21:47 Berim gökden... / satiriki hekaýa | |
BERIM GÖKDEN...
Satiriki hekaýalar
Dogrusy özüm-ä kitaby gowy görýän, şo bolsa maña başga zat gerek däl. Şondan ötürem awtobusyñ üstünde-de, başymy galdyrman okaýan. Ýok, men ony özümden ululara ýer bermezlik üçin şeýdýändir öýtmäñ - ýalñyşýarsyñyz. Hawa, iş-dä baýaky, öýde dogrusy kän bir wagtam bolup duranok. Hiç ýerde diliñizi ýarmasañyz, men size ýene-de bir zat aýdyp biljek. Has gowy görýän kitaplarymy dükanlardan tapmasam kitaphanalara barýandajyk ýazdyryp alýan. Soñam nädýändir öýdýäñiz?! Ba, okap yzyna elter öýdýäñizmi, "ýitirýän". Wessalam! "Kitap iñ gowy sowgatdyr" diýip kimiñ aýdany hiç hakydamda däl, kes kelläm ýadyma düşenok, öz-ä bir murtly adam bolmaly. Ine, şol sözlere eýerip, onsoñam özüm ölemen kitaphon bolamsoñ başlygymyzyñ doglan gününe kitap sowgat etmeli diýen netijä geldik. Ýerli komitet bu ýumuşy maña tabşyrdy. Kitap magazininiñ arka ýüzünden baryp delje kitaplardan aldym ep-eslini. Kabinetimde Nuh eýýamyndan galan bir boş karobka ýatyrdy, ýapon magnitofonynyñky. Ýañky kitaplary alaga-da, saldym şoñ içine. Bul-a tüýs şap bolaýdy, dañdym daşynam ykjamlap. Hondan bärsi boluşyp üýşüp bardyk başlygyñ ýanyna. Ol meniñ elimdäki karobkany görüp nirede oturtjagyny bilmedi, dylym-dylym edip. Baý, başlygymyzbir begenmek begend-aý, hiý aýdyp-diýer ýaly däl. Elimdäkini goýdum gütüledip stoluñ üstünde. - Ýuwaş, birden döwäýme - diýip, başlygymyzyñ ýüregi ýaryldy. Her kin sözlerdeb gowusyny saýlap gutlady başlygy. Sowgadymyzam gowşurdyk. - Başlyk jan, şuñ içindäki zat hiç wagt ýüregiñi gysdyrmaz, özüñe höwüd tapynan ýaly bolarsyñ - diýip, men köpbilmişsiredim. Hoşlaşyp çykyp gaýtdyk. Çilim-pilim çekip gelenimem şoldy welin, başlygyñ kabulhanasyndaky gyz atylyp kabinetime girdi. - Sizi başlyk çagyrýar, gyssagly. Be, bi maña minnetdarlyk bildirjekdir-ow. Dagy näme, olar ýaly kitap her kime ýetdirip duranok. Bardym, içimi gepledip. - Başlyk, ýene bir gezek salawmaleýkim. Doglan günüñem gutly bolsun, başlyk jan. Tüweleme, sähetlije gün dünýä inen ekeniñ, sowgat diýip ugruna çykanymdan işim şowluja bolaýdy. Tanyşlyk bilen aldym, ýogsam dagy... - diýip, elimi owkalaşdyrdym. Göwnüme bolmasa başlygyñ bir hili gitdigiçe myreygy atlanýan ýalydy. Ol ýüzüni kürşerdip: - Hany, muñ içi? - diýip, azgyryldy. - Bardyr. Bolmaly. Dogruja on sany kitapdyr... Meniñ sesim ysgynsyz çykdy, ogurlygyñ üstünde tutulan ýaly boldum. Başlyk sag eliniñ süýem barmagyny ho-ol beýle-de duran korobka tarap uzatdy-da: - Bar, äkit-de hennege dök. Tapdyñ bu ýerde oýnajak adamyñy. Özüñem häziriñ özünde arzañy ýaz-da göteril şu ýerden, öwrülip gözüm görmesin. Senden dynmasam boljak däl - diýip, ol näme üçindir soñky sözleri burnuna salybrak aýtdy. Men daş çykdym-da, şatyr-şutur arzamy ýazdym. Elbetde, zähmet rugsadyny beriñ diýip. Näme, samsykdyr öýdýäñizmi, işden çykaryñ diýip ýazar ýaly. Başlyk elterime mähetdel, okaman onuñ çüñküne "kanagatlandyrmaly" diýip gol çekdi. Ökjäm ýeñlän ýaly boldy, çykyp gaýtdym. Neneñ begenmejek, öñ ýalbaryp alyp bilmedik otpuskamy aldym. Baý-baý, şu başlyklarda-da oýun kän-ow. "Berim gökden ýol ýasar" diýenleri çyn eken. Kitabyñ nähili gudratynyñ bardygyny indi özüñizem gördüñiz dälmi?! Bolany şo. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |