AHLAKY JÜBÜTLIKLER
Ahlak sözüniň asly «hulk» sözüne barýan eken. Biziň köne edebiýatymyzda «hulk» sözi giňden ulanylan janly sözleriň biri bolupdyr. Halkyň gepleşik dilinde bolsa ol söz «gylyk» diýen görnüşde ulanylypdyr we häzirem ulanylýar. Sözüň şu hili janly ýaşaýşyndan hem onuň umumylaşdyrylyp, düşünje öwrülişinden çen tutsaň, ahlak – munuň özi jemgyýet tarapyndan ykrar edilen gylyk-häsiýetleriň toplumydyr.
Ahlak ruhuň ýaşaýşynyň aýratyn bir jäheti bolup, ahlaky kanunlar jemgyýetiň beýleki, aýdaly, ýuridik kanunlaryndan hereket edýän giňişligi hem tebigaty boýunça tapawutlanýarlar. Bu ýerde ýuridik kanunlardaky ýaly mejburylyk häsiýeti ýokdur, ahlak kanunlarynyň bozulmagy döwlet, kanun tarapyndan jezalandyryş çäresiniň ulanylmagy bilen dikeldilmeýär. Şu babatda adam diňe ynsabynyň öňünde jogap bermelidir. Diýmek, ahlak adamyň içki ruhy kämilligine we kanunlarynyň bozulan halatynda jemgyýet tarapyndan ahlaky taýdan ýekirilmegine hem adamyň öz-özüne ruhy temmi bermegine daýanýar.
Müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýeti berk ahlak ýörelgelerini hem ahlaky gymmatlyklary işläp düzüpdir. Şol ýörelgeleriň hem gymmatlyklaryň düýp manysyna türkmeniň ruhunyň bitewüligi nukdaýnazaryndan seretmek gerek.
Ahlaklylyk – şahsyýete jemgyýetde ýaşamaga ukyp, gorlaw (immunitet) döredýän häsiýetleriň toplumydyr. Türkmenlerde adam doglandan onuň terbiýesine uly üns beripdirler. Köne türkmen jemgyýetiniň, ýagny jemagatyň mynasyp agzasy bolmagy üçin adamyň ykrar edilen ahlaky gymmatlyklary goldanmagy zerur bolupdyr. Edil şol bir wagtda-da onuň inkär edilen ahlaksyzlykdan ýüz döndermegi, olardan daşda durmagy jemgyýetçiligiň talaby bolupdyr.
Türkmen jemgyýetçilik ahlagy gürrüňsiz suratda Alla ideýasy bilen baglanyşyklydyr. Edýän-u-etmeýän işlerini jemgyýetden, adamlardan, döwletden, onuň kanunlaryndan ýaşyryp bolar, emma Hudaýdan gizläp bolmaz diýen pelsepe aňymyza çagalykdan guýlandyr. Şeýlelikde, Hudaý düşünjesi adamyň pikirlerini hem hereketlerini içinden sazlaşdyrmagyň we tertipleşdirmegiň, olary jemgyýetiň, milletiň ýaşaýşynyň hajatlaryna laýyklaşdyrmagyň serişdesidir.
Ýuridik kanunlaryň hereket meýdanynyň gutarýan ýerinde ahlagyň hereket meýdany başlanýar.
Ahlagyň Hudaý, iman bilen baglanyşyklylygy hakynda gaty gowy görýän rowaýatlarymyň birini aýdyp bereýin. «Ilden üýtgeşik» pikirleri üçin teni öldürilse-de, ruhuny öldürip bolmadyk Seýit Nesiminiň çagalyk döwri baradaky bu rowaýaty onuň öz ýaşlaryndakam ýaşululardan eşidipdim, soň görüp otursam, ol rowaýat Andalybyň «Nesimi» poemasynda hem bar eken.
Bir gün mollasy talyplaryň ynanjyny, ruhy-ahlaky kämilligini synap görmek üçin olaryň hersine bir jüýje berip: «Baryň, jüýjeleriňiziň Allanyň görmeýän ýerinde damagyny çalyp geliň» diýip tabşyryk berýär. Talyplaram, näme, bir zat aýdylsa, şony hökman amal etmelidir öýdüp, aňyna guýlan oglanlar (olar entek ahlaky erkinlik diýen zatlary bilenoklar) her kim bir ýere dargaýar. «Hernä Hudaý görýän däldir» diýip, kim ýerzemine, kim tokurtga, kim köpriň astyna, kim ýene bir buky ýere girip, jüýjeleriň damagyny çalyp getirýärler. Diňe Seýit Nesimi berlen jüýjäniň damagyny çalman yzyna getiripdir. Şonda ahunyň: «Näme üçin damagyny çalmadyň?» diýen soragyna ol: «Men Hudaýyň nazarynyň düşmeýän, onuň gözüniň ýetmeýän ýerini görmedim» diýip, jogap beripdir.
Elbetde, munuň aňyrsynda Nesiminiň çylşyrymly panteistik pelsepesi ýatýar, ýöne halk hemişe-de öz beýik ogullarynyň çylşyrymly geniallygyny sada geniallyga öwrüp bilýänligi, göräýmäge, durmuşdan juda alys howaýylyklary durmuşyň hereketlendiriji güýjüne öwrüp bilýänligi bilen beýikdir.
Allatagalanyň görmeýän, bilmeýän, eşitmeýän zady ýok – ine, türkmen ahlagynyň içki ruhy esaslary şundan başlanýar. Adamy erbetliklerden halas etmegiň «ahlak» diýilýän iň ajaýyp täri hem şu ýerden başlanýar. Ahlak adamy terbiýelemek işini onuň öz eline, erkine, onuň içki azatlyk hem kämillik derejesine berýär. Hut şu aýratynlygynda-da ahlagyň beýleki jemgyýetçilik dessurlaryndan, aýdaly, hukukdan düýpli tapawudy bildirýär.
Ruh hukugyň alyp bilmedik galasyny ahlak diýen esgeriniň kömegi bilen alýar. Munuň özi gorkynyň hem mejburylygyň alyp bilmedik galasyny ahlak meýletinlik hem azatlyk bilen alýar diýmekdir.
Şeýlelikde, ahlagyň içki şahsyýetleýin manysy adamda daşky talaplara laýyklykda, içki öz-özüňi kämilleşdirmek ukybyny döretmekden ybaratdyr. Ruhuň, şol sanda milli ruhuň esasy maksady hem şol döredijilikdir. Hukuk adamyň etmişini anyklap hem temmini kesgitläp biler, ahlak bolsa şeýle etmiş asla bolmaz ýaly içki ruhy şertleri döredip bilýär. Şonuň üçinem ruhuň öňünde ahlagyň üstünligi hemişelikdir we has ygtybarlydyr.
Hulk hem gylyk diýen düşünjeler şol bir kökden gaýdýan hem bolsalar, göwnüme bolmasa, türkmen diliniň janly dowamatynda «hulk» sözi has giň manyny aňladýan ýaly bolup dur.
Hulk – adamyň gylyk-häsiýetlerini onuň hereketleri, pikir-niýeti bilen bitewülikde aňladýar.
Hulk – ahlak gymmatlyklarynyň şahsyýetde bitewüleşmegi.
Akylly är mesgen tutmaz,
Hulky söýülmegen ýerde.
Hulk – adamyň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy, duýgy-düşünjesi, hereketleri, sowady, bir söz bilen aýdanyňda, bitewülikdäki şahsyýet. Hatda hulka şu ýerde agzalan içki ruhy aýratynlyklary däl, eýsem adamyň sesiniň, göz-gaşynyň, ýüzüniň, beden gurluşynyň, endikleriniň aýratynlyklary-da girýär. Şol bir wagtda-da şol içki hem daşky özboluşlylyklaryň gabat gelmesiniň tötänleýin däldigini psihologiýadan baş çykarýan adamlar hökman tassyklaýarlar.
Aýdaly, gaharjaň adamyň ýüz-keşbi-de, hereketleri-de, endikleri-de, hatda sesi-de şol häsiýete kybapdaş bolýar. Bir söz bilen aýdylanda, göwre ruhuň maddylaşmasydyr, ruh – düýp many, göwre – hadysadyr.
Ahlagyň ruhuň hukuk, iman ýaly meýdanlaryndan içki sudury boýunça we tebigaty boýunça tapawutlanýandygyny köp ýerlerde görüp bolýar. Muny beýik Azadyny okaýarkaň hem aňlap bolýar. «Wagzy-azatda» pelsepesi hem çeperçilik taýdan şeýle bir täsin pursatlar bar welin, göwnüň heýjana gelýär.
Ine, şolaryň biri. Adam o dünýäde gaýtadan direlensoň, oňa ilkinji gabat gelýän perişdäniň ady Duman perişde bolmaly. Duman perişde adamyň dünýädäki ömründen hem işlerinden sorag etjek has belli iki perişdeden – Müňkür hem Nekirden öň gelmelimişin. Özem, täsin ýeri, Azadynyň şuňa agram berýänligi-de, onuň şahsyýetiniň özboluşly täsinliginden habar berýär. Duman perişde adama sorag baryny ýagdyryp, gyssap duranok. Ol häzirki dilde aýdanyňda, has demokratik hem ynsanperwer çemeleşýär. Duman perişde adama: «Galam, kagyz, syýa al-da, dünýäde eden ähli işleriňi ýazyp ber» diýýär. Adam pahyr bolsa: «Ýa, melek, nädip ýazaýyn, mende galam, kagyz, syýa ýok ahyryn» diýip jogap berýär. Azady – köpimiz tarapyndan aňlanylmaýan beýik hudožnik. Göwnüme bolmasa, bu ýerde ol adamyň aňasty impulslaryny aňladýan ýaly bolup dur. Öliniň pahyrlygy, görgüliligi şol pursatda onuň ýazmak üçin gerek zatlary tapmaýanlygynda däl-de, eden işlerini ýazardan, aýdardan gorkýanlygynda, ejizleýänliginde diýip düşünmek mümkin. Azadynyň şahsyň ruhy ahwalatyny yzarlaýyş inçeligi, stilindäki pelsepe gatyşykly kinaýasy hut şu pikire iterýär. Dogrudanam, şu ejizlik ahwalatynyň çuňňurlyk psihologik tebigaty bar. Adamyň üstüne daşyndan sorag bary ýagdyrylyberse, onda içki garşylyk döreýär we galp hem ýasama bolsa-da, ol nähilidir birhili delilleri ýasap başlaýar. Emma ony öz erkine goýup, öz diliň bile aýtmaly edilse, birhili, pyssarýar galyberýär. Etmişleriňi il aýdyp, özüň diňländen öz diliň bile aýtmak ahlak-psihologik tarapdan has ejirli pursat. Ine, onsoň adamyň ýaňky aňasty goranyş akty bolan «Ýok-da!» bahanaly jogabyna perişde tarapdan täze bir jogap gelýär: «Kagyzyň – kepen, syýaň – ganyň, galamyň – barmagyň, eden işleriňi ýaz!» Şu hili simwoliki deňeşdirmeli, meňzetmeli çeper pursat özüniň ruhy göwrümliligi we çäksizligi boýunça gadymy ýunan mifleri bilen bäsleşýär.
Adam biçäre barmagyny ganyna batyryp, kepenine dünýäde eden ählije ýagşy işlerini ýazar-da, derrew gutarar. Onsoň Duman perişde ur-tut ony «sen-men» ýok urup başlar. Muňa teý düşünmedik adam: «Eý, melek, neçün meni urýarsyň, men zekat berdim, namaz kyldym, roza tutdum, et diýlen ähli şerigat borçlaryny amal etdim ahyryn, bu azabyň näme?» diýip sorar. Onda perişde: «Aýdýanlaryň dogry, sen dini işleri berjaý etdiň. Emma ýadyňa düşýärmi, sen ejiz-mazlumlara zalymlar tarapyndan sütem edilýärkä, sesiňi çykarmandyň. Ýadyňa düşýärmi, ýetimleriň deňinden biperwaý geçipdiň, ýadyňa düşýärmi, adalatsyzlyga göz ýumupdyň». Şonda adam agzyna suw alan ýaly, sesini tapba keser.
Ine, şeýdip Azady ahlagyň dinden tapawudyny, öz dili bilen bize aýdyp berýär. Din hem ynanç, hukuk hem kanun ruhuň el bile tutarykly daşky görkezijileridir, ahlak bolsa ruhuň içki maňzydyr ýa ýiligidir. Türkmende: «Haýwan alasy daşynda, adam alasy içinde» diýen pähim bar. Ine, ahlak beýleki ruhy mizanlar bilen deňeşdirilende, şol içki alany-da bejermäge ukyply iň eli uzyn serişdedir.
Ruh bile nebsiň gapma-garşylygyndan ahlak gelip çykýar. Şol gapma-garşylyk hem ahlaky düşünjeleriň jübütleýin bolmagyny deslapdan kesgitleýär. Ahlak meselesinde inkär edilýän hem ykrar edilýän düşünjeler bolup, olaryň hersi jübütiň bir tarapyny tutýar. Olaryň bir tarapyny haýyr ýa-da ruhuň esgerleri, beýleki tarapyny bolsa nebsiň ýa-da şeriň nökerleri tutýar. Elbetde, sözüň, hereketiň ýa-da pikiriň ahlak bahasy howaýylykda däl-de, anyk pursadyň içinde berilýär. Ýöne kimän näme diýse-de, ahlakda aralyk, yrgalyk ýokdur. Haýyr nähili ýüze çykýandygyna, esaslaryna we ş.m.-lere garamazdan haýyrdyr, şer hem şolara garamazdan şerdir. Ahlak meselesinde ikilik bolup bilmez.
Türkmen milli ruhunda müňlerçe ýyllap goldanylyp gelen ahlaky jübüt düşünjeler bar. Olar örän köp. Ýöne, geliň, şolaryň bäş jübütine garap göreliň.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa