ŞAHYRANA ŞAHSYÝET
1.
Şahyrlyk Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň aýdyň ýüze çykan sypatlarynyň biri. Şahsyýetiniň köpgyraňlylygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu ýöne bir sypat, şahsyýetiň haýsydyr bir tarapy, hili derejesinde bolmak bilen çäklenmän, eýsem özboluşly, anyk serhetleri bilen aýdyňlaşan şahsyýet «meni» derejesine ýeten hadysa. Beýik Serdaryň şahyrlygy syýasatçylygy bilen bäsleşýän, edil şonuň ýaly derejede özüni bildiren şahsyýetlik kämilligidir. Bu hakykat Beýik Serdaryň şahyrlygy, şahyrana şahsyýet hakynda ýörite gürrüň etmek zerurlygyny öňe çykarýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana şahsyýeti onuň özi tarapyndanam oňat aňlanylan hadysa. Muňa onuň aşakdaky sözleri şaýatlyk edýär: «Eger syýasatçy bolmadyk bolsam, onda hökman çeper döredijilik bilen iş salyşýan adam bolardym».
Syýasatçylygyň hem-de döredijiligiň, patyşalygyň hem-de şahyrlygyň bir şahsyýetde utgaşmagy türkmen durmuşynda öňden gelýän özboluşly dessur. Eger türkmen taryhynyň islendik eýýamyna ýa döwrüne göz aýlasak, biz munuň onlarça, hatda ýüzlerçe amaly mysalyny görüp bileris. Örän köp türkmen şalary, soltanlary şygyr döredijiligi bilen meşgullanmagy özlerine kada, adaty zat hasaplapdyrlar. Ylaýta-da türkmen ruhunyň has ösen döwri bolan orta asyrlarda onlarça soltanlar ajaýyp şahyrlar hökmünde edebiýat taryhynda öçmejek yz goýup gidipdirler. Olaryň içinde öz ene – türkmen dilinde gözel şygyrlary döredenlerem, şol döwrüň umumy musulman edebiýatynyň şahyrana dili bolan pars dilinde ezberleşenlerem, hatda arap dilinde ýazanlaram bolupdyr. Taryhçy L.Gumilewiň adalgalary bilen aýdylanda, orta asyrlarda bir uly etnos – türkmen milleti döwrüň has uly taryhy-etniki hadysasy bolan yslam siwilizasiýasynyň – superetnosyň ulgam dörediji merkezine öwrülipdir. Şonuň üçinem, beýik soltanlaryň şol bir wagtda beýik şahyryna şahsyýetleri-de bolmagy beýlekiler üçin özboluşly türkmen göreldesi, türkmen nusgasy bolup, özge yslamy milletler hem bu göreldäni alyp göteripdirler. Diýmek, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň degişli aýratynlygy türkmen taryhy mirasgeçijiliginiň özboluşly bir dowamatydyr.
Islendik hadysa özboluşly medeni-ýaşaýyş däbine, medeni determenizmiň guralyna öwrülmezden ozal gündelik-empiriki durmuşyň hadysasy hökmünde birnäçe gezek ýüze çykýar we özünde şol birnäçe gezekleri jemläninden soň, taryhy-medeni däbe öwrülýär. Bu düýpli pikiriň köküni-çözgüdini tapmaga bize Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň täzeligi hem-de açyjylygy bilen haýran galdyrýan pikirleri kömek edýär. Onuň «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly kyssa-şygyr diwanynda şeýle setirleri okaýarys. Biz muny uzynrak görünse-de, doly getirmegi zerur hasaplaýarys:
«Atalyk, atabeg, ata – Oguz han Türkmeniň köşgüniň ýanynda döreden mekdebiniň mugallymlary şeýle atlandyrylypdyr...
Atalyklar, atabegler öý-işik edinmän, ömürlerini köşgüň ýanyndaky atabeglik mekdeplerinde patyşanyň, serkerdeleriň, kethudalaryň çagalaryny çagalykdan on alty-on ýedi ýaşa çenli terbiýelemek we sowat-bilim öwretmek, sagdyn bedenli, batyr serkerde edip ýetişdirmek işine bagyş edipdirler. Atalyk mekdeplerinde dünýäniň ençeme dili öwredilipdir, ylmyň ähli ugurlary boýunça hem bilim berlipdir, ýöne atabeglik mekdebiniň esasy ugry serkerdelik, söweş tilsimatlaryny çuň öwretmek bolupdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen patyşalarynyň ählisi sowatly, söweş, serkerdelik tilsimatlaryny kemsiz ele alan şahsyýetler bolupdyrlar.
Türkmen taryhynyň Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg eýýamlarynda atabeglik mekdepleri türkmeniň ajaýyp serkerdelerini dünýä belli edipdir.
Men size henize-bu güne çenli taryhyň gatynda bilinmän gelen bir hakykaty açyp bereýin: Oguz han Türkmen eýýamynyň atalyk mekdepleriniň okuw kitaby «Oguznamalar», Gorkut ata eýýamynyň atalyk mekdebiniň okuw kitaby «Gorkut ata» kitaby; Görogly beg eýýamynyň okuw kitaby hem «Görogly» şadessany bolup hyzmat edipdir. Bir tapawut bar: «Oguznamalar», «Gorkut ata» we «Görogly» şadessanlary öz döwürleriniň atabeglik mekdepleriniň okuw kitaplary bolan bolsa, biz bu gün ol kitaplary çeper eser hökmünde kabul edýäris».
Beýik Serdaryň bu edebi-taryhy açyşy diňe bir atalyk mekdebiniň däl, eýsem ýene-de köp dessurlaryň üstüni açýar. Diýmek, bir şahsyýetde örän köp sypatlaryň, özem soňky – XX asyrda dürli-dürli şahsyýetleriň hersine bölünen görnüşinde bolan sypatlaryň jemlenmegi atabeglik mekdepleriniň netijesi bolupdyr. Şol sanda patyşalygyň hem şahyrlygyň bir adamda utgaşmagy-da şol medeni däbiň hyzmatydyr, netijesidir. Çünki atabegleriň berýän bilimi bitewi we hertaraplaýyn bolup, olar şahsyýeti bir ugurdan däl-de, ähli ugurlardan taýýarlamagy, bir hünär däl-de, birnäçe hünäri bermegi göz öňünde tutupdyrlar.
Emma şu ýerde möhüm bir zady belläp geçmek gerek. Biziň atabeglik mekdepleriniň kitaplaryny çeper, ýagny edebi eser hökmünde kabul etmegimiziň özboluşly bir kiçijik kanunalaýyklygy bar. «Edebiýat» sözüni XX asyrda asylbaşky manysyndan üýtgedendigimiz-ýoýandygymyz aýan bolýar. Atabeglik mekdebiniň okuw, bilim ulgamyny edebiýat diýip atlandyrypdyrlar. Şu manyda ol «edep öwretmegi», «edebiň ulgamyny» aňladyp, biziň häzirki ulanýan «çeper eser» manymyzdan düýpli tapawutlanýar hem-de ondan has giň düşünjedir. Atabegleriň öwredýän edebiýaty, ýagny edep ylmy bilimleriň birgiden toplumy bolup, döwre görä az-kem üýtgäp durupdyr. Emma ähli döwürlerde-de onuň – edebiýatyň içine aşakdaky ylymlar giripdir:
1. Häzirki manydaky edebiýat.
2. Söz we suhangöýlük sungaty.
3. Türkmen hem yslam taryhy.
4. Gurhan.
5. Hatdatlyk.
6. Sypahsalarlyk, ýagny serkerdelik tälimi.
7. Häzirki manydaky edep, edeplilik, hoşgylawlyk.
8. Diplomatiýa.
9. Pelsepe.
10. Takyk ylymlardan habarlylyk.
Eger «Oguznamalary», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryny ünsli okasak, biz olaryň mazmunynda ýokarky ylymlara degişli maglumatlary tapyp bileris. Şol bir wagtda-da bir zat bellidir: ol eserler degişli ugurlar boýunça taglymy bilimleri bermegi göz öňüne tutmandyr. Olar atabeglik mekdebinde alnan taglymy bilimlere degişli mysallaryň, amaly nusgalaryň özboluşly toplumy bolupdyr. Özünde gönüden-göni taglymy maglumaty saklamaýandygy üçinem, olar soň-soňlar – biziň döwrümizde edebi-çeper eser hökmünde kabul edilip başlapdyr.
Beýik fransuz akyldary B.Paskal «Iň bir garaşylmadyk açyşlary iň taýýarlykly alymlar edýärler» diýipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky açyşy-da onuň türkmen taryhy boýunça örän taýýarlykly adam bolandygy esasynda mümkin bolan zatdyr. Özüniň zehininiň üýtgeşikligi we hakydasynyň gudratlylygy sebäpli Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy birnäçe asyr mundan ozal ýaşamagyny bes eden atabeglik mekdebini öz ruhunda gaýtadan janlandyran we ony gaýybana geçen beýik şahsyýetdir.
Atabeglik mekdebi, dogrudanam, Görogly beg eýýamy synandan soň, bozulyp hem geçmişe öwrülip gidipdir. Emma bu bozulma hem ýitme birbada bolup geçmedige meňzeýär. Atabegligiň ýitmegine döwletiň ýok bolmagy esasy sebäp bolupdyr. Ýöne hatda Magtymguly eýýamynda-da onuň käbir ýaňlaryny eşidip galýarys. Halk arasynda saklanyp galan rowaýatlaryň birinde Magtymgulynyň dogluşy barada şeýle aýdylýar. Döwletmämmet mollanyň üçünji ogly bolýar. Şonda ol özüni gutlamaga gelen dosty Selim Magtymyň gujagyna ýaňy doglan bäbegi oklap: «Al, bu seniň guluň bolsun!» diýenmiş. Şondan soň onuň ady Magtymguly bolupdyr. Gorkut atanyň hem ýetginjeklere at dakýandygyny ýatlalyň. Munuň özi atabeglik mekdebiniň bir däbi bolsa gerek. Özüniň terbiýeläp, adam-serkerde, soltan eden oglanyna atabeg öz oňat gören adyny dakypdyr. Bu at oglana kakasynyň dakan adyndan soňky ikinji, özem, köplenç, esasy ulanylýan at bolupdyr. Şeýle dessura «Göroglynyň döreýşinde» hem çala yşarat saklanyp galypdyr.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana şahsyýetiniň genezisi türkmen medeni taryhynyň çuňluklaryna gidýär. Şu manyda onuň köpgyraňly şahsyýeti türkmen taryhy-medeni fenomenleriň özboluşly bitewileşen kanunlarynyň gaýtadan ýüze çykmasydyr. Beýik Serdaryň şahyrlyk döredijiligi ýöne bir edebi-çeper hadysa bolman, eýsem has giňişleýin – medeni-taryhy, taryhy-ruhy hadysadyr. Diňe şeýle giňişlikde seredilende, onuň edebi döredijiliginiň taryhy täzelikligine hem-de ähmiýetine geregiçe düşünip bolar.
Aslynda şahyr türkmen durmuşynda ýöne şahyrlykdan has uly şahsyýet, has uly hadysa bolupdy. Şahyra türkmen pygamber, ruhy hem ahlak mugallymy, şahyrlyga bolsa pygamberlik hökmünde seredipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrlyk fenomeni şu hili türkmen düşünjesini gaýtadan dikeldýär. Şu manyda onuň şahyrlyk döredijiligi nusgawy hadysadyr. Ol iki manyda nusgawylyk hadysasydyr. Birinjiden, köne gözellik ülňüleriň hem-de köne şygryýet ýörelgeleriň täzeden oýanmagy, şahyrlyk tilsimleriniň hem tärleriniň geçmiş nusgalarynda ýüze çykmagy manysynda nusgawylykdyr. Bu estetikada bolsa şahyrlyk-pygamberlikdir. Şahyr jemgyýetiň ahlak hem ruhy mugallymydyr, bu nusgawy manyda şahyrlyk beýleki ruhy meşgullanmalardan bölünip aýrylan belli bir hünär-şygyr döretmek usulyýetini ele alan adamyň hünäri däl-de, eýsem bitewi ruhy tutumdyr. Bu gözellik-ruhy fenomeniň düýbünde «hakdan içmek» aýratynlygy ýatýar. Şahyr, häzirki düşünilişi ýaly, şahsyýetiň tebigatdan alan zehinine, talantyna daýananok-da, eýse, Allanyň beren ruhy gudratyna daýanýar. Şonuň üçinem onuň wezipesi ýöne bir öz zehinini açmak däl-de, eýsem jemgyýete, halka ruhy-ahlak sapaklaryny we ýörelgelerini bermekdir, halky belli-belli ruhy-ahlak gymmatlyklara gönükdirmekdir.
Ikinjiden, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nusgawylygy edebiýatda bütinleý täze şahyrana, çeperçilik ýollaryny açmak, edebiýaty täze-täze mazmun hem görnüş hadysalary bilen baýlaşdyrmak manysyndaky has anyk edebi nusgawylykdyr. Eger nusgawylygyň öňki ägirtleriň dünýäsini gaýtadan dikeltmek, öňki nusgalarda täzeden döremek we döretmek manysy bar bolsa, ikinji manyda ol döredijiligiň öň bolmadyk, bütinleý üýtgeşik nusgasyny döretmek diýmegi aňladýar. Hut şu ikinji, has anyk – edebi, has «tehniki» manyda hem biz häzir Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nusgawy şahyrana döredijiligi barada gürrüň etmäge synanyşýarys. Ýöne, ilki bilen, edebiýatda nusgawylyk barada birki agyz söz aýtmak isleýäris.
Nusgawy edebiýat diýlende, özünden soňky ähli döwürler üçin nusgalyk, elýetmez derejede galjak, hiç mahal ähmiýetini ýitirmejek edebiýat göz öňünde tutulýar. Eýýäm-häzir Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiligi XXI asyr türkmen şygryýetiniň nusgawylyklygyna öwrüldi. Edebiýatda nusgawylyk bolanda, şu aşakdaky ýaly aýratynlyklara eýe bolýar.
Birinjiden, islendik edebiýatyň taryhynda täze bir nusgawylyk döwrüň başlanmagy üçin, ol edebiýatyň degişli bolan jemgyýetinde düýpli öwrülişikler bolup geçmeli. Özüniň daşky, jemgyýetçilik-taryhy şertlendirilişi manysynda nusgawylyk jemgyýetde ýokary göteriliş zamanynda kemala gelýär. Bu ýerde ýokary göteriliş diýlenine diňe ösüş, öňe gidiş manyda düşünmek bolmaz. Edebiýat belli bir manyda özbaşdak ruhy hadysadyr. Ol ruhuň bir ýüze çykmasy hökmünde jemgyýetiň maddy ösüşine gönüden-göni garaşly däldir. Şonuň üçinem täze nusgawylyk diňe bir jemgyýetiň maddy-önümçilik babatynda güýçlenýän döwründe däl, eýsem, tersine, pese gaçýan, jemgyýetde krizisleriň hem kynçylyklaryň köpelýän zamanynda hem döräp bilýär. Gep taryhy ösüşde tersin ýa oňyn düýpli öwrülişigiň, döwülmäniň bolmagyndadyr.
Ikinjiden, nusgawylygyň döremeginiň içki şerti edebi ösüşde köne bilen täzäniň, däp bilen täzelikçiligiň adatdan daşary, öň bolmadyk şekilde utgaşmagydyr. Şonda täze öňe çykan zehin edebiýatyň şoňa çenli toplan çeperçilik tejribesini öň amal edilmedik görnüşde täzeçe özleşdirýär we netijede edebiýatda täze mazmun hem-de görnüşler peýda bolýar. Olar edebi-çeper gymmatlyklaryň bütinleý täze nusgalary bolup, şondan soňky edebi ösüşiň dowamynda ol nusgalar nusgawy nusga hökmünde kabul edilýär.
Üçünjiden, nusgawylyk ähli okyjy köpçüligi üçin ähmiýetli hadysa bolýar. Okyjy köpçüligi öz düzümi boýunça köpdürlüdir. Sowat, bilim derejesi, ruhy-emosional hem-de ruhy-ahlak islegleri we hajatlary boýunça okyjy köpçüligi dürli-dürli adamlary, gatlaklary öz içine alýar. Hakyky nusgawylyk olaryň hemmesi üçin gymmatly, ähmiýetli hem-de düşnükli edebi-çeper görnüşleri özünde saklaýar.
Dördünjiden, her bir täze nusgawylyk edebiýatda täze ýoly alamatlandyrýar. Ol ýol edebiýatda öň döredilen ýollardan başga bir ugry aňladýar. Milletiň edebi aňynyň täze bir giňişliginiň açylyşy bolýar.
Şu bellenilen görkezijileriň hemmesiniň jähetinden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şygryýeti türkmen edebiýatynda täze nusgawylyk ugur bolup durýar. Onuň şahyrana şahsyýetiniň düýp manysy-da şol nusgawy ugruň aýratynlyklary bilen baglanyşyklylykda açylýar.
2.
XXI asyra çenli türkmen edebiýatynda, esasan, dört sany nusgawylyk döredilipdi. Özem şol döwürler Mukaddes Ruhnamadaky türkmen ruhunyň bäş eýýamyna doly gabat gelýär.
Birinji nusgawylyk – Oguz han Türkmeniň eýýamynyň nusgawylygy. Munuň özi milli edebiýatymyzyň iň gadymy döwrüdir. Şol nusgawylykdan bize birnäçe «Oguznamalar», «Erginakan» dessany gelip ýetipdir. Elbetde, soňky taryhy ösüşiň dowamynda olaryň belli bir derejede üýtgedilip-özgerdilip, edil öz döwründäki asylbaşky görnüşinden biraz daşlaşandygy düşnüklidir. Ýöne, şoňa garamazdan, olaryň asyl durkuny has oňat saklan nusgalarynyň bardygyny hem aýtmak gerek. Ylaýta-da, köne oguz-uýgur elipbiýinde ýazylan «Oguznama» özüniň gadymylygy, özgermänligi bilen göze ilýär. Çünki elipbiýiň, ýazuwyň üýtgemän galmagy eseriň tekstiniň-durkunyň hem özgermezligini üpjün edipdir. Onuň mazmunynda oguz mifiki dünýägaraýşy, häzirem ulanyşdan galmadyk sözleriň asylbaşky görnüşleri, milli diliň grammatikasynyň ilkinji aýratynlyklary bar. Olara gözüň düşende, kişi çykan adamyň öz çagalygyny ýatlandaky duýgularyny başdan geçirýärsiň.
Ikinji nusgawylyk – Gorkut ata eýýamynda döredilen türkmen edebiýatydyr. Muňa «Gorkut ata» kitaby, iň gadymy halk döredijiligimiz, dürli ertekilerdir yslamdan öňki dini ynançlar bilen baglanyşykly garaýyşlar girýär. Olar belli bir derejede yslamlaşdyrylsa-da, aslynda ýatan gurluş göýä suwuň aşagyndaky daşlar kimin mese-mälim, aýdyň görünýär. Dili boýunça bu edebiýat oguz-türkmen edebiýaty, bize doly düşnükli hem edebi-çeper güýji we täsirliligi entek asla ýitmedik edebiýatdyr.
Üçünji nusgawylyk – Görogly beg eýýamynda döredilen edebiýat bolup, oňa başgaça orta asyrlar türkmen edebiýaty hem diýilýär. Bu edebiýat türkmen ruhuna yslamy görnüşleriň çuňňur ornaşan döwründe döredilen edebiýatdyr. Şonuň üçinem onuň çeper dilinde yslamyň edebi dili bolan pars diliniň, yslamyň ylmy dili bolan arap diliniň täsiri güýçli. Onuň bütin dowamynda arap, pars dillerinde ýazan türkmen şahyrlary meşhur bolupdyr. Edebiýatçylar bu nusgawylygyň uslybyny – stilini kitaby ýa-da diwan uslyby diýip kesgitleýärler. Bu nusgawylygyň binýadynda yslamlaşan türkmen dünýägaraýşy bar. Wagtyň geçmegi bilen bu edebiýat köne, yslamça sowatly türkmen intelligensiýasynyň edebiýaty bolup galypdyr. Nesimi, Nowaýy, Fizuly, Baýram han, Burhaneddin Siwasly, Gaýyby ýaly beýik şahyrlar şu nusgawylygyň wekilleridir.
Dördünji nusgawylyk – Magtymguly eýýamynyň edebiýatydyr. Bu döwrüň edebi uslyby taryhy taýdan seredilende has öňler hem edebiýatda ýaşan uslypdyr. Ýöne hut Magtymguly eýýamynda ol uslyp edebiýatyň ýüzüne öwrüldi. Baryp Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Garajaoglan dagy hem şol uslypda döredipdirler. Magtymgulynyň hyzmatlary arkaly ol uslyp beýleki uslyplaryň edebiýatdaky ornuny daraldyp, özi esasy orna geçdi.
Şu dört nusgawylygyň biri-biriniň yzyndan gelýändigine garamazdan, olar biri-birini gysyp çykarypdyr diýmek nädogry bolar. Edebiýat taryhynyň dowamynda olar hemişe bolup, biri-biri bilen ýanaşyk ýaşapdyrlar. Ýöne dürli eýýamlarda olaryň özara mynasybeti üýtgäp, haýsy hem bolsa biri esasy orna geçipdir.
Magtymguly eýýamynyň ikinji döwri bolan XX asyrda bolsa şygryýetde täze bir ýol döredi. Ol G.Ezizowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Indi görüp otursak, bu hadysa Magtymguly nusgawylygyndan täze bir nusgawylyk – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nusgawylygyna – klassykasyna geçiş etapy eken.
Şeýlelikde, XXI asyrdan öň türkmen şygryýetinde dört sany klassyka bolup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy soňky – bäşinji nusgawylygyny dörediji şahyrana şahsyýet bolup öňe çykdy.
Öň hem belläp geçişimiz ýaly, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy çeper döredijilige ýetginjeklik döwründen başlapdyr. Bu meşgullanmasyny ol ömürboýy dowam etdirip geldi. Onuň dürli döwürlerde ýazan şygyrlary gündelikleriniň, beýleki ýazgylarynyň golýazmalarynda saklanyp galypdyr. Emma ol öz şygyrlaryny çapa bermekden saklanyp, edebi döredijiligi öz kalbynyň hajaty hökmünde görüp gelipdir. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda Serdarymyz özüniň edebi tejribelerini okyjylar köpçüligine çykardy. Häzire çenli neşir edilen «Türkmen ilim aman bolsun» hem-de «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» diwanlaryna giren şygyrlardan başga-da onuň entek golýazmada saklanyp galýan eserleriniňem köpdügini aýtmak gerek. Ýöne bizde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana şahsyýeti barada diňe şol iki kitabyň esasynda gürrüň etmek mümkinçiliginiň bardygyny aýtmak gerek.
Beýik Serdar özboluşly şahyrana gurşawy kemala getirýän maşgalada doglupdy. Onuň kakasy Atamyrat Annanyýaz ogly döwrüniň sowadyny çykan ajaýyp mugallymy bolupdy. Adatça, şeýle bolýar: Adam şahsyýeti diýilýäni akyldan we duýgudan, paýhasdan we kalpdan ybaratdyr. Adam akyl gurnawyny atasyndan, kalp birligini enesinden alýar. Beýik Serdar paýhas çuňňurlygy we akyl goýazylygy atasyndan, kakasyndan, kalbynyň şahyranalygyny we durmuş söýüjiligini käbesinden miras alypdy. Käbesi Gurbansoltan eje türkmeniň ökde halyçysydy. Haly bolsa juda inçe we nepis sungat. Kalby şahyranalykdan, mähir inçeliginden mahrum zenan halyçy bolup bilmeýär. Çünki tebigaty boýunça gödeňsi kalp inçe sungaty döredip bilmez. Elbetde, ol illeriň dokan halysynyň nagyşlaryny, göllerini gaýtadan dikeltmek endigini edinip biler. Ýöne bu sungat däl-de, ýöne endigiň, göçürmäniň işi bolar. Sebäbi şeýle göçürme, öýkünme gödeňsi hem mähir inçeliginden mahrum şekilleri döretmekden aňry gidip bilmez. Munuň özi sazandalyk zehini berilmedik adamyň saz çalyşy pisint bir zatdyr. Ukypsyz sazanda saz çalmagyň ähli usullaryny, taraplaryny ele alýar, islendik sazy çalmagyň usullaryny bilýär. Emma onuň ellerinden şol bir perdäni basýanlygyna, şol bir kakuwy edýänligine garamazdan, juda gödeňsi hem gulaga törpiniň sesi ýaly bolup degýän gurak seslerden başga zat çykanok. Guýmagursak sazandanyň dutaryndan bolsa başga, jadylaýjy owazlar çykýar. Ýogsam weli şol bir dutar, şol bir perde, şol kirişler, şol bir saz emelleri we öwrümleri. Näme üçin beýle tapawut ýüze çykýar? Tapawut kalbyň tebigatynyň başga-başgalygyndan gelip çykýar. El hem-de endik bilen sungat döremeýär, sungatyň enesi şahyrana kalpdyr.
Şeýle şahyranalygy – şeýle asly ýaş Saparmyrat Gurbansoltan ejeden miras alypdy. Soň ol şahyranalyk babasy Gurbangeldi aganyň gürrüňleri arkaly belli bir şekile, ugra salnypdy. Ilki hüwdüler, soň bolsa rowaýatlar. Şu ikisi ýaş Saparmyradyň şahyrana kalbynda çeper ylhamyň juda ir oýanmagyna sebäp bolupdy.
Emma şahyrana meýilleriň we şahyrana küýsegleriň oýanmagy şahyryň döremegi üçin entek asla ýeterlik däldir, ol diňe şahyrlygyň esasydyr. Mundan başga-da, şahyrana kalbyň terbiýelenmegi, belli bir görnüşe – terbiýete salynmagy-da zerurdyr. Ine, Gurbangeldi aganyň dürli täsin hem süýji, çuňňur hem-de maňyzly rowaýatlarynyň esasynda hem ýaş Saparmyradyň şahyrlyk zehini terbiýet alypdy. Babasynyň uzak gyş gijeleri Oguz han hem Gorkut ata, Görogly beg hem Magtymguly barada sünnäläp hem süýjüdip gürrüň beren rowaýatlary, tymsallary, pähimleri, şygyrlary şahyrana kalbyň gözetimini we çuňlugyny deslapdan kesgitläpdi. Biz oturyp pikir edýäris: Babasy Saparmyradyň geljekde bir ýürekdeşe hem söhbetdeşe, hemsyrdaşa zar boljagyny bilip, ony türkmeniň beýik ägirtleri bilen çagalykdan gaýybana höwrükdiren ýaly bolup dur.
Beýik Serdara tüýs şahyrana şahsyýetiň kemala gelmegi üçin zerur bolan ikinji bir zat – şahyrlyk ykbaly hem berlipdir. Umuman, döredijiligiň hem, hususan, şahyrana döredijiligiň hem asylbaşky şerti ýekelik, ýalňyzlykdyr. Sungatyň tebigaty şeýle. Sungat ýekelikde döredilýär, diňe soňra köpçülik bolup kämilleşdirilýär we üsti ýetirilýär.
Allatagala şeýle edipdir: şahyr, dörediji bolmak üçin ýalňyzlyk tejribesi gerek. Owalbaşda ýalňyzlykdan başlanmaýan adam şahyr bolup bilmez. Munuň özüne ýeterlik ýönekeýje sebäpleri bar. Sungat – öz içki dünýäňi daşyňa çykarmagyň serişdesi. Emma ol içki dünýä özüniň baýlygy, reňbe-reňligi, çuňňurlygy we täsinligi boýunça daşky dünýäden kem bolmaly däldir, oňa barabar bolmaly we hatda ondan hem baý bolmalydyr. Şeýle üýtgeşikligiň kemala gelmegi üçin bolsa şahsyýetiň hususy ömür tejribesi gerekdir. Bu tejribe hem köplenç, şahsyýetiň ýalňyzlygynda kemala gelýär. Çünki daşky dünýä bilen birnäçe baglanyşyklarynyň, adaty adamlar üçin adaty baglanyşyklaryň we ýollaryň üzülmegi şahsyýeti öz içine, öz-özüne gitmäge mejbur edýär. Onsoň özgeleriň daşky dünýä bilen gatnaşyk – biz ruhy gatnaşyklary göz öňünde tutýarys – üçin sarp edýän energiýasyny ýalňyz adam öz-özüni törpülemäge, öz-özi bilen hemsyrdaş bolmaga siňdirýär. Şeýdip, onuň kalbynda täsin hem üýtgeşik bir giňişlik, daşka barabar we, köplenç, daşkydan garaşsyz dünýä kemala gelýär.
Şahyr bolmak üçin ykbal gerek.
Ykbal üçin bolsa owalbaşky we wagtlaýyn ýalňyzlyk gerek.
Dünýä gaýtadan dolanmak üçin ol dünýäden arany açmak gerek.
Dünýäni baýlaşdyrmak üçin wagtlaýyn oňa ýeňsäňi öwürmek hem-de öz «meniň», öz ykbalyň, öz hususyýetiň bilen ýüzbe-ýüz bolmak gerek.
Şeýle ömür möwsümini başdan geçiren kişiler soňra dünýäniň ruhy baýlygyna goşant goşan adamlar bolup ýetişýärler. Sebäbi olar ýalňyzlykda bir pasyl öz-özüne gümra bolmak bilen, adaty adamlarda bolmadyk üýtgeşik ruhy tejribäni toplap bilýärler.
Bu ýerde Gündogaryň hem-de türkmeniň pelsepesiniň we sungatynyň taryhyndan birnäçe mysallar getirip bolardy. Şolaryň käbirini ýatlamak we olara häzirki gürrüňimiziň jähetinden teswir bermek bilen çäkleneliň.
Leýli-Mejnun kyssasy türkmenleriň arasynda gaty ir wagtlardan bäri meşhur bolupdyr. Bu kyssanyň ähli pelsepe tagamy we akyl agramy Mejnunyň şahsyýetinde ýüze çykýar. Mejnunyň köpçülikden arany açmagy we çöllerde, daglarda ýeke-ýalňyzlykda gezmegi onuň dünýä düşünmegindäki esasy pursatlardyr.
Ýalňyzlygyň akyl ýetiriş gymmaty nämeden ybarat? Ýalňyzlyk adam şahsyýetini başga şertlerde mümkin däl suratda bitewileşdirýär. Ýalňyzlyk adamyň köpçülik arasyndaka ýitip, pytrap gidýän taraplarynyň bir ýere jemlenmegine, adamyň bir ýere ýygnanmagyna sebäp bolýar. Ol adamyň «menini» onuň öz-özi bilen ýüzbe-ýüz edýär. Onsoň şol wagta çenli dünýä, özge bilen söhbet, gürrüň edip gelen – şeýle söhbet bolsa onuň «menini» bölekleýär – adam indi öz-özi bilen syr alyşmaga, iç döküşmäge oturýar. Mejnun çölleri gezip, dünýäniň sazlaşykly, gözel hem kämil ýaşaýşyna syn edýär. Ol garyn, eklenç, şöhrat, nebis, bähbit bilen baglanyşykly aladalardan dynýar. Mejnun özi ýeke galyp, Allanyň ýekeligine akyl ýetirýär. Mejnun bir-birege göriplige, bahyllyga, ýamanlyga, ýigrenje orun bermedik ýaşaýyş bolan janly-jandaryň ýaşaýşynyň adamzat jemgyýeti üçin eletmez gözelligine, adyllygyna we kämilligine göz ýetirýär. Ine, şu akyl ýetirme, şu göz ýetirme, şu hili synlamalar onda üýtgeşik ruhy tejribäniň toplanmagyna getirýär. Bu tejribe hem diňe Mejnunyňky ýaly ýalňyzlykda mümkin bolan zatdyr.
Mäne baba ýedi ýyllap Haweran düzlüginde egin örtgüsiz, aýakýalaň sergezdanlyk edip gezipdir. Soň-soňlar ol «Haweran düzlüginde meniň aýaklaryma batmadyk ýeke tiken hem, meniň gözýaşlaryma syn etmedik ýeke gül hem ýokdur» diýer eken. Mäne baba zahyd bolupdyr. Zahydlyk – dünýä akyl ýetirmekden ötri dünýäni bir pasyl terk etmekdir. Zahydlyk edip, Mäne baba dünýäniň nähili gözeldigini, adamyň öz ujypsyz ömründe dünýäniň onuň paýyna goýan ähli eşretlerinden haýyr görüp ýaşamalydygyny bilipdir. Eger ol ýedi ýyllap özüni şol ejirlere, horluklara dözmedik bolsady, onda Mäne baba beýik pir hem, üýtgeşik akyldar hem, kämil şahyr hem bolup bilmezdi. Özem biz jebir diýenimizde onuň gören maddy horluklaryny asla göz öňünde tutmaýarys. Ol bu horluklary eşret diýip kabul edipdir. Çünki dünýä manysy ýaly ruhy gymmatlyga dalaş edýän adam bu ýoldaky maddy ýetmezçiligi diňe lezzetiň çeşmesi hökmünde duýupdyr. Teniňi meýletin horluga dözmek ruha eşret beriji zatdyr. Esasy kynçylyk bu ýerde şonça ýyllap ýeke – ýalňyzlykda, adam-garasyz çöllerde gezip bilmekdedir.
Ýalňyzlyk tejribesine meýletin ýüz uranlar türkmeniň has soňraky taryhynda hem bolupdyr. Ine, Magtymgulynyň döwürdeşi Durdy şahyr. Durdy şahyryň üýtgeşik häsiýeti barada halk içinde ençeme rowaýatlar saklanyp galypdyr. Özünden ýaşuly döwürdeşi barada Magtymguly hem şeýle ýazýar:
Çöl ýerde gezer sen ýat edip ili.
Durdy şahyr Gürgen, Etrek sähralarynda aýlap, hatda ýyllap ýeke, ýalňyzlykda özbaşyna gezip ýörmegi, aw awlamagy, ot-çöpleri ýygnamagy gowy görer eken. Diňe setanda-seýranda, maddy hajat ýüze çykanda oba gelip gider eken. Köplenç hem gyş aýlarynda wagtyny obada geçiripdir. Gyş köne türkmen durmuşynda adam aragatnaşyklarynyň ýygjamlaşýan, ruhy hem akyl söhbetleriniň köpelýän döwri bolupdyr. Bize gelip ýeten dürli golýazma kitaplarynyň ýazylan wagtlarynyň, esasan, gyş aýlarydygy täsindir. Şuňa seretseň, türkmeniň ruhy hasylynyň döwri gyş bolupdyr. Ertekidir rowaýatlar, şygyrlardyr dessanlar hem uzak gyş gijeleri diňlenipdir ahyryn.
Türkmende Durdy şahyr, Nyýazguly halypa, Mäne baba ýaly adamlara sähraýy diýilýär. Sähraýylar ýoldaşly – halatly bolarmyş diýip halk ynanypdyr. Olaryň ýalňyzlykda akyl ýetiren zatlaryny-da şol ýoldaşy aýdýandyr diýip, ýönekeý halk hasaplapdyr.
Beýik Serdaryň ýalňyzlyk ruhy tejribesiniň ýokarky ägirtlerden birnäçe tapawudy bar: olar ýalňyzlygyň üstüne baran bolsalar, ýalňyzlygyň özi Beýik Serdaryň üstüne geldi. Ykbal ony ýalňyz önüp-ösmäge, ýalňyzlykda adam bolmaga mejbur etdi.
Iň esasy zat hem Saparmyrat oglanka, ýaş ýetginjekkä türkmeniň bu ruhy tejribesini milletiň öçmejek hakydasy arkaly gaýybana kabul etdi. Munda hakydanyň häzirlikçe düşündirip bolmaýan nesilden-nesle geçiş täsinligi bar. Durmuş, ykbal Saparmyrady ýalňyz goýdy, hut şu ömür aýratynlygy hem nähilidir bir ýollar arkaly Saparmyradyň kalbynda öten welileriň düýpsüz ruhy hem akyl tejribesiniň oýanmagyna şert bolup hyzmat etdi.
Ol ýatmazyndan ozal kitap okaýardy. Okaýan kitaplaram başujunda durdy. Emma bu gün ol kitap tekjesinden Magtymgulyny tapdy, sebäbi özünden gaty gördi. Magtymguludan söýüp, ezizläp ýören şygrynyň iki-üç bendini ýadyndan çykarypdyr...
Ol Magtymgulyny tapyp ýerine geçip, gije çyrasynyň yşygyna kitap okap başlady. Ilki «Ýaşlar bile» goşgusyny tapyp, iki-üç ýola okady. Ol Magtymgulynyň sözi keramat derejesine çenli göterip bilşine mydama haýran galardy, ynha ýene bir jümle onuň beýnisinde ýyldyrym çakan ýaly etdi:
Bikär goýmaý ömür tagty...
Ol, bu setiri ýatdan bilýän bolsa-da, adaty setir hökmünde okap geçip ýörenine gynandy.
Muňa seret-le, «ömür tagty» diýýär.
Haýsydyr bir akyldaryň «Ömür adama berlen beýik peşgeş» diýen jümlesini arzylap ýörüs.
Ömür – tagt! Şalaryň tagtyna berimsiz tagt! Tagt, tylla tagt, ýok, tylladan has eziz tagt! Tylla näme! Ömür tagt! Ýöne ony tagt etmek üçin uýmyş bagty oýandyrmaly! Ýatan, ukuda ýatan bagty oýarmaly. Nädip oýarmaly? «Elbetde, doga kylyp säher wagty!» Dünýäniň dury, tämiz, arassa perişdeleriň ýüzüp, gezip ýören wagty. Öten ata-babalaryň ruhlarynyň howada gaýyp uçup ýören wagty...
Beýik Serdaryň şahyrlyk döredijiligi barasynda, ilkinji nobatda, şuny aýtmalydyrys: onuň döredijiligi şahyr, şygryýet baradaky däp bolan öňki garaýyşlaryň çägine sygmaýar. Bu janly edebi-ruhy hadysa bilen deňeşdirilende ol garaýyşlar dar hem çäkli galyp bolup galýar.
Onlarça ýyllaryň – tas ýarym asyrlyk wagtyň içinde döredilen şygyrlar özüniň çeperçilik kämilligi bilen akylyňy haýran edýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüne biçak talapkär döredijidir. Ol şonça wagtyň dowamynda edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanandygyna garamazdan, eserleriniň hemmesini däl-de, iň kämil şygyrlaryny okyja ýetiripdir. Şonuň üçinem olar mazmunynyň hem görnüşiniň biçak sünnälenendigi bilen tapawutlanýar. Şu iki diwan arkaly awtor özüniň bütinleý täze hem-de kämil şahyrana şahsyýet hökmünde ykrar edilmegini gazandy. Eýsem-de bolsa, şahyrana şahsyýet näme? Gepiň gerdişine görä, şahyrana şahsyýet diýen adalgany görnükli edebiýatçy, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň dolanyşyga girizendigini aýtmak gerek.
Şahyrana şahsyýet – şygryýetde bütinleý täze ýoly açan, öz uslybyny döreden, mazmun bilen formanyň bütinleý täze utgaşygyny gazanyp bilen adamdyr. Ilkinji nobatda, şahyrana şahsyýetiň liriki gahryman düşünjesinden has giňdigini we has uly hadysadygyny aýtmaly. Galyberse-de, şahyrana şahsyýet şahyryň öz durmuşdaky şahsyýetindenem tapawutlanýan hadysadyr. Ol şahyryň öz-özüni edebiýatda şahsyýet hökmünde döretmegidir.
Şahyrana şahsyýet – şahyryň şygryýet meýdanynda şahsyýet bolup döremegidir. Şonuň üçinem ol sap içki hadysa bolan liriki gahrymandan tapawutlanýan edebi hadysadyr.
Şahyrana şahsyýet, birinjiden, subýektiw-serhaly, ikinjiden bolsa, obýektiw-ontologik hadysadyr. Bu hadysanyň birinji jähetine, elbetde, liriki gahryman fenomeni girýär. Onuň ikinji jäheti bolsa şahyryň edebiýatyň obýektiw ösüşinde eden çeperçilik açyşlaryny – forma, uslyp, mazmun we gaýry açyşlary öz içine alýar. Hut şu manyda hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen şygryýetiniň taryhynda täze şahyrana şahsyýet, täze klassyk bolup durýar.
Liriki gahryman, ilkinji nobatda, bitewi serhaly tipdir. Şahyryň tutuş döredijiliginiň kämillik prosesi onuň durmuşdaky şahsyýetiniň kämilleşmegi bilen aýakdaş gidýär. Adamyň ömrüniň dürli etaplarynda şol bir kişiligine galmak bilen bir wagtda barha täze hüý-häsiýete, endiklere eýe bolşy ýaly, şahyryň döredijiliginde hem bir däl-de, birnäçe liriki gahrymanlaryň bolmagy, dürli kitaplarynda täze-täze serhaly mazmunlaryň aýan bolmagy bütinleý tebigy hadysadyr. Biz şu ösüş, özgeriş hadysasyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döredijiliginde hem görýäris. Hatda onuň «Türkmen ilim aman bolsun» kitabyndaky liriki gahryman bilen «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» diwanyndaky liriki gahrymanlaryň arasynda şahyrana ösüş tarapyndan belli-belli tapawutlar bar. Şeýle tapawutlar, elbetde, eserleriň mowzugy, liriki gahrymanyň ünsünde durýan meseleleriň mazmuny bilen kesgitlenilýär. Bu ýerde mowzuk hem-de meseleler şygryýetdäki özboluşly ontologik pursatlar we ýagdaýlar bolup durýar. Edil durmuşdaky dürli ýagdaýlarda şol bir şahsyýetiň dürli, öň aňylmadyk serhaly sypatlarynyň açylyşy ýaly, dürli eserlerde hem liriki gahrymanyň täze we täze «menleri» açylyp gidip otyr. Munuň özi tutuş döredijiligiň bitewüliginde alanyňda, liriki gahrymanyň «menleriniň» birgiden bossanyny döredýär.
«Türkmen ilim aman bolsun» bilen «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» hem liriki gahrymanlar meselesinde degişli ösüş – özgeriş bolup geçipdir. Munuň özi şahyryň beýikligini görkezijisiniň biridir: şahyrana şahsyýetiň ýaşaýşy adatdan daşary güýje, başarnyga eýe. Ol şahsyýet hökmünde örän çalt depginlerde ösmäge, kämilleşmäge ukyplydyr. Bu hili ösüşiň nähili artykmaçlyk manysy bar? Şahyrana şahsyýet ösdükçe, çeper aňyň gurluşy hem çylşyrymlaşýar. Şahyryň eserleriniň giňişlik görnüşleri we çuňluk manylary gitdikçe artýar, onuň dünýäsiniň barha köp taraplary, elwanlygy hem reňbe-reňligi köp açylýar. Şeýdip şygryýet dünýäsi gaýtalanmaz anyklyklara, içki dürli burçly hem aýlawly giňişliklere eýe bolýar. Ýaşamak – ösmek, özgermek, her bir täze pursatda täze manylaryň, öwüşginleriň hem-de jähetleriň tükeniksiz we yzygider aýan bolmagydyr.
Şahyrana şahsyýet – ruhy şahsyýetdir. Ýöne ruhy barlyk şygryýetde özüne mahsus üýtgeşik jähetde açylýar. Ol ruhuň çeper görnüşlerde açylmagydyr. Çeper görnüş-de eýýäm onuň astynda ýatan mazmunyň başga bir hilli däl-de, hut çeper mazmundygyny aňladýar. Diýmek, şahyrana şahsyýet – çeper ruh, çeper aň, çeperçilikde ýaşaýan duýgudyr.
Daşky dünýä bilen aragatnaşyk nukdaýnazaryndan şahyrana şahsyýetiň düýp manysy şahyryň ýaşaýşy şahyranalyk hökmünde aňlaýanlygyndan ybaratdyr. Ol dünýäni şahyrana duýgularyň üsti bilen başdan geçirýär. Duýgular bolsa ruhy-emosional gujur-kuwwatyň ýüze çykmasydyr. Hut şol gujur-kuwwat üçinem biz şahyryň şygyrlaryna maýyl bolýarys. Ol gujur-kuwwat bizi, biziň kalbymyzy, duýgularymyzy iýmitlendirýär. Biz olardan güýç-kuwwat, ruhy badalga alýarys. Şeýdip, bizem şahyr ýaly dünýäniň gözelligini özümiz üçin açýarys, dünýä aşyk bolýarys. Bize şahyryň duýgularyndan ýolugan bu yşk heseri kalbymyzy, ýüregimizi tämizleýär. Biziň ruhy şahsyýet hökmündäki kämilleşmegimize, kalbymyzyň gözelleşmegine sebäp bolýar.
3.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şygryýetiniň esasy hil aýratynlygy şahyranalykdyr. Şonuň bilenem ol özünden öňki nusgawylykdan – Magtymgulynyň döreden edebi mekdebiniň gözellik däplerinden düýpgöter tapawutlanýar. Bu hili aratapawudy anyk duýarlykly göz öňüne getirmek üçin, biz şahyranalyk hakda aýratyn gürrüň etmekçi bolýarys. Şahyranalyk bu ýerde dünýäniň zatlarynda hem hadysalarynda many hem gözellik, kämillik hem-de ahyrky maksatlylygy görmekdir. Bu hili täze gözellik ölçegiň we gymmatlygyň aňyrsynda Magtymgulydan soň türkmen ruhunda bolup geçen dünýewileşiş hadysasy ýatýar. Magtymgulynyň estetikasynda dünýä, ýaşaýyş öz-özlügindäki zat däl-de, ondan has uly bolan başga bir barlygyň – o dünýäniň, ahyretiň nyşany şekilinde suratlandyrylýar. Diýmek, şu dünýädäki ýaşaýyş ahyrky maksat däl-de, ahyrky maksada barýan ýoldaky bir serişdedir. Serişde nyşan şekiline girýär. Magtymguluda dünýä hem ikä, watan hem ikä bölünýär. Biri – wagtlaýyn dünýä, wagtlaýyn watan, beýlekisi bolsa baky dünýä, baky watan. Gymmatlyklaryň şu hili gapma-garşylykly bölünişigi özboluşly gözelligi döredýär. Diňe baky zatlar hakyky gymmatlyga eýe bolup biler, diňe bakylyga gözellik we gözelligiň şygryýetde ýüze çykmasy bolan şahyranalyga eýe bolup biler diýen ýörelge kemala gelýär. Gymmatlyklaryň şu hili ulgamy Magtymguluda çeperçilik, gözellik ähmiýetli mazmunyň başga bir esasy mazmundan – ahlaky hem pelsepewi mazmundan gelip çykýandygyny aňladýar. Magtymgulynyň şahyrlygy şu manyda şertli manydaky şahyrlykdyr: onda şahyrlyk sopulyga we welilige, ulamalyga we akyldarlyga hyzmat ediji, kömekçi akt hökmündäki hadysa bolup durýar. Ol şahyrlygy sopy hem ulama hökmündäki wezipesini ýerine ýetirmek işindäki serişde ornunda aňlaýar. Şonuň üçinem onuň hususyýetinde esasy zat şahyranalyk däl-de, ahlak we akyldyr. Magtymguluda pelsepewi, ahlak we şahyrana aň üçüsi bitewileşdirilmedik derejededir. Şonuň üçinem ol, ilkinji nobatda, akyldar hem ahlakçy, diňe şondan soň şahyrdyr. Onuň goşgulary-da şygyr görnüşinde ýazylan wagyz ýa-da dini-ruhy kämillik ýoluna düşen sopynyň içgepletmeleridir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şygryýetinde ilkinji gezek şahyranalyk aýratyn, özbaşdak ruhy hadysa, esasy gözellik-ruhy gymmatlyk hökmünde öňe çykýar. Onda şahyranalyk bilen pelsepewiligiň mynasybeti düýpgöter üýtgeýär. Onsoň bu ýerde esasy orunda şahyranalyk bolup, pelsepe hut şahyranalygy iýmitlendirýän gözbaşa öwrülýär.
Beýik Serdaryň şahyranalygy şu dünýäniň ahyrky gözellikdigini ykrar etmekden gelip çykýar. Şol sanda dünýäniň içindäki, dünýäniň düzümindäki Watan hem iň esasy gymmatlyk hökmünde ykrar edilýär. Magtymguluda esasy gymmatlyk bolan «imanyň» ornuna bu ýerde «Watan» gymmatlygy gelýär. Şonuň üçinem biz Beýik Serdaryň şygyrlarynda «doga», «seždegäh», «iman» ýaly öňki klassykada diňe özge bir dünýäniň baky gymmatlyklary barada ulanylan düşünjeleriň düýpli dünýewileşip, hut Watan, ýurt, Türkmenistan diýilýän anyk gymmatlyklar babatda ulanylyşyny görýäris.
Diýarym sen, ata-baba mesgenim,
Arka-arka kowmum sende ýatandyr.
Ýaşyl tugum – ar-namysym, messebim,
Dünýäň külli türkmenine Watansyň...
Ir-iýmişiň, otuň-çöpüň dermandyr,
Tenekardyr, derde dowadyr howaň.
Türkmenistan – meniň seždegähimsiň,
Türkmenistan – adyň dilimde dogam.
Pederleriň ruhy – tobagähimdir.
Watan – iň gadymy dini türkmeniň,
Eziz Watan, mydam saňa ybadat.
Türkmen Watan bilen diridir diri,
Şu Watana eýläň mydam ybadat.
Bäş müň ýyl, on müň ýyl, ýüz müň ýyl bäri
Kyssasy – dogadyr, aýdymy – tagat.
Mysal getirilen setirlerdäki «messep», «doga», «seždegäh», «tobagäh», «din», «ybadat», «tagat» ýaly gelip çykyşy boýunça sap dini düşünjeleriň nähili dünýewi gymmatlyklara öwrülýändigine üns berip görüň. Olaryň bary täze ruhy gymmatlyk hökmünde tekrarlanýan «Watan» düşünjesiniň düýpsüz çuňňurlygyny görkezmäge we ruhy esaslylygyny açmaga hyzmat edýärler. Munuň özi Beýik Serdaryň ruhumyzyň ösüşinde amala aşyran gymmatlyk öwrülişigidir. Bu, bir tarapdan, türkmen ruhyýetiniň hem aňyýetiniň öňki edebi-akyl klassykasy bilen deňeşdirilendäki çaksyz ösüşidir. Iş ýüzünde täze milli aňyýetiň kemala gelşiniň anyk görkezijisidir. XVIII – XIX asyrlarda özge milletleriň medeni-akyl, ruhy-edebi kölegesinde ýaşan türkmeniň ol umumylyklardan çykyp, özbaşdak dünýäni duýşunyň hem dünýewi gymmatlyklarynyň kemala gelendiginiň iş ýüzündäki, anyk amalydyr. Bu, beýleki tarapdan, XX asyrda Hudaýdan daşlaşan aňyýetiň ölçeglerinden we jogapkärçiliksiz ateizminden hem arany açmakdyr. Bu hut ata-babalaryň dilinde gürlemek, ýöne olaryňkydan tapawutlanýan täze äheňlerde we owazlarda, täze ruhy jümlelerde gürlemekdir.
Hawa, bary-ýogy birnäçe setirlik mysaldanam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy ösüşimiziň dialektikasyny amala aşyrandygyny görüp bolýar. Ol XVIII – XIX asyrlardaky asmany ruhy gymmatlyklary Zemine düşürdi, Çünki Zeminde täze ruhy daýanç – Watan döredi. Şol bir wagtda-da Ol XX asyryň milli ruhumyza ýat hem-de bikemal çig edebi-şahyrana galyplardan ruhumyzy azat etdi.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiliginde Watan gymmatlygy baky gymmatlyk hökmünde ruhy-emosional taýdan esaslandyryldy. Biziň şygryýet däplerimizde ondan öňem Watan gymmatlygy bardy. Ýöne ol şondan ozal diňe otnositel gymmatlyk ornunda bolupdy. Bakylygyň (absolýutyň) ornuny bolsa Zeminden has üzňe zatlar we düşünjeler tutupdy. Watanyň bakylyga öwrülmegi taryhy durmuşyň özünde Watanyň – Garaşsyz Türkmenistanyň Zemin barlygy bolup döremegi bilen baglanyşyklydy.
Watan Serdaryň şahyrana dünýäsinde bakylyk ölçeginde ýaşaýar. Ol özüniň ruhy-emosional heserlenmelerinde Watanyň gymmatyna we gözelligine akyl ýetirýär. Watan – seždegäh, Watan – ybadat edilýän barlyk. Şahyryň Watan baradaky duýgulary badyhowalykdan daşdadyr, oňa derek watançylyk söýgüsine dabaralylyk, howalalylyk hem-de buýsanç häsiýetlidir. Çünki şahyrana şahsyýet bu gymmatlygy özüniň hususy ruhy tejribesiniň alamaty hökmünde içki ruhunyň ontologiýasyndan getirip çykarýar. Watan haýsydyr bir ýerden howaýy alnan, kimdir birinden öwrenilen, nämedir bir zatdan göçürilen, doglanda öli doglan howaýylyk däl. Ol janly duýgy, janly heserlenme. Ol janly duýgularam şygryýetde öň bolmadyk metaforalar we beýleki çeper aňlatmalarynda öz ýaşaýyş dialektikasyny tapýar. Sebäbi şeýle duýgularyň özi-de öň hiç bir şahyrana şahsyýetde bolmadyk täze-täze duýgulardyr, syzgylardyr.
4.
Beýik Serdaryň şahyrana şahsyýeti milletiň janly hakydasyny özünde göterýär. Hakyda meselesinde şuny aýtmalydyrys: taryhy geçmiş bu ýerde liriki heserlenmä öwrülýär. Asyl tebigaty boýunça büs-bütin adaty bolan taryh şahyranalyga beslenýär. Munuň aňyrsynda bolsa şahyryň Watana bolan gatnaşygynyň aýratynlygy ýatýar: Watan onuň üçin daşarda bir ýerdäki barlyk däl-de, kalbynyň içki alyslygynda ýaşaýan ruhy gymmatlyk. Watana tüýs intim gatnaşyk, intim söýgi kemala gelýär. Magtymguluda Hudaý babatda şeýle intimlik özüni bildirýärdi.
Watan şahyr üçin howaýy düşünje däl. Watan ýürekde – mähirden doly, ýagşylyklara açyk ýürek biygtyýar, nepsiz dörän hem-de paýhasyň tassyknamasyny alan, paýhas çeşmesinden nem alýan duýgy tükeniksizligidir. Bu tükeniksiz duýgynyň ähli jähetleri, ähli anyklyklary goşgularyň anyk mazmunynda barha we barha çuňňur açylýar. «Watan näme?» diýen sowala anyk hem gutarnykly jogap tapylýar. Bu jogap şahyrana aňyň syzgylarydyr, bu jogap şygyrlaryň liriki mazmunynyň şahyrana maddylaşmasy bolan dürli çeperçilik aňlatmalarynda söz – owaz barlygyna öwrülýär.
Watan – uzyn gije kirpigin çalman,
Serhediň sak esgerinden başlanýar.
Daňdan
minarada
şanyna Allaň
Çykýan azan seslerinden başlanýar.
Başlanýar – dünýe deý uly Watanym
Atarman-çaparman hunnlaň kowmundan.
Şahyrana şahsyýetiň ruhy-syzgy gujur-gaýraty taryhy-hususy hakydanyň çeşmesinden gözbaş alýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň liriki gahrymany türkmeniň bütin taryhyny aňynda hem gursagynda göterýän gahryman. Hut şonuň üçinem, onuň Watan baradaky pikirleri anyk maglumatlardan, anyk taryhy wakalara yşaratlardan, taryhy şahsyýetleriň ykballaryndan kemala gelýär. Dogrudanam, onuň öz aýdyşy ýaly, Watanyň ykbaly – öz ykbaly. Watan ruhy-syzgy barlyk hökmünde Serdaryň kalbyýetiniň giňişligi şekilinde şahsyýetleşýär.
Watanyň ykbalyna, taryhyna beletligi, şeýle köp hem uly ruhy gymmatlygy öz kalbyna sygdyryp bilşi okyjydan ýeterlik taýýarlygy talap edýär. Şeýle goşgular, bir tarapdan, lirizmi, intimligi, duýguçyllygy bilen islendik okyjynyň aňyna bada-bat siňip gitjek mazmuna eýedir. Ýöne, beýleki tarapdan, ol mazmundaky taryhy, edebi, durmuşy hem gaýry maglumatlaryň köplügi, gatbar-gatlygy okyjydan goşga düşünmek şerti bolan sowat taýýarlygyny talap edýär. Şu manyda Beýik Serdaryň goşgulary diňe bir emosional däl, eýsem intellektual duýgynyň hadysasydyr. Olarda emosional hem intellektual gujur-gaýrat şahyrana görnüşiň gutujygynda saklanýar. Bu gutujygyň açary-da okyjynyň intellektual we gözellik taýýarlyk derejesidir.
Derýalaryn ýüzüňe syl, gök Taňryň keşbin görendir.
Daglaryny keramat bil, Şibliniň yşkyn görendir.
«Derýa-dag» intellektual-emosional jümlelerinden gözellik, täsirlilik alýan bu ikije setiriň maňzyna ýetmek üçin köp zatlardan habarlylyk talap edilýär. Beýik Serdaryň islendik goşgusynyň islendik setiri babatda şony aýtmak bolar. Diýmek, şahyrana şahsyýetiň aňy juda çylşyrymly gurluşa eýe. Manylylygyň şeýle çäksiz dykyzlygy Magtymguludan bäri hiç bir türkmen şahyrynda jemlenip bilmändi.
Beýik Serdaryň şahyrana şahsyýetiniň iň esasy artykmaçlygy diýip şuny nygtamaly: bu şahyrana şahsyýetiň çuňňur intensional tebigaty bar. «Intensional» adalgasynyň göwrümi hem ähmiýetliligi taýdan özünden has uly nämedir bir zadyň, kimdir biriniň aňy, aňlatmasy bolmak manysy bar. Biziň öňki klassykamyzda sopularyň «hal» ýagdaýyna düşmegi intensionallyk hasaplanypdyr. Şonda sopynyň «meni» wagtlaýyn gaýyba öwrülip, onuň aňynyň giňişligine Allanyň «meni» gelýär hasaplanypdyr. Beýik Nesiminiň «Anal – Hak», «Men – Hak» diýen pelsepesiniň şeýle manysy bardyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana aňynda «Watan» gymmatlygynyň intensionallygy bar. Watan onda janly şahsyýete öwrülýär.
Eger goşgularyň mazmunynda liriki röwüşe giren taryhy hakyda gatbar-gatlaşýan bolsa, olaryň şygryýetinde ýüzlerçe ýyllyk edebi hakyda siňňitlenýär. Bu ýerde Beýik Serdaryň edebi döredijiliginde jemlenen şahyrana arhetipler hakynda gürrüň etmek bolar. Şol arhetipler arkaly, şolaryň dilinde uýgunlaşýandygy üçinem okyjyda şygyrlaryň çeper tagamyndan lezzet almak mümkinçiligi döreýär. Ýene bir gezek ýatlasak, arhetip – ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda edebiýatda müňlerçe gezek gaýta-gaýta ulanylan «asylbaşky» äheňler, tärler we olaryň utgaşygy bolup, ol bir adamyň däl-de, milletiň, adamzadyň aňynyň jümmüşinde ýaşaýar we dürli şahyrlar tarapyndan özboluşly suratda aňyň astyndan üstüne çykarylýar. Arhetipe ýüzlenmek biygtyýarlykda bolup geçýär, özem onuň utuşy şahyryň okyjynyň gözellik tejribesiniň dilinde gürläp bilýänliginden ybaratdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiliginde öňki nusgawy şygryýetimiziň edebi arhetipleriniň köpüsiniň oýanyşyny görüp bilýäris. Edebiýatçylaryň, okyjylaryň bu şahyra klassyk hökmünde garamaklarynyň aňyrsynda hut şol hadysa ýatandyr.
Birinjiden, Beýik Şahyr öz eserlerinde türkmeniň amaly-gepleşik dilinde-de, türkmen edebi dilinde-de soňky iki ýüz ýylyň dowamynda ulanylmadyk ýüzlerçe sözleri gaýtadan edebiýata getirdi. Olary şahyryň islendik goşgusyndan tapmak bolar. Ýatdan çykarylan, ulanyşdan galan sözleriň şygyrlarda uly orun eýelemegi okyjydan emosional tijenişi talap etdi. Şygryýetiň dili baýlaşdy, mazmuny goýazylaşdy, manylaryň hem öwüşginleriň datlylygy, şirinligi artdy. Estetiki aň birhili öňki, asylky edebi-taryhy watanyna gaýdyp baran ýaly boldy. Şygryýetiň suwy azaldy, türkmen agraslygy artdy, şahyryň dür saçýan dili okyjynyň gulagyna ýakymly, ozaldan tanyş äheňleri we owazlary ýetirip başlady. Şahyr XX asyr şygryýetiň gazananlaryny dialektiki inkär edip, XVIII asyryň mysalyndaky kämillige eýýäm täze ýol bilen geldi. Munuň özi lirikanyň haýsydyr bir edebi žanrlygyndan ýene-de uly sungata öwrülendiginiň subutnamasydyr. Bizde lirika XX asyrda kiçelip, edebiýatyň bir žanryna öwrülipdi. Ondan öň bolsa ol özbaşdak, aýratyn sungat bolupdy. Lirikanyň žanr derejesine çenli kiçiligi onuň çeper aňyň mazmunyny aňlatmakdaky ornunyň, özbaşdak örüsiniň daralmagy sebäpli bolup geçipdi. Geçen asyrda medeni köklerden daşlaşmak, nusgawy lirikanyň ähli ulanylan hem ulanylmadyk mümkinçilikleri bilen geçmişde goýlup gaýdylmagy netijesinde täze, dar dünýäli lirika döredi. Onuň öz kesgitlije durnukly görnüşleri, kesgitlije – bir ugurlaýyn dili kemala geldi. Sungat derejesindäki lirikanyň ýerine ýetiren wezipeleri kyssanyň, teatryň, kinonyň we ş.m.-leriň arasynda terekä salnan mal ýaly paýlaşyldy. Hut şonuň üçinem, XX asyrda her hili liriki mazmun, Magtymguly ýaly läheňler döremedi. Munuňam sebäbi, lirikanyň düýpli dünýägaraýyş-pelsepewi esasdan mahrum bolmagy. Şeýle esas söz sungaty bolan lirika çeper ýaýbaňlylyk, ruhy umumylyk tebigatyny berýärdi. Ozal aňyrsy görünmez toplum bolan lirika ykjamja işleýän ussahana öwrüldi. Lirika çuňlugyny saklap galdy, ýöne giňligini ýitirdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz döredijiligi arkaly lirikamyza asylbaşky tutumlylygy, lirikanyň hakykaty, barlygy hemmetaraplaýyn gaplap almak ukybyny gaýtaryp getirdi. Munuň aýdyň amaly ýüze çykmasy hem onuň şahyrana şahsyýetiniň çeper aň umumylygy we şygyrlarynyň täze dile eýe bolmagy boldy. Ol dil diňe sap liriki däl, eýsem gaýry çeper mazmuny-da beýan etmäge ukyply dildir. Şeýle köp sanly unudylan sözleriň şygryýete gaýdyp gelmegi gürrüňsiz, onuň hiline täsir etdi. Lirikanyň mazmun aňladyş başarnyklary ýene giňeldi.
Publisistika