19:05 Guzy hem möjek hekaýaty | |
GUZY HEM MÖJEK HEKAÝATY
Guzynyň ýanynda ýokdy enesi, Ony Möjek görüp, geldi iýesi. Derrew ylgap bardy onuň ýanyna, Guzyň ysy ýarap barýar janyna. Alkyş bolsun diýdi pasly bahara, Ony iýjek bolup gözläp bahana. Bire baglap diýdi umyt-hyýaly: “Sen nämüçin aw edeňok biz ýaly?” Gorkusyndan saňňyldady guzyjyk. “Men-ä ot iýýärin, günde azajyk...” “Kimmişiň sen, sözüme garşy gidip!..” Möjek azgyryldy dişin syrtardyp. (Bahanasy birhiliräk Möjegiň, Wah, guzujyk, budur seniň görjegiň!..) “Samrap dursuň meni kime meňzedip!?.” – Diýip, Guzujygy iýdi hezl edip. Her bir işiň azap, maňlaý deri bar, Hiläniňem, aldawyňam ýeri bar. | |
|
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||