09:20 Yşk Allanyñ gudraty / liriki poema | |
YŞK ALLANYÑ GUDRATY
Poemalar
"Yşk Allanyñ gudraty, Bar gudrata, haja bar". Saparmyrat Türkmenbaşy. I. Uçduñ gitdiñ asmanyma, Hiç peýda ýok urulmadan. Waspyñ sygmaz dessanyma, Maña bir görünmediñ. Nurlandyr sährany-düzi, Hem bir pursat şat bizi, Eý, tüm gijäniñ ýyldyzy, Maña bir görünmediñ. Teşne bolup bakdyñ gitdiñ, Çeşme bolup akdyñ gitdiñ. Oduñ ýokdy ýakdyñ gitdiñ, Maña bir görünmediñ. Ýykdy Pelek gerdi meni, Ýakdy yşgyñ derdi meni, Külli älem gördi seni, Maña bir görünmediñ. Körük boldy örtenip ten, Ýola düşdüm örtünipler, Demir köwşüm ýyrtylypdyr, Maña bir görünmediñ. Seret, yşgyñ boýlaryma, Kakyp duran çüýlerime, Arza bardym öýleriñe, Maña bir görünmediñ. Ýene sen taýa giderin, Ýoluñy baýdak edinip, Adyñy aýdym edenim, Maña bir görünmediñ. Hyýal diýenim ham boldy, Gara başlarym säm boldy, Aýtsana saña näm boldy, Maña bir görünmediñ. Aýt, geldi-geçer duýguly, Ýa bu bir ýöne söýgümi, Eý, bagry ýanyk söýgülim, Maña bir görünmediñ. Aýdyp il içinde derdim, Men sensizlikden gep urdum, Gözüm ýaşyny süpürdiñ, Ýöne bir görünmediñ. Hany, men, nirede, bilmedim, Yşgyñ ýuwutdy, ýalmady, Belki, göresiñ gelmedi, Maña bir görünmediñ. II. Yşgym köşeşmeýär asla, Ýüregime salyp heýjan, Düýşüme girjegiñ bilsem, Tä kyýamata çenli Oýanman ýatardym eý, jan! Ýa-da dünýäñ bir çüñkünde Çykaryn diýseñ öñümden Geçerin ýelleñ deñinden. Giderin tä aýaklarym, Ýöremeden galýança, Şeýdip ýeri aýaklaryn Tä sen ýanyña gelýänçäm. Yşgymy çeksinler kesä, Hiç. Sensiñ küýüm-köçäm, Giderin tä hümmet hasam, Owum-döwüm bolýança. Bu ýollar uzakdyr bilýän, Yşkdan sämeýä serim Seniñ basan her ädimiñ, Iki dünýä çalyşmaryn. Seret, men nähili merdem, Seni küýsemekden herdem, Bedenim ýene güýç alar. Ana, gündiziñ üstüne, Garaýag dökdi gijeler. Gideýin indiden beýläk, Gözleme meni, tapma ýar! Yşk çyra boldy öñümde, Tümlük ýolumy ýapmaýar! III. Sen kalbymyñ rehneti, Didaryña muştagam! Eý, Allanyñ rahmeti, Didaryña muştagam! Synaýañmy sabry ýa, Çekip munça jebri ýa, Eý, söýgüli Kibriýa, Didaryña muştagam! Halsyz galdym bimydar, Özüñ ýetiş hernebar, Sensiz Jennet ne derkar, Didaryña muştagam! Dünýeden gözläp peýan, Gül roýum boldy syýa, Syrymy kylsam aýan, Didaryña muştagam! Dergähine dadyñ bar, Arşda goýan adyñ bar, Kalba guýan oduñ bar, Didaryña muştagam! Señ bilen dikdir serim, Gyrylmaz ganat-perim, Iki dünýä rehberim, Didaryña muştagam! Men şu gün hem düýn bile, Jebraýyl emin bile, Asmanu-zemin bile, Didaryña muştagam! IV. Diýme maña geldiñ neçün, Görmäne geldim ýanyña! Bir melhem et, derdim üçin, Diwana geldim ýanyña! Bolup dünýäñ telwasy men, Hem şermende, hem asy men, Bagtsyzlaryñ hossasy men, Permana geldim ýanyña! Gör, nije ýyldyr sypmadym, Nebsiñ atyny çapmadym, Gözledim, haýry tapmadym, Yhsana geldim ýanyña! Owal diñlärdim sähne deý, Men biwepalar söhbetin, Üstümde ykbal mähneti, Haýrana geldim ýanyña! Kalbymy çäkledi gitdi, Özüni aklady gitdi. Yşk meni ýoklady gitdi, Armana geldim ýanyña! Indi pany:ñ tutan toýun, Terk etdim, meýlisin-meýin, Sensiz bu jany nädeýin, Gurbana geldim ýanyña! ■ Soñlama Aşyp tomus, güýzi, gyşy, bahary, Men saña ýeterin bir gün. Gar syrap gömse-de älem-jahany, Men saña ýeterin bir gün. Ýyllar garratsa-da göwnümi ýykyp, Saçym duw-ak bolup, galsam-da çöküp, Ellerim hasaly, billerim bükük, Men saña ýeterin bir gün. Ömürlik galaryn diñe señ bile, Ýa şapak ýaşanda, ýa-da dañ bile, Sabyr bar-a, ana, janym şoñ bile, Men saña ýeterin bir gün. Men ýeterin, ýazgarsañ-da, kowsañ-da, Gaşyñ çytyp, gül ýüzüñi sowsañ-da, "Görmäýin hiç, bar git" diýip, kowsañ-da, Men saña ýeterin bir gün. Ak melekler daşlarymy gabanda, Yşk köşeşip, gussalarym sabanda, Belki, Remezanda, belki, Şabanda, Men saña ýeterin bir gün. Nesip etse, bu günlerden bat alyp, Ol süýjülik şerabyndan dadaly, Içi Köwser suwly, eliñ badaly, Men saña ýeterin bir gün. Şonda başga dünýä bilen baş goşup, Bu ykbaldan ömürbaky daşlaşyp, Il-gün, ýagty jahan bile hoşlaşyp, Men saña ýeterin bir gün... Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. # nesil_2004 | |
|
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||