ADAMKÄRÇILIK ŞAHSYÝETI
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitewi şahsyýetiniň iň görnükli hem-de aýdyň ýüze çykýan gyraňynyň biri adamkärçilik şahsyýetidir. Adamkärçilik diýilýän düşünjäniň özi onuň beýik şahsyýetiniň iň göze gelüwli hem-de şuglaly tarapyny oňat we dolulygyna häsiýetlendirýär. Şu tarapdan, biziň Beýik Serdarymyzda adama mahsus bolan iň ajaýyp sypatlar jemlenendir.
Aslynda adamkärçilik ahlaky däl-de, ynsanperwerlik düşünjesidir. Biz ýokarda ahlagyň islendik adam şahsyna muwapyk bolan gylyk-häsiýetleriň özboluşly jemidigi hakynda aýdypdyk. Gylyk-häsiýetler bolsa oňyn manyda-da, tersin manyda-da kesgitlenilip bilner. Diýmek, ahlak diýlende, şahsyň ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan bahalandyrylmaýan tebigy hususyýeti göz öňünde tutulýar. Mundan tapawutlylykda, adamkärçilik ruhy-etiki gymmatlyklaryň ýüze çykmasy hökmünde teswir edilýär. Islendik sözüň dürli jähetlerde, dürli manylarda ulanylýandygyny biz bilýäris. Sözüň aslynda şol bir sözdügine garamazdan, ulanylyş dowamatynda, ulanylýan kontekstine, berilýän äheňine görä, onuň dürli-dürli many, hatda biri-birine gapma-garşy many ýaşaýşyna eýe bolýandygy häsiýetlidir. Şeýle many ykbaly, şeýle aýratynlyk adam diýen söze-de degişlidir. «Adamkärçilik» sözi adam düşünjesiniň aýratyn bahalandyryş manysyndan gözbaş alýar. Hususanam, munda adamyň iň ajaýyp hem asylly sypatlaryň eýesi bolan oňyn şahsdygyny göz öňünde tutýar. «Adam» sözüniň adaty – tebigy, durmuşy manysyndan däl-de, howaly-ruhy many öwüşgininden hem-de äheňinden ugur alnyp, adamkärçilik düşünjesi kemala getirilipdir.
Şonuň üçinem biz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adamkärçilik şahsyýeti diýenimizde, onuň hulkuny – geni, psihiki – tebigy özboluşlylygyny aňlamaýarys. Tebigat tarapyndan berilýän hulkdan tapawutlylykda, adamkärçilik sypatlaryny şahsyýetiň özi kemala getirýär, özi aňly-düşünjeli terbiýeleýär. Elbetde, hulk bilen gürrüňsiz içki arabaglanyşykda bolsa-da, adamkärçilik şahsyýetiň aňly erkiniň içindäki zat hökmünde ahlakdan parh edýär. Oňlanyljak ýa-da oňlanylmajak zandynyň bolmagy adama bagly däldir, emma adamkärçilikli ýa adamkärçiliksiz bolmak onuň erkiniň meselesidir. Hut şu ýerde-de erk azatlygy höküm sürýän giňişlik bolan adamzat jemgyýetiniň ýaşaýjysy hökmündäki artykmaçlyklary aýan bolýar. Ýasaw berilýär, adamkärçilik edinilýär. Biziň her birimiz adamzat bolup dogulýarys, adam bolmak bolsa şondan soňky işdir.
Şu hakykata oňat düşünen ata-babalarymyz edep-terbiýe diýlen zady oýlap tapypdyrlar. Adamzat bolup dogulmak işiň deslapky başlangyjydyr. Adam bolmak, adamkärçilik edinmek durmuşyň ahwalatlarynyň içinde we adamyň öz erki bilen amala aşyrylýar.
Ahlak – hulk Allanyň sungatydyr, adamkärçilik bolsa adamyň sungatydyr.
Adamkärçilik adamyň öz-özüni bina etmeginiň, öz-özüni amala aşyrmagynyň sungatydyr.
Ata-babalarymyz islendik şahsyýetiň iň esasy gymmatyny-da adam ömrüniň şol baş hem esasy işi bolan wezipäni amal edip bilşine görä kesgitläpdirler. Bu wezipe Allanyň beýik adalatyna, öz ýaradan adamzadyna beren bimöçber azatlygyna şaýatlyk edýär.
Özüni adam hökmünde kemala getirmek belli bir manyda Allanyň başlan işini dowam etdirmek, soňuna çenli ýetirmekdir.
Adamkärçilik adam bolmak sungatydyr.
Öz adamkärçilik şahsyýetiňe biperwaý garamak, adamkärçilik diýilýäni äsgermezlik etmek bolsa Allanyň bize beren iň esasy hukugyndan we özümize bagyş eden beýik sungatyndan meýletin ýüz döndermekdir.
Adamzat jemgyýetiniň nukdaýnazaryndan seredilende, adamkärçilik adamlar arasynda ýaşamak ukyby bolup göz öňüne gelýär. Şahsyýetiň jemgyýetde kabul edilen adamkärçilik kadalaryny goldanmagy we berjaý etmegi onuň üstünlikli ýaşaýşyny kepil edýär. Milletiň bütin taryhynda işlenip düzülen adamkärçilik kadalary, edep-terbiýe mekdebi, milli däp-dessurlar özboluşly adamkärçilik hazynasy bolup durýar. Her bir milletiň esasy şahsyýet tipleri-de şol goruň esasynda kemala gelýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adamkärçilik şahsyýeti-de biziň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň esasynda kemala gelen beýik şahsyýetdir. Emma bu şahsyýetiň taryhy-ruhy, medeni esaslary türkmeniň müňlerçe ýyllyk ruhy hazynasy bolsa, şeýle esasy öz şahsyýetiniň amaly hadysasyna öwren bu Beýik Şahsyýetiň öz hususy erki, adamkärçilikde kämillige ýetmäge bolan şahsy meýlidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adamkärçilik şahsyýetinde türkmen milletiniň apalap gelen iň ajaýyp adamkärçilik sypatlary jemlenýär. Degişli adamkärçilik sypatlary hakynda birme-bir gürrüň etmek gerek. Bu sypatlaryň birnäçesi köne türkmen edebiýatynda we pelsepesinde patyşaga mahsus hökmany häsiýetler hökmünde teswirlenen bolsa, birnäçesi hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti arkaly biziň taryhy durmuşymyzyň hadysasyna öwrülen sypatlardyr. Şu maglumatda hem onuň milli ruhy aň-düşünjämizi baýlaşdyrmakdaky we giňeltmekdäki hyzmatlaryny görüp bolýar. Şeýle özgerişiň, täzeligiň taryhy esaslary barasynda biz degişli ýerinde aýdyp geçeris.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bada-bat, bir göreniňde eýýäm göze ilýän adamkärçilik sypaty onuň nuranalygydyr. Hawa, nuranalyk hut ruhy, ýagny adamkärçilik bilen baglanyşykly sypatdyr. Nuranalyga ýeterlik däl düşünilişde, ol daşky alamat, daşky sypat hökmünde aňlanylyp bilner. Emma bu möhüm ruhy düşünjäniň düýp manysyndan uç alyp gaýtsaň, nuranalygyň daşky däl-de, içki sypatdygyna, adama taýýar görnüşinde berilmän, şahsyýetiň özi tarapyndan kemala getirilýän gymmatlykdygyna göz ýetirip bolýar. Ýöne ilki bilen bu sypatyň adamyň daşky alamatlary bilen baglanyşdyrylýandygynyň sebäplerine seredip geçeliň. Munuň sebäbi, aslynda nuranalygyň beýleki ruhy sypatlardan tapawutlylykda adamyň pikirleri, gep-sözi hem-de hereketlerinden däl-de, daşky ýüz keşbindendir öýdülýänligindedir. Şeýle düşünilende, nuranalyk görk-görmek bilen bir zatdyr öýdülýär. Emma bu ikisiniň arasynda gönüden-göni biri bolmasa, beýlekisi bolup bilmez diýen arabaglanyşyk ýokdur. Daşky owadanlyk bimanylyk hem bolup görnüp biler. Nuranalyk bolsa şahsyýetiň içki ruhy manysynyň bütin dolulygynda onuň jemalyna, ýüzüne çykmagydyr. «Nur» türkmen düşünjesinde ýöne bir söz däl-de, iň esasy ruhy gymmatlyklaryň biridir. Bizde «nuruň» biri-birinden tapawutlanýan iki sany gymmatlyk manysy bar.
Birinjiden, nur öz-özünden, içiňden şugla saçmak, daşaryňa ýagty salmak, tümlügi hem nämälimligi kowmak diýmekdir. Fiziki-tebigy nur diýip Gün şuglasyny, ruhy-metafiziki nur diýip Allanyň tejellisine hem-de imana düşünýäris. Ikinjiden bolsa, nuruň Hudaýyň bereketi manysy bardyr. Biz türkmenlerde gar-ýagmyra nur diýilýär. Fiziki manydaky nur hem-de bereket, maddy ýaşaýşyň asmandan gelýän iki sany esasy çeşmesidir. Gün hem-de gar-ýagmyr topraga siňip, onuň janly-jandar, şol sanda adam üçin rysgal-nygmaty öndürmegine şert döredýärler. Şu esasda döredilen ruhy nuruň hem-de bereketiň türkmençe düşünilişi mukaddes «Awestadan» gaýdýar. Onda külli ýaşaýşy döreden nur Hudaýy Ahuramazdanyň waspy edilýär. Yslam ornaşandan soň bolsa, ruhuň ynsan jemaly bilen baglanyşygy Ýusup pygamber baradaky rowaýatlarda beýan bolupdyr. Belli bolşy ýaly, Müsürde ýedi ýyl açlyk düşende, ilat alty aýlap Ýusubyň ýüzüniň nury bilen doýup, gün görüpdir. Şeýle-de, Muhammediň nury bilen baglanyşykly jümleler biziň dilimizde hemişelik ýaşamak hukugyna eýe bolup bilipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň jemalynyň nuranalygyny türkmeniň gözellik we adamkärçilik hakydasynyň ýokarky tejribeleri üzre teswirlemek dogry bolar. Nuranalyk pygamberleriň hem-de adyl şalaryň ilkinji sypatydyr. Pygamberiň nuranalygy Hudaý tarapyn gursaga guýlan imandan, şalaryň nuranalygy ýüregindäki adalatdan gözbaş alýar. Nuranalygyň çeşmesi ýürekdir, ýürek bolsa ruhuň mekanydyr. Adamlary, ýönekeý halky Beýik Serdaryň jemalynyň nuranalygynyň özüne bada-bat çekýänliginiň aňyrsynda hut şol ruhy hakykat ýatýar. Onuň nuranalygy ýüreginde her bir ynsana we tutuş milletine çaýýan ruhy söýgüsiniň ýüze çykmagydyr. Çünki islendik güýç-kuwwat ýaly, bu mähir-muhabbetiň, nuranalygyň hem öz çeşmesi bardyr. Beýik Türkmenbaşyny ilkinji gezek gören kişiler, ilki bilen, onuň nuranalygyny hem-de nazarkerdeligini belleýärler. Bu nuranalykda düşündirip bolmaýan güýç hem-de täsir bar. Nazarkerde adam Hudaýyň mähri siňen adamdyr. Beýik Türkmenbaşy Allanyň özüne siňen mährini nuranalyk arkaly öz milletine bagyş edýär. Şonuň üçinem onuň jemaly gözlerimize şeýle yssy görünýär, biziň ýüreklerimize-de üýtgeşik gujur hem tap berýär.
Ten gözleri bilen seredeniňde, nuruň reňki akdyr. Türkmeniň gözi bilen garanyňda, ýagyş-ýagmyryň-da reňki akdyr. Beýik Serdarymyzyň tüýs türkmen, ýagny bugdaýreňk ýüzi bar. Gaty gadymdan gelýän «bugdaýreňk» aňlatmasynyň köpimiz üçin manysynyň öçügsileşendigi sebäpli, bu hakda tykyramagy zerur hasaplaýarys. Bugdaýreňk diýlende, ençeme kişiniň melemtil-gyzyl dänäniň reňkini göz öňüne getirýändigini çaklamak kyn däl. Emma ol aňlatma bize soň gelen bugdaý däl, türkmeniň milli ak bugdaýy bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, gürrüň aslynda çala gyzyl-bägül öwüşgini bolan ak reňk hakynda gidýär. Nurana adamyň ýüz-keşbi babatynda ata-babalarymyz başga bir reňk aňladyjyny – «guba» sözüni hem ulanypdyrlar. Şol manyda guba gaz, guba juwan, guba keýik diýlip, ol hem bugdaýreňke ýakyndyr.
Emma sözlerimiziň many aňladyjylygyna has çuňňur – gymmatlyklaryň ulgamlylygy tarapdan seredeniňde, ak reňkiň diňe fiziki däl, eýsem ruhy manysynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen birine alkyş okanda «Ýüzüň ak bolsun» ýa-da kämahal «Ýüzüň ýagty bolsun» diýip aýdýar. Beýle dileg imanly bol, ýagny Allanyň nazarynda bol diýmekdir. Şu ýerden hem nuranalygyň aslynda Allatagalanyň mähriniň düşmegindendigini görüp galýarys.
Her bir adamyň Alla tarapyn ýaradylýandygy üçin, asylbaşda her kim nuranalyga eýedir. Uly adamyň mährini özüne çekmeýän, ýüzi nurly bolmadyk çaga ýokdur. Hut çaga meselesinde hem biz nuruň ak reňk bilen baglanyşygyna ýene bir gezek göz ýetirip bilýäris. Türkmende şeýle ynanç bar: çagalygynda ýogalanlar dünýäde jennetiň ak guşuna öwrülýärmiş. Diýmek, bu gyýtaklaýyn baglanyşykdan mantyk netije çykarsak, çagalygyň ruhy reňki-de akdyr. Çagalyk – aklyk, arassalyk, çagalyk – nurlulykdyr. Emma bu ilkibaşky, Ýaradan nury. Adam ulaldygyça, durmuşa, onuň başga-başga kanunlar boýunça ýaşaýan hakykatyna gadam basýar. Munuň özi belli bir manyda Alladan daşlaşmak, dünýä ýüz urmakdyr. Şol sebäpdenem adamyň ýüzünden Ýaradanyň başda beren aklygy – nury ýiteňkirleýär. Ýöne bu ähli adamlar babatda hakykat däldir. Allanyň beren nur-şuglasynyň çeşmesi gutaraňkyrlanda, adam öz erki bilen ruhy nuruň ikinji bir çeşmesini – adamkärçiligi edinip bilende, onuň ýüzüniň nury ömri ötinçä öçmez. Gaýta, gitdikçe ýalkym saçar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Hudaýyň nazary düşen, halkynyň mähir-muhabbeti siňen, öz içki ruhy päkligi bimöçber bolan adamdygy hakdyr. Şu üç çeşmeden gözbaş alýandygy üçinem onuň nuranalygy-da bir däl-de, üç essedir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nuranalyk sypaty hakynda gürrüň edilende, Mukaddes Ruhnamada ruhy nur barada aýdylanlardan sowa geçip bolmaz. Çünki bu Beýik Serdaryň öz ruhy şahsyýetine düşünmäge kömek eder. Nur barada bolsa, Mukaddes Ruhnamada juda möhüm hem-de düýpli pikirler orta atylýar. Olaryň käbirlerine ýüzlenip göreliň: «Beýik Taňry türkmene KÖPELGIÇLIK berdi. Ol köpelip, örňäp gitdi. Taňry oňa iki sany häsiýet berdi: RUHUBELENTLIK we GAÝDUWSYZLYK. Ýagtylgyç berende bolsa, onuň Köňlüne hem Aňyna Paýhas Çyragyny guýdy. Şundan soň öz bendelerine umumy at dakdy: TÜRK IMAN (türk – asyl, iman – nur). TÜRK IMAN – TÜRKMEN şeýle many aňladýar: Asly nurdan. Türkmen dünýäde şeýdip döredi» (10 sah.). «Türk imanlaryň (türkmenleriň) ýüzi Beýik Taňrynyň nurundan dörän. Şonuň üçin Beýik Taňrynyň nur çyrasy – Kunuň (Günüň) şöhlesi düşüp durmalydyr. Çagaňyzyň we aýalyňyzyň ýüzüne urmaň» diýip, Nuh pygamberimiz wesýet edýärdi» (10 sah.). «Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň. Gyz-gelniň göwnüni ýykan türk iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaňyz, göwnüne ýetiň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýüzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümerretden zyýatdyr. Beýik Taňrynyň ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglandyrýandyr. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer» diýip, Nuh pygamber wesýet edýärdi (12 sah.).
Görnüşi ýaly, öz mähriban halkynyň ruhy aslyýetinde hem-de ruhy keşbinde nuranalygyň esas tutujy bir aýratynlyk bolandygyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada beýan edipdir. Bu pikirleriň bary onuň öz şahsyýeti bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Nuranalygy, ilki bilen, öz ruhy keşbinde aňlan adam şu hili ruhy açyşlara ýetip biler. Mukaddes Ruhnamanyň baş taryhy maksady-da soňky birnäçe ýüz ýylyň içinde özüniň aslyýetinden – nuranalykdan biraz daşlaşan milleti öňki kaddy-halyna gaýtaryp getirmekden ybaratdyr. Bu wezipäni diňe özünde şol gymmatlygy bütin dolulygynda we asylbaşkylygynda saklap bilen şahsyýet amala aşyryp bilýär.
Türkmende adamyň nuranalygyny kemal edýän daşky ýüz-keşp aýratynlyklary baradaky durnukly we esasly pikirler bar. Şol ölçegleriň tarapyndan seretseň, Beýik Serdaryň ýüz-keşbiniň oňa doly laýyk gelýändigini görýärsiň. Ol bugdaýreňk hem gülüp duran ýüzli, giň maňlaýly, ähli synasy ýerbe-ýer, röwşen gözli, tegelekden gelen at ýüzli diýilýän adam. Synalarynyň ýerbe-ýerligi, sazlaşygy hem-de peşeneliligi ýürekdäki mähir-muhabbetiň daşyna çykmagyny üpjün edýär.
Beýik Serdaryň ýüzüniň nurana bolmagy halkyň oňa imrinmegine we uly ynam bildirmegine köp derejede täsir edýär. Sebäbi türkmen halkynda gadymdan gelýän şeýle bir ynanç bar, şol ynanja görä, patyşanyň ýüzi nurana bolsa, onda bu halka bagt, döwlet, rysgal ýagjakdygyny aňladýar. Eger-de patyşanyň synasy şikesli bolsa, onda bu halkyň uruş, gabahatlyk ýaly bela-beterlere uçrajakdygyny alamatlandyrýar. Eger patyşanyň maňlaýy gara hally bolsa, ol il-güne horluk, betbagtlyk, açlyk, kynçylyk getirjekdigini aňladýar. SSSR-iň ilkinji Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçewyň maňlaýyndaky gara haly gören türkmen ýaşululary heniz ol ýaňy döwlet başyna geçen döwürleri: «Bu patyşa döwleti ýykaýmasa biridir» diýip howpurgandylar. M.Gorbaçewiň SSSR-iň iň soňky prezidenti bolmagy türkmen ýaşulularynyň yryma eýerip, düşen howsalalarynyň ýöne ýere däldigini wagt görkezdi. Türkmen halky Beýik Serdaryň ýüzüniň nuranalygyny gadymy türkmen ynanjy boýunça ýorup hem ýalňyşmadylar. Beýik Serdaryň ýüzüniň nuranalygy halkyň kalbyna nur bolup, ruhubelentlik bolup çaýyldy.
Beýik Serdar Gypjakda ýaşaýarka egbarlan bir gojanyň halyndan habar almaga barýar. Saparmyrat baransoň goja garysyna galýar. Hal-ahwal soraşýarlar. Gepden-gep açylyp, goja öten-geçenleri gürrüň berýär. Saparmyrat gojanyň häsini berýär, açylyp ýazylyp-ýaýrap gürrüň bermegi üçin ugurdaş gopýar. Gowy dinleýjä suwsap oturan goja heziller edýär. Elbetde, gowy diňleýji bolmagam, gürrüňdeş bolmagam aňsat däl. Iki tarapdan ýürekdeşlik bolmasa, birek-biregiň gürrüňini iki tarap magnit deýin özüne çekmese, gürrüň gyzmaýar. Saparmyrat bolsa gojanyň gürrüňlerini diňe bir baş atyp diňlemek bilen çäklenmän, gojany hyjuwlandyrýan gürrüňleri ýaňzydyp goýberýär.
Iki sagada çeken gürrüňdeşlikden soň Saparmyrat goja bilen hoşlaşyp gaýtmakçy bolupdyr. Şonda goja Saparmyrady saklap:
– Saparmyrat jan, seniň bilen gümür-ýamyr edip süňňüm ýeňledi. Sen näme ýumuş bilen gelen bolsaň, çekinmän göni aýt. Seniň ýumşuňy men aňrujy bitirjek bolaryn – diýipdir.
– Işan aga, meniň hiç hili haýyşym ýok size. Halyňyzdan habar alaýaýyn diýip geldim.
Goja biçak geň galypdyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli Saparmyrady alkyşlapdyr, oturan-turan ýerinde Saparmyradyň halyndan habar almaga barşyny gürrüň beripdir.
– Adam hoş söze mätäç. Başy ýassyga ýetende adam hoş söze iki esse mätäç – diýip, Işan aga aýdypdyr.
Adam hakda alada Beýik Serdar üçin aladalaryň seresi. Ol gatnaşyk edýän adamlarynyň hal-ahwaly, maşgala ýagdaýy bilen yzygiderli gyzyklanyp geldi, häzir hem adamlaryň hal-ahwallaryny ünsden düşürmeýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ikinji bir adamkärçilik sypaty – mähirliligi, mähremligi hem-de mähribanlygydyr. Mähirlilik nuranalygyň sap ruhy jähetidir. Beýik Serdaryň mähremligi onuň ýüz-keşbinden başga-da sözlerinde hem hereketlerinde aýan bolýar. Adamlar bilen ikiçäk özara gürrüňdeşlikde onuň mylakatly sözleri gürrüňdeşini bendi edýär. Onuň mähirli, mylaýym hem-de hoş sözüni gysganmaýandygyny, adamyň hatda hiç mahal özüniňem aňlamaýan oňat taraplaryny bada görüp, nygtap bilýändigini, hoşamaýlyk hem-de mähribanlyk edip bilýändigini bellemek gerek. Geplände hoş owaz bilen, ýakymly äheňde, gürrüňiň mowzugyna hem-de häsiýetine laýyk gelýän hörpde gepleýär. Hiç mahal gödeňsilik etmeýär, hatda gürrüňdeşiniň pikirini ýa sözüni makullamadyk halatynda hem, muny sypaýylyk hem-de aýlawlylyk bilen aýan edýär. Gürrüňdeşini gyssamaýar, aljyratmaýar, onuň ejiz hem-de kemter taraplary ýüze çykan, duýulan halatynda, muňa ýürekden gynanýar, muny duýmadyksyrap, ol adamyň özi aňlaýança, kemçiligi ýüzüne basyp durmaýar. Beýik Serdaryň şeýle mähirliligi hemişe oňyn netije berýär: gürrüňdeşi şol mähribanlyk üzre özüniň kemter tarapyny görüp bilýär. Ol hiç mahal sesini gataltmaýar, sesine bat bermeýär. Gürrüňdeşiniň aýbyna göhi gelmek, ejizligini nygtamak, üstünden gülmek, kinaýa-ýaňsy etmek, öz akyl-paýhas ýa başga bir artykmaçlygyndan peýdalanyp, ony masgaralamak mähriban Serdaryň şahsyýetine mahsus däldir.
Ýurduň Baştutany hökmünde milletiniň öňüne çykanda, ol öz sözleri bilen bütin mähir-muhabbetini aýan edýär. Onuň ýazan kitaplaryny alyp okap görüň. Siz ýazaryň keşbinde juda mylakatly, mährem, adamlara bolan söýgüsi joşup duran, päk hem hoşniýetli ynsany görersiňiz. Öz halkyna bolan buýsançly söýgüsi, ylaýta-da, «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» diwanynyň ilkinji goşgusynda çuňňurlygynda hem asylbaşky päkliginde açylypdyr:
Islegim kän, wah, bolsady diýenim -
Siziň her biriňe şa tagtyn berjek!
Daragt deý depämde gül-çeçek eýläp,
Allahyň ýanyna –
Arşa göterjek!
Munuň özi Şa Şahyryň öz kalbyny açmagy, halkyna söýgi bilen ýüzlenmegidir. Ol bütin milletiň öňünde ýüregini açýar. Ol ýürekde bolsa mähir deňzi, muhabbet derýasy möwç urýar.
Ýaşlar, juwan ýaşlar, men sizi söýýän,
Ýaşaýşyň tugy siz,
Ýagşa ýarsyňyz.
Ylahymdan gelýän çeşme-çaý deýin
Meniň gursagyma akyp dursuňyz...
Ýalňyz aladam siz, eziz türkmenim,
Işde hem,
öýde hem otyrkam tenha,
Ähliňi bagryma basasym gelýä,
Gujagma sygdyryp bilemok,
emma...
Nurana türkmenim, men sizi söýýän!
Ýüregme sygdyrdym ezizläp sizi!
...Ähliňi gursagma sygdyrýan,
arman,
Sygdyryp bilemok gujagma sizi!
Türkmen dilinde muňa ýüregiňi açmak diýilýär. Diňe adamlary bimöçber söýýän adam şeýdip öz ýüregini açyp bilýär. Ýürek kir-kimirsizligi okyjyny şeýle mähirli sözlere magnit ýaly çekýär. Bu ajaýyp şygryň gudratlylygy, täsiri şundan gelip çykýar: Şa Şahyr öz kalbyny göýä zyýarathana kimin, mukaddes ýer kimin giňden açýar. Ol öz muhabbetli ýüregini bir şuglaly göwher edip halkynyň öňünde goýýar. Eýsem adamyň millete bagyşlap biljek mundan gymmatly ruhy närsesi bolup bilermi?! Sözleriniň ýürekden çykýanlygy, sözleriň hakykylygy okyjynyň duýgularyna güýçli täsir edýär, onuň kalbynyňam owadanlaşmagyna, gözelleşmegine sebäp bolýar. Öz halky bilen şeýle mähir-muhabbetli gatnaşyk Serdaryň belent adamkärçilik sypatyndan gözbaş alyp gaýdýar. Hoş sözler hoş duýgulardan, hoşamaýlyk, hoşgylaw ýürekden gaýdýandyr. Adamyň duýgularyny bendi edýän sözler ýürekden çykýar. Munda çala gümürtiklik, sähel galplyk bolsa, adamyň süňňi syzýar. Her bir okyjynyň, her bir türkmeniň Beýik Serdaryň sözüne maýyl bolýanlygy onuň ýürek duýgularynyň päkligindendir.
Özüniň tebigaty boýunça şeýle hylwaty, inçe duýgularyň gürrüňi edilýärkä, bir zada aýratyn ünsi çekesimiz gelýär: elbetde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem biziň her birimiz ýaly tebigy agyryly, kämahal gussaly janly durmuşda ýaşaýar. Şonuň üçin käbir ýaramaz wakadyr ýa hadysa onuňam ýüreginde tersin duýgynyň, täsiriň döremegine sebäp bolýandyr. Ýöne siz hiç mahal onuň sözlerinde, eserlerinde şol tersin täsirleriň orun alýandygyny görüp bilmersiňiz.
Hut şunda-da onuň beýik adamkärçiligi aýan bolýar: halka, adamlara bolan söýgüsi durmuşyň ýetirýän ters duýgularyny basmaga, ýok etmäge, ýaramaz täsirleri beýik erk arkaly oňyn duýgulara öwrüp goýbermäge oňa itergi hem mümkinçilik berýär. Adamy söýmek ukyby, başarnygy-da şunda ahyryn. Hemişe gülala-güllük, şady-horram ýaşaýyşdaky adama, ýürekden çykmasa-da, kiçi dilden bärde oňatja sözleri aýtmak kyn düşmese-de, düşmez. Çünki bu hakyky söýginiň däl-de, şady-horramlygyň, keýpiçaglygyň netijesi bolardy. Biz giden ýurduň keşgini çekip oturan Prezidentiň günde-günaşa nähili böwetler bilen çaknyşýandygyny, ýüreginde aladanyň ýeterlikdigini diňe daşyndanam aňlap bileris. Munuň özi tebigy zatdyr. Şonda-da milletiň öňüne çykanda, onuň dilinden şeker-bal hem-de dür dökülýär.
Beýik Serdaryň mähirliligi onuň ýylgyryp duran ýüzünden belli bolýar. Işde-de, dabaralarda-da, beýleki özara söhbetdeşlikde-de ol hemişe ýylgyryp adamlaryň ýüzüne bakýar. Yssy ýylgyryş onuň keşbiniň esasy görnüşidir. Döwlet maslahatlarynda möhüm meseleler çözülende, bu ýylgyryş agraslyk hem-de salyhatlylyk bilen, dabaralardyr toýlarda bolsa keýpiçaglyk bilen utgaşýar. Diýmek, onuň mylaýym ýylgyrmasy dürli öwüşginlere, dürli manylara, terzlere eýe bolýar, ýöne weli onuň hemişe ýylgyryp duran ýüzüniň bardygy aýandyr. Ýylgyrmak – ýüzüň, kalbyň açyklygy. Bu türkmen sözi özüniň dürli many öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Göwnümize bolmasa, käbirimiz şol manylaryň diňe aýry-aýrylaryny aňlap, has inçe içginliklerinden daşda durýarys. Ýylgyrmak diýlende, kämahal diňe gülkä meňzeş bir keýpiçaglyga düşünýänler bar. Emma ýylgyryş has manyly hem-de has hemişelik zatdyr. Ýylgyrmak Beýik Türkmenbaşynyň keýpiniň aýry-aýry pursaty däl-de, ruhunyň hemişelik sagdyn halatydyr. Şahsyýetiň ýürek mähriniň açyklygy, adamlar bilen mähir-muhabbetli gatnaşyga hemişe taýýarlygy manysyndaky ýylgyryş hatda Ýatlama, Hatyra günlerinde-de onuň ýüzünden ýitip gitmän, diňe agras gussa bilen sazlaşyp gidýändigini görse bolýar. Elbetde, şonda ol ýylgyryşyň manysy başgaçadyr. Ýylgyryş ýöne bir agzyň göze görnüp duran hereketi däl-de, eýsem peşeneli ýüzüň, açyk hem giň maňlaýyň we nurly hem manyly gözleriň ruhy goýazylygydyr. Beýik Serdaryň Mukaddes Ruhnamada ýazan: «Bägül içinden açylýandyr, sen hem bägül deýin içiňden gül-gunça bolup açyl! Ýylgyryş – mähremligiň nyşanydyr... Ýylgyryş – adamyň ruhy ýüzüdir... Adama ýylgyryp bilmegi, gülüp bilmegi Allatagala bagyş edendir... Ýylgyryş söýgüdir, mähirdir... Ýylgyryň, ýylgyryş – ynsan dünýäsiniň gapysydyr... Ylahy gudratlara diňe ýylgyryş bilen baryp bolar» diýen çuňňur pähimleri, ilkinji nobatda, onuň öz şahsy tejribesidir. Ýaşamak sungatyny kemsiz ele alan Beýik Serdar öz pähimleri arkaly ony özgelere öwredýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny hatda uzakdan synlaýan adamlaram onuň gaty hamrak adamdygyna göz ýetiren bolsalar gerek. Onda sözüň hakyky manysynda çaga göwni, çaga hamraklygy bar. Ýetimlikde önüp-ösen adam bolansoň, ýukaýüreklik onuň baky hemrasy bolup galypdyr. Bu Beýik Ynsanyň çagalara aýratyn söýgi, hamraklyk bildirýändigi hemmelere mälimdir. Nirä barsa-da, nähili dabaralara gatnaşsa-da, ol, ilki bilen, ýüzi-gözi gülüp duran çagajyklaryň ýanynda eglenýär. Çagajyklaryň aýdyp berýän goşgulary onuň göwnüni dokundyrýar, ruhuny göterýär. Şeýle pursatlarda Beýik Serdaryň aýratyn bir ruhy ahwalatda bolýandygy görünýär. Ol başga bir, juda tämiz hem enaýy dünýädäki adam bolýar. Çagalaryň sesleri oňa üýtgeşik melhemli täsir edýär. Munuň özi onuň öz dünýäsiniňem şol garagöz çagajyklaryň dünýäsi ýaly owadandygyndan, hoşniýetliliginden we halallygyndandyr. Şol sebäpden çagalaryň öňünde duran pursatyny iki päkize dünýäniň özboluşly ýüzbe-ýüzlügi, özboluşly täsirliligi diýip atlandyryp bolar. Ol şeýle pursatlar hakynda hemişe: «Çagalaryň söýgüsi, çagalaryň ynanjy hem buýsanjy ýürekden bolýar. Şonuň üçinem olaryň bolşy hakykydyr, manylydyr. Olaryň hyjuwynda hiç hili galplyk ýa ýasamalyk bolmaýar» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Diňe öz ýüregi şeýle päk bolan adam çagany şonuň ýaly gowy görüp biler. Ähli beýik adamlara mahsus bolşy ýaly, Beýik Türkmenbaşy ululygynda-da öz çaga päkligini saklap bilen şahsyýetdir. Çagalaryň şadyýan sesi, hereketleri, ähli boluşlaryndaky tebigylyk hem-de haýsydyr bir bähbitden halaslyk onda guwanç döredýär. Kämahal olaryň käbiriniň çaga hereketleri, tebigylykdan gelen büdür-südürligi onda keýpli gülkini döredýär. Şonda onuň keýpi açylyp gidýär. Olaryň çaga päkizeliginiň elýetmezligi bolsa, onuň guwançly gözleriniň bagtly ýaşarmagyna sebäp bolýar. Aýratyn täsirlenen şeýle pursatlarynda bu Beýik Ynsan bütin dünýäni unudýar we minnetdarlykdan ýaňa çagany eline alyp, gujaklap, bigünä gözlerinden ogşap goýberýär.
Beýik Türkmenbaşynyň çagalara üýtgeşik gatnaşygynyň ýene bir möhüm tarapy bar bolsa gerek. Päkize çagalaryň öňünde durka, özi üçin bu üýtgeşik manyly pursatlarda ol, megerem, öz çagalygyna gaýdyp barýandyr. Ol olara öz şahsy durmuşynyň çagalyk tejribesiniň nazaryndan seredýän bolarly. Bu tejribeden seredeniňde bolsa, çagalaryň bary seniň hossarlygyňa, mähriňe, garawyňa mätäç ýaly görnerdi. Hatda Garaşsyzlygyň gül-gunçalary bolan, bagtdan ýaňa ýüzleri şuglalanýan çagajyklary göreňde-de, Beýik Serdaryň atalyk hossarlyk duýgusy möwç urýar. Onsoň olar bilen öz arasynda peýda bolýan mähir rişdesi ony ep-esli wagtlap hiç bir ýere goýbermän saklaýar. Beýik Serdar çagalaryň ýüzüniň nurundan egsilmez güýç-kuwwat, ylham alyp, ulularyň dünýäsine dolanýar. Durmuş kyssasynyň içindäki az wagtlyk şol şahyrana pursatlar Serdaryň kalbynyň türkmen sährasy ýaly açyk bolmagyna sebäp bolýar.
Hamraklyk Beýik Türkmenbaşynyň möhüm bir ýürek duýgusynyň – dözümsizliginiň içki ruhy esasydyr. Dözümsizlik onuň kalbynyň şahyranalygyndan habar berýär. Hakyky şahyr bolsa garynjany-da ynjytmaýan adamdyr. Dözümsizlik adamçylygyň iň ýokary derejesidir. Tutuş barlygy söýgi, mähir duýgularyndan pürepür adam polady ýumşak, ejiziň raýyny ýykmaýan, ýukaýürek kişi bolýar. Mähir duýgulary hiç bir kişä garşydaşy ýa basdaşy hökmünde seretmezlige itergi berýär. Dözümsiz, şahyrana ýüregi bolan kişi ýigrenje ukypsyzdyr. Hatda özüne duşmançylyk edýänler tapylaýanda-da, ol özüniň kalbynyň tebigaty boýunça olary duşman ornunda görüp, olary ýigrenip bilmeýär. Duşmanlardan şeýle kişini ilki bilen-ä Taňry, galyberse-de, ykbal goraýar. Onsoňam ol duşmana gaýtawul bermek, ondan ar almak pikiri bilen däl-de, diňe olardan goranmak, daşda durmak pikiri bilen ýaşaýar. Şonuň üçinem ol duşmanlaryndan akyl-paýhasy bilen goranýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adamkärçilik şahsyýetini juda oňat häsiýetlendirýän bir goşgusy bar. Ol «Oguz hanyň ruhy» diýip atlandyrylýar. Özi hakynda mylaýym, pessaýdan owazly gürrüň berip bilýän liriki gahryman şeýle diýýär:
Bilmedim hiç men başymnyň sämänin,
Altmyş üç ýyl agramady serlerim.
Sebäp, ýaşka mähir bilen käbämiň
Gorap gelýär başym sypan elleri.
Kalpda saklamadym ýigrenç duýgusyn,
Ençe ýol geçildi Zemin üstünde.
Ejem janyň kalba guýan söýgüsi
Bu dünýede ähli zatdan rüstemdir...
Taňry dünýäsinden nadyllygym ýok,
Başym aýlamady joşy-eşreti.
Maksadym aýandyr. Gapyllygym ýok,
Oguz hanyň ruhy kalbym içredir.
Bu goşgynyň öňünden gelýän kyssaly giriş şygryň özi bilen bir hörpden gopýar. Biz bu ýerde mazmun birligini aýdamzok. Bu okyjynyň gözüne şeýle-de görnüp duran zat. Gep onda däl-de, şygyr bilen kyssanyň owazdaşlygyndadyr. Şol sazlaşykda hem-de owazdaşlykda esasy zat bolsa gürrüňiň, sesiň pessaýlygydyr. Şahyr özi hakynda döş kakyp, sesine bat berip, özgäniň sesini basjak bolup gygyryp gürlänok. Ol hamana hiňlenýän ýaly, ýuwaşjadan owaz perdelerini kakýar. Owazyň bimöçber owadanlygy, gürrüňiň ýürekdeşligi we manynyň goýazylygy, şahyryň agraslygy üýtgeşik galmagalsyzam okyjyny özüne çekýär. Onuň kalbyny maýyl edýär. Okyjyny şahyryň şahsyýetinde hiç hili tersin emosiýalardan – ýigrençden, gahardan, ahmyrdan nam-nyşanlygyň ýokdugy, şahyryň olardan azat owadan kalby özüne çekýär. Adamlaryň ýagşy söze, owadan kalba şeýle ymtylyşyny göreniňde, türkmeniň «Ýagşyny görmek jennet» diýen nakyly ýadyňa düşýär.
Bütin çylşyrymly hem külpetli ömür ýoly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda ýukaýürekliligi, rehimdarlygy kemala getirdi. Ýüreginiň şu hili sypatlary amaly hereketde ýalňyşan, günä eden, hatda jenaýat eden adamlar babatda-da geçirimli bolmagyna getirdi. Geçirimlilik Beýik Serdaryň iň esasy adamkärçilik sypatydyr. Biz bu hakynda öňem aýdyp geçipdik. Ýöne bu hakda näçe aýtsaň-da az. Onuň şahsyýetine şu nukdaýnazardan akyl ýetirip, ýörite bir kitap ýazmaly bolsa gerek. Beýik Serdaryň geçirimliligi, biziň pikirimizçe, üç sany tarapdan, üç sany ahwalat bilen düşündirilmelidir. Birinjiden, bu onuň hulkudyr – oňa Alla tarapyn berlen artykmaçlykdyr. Ikinjiden, bu onuň üýtgeşik, pelsepewi pähim-paýhaslylygyndandyr. Ol tutuş durmuşa-da, durmuşyň aýry-aýry esasy meselelerine-de pelsepewi garaýar. Bu garaýyşda dünýewilik, her bir zadyň düýbünden seretmek häsiýeti bar. Durmuş wakalarynyň, amatsyzlyklarynyň, agyp-dönmeleriniň pursatlaýynlygyny, muňa giň göwün bilen seretmelidigini, bäş günlük ýalançyda durmuş atly sahnanyň gurjagyny ýada salýan adamlaryň özüçe neresseligini, onsoň olara ähli belanyň, külli erbetlikleriň bar sebäbi, körügi hökmünde seretmekden saklanmalydygyny ol öwran-öwran nygtaýar. Üçünjiden bolsa, onuň geçirimliligi dözümsizligine, kalbynyň bagyşlap bilmek ýaly özgelerde juda seýrek sypatyna esaslanýar. Beýik Serdaryň geçirimliligi onuň syýasatynyň hemişelik bir ulgamyny kesgitledi: ol her ýylyň Gadyr gijesine gabatlap tussaglykda oturanlaryň müňlerçesiniň günäsini geçmek baradaky Permana ýylda bir gezek gol çekýär. Munuň özi hiç bir hili syýasy bähbit, hiç bir hili gaýry tersinlik bilen düşündirip bolmajak beýik Adamkärçilikdir. Munuň özi diňe, sap, arassa rehimdarlyk, adam balasyna nebsagyryjylykdyr. Eger biziň her birimizde şeýle sahawatlylyk bolsady, eger biziň her birimiz öz mümkinçiligimiziň çäginde şunuň ýaly rehimdarlyk görkezsedik, onda dünýä birmahal jennete öwrülerdi.
Geçirimlilik häsiýeti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýry-aýry adamlar, öz golastynda işleýänler babatda hem häli-şindi ýüze çykyp durýar. Onuň etmişli döwlet işgärlerine-de geçirimlilik edäýýändigini görüp gelýäris. Kimdir biriniň muny nädogry hasaplamagy-da mümkin. Emma durmuşda ýüze çykyp durýan wakalar bu meselede Beýik Serdaryň bizden has uzakdan görýändigine şaýatlyk edýär. Geçirimlilik adamlara öz ýalňyşyna düşünmäge, günäsini ýuwmaga puryja hem mümkinçilik bolup durýan eken. Bir gezek şeýle bir waka boldy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy uly döwlet wezipesindäki bir işgäri «uly bolmadyk» etmişi üçin işinden boşadyp goýberdi. Agşamara oňa göwünlik bermek üçin tanyş-bilişdir dost-ýarlary işden boşadylanyň öýüne ýygnanypdyrlar. Myhmanlar öý eýesiniň işden gitmeginiň sebäbi bilen gyzyklanypdyrlar. Öý eýesi: «Öz-ä birden, alasarmyklykda boldy» diýmekden başga hiç zat aýdyp bilmändir. Şonda biri öý eýesiniň göwnüni görjek bolup: «Patyşamyz seniň ýaly işgäriň gadyryny bilmän kowup goýberdi» diýipdir. Işden boşadylan bolsa: «Äý, beýle däl, Beýik Serdar meniň gadyrymy oňat bilýärdi, ýöne men onuň gadyryny bilmändirin, adamkärçiligine, belentligine indi göz ýetirýärin» diýip, ýüregindäkisini aýdypdyr.
Oturanlardan başga biri bolsa: «Men adamlaryň bolşuna haýran. Prezident biriniň wezipesini elinden alsa-da, ony öwüp otyrlar» diýende, öý eýesi şeýle diýýär: «Sebäbi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyl hem-de öz adamkärçiligi, dözümsizligi, ýumşaklygy bilen adamlaryň öz etmişine düşünmegine pursat berýär».
Şol wakadan birnäçe gün geçenden soňra Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hälki wezipesinden boşadylan kişini öňküsinden-de uly wezipä belleýär. Bu hakdaky habary eşidip, dostlary indi ony gutlamaga ýygnanypdyrlar. Oturanlardan geçen gezekki gürlän adam: «Dost, sen wezipä täzeden bellenjekdigiňi bileniň üçin, öňki sapar Prezidenti öwüp oturan ekeniň» diýýär. Şonda öý eýesi: «Sen bu ýerde diňe Beýik Türkmenbaşa däl, eýse maňa hem ynanmazlyk edýärsiň. Maňa ynanmaýan adam meniň dostum däldir» diýip, myhmany kowup goýberipdir.
Adamyň terbiýelenmegine sebäp bolýan geçirimlilik Beýik Serdaryň adamkärçilik sypaty bolmak bilen bir wagtda, onuň ýolbaşçy hökmündäki iş uslybynyňam bir ugrudyr.
Onuň beýik adamkärçilik sypatynyň ýene bir tarapy hökmünde göwnügiňligini belläp bolar. 2002-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ne bolan jenaýatçylykly waka hemmeleriň ýadyndadyr. Halk bu waka öz bahasyny berdi. Döwlet agdarlyşygyna synanyşyk eden näletkerdeleri itden beter pisledi. Bu şeýle hem bolmalydyr. Ýöne bu zatlar soň bolupdy. Şol gün bolsa adamlaryň hemmesiniň ýüregi howsalalydy. Olar agşam «Watan» gepleşiginde Beýik Serdaryň parahat keşbini görüp ynjaldylar. Şonda olary haýran galdyran zat, Beýik Serdaryň mizemezligi, arkalylygy hem-de göwnügiňligi bolupdy. Onuň şol pursatda aýdan pähimli sözleri bolsa halkyň doly arkaýynlaşmagyna, ýürekleriň ýerine gelmegine sebäp bolupdy: «Hiç kim ajaldan gaçyp gutulyp bilmez. Alladan gelen zadyň öňünde durubam bolmaz. Men öz janymyň aladasyny edemok, etmerinem. Ýöne bu näletkerdeler halkyň, Watanyň, milletiň parahat ýaşaýşyna pitjiň atdylar. Şonuň üçinem olar kanunyň öňünde jogap bermeli bolarlar».
Iň bir howsalaly pursatda-da Serdarynyň beýikligine göz ýetiren milletiň oňa bolan ynamy, söýgüsi öňküden ýüz esse artdy. Adamlar milletiň ykbalyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa ynanyp, arkaýyn, asuda ýaşap boljakdygyna ýene bir gezek göz ýetirdiler.
Göwnügiňlik patyşalara mahsus häsiýetdir. Çaganyň aljyranda ene-atasyndan, ululardan haraý gözleýşi ýaly, halk kynçylykly pursatlarda milletiň baştutanyna bakýar, ondan delalat isleýär. Şeýle pursatlarda patyşanyň kimdigi aýan bolýar. Eger ol giňlik, göwnügiňlik hem-de guýmagursaklyk görkezip bilse, bu onuň öz adyny hem ornuny ödedigidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy kyn ömür ýoluny geçse-de, özünde göwnaçyklyk ýaly adamkärçilik sypatyny terbiýeläp bilen Şahsyýetdir. Ol hemişe açyk, güler ýüzli, şadyýan, ynamly, durmuşy söýüji adam bolup tanalýar. Şeýle göwnaçyklyk, alçaklyk hem-de keýpiköklük adamlara-da, halka-da geçip, olarda ruhubelentligi terbiýeleýär. Galyberse-de, göwnaçyklyk oňa özünde bar bolan ägirt uly gujur-gaýratyň gözüniň açylmagyna, gahrymanlarça zähmet çekmegine ýardam berýär.
Beýik Serdaryň şahsy adamkärçilik sypatlary onuň syýasatçy hökmünde alyp barýan işlerine gönüden-göni täsir edýär. Netijede, dünýäde örän seýrek hadysa – syýasatyň adamkärleşmegi bolup geçýär. Mälim bolşy ýaly, Beýik Serdar adamlaryň ruhunyň belentligini gazanmak üçin ýurtda aýdym-saz sungatynyň, halk döredijiliginiň ösmegine, toý-baýramlaryň häli-şindi geçirilip durulmagyna aýratyn üns berýär. Munuň özi onuň şahsyýetinden gelip çykýandyr. Ol toý-baýramy, aýdym-sazy örän gowy görýär. Bu zatlaryň döwletiň syýasaty derejesine çenli göterilmegi bolsa jemgyýetdäki ruhy howanyň tämizlenmegine, adamlar arasyndaky gatnaşyklaryň adamkärçilikli häsiýete eýe bolmagyna, adamlaryň biri-birine oňat düşünişmegine alyp barýar. Türkmeniň aýdyşy ýaly, toý bir gowy zat. Bu hili durmuşda kemala gelýän täze nesilleriň durmuşsöýüjiligi, dünýäni duýşy-da başgaçadyr.
Şahsy adamkärçilik sypatlarynyň içinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dine bolan hormatly garaýşyny aýratyn belläp geçmek gerek. Ol Hudaýa çuňňur ynanjy bilen tapawutlanýar. Öňem aýdyşymyz ýaly, ol imanly kişidir. Alla bolan ynanç onuň sözleriniň, hereketleriniň hem-de ýazan eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Onuň Türkmenistanda dini ynanja giň ýol açandygy, metjitleri gurmaga rugsat bermek bilen çäklenmän, hut özüniň birnäçe metjitleri saldyrandygy hemmelere mälimdir. Häzirki wagtda hem Gypjakda tutuş Orta Aziýa boýunça iň uly metjit guruldy. Ýöne Beýik Serdaryň dini ynanjy diňe sap dini meselelere gatnaşygynda däl, eýsem adamkärçiliginde we dünýewi syýasatynda hem ýüze çykýar. Ol beýik Azadynyň «Patyşa üçin ýurdy bir sagat adalatly dolandyrmak ýetmiş ýyllyk hajdan hem sogaplydyr» diýen paýhasyndan ugur alýar.
Haka bolan ynanç-imany Beýik Serdaryň milletine bolan buýsanç bilen içki baglanyşyklydyr. Millete ynanç – munuň özi özboluşly dünýewi imandyr. Milli buýsanjy sowet aňyýeti tarapyndan elinden aldyran birgiden nesillere ol täze milli gymmatlyklaryň ulgamyny berdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adamkärçilik şahsyýetiniň jähetleri köpdür. Esasy aýtmaly, nygtamaly zat – ol döwlet baştutany, syýasatçy bolmazyndan ozalam, ilkinji nobatda, beýik Ynsandyr!
Publisistika