19:44 Jylawsyz sähra / romandan bölek | |
JYLAWSYZ SÄHRA
Romanlar
Asman gümmezine göm-gök syrçaly aýna oturdylan ýalydy. Şol aýna bu giň giden sähranyň şekili düşüp duran ýalydy. Ýöne bu owadan şekili, ýeriň asmana ýazylan owadan jemalyny synlamaga hiç kimiň eli degmeýärdi. Oktýabr aýynyň ahyry bolansoň, Sähranyň gyssanjy özi bilendi. Meýdandaky pagta gutarypdy. Ýöne giçki berlen şo-ol suwuň badyna ösen şahalardaky birdir iki goza henizem görünýärdi. Sähra olaryň gara köreklerden başga zat däldigini bilýärdi. Bu atyzlaryň gowaça çöpüni çapyp, hut ertirden güýz sürümine girişiberseňem, indi ir däldi. Çünki bu ýerlere geljek ýyl ýene-de gowaça ekmelidi. Onda-da ýöne-möne sortam däldi. Professor Berdi Ataýewiçiň ömrüniň boýuna işläp döreden «AŞI – 100» sortuny ekmelidi. Professor baryp ellinji ýyllarda Garagum kanalynyň proýekti çekilýärkä, «Amyderýanyň suwy Uzboýyň ugrundan akman, Garagum çölüniň içi bilen geçip, Meşedi-Misrian tekizligine barmaly...» diýlip ýörkä, şu sähralar üçin ýaramly, ýurt üçin peýdaly sort ösdürip ýetişdirmek barada ýigrimi ýaşly student ýigdekçäniň höwesi bilen arzuw edipdi. Täze sort döretmek dilde aňsat. Emma Berdi Ataýewiç ýeňil ýol –gözleýänlerden däldigini görkezipdi. Ine, onuň «AŞI – 100» sorty hem indi kyrk ýyldan soň hasyl bolan arzuwyň miwesidi. Bu sort ähli sort-synag, gözden geçiriliş komissiýalaryndan üstünlikli geçipdi. Hut Berdi Ataýewiçiň gözegçiligi astynda mundan bäş-alty ýyl öň Günbatar raýonynyň kolhozlarynda Meşedi-Misrian düzlüginde hem synag edilip, synag örän şowly geçipdi. Öl Gazanjyk sähralaryna, Meşedi-Misrian düzlügine ekilmek üçin ak pata alypdy. Gyzylarbat, Gazanjyk sähralary, Meşedi-Misrian düzlügi ýazyna hem-de güýzüne şemally, çapgyn ýelli bolguç. «AŞI – 100» şol şemala çydamlydy. Onsoňam Türkmenistanyň howasy duzly, ýagly bolany üçin «AŞ» sortlar duýgurlyk bilen şol ýagy özüne çekýärdi. Emma «AŞI-100» öz süýümine kirşen ýokduranokdy. Bu sortuň bulardan başga-da ençeme gowy taraplarynyň bardygy ýüze çykarylypdy. Onuň indiki ykbaly, köpçülikleýin ekişe girizilmegi Sähra baglydy. Sähra bu oýlary başynda aýlap durşuna, öz ýanyndan örän gyssandy. Güýz ýagşy düşüpdi. Bu üýtgeşik tohumyň ekiljek ýerine azyndan birki ýyl ýorunja ýa-da ot-iýmlik ösümlik ekmelidi. Emma şu ýyl gowaça ekilen sähelçe meýdan diýmeseň, geljek ýyl gowaça ekilmeli ýeriň bir garşyna-da ot-iýmlik ösümlik ekilmändi. Şol meýdana geljek ýyl ekin ekjek bolsaň, azyndan iki gezek sürüp, suwarmalydy. Ýöne ol-a ýüz gektara ýakyn ýer eken, heniz gowaça ekilen şu atyzlaram tertibe salnanokdy. Bu ýagdaý mundan bäş-on gün öň spesialistleriň birnäçesi bilen ýörite gelip giden Berdi Ataýewiçi örän gynandyrypdy. Ol öz zeýrenjini raýon guramalaryna aýtmasada, Sähra ony duýupdy. Ýöne bu işlere Sähranyň bir özüniň on elli bolanynda-da ýetişjek gümanynyň ýokdugyna professoryň gözi ýetikdi. Sähra göm-gök syrçaly asmana garady. «Meniň bu oba gelenime üç aý bolup barýar. Emma hol harmanlar diýäýmeseň, bitiren işim ýok. Bu gowaçanam öň ekipdirler. Taýýar aşy kim iýip bilmeýär. Ýöne men näme etdim? Ertire, Berdi Ataýewiçiň sortuny ekmäge nähili taýýarlyk gördüm? Hany meniň hyjuwym, hany meniň borjum? Asyl, gelmelem däl eken, beýdip gezip ýörjek bolsam...» Sähra gowaçanyň şiresinden ýaňa reňki bildirmeýän fartugyna keşlere gaçan, çaňňalaklarda galan ýekeçigit pamyklary salyşdyryp ýörşüne howsala bilen oýlandy. «Bu kolhozyň başlygam, beýleki spesialistlerem henize çenli bu işi bir özüm üçin edýän ýaly görýärler. Ýumruk ýaly aýala kine edip bütin kolhoza, il-güne hyýanat etme bolarmy? Ýogsa raýkomda olara, gör, nämeler aýdylmady ahyryn. Heý, partiýanyň öňünde söz berip, onam bitirmedigi adam hasaplap bolarmy?» Sähra gowaça kartasynyň gyrasyna çykdy. Fartugyndaky pagtanam çekmän, zat etmän üýşmek harmana döküp goýberdi, «Bu harmanlaryň,üstüne çadyr gerek. Asman salymyny bermän ýagarly görünýär» diýip, howlukmaç oýlandy. Soň fartugynyň bagyny çözüp, kontora bakan ugrady. «Bu ýerleri sürmäge traktor gerek, plug gerek. Ine, fonda zaýawka berilmese boljagy. «RAPO-dan alarys, RAPO üpjün eder». Sähra bu ýere geleli bäri RAPO-nyň işine belet bolarça bolupdy. Ol Müsür Aratjanowyň ýanyna soňky barşyny gahar bilen ýatlady. «Jürjen ýok. Näme etmeli?» Onuň ýüregi dowla düşdi. Ýyglyp, harman bolup ýatan pagtany baza ugratmalydy. Traktor barada pikir edýänem ýokdy. «Men häzir Tuwakowyň ýanyna baraýyn. Zygyr-zygyr gatnap dur-a diýer welin, diýse nädeýin. Mundan düzgün bolmaz ahyryn». Ol daşky otaga çykdy. Weli hat-petegi bilen güýmenip otyrdy, Sähra ömründe ilkinji sapar onuň adyny tutdy. – Weli! – Heh? – Weli tisginip gitdi. – Sen häzir boş-a dälsiň-dä? – Hä, näme? – Eger eliň boş bolsa raýon merkezine gidip geläýeli diýjekdim. Weliniň gaşlary begençli gerildi. – Raýona? Bor, bor... Sähra Weli bilen öňem bir sapar raýkoma öz işi bilen baryp gelipdi. Onuň sadalygy, göwünjeňligi ýadyndan çykanokdy. Bu sapar hem onuň göwünjeň razy bolmagy Sährany begendirdi. – Men häzir, azajyk... – diýip, Weli kontoryň otaglarynyň birine girip çykdy, Soňam kontoryň otaglaryny ýaňlandyryp: «Men gyssagly raýona, RAPO baryp gelmeli» diýip, Ejeşe aýdan sözlerini Sähra hem eşitdi. Weli maşynyny otlady. Şol wagtam Ejeş «dur, dur» diýip, kontordan ylgap çykdy. Weli maşynyň motorynyň sesine onuň näme diýýänini doly eşitmedi. – Näme diýýäň? Ejeş aňyrdan batly ylgap gelse-de, maşynyň içinde Sähranyň oturanyny görüp, birden kürtdürdi. Soň bolsa «bar gidiber» diýenmanyda elini salgady-da, kürsäp kontora girip gitdi. Bu oba ilkinji sapar gelýärkä şu ýolda Weliniň özüne duşuşy, gowaça barada eden gürrüňleri Sähranyň ýadyna düşdi. Ol şol ýatlamalara gark bolup oturyşyna ýylgyranyny-da duýman galdy. Weli hem ýylgyrdy. Soň «yzymyzdan biri gelýän bolaýmasyn» diýýän ýaly, töweregine birlaý garanjaklap, ysgynsyzjadan: – Sähra, arma-da – diýdi. – Bar bol, Weli, armaga el degýän däldir – Sähra ýene-de çynlakaý sypata girdi. Weli Sähranyň zeýrenerinden gorkdy. Şonuň üçin-de oňa sowal berdi. – Agraproma barmakçymyň? – Raýkoma, birijem bolsa, ikinjem bolsa... Weli hem oýa batdy. Dogrusy, Sähra adamyň ýüzüne dikanlap ýören maşgala däldi. Ýöne ol şu sapar Weliniň ýüzüne gapdaldan ine-gana seretdi. Ony synladygyça-da bir zada göz ýetirdi: Weli şo-ol: «Bize gowaçasam, şonuň peýdasam derkar däl» diýen Welä asla meňzemeýän ýalydy. Ýumşakdy. Gözlerinde öňki badyhowalylyga derek birhili gussa bar ýalydy. Ylaýta-da ol bu ýigidiň soňky wagtlarda özüni görende agraslanýandygyny, her sözüni läbikli suwdan lakga balygyny çekip çykarýan ýaly edip aýdýandygyny duýupdy. Arada ýygylan pagtany ugratmaly bolanda paltasy daşa degip durka-da dadyna Weli ýetişipdi. Şonda-da onuň bilen raýkoma, RAPO baryp, zordan maşyn alypdy. Bu günem ol Sähranyň alnyndan hydyrata bolup sataşypdy. Ýöne Sähra Weliniň bu bolşuny başgaça ýormady. Maşgalasy, durmuşy ýola düşen adam özüne düşünýändir, duýgudaşlyk edýändir diýip oýlandy. Onuň garaýşyça bu şeýle-de bolmalydy. – Tuwakow-a ýokdur, Sähra! Weli Sährany oýundan açdy. – Nirä gitdikä? – Sähra ör-gökden gelip sorady. WelemSähranyň allaniçigsi bolmagyndan gorkdy. Şonuň üçin-de başardygyça mylaýym gürledi. – Olar oblasta gidendirler. – Ol ykjamlandy. – Dogrusy, meniňem habarym ýok. Ýöne düýn Jürjeniň: «Hiç ýere gitme, Men ertir Tuwakow bilen obkoma gitmeli. Agşam demir ýol stansiýasyna düşürip gaýt» diýip, şofýoryna aýdyp duranyny eşitdim. «Bolmasa men eltip gaýdybereýin» diýsem, «Aý, ýok, raýondan almaly-goýmaly zadymyz bar» diýdi. Olar agşam giden bolmady. Sähra dymdy. «Ýa yzymyza gaýdybersekmikäk? Tuwakow bolmasa, raýonda mesele çözjek adam hem ýok...» – Zerur işiň bolsa Aratjanowyň ýanyna baraýarlar, – Ol bir ýerinde barmyka? Weli birneme dikeldi. – Ol bar-la. Ýaňy kantura jaň etdi. – Onda şonuň ýanyna bir baraly. Şondan soň Sähra tä RAPO barýança sesini çykarmady. Ýöne Aratjanowa welin ýagşy «içini» dökdi. – Siz adam taňryly ekeniňiz. Berdi Ataýewiçe hut meniň ýanym- da: «Professor, hemme zat düzeler, hemmesini düzederis, siz arkaýyn boluň» diýipdiňiz. Eger siziň ikiýüzlüdigiňizi bilen bolsa, ol adam heý şu ýerden gidermidi. Indem... Aratjanow gaty arkaýyn gürledi. – Sen gyz, hany, ýagyny dökme, meniň üstüme. Muňa Sowet hökümeti diýýärler. Bu hökümet towşany araba bilen tutýandyr, Howlugyp aljak galaň,bolmaz. Howlukma. Gelipsiň, näme gerek, näme arzyň bar. Aýt, diňlärisem, kömegem ederis... Sähra bu adamyň arkaýynlygyny görüp haýran galdy. – Näme gerekdigini siz menden gowy bilýärsiňiz. Ony size Berdi Ataýewiçem, Tuwakowam öňki gelenimde menem aýtdym, – Aýdandyr, ýeri, aýdanda näme. Sen asyl türkmen maşgalasyna meňzäňok, keýigim. Berdi Ataýewiç diýeniň bir ýaşuly adam. Özem bir ýerden gelen myhman. Oňa bugdaý nanymyz bolmasa-da, bugdaý sözümizi gysganmajak bolýarys. Näme diýse bol diýmeli. Elbetde, ýöne bor diýibem oňmaly däl. Boýun alan işiňi bitirjek bolmaly. Sähra onuň gürrüňlerini ahyryna çenli sabyr bilen diňläp bilmedi, – Bitirilen zat ýok, siz şony bilýärsiňizmi? Ol gideli bäri meniňem bir aýagym raýonda. Emma... Aratjanow jany ýanyp barýan ýaly bolup jyrlaýan telefonyň trubkasyny galdyryp, ýene ýerinde goýdy. – Beý diýme. Sen, keýigim, tankyt etseň et, inkär etseň et, ýöneedilen işi edildi diý. Edilmedigini hem edilmedi diý. Gaty görmeris. – Näme edilen eken?! – Näme edilmän eken, kömek edildi. Sanap bereýin. Birinji, Berdi Ataýewiç ýer sorap geldimi, geldi. Gulanlydan, iň gowy ýerden berdikmi, berdik. Soň bir sany brigadirlik ýer sorap geldimi, dowarçylyk fermasyndan bir ştaty kemeldip, diýen ýerini berdikmi, berdik. Sen özüň geldiň, ganar-fartuk sorap, keýigim, biz pagta ekemzok, ýöne seniň, Tuwakowyň sözüni ýykmajak bolup tapyp berdig-ä. Ýygan pagtaňyzy pagta bazasyna daşamaga maşyn sorap geldiň, berdikmi, berdik. Bäşinjiden, arada raýonda açylýan mehanizatorlaň kursuna iki sany orun sorap geldiň. Ýagdaýyny tapyp, bor diýdik. Indi nämeden närazy bolýarsyň? – Ol dogry. Ýöne düşüniň, ýoldaş Aratjanow, men her ädimim-de dilegçilik edip ýörjek bolsam bolmaz ahyryn. Aratjanow iki gözüni şelaýynlyk bilen güldürdi: – Ýoo-ok, gel ilki bilen şu meseläni çözeli. Bize ýüz tutan işiňizi bitiripmidiris ýa-da ýok. Aýt... Sähranyň ýüzi çytyldy. – Menem şony aýdýaryn. Öz-özünden bitmeli, ýüz tutmaly däl zat üçin men şu ýere gelip durmaly däl-ä, ýoldaş Aratjanow. Ony diýseňiz, näme, Jürjen aga ekilen gowaçanyň hasylyny ýygnamalydygyny, ony ýygmak üçin fartuk-ganaryň gerekdigini, näme, bileňokmy? Ýyglan hasyly baza äkitmek üçin ulagyň gerekdigini bilenokmy? Aratjanow hezil edip ýylgyryp oturyşyna, Sähranyň sözüni böldi. – Wah, keýigim, jan keýigim, sen ony diýýäň. Hakyna seretseň, öz tapan tohumyny professoryň özüjik gelip ekmeli. Hakyna seretseň, biz şoňa kolhozçylaryň umumy ýygnagynyň kararyny çykarman ýerem bermeli däl. Hakyna seretseň, senem kolhoz prawleniýesiniň karary bolmasa şol ýerde ýaşap, pagta ýygyp ýörmeli däl. Hakyna seretseň, menem, Jürjenem, şol kolhozyň umumy ýygnagy «ekmeli» diýmese, şol kolhozda gowaça ekdirjek bolup durmaly däl. Ýöne ýüz otdan yssy. Ýok diýip bolanok. Ýok diýmesegem öz çenimizden, öz mümkinçiligimizden çökder. Onsoň bary seniň egniňe düşýär. Onsoň hany, bitirmäbilşiňe bitirme. «Sen Aratjanow, boýun aldyň, emma...» diýip, bir daşyňa geçerler welin... Sähra ýerinden turmakçy boldy. –Hä, indi: «Sen bitirmeseň, raýkom bitirer» diýjeksiň. Otur, men Siziň oýnuňyza belet bolarça boldum. Aýt arzyňy, – Ýoldaş Aratjanow, men siziň ýanyňyza pagta bilen damagymy çaldyrmaga gelemok... – Ine, bu sözüň täze. Gör, biz söz gadyryny gaty bilýändiris... – Bileniňiz ýagşy welin, traktor, plug haçan boljak?.. Aratjanowyň şol bir arkaýynlygydy. Ol öz döwüniň rüstemdigini duýup durdy. Şonuň üçin ol Sähranyň badyny alasy, ony birneme kösäsi geldi. – Diňle, keýigim, özüňden uly bir zat diýende gulak gabardarlar. Onsoň, ýaňy nirede galdyk. – Ol ýumrugyny açyp bir ýumdy-da dikeldi. – Hawa, saňa traktor bilen plug gerek. Ýöne meniňem bir sowalym bar. Saňa traktoram, plugam berdik diýeli.Ýöne seniň traktor bilen sürer ýaly ýeriň bir barmy?.. – Ýer kän! – Ýeriň kän däldir. Ýeri sürmek üçin ilki bilen planirowka geçirmek zerur. Ýeri sürmek üçin, ikinjiden, kartografiýa gerek. Ýeri sürmek üçin, üçünjiden, tekizleýiş gerek. Ýeri sürmek üçin, dördünjiden, dersleme, suwarma gerek. Bizem bir wagt agronomçylyk edipdik. Biz-ä traktor soramankakşolary düzetjek bolardyk. Senem şolary etmeseň, men traktoram, plugam berjek däl diýerin. Şonda näme delil tapjak? – Ol diýýäniňiziň jany ýok däl. Ýöne biziň ekjek bolýan ýerimiz eliň aýasy ýaly tekiz. Ol öň planirowka edilmese-de, kartografiýa edilipdir. Ony häzir çuňrak sürüp, gyşyň ygalyny üstünden geçirjek bolmaly. Onsoň ýazda tekizleýji agregaty öňünden geçirip, yzyndan ekiberseňem boljak. Aratjanow birden aýgytlylyk bilen gaşlaryny çytdy, – Näçe traktor gerek? Näçe pluggerek? Sähra sakyndy. – Şol ýüz gektary sürmek üçin... – Diýmek, bileňok. – Ol telefon apparatyna ýapyşdy. – Jürjen ýok. Onda näme kömek bereriskäk? Kömek bereris. Eger birki traktor bilen işiň düzeljek bolsa, onda ony «Garagumdan» hem düzederis. Jürjen bir ýygnakdan gelsin. Sen ýöne gyssanma. Seni hor etmeris. Sähra şol gezegem iş bitirip bilmän yzyna gaýdypdy. Ol şonda Aratjanow bilen meseläni çöp döwen ýaly edip bilmän yzyna gaýdanyna häzir ökünip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. * * * Sähranyň obada galyp, kolhozyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörşi başlygyň kejebesini barha daraldýardy. Çarwa çekirtgäniň bu gyzyň arwah-jyndygy baradaky gep-gürrüňi ilki-ilkiler onuň ýüregini sowadypdy. «Bu gürrüňler şu uly oba ýaýrasa, bu ýumruk ýaly gyzyň abraýy gaçar, adamlar ony it pislän ýaly pisläp obadan çykararlar» diýen tamasy bardy. Iň bärkisi, «ol Aşgabatda sürüp-sürüp, indem obasynda ýüzi bolmansoň, dünýäniniň gyrabujagy diýip, şu ýere gelipdir» diýen gürrüňe-de adamlar ilki bir gulak gabartjak ýaly etseler-de, soň oňa pisint eden bolmandy. Sebäbi bu gyzdan beýle-beýle şermendeligiň çykmajagyna başlygyň özem göz ýetirerçe bolupdy. Ol Tuwakowyň: «Senem il ýaly oka!» diýip özelenmesiniň manysyna hut indi düşünipdi. «Wah, bäş-alty ýyllykda agşamky mekdebiň dokuzynjy klasyna gatnadymam-la, arman, oglanlyk edipdirin-dä!» diýip, ol ökünme kemini goýanokdy, ýöne giç. Onuň çagalar öýünde ýedinji klasy gutaraly bäri, gör, näçe ýyl geçipdi. Ýöne ol öz ýerini söweşsiz berjek däldi. Ýeri gelende özüni asmandan asýardy. Işan bilen Müsüre bil baglaýardy. Onuň ýüregindäki ýene-de bir pynhan niýet, Agagülüň göwnüni tapmakdy. «Men başlyk. Propisirlerem meniň ýarymça ýaşanok. Hanha, seniň hol garantgaň oba hojalyk institutynam gutardy-da. Mençe ýaşaýarmy?!» diýip, soňky günlerde ol Agagülüň ýanynda köp gaýtalaýardy. Agagül bolsa onuň ýüzüne nähilidir geň galmak bilen garaýardy. Ol bu başlygyň şeýle batyrlygyna haýranlar galýardy. Sebäbi ol-a günortanmyşyn, gijäniň garaňkysynda-da birek-biregiňkä barsaň, oba arasynda eýýäm hyşy-wyşy eşidilýärdi. Ýöne Agagül özleriniň öýüne başlygyň gelip, özüne hyrydar çykýandygyny duýýan bardyram öýdenokdy. Dogrusy, il Akgursak totamyň içersindäki ýagdaýy biljegem bolanokdy. Bu zatlaryň öz emmasy bardy. Başlyk öýüne geldigi Akgursak totam oba arasyna eňýärdi. Ol başlyk bilen oglunyň dostdugyny, iýen çöreginiň aýra gitmeýändigini özüne uly mertebe bilip gürrüň edýärdi. «Wah, şol salaty gyrnak olaryňikisine-de iş bolýar...» diýibem, Sähranyň üstünden düşýärdi. Jürjen häzirem Weliniň öýüne çekinmän, zat etmän geldi. – Wah, käbäm, baýarym, geldiňmi? Oglumyň taýy, taýly başyňa döneýin. – Akgursak totamyň şelaýynlygy başlyga ýaramady. – Totam eje, hany bir kellämi kakyp ber, edil kelläm ýarylyp, gözlem ýere gaçyp gelýär – diýip, agyrmaýan kellesini bahana etdi. Akgursak totama geregem şoldy. Ol adamsynyň peti soýlan kemerini alyp, heniz eşigini-de çykarmaga ýetişmedik başlygyň daşynda aýlandy. – Wah, käbäm, baýarym, obam baýarym, meniň elim däl, Ýylgynly öwlüýä janyň eli, meniň demim däl, ärler-pirleriň demi – diýip, köne kemeri başlygyň depesinde aýlap başlady. – Wah, käbäm, meniň tebipçiligime indi it degipdir. Öňler gysyr heleýleriň garnyny owkalap, hapgyrtma bolan çagalaň depedişini basyp, aklyk baryny alardym. Bir gün bar-a raýondan bir çişik ors heleý gelse näme. Özem hakyt uly adamyň heleýi... Başlygyň niýeti bu garry aýalyň gürrüňini diňlemek däldi. Şonuň üçin-de indi hakykatdanam agyryp başlan başyny tutup: – Waý-waý, totam eje, gürrüňiňi häli berersiň. Men bir gözümiň awusyny almasam, çakyzam tutup alyp barýar-eý – diýip jögüsiredi. Akgursak totam başlyga şypasy güýçli em edenine ýürekden ynanyp, kolhozyň başlygynyň delalat isläp öz ýanyna gelendigini buşlamak üçin oba çykyp gitdi. Başlygyň diýeni geldi. Ol Weliniň obada ýokdugyny, onuň üç günlük seminara oblast merkezine gidenini gaty gowy bilýärdi. Agagül bolsa öýdedi. Akgursak totamyň aýak sesi daşlaşan badyna, başlyk eýwana bakyp duran penjireden daşary garady. Çarwa çekirtge gapdalyna bir topbak çöpür üýşürip, ondan ýüp işip otyrdy. Işine şeýle gyzyşany üçin, häzir ony çagyrtsaňam ýarym sagatlap ornundan galjak gümany ýokdy. Jürjen ýeňil ädimläp içki otaga, Agagülüň bolýan jaýyna girdi. Agagül uzyn, owadan saçyny çözläp, ony darap-darap ýassygyň üstüne seçelendirip ýatyrdy. Başujundaky ýassykdan aýak ujundaky ýassyklar has köp bolany üçin doly topuklary, ap-akja aýagynyň ep-esli ýeri ardylan çomuç ýaly üp-üýtgeşik bolup görnüp durdy. Gelniň bu bolup ýatyşy başlygyň ýüregini öňküdenem beter atygsatdy. Ol çilimiň ysy kükäp duran ýüzüni Agagülüň ýüzüne degräýjek bolup, oňa seretdi. Emma Agagül gözünem açmady. Ýöne başlyk bu gelniň häzir ukuda däldigini bilip durdy. Çünki gelniň mese-mälim tözlenip duran ullakan göwüsleri, käkiligiňki ýaly owadan gursagy rahat ýatan adamyňkydan has çalt galyp düşýärdi. Ondan başga-da nähilidir titreme bu ýatan adamyň kalbynda üýtgeşik harasadyň gopýandygyny duýduryp durdy. Ol gödek eli bilen gelniň ýüzüni ýeňiljek sypalady. Soňam titreýän demi bilen: – Işigiň ilgençegi bolsa ildirsene – diýip, gelniň gulagyna aýtdy. Agagül bir enaýy ýylgyrdy. – Gerek bolsa özüň ýap – diýende, onuň ak, posalak ýaňaklary nara döndi. Başlygyň niýeti başa barmady. Kimdir biri daşky gapyny açdy. Başlyk bolsa özüniň erbet niýeti bu öýüň duzuny iýip, namysyny depelemegi niýetine düwşi barada däl-de, ýene-de Sähra barada oýlanyp başlady. Ol hut häzir özüni güjeňläp, göwnüniň haram islegi üçin tämiz buýsanjyny ýitirmäge taýýar gelniň ýerine Sährany goýup gördi. Ýöne näme üçindir göwnünde telwas etme däl-de, nähilidir bir ýigrenç oýandy. Sähranyň agras ýüzi, wepaly göreçleri, yssa, sowuga gaýzygan ýaňaklary, güne saralyp giden gülgün reňk ýaglygy mundan ýedi-sekiz ýyl öň şu kolhozyň territoriýasynda ep-esli wagtlap iş alyp baran geologlary başlygyň ýadyna saldy. Şonuň üçin-de, içinden erbet sögündi. Şol duýgy bilen ýanyna özi gelen Agagülüň ýüzündäki telwasam duýmady. – Näme gaçdyň? Ýalbaryp-ýalbaryp zordan razy edibem, bar gaýratyň şumy? Gelniň bihaýalygy, igenji mese-mälim bildirip duran sowaly başlygy ýylgyrtdy. Ýöne oňa degerli jogap tapyp bilmedi. – Äriň, gaýynyň geläýse nätjek? Işik açyk dur-a – diýip, ugruny ýitirip mydyrdady. – Onuň ärdigini sen nireden bilýäň, otuz ýaşynda gönendirmedik ýaşy ýanandan hem bir är bolarmy? Agagül torsaryldy. Jürjen biri geläýmesin diýen ätiýaç bilen töre süýşdi. Soň Agagüli haýykdyrjak delil gözledi. – Il-ä seniň äriň tenine bal çalnan däldir öýdenok. – Kimmişin ol horan baýtal? – diýip Agagül geňgalyp sorady. – Hol Aşgabatdan gelen «arwah gelin». Äriňi görse ýüzi-gözi açylyberýär. Welem senden ýöne ýere ýüz öwrenok öýdýän. Ol aýry-başga Gulanla gelip, näme, Türkmenistanda gitjek bolsa başga ýer gytmy? Ol samsygam seniň ýaly kişmiş ýaljak gelni barka şoňa timisgenip ýörmelimi diýsene. Gara tüňçe ýaly edip, nämesini söýýäşonuň. Agagül Jürjeniň gepine çyny bilen ynandy. Onuň gözleri ahmyr bilen ýandy. Şonda-da syr bildirmediksirän bolup gülümsiredi. – Wah, ol ýaşy ýanan heleýe gezek gelende tekeden süýt sagan ýaly-la. Biriniň agzy ýagjarjak bolsa, menem tamşanardym. Ýöne edeni şol bolsa, görsün meniňem edişimi. Jürjen böwrek ýaly çöwrülip duran dodaklaryny çommaltdy. Gelni has öjükdirmek üçin ýene-de delil agtardy. Delil tapmany üçinem ýalan bilen çyny gardy. – Bilmedim welin, gürrüň aramyzda galsyn, şolar Aşgabatda bulaşypdyrlar öýdýän. Arada «söýgi, institut, aý, pylan» diýib-ä bir gulagyma degdi. Ýöne näme, men bir gep yzarlap ýören adamam däl. Herki zady gowa ýorýaň-da, näme. Ýöne başga bir zady aýdaýyn. Sährany öz maşynyna mündürip getireniňem, ony soňam iki sapar raýona gezmäge alyp gideniňem Welidigini menem, ilem magat bilýä. Gerek bolsa şaýadymam bar. Ine saňa fakt... Agagülüň haýýaty göterilene döndi. Gapy jygyldanda, ol reňkini ak tam edip öz jaýyna gitdi. Şol günden soň başlygyň «çakyzasy» has güýjeýärdi. Ol däri-derman däl-de, diňe Akgursak totamyň emini isledi. Bu günem ol günortana golaý Çarwa çekirtgäniň öýünegeldi. – Wah, baýarym, baş weziriňem geld-ä – diýip, Akgursak totam ony güler ýüz bilen garşy aldy. – Her kimiň öz taýy-da, şu aňyrdan gelende bu gelin ol oglanyň boýnuna bir zyňandyr. Ýüregimiň başy jyzlap, Çarwany argyşa gidip gelende gujaklaberşim ýadyma düşüp gitse näme!.. Başlykbilen ejesiniň gala-gala sözüni eşidip, Welem daşary çykdy. Ol köneräk pižamasynyň ýakasyndan gyrkylmadyk çebşiň çöpüri ýaly bolup çykyp duran tüýlek kükregini gaşap durşuna, ýalandan ýylgyran boldy. – Gel-gel, hojaýyn, özüm baraýyn diýip otyrdym. Öňürtiläýdiň. – Ol ilki bir içeri boýnuny uzatdy. – Agagül! – diýip, bir gygyrdam. Ýöne aýalynyň ýüzüni alaryndan çekindimi, nämemi, ýene ejesine ýüzlendi. – Eje, çaýyňyza bir serediň. – Soň ol başlyga içeri girmäge mürähet etdi. Başlyk içerden Agagüli agtardy. Emma oňa gözi düşmänden soň, saçagyň başyna göwünsiz çökdi. – Başlyk, men-ä gowy habar-a getirmedim – diýip, Weli hem agrasdan hemlelije äheň bilen başlyga ýüzlendi. – Aslynda bu sapar sen barmaly ekeniň oblasta. Ilki bilen-ä, «näme üçin sen geldiň?» diýip, oba hojalyk boýunça sekretar meni halys aljyratdy. Soňam biziň kolhozymyzyň ölüm-ýitimem beýleki dowarçylyk hojalyklaryndan artyk eken. Kanala gapgarylan süriniňem aktyny kabul etmän durlar. Gowaçaly mesele üçin bolsa, bizi aýratyn çagyrjaklar. Ýene Işan aganyň ýaşy uzyn bolsun, nirä barsam hemaýaty ýetdi durdy. Ýöne, başlyk, indiki sapar welin men bujagaz oýnuňy etdirmerin. Şarpyk datmalyja ýerine özüňjik gidersiň. Jürjen gaşlaryny çytdy. «Ýeri, raýonyň ketdeleriniň igeneni azmy diýsene, şu öz golastyň iňirdäp otursa, ölermiň, ýitermiň». Ol ýüzüniň eňşitmesinem aýyrman Welä ýüzlendi. – Sen ol gürrüňleriňi goý. Hany, sag-aman gelen bolsaň bir käse çaý bir ber. Ol çäkmeniniň syýyny süýräp içeri giren Çarwa aga ýüzlendi, – Şeýle dälmi, öwlat aga. Çarwa çekirtge özüniňkä tutdurdy. – Wah, weliligime söz ýokdur, garyndaş, ýöne il-gün azgyn. Sözüňi diňleýän ýok. «Şol gelmişegi obadan çykaryp kowaýlyň» diýdim. Heý, gulak asýan barmy? Men şunçalar jan çekdim. «Haý, Agöýli, Garaja, heý, Gulnazar, bu kanal biziň bagtymyzy ýatyrdy, düýelemmizi, galhozyň malyny ýuwutdy. Ýurduň patyşasynyň ýanyna baralyň. «Şu, kanalyňy ýok ediň. Bu kanal biziň ata-babalarymyzyň mazarynyň üstünden geçdi. Olaryň ruhuny oýaryp, arwah-jynlaryň gaharyny getirdi» diýip näçeler özelendim. Öňňün biziň ýene bir düýämiz, düýn Bozaganlyda biriniň bir düýesi kanala gaçypdyr. Öň düýejiklerimiz hatar-hatar bolup guýa, suwlamaga inerdi. «Garybyň maly gözüniň alnyndady. Gelmän geçen kanal gelensoň o düzgünimizem galdy. Indi düýäň nirede, näçesi bar, bilýän ýok, bilýän. Bujagaz düýäni nädip köpeltdik. Baryny suw ýuwutdy, baryny. Bu gürrüňler kellesi güwläp, oblast merkezinden aryp gelen Weliniň aňyrsyny bärisine getirdi. – Goýsan-aý, kaka, agşamam arwah-jyn, günortanam arwah-jyn, seniň arwah-jynyň derdinden gijesine daş çykyp bolanok. Seniň öwlatlygyň çyn bolsa, bar arwahlary ýok et. Adam bilen, düýe bilen näme işiň bar. Çarwa çekirtge yzyna süýşenekläp, arkasyny diwara berdi. Soň ýene özüniňkä tutdy. – Jürjen jan, seniň diýýän heleýiň peri gatanjy bar. Oňa arwah-jyn dogasy kär etmez. Peri gatançly arwahy baglamagyň dogasyny akgam pakyr öwredipdi. Ýöne ýat beklemändirin. Haçan-da peri gatançly jyn bolsa, adama zyýany bolmazmyş. Ýöne onuň girisine düşen adamyň neslem bolmazmyş. Han-ha Agaýunus peri, peri gatyşykly arwah-da, onsoň Görogly begiň perzendi galan däldir. Jürjen iç işikde bu mesaýy gürrüňe diň salyp duran Agagüle; «Gördüňmi, seniň äriň peri gatançly gelmişek bilen baş goşupdyr. Şonuň üçin saňa ondan çigit ýaly wepa bolmaz» diýen manyda yşarat etdi. Özüniň bu yşaratyny delillendirjek bolubam: – Çarwa aga, bu işleriň çäresi bolmazmy? Biz şeýdip, bir heleýiň edenine «haý-küş» edip bilmän gezip ýörmeli bolarysmy? diýdi. Başlyk sowal-jogap bilen Çarwa çekirtgäni güýmeýänçä, Weli-de daşardan ejesiniň demläp goýan çäýneklerini getirdi. Çarwa çekirtge aýalynyň saçda gowurma bilen ýumurtgany bile gowrup taýýarlan tagamyny saçakda goýýança garaşdy. Ogly bilen başlyk naha-ra el uzadansoňlar gepläp başlady. – Akgam pahyr aýdardy: «Arwahyň peri gatançly bolmasyn, peri gatançly bolsa günüň kyn bolar. Ony ýekeje zat bilen ürküzip bolýar: edenini tersine etmeli. Jaý gursa ýykmaly, ekin ekse tozdurmaly, keçe etse kesim-kesim etmeli. Nan bişirse eşek ýataga taşlamaly... Diňe şeýtseň ýaňkyň gahary öýkä ýazarmyşyn, onsoň adamzatdan öýkeläp zut gidermişin, öýkesem ýüz ýyldan açylarmyşyn...» Adamsy sözüni süýndüriberensoň Akgursak totam gaharly siltenjiredi. Onuň ýakasyndaky doga-tumarlar iniňi düýrükdiriji ses etdi. Başlygyň göwnüne bolmasa, bu aýalyň ýakasyndaky ap-ak süňkleriň sany hasam artan ýalydy. – Oba bolup Ýylgynly öwlüýä jana ýykylmaly. Günde bir janly bilen üç-dört tamdyr çöregi ýoluna bagyşlap, tebärek çykdyr bakaly. Nädersiň şol arwah-jynyňdan derek galmasa... Ýassyga ýaplanyp içen çaýy başlygyň süňňüni ýeňletdi. Ol derçiräp, öňküdenem garalyp, ýaldyrap duran maňlaýyny ýaglygy bilen süpürdi. – Aý, peri diý, peýker diý, başymyza bela-ha bold-ow. Indi kürsimiz-ä jähendem-le, demimize degmese razy bolduk-how. Asyl ýanyma gelse, meniň-ä sözüm tala çykyp talhan iýeniňki ýaly boluberýär. Ýa indi menem doga dakynaýsammykam? Başlyk bu gürrüňiň ujuny Sähra bilen Welä syrykdyrjakdy. «Oba arasynda Weli bilen Sähranyň arasy bar» diýen gürrüň bar diýjekdi. Emma işigiň jarkyldap açylmagy saçagyň başynda gyzyşan gürrüňiň howruny dargatdy. Ejeşiň girmegi Jürjeniň ýüregine howul saldy. – Jürjen aga, raýkomdan Tuwakow tilpun etdi. Agşam raýkoma ýygnaga barmaly diýdi. Özem gaty gaharly gepledi. Başlyk saçagyň başyndan nähili turanynam, kontora nädip baranynam duýmady. | |
|
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -8: romanyň dowamy - 14.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |