16:11 Ýatan ölmez... / satiriki hekaýa | |
ÝATAN ÖLMEZ...
Satiriki hekaýalar
Keseliñem-ä gowusy ýokdur welin, Hudaýym, beýle-beýle zatlar adama bir ýolukmawersin. Daş etsin, takdyra gowusy ýazylsyn. Ynha, indi näçe ýyldyr, Aman partiýañ... Wiý, ýogsa-da, bagyşlañ, ilki bilen onuñ lakamy barada iki agyz aýdaýyn. Amanyñ kakasy bende-hä baýaky welin, onuñ atasy pahyram... Hawa, ýaşulularyñ aýtmagyna görä, ol görgüli jan berende, onuñ iñ soñky aýdan sözi "partiýa" bolupdyr. Elbetde, tohumyna çekýändir-dä. Amanyñ özem on ýaşap-ýaşaman, "Menem kommunist boljak, partiýa girjek, wä-ä" diýip, baý, uwlapdyr-a, hupbat baryny görkezipdir. Ene-atasy görgüli, halys onuñ sesine çydaman, Amanjygyñ ýaşyny ulaltdyrjak bolup çytraşypdyrlar, paşmandyr. Belli zat, çaga aglany bilen tudana wagtyndan ir bişenok. Amanam gözüni dikip, ýaşynyñ dolaryna garaşdy. Ahyry ol arzyly günem gelip ýetdi. Bilýäñzmi, ol partiýa hataryna geçende öýlenendäkisindenem has üýtgeşik toý etdi, özem bagşyly-sazandaly. Oba adamlary ony heniz-henizlerem ýatlaşyp ýörler. Hawa, onuñ adynyñ yzyna "partiýa" sözüniñ näme üçin goşulandygyna düşündiñiz dälmi? Entek bu-da hemmesi däl. Walla, üstüne zat goýamok, ol oturyp-turanda hem "Ýa-a, bir partiýa, özüñden medet" diýip, oña jany-teni bilen, halys ýürekden uýan adam. Lap edip aýtdygym däl, tutuş etrapda "Aman partiýa" diýseñ, ony tanamaýan ýok. Adynyñ yzyna lakamyny goşmasañ, kes-kelläm ony hiç kim tanamaz, hatda, goñşusam. Dogrusyny aýtsañ, oña ýöne "partiýa" diýip ýörenlerem bar. Ol şeýle adamlary diýseñ halaýar, depesine täç edinmäge taýyn. Ine, ol şeýdip, taryha giren adam. Neresse, bir gün giç agşam partiýa ýygnagyndan dolanyp gelipdir-de, ýatypdyr. Şondan soñam, ynha, näçe ýyldyr, ol özüne gelenoj, şo-ol ýatyşy. Asyl ukudan açylanok. Ýogsam görkezilmedik doktorlary, tebipleri galmandyr. Moskwadan gelen wraçyñ biri "bu bir gyş ukusyna giden pisint bir zat, ýyllaryñ geçmegi bilen, ol oýanar, özüne geler" diýipdir. Ine, indi, on ýyl gowurak bäri Aman partiýañ hossarlary ýok, ony tanaýanlaryñ hemmesi uly umytda bolşup ýörler. "Çykmadyk janda umyt bar" diýleni çyn bolarly. Ine, ol birden gözüni ýalpa açdy-da, garanjaklap töweregine seretdi. - Be, ölen ýaly ýatypdyryn-aý, sagat näçe bolduka? - diýip, ol tirsegine söýendi. Adamsynyñ başujuny saklap oturan Bilbil, begenjinden ýaña guş bolup uçaýjak boldy. Düýşe meñzeş bu bolup geçen ahwalaty onuñ özüne aýtsammykam diýip, ol oýlandy. Ýok, ýok, gyssamaýyn, özi dil ýarmasa zat diýmäýin. Goý, ol gizlin bir syr bolup galsyn. Bilbil içinden Tañra alkyş baryny okady. - Adamymy gaýtaryp beren Hudaý jana döneýin... - Keýwany, ajyja gök çaý demläp ber, ertir raýkom partiýañ Plenumy bardyr. Maña çykyşam et diýipdiler, taýýarlanmaly - diýip, Aman partiýa gapdalynda, ýassygyñ ýanynda ýatan "Tokmagyñ" täze sanyna göz gezdirdi. Ony birden tok uran ýaly boldy. Gözi hanasyndan çykara geldi. Žurnaly eliniñ tersi bilen zyñyp goýberdi. - Bu nä şama-şaýyrdylyk. Bu suraty kim çekdikä? "Kompartiýañ plany - halkyñ plany" diýip ýazyp, "Kom"-yñ üstünden atanak goýmalary näme? Onuñ ýokarsyndaky ýazgy nämäni añladýar? Ýok, partiýa dil ýetirýän, oña şyltak atýan redaktorlary basmaly, atmaly. Ýoguna ýanmaly... Eli çäýnekli gelen Bilbil partiýanyñ tepbediniñ okalandygyny aýtjak boldy. Adamsyna dözmedi. Onuñ ünsüni başga ýana sowmak üçin, reproduktoryñ nurbatyny towlady. - Ýetmiş ýyllap bize ot ýakdyrmadyk kommunistik režime nälet. Ol adamlaryñ añyny mankurtlaşdyrdy. Türkmeni öz aslyndan daşlaşdyrdy. Biz öz keramatly ýerlerimize däl-de, partiýanyñ lidersumaklarynyñ daşdan ýasalan heýkellerine çokunmaly bolduk... Aman partiýa zöwwe ýerinden galdy. Radioñ şnuryny silkip sogurdy. - Bu nä boluş how, bu nä boluş diýýän? - diýip, ol ýüregini para-para edip özelendi. Aýaly görgüli zowzanaklap, näme diýjegini bilmedi. Diline gelenem şu boldy: - Ah-eý, senem yradiýa zada-da gulak gabardýañ. Oýun beýleki bolýandyr-da... Aman partiýa dälirän ýaly, janyna aram tapmady, otagyñ içinde ikiýana gezmeledi. Özüne niredendir bir ýerden delalat gözleýän ýaly, baryp telewizory açdy. - Bisimylla rahman rahym... Haýsydyr bir metjidiñ ymamynyñ edip oturan çykyşy, ony neden akylyndan azaşdyrypdy. Iki eli bilen kellesini tutup, uly ili bilen uwlady. - Bu näme-ow, radio-telewideniýäñ komitetiniñ başlyklygyna ahun beýkeki saýlanaýan däldir-ä. Muny metjide öwürdiler-le. Aşgabatdaky ketdelere näme gerek diýsene. Bu zatlary görmeýärlermikä, eşitmeýärlermikä? Ýo-ýok, bularyñ gözünde ot ýakmaly. Bärde netije çykarmasalar, men Moskwa arz ederin. Hut Brežnewiñ öz ýanyna bararyn. Zamanamyzyñ añy, wyždany, paýhasy bolan partiýa şyltak atdyrmaryn. Gör, bularyñ eden bolýanja gürrüñini. Gökdepe galasyny dikeltjeklermişin, onuñ içinden bolsa metjit-medrese gurjaklarmyşyn. Ýüregiñiz başga näme küýseýär?.. Wah, bende ýurtda näme bolup geçenden bihabar-da. Näme etsemkäm? Gel, gowusy, muña ýagdaýlary düşündireýin. Kösemäýin. Bilbil ýüregini bire baglady. - Kakasy diýýän-ä. Bu zatlary geñ görme. Ýurtda ýagdaý üýtgedi. SSSR ýykyldy. Señ ol bir wagtky mahabatly partiýañ topy atyldy, ýatyryldy... Aman partiýa neden Bilbili bogupdy. Aýalynyñ aýdanlaryny diñlemejek bolup, barmaklary bilen gulagyny dykdy. - Goý, sem bol! Meñ öýümde beýle gürrüñ etme. Diliñe alýan zatlañ şo bolsa, men indi señ bilen ýaşaşyp bilmen. Düşünýäñmi? Ýaşaşyp bilmen. Sen talak, talak we ýene-de bir gezek talak! Aýaly görgüli, şumjaryp nätjegini bilmedi. Onuñ agy gatyşykly aýdan soñky sözleri bolsa adamsynyñ añkasyny aşyrdy, has dogrusy, onuñ başyna ýetdi. - Wah, maña talak diýeniñ bilen partiýa dikelesi ýok. Ol gelmez ýola gönderildi. Sen şunça ýyl ýatyp, gaflat ukusyndan oýanan bolsañ, indi boýun alaý, düşün, biz Garaşsyzlygymyzy gazandyk, özbaşdak bolduk. Türkmen öz ykbalynyñ hakyky eýesine öwrüldi, biz öz ruhumyza, gadymyýetimize gaýdyp geldik... Aman partiýa aýalynyñ soñky aýdan sözlerini eşidip bilmedi. Onuñ dünýäsi elendi. Ýürek çydam etmedik bolarly, pahyr ömürlik gözüni ýumdy. Bilbil öz-özüne käýindi. Wah, wah, men guraýyn, dilimi dişläýsem bolmaýamy. Gürlemedik bolsam, gowy bolardy. Görseñizläñ, bu bolýan zatlary. Partiýa diýip bütin ömrüne özelenip ýören adamyñ ahyry hem partiýa başyna ýetdi. - Waý, doganlar-eý!.. Daña golaý çykan çirkin ses tutuş obany oýardy. Şol gün oba adamlary partiýany, wiý, Aman partiýany iñ soñky ýoluna ugratdylar. - Be, "Ýatan ölmez, ýeten öler" diýleni çyn eken-ow, indi şeýdip gidiberjekmi?! - diýip, Bilbil pahyr zaryn-zaryn eñredi. 1998 ý. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |