10:05 Baýsyñ sen | |
BAÝSYÑ SEN
Gara gözler - ömrümiziñ çyragy, Onki synañ abat bolsa, baýsyñ sen. Watany söýmekde ýatlañ Syragy, Watan dünýä şugla salsa, baýsyñ sen! Tarlaryn öpere saçlary bolsa, Tarypyn edere gaşlary bolsa, Ýyldyzlar deý sadap dişleri bolsa, Ýar näzlenip, birje gülse, baýsyñ sen. Ak bäbekli öýüñ toýdur, toýdur, tomaşa, Başarsañ däne sep ejizje guşa, Dünýä bagta döner, göwünler - hoşa, Her gün öýe myhman gelse, baýsyñ sen! Giñ jahana sygman joşan halatyñ, Ýagşylyga ýaýylşyñy haladym, Kämillikde syratlydyr kamatyñ, Iliñ-günüñ mährem bolsa, baýsyñ sen! ■ Sähra Gülgün ýüzün açan, owadan sähram, Güller içre gujagyma dolup gel! Adam topragyndan alýandyr bähra, Meniñ üçin tükenmejek şalyk bol! Sendedir söýgimiñ göwher-parasy, Seýliñdedir gelinleriñ agrasy, Bu türkmeniñ toprak bilen arasyn, Sazlaşdyrýan gökden inen melek bol! Sensiñ ata-babalarmyñ aýany, Sendedir ýaşlygyñ göçgün hyýaly, Aşyhyñ ah urup, gözläri ýaly, Ýar başyndan ýele uçan ýaglyk bol... Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA. | |
|
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |