HAT
Öýüň içi ümsümlikdi. Diňe on iki ýaşly Hatyja çyra ýanyp duran stoluň başynda sarsman otyrdy. Onuň owadan gözleriniň kenaryna düzülen uzyn kirpiklerindäki dury hünjler çyranyň ýalkymyna buldurjyraşyp asylyşyp durdy. Olar birdenem, stoluň üstündäki ak kagyzyň üstüne degip, pytyrap gidýärdiler. Onuň owadan kirpikleri gözleriniň owadan okarasyna batyp, täze hünjüleri alýardy-da, täzeden olary monjuga öwrüp, soň seçelendiriup goýberýärdi.
Gyzjagaz stoluň üstündäki hatdan gözlerini aýranokdy.
«Eje jan, sen meni näme üçin taşlap gitdiň? Bu dünýäde sensiz ýaşasym gelenok, käbäm. Meniňem ölüp, seniň ýanyňa gidesim gelýär.
Sen ýogalanyňdan soň, kakamyň öýe getiren aýaly şu içerä her sapar girip çykanda, men müň gezek ölüp direlýän, eje jan!
Ol seniň köýnegiňi geýip, toýa dakynýan ýaglygyňy başyna atanda ýüregime otlar düşýär. Kakmyň otagynda, seniň ýeriňde ýatanda bolsa janyma jaý tapamok. Oňa: «Ejemiň zatlaryny elleme diýsem, kakam käýeýär. Ol kakamy hem azdyrdy. Onuň bişiren naharyny däl, eliniň degen zatlarynam ýigrenýärin. Kakam bolsa onuň bişiren naharyny arkaýyn iýip otyr. Öýmüziň ähli ýerinde seniň mähriban eliň yzlarynyň baky galaryny isleýärin, eje jan...»
Goňşy otagdan ynjyly üsgülewik sesi çykdy.
– Bibi, Bibi, aý, Bibi...
– Hatyjanyň ejeligi şobada «häh» diýip oýandy-da, düňk-düňk edýän aýak sesi bilen otaga girip gitdi.
– Taňňyry getirsen-e.
Mergen aga indi telim aý bäri agyr dert çekip ýatyrdy. Iç-daş girip çykmak-ha däl, meýdanam düşegindedi.
Bibi ylgap diýen ýaly taňňyr getirdi. Mergen aganyň näme edýäni eşidilip durdy. Ol buşugýardy.
Çaýjagaz içermiň, ýa bir zatjagaz iýermiň?
– Ajykdym, öz-ä.
Bibi aşhananyň çyrasyny ýakyp, gap-gaçlary elleşdirdi. Çäýnegiň şyglaýan sesi, gowurylýan etiň tagamly ysy otaglara kürsäp urdy. Hatyja ýerinden turdy. Işik açyldy.
– Gyzym, ýataňokmy? – diýip, ejeligi oňa mylaýym habar gatdy. – Gel, kakaňa ýoldaş boldajyk, bilejejik çaýjagaz içäý...
Hatyja sagada seretdi. Sagat gije üçüň ýarydy.
Ol kakasynyň näme üçin öýlenenine indi düşünip galdy. Ol mähribanyny neneň gowy görse-de, ejeliginiň edýän beýle-beýle hyzmatlaryna ýarajak däldi. Ol düşnüksiz duýgulara gaplandy-da, stoluň üstünde ýatan haty alyp, ýyrtyp taşlady.
19-njy awgust, 1999 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar