YHLAS / rowaýat
«Garynjalyk» diýen bir obajykda Ejizje diýen bir kiçijik garynjajyk ýaşaýardy. Ol ejizje, horja, asyl, görseň nebsiň-janyň agyrýan eken. Emma ol görünişi ýaly däl eken. Ol şeýle bir erjel, şeýle tutanýerli eken. Ol tutan ýerini hiç goýbermändir. Şonuň üçin ony tutuş oba sylapdyr.
Bir gün garynjalaryň geňeşinde Ejizje söz sorapdyr.
– Eziz doganlarym! – diýip, ol söze başlapdyr. – Men ata-babalarymyzyň keramatly ýerlerdäki mazarlaryna zyýarata gidip geljek. Şoňa «ak pata» bermegiňizi soraýaryn.
Bu mejlise üýşen garynjalaryň ählisi bu horja garynjanyň sözlerine haýran galypdyr.
– Ýok-la, ol bolmaz! – diýip, ýerli-ýerden gygyrşypdyrlar.
– Hawa-la, ony heý, şu ejiz, eleşan ýagdaýynda iberip bolarmy.
– Näme üçin bolmazmyş? – diýip, Ejizje sorapdyr.
– Dogry, mukaddes ýerlere gitmek sogap işdir. Oňa gidip bilsek, hemmämiz hem gitmeli. Ýöne sen entejik ýaş. Ol mukaddes ýerlere barmak aňsat däldir. Birneme gurplan, özüňi dürse! Belki, geljek ýyl gowy geler, ýanyňa ýoldaş tapylar.Ine, şolara goşulyp gidiberersiň!
Emma Ejizje olara birjigem gulak asmandyr. Sebäbi, şol sözleri olar her ýyl hem gaýtalaýan ekenler.Ömür, aý, gün bolsa geçip barýarmyşyn. Şonuň üçin Ejizje bu garynjalaryň boş, pöwhe sözüne gulak asyp, bu ýyl ýolundan galasy gelmändir.
Ol ýola düşüpdir. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyr bir gün ýat ýerlerdäki garynjalaryň obasyna ýetipdir. Ol bu obanyň garynjalaryndan mukaddes ýerleriň ýoluny salgy alypdyr.
– Ýol-a gaty uzakdyr. Howa juda yssy. Sen gitme, horlanarsyň – diýip, ony myhman alan garynjalaryň aksakaly Ejizjä maslahat beripdir.
– Wah, öz maksadymyň ýolunda açlykdan, suwsuzlykdan heläk bolsam, azaplar çeksem, oňa ýetesi näme bar. Iller maňa: «Öz maksadyna ýetmek üçin, suwsuzlykdan şehit boldy» diýib-ä aýdarlar» – diýip, Ejizje ýene ýola düşüpdir.
Ol gidip barşyna ýene bir garynjalaryň obasyna ýetipdir. Olardan ýol salgy alypdyr. Bir ýaşuly garynja:
– Sen gitme, görýäň-ä, aldajy ýaly sowuk gyş düşdi. Sen gaty ejiz, hor, bu aýazly ýollarda doňup galarsyň – diýip, oňa maslahat beripdir.
Emma Ejizje olara minnetdarlyk bildiripdir.
– Ýok, ýok, men ýolumdan galmaýyn. Mukaddes maksadymyň ýolunda meni aldajy aýazlar goý, heläk etsin. Heý, öz maksadyň ýolunda ölmekden ulam bir bagt bolarmy! – diýip, ol olar bilen hoşlaşyp, ýola düşüpdir.
Ýaz gelipdir. Dünýe gül-gülälek bolupdyr. Şonda bu obanyň adamlary Ejizjäni ýatlapdyrlar.
– Şo-ol Ejizje garynjajyk mukaddes ýerlere ýetip bildimikä? – diýip,bir garynja sorapdyr.
– Ýetme nirede, agyr ýollarda jebir çekip, gatap galandyr-la!
– Onuňky ýaly beýik yhlasy, mertligi bolan hem öz mukaddes maksadyna ýetmän galarmy! Onuň maksady hökman hasyl bolandyr – diýip, ak sakally garynja buýsanç bilen daglara garap aýdypdyr.
18-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar