YLYMDARLYK ŞAHSYÝETI
1.
«Türkmen ilim aman bolsun», «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy», «Ruhubelentlik bahary» atly şygyr diwanlary bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy biziň ruhumyzyň hökmürowany bolsa, ol Mukaddes Ruhnama kitaplary arkaly biziň akyl-paýhasymyzyň hökmürowany boldy. Hut Mukaddes Ruhnama kitaplarynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyldarlyk hem-de alymlyk şahsyýeti dolulygyna we bitewüliginde ýüze çykdy. Şonuň üçinem onuň ylymdarlyk şahsyýetiniň, dünýäsiniň belentligi hakynda Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplarynyň esasynda gürrüň etmek maksadalaýyk bolardy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylymdarlyk – intellektual sypatlary onuň akyldarlygynda aýan bolýar. Bu kitabyň 19-njy sahypasynda şeýle aýdylýar: «Meniň baş taglymatym – Ruhnamadyr. Dünýägaraýşyň ulgamy bolan Ruhnama meniň öňe süren ähli syýasy ýörelgelerimiň, ykdysady hem durmuş, medeni häsiýetli maksatnamalarymyň taglymat esasydyr, onuň jemgyýetiň dürli ugurlarynda amal edilişiniň usulydyr». Bu sözlerden amaly ähmiýetli bir hakykat aýan bolýar: Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitewi baş Kitabydyr. Hut şu beýik eserde onuň bitewi şahsyýeti aýan bolýar. Beýleki bir tarapdan, Beýik Serdaryň ähli nazary pikirleri-de şu iki kitapda jemlenendir. Ýokarky kesgitlemelerden ugur alsaň, Mukaddes Ruhnama taglymat we dünýägaraýyş ulgamy.
Özüniň düýp mazmuny boýunça «taglymat» hem, «dünýägaraýyş» hem pelsepewi düşünjelerdir. Bulara sözüň iň düýpli hem-de giň manysynda filosofiýa – pelsepe diýip düşünmek dogry bolardy. Pelsepäniň bolsa ýaşaýşyň, barlygyň iň ählumumy kanunlaryny öwrenýän, öz tutýan orny hem-de örüsi taýdan ylymdan has uly akyl görnüşidigi mälimdir. Filosofiýa özüniň iş edinen zatlarynyň pelsepewi manylaryny açmak bilen meşgullanýar. Ylymlar zatlaryň ýa hadysalaryň belli nukdaýnazarda, pozisiýada ýüze çykýan anyk manylylygyny aýan edýän bolsa, pelsepe olaryň ählumumy, esaslaýyn, düýpleýin manysyny agtarmak hem-de ýüze çykarmak bilen meşgullanýan taglymatdyr. Şonuň üçinem belli bir manyda anyk ylymlary süýde, pelsepäni bolsa gaýmaga deňemek bolar. Çünki akyl-paýhasy anyklyk bilen meşgullanmak işinde giňelip hem ählumumylaşyp, hakykatyň düýp manysyna akyl ýetirip başlanda, pelsepewi paýhas peýda bolýar. Şu manyda pelsepe akyl-paýhasyň gaýmagydyr, şiresidir.
Akyldar alymdan tapawutlylykda islendik meseläniň «depimini has çuň alýar» we meseläni umumylaşdyrmagyň mümkin bolan iň aňrybaş hetdine ýetirýär. Ol alymyň esasy işi edinýän hususylyklarynda saklanman, olaryň deňinden has çuňluga, düýbe geçip gidip, meseläniň özenine ýetýär hem-de ol özeniň ählumumy modelini – suratyny berýär. Eger alym öz iş edinen zadyny adalgalaryň üsti bilen aýan edýän bolsa, akyldar adalgadan has giň we çuňňur düşünje bolan kategoriýalar arkaly pikirlenýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplary arkaly täze türkmen aňyýetini – täze türkmen pelsepewi dünýägaraýşyny döretdi we dünýä aýan etdi.
Mukaddes Ruhnamalardaky awtoryň pelsepewi pikirleniş belentligi, ilkinji nobatda, onuň türkmen taryhynyň akyl sapaklary barasynda pikir ýöredýän pursatlarynda göze görünýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy biziň akyl taryhymyzda, megerem, ilkinji gezek türkmen taryhynyň pelsepesini beren şahsyýetdir. Ondan öň, hususan, türkmen geçmişiniň pelsepelerine baş goşan akyldar bolmandy diýsek ýalňyşmarys. «Ýalňyşmarys» sözüni biz bu ýerde iki many jähetinden ulanýarys. Birinjiden, munuň özi öte geçmek, ýagny bu şahsyýetiň akyl hyzmatlaryna aşa ýokary baha bermeklik bolmazdy. Çünki şoňa çenli taryhy geçmişiň giňişliklerinde hut türkmen we diňe türkmen milli hakykatlaryny agtaran akyldar bolmandy. Taryhy geçmişiň içine gidip, biraz daş-töwerege ser salyp göreliň. Biziň iň soňky milli akyldarymyz XVIII asyrda ýaşan Magtymguludyr. Magtymgulynyň paýhasy özüniň kemala gelşi we kämilleşişi taýdan häzirki zaman manysyndaky sap türkmençe däl-de, gatyşyk – türkmençe-yslamça görnüş alan paýhasdyr. Onda özboluşly milli türkmen aňy däl-de, türkmen röwüşindäki umumyyslam aňy görersiňiz. Elbetde, özüniň anyk taryhy netijeliligi boýunça ol türkmen ruhyýeti bolup galypdyr. Emma gep akyldaryň öz-özüni aňlaýyş taýdan türkmen milli kämilleşmesi hökmünde öz-özüni aňlamaklygyndadyr. Hut şonuň üçinem, onda milli taryhy nazaryýet ýokdur. Şol sebäpdenem özüniň pelsepewi oýlanmalarynda ol, aýdaly, Oguz han, seljuklar, osmanlylar ýa gaýry hut türkmen taryhynyň şahsyýetleri hakynda däl-de, Muhammet, Aly, Isa, Isgender ýaly umumyyslam taryhynyň şahsyýetleri barasynda pikir ýöretmäge werziş bolan akyldardyr. Onuň üçin taryhy geçmişiň aýratyn, özbaşdak hut türkmen jäheti, türkmençe ýüze çykmasy ýokdur. Dogry, döredijilik ömrüniň belli döwründe ol döwürdeşleri bolan Fethaly, Ahmet Dürrany, Çowdur han, Döwletaly ýaly şahslar barada ýazypdyr. Emma bu hadysa döredijilik ömrüň wagt taýdan çäkli pursatydyr. Munuň özi akyldaryň tebigaty boýunça bütinleý başga bir milli taryhy paýhasy kemala getirendigini aňlatmaýar. Milli öz-özüňi aňlaýyş hadysasy ýöne bir yslam mazmunyny türkmençe aňlatmagy däl-de, eýsem bütinleý täze bir mazmunyň döremegini, öz barlygyny umumyyslam barlygyndan aýrybaşgalaşdyrmagy hem-de milli-etniki gymmatlyklar ulgamy arkaly «menleşmegi» göz öňünde tutýar. Magtymguluda bolsa ähli milli duýgulanmalara, milli öwüşginlilige garamazdan, türkmen «meni», aýdaly, parsyň ýa arabyň «meninden» ruhy-aňyýet taýyndan asla aýrybaşgalaşmaýar. Ol taryhy döwürde başgaça bolmagy mümkinem däldi. Türkmenlik Magtymguluda amala aşan wajyplyklar görnüşinde däl-de, indi herekete gelmeli mümkinçilikler görnüşinde ýaşaýar. Mümkinçiligiň zerurlyga, wajyplyga geçmegi üçin taryhy ýaşaýşyň täze görnüşi – milli döwletlilik gerekdi. Çünki taryhy mazmun diňe taryhy görnüşlerde amala aşýandyr.
Ikinji tarapdan, geçmişi şu hili göz öňüne getiriş öňki taryhy şahsyýetleriň – akyldarlaryň hyzmatlaryna asla-da kembaha garaldygy däldir. Gep olara olaryň öz ýadyna-oýuna düşmedik «garaýyşlary» ýöňkemeli däldigindedir. Milli öz-özüni aňlaýşyň esasy görkezijileriň biri-de milli geçmişiňi göz öňüne getirmek hajatydyr. Adamzat geljegi barada aladalanyp ugranda, geçmişe ýüzlenýär. Magtymguluda hut milli geçmiş göz öňüne getirilýär diýmek nädogry bolardy. Diýmek, ol geljegi-de milli jähetlerde göz öňüne getirmändir diýse bolar.
Magtymguludanam aňryk gidilende bolsa, «yslam-türkmen» mynasybetini aýdyňlaşdyrmak hasam ýeňilleşýär. Orta asyrlar umumyyslam gymmatlyklarynyň hökmanylyk hökmünde ýaşan döwrüdir. Ol döwürde hatda «millet» sözi-de dini manyda ulanylypdyr. Yslam özboluşly superetnos bolup, türkmen şol bitewüligiň içindäki bir hadysa bolupdyr.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy dowamatda ilkinji gezek geçmişi milli jähetde aňa geçirýän akyldardyr. Geçmişden milleti gözlemek, agtarmak hem-de tapmak şu günki milli ruhyýeti kemala getirmek hem-de geljekde milleti dowamat etmek hajatyndan gelip çykýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy geçmişe başga hiç hili däl-de, diňe millet nukdaýnazaryndan ser saldy hem-de Oguz handan başlanýan türkmen milli taryhynyň bitewi we aýdyň aňladylan pelsepesini beýan etdi.
Mukaddes Ruhnamada türkmen taryhynyň ilkinji gezek özboluşly ruhy-pelsepewi döwürleşdirilişi berkedi. Bu hili pelsepewi akymyň intellektual özboluşlylygyna düşünmek üçin, taryhy geçmişi pelsepewi umumylaşdyryş tejribesinden habarly bolmak gerek. Dünýä pelsepesinde XIX – XX asyrlarda taryhyň pelsepesi köptaraplaýyn hem-de özboluşly ugra öwrüldi. Ylaýta-da bu meselede nemes hem-de amerikan akyldarlary öndümli pelsepeleri we taglymatlary öňe sürmegiň hötdesinden geldiler. Olardan Nisşe, Gegel, Haýdegger, Şpengler, Şopengauer, Şeler, Berdýaýew, Şestow, beýlekileri agzamak bolar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepewi intellektiniň belentligi dünýä pelsepesini çuňňur özleşdirenligi bilen şertlendirilýär. Emma Beýik Ruhata şol pelsepewi ulgamlary özleşdirmek bilen çäklenmän, ondan-da beter, olaryň çylşyrymly hem-de howaýy-abstrakt garaýyşlarynyň içinde ýitip gitmän, türkmeniň ruhy küýseglerine jogap bolup biljek, türkmeniň ruhy hajatlaryna serişde bolup biljek özboluşly pelsepewi ýörelgeleri döretdi. Taryhyň pelsepe meselesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy esasy meseläni – türkmeniň ruhy-taryhy geçmişi we häzirki taryhyň döwrüň pelsepewi manysy diýen meseleleri beýan etdi.
Mukaddes Ruhnamanyň bäşinji bölüminde türkmen taryhynyň çeper-pelsepewi umumylaşdyrmasyny berdi. Ol türkmen ruhunyň taryhyny bäş sany uly eýýama bölüp, milli ruhuň ösüşi nukdaýnazaryndan her eýýamyň ähmiýetini we umumy ösüşdäki ornuny kesgitledi. Şonda ol pelsepewi pikirlenmäniň ýokary medeniýetini, pelsepewi-taryhy intellektuallygyň ýokary derejesini görkezdi. Özüniň pelsepewi pikirlenmesiniň umumy uslyp aýratynlyklary boýunça Beýik Serdar täze röwüşdäki ruhubelentlige ýugrulan pikirlenmäniň wekilidir. Akyldarlaryň bir topary hakykata howaýy-mantygy, abstrakt-ylmy pikirlenme usullary bilen çemeleşýärler. Beýleki bir topary hakykaty çeper-pelsepewi pikirlenme tärleri bilen açmaga ymtylýarlar. Şonda olar nyşanlar arkaly pikir ýöretmegiň nusgasyna eýerýärler. Bu uslyp, ylaýta-da, XX asyr Ýewropa pelsepesinde giňden ýaýrady. Meşhur nemes akyldary M.Haýdeggeriň «Sungat pelsepäniň doganydyr, ylym bolsa onuň hyzmatkäridir»; rus akyldary N.Berdýaýewiň «Dünýä, akyldarlaryň hasap edişi ýaly, pikir däldir. Dünýä – yşkdyr. Yşkyň öçüşmegi güzerany döredýär» diýen sözleri; rus-ýewreý akyldary L.Şestowyň akademiki pelsepäniň garşysyna «pajyga» pelsepesini goýmagy XX asyr üçin häsiýetli bir zat boldy. Dünýä pelsepesi howaýy (irrasional) häsiýete eýe boldy, ýagny, howaýy pikiriň dünýä düşünmekde esasy serişde däldigini, ruhuň howaýy akylyň hökmürowanlygyndan azat bolmalydygyny tekrarlady. Howaýy, mantygy akylyň ornuna göwün ylhamy geldi. Munuň özi pelsepäniň öz derňew usullary we uslyplary boýunça sungata ýakynlaşmagyna alyp bardy. XX asyrda ýüze çykan fenomenologiýa, ekzistensalizm ýaly akymlar adamzat ruhuny abstraksiýanyň gandallaryndan boşatmaga çagyryş boldy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň diňe bir durmuşdaky iş ýasawyna däl, eýsem paýhasynyň ýasawyna-da, akylynyň işleýiş ýasawyna-da mahsus adatdan daşary başarjaňlygy, ukyplylygy, ýatkeşligi bardy: ol birbada dürli taglymatlar bilen meşgullanyp, bir wagtda ylmyň dürli ugurlary barada pikir ýöredip bilýärdi. Taryhy wakalary yzarlanda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ol wakalara gatnaşýan şahsyýetleri doňup galan kölegeler däl-de, janly adamlar hökmünde görüp bilýärdi, olaryň dünýägaraýyşlarynyň janlylygyny açyp, olaryň düşünje-serhaly syrlaryna aralaşmany başarýardy. Onsoň syýasat hem serhal, taryh hem pelsepe, jemgyýet hem ruh özüniň tebigy bitewüliginde we janlylygynda göz öňünde dikelýärdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda özgeler üçin doňan geçmişi janly şu güne öwürmek ukyby bardy. Geçmiş onuň kalbynda dirilige öwrülip, şu günüň anyklygyna, barlygyna, bäs edýärdi. Şeýdibem, ol diňe öňden berlen dogmalar, galyplar bilen iş salyşýan marksizmden juda ir arany açypdy.
Marksizm taryhda synplardan hem olaryň göýä robotlar kimin amala aşyrýan özara göreşlerinden başga zady görmeýärdi. Taryhy ýaşaýşyň bütin janlylygy, geň-taňlygy, gaýtalanmazlygy şol doňňara galyplaryň içinde ýitip gidýärdi. Beýik Ruhata Alla tarapyn berlen ukyba durmuş üşügi diýip at bermek isleýäris: onda hiç kimde bolmadyk ukyp – ylmy taglymatlaryň gerekmejek gabyklaryny zyňyp aýraga-da, olaryň janlylygyny iş ýüzündäki hereketlere siňdirmek hem-de durmuşyň many baýlyklaryny akyl hazynasyna getirmek ukyby bardy. Ol taglymat bilen durmuşyň arasyndaky böwedi ýykyp, taglymaty janly işe, durmuşy bolsa many hakykatyna öwrüp bildi. Beýlekileri bilen bir hatarda, hut şu sypat wagty gelende onuň täze tipli taryhy şahsyýet bolmagyna esas bolup hyzmat etdi.
Ol dünýäniň ýaşaýşynyň esasy kanunalaýyklygy bolan dialektikany ir özleşdirdi. Entek talyplyk döwründe, gujurly hem juwan paýhasynyň dolup-daşýan wagtynda Beýik Serdar dialektikany barlygyň dyngysyz öwrülip, dönüp, aýlanyp durmasy diýen manyda kesgitläpdi. Pelsepe iň oňat görýän ylymlarynyň biri bolsa-da, ol dialektika fizikanyň üsti bilen barypdy. Onuň iň oňat görýän fizikleri Albert Eýnşteýn bilen Maks Plankdy. Hut şu genileriň ägirt uly açyşlary-da ony özgermek, agyp-dönmek taglymatyna getirdi. Maks Plank atomlaryň bir-birine öwrülýändigini, ýazýandygyny, Eýnşteýn bolsa has hem geň hakykaty – giňişligiň wagta, wagtyň bolsa giňişlige öwrülýändigini açypdylar. Wagt – akýan giňişlikdir diýen adaty beýnä sygmaýan hakykat dürli matematiki formulalaryň üsti bilen aňyna ornanda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy haýran galypdy. Özüniň irginsiz gözlegleri bilen ol öwrülmek kanunynyň diňe tebigatda däl, ruhda-da, taryhda-da, adamda-da hökmürowandygyny açdy. Diňe muňa göz ýetirmän, eýsem munuň düýp sebäbine-de düşündi: çünki bu zatlaryň, barlyklaryň hemmesi dyngysyz öwrülip-dönüp duran atomlardan ybarat ahyryn! Adam düýşüniň täsinliginiň syry, gör, nämede eken! Düýşde adam başga zada öwrülip dur, bir adam bir görseň, başga bir tanşyňa öwrülip dur!
Beýik Ruhata gaty ir çeper söze höwrügipdi. Onda şahyrlyk zehininiň barlygy gürrüňsizdi. Ol çeper obrazyň tebigatynda-da şol bir kanunalaýyklygy gördi: baryp gadymy ertekilerde jansyz zadyň janly we tersine öwrülip durmagynyň bütinleý atomistik esasy bardy.
Beýik Ruhata belli ýazyjy F. Kafkanyň «Öwrülmek» hekaýasyny öwran-öwran okap, onda Gregor Zamze diýen biriniň gije ýatyp, ertir bir jandarjyga öwrülip turşy hakda oýlanardy. Dünýä – öwrülmek diýip, Beýik Ruhata kesgitli netijä gelipdi. Dogulmak – başga bir zada öwrülmek, ýogalmak – başga bir zada öwrülmek. Iduizmde dogulmak, ölmek şertli düşünje hökmünde suratlandyrylýar. Diýmek, dünýäde dogulmak, ölmek ýok, diňe başga bir zada öwrülmek bar. Ol öwrülmeler – gündiziň gijä, gijäniň gündize öwrülmesi Alla tarapyn döredilen sazlaşyk. Adam şol sazlaşygyň içinde şol sazlaşygy bozman, garşysyna gitjek bolman ýaşamagy başarmaly. Adam islese-islemese, Allanyň döreden öwrülmek ýoly dowam eder. Bize şol sazlaşygyň içinden kanagat, sabyr, many tapyp ýaşamagy başarmak bagty berlipdir. Ol bagt seniň başarnygyňa görä berilýär, ol bagta zähmet bilen ýetilýär. Alla seniň öňüňde ýol goýýar, ine, saňa bagta barýan ýol, zähmet çekseň, şol bagta ýetip, lezzetini görüp bilersiň diýýär.
Özüniň bu oýlanmalaryna gümra bolan Beýik Serdaryň gözüne daş-töweregindäki adamlar gözgyny göründi: olar wezipe üçin, baýlyk üçin hars urýarlar, bu zatlaryň öwrümiň içindäki zatdygyna olaryň akyly çatanok. Bakylyk ýokmy?! Bakylyk diňe iki manyda mümkin: hemme zadyň wagtlaýynlygyna düşünip, bakylyk sapyna geçmek hem-de öwrülmek kanunynyň amatlyklaryny öz peýdaňa ulanyp, mümkingadar uzak wagtlap saklanmak. Birinji topara beýik alymlar, filosoflar we gaýry ruhy işgärler, ikinji topara bolsa beýik taryhy şahsyýetler degişlidir.
Dünýä – özüniň bitewüligi derejesinde alanyňda bakylykdyr, dünýä – özüniň bölekleri derejesinde alanyňda wagtlaýynlykdyr, panylykdyr.
Öz döwründe beýle düýpli hakykata akyl ýetirmegi Beýik Serdaryň ruhy ösüşinde oňyn hadysa bolupdy. Akylyňy ýitileşdirmekden başga-da, munuň özi adamy ham-hyýaldan, ownujak hem aldawçy gümralyklardan, pes hem şowakör meýillerden azat edýär. Şu ruhy ösüşi başdan geçirensoň, onuň ähli pikiri-zikiri, bar maksady öz halkyny maddy hem ruhy taýdan ýokary götermek boldy. Milleti ownujaklar däl-de, diňe belent şahsyýetler – ruhuň we paýhasyň belentligine ýeten şahsyýetler beýgeldip, özgerdip bilýär.
Beýik Serdar durmuşyň adamlaryň pikir edişinden has çalt özgerýändigini gördi. Jemgyýetiň çalt özgermeginiň aňyrsynda adam şahsyýetiniň gujur-gaýraty ýatýar.
Adamyň dünýäsiniň bir tarapyny – Hudaý, ikinji tarapyny bolsa şeýtan tutýar.
Adamyň teninde – şeýtan, ruhunda – Rahman otyr.
Beýik Serdar hemişe öz-özüne «Adamyň içindäki Hudaý bilen şeýtanyň arasy näçe menzil çemesikä?» diýip sorag bererdi, şobada-da Keminäniň meşhur degişmesi ýadyna düşüp, ýylgyranyny duýman galardy. Kemine goly ýuka bolansoň, o döwrüň esasy ulagy – eşek hem oňa hemişe ýetdirip durmaýan eken. Onsoň piri şahyryň üstünden gülmek üçin bir gün: «Molla Kemine, bu günler eşek bilen araň näçe garyş?» diýip sorapdyr. Kemine-de Äraly bilen öz aralygyny garyşlap, «Pirim, aramyz-a bäş garyş» diýenmiş.
Öwrülmek kanunyna eýerseň-ä, Hudaý bilen şeýtanyň arasy juda golaý bolmaly: adam örän çalt wagtyň içinde birinden beýlekisine geçip bilýär.
Häkimlik meselesinde ol has aýdyň bildirýär. Düýp tebigaty boýunça adam ýaramaz hem däl, perişde hem däl. Adama ähli janly-jemendä mahsus ýaşaýşa ymtylma häsiýeti bar. Ol jemgyýetde basdaşlyk şekilinde ýüze çykýar. Eger jemgyýet sagdyn däl bolsa, basdaşlygyň juda çalt hem aňsatlyk bile göriplige, içigaralyga öwrülmegi kanunalaýyklykdyr. Beýik Serdar öz töweregindäki adamlary sowet jemgyýetiniň şo hili göriplere öwrendigini görýärdi.
Diýmek, jemgyýet – belli bir röwüşdäki şahsyýeti emele getirmek üçin bina edilen gurluşdyr.
Jemgyýet şahsyýetleri döredýär. Jemgyýet kimiň kimdigini takyk kesgitleýän barlyk. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy jemgyýet, jemgyýetde şahsyýetiň orny, jemgyýete taryhyň kesýän bahasy baradaky meseleler bilen dürli ýyllarda köp oýlanypdy. Çünki bu meseleleriň anyk çözgüdi onuň öz ömrüniň manysy hasaplan wezipelerini amal etmegiň usulyýeti bolmalydy.
Taryh çylşyrymly barlyk. Onuň çylşyrymlylygyny bu barlykda mazmuny hem tebigaty boýunça biri-birinden tapawutlanýan üç barlygyň – tebigatyň, jemgyýetiň we adamyň kyn suratda gatyşyp-garyşýanlygy emele getirýär. Munuň özi kanunalaýyklygyň we tötänligiň, hökmanylygyň we mümkingadarlygyň çylşyrymly gatyşygy. Hut şonuň üçinem, tebigatdan tapawutlylykda taryhyň üýtgewsiz kanunlaryny esaslandyrmak mümkin däl. Taryh hakykatynyň takyk kesgitlemesini tapan adam ýok, belki, hiç mahal tapylmazam. Akyly kämilleşip, durmuşa düşündigiçe, Beýik Serdaryň özi hem Marksyň önümçilik gatnaşyklary we öndüriji güýçler, bazis hem nadstroýka diýýän kanunlarynyň asla-da taryh hakykatynyň takyk kesgitlemesi däldigine oňat göz ýetiripdi. Giňden seredeniňde, bu «Towuk öň döräpmi, ýumurtga?» diýen sholastiki mesele goýşy ýada salýardy. Beýle howaýylyklar diňe ýaş ýigitkäň – beýniň haýsy hem bolsa, nähili hem bolsa birtopar çylşyrymlylyga maýylka, manyly bolup görner eken. Çünki ýaş beýni üçin hakykata ýetmek däl-de, ýöne bir şol ýoldaky akyl, pikir maşklary esasy we lezzetli işi aňladýar. Ol döwür kämillige barýan ýoldur, bu ýolda bolsa adam özüniňkini taslamaga däl-de, köplenç, özgeleriňkini özleşdirmäge gümra bolýar. Ýöne, ine, durmuş alaga-da, daňylgy ýolbarsyň öňüne zyňan ýaly edip, gutulgysyz sowallaryň hem meseleleriň öňüne taşlanda, diňe şonda pikirlenme ukyby berlen adam kitaplarda ýazylmadyk we çözülmedik soraglara başyny agyrdyp ugraýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tas dogabitdi bir häsiýeti bardy: ol howaýylygy halamaýardy. Howaýylyk asla-da akyl çylşyrymlylygy bilen bir zat däl. Howaýylyk durmuşa dahylsyz, adamda «Bu näme gerekkä?» diýen sowaly döredýän akyl ýasamalygy we akyl pöwheligi, boş gabara. Adamzat taglymatlarynyň taryhyny öwreneňde, şeýle bir hadysa göze ilýär: ilkibaşda janly, tüýs durmuşy bolan taglymatlar jemgyýetçilik ösüşiň soňky döwürlerinde dürli sebäplere görä, howaýylyga öwrülip gidýärler. Marksyň taglymaty babatda-da şeýle. Marks öz taglymatyny ýazýarka, onuň «meni» her sözi, her jümläni anyk hakykaty göz öňünde tutup döredendir. Emma wagt ara düşüp, soňkular jümlelere we sözlere diňe özüçe düşünýär, şeýdibem, howaýylyk ýüze çykýar – jümle asyl manysyndan aýrylyp, howaýy manylara eýe bolýar. Dünýä ýaýrap, millionlaryň aňyny eýelän ol howaýy hakykatlary bolsa Lenin, Stalin ýaly şahsyýetler öz «menlerini» ykrar etmegiň serişdelerine öwürýärler. Indi ol jümlelerde Marksyň däl-de, Leniniň, Staliniň «menleri» otyr. Şeýdip, adamzady «ýagty geljege eltmek üçin» döredilen synplar, rewolýusiýa taglymaty adamzadyň ep-ýesli bölegini ýok etmegiň tutarygyna öwrülýär.
Şonuň üçin hem, şeýle howpdan – aldawdan gutulmak üçin pikiri adamdan, taglymaty «menden» üzňe göz öňüne getirmeli däl. Pikir, taglymat öz-özlüginde entek hiç zatdyr. Esasy zat – ony kim, näme üçin, nähili maksat bilen we nähililik bilen öňe sürýär! Bularyň aňyrsynda haýsy «men» dur?! Diňe sözdäki iň oňat ahlaklylyk, diňe sözdäki iň oňat imanlylyk hem entek hiç zady aňlatmaýar. Hatda Hudaýy ara salmak, dile almak hem entek nyşananyň nämedigini bildirmeýär.
Şeýlelikde, Beýik Serdar Kompartiýanyň içki gapma-garşylygyna, çüýrükligine ir düşündi. Onuň düýbüne düşündi. Emma ol aşa düşünjeli we pikirlenip bilýän adamdygyndan başga-da, syýasatçy we diline erk edip bilýän adamdy. Şonuň üçinem, ol öz pikirlerini hiç kime aýtman, diňe resmi aňyýetiň muňa mümkinçilik beren pursatlarynda olary ýuwaş-ýuwaşdan iş serişdesine öwrüp başlady.
«Döwlet hem adam kysmy bolar eken» diýip, Beýik Serdar öz ýanyndan gaýtalady. Meger, şeýle bolany üçin gadymy döwletler olary esaslandyran adamlaryň adyny göterendirler. Jany, bedeni näçe sag we sagdyn hem bolsa, ruhy çökensoň, adamyň uzak ýaşamaýşy ýaly, ykdysadyýeti garaz, oňşarlyk bolaýanda-da, aňyýetiniň çüýrükligi aýan bolansoň, döwletem uzaga gitmez eken. Segseninji ýyllaryň başlarynda Sowetleriň gorpa gidip ugranyny Beýik Serdar oňat görýärdi. Şonuň üçinem, şol döwürde geljegiň pikirini edip ugrapdy. Ol synplar taglymatynyň ornuna milli-ruhy taglymat gelmelidir hasap edýärdi. Çünki jygyldap ugran imperiýa milli respublikalary taslamak bilen öz ölüminiň, has dogrusy, jaýlanyşynyň taslamasyny amal edipdi. XX asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň ösüş meýillerine seredibem, geljegiň milli döwletlilik görnüşinde boljagyny Beýik Serdar görüp durdy.
Beýik Serdar has uzaklary nyşanalaýardy: onuň maksady diňe soýuz respublikasynyň ykdysadyýetini ýokary galdyrmak däl, eýsem täze dörejek milli döwletiň ykdysady esaslaryny goýup başlamakdy. Emma onuň bu uzaga gidýän niýetini ýalňyz Alla, birem özi bilýärdi. Üçünji biriniň bilmegi, hatda güman etmegi hem juda uly howpy döredip biljekdi.
Şol döwri ýatlap hem ony pikir eleginden geçirip, dogrudanam, taryhda şahsyýetiň döreýiş dowamatyny jikme-jikliginde göz öňüne getirmek mümkin. Elbetde, biziň ýaşlykda marksizmiň dogmalaryna eýlenen beýnilerimiz şahsyýetiň ähmiýetini birbada kabul edip bilmezligi mümkin. Çünki sözde, umumy howaýylyklarda hernäçe «Taýagyň iki ujy bar» diýen bolsa-da, marksizm şahsyýeti tas ýoga çykarypdy. Ol adamy jemgyýetçilik güýçleri, synplar diýilýän howaýy nägehanlaryň elindäki gural hökmünde göz öňüne getirýärdi. Taryhy şahsyýetiň erkinligi tas ösümligiň erkinligine barabardy. Umuman, Gegeliň dialektikasynyň Marksda metafizika öwrülişi Beýik Serdaryň yzarlamagy, saýhallamagy gowy görýän meseleleriniň biridi.
Şahsyýet taryhyň görnüşini,
Jemgyýet taryhyň mazmunyny berýär.
Görnüş (forma) – erkinlikdir, görnüş – döredijilikdir.
Döretmek – täze görnüş tapmakdyr.
Täze mazmuny öz-özlüginde däl-de, diňe täze görnüşde aňlatmak mümkindir. Diňe mazmun – hiç zat ýok diýmekdir. Görnüş mazmunyň eşigi däl-de, barlyk, ýaşaýyş usulydyr. Usul ýok ýerinde ýaşaýşyň özi nädip bolup bilsin?!
Barlyk belli bir görnüşe girmese, ol bar bolup bilmez. Jaýy jaý edýän onuň jaý görnüşine gelmegi dälmi näme?
Saparmyrat Ataýewiç ýaşlykda iň oňat gören akyldarlary Gegel bilen Eflatundan köp zat öwrenipdi. Görnüşiň dargamagy mazmunyň jynazasynyň okalyp başlanmagyny aňladýardy.
XX asyryň 80-nji ýyllarynda sowet ulgamynyň şeýleräk güni başdan geçirip başlaýanlygyny ol görüp durdy we aşaklyk bilen täzeliklere taýýarlyk görýärdi.
Beýik Serdaryň şahsyýeti – oý-pikirleri, işi we hereketleriniň entek batyn hem tebigy manysy türkmen taryhynyň täze görnüşi bolup kemala gelýärdi.
Özünden öňkiniň süýtde agzyny bişirenini göreniň suwy üfläp içýändigini ata-babalarymyz pähim edip bize miras galdyrypdyr. Saparmyrat Ataýewiç sowet ulgamynyň 60-njy ýyllardaky şowsuz özgertmelerini oňat bilýärdi. Hruşýowyň ykbalyndan ol özi üçin möhüm bir sapak edindi. Ol sapagyň düýp manysy şundan ybaratdy: Jemgyýetçilik ulgamyny syýasy taýdan özgertmän, ykdysady taýdan kämilleşdirmek, gurat etmek mümkin däl. Syýasy üýtgeşiklik bolsa sowetleriň iş ýüzünde dargamagydy. Çünki bu ulgam özüniň tebigaty boýunça şol durşuna kämilleşmäge ukypsyz gurluşdy. Şonuň üçinem ol M.Gorbaçýowyň Baş Sekretarlyga geçmegini oňatlyga ýordy. Onuň nämeden başlajagyny ol bilýärdi, muny Gorbaçýowyň özi hem bilýärdi. Emma onuň nähili ýol geçjegini we näme bilen gutarjagyny bir Nyýazow bilýärdi.
Beýik Serdaryň ilatyň durmuş güzerany diýip nebit, gaz meselesini gozgamagy iş ýüzünde milli özygtyýarlylyk meselesiniň orta atylmagydy. Biz şu günüň belentliginden bakyp, muňa indi-indiler düşünýäris. Emma şol wagtlar bolsa bu mesele bilgeşleýin köne ülňülerde we ulgamyň öz janyna howp salynýandygyny duýmazlygy üçin durmuş meselesi görnüşinde gozgalypdy.
2.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň döredijilik şahsyýetiniň esasynda ýatan şahyranalyk, psihoemosional refleksiýa ymtylyş onuň pelsepewi pikirlenmesiniň tebigatyny kesgitledi. Ol türkmen taryhynyň çeper-pelsepewi, emosional-nyşany teswirini berdi. Emma şu hili aýratynlygyna seredip, bu hadysany edebiýat hadysasy atlandyrmak onuň içki manysyny ýoýmak bolardy. Bu, birinjiden. tutumlylygy taýdan pelsepewi pikirlenmedir. Bu pikirlenme arkaly türkmeniň bäş müňýyllyk taryhynyň umumy-düýp manysy, taryhyň «şiresi» ýüze çykarylýar. Ikinjiden, bu özüniň ählumumy kanunalaýyklyk, ählumumy akyl tarapyndan esaslandyrylyşy taýdan edebiýat däl-de, hakyky pelsepedir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň bäş ruhy eýýamy hakynda pikir ýöredende, simwollar arkaly pikirlenýär. Nyşan bolsa ýöne bir gözellik däl, eýsem pelsepewi düşünjelerdir. Mälim bolşy ýaly, baryp beýik Platon mifologik nyşanlar bilen pikirlenipdir. Nyşan aslynda aňyň ählumumy, esas görnüşi bolan mifologik aňyň gurluşyndan gelip çykýar. Edil şol aňdaky ýaly, nyşan islendik zady-da, meseläni-de, tutuş barlygy-da ähli bitewüliginde hem janlylygynda «tutmaga» mümkinçilik berýär. Şonuň bilenem nyşan böleklere bölüp bolýan sillogizmden has rüstemdir. Nyşan sap sungaty kategoriýa bolan obrazdanam, mantygyň kategoriýasy bolan aňlatmadanam, didaktikanyň kategoriýasy bolan allegoriýadanam tapawutlydyr, olaryň hersinden hakykaty açyjylygy taýdan has çuňňur we düýpli zatdyr. Keşpden nyşan has çuňlugy, many-emosional köpgatlaklylygy bilen tapawutlanýar. Keşp surata many aňlatmak ukybyny bermekdir. Nyşan bolsa şeýle owal-başdan many aňladyjylyk ukyby bolan, obraz ýaly döredilýän däl-de, tapylýan suratdyr. N.Ýungyň arhetipler diýýän adamzadyň aňynda müňlerçe ýyllarda ýygnanan simwoliki birliklerdir. Şonuň üçinem keşp wagtlaýyndyr, çäklidir, nyşan bolsa müdimilikdir.
Nyşan aňlatmadan janlylygy, psiho-emosional täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mantygy aňlatma ýaş taýdanam nyşandan kiçidir, adamzadyň paýhas ýaşaýşynyň giçki döwürlerinde ýüze çykan, nyşandan açyjylyk tejribesi az bolan pikir görnüşidir. Aňlatma howaýylygy bilen az täsirli we diňe abstrakt pikirlenmä dahylly bir zatdyr.
Nyşan didaktikanyň dili bolan allegoriýadan özüniň many tükeniksizligi bilen tapawutlanýar. Allegoriýada many bilen şekili aňrybaşgalaşdyryp, allegoriýanyň düýbüne, aňyrsyna ýetip bolýar. Diýmek, allegoriýany püçege çykaryp bolýar. Nyşan bolsa asylbaşky çuňňurlygyna, täsirliligine we terligine galýar. Daşky taýdan nyşana meňzeşem bolsa, allegoriýa öz aşa şertliligi, belli bir derejede ýasamalygy, ýagny pikir arkaly ýasalanlygy bilen parhlanýar. Nyşan bolsa hemişe janlylygyna galýar. Allegoriýa – howaýy düşünjeleriň predmetleýin keşbe girizilmegi. Nyşan ýokarda aýdylyşy ýaly, döredilmeýär, ony adamzadyň pelsepewi-gözellik ruhy alapasyndan, aňasty ätiýaçlyk gorundan tapyp alýar. Ol adamzadyň ruhyýetiniň hem aňyýetiniň, sözüň oňyn manysynda, «etinden ötüp, süňňüne ornan», müňlerçe ýyllap şol ýerde gizlenip ýatan görnüşlerdir. Diýmek, ol ölmeýär, ol diňe wagtlaýyn has aňryk – içe gidýär we indiki tapylyp alynýança, şol ýerde baslygyp ýatýar. Nyşanyň adatdan daşary täsirliligi-de, adam süňňüni lerzana getirip, iniňi jümşülledýändigi-de şonuň üçindir. Nyşanyň psiho-emosional başarnyk-kuwwatynyň güýçlüligi üçinem din hemişe nyşana ýüzlenýär.
Nyşan – nygtap aýtsak – öň ýok zady döretmek däl-de, öňden bar zady gözläp tapmak. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem türkmen ruhunyň müňlerçe ýyllyk ýaşaýşynyň pelsepewi manysyny açanda, her eýýama degişli ruhy aýratynlyklary janlandyrýan nyşanlary taryhyň gatlaryndan tapýar we öz pelsepewi garaýyşlarynyň ulgamyndan olara laýyk orun berýär. Geliň, onuň türkmeniň bäş eýýamynyň ruhuna degişli nyşany – pelsepewi açyklamalaryna ser salalyň.
«Türkmen Ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni, jemgyýeti herekete getirýär.
Eger Oguz hanyň ýoly gönümellik, halallyk hem adyllyk ýoly bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiň dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk hem-de mertlik diýen ýörelgeleri bardyr...
Türkmen ruhunyň ikinji eýýamy biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyllaryndan başlanýar. Bu eýýam türkmeniň jahankeşdä öwrülen döwrüdi. Şonuň üçinem munda türkmeniň sapardaky, ýoldaky, aýak üstündäki aýan bolan ruhy häsiýetleri ýüze çykdy. Türkmen Oguz hanyň «Bir ýerde durma!» diýen pendini ýörelge edindi.
Ikinji eýýamda milletiň ruhy ýolbaşçysy Gorkut ata boldy. Bu döwrüň ruhy gopuz bilen beýan edilipdir. Yslamy meýletin kabul eden Gorkut ata Türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açdy. Özüniň iman, ahyrýet hakyndaky pelsepeleri bilen Gorkut ata ahlagyň täze gymmatlyklaryny işläp düzdi. Indi dünýä öňküsi ýaly üç däl-de, ikä geldi. Bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli, ahyrýetiň bardygyna iman getirildi...»
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda türkmen ruhunyň bäş eýýamynyň taryhyny şol taryhyň özünden alnan nyşanlar arkaly pelsepewi umumylaşdyrýar. Bu pelsepewi umumylaşdyrma esasynda her eýýam bitewi bir barlyk hökmünde göz öňünde janlanýar. Bu ýerde nyşanyň gurluşyndaky many hem-de keşp mynasybeti özüniň bütin janly gatnaşygyny doly saklap galýar. Her eýýamyň sypaty – nyşany – oňony şol eýýamyň ruhy-taryhy aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Keşp düýp manyny şöhlelendirýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamlaryň täzeliklerini beýan edende, nyşanyň dialektiki aňladyş mümkinçiliklerini peýdalanýar. Öküziň, böriniň, bürgüdiň, goçuň, atyň simwolikasy eýýamlarda türkmen milli ruhunyň ösüşinde özüni bildiren aýratynlyklary, ruhuň ýüze çykan transformasiýasynyň beýany arkaly mantygy esaslandyrylýar. Özem olar beýan edilende ýazaryň dili tutuşlygyna nyşany mana we öwüşginlere eýe bolýar. Iň esasy bellemeli zat: netijede özboluşly nyşany bitewülik, keşp, baglanyşyk – kontekst emele gelýär. Şol baglanyşykda her jümle, her sözlem, her aňlatma yşaraty – nyşany ýaşaýyş äheňine eýe bolýar. Munuň özi Beýik Serdaryň bitewi nyşany-pelsepewi aňladyjylykly dünýägaraýyş baglanyşygynyň emele gelendigini aňladýar. Bu taryhy-pelsepewi garaýyşlara çuňňur taryhylyk mahsusdyr. Taryhy-ruhy tejribäniň oňynlygydyr näoňynlygy hakynda gürrüň edende, ýazar her eýýama, her döwre taryhylyk nukdaýnazaryndan çemeleşýär.
Türkmeniň ruhunyň bäş eýýamy baradaky nyşany-pelsepewi taglymaty Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň köňlüne inen pelsepewi ylhamyň miwesidir. Pelsepewi ylham şahsyýetiň göwün-paýhas bitewüligine berilýän ylhamdyr. Şonuň netijesinde ol taryhyň düýp manysyna yzygiderlilikde hem bitewülikde göz ýetirip bilýär. Munuň özi taryhyň içki özenine nazary äňetmedir. Pelsepewi ylham inende göwün gözi açylýar. Göwün gözi akyl gözüniň açylmagyna öz gezeginde sebäp bolýar. Örän uzak taryhy eýýamlardaky hakykatyň ruhuna aralaşmak üçin ýazar öz kalby, duýgulary, ähli syzgylary bilen şol eýýamlaryň içine siňip gitmeli bolýar. Şeýdip ol eýýamyň kalbyny dikeldýär. Her eýýama berilýän pelsepewi baha mantyk taýdan gutarnyklydyr we kesgitlidir. Olaryň üstüne goşara ýa olardan aýrara ýekeje-de zat ýokdur. Munuň özi pelsepewi pikirlenmäniň kämillik derejesinden habar berýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepewi ylhamynyň miwelerini Mukaddes Ruhnamanyň birinji bölüminde hem görüp bolýar. Bu ýerde ol häzirki döwrüň taryhy pursatyň düýp pelsepewi manysy hem-de Mukaddes Ruhnamanyň taryhy zerurlygy barada pelsepewi pikir ýöredýär. Bu ýerde bäşinji bölümden tapawutlylykda ylmy-pelsepewi oýlanmalara duş gelýäris. Şeýle pikirleniş aýratynlyklary awtoryň taryhy wagt baradaky oýlanmalarynda oňat ýüze çykýar. Mantygyň dürli pikirleniş tärleri arkaly türkmen hem umumyadamzat taryhynyň ylmy-pelsepewi möhüm zatlary ýüze çykarylýar. Magtymguly Pyragydan soň, türkmen halky ýekeje akyldary-da öňe çykaryp bilmedi. Bu halkyň ruhy ýagdaýy üçin pajygaly hadysadyr. Çünki milli akyldarsyz galmak – ähli milli ýaşaýyş tejribäňi süzgüçden geçirip oturan akylyň bolmazlygydyr.
Millet ýaşaýyş tejribesini edinip bilenok. Ol diňe ýöne ýaşamaga meşgul. Çünki pelsepewi paýhasyň ýoklugynda ýaşaýyş tejribesi diýilýän zat emele gelmeýär. Munda prosesiň özi bar-da, ahyrky akyl netijesi ýok. Bu, pikir edip otursaň, elhenç ýagdaýdyr.
Beýle pajygaly ýagdaý öz-özünden ýüze çykmady. Ony ýörite döretdiler. Milletiň ruhuna ýat taglymatlaryň ornaşdyrylmagy, ýöne olaryň milli ýaşaýşyň aýratynlyklaryna laýyk gelmän, milletiň aňyna siňmezligi milletiň akyl-paýhas taýdan tejribesiz galmagyna sebäp boldy.
Şeýle näoňyn tejribäniň nukdaýnazaryndan seredeniňde, Beýik Serdaryň türkmen taryhynyň häzirki döwri baradaky pikirleri has hem wajyplaşýar. Millete pelsepewi-döredijilik paýhasyň howa ýaly zerurlygy belli bolýar.
3.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhyň sapaklary baradaky pelsepewi oýlanmalaryndaky aýratyn möhüm mesele – taryhy wagt meselesidir. Mälim bolşy ýaly, wagt meselesi XX asyryň dünýä pelsepesinde möhüm mesele hökmünde M.Haýdegger, Mid, L.Şestow, Ýaspers, Sartr ýaly akyldarlar tarapyndan köp işlenildi. Edil Haýdegger anyk wagtdan tapawutlylykda ekzistensial wagt geljekden geçmişe tarap akýar diýse, Şestow Hudaý geçmişi üýtgedip durýar diýip tekrarlady. Amerikan akyldary Mid bolsa geçmişi biz şu güne nähili suratda gerekli bolsa, şonuň ýaly edibem göz öňüne getirýäris diýip aýdýar.
Elbetde, uly akyldarlaryň hersiniň öz gürleýiş äheňi, öz many ulgamlary bar. Saparmyrat Türkmenbaşy geçmişe şu günüň wajyplygynyň, şu güne bolsa geçmişiň potensiallygynyň nukdaýnazaryndan seredýär. Munuň özi häzirki garaşsyz nesliň baknaylykda ýaşan ata-babalaryňam ömürleriniň manysyna many goşýandygyny, olaryňam deregine ýaşaýandygyny aňladýar. Muňa akyl ýetirmek üçin taryhy wagtyň bitewüligini aňlamagy başarmaly. Wagtyň bitewi tebigaty hakynda Beýik Ruhata Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Men Ruhnama arkaly geçmişi, şu güni hem geljegi bir sapaga düzdüm.
Geçmiş – geljegiň yşaraty, şu gün geçmişiň netijesi, geljek bolsa – şu gün bilen geçmişiň nikasydyr. Onsoň geljegiň hili-de, onuň nähili boljakdygy, nähili bolmajakdygy içki taýdan biziň geçmişi aňlap bilşimiziň hiline baglydyr.
Geljegiň mümkingadarlygy – biziň geçmiş hakykatlarynyň haýsynyň geljekde dowam etmelidigine we haýsynyň kör galmalydygyna akyl ýetirip bilşimiziň we munuň hötdesinden gelip bilşimiziň mümkingadarlygydyr. Diýmek, geljegiň hakykylygy – bu biziň paýhasymyzyň we erkimiziň hakykylygydyr».
Şujagaz parçada azyndan üç sany düýpli pelsepewi mesele goýulýar hem özüniň çözgüdini tapýar.
Birinjiden, bu Ruhnama ýaly ruhy gymmatlygyň taryhyň ösüşine täsiri meselesidir.
Ikinjiden, bu milli aňyň taryhy wagta gatnaşygy meselesidir.
Üçünjiden, bu taryhyň ösüşinde akyl bilen erkiň gatnaşygy meselesidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle meseleleri goýmak bilen taryhy wagtyň adam aňy we adam erki bilen amal edilýändigini tekrarlaýar. Geljek adam aňynyň hem-de erkiniň elindedir. Adam geljegi näderejede we nähili aklaýan hem öz erki bilen ykrar edip bilýän bolsa, oňa şo hili geljek hem garaşýandyr. Taryhy ösüşiň özakymlylygy adamyň ýa milletiň ruhy döredijilik işi bilen ulgamlaýyn häsiýetdäki gelejege öwrülýär. Eger taryhy işjeňlik bolmasa, onda millet taryhy wagtyň däli siliniň içinde nalaç akyp barýan bir biçäre barlyga öwrülýär. Şonuň üçinem ata-babalarymyzyň soňky birnäçe asyrdaky hunabaly geçen ykbalyny gaýtalamak islemesek, millet hökmünde geljegi aňymyz arkaly göz öňüne getirmeli we şu göz öňüne getirilişi öz erkimiz arkaly durmuşa geçirmegi başarmalydyrys.
Munuň özi milletiň geljegi gurnamak baradaky ruhy-akyl mümkinçiligini-de, ruhy-akyl borjuny-da ykrar etmek bolup durýar. Meseläniň şeýle çözgüdini taryhy-pelsepewi ruhubelentlik hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şu hakykata biziň hemmämizden öň we hemmämizden çuň akyl ýetiren akyldar hökmünde öz halkyna Mukaddes Ruhnamany – has takygy, Mukaddes Ruhnamanyň birinji we ikinji kitaplaryny bagyş etdi. Hut şu jähetdenem Mukaddes Ruhnamanyň şamçyragdygy hakyndaky pähimiň düýp pelsepewi manysy açylýar.
* * *
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy iki kitapdan ybarat bolan Mukaddes Ruhnamasynda şahsyýet, taryhy şahsyýet hakda pelsepewi pikir ýöredýär. Şol kitaplarda nygtalyşy esasynda aýtsak, taryhy şahsyýet asla diňe endik esasynda hereket edýän adam däl. Erk we erkinlik hem asla-da endigiň hadysasy däl-de, şahsyýetiň özi tarapyndan aýdyň aňlanylýan aňüsti esaslardyr. Bu ýerde intuisiýanyňam belli bir orny bardyr weli, ol asylam kesgitleýji zat däldir. Şonuň üçinem bu meselede näçe çuňňur hem özboluşly aýdandygyna garamazdan, F.Nisşäniň «döredijilik intuisiýasy» diýýäni bilen ylalaşasyň gelip baranok. Taryhy şahsyýet, esasan, intellektiň hem erkiň hökmürowanlygy bolup göz öňüne gelýär. Intellekt oňa taryhyň mantygyny we depginini aňlamaga mümkinçilik berýär, erk bolsa bu aňlamany amal etmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Diýmek, intuisiýa asylbaşky gözbaş, iteriji bolaýanda-da, taryhy wezipäni çözmegiň esasy serişdeleri beýik şahsyýetiň intellektual kuwwaty we erk başarnygydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasyndaky «Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär» diýen pähiminiň çuňňurlygy-da şu meseläniň özünde oňat açylýar. Diýmek, şahsyýet öz intellektual kuwwaty we erkliligi taýyndan adatdan daşary şahsdyr. Bu adatdan daşarylyk onuň hususyýetinde ýönekeý adamyňkydan tapawutlylykda diňe özüniň däl, eýsem birnäçe ömürleriň tejribesiniň tebigy suratda jemlenip bilýänligi bilen şertlendirilýär. Jemlenişiň tebigylygyny bolsa, elbetde, şahsyýetiň Alla beren duýgurlyk ukyby üpjün edýär.
Beýik Serdaryň degişli pelsepeleri taryhy pelsepewi pikirlenme bilen anyk taryhy-ylmy pikirlenmäniň arasyndaky mynasybete akyl ýetirmäge ýardam edýär. Ol türkmen halkynyň taryhy döredijilik hyzmatlary barasynda şeýle ýazýar: «Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýäm adamzat gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymmatlyklaryň içinde ruhy gymmatlyklar hem, maddy gymmatlyklar hem bar.
Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy – bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň göze dürtülip duranlarydyr...
Kämillik hem gaýtalanmazlyk – ine, gymmatlygyň baş ölçegleri. Şeýle gymmatlyklar türkmeniň özüniň millet hökmündäki kämilliginiň we özbaşdak ösüş hökmündäki gaýtalanmazlygynyň üstüni açýar. Çünki eseriň kämilliginde ussadyň kämilligi aýan bolýar».
Görnüşi ýaly, pelsepewi pikiriň ýiti dialektikasy awtora hiç hili maglumaty ulanmazdan, beýik taryhy açyşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şondan çen tutsaň, pelsepewi pikir, biziň kämahal pikir edişimiz ýaly, taryhy maglumatlaryň umumylaşdyrmasy däl. Ol özüniň genezisi boýunça taryhy anyk maglumatlary taplamaklyga, jemlemeklige esaslananok. Tersine, ol adama intellekti bilen bilelikde berlip, hakykatyň anyklyklaryny açmagyň tebigaty boýunça başga hili intellektual serişdesi bolup durýar. Akyldar anyk ylymlary umumylaşdyryjy alym däl, pelsepe-de anyk ylymlaryň umumylaşdyrylan toplumy däl. Ol hakykatyň içki özenine akyl ýetirmegiň özbaşdak bir syzgysy hökmünde göz öňüne gelýär.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz intellektiniň baş aýratynlygy, tebigaty boýunça akyldardyr. Hut akyldarlygy hem oňa şahyrlykda-da, alymlykda-da, ýazyjylykda-da, syýasatçylykda-da adatdan daşary güýçli bolmaga esas berýär. Adamzadyň edebiýat, sungat, ylym, syýasat ýaly anyk akyl-ruhy işi jan bolsa, pelsepe şol janyň dilidir ýa-da ol ruhy-edebi gymmatlyklar gaýyk bolsa, pelsepe şol gaýygyň kürekleridir. Içinde dili bolmasa, jandan owaz çykmaz. Küregi bolmasa, gaýyk ýerinden butnap bilmez.
Döredijilik şahsyýetiniň asyl, zandy akyldardygy üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana eserleri gurluş çuňňurlygyna, düýplüligine, maňyzlylyga hem-de goýazylyga eýe bolýar. Olarda orta atylan islendik mesele köki, düýp-teýkary bilen «goparylyp alynýar». Kemine şahyryň sözleri bilen aýdylanda, ol mowzuk meýdanynyň bar oragyny orup gidýär weli, soňkulara, hötdesinden gelip bilseler, diňe hoşany çöpläýmek galýar.
4.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eserlerinde pelsepewi pähimdarlygynyň esasy artykmaçlyklarynyň ýüze çykýan ugry-da dünýä düşünmekdäki pikirleniş goýazylygydyr. Ol barlyga, hakykata pelsepewi ýa umuman akyl ýetirişiň kanunalaýyklyklary meselesinde özboluşly hem täsin pikirleri öňe sürýär. Ol pikirler täzeligi, terligi hem-de meseläni bitewülikde açýanlygy, akyl ýetiriş aktynyň heýjana getiriji dialektikasyny «tutýanlygy» bilen haýran edýär. Bu «pursatlaýyn» belliklerde kanunalaýyklygyň we ählumumylygyň şiresi bar. Olaryň käbirine seredip geçeliň.
«Şonuň üçinem Ruhnama meniň diňe bir öz halkyma – türkmenime düşünişimiň däl, eýsem, özüme-de düşünişimiň usulydyr. Meniň ynanyşyma görä, akyl eýesiniň dünýä düşünişi onuň öz-özüne düşünmegi bilen şertlendirilendir. Milletiň taryhy hakydasynyň ummanyna özüňi oklanyňda, sen öz kalbyň ummanyna-da çümýändigiňi, şu bir bada, bir wagtda iki ugurlaýyn hereketiň ýok ýerinde akyl ýetirmäniň we pelsepäniň mümkin däldigini aýdyň aňlamak gerek».
«Hakykat ýeke bir pikiriňi, paýhasyňy orta goýanyň bilen ýetdirmeýär. Ol ýüregiňi-de goýmagyňy talap edýär. Ol seniň özüňi lükgeligiň bilen, seniň ykbalyňy, ömrüňi tutuşlygyna talap edýär».
«Watan bilen ykbaldaşlygym meni indi-indiler bir pelsepe açyşyna iterýär, sebäp diýeniňde, islendik pelsepe açyşynyň deslapky şerti – duýgy açyşydyr».
«Adam – Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyň süňňi-de özge janly-jandaryňkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty syzmaga ukyplydyr».
«Meniň kalbym – meniň hakydam Oguz hanyň, Togrul begiň, Görogly begiň, ýene-ýeneleriň ýaşaýan ruhy meýdanydyr...
Meniň maksadym-da öz kalbymyň üstaşyry bu ruhy meýdanda ýaşaýan ärleriň howalasyny her bir türkmeniň kalbyna geçirmekdir».
«Allatagala baş ýaşaýyş serişdesi diýip, adama akyl beripdir. Şonuň üçin hem akyl adam ýaşaýşynda maddy, beden serişdelerinden – elden, aýakdan, zähmet gurallaryndan, güýçden soňky goşmaça serişde däl-de, olardan öňki baş serişdedir».
«Adamy adam eden ylymdyr».
«Ruh – adam bedeniniň ýetmezini doldurýan, adamy ululyk taýyndan dünýä barabar edýän zatdyr».
«Ýüregiň, kalbyň gözüni açmazdan owal paýhasyň gözüni açmaly. Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir».
Bu pelsepelerde dünýä, barlyga akyl ýetirişiň intellektual hem emosional ugurlarda tebigy bitewileşýär. Şonuň bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepeleri özboluşly paýhas kuwwatyny özünde saklaýan syzgy-duýgy hökmünde öňe çykýar. Dünýä pelsepewi pikiri bilen arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan, bu pelsepeler mantygy pozitiwizmde, fenomenologiýada, enzistensializmde, strukturalizmde we gaýry pelsepewi akymlarda goýlan hem başgaça çözülen akyl ýetiriş meselesini öz içine alýar. Şonuň üçinem olary şeýle-de okap, özleşdirip bolar, ýöne dünýä pelsepesiniň taglymatlar mekdebini geçip okasaň, bularyň many alşy bütinleý başgaça bolar. Taryha akyl ýetiriş meselesinde N.Berdýaýewiň, akyl ýetirişiň dünýewi tebigaty meselesinde Haýdeggeriň, Ýaspersiň, akyl ýetirişde intellektual-emosional, ýagny ruhuň bitewüligi meselesinde Sartryň akyl-paýhas gorundan geçip okanyňda, bu ajaýyp pelsepeleriň çyn agramlylygy we esaslylygy oňat aýan bolýar. Bu – bir tarapdan. Beýleki tarapdan, olar Mukaddes Ruhnamanyň özeninde özboluşly häsiýeti alýar. Ondan-da beter, türkmen taryhynyň we türkmen akyl-paýhasynyň ýaýrawynda bolsa bu pelsepeler paýhasyň kämilleşiş güýjüni görkezýär. Şonuň üçinem olar türkmen durmuşynyň sap amaly akyl hajatynyň tenekary bolup durýarlar.
Şu aýdylanlar bir zada – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň intellektual gorunyň diňe bir türkmen däl, eýsem dünýä paýhasyna esaslanýandygyna şaýatlyk edýär. Mukaddes Ruhnama – dünýä pelsepesiniň iň ýokary derejesiniň hadysasydyr. Ýöne Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz pelsepesini bir bitewi ulgam görnüşinde gurnamak bilen, şol dünýä paýhasyny türkmen durmuşynyň hajatlarynyň hyzmatyna duruzmagy, türkmen paýhasyny dünýä derejesine çykarmagy, dünýäni bolsa türkmençe gürletmegi başarypdyr.
Özüniň pelsepewi tutumlylygy taýyndan bu pelsepeler ýöne bir durmuşyň däl, eýsem tutuş ýaşaýşyň parasatydyr. Durmuş – adamzat günema-gündelik hakykaty, ýaşaýyş bolsa düýpleýin-ählumumy hakykatydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyldarlygy syýasatçylygynyň güýçli bolmagyny üpjün edýär diýip nygtamak isleýäris. Akyldar hökmünde anyk taryhy wagtyň – häzirki döwrüň ähli aýratynlyklaryna çuňňur akyl ýetirýän taryhy şahsyýet öz syýasy ýörelgeleriniň esasly hem düýpli bolmagyny gazanyp bilýär. Dünýäniň hem-de milletiň ösüşinde bir möhüm pursat bolup durýan häzirki döwrüň umumy aýratynlygyndan ol syýasy garaýşynyň-tutumynyň anyklyklaryny getirip çykarýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy häzirki taryhy döwür barasynda şeýle pelsepewi-umumylaşdyryjy pikir ýöredýär:
«Ykbal maňa iki sany müňýyllygyň sepgidinde türkmene baştutan bolmak paýyny berdi. Halkymy ikinji müňýyllygyň soňky asyryndaky şowsuzlyklaryndan we ters täleýinden üçünji müňýyllygyň belentliklerine alyp çykmak jogapkärçiligi boýnuma düşdi... Men diňe bir özüme berlen şeýle gujury däl, eýsem tutuş türkmene bagyş edilen bir milletlik ruhy güýç-kuwwaty özümde jemlemelidigime düşündim».
«Meniň baş pelsepäm – Bitewülik pelsepesidir... Ýarym hakykatyň ýalandan hem uly zyýanlara getirýändigi bellidir. Hususylyk bolsa biziň döwrümiziň paýhas ýörelgeleri üçin iň uly duzakdyr».
«Beýik Biribaryň taryhdaky erkini we eradasyny gürrüňsiz ykrar etmek bilen bir wagtda, biz geljegiň öz ellerimiz bilen hem döredilmelidigini aýtmalydyrys».
«Belanyň körügi Günbataryň we Gündogaryň garaýyşlarynyň we gymmatlyklarynyň kes-kelläm bir ýere sygyşmaýanlygynda ýa-da dinara gapma-garşylyklarda däldir, eýsem-de häzire çenli saklanyp galan halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamynyň häzirki görnüşinde mundan bu ýana syýasy ýagdaýlara we Zeminiň ilatynyň isleglerine bap gelmeýänligindedir. Şu hem XXI asyryň häsiýetnamalarynyň biridir».
Mukaddes Ruhnamanyň pelsepeleriniň esasy meseleleriniň biri – Wagt meselesidir. Olarda ýokardaky ýaly Wagtyň taryhy manysy bilen birlikde Wagtyň metafiziki-ekzistensial manysy-da ykjam açylyp görkezilýär. Ekzistensial wagt taryhy wagtyň ruhy näoňynlygy hökmünde häsiýetlendirilýär.
«Geçmiş – taryhyň gaýyba giden, indi gaýtalanmajak wakalarydyr. Hakyda bolsa geçmişiň taryhy bitewülik zerarly entegem dowam edýän we soňam boljak içki özenidir.
Hakyda – adamyň başynyň ölümliligi sebäpli wagt taýdan aýra düşen nesilleri ruhy taýdan baglaşdyryjy, bitewileşdiriji ruhy endikdir».
Beýik Serdaryň şu hili pelsepewi kesgitlemelerinden taryhy wagtyň ekzistensial wagtdan aratapawudy gelip çykýar. Diýmek, birinji wagt adam aňynyň daşyndaky wagt bolsa, ikinjisi adam aňynyň, ruhunyň amalyýeti bolup durýan ruhy ontologiýadyr. Beýik Serdar türkmen milletini ruhy-aňyýet taýdan ýokary galdyrmagyň alajy hökmünde ekzistensial wagtyň çuňlaşdyrylmalydygyny nygtaýar.
«Adam – Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr».
«Ýokluk birdir, barlyk üçdür.
Özüň – şu günki barlygyň, perzendiň – ertirki barlygyň, ataň bolsa düýnki barlygyňdyr.
Bu pikirleriň bary şahsyýetiň wagty ekzistensial duýşy barasyndadyr. Olar şahsyýetiň dünýewi aňlaýşyň özboluşly syzgylaryna çykandygyny görkezýär. Bu intellektiň derejesi bilen baglanyşyklydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamalarynda edep dünýägaraýşynyň çuňňur hem-de özboluşly ulgamyny beripdir. Onuň ahlak pelsepesi milli öwüşginliligi hem-de çuňňurlygy bilen tapawutlanýar.
Publisistika