23:23 Gülkä gülmeseñ... | |
GÜLKÄ GÜLMESEÑ...
Degişmeler
Uruş ýyllary ýaşulular, gujurly zenanlar billerini berk guşap, Hywa kerwen gurap giderdiler. Haly-palaslary, keçedir içmekleri, gelin-gyzlaryñ şaý-seplerini haryt hökmünde tüwä, jöwene, mäşe, künji ýaga çalşyp, yzlaryna dolanyp gelerdiler. Güýz, gyş aýlary iki gezek gidip gelnerdi. Şeýdip oñşugy dolardylar. Kerwen ýoluna düşülende, odun ýygmaly, ot ýakmaly, çaý-nahar edinmeli. Şonda biriniñ eline tiken geçipdir. Ol goşa gelip: - Ho... ow, sakaldaşlar, kimde temen bar? - diýip, soraýar. Adamlaryñ biri telpeginiñ içinden sapakly temeni çykaryp berýär. Oña begenýär, berekellasyny ýetirýär. Tikeni temen bilen alýar. Temen eýesine bolsa tañryýalkasynyñ deregine: - Haý, sakaldaş, sen-ä gyrnak goşluja ekeniñ-ow - diýýär. * * * O ýyllar peçde ýalazy odun ýakylardy. Gowgadan gaýdyp gelýänler-de bardy. Agşamara käbir öýlerde üýşüşip oturylardy. Esgerlikden gelen ýigit aýakuçda, peçiñ agzyna golaý oturýar. Ýaşulynyñ biri: - Pylany, sallatçylykda orslañ dilini öwrenensiñ? - diýýär. - Otur-tury, çörek dilemen-ä öwrendim. - Peçe odun sal diýende, orslar näme diýýär? - Olar-a onuñ ýaly ýumuş buýurmaýarlar-da, özleri turup peçe odun salyberýärler - diýip, esgerlikden gelen jogap berýär. * * * Mugallym okuwçylara şeýle diýýär: - Ýuwaş oturyñ! Maña, siñek uçup gelse, ganatynyñ sesi eşidilsin! Çagalar bir minut ýaly ümsüm oturýarlar. Birden okuwçylaryñ biri: - Hany, onda siñek? - diýip gygyrýar. * * * - Şu ýerde näçe adam işleýär? - Brigadir bilen on adam. - Brigadirsiz näçe adam? - Brigadirsiz hiç kim hem işlemeýär. * * * - Sen näme üçin işlemeýärsiñ? - diýip, daş örüji işdeş ýoldaşyndan soraýar. - Öten agşamky oturlyşykdan soñ elim sandyraýar. - Onda, bar, palçyga garar ýaly çäge eläber! * * * Bir adam ýaş gelinden: - Gaýneneñ ölümini isleýärmiñ? - diýip sorapdyr. - Ýog-eý, Hudaý saklawersin, daş edewersin! - O näme üçin? - Begenjimden özüm ölermikäm diýip gorkýaryn! * * * Bir adam azy ýaran geline: - Buşluk, gaýnataña guzy dişi çykypdyr - diýipdir. - Çyksa çykybersin, dişi dökmek çep elimden gelýändir - diýip, gelin jogap beripdir. * * * Biri haý-haýly gelne: - Tüweleme, gaýneneñ goñşymyzyñ toýuna täze köýnek geýip gelipdir - diýipdir. - Geýse geýibersin, ertir otly köýnek geýmeli bolar - diýip, gelin jogap beripdir. * * * Dost dostundan habar alypdyr: - Dost, özüñ ýatyp, özüñ turýarmyñ? - Ýok, aýalym ýatyryp turuzýar. Toplan: Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |