär. Häzir Konstantinopol onuň ýerindedir. Ýangu ibn Mawýan ol ýeri görüp begendi. Düýşünde görkezilen ýerler ol ýerdi. Patyşa bu ýerde bu halda wagty, ol tarapda patyşanyň halky ir bilen turdular. Patyşa ýerinde ýokdy. Begler, wezirler, patyşalaryna näme bolanyny bilmediler. Ajaýyp deňzine gark boldy diýip, dört tarapyna adamlar ugratdylar. Patyşamyzy tapyň diýdiler. Bular gussada wagty birdenkä “Patyşa pylan ýerde” diýip habar geldi. Weziri Keptuz ol ýere geldi. Ýangu ibn Mawýan ol ýerdedi. Patyşa wezire hal-ýagdaýy aýdyp berdi. “Aýtdygym bize yşarat bolan bu ýerde bir şäher binýat et” diýdiler. Wezir hem buýruň diýdi. Şeýle yhlas edip ol ýerde şäher bina ederler. Ol ýerde begenip bina başladylar. Ýangu ibn Mawýan her etrabyň patyşalaryna, beglerine ilçi iberdi. “Şular ýaly ýagdaý boldy. Siz ýene dostluk üsti bilen yhlas ediň, ýurtlaryňyzdan kömek üçin adam iberersiňiz” diýip, Hindistana, Hytaýa, Çynmaçyna barynça habar iberdi. Oňrusdan, Pereňistandan tä günbatar zemininden welaýat Hebeşden tä Mekge-Medinä, Müsür, Şam welaýatyna gelinçä hatlar ýazdy. Ol taýpalaryň begleri ýurtlaryň patyşalary öz ýagdaýlary boýunça bina gurmaga adam ugratdylar. Ondan soňra ol ýerde bina gurmaga başladylar. Kyrk arşyn ýeri tamam aşaga gazanlaryndan soňra birden bir gorkunç gümmez (gupba) çykdy. Ol gümmeziň (gupbanyň) tegelegi we boýy tamam kyrk arşyndy. Ony açdylar, içinde hiç zat ýok. Gümmeziň (Gupbanyň) töweregi haýwan şekili bilen bezelipdir. Haýwanlaryň başy ýok. Alty haýwanyň birisiniň başy bar, galanynyňky ýok. Her bölegiň özünde bir sahypa bar. Oňa taryhlar ýazylan. Ol sahypalary alyp gördüler. Hiç kim ýazgyny okap bilmedi. Ýedip iki dil bilýän adam getirdiler, tagta ýazdy. Bilmediler. Ol zamanyň kämilleri Eflatun şägirtlerindendir. Eflatunyň şägirtleri ol ýazgylary okap bilmediler. Diýdiler: “Haktagala uly patyşadyr. Ne başy bar, ne ahyry bu zaman, bu mekan, bu nyşandyr. Näçe-näçe taýpa, mahluk ýaratmyşdyr. Birnäçe taýpadan soň adamy ýaratdy. Özüniň birligini bildirmek üçin, çünki adamdan öň Hakyň nämeligini bilmändirler. Onuň üçin Gurhanda buýurmyşdyr. Adam pygamber keramatlydyr. Soň ol zamanyň akyldarlary bir ýere jem boldular. Şol ýere akyldarlary ýerleşdirdi. Hak Alla bir taýpa ýaratmyşdyr. Nähilidigini özi biler. Ol taýpa gelip, ýylda bir haýwan düzüp, ol gupba içinde gurularmyş. Soň müň ýyl tamam bolan. Onuň başyny kesip-kesdirip bir haýwan ýene düzüp, ol gupba içinde gurularmyş. Soň müň ýyl tamam ola. Ol haýwan ýene başyny kesip ikinji haýwan gurularmyş. Soň iki müň ýyl geçdi. Oňa meňzedip ýene gurularmyş. Oňa meňzedip, deňeşdirip müň ýylda meňzedip, gurularmyş. Soň ýedi müň ýyl tamam bolan. Ol mahluk gidip, ýedinji bölekde alty haýwan başyny kesip, ol bir haýwanyň başy durar. Tamam mundan bildiler. Bu gadar taýpa 6 taýpady. Bular gelip gonupdyyrlar. Ol demden bu dem gelinçä hasap etdiler. 4420 ýyl bolupdyr. Ondan oňa degişliligini bilmediler. Dünýä ýaradylany ne gadar ýyldyr. Alladan gaýry kişi bilmez. Soň ol halyny bildiler. Hak Alladan başga hemme zatlar ölýändir. Baky Alladyr. Ýitip gitmesi ýokdyr. Ýok bolýan däldir. Hemme zadyň eýesidir Allatagala. Biz ýene söz owwalyna geleli. Soň Ýangu ibn Mawýan tamam ýedi ýylda gerek-ýarak zatlaryny taýynlady. Sekizinji ýylynda älemden esgerler ýygnanyp, özüniň elindäki leşgeri 40 gezekden ýüz müň ärdi. Ondan 40 müň bina gurujy ussa, 100 müň kömekçi taýyn boldular. Galanyň binýadyny goýmaga taýyn bolanda palçylaryň aýdyşyna görä, sähetli gün bardy. 30 ýylda bir gezek geler diýdiler. Ol sähetli güni gözläp durarlardy. Galanyň içinde minara ýaly miller(sütün) saldylar. Her miliň üstünde jaňlar asdylar. Ol sähetli gün gelende jaňlary çalarlar. Şol wagt galanyň başlamaga ussalar, münejjimler sähetli gün geler diýip sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Şenbe güni belli sagatda tötänlikde Asmandan gelen baş ýazgyt we Allanyň hökümi şeýle bir güýje girer. Hakyň işine kişi many bolmaz. Adam ogly ne gadar pikir etse-de, Takdyr ony ret eder. Duýdansyz howa ýüzünden bir guş bir ýylany göterip, uçup barýarka ol jaňyň birisine baryp degdi. Ol jaň seslendi, göýä sähet güni geldi diýip. Ol jaňyň owazyny eşidip, näçe jaň bar bolsa olar hem çalyndylar. Çünki ol jaňlaryň owazy eşidildi. Ählisi eşidip, binany salmaga başladylar. Ondan astrologlar ol ýagdaýy görüp, jan atyp, Ýangun ibn Mawýana gelip, heniz ol sähetli gün gelmedi diýdi. Gykylyk etdiler. Ýangun neýlesin, Takdyr bilen bolsa gerekdir. Başga çäre ýokdyr. Ýene ol salnan binany ýykyp, wagty geçirmän, başga salmaga başladylar. Patyşa gaty gaýgylandy. Bu şäheriň soňy harap boldy. Abat edip bolmaýar. Ondan 40 gezek ýüz müň är, 40 müň gurluşykçy iki ýüz müň argadlar 40 güne çenli şäheriň töwereginden haýatyny tamam etdiler. 360 brguz etdiler. Her brguzyň aralygyny 30 beden etdiler. 60 gapy etdiler. Her gün 2 gapydan gurarlardy. Bir aýda 60 gapy taýyn bolardy. Salgyt almak üçin müň ybadathana, 60 müň öýler, 100 hammam, 500 kerwensaraý saldylar. Soňam şäher gurluşygy tamamlandy. Ondan ähli ýurtlardan arapdan, ajamdan, pereňden zulum eden köp boldy. Şäherlerden köp şäheri weýran etdiler. Bu şäheri zulum bilen doldurdular. Älem halkyny zulum bilen doldurdular. Älem halkynyň ählisini özlerinden bizar etdiler. Ol zamanyň halkyny zulum bilen getirenleri üçin bu şähere betdoga etdiler. Dilleri bilen, dinçiler dini bilen Haktagala göz ýaş dökdiler, doga etdiler. Ol şäheriň harap bolmagyna sebäp budur, ah-wah köp bolandyr. Soň şäher tamam boldy. Adyna Ýangu ibn Mawýan goýdylar. Ilki şäheri ol bina etdi. Öz adyny goýdy. Ondan şäheriň töwereginde, sähralarynda 360 sany gala bardy. Ol ýerde daşyndan duşman gelmez ýaly esgerleri goýdylar. Mundan öň Angur öz wagtynda bir uly şäher bina etdiripdi. Ýangu ibn Mawýan ol bina üstünde tertip edip, şäher içinde milleri saldyrdy. Bir uly mil saldyrdy. 500 arşyn mukdary Bakrat onuň üstündedi. Ýangu şol mili Anguryň bina etdirişi ýaly saldyrdy, ýöne ol miliň üstünde ýedi başly bir aždarha goýdurdy. Ondan Ýangu ibn Mawýan öz suratynyny bakyrdan etdirip, ol aždarhanyň üstünde goýdy. Öňünde ýene bir ybadathana saldyrdy. Tamam müň otagy bardy. Her otagda 7 ruhany oturýardy. Her haýsy öz dini ýoly boýunça okardy. Ol wagt Isa alaýhyssalamyň dini ýüze çykdy. Töwraty, Zebury okaýardylar. Isa pygamber dünýä gelmezden öň müň iki ýüz ýyl töweregi bardy. Ýangu ol zamanam Konstantinopoly binýat edýärdi. Dürli-dürli mezhepleri köpdi, kim oda, kim buta, kim güne, kim ýyldyza sežde ederlerdi. Kimler Dawudyň Zeburyny, kimler Musanyň Töwratyny okarlardy. Her bir taýpa bir dürli mezhebe uýardy. Olar şeýdip, tä Isa pygamberiň dini dünýä äşgär bolynça wagtlaryny geçirerdiler. Ol wagt Beýtilmukaddes içinde müň bäş ýüz ýaşynda bir ruhany bardy. Ýangu ibn Mawýan ol ruhanyny getirdi. Ol ruhany Hud pygamber zamanyndan galan köp zatlary başdan geçiripdi. Ýangu ibn Mawýan her gün gelip, oňa zyýarat ederdi. Ýedi ruhanynyň ulusydy. Ol näme diýse, ony ederlerdi. Ol ruhanynyň iýýän nahary zeýtundy. Gaýry tagam iýmezdi. Ähli taryh şeýle rowaýat aýdardy: Meger Magryp welaýatynda bir kämil kişi bardy. Idris pygamberiň şägirtlerindendi. Yzygiderlilik bilen Idris pygamberiň ylmy oňa miýesser boldy. Astranomiýa ylmy, palçylyk ylmy, himiýa ylmy. Bukrat, Sokrat, Platon ýaly Ýunan hekimleriniň ylmyny bilýärdi. Dürli-dürli tilsimatlar baglardy. Hiç bir ynsan onuň pähimini eýermezdi. Onuň adyna Rowkiýa diýerlerdi. Magryp welaýatynda meşhurdy. Magrypda bolan tilsimatlary ol baglady. Eşitdi kim, Rum ilinde Ýangu ibn Mawýan bir şäher we bir ybadathana saldyrypdyr. Ondan Rowkiýa ýene Magrypdan gelip, Konstantinopol şäherinde öz hünärini görkezip, onda ýene bir tilsimat baglady. Tä ady älemde ýaňlanýança pikir edip, Ruma geldi. Ol şähere, ol ybadathana tomaşa etdi. “Ne ajap” diýip, öz bildiginden munda tilsimat bina etdi. Soň bardy, altydan bir kiçijik guş şekilinde daşdan surat düzdürdi, üstüni almaz bilen bezedi. Ol guşuň agzyna bir zeýtun çigidini goýdy. Ýene altyndan sahypa goýdurdy. Idris pygamberiň häsiýetlerinden, Ybraýym pygamberiň iberen sahypalaryndan, Musa pygambere gelen Töwratda bolan ýagşylyklardan, Zeburda gelen işlerden, Lukman hekimiň hikmetlerinden ýygnap, jem edip, ol altyn sahypanyň üstüne basyp ýazdyrdy. Ol kiçijek guş şekilini getirip, ol ybadathananyň gümmeziniň üstüne mäkäm berkitdi. Ajam welaýatynda Yspyhan etrabynda bikär bardyr. Oňa kiçijek bikäre diýerler. Her haçan haýsy ýurtda çekirtge bolsa, ol bikäriň suwundan haçanda bolsa alyp, ol çekirtge bolan welaýata getirerler. Ol çekirtgeleri heläk ederler. Soňra Magryp welaýatyndan bir akyldar bardy. Onuň adyna Arganus hekim diýerlerdi. Magryp zemininde Rowkiýa bilen ikisi bir ussadyň şägirtleridi. Eşitdi, kim, Rowkiýa baryp, Rum welaýatynda bir tilsim baglamyş. Arganus günbatardan gaýdyp, Konstantinopola geldi. Ol tislimi gördi. Özi bir tilsim etmegi isledi. Öz hünärini äşgär etjek boldy. Top şeklinde bir zat döretdi. Içi boş, içini jiwe(simap) bilen doldyrdy. Daşdan balyk şeklinde bir surat düzdi. Ol şekiliň üstüne bildigi atlardan oýup ýazdyrdy. Ondan ol şekili getirip, ony top ýaly bolan kölüň üstüne goýdy. Ondan deňiz kenarynda bir mil saldyrdy. Topy ol mil üstünde goýdy. Sagat bilen deňiz içinde ne gadar balyk bar bolsa, her gün gelip, deňiz ýüzünden ol mile garşy durarlardy. Seždegäh ýaly bolmyşdy. Şeýle kim, gözündäki ýaly gözlärdi. Haçan kim gün yssy bolsa, howa örän gyzsa, ol wagt gün astynda ol top gyzardy. Içindäki jiwe (simap) herekete gelerdi. Ol şekil balyk şeklindedi. Ol hem herekete gelerdi. Içinde balyklar bir-birini gyryp, ulusy-kiçisini iýmäge başlardylar. Kiçijik balyklar uly balyklardan gorkup özlerini ol miliň içine atarlardy. Her gün şeýdip, sansyz balyk hasyl bolardy. Ol balyklary alyp satarlardy. Balyk satyn alan pullaryny ruhanylara bölüp bererdiler. Şeýdip, iýip-içip wagtlaryny geçirlerdi. Ondan soňra Ýangu ibn Mawýan leşgeri ol ruhanylar ol ybadathanada 300 ýyl ýaşap, kapyrlykda ömürlerini geçirdiler. Ömürleriniň uzynlygyna buýsanyp, dürli-dürli mezhepler tutup azdylar. Dogry ýoly goýup, egri ýola gitdiler. Üç ýüz ýyldan soňra bir gün nowruz güni boldy. Ähli leşger ol ybadathana gelip, müň ýedi ýüz ýaşyndaky ruhana zyýarat ederlerdi. Ondan Ýangu ibn Mawýan gelip öz suraty çekilen miliň üstüne çykyp, Güneşe sežde edip, özüni halka görkezdi. Ol ýene Şemsiýesaraýynda tapylan buty eline alardy. Soňra näletsiňen şeýtan ol butyň içine girip sözlärdi. Halk ol owazy eşidip, “ol butdan ses çykýar” diýip, oňa sežde ederdiler. Ol buta sežde etmeýäni oda ýakarlardy. Ondan Ýangu ibn Mawýan ol milden inip, ol ybadathana girdi. Ol müň ýedi ýüz ýaşynda bolan ruhana zyýarat ederdi. Ondan ol ýedi müň ruhany gelip, ol goja ruhanynyň ýanyna jem bolarlardy. Ondan 300 kapyr begleri, müň adam beg oglanlary Ýangu ibn Mawýan bilen ol ybadathana bile girýärdiler. Ählisi ol buta sežde ederdiler. Sejde etmedikleri güýç bilen sejde etdirerdiler. Her Nowruz gününde adatlary boýunça köpçülik bolardy. Soň ýene Nowruz güni boldy. Adaty bolşy ýaly ol ybadathana girdiler. Allatagalanyň hikmeti bilen ol wagt älem-jahany ýaradan bularyň edip ýören işlerine gaharlanyp, (sarsar şemaly) ýagmyrlar, doňlar ýagyp, bir ullakan ýer yranmasy boldy. Nuh pygamber Salyh, Lut pygamberler zamanyndan bäri şeýle tupan bolmandy. Ol wagt Haktagalanyň gahary bilen ol ýer titremesi sebäpli ol ybadathananyň gupbasy ýere gaçdy. Ybadathana ýer bilen ýegsan boldy. Ol ruhanylar, begler-batraklar, Ýangu ibn Mawýan we leşgeri, ähli halk ol ybadathananyň aşagynda galyp, heläk boldular. Ol tilsimleriň hemmesi bozuldy, soň ýagdaý beýle boldy. Ol ybadathanadan daşarda galan halk ol haýbaty görüp, dagadylar. Her biri bir tarapa gaçdylar. Ol şäher eýesiz galdy. Ondan soňra şäher ýykyldy, harap boldy. Ynsanlar gidip, içinde janawerler galdy. Ýangu ibn Mawýanyň bir ogly bardy. Ol ybadathana ýykylanda ogly onda däldi. Adyna Weznetun diýerlerdi. Weznetun ölmän halas boldy. Weznetun ol welaýatdan gaçyp, Angrus welaýatyna bardy. Angrus bu senede Latyna, Pereňistana barynça ol ýurtlarda 40 müň beglik bardy. Soňra şol şäher 40 ýyl eýesiz ýatdy. Ol şäheriň içinde aždarhalar we birnäçe janawerler durardy. Soň Weznetun 40 ýyl Angrus welaýatynda beglik edenden soňra yzyna niýet etdi. Konstantinopol şäherini abatlady. Angrus welaýatyndan leşger jemläp, Konstantinopola geldi. Soň onda höküm etdi. Birnäçe begler, beg ogullary, maly köp adamlara höküm etdi. Weznetun Konstantinopoly abatlamaga başlady. Ol mil hem ýykylypdy. Ýene täzeden mil saldyrdy. Ondan ol miliň üstünde Pil suratyny çekdirdi. Öz suratyny Bakran(skluptura) etdirip, ol piliň üstüne goýdy. Weznetun diňe pile münerdi. Çünki ony at çekmezdi. Ondan höküm etdi. Halky öz suratyna sežde etdirdi. Her kim gelip suratyna sežde etmese çykaryp, ol milden aşak akdyrardy, zulumlar etdirdi. Haktagala gaýratly patyşadyr. Ýene Nowruz günlerinde oňa ýene gahar iberdi. Ýagny Weznetuny mergi keseline sezewar etdi. Weznetun ýüz otuz ýyl höküm etdi. Ondan soňra mergi keseli bilen ählisi heläk boldular. Şeýle gyryldylar 10-dan bir bölegi galmady. Ol keselden gutulanlar başga ýere gaçyp gitdiler. Şäher ýene eýesiz galdy. Weznetun heläk boldy. Bir ogly galdy. Adyna Girmehal diýerlerdi. Ondan Isgender Rumy zamany geldi. Isgender zamany wagty Girmehal Konstantinopolda begdi. Isgender zamany geçdi. Girmehal zamany-da geçdi. Ondan hezret Resul Muhammet pygamberimiz gelmezden 206 ýyl ozal Weznetun ogullaryndan Konstantin Alýan atly bir patyşa äşgär boldy. Angrusdan tapylyp geldi. Ol bu şäheri abatlamak isledi. Ol welaýatyň halky abatlamaga goýmady. Agzybir bolup, Kaýsar patyşasy Herkil atly bege bardylar. Ol zamanda Herkil beg Kaýsar patyşasydy. Herkil hem oňa şäheri saldyrmaga goýmady. Herkil zamanynda Isa dini ýüze çykypdy. Herkil zamanynda hawariýun1 bardy. Isa pygamberiň ýaranlaryndan soň Herkil Konstantinopoly saldyrmaga goýmady. Herkil bilen söweş eder ýaly Alýanyň güýç-kuwwaty ýokdy. Alýan Herkile boýun bolman, Basra gitdi. Ol ýerden gidip Müsüre bardy. Müsürde Isa pygamberiň ýaranlaryndan bir kişi bardy. Dogasy kabul bolýardy. Adyna Şemgun diýerlerdi. Şemgunyň dogasynyň kabul bolýanyny eşidip, Alýan onuň ýanyna bardy. Hal-ýagdaýyny arz etdi. Şemgun oňa köp leşger berdi. Ondan Alýan ol leşger bilen deňiz ýüzünden gämiler bilen Rum ili diýaryna çykyp, Kaýsar bilen jeň etdi. Herkil kaýsar ýene goşun jemläp, Konstantin ibn Alýan garşy gelip, uruşdylar. Ahyrsoňy Şemgunyň dogasynyň berkliginde Herkil kaýsaryň goşuny synyp dagady. Ondan soňra Şemgun ikisini ýaraşdyrdy. Herkil kaýsaryň bir gözel gyzy bardy. Şeýle owadandy. Adyna Aýasofiýa diýerlerdi. Şemgun Aýasofiýany Konsatntin ibn Alýana Isa dinine laýykda nika edip berdi. Ondan soňra Konstantin ibn Alýan we Aýasofiýa hatyn gelip, şäheri abatlamaly diýip bir pikire geldiler. Ol şäheri abatladylar. Owwalky ýaly binalar, miller, ybadathanalar saldyrdylar. Kämil ussat gelip, bir tilsim baglady. At meýdanynda tujiden1 şeýle bir aždarha şekili tujiden at meýdanynda dikdirdi. Meger onuň häsiýeti şeýledi. Ol şäher weýran bolanda içinde ýylanlar, aždarhalar mekan tutupdy. Adamzat ýylandan, aždarhadan ýaňa içine girmezdi. Tilsim aždarha şeklindedir ony onda dikdiler. Şol wagt näçe ýylan-çiýan, aždarha bar bolsa, ählisi heläk boldy. Soň Konstantin ibn Alýan ol şäheri abatladyp, saldyrdy. Ondan şäheriň adyna Konstantinopol goýdy. Bu ady Konstantin ibn Alýan goýdy. Ondan Konstantin we Aýasofiýa ol şäherde düşlediler. Aýasofiýanyň saglyk ýagdaýy peseldi. Ahyrsoňy onuň özüni duýşy has hem agyrlaşdy we ol ýerde aradan çykdy. Aýasofiýanyň mal-mülki, baýlygy hasapsyzdy, köpdi. Hasabyny Alladan başga hiç kim bilmezdi. Aýasofiýa wesýet edipdi. Bu şäher içinde özüm üçin bir uly ybadathana binýat etsinler. Älemde ondan uly bina bolmasyn. Aýasofiýanyň maly bilen Aýasofiýany bina etdiler. Aýasofiýanyň binasy ondadyr. Rawy şeýle rowaýat aýdarlar: Aýasofiýany bina eden ussa Pereňistandan gelipdi. Uly hünärmen, kämil ussatdy we gurluşykçydy. Ondan Aýasofiýany bina etdi. Şeýlelikde, ol ýeri ilki kyrk arşyn aşak gazdylar. Tä suw çykynça ondan kyrk arşyn ýer içinde binanyň düýbüni tutdylar. Tä ýer ýüzüne çykynça agyr binalar etdiler. Ondan bir bina ýene gurdular. Tä ýer ýüzünden gupba çykynça soň gupbadan gaýry diwarlary çykdy. Ol binany guran ussa gaýyp boldy, çykdy gitdi hiç kişi tapmady. Ol ussany gözlediler, tapmadylar. Ondan her etraba adamlar ugratdylar, tapmadylar. Soňra Konstantin ýurdundan binagärleri jem etdi. Hiç bir binagär ol binany gurmagy boýun almady. Alýan şeýle naçar bolup, nä tamam galdygyna gaýgylandy. Netijede, ol çar diwar 10 ýyl şeýle nä tamam galandan soňra, bir gün ol ussa Konstantinopola geldi. Soňra şäher içine girdi. Birden bir adam ony görüp, tapyp Konstantiniň ýanyna getirdi. Soň ony gören Konstantin gazaba gelip aýtdy: “Eý kişi, bu binany gurup bilmejegiňi bilýän bolsaň, näme üçin maňa köp çykdajy etdirdiň” diýdi. Ussa aýtdy: Bu binany salyp, gupbasyny \ol wagt aýlasam bina çokerdi. Gupbasy ýykylardy. Ol wagt meniň hünärim seniň malyň, welaýatyň ikisem zaýa bolardy. Men ondan ötri gitdim. Häzir bina çökjegini çökdi. Tamam ýerine bardy. Gupbasyny tamam edeýin diýip, şu wagt geldim” diýdi. Soňra aýtdy: “Patyşahym buýruň, Size görkezeýin” diýdi. Bardylar, gördiler diýdigi arşyn goýdylar. 4-5 arşyn bina ýere girdi. Ol ussa köp mal, zyýada halatlar berdiler. Soň gaýtadan el urup, salmaga başlady. Rawy şeýle rowaýat aýdar: Aýasofiýa bir gezek ýene batyl galdy. Sebäbi patyşahyň puly gutardy. Biraz garaşmaly boldy. Başga ýurtdan pul jem edip, täzeden salar ýaly. Çünki binalary ol zamanyň patyşalarynyň zulumy bilen saldyrarlardy. Ondan ol gurlan bina batyl durdy. Meger ol ussadyň bir şägirdi mydama garaşýardy. Ybadathananyň içiniň altyndan hiç zadynyň alynmaz ýaly ol oňa sakçydy. Şu şägirt adatça sakçylykda wagty bir gün ýüzi nurly bir owadan kişi çykyp geldi. Bu bina nazar edip, gezip ýörkä bu şägirde aýtdy: “Eý ýigit, bu binany name üçin salmaýarlar?”. Ol şägirt aýtdy: “Patyşanyň hazynasynda mal galmady. Bir ýerden mal gelerine garaşýarlar”. Ol ýüzi nurly, owadan kişi aýtdy: “Bar ussadyňy getir, men oňa mal görkezeýin. Ol mal bilen bu binany tamam etsinler”. Şägirt aýtdy: “Bu ýeri goýup gitmäge gorkýan, birden bir zat alyp giderler, meni heläk ederler” diýdi. Ol ýüzi nurly, owadan kişi aýtdy: “Sen baryp yza gelinçäň men mundan gitmen” diýip, güwä geçip, şägirdi ynandyrdy. Şägirt ussadyna baryp ol ýüzi nurly, owadan kişiniň sözüni, jogabyny, jemalyny, haýbatyny wasp etdi. Ol wagt ussa aýtdy: “Ol kişi adaty kişi däldir. Sen gaýdyp barynçaň durjagy belli däldir”. Şägirt aýtdy: “Ol meni ynandyrdy, barynçam gitmerin diýdi”. Ondan ussa pikirlendi, şägirdini bile alyp gitmezligi. Ol ýüzi nurly, owadan kişi gitmezden öň ol şägirdi goýup, özi ilki bardy. Ol ýüzi nurly, owadan kişi bilen duşuşdy. Ol ýüzi nurly, owadan kişi ussa bir ýer görkezdi. Aýtdy: “Bu ýeri gazyň, munda hazyna bardyr. Alyň, ýene ol mal bilen bu binany tamamlaň” diýdi. Ondan ol ýeri gazyp, iň soňky malyny çykaryp, Aýasofiýany tamam etdiler. Ondan soňra ol ýüzi nurly, owadan kişi biraz wagt şägirt geler diýip durdy. Gördi kim, ussa gelmez ýaly hile etdi. Ondan Aýasofiýanyň mährabynyň gönüsindäki gapynyň çep tarapynda bir direg bardyr. Dört çünki ak mermerdendir. Onuň düýbünde gözden gaýyp boldy. Çünki şägirde ol gelinçä gitmerin diýip äht edipdi. Onuň üçin daşary bir ýere gitmän, onda ýok boldy. Ol ýerde galdy diýerler. Bu gezek “Ol diregde bir häsiýet galdy” diýip, gelenler ol diregi güýç bilen itdiler, käbirleri aşagyny gazdylar, ony ýykmaly etdiler. Çaltlyk bilen ol diregi ýykdylar. Şol direg şu wagt hem dur, ýöne ýasalandyr. Käbirler ýüzi nurly, owadan kişä Zekriýa pygamber diýerlerdi. Häzir hem ol häsiýeti bardyr. Ondan el urup, salmaga başladylar. Älemde bolan mermerleri, täsin derekleri tapyp getirdiler. Süleýman a.s. Kuds mübärekde bar bolan zatlary, başga köşkdir-saraýlary bozup, zatlaryny aldylar. Aýasofiýanyň içindäki sekiz sütün mermerdendir. Girelge bardyr, gyzyl sütündendir. Onuň magdany Kap dagyndandyr. Ol sekiz sütüni döwler Kap dagyndan getiriplerdir. Ondan gaýry ýerde tapylmaz. Adamzat ogullary baryp gören däldirler. Nuh pygamber a.s. tagtasyndan Süleýman pygamber a.s. “Mukaddes öý” saldyranda galan tagtalaryndan gapylar saldylar. Mahrabyna garşy bolan gapulary Nuh pygambermiziň tagtasyndandyr diýerler. Soň Aýasofiýa binasyna şol zatlary getirip saldylar. Aýasofiýanyň beýik gupbasyny tamamlap, gapdalynda birnäçe dürli binalar başga işler etdiler. Töwereklerinde 360 hüjre (medresede okaýanlaryň ýaşaýan jaýy) bina etdiler. Her hüjrede iki-ikiden ruhanylar we olaryň hyzmatkärleri ýaşaýardy. Ýedi ýüz ýigrimi ruhany gije-gündiz Aýasofiýa hatyny üçin Injil okaýardylar. Aýasofiýanyň mahrabyny (Beýtilmukaddese) Kudse garşy etdiler. Häzir ondan Aýasofiýa tamam boldy. Konstantin ibn Alýan hem wepat boldy. Şeýle rowaýat aýdarlar Pereňistan we Rum binagärleri pikir edip, pikirleri etdigiçe şol zatlary edipler. Aýasofiýa näçe çykdaýjy boldy. Aýasofiýanyň çyzgysynyň üstünde hasabyny bilip, takmynan, 300 müň sobuge altyn, her sobuge 300 müň flury1 berdiler. Gaýypdakyny Alladan başga hiç kim bilmeýär. Soňam Aýasofiýany tamam etdiler. Binagär bolan kişä agyr halatlar ýapdylar. Göwherdir-hünjüler dakdylar. Binagäriň saçyny-sakgalyny, tenini owadan we gymmatbaha daşlar bilen bezäpdirler. Ol binagäriň suratyny çekip, Stambulda bir ybadathanada goýdular. Tä kyýamata çenli Aýasofiýany guran binagär şudur diýip ýazdylar. Soň Konstantin ibn Alýan aradan çykdy. Ogly Elýas ýerine geçdi. Adyl, sahawat eýesidi. Hezreti Resul dünýä gelende Herkil patyşady. Hezret Resul (Alladan oňa salam bolsun!) dört tirkeşikleriň I aýynyň 12-nji gijesi dünýä geldi. Ol gije Medaýynda Nowşirwanyň Kosra atly köşgüniň gupbasy ýere gaçdy. Ajam welaýatynda oda sejde edýänleriň ody hemişelik öçdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |