DAMJAJYK WE KERSEN HAKYNDA ERTEKI
Bir bar eken, bir ýok eken. Bar zad-a bar eken, ýok zadam ýok eken. Gadym zamanda däl-de, biziň eýýamymyzda, bir gün Akdaşaýak obasyna güýçli gar ýagypdyr. Uzak gije syrap ýagan gar, jaýlaryň üçeklerini ak ýorgan bilen örtüpdir. Emma ertesi lowurdap Gün çykyp, howany gyzdyryp ugrapdyr welin, jaýlaryň üçeklerindäki akja gar assajadan eremäge başlapdyr. Onsoň bir jaýyň üstündäki gar ýapynjasynyň astyndan syrygyp gaýdan birje damjajyk, joýanyň ugry bilen üçegiň gyrajygyna barypdyr-da, assyrynlyk bilen aşaklygyna jyklapdyr.
Görse, ýerde, bir erňegi ternawyň içinde, beýleki erňegi ternawyň raýyşynda, suwdan ýaňa püre-pür bolandygy hem-de durşy yrgadygy sebäpli, düňderilmäge taýýar bolup, bir äpet demir kersen ýatyrmyş. Özi-de doýmaz-dolmazlygyny edip, damjajyk aşak gaçan badyna ony-da suwdan ýaňa julkuldap ýatan garnyna ýuwutmak üçin tes-tegelek agzyny hatap ýaly açýarmyş.
-Essalawmaleýkim, kersen aga!-diýip damjajyk “gorkan öňürder” diýlişi ýaly, ýerde ýatan kersene jyňňyldap salam beripdir.
-Eger-de ýalan sözlemeýän bolsaň, waleýkim essalam!-diýip kersen gorkunç ýogyn sesi bilen taňňyrdapdyr. Soňam damjajygy hasam eýmendirmek üçin:
-Şunça salam bermedik bolsaň seni iki üzüp bir ýalmardym!-diýip haýbat atypdyr.
Damjajyk kiçijigem bolsa äpet kerseniň haýbatyndan çekinmändir. Sebäbi ilki bilen-ä ol batyrja ekeni, galyberse-de kerseniň suwdan doly äpet garnyny göterip, üçege dyrmaşyp çykyp bilmejekdigine düşünipdir. Emma üýşenmese-de damjajyk kerseniň ýaşy özünden uly bolandygy sebäpli, oňa sypaýyçylyk bilen ýüzlenmegini dowam edipdir:
-Kersen aga-how!
-How diýdim saňa, damja han!
-Men bir, ýere bökäýsem diýýän. Mydam üçegiň erňegine daňylyp durman, bu giň jahana syýahatymy dowam edäýmek niýetim bar welin, bökjek ýerimden sähel-mähel gyraraga süýşüp bilmezmikäň?
-Süýşmän näme, damja han! Saňa gerek bolsa gaty süýşerin!-diýip açgöz kersen damjajygy öte sadadyr öýdüp, akja gardan erän süýjüje lukmany tizräk lak-luk atmak üçin, şelaýynlyk bilen sapalak atmaga başlapdyr:-Ýöne seniň jyklap duran ýeriň juda beýikde. Şol belentlikden gaty topraga bökseň, bijaý düşüp, bir ýeriňi agyrtmagyň ähtimal! Gowusy, sen damja han, meniň üstüme bökäýsene! Ine, görýärsiňmi, meniň garnym özüň ýaly damjajyklardan doly. Olaryň arasyna gaçsaňam synaňy agyrtmarsyň. Gaýta ýumşajyk, mylaýymja suwa jülpüldäpjik düşüp, ol ýerde öz deň-duşlaryň bilen heziller edip, iki-ýana ýüzüp-agynap ýaýnarsyň.
Äpet kerseniň ýalan-ýaşryk gürrüňine aldanyp onuň holtumyna ýesir düşen damjajyklar bolsa onuň ýene-de bir damjajyga hile gurýandygyny eşidip, kerseniň tes-tegelek garnynda ýerli-ýerden jyňňyldaşyp:
-Eşidýäňmi, damjajyk-dogan?! Oňa ynanaýma! Ol saňa duzak gurýar! Bizi aldaýşy ýaly, seni-de aldap, özüniň doýmaz-dolmaz garnyna ýuwutmak isleýär!-diýşip, goh turzupdyrlar.
Damjajyk öz doganjyklarynyň inçejik owazlaryny eşidipdir-de, mähnet hem ýalmawuz kersenden heder edip, üçegiň erňeginden yza-yza tesipdir. Aşakdan bolsa ýuwdarha kerseniň holtumynyň bendisi bolan görgüli damjajyklaryň naýynjar owazy eşidilip durupdyr:
-Bu ýuwhanyň mekirligine ynanyp, bökäýmegin, damjajyk-doganjyk, zynhar bökäýmegin! Soň sen hiç ýere-de syýahat edip bilmersiň, gaýta erkinligiňi eliňden aldyryp, biz ýaly, kersen-ýalmawuzyň bendisine öwrülersiň!
Mähnet kersen bolsa damjajygyň özünden gizlenendigini görüp, gazap atyna atlanyp, öz holtumyndaky bendi damjajyklaryň üstüne herrelipdir:
-Kesiň sesiňizi! Sem boluň! Ýogsa-da, häzir baryňyzy iki ýaňa çaýkandyryp, ýokaryk oklap-gapyp, başyňyzy-gözüňizi aýlaryn! Halys öte geçiberseňizem, yzyňyza çykararyn-da ählijäňizi täzeden ýuwdaryn!
Äpet kerseniň haýbatyndan gorkularyna onuň garnyndaky damjajyklaryň hemmesi jyňňyldamalaryny tapba kesipdirler.
Öz doganjyklarynyň halyna haýpy gelen damjajyk bolsa ýaňyja dünýä inendigine garamazdan örän üşüklije ekeni. Onuň akyllyja kellesinde damjajyk-doganjyklaryny nädip ýuwdarha-kerseniň holtumyndan halas etmelidigi hakynda bir batyrgaý pikir döräpdir. Ol kerseniň gözüne görünmejek bolup, üçegiň erňeginden aşak ogrynça jyklapdyr-da, kerseniň haýsy tarapa has yrga durandygyny mazaly synlapdyr. Birdenem örboýuna galypdyr-da:
-Doganjyklarym! Men häzir siziň ähliňizi bu doýmaz-dolmazyň holtumyndan azat ederin!-diýip inçejigem bolsa, juda ýitije sesi bilen gygyrypdyr-da, şol belentlikden bat alyp, kerseniň iň yrga tarapyna böküpdir. Şol pursadam iň soňky damjanyň badyna kersen ala-takyrdy bolup ternawyň içine düňderilipdir. Onuň holtumynda birnäçe gün bäri bendilikde ýatan müňlerçe damjajyklar hem şol bada öz gaýduwsyz damjajyk-doganlaryna alkyş baryny aýdyp, ala-gykylyk turzup, ternawyň ugry bilen giň jahana syýahata ugrapdyrlar.
Nebsine “haý” diýip bilmän, aza kowalaşyp köpden galan açgöz kersen bolsa düňderilgi ýatan ýerinden:
-Munyňyz jyzmak bolýar-a-how, damjajyklar!-diýip erkinlige çykan damjajyklaryň müňlerçesinden emele gelen şadyýanja akarjagazyň yzyndan hüňürdäp galyberipdir. Wessalam, erteki tamam.
Ertekiler