13:58 Magtymgulynyñ durmuşy oýlanmalary | |
MAGTYMGULYNYÑ DURMUŞY OÝLANMALARY
Magtymgulyny öwreniş
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýäniñ döreýşi, ýaşaýyş, durmuş hem kyýamat hakdaky düşünjeleri yslamyñ kada-kanunlaryna hem türkmeniñ gadymy däp-dessurlaryna esaslanyp, düşündirmegi başarypdyr. Emma SSSR imperiýasy döwründe Magtymgulynyñ poeziýasy kompartiýanyñ galybyna salnyp öwrenildi. Şeýlelik bilenem akyldaryñ filosofiki pikirleri düýpgöter ýoýuldy. Magtymgulynyñ durmuşy goşgulary has syýasylaşdyryldy. Şahyr garybyñ hak hossary, baýlary, din hadymlaryny ýigrenýän hökmünde görkezilmäge çalşyldy. Elbetde, biziñ Pyragynyñ garyba ýa bolmasa ejize duýgudaşlyk edenligini, mümkinçiliginiñ çäginde olara ýardam berenligini inkär etmek meýlimiz ýok. Ýöne Magtymguly Pyragy adamzat jemgyýetiniñ arasynda dowam edip gelýän sosial deñsizligi adaty bir ýagdaý hasaplap, has dogrusy, şu dünýäde adamzadyñ beýikli-pesli ýaradylmagyny Hudaýyñ synagy diýip düşünipdir. Şol sebäpli Magtymgulynyñ goşgularyny dogruçyl derñew etmek üçin onuñ poeziýasyny haýsydyr bir çäkli galyba saljak bolmaly däl. Bizem şu makalamyzda Magtymgulynyñ şu dünýädäki ýaşaýyş hakyndaky oýlanmalaryny, esasan, onuñ "Ýoly gözlär" diýen goşgusyna salgylanyp, başardygymyzdan düşündirmekçi. Magtymguly il-güne hemra bolup ýaşamagy, dogduk diýaryñy söýmegi ynsanyñ baş maksady edip goýýar. Şonuñ üçin akyldar ilinden aýra düşen adamyny mysapyra deñäp, aýraçylykdaky ýaşaýşyñ lezzetsiz durmuşdygyny nygtaýar. Ilinden aýra düşen, Ah urar, ili gözlär. Şahyr başga bir goşgusynda bolsa: Goç ýigide toýdur-baýram, Her iş gelse il biläni. - diýip, il-gün bilen bitewi ýaşamagy iñ uly bagt hasaplaýar. Magtymguly Pyragy "Il ýagşy" diýen goşgusynda bolsa: Ýat ýerlerde aýraçylyk çekenden, Ursa-sögse, horlasa-da il ýagşy. - diýip, dogduk diýaryñ, il-günüñ ahyny çekip, alys ülkede ýaşandan, il-günüñ bilen hemra bolup, agyr günlere döz gelip ýaşamagy ündeýär. Şahyryñ il-gün hakyndaky bu ideýasy "Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn" diýen pähimiñ şygyrýetdäki çeper beýanydyr. Pyragy "Ýoly gözlär" diýen goşgusyny: Ýolundan aýra düşen, Jäht edip, ýoly gözlär. - diýen setirleri bilen dowam edip, bu setirlerinde bilmezlikden ýa-da nebsine uýup, hak ýolundan jyda düşen adamynyñ toba edip, hak ýoluny jäht (tizden-tiz) gözleýändigini belleýär. Ýoluny ýitiren adamyñ azaşan ýoluny gözleýändigini añlatmak ýokarky setirleriñ gönümel manysydyr. Şahyr: Gökde pelek gerdandyr, Halk ýerde sergezdandyr, Ne bazygär jahandyr, Göz açan maly gözlär. - diýen setirleriniñ üsti bilen Pelegiñ hemişe aýlanyp duranlygyny, adamzadyñ hak mekanyndan (behiştden) jyda düşüp, Ýerde sergezdanlygyny, bu jahanda ynsanyñ mala-pula göz gyzdyryp, nebsine haý diýip bilmeýänligini ýañzydýar. Şahyr "Don bolsa" diýen goşgusynda: Ten ýapmaga köýnek istär ýalañaç, Köýnekli diýr: "Wah, üstünden don bolsa", "Baş saglyk" diýp, hakdan dilär garny aç, Bäşin tapan arzuw eder - on bolsa. - diýip, adamzadyñ nebsiniñ kem-kemden ösýänligini, şonuñ üçinem ynsanyñ şeýtan pitnesinden saklanyp nebsine buýurmalydygyny nygtaýar. Pyragy: Kimlerde altyn täçdir, Kimler saýyl mätäçdir, Kimler düýpden gallaçdyr, Kim parça haly gözlär. Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz goýmaga, Kim don tapmaz geýmäge, Kim tirme şaly gözlär. - - diýýär. Ýa-da: Bu jahan bir puştadyr, Kim zinde, kim küştedir, Her bende bir işdedir, Her kim bir haly gözlär. - - diýen setirlerinde şu çaka çenli bize öwredişleri ýaly, şahyr sosial deñsizligi tankytlaman, Ýaradanyñ her bir ynaany bir zada, bir hünäre mübtela edenligi, ynsany beýikli-pesli ýaradanlygyny belleýär. Şahyr Hudaýyñ ynsany dürli işlere mübtela etmesini şu dünýäniñ gyzygy hasaplaýar. Ol ynsanlaryñ Hudaý tarapyn dürli-dürli ýaradylmagyny adaty bir ýagdaý hasaplap, ýolbaşçylaryñ raýatyna diñe adalatly bolmagyny ündäpdir: Häkim bolsañ, halky Gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul. Magtymguly: Heññam uzyn, ömür az, Çahar pasla başdyr ýaz. - diýen setirlerinde başy-aýagy näbelli bolan heññamyñ (dünýäniñ) dowamlydygyny (uzynlygyny), ýöne ynsan ömrüniñ örän gysgalygyny ýañzydyp, adamzady gysga ömründe haýyr-sahawata çagyrýar. Şahyryñ: "Çahar pasla başdyr ýaz" - - diýen setiriniñ gönümel manysy dünýäde hemişe gaýtalanyp duran dört paslyñ ilkinjisi ýaz. Bilşimiz ýaly, ýaz pasly gözelligiñ nyşany. Pyragynyñ bu setiriniñ göçme manysy şeýle: ynsan şu dünýäde synag edilip, gözel ýaşaýşy bilen ahyretde behişti gazanmaly. Has dogrusy, Allatagala Adam atanyñ eden günäsini bagyşlap, onuñ nesline hiç hili günä ýüklemän, ynsan ömri gözellikden (günäsizlikden) ýa-da şahyryñ çeper dili bilen aýdanymyzda ýazdan başlaýar. Şol gözelligi saklap, ýaşaýşy dowam etmek bolsa, her bir ynsanyñ borjudyr. Magtymguly: Gökde ganat ýaýan gaz Gözleri köli gözlär. - diýen setirlerinde her bir mahlugyñ (jandaryñ asyl höwürtgesini, Watanyny) küýseýänligini obrazly beýan etmegi başarypdyr. Şahyr: Magtymguly, huş eýläp, Gezgin didäñ ýaş eýläp, Däli köñül joş eýläp, Ýüz müñ hyýaly gözlär. - diýen setirlerinde adamyñ hemişe Allany ýatlap, huş edip, akyl-paýhas bilen iş tutmalydygyny nygtaýar. Onuñ pikiriçe, akyl-paýhasyñ unudylan ýerinde köñül müñlerçe hyýala gümra bolýar. Ynsany gaýgy-alada sokýan müñlerçe hyýallardan - boş arzuwlardan saplanmagyñ ýeke-täk açary akyl-paýhasa gulluk etmekdir. Akyldar beýleki eserlerinde bolşy ýaly, "Ýoly gözlär" diýen goşgusynda hem adamzady haýyr-sahawata ündäp, ynsany il-günüñ agysyna aglap, şat gününe şatlanmaga çagyrýar. Magtymgulynyñ bu ideýasy hemişelik ýörelgedir. Şonuñ üçin biziñem Watanymyzyñ gülläp ösmeginiñ hatyrasyna Magtymgulynyñ döwrüñ synagyndan geçip, ündän ideýalaryna wepaly bolmagymyz iññän wajypdyr. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |