23:54 Mekir hatyn: Mälik Denan şanyñ başdan geçiren wakalarynyñ beýany | |
MÄLIK DENAN ŞANYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Rowaýatçylar şeýle rowaýat we şeýle hekaýat edipdirler: Hindistanda we Çyn-maçyn ülkelerinde bir atly patyşa, ýagny dünýä meşhur şa bar eken. Onuň adyna Şähriýar diýer ekeni. Ol öz hökümini tutuş ýurdunda ýöreder eken. Şähriýaryň iki sany ogly bar eken. Biriniň ady Mälik Jepbardy, beýlekisiniň ady bolsa, Mälik Denandy. Uly dogany Mälik Jepbar Hindistana we Çyn-maçyn ülkelerine hökümdarlyk ederdi, kiçi dogany Mälik Denan bolsa Samarkant welaýatyna höküm ederdi. Bu iki şazadanyň at owazasy bütin äleme ýaýrady. Bular beýleki patyşalardan paç we hyraç alardylar. Daş-töweregindäki patyşalar her ýyl bulara sowgat-serpaýlar we peşgeşler ibererdiler. Dünýälik babatda bularyň asla hiç bir zada mätäçlikleri ýokdy. Ähli etrapdyr obalar olaryň mal-hazynasyndan dos-doludy. Rowaýatçylaryň aýtmaklaryna görä günlerde bir gün Mälik Jepbaryň kalbyna kiçi gardaşy mälik Denanyň muhabbeti düşüp, onuň bilen didarlaşmagyň arzuwyny edip ugrady. Ahyrynda artyk sabyr-takat edip bilmän, tizden-tiz wezirleriniň birine Mälik Denana bolan muhabbetini beýan edip bir nama ýazmagy emr etdi. Onuň permanyna laýyklykda wezirler bir nama ýazdylar-da ony Mälik Jepbaryň eline berdiler. Ol namany okap bolandan soň aşagyna möhür basyp, ony bir weziriň eline berdi we oňa: - Eý, gardaş! Tizden-tiz Samarkanda bar we bu muhabbetden doly namany eziz doganym mälik Denanyň hut öz eline ber. Dilden hem oňa saglyk-salamymyzy we doga-dileglerimizi ýetip. Şeýle-de oňa bolan doganlyk muhabbetimiziň we görmek hyjuwymyzyň soňky derejä ýetendigini aýan et. Goý, ol tizden-tiz öz ýerine birini oruntutar-naýyp bellär, özi göwnüniň we kalbynyň isleýän, ýüreginiň küýseýän, adamlaryny alyp Hindistana gelsin. Bu ötegçi dünýäde hut onuň özi bilen birküç gün aýyş-eşret, zowky-söhbet, aýdym-saz, şagalaň we şadyýanlyk edip keýpi-sapa süreliň. Çünki bu şatlykly durmuş baky, juwanlyk ömür bolsa hemişelik däldir — diýip, dil bilen aýtmaly sözlerini hem tamam etdi. Ertesi bu wezir kyrk-elli töweregi adam bilen Hindistandan çykyp, göçe-gona, iýe-içe sähradyr, düzlükleri söküp, niredesiň Samarkant diýip, ýola rowana boldular. Ahyry günlerde bir gün Samarkant serhedine gadam basyp, Samarkant şäherine gelip ýetdi. Ol baş weziriň köşgüni sorap gelip, onuň köşgünde düşledi. Soňra baş wezir bilen görşüp, oňa özüniň Hindistanyň patyşasy Mälik Jepbaryň ýanyndan gelendigini we näme üçin gelendigini beýan etdi. Olar bir-birlerinden hal-ahwal soraşdylar. Soňra baş wezir öz patyşasy Mälik Denana Hindistanyň patyşasy Mälik Jepbaryň ýakyn (aýratyn) weziriniň gelendigini mälim etdi. Mälik Denan şa hem ol weziri ýanyna getirmeklerini emr etdi. Baş wezir Hindistanyň patyşasynyň weziriniň öňüne düşüp, patyşanyň adamlary kabul edýän diwanyna getirdi. Wezir patyşanyň huzuryna girip, patyşalara laýyk eder-kadalary berjaý edip, üç ýerde baş egip, egilip salam berdi. Ondan soňra tagtyň ýanyna gelip, tagty edep lebi bilen ogşap şol ýerde durdy. Haçan-da Denan patyşa gürlemäge rugsat berenden soň bolsa, Mälik Jepbaryň dil bilen tabşyran zatlaryny başdan-aýak beýan etdi. Soňra hem: - Galan sözler şu namanyň içindedir — diýip, namany uzadyp dymyp durdy. Şol wagt Mälik Denan şol haty okamaga emr etdi. Ondan soň diwanbaşy ol namany eline alyp, okamaga başlady. Nama okalyp bolandan soň namanyň mazmuny patyşa hem-de beýleki ähli wezirlerdir diwan emeldarlarynyň ählisine mälim boldy. Ondan soň ählisi weziriň näme üçin gelendigini bildiler. Soňra wezir Mälik Jepbaryň inisine iberen sowgat-serpaýlaryny orta getirdi we olary Denan şa gowşurdy. Denan şa ol sowgatlary hormat bilen kabul edip aldy-da, Hindistandan gelen wezire wezirleriň hatarynda oturmaga ýer görkezdi. Ol geçir oturandan soň diwanyň içindäki adamlar saçak ýazyp, tagam çekip başladylar. Haçan-da nahar iýlip bolandan soň, baş wezir Hindistanyň patyşasy Mälik Jepbaryň iberen wezirini ýanyna alyp, öz köşgüne geldi. Samarkandyň şasy Denan şa hem agasy mälik Jepbary görmäge örän meýillidi. Ondan soň şanyň emri bilen şäherden daşarda uzakda bir sähralygyň içinde, onuň çadyrlaryny we bargählerini gurdurdy. Ol öz ýerine baş weziri oruntutar-naýyp belläp, welaýaty bolmalysy ýaly dolandyrmagy oňa tabşyrdy. Soňra bolsa Denan şa aýal, oglan-uşaklary we ýakyn hossarlary bilen hoşlaşyp, sähetli gün mübärek sagatda Samarkant şäherinden çykyp, niredesiň Hindistan diýip, ýola rowana boldular. Olar ol gün bir menzil ýol ýöräp, ahyrynda bir mynasyp ýerde düşlediler we dem-dynç alyp rahatlykda oturdylar. Şirin dilli rowaýatçylaryň rowaýat etmeklerine görä, Mälik Denan şa ol menzilde rahatlykda otyrka birden bir heser başyna inip, hatyny ýadyna düşdi we biygtyýar aglap başlady. Aglar-aglar aýalynyň muhabbet ody bilen ýüregini daglady. Ol biraz öz-özi bilen söhbetdeş bolup oturdy. Ahyrynda pikir edip: «Gel, gowusy men bu gije yzyma gaýdyp baryp, aýalym bilen söhbet edip, ýene bir gezek onuň mährem ýüzüni göreýin. Çünki ol hem agam (kakamyň doganynyň) gyzydyr, şeýle hem gözümi açyp görenimdir. Mundan başga-da meniň ondan alty sany perzendim dünýä indi. Men ony on bäş ýyllap goýun-goltugymda sakladym. Şonuň üçin onuň maňa köp-köp muhabbeti bardyr. Bilýärin, häzir onuň mensiz ýüregi gysýandyr, meniň derdi-pyrakymdan gözlerine uky hem gelýän däldir. Meniň gidip barýan ýerim bolsa gaty uzakdyr. Bäri-bäri ýerde Hindistanyň ülkesi ýokdur. Ol ýerden näwagt gaýdyp geljegimi diňe Allatagalanyň özi bilýändir. Gowusy, ýene bir gezek hatynymyň ýanyna baraýyn we onuň gül jemalyny göreýin» diýip, agşamyň garaňkysy gowy düşen hem bolsa, mundan artyk sabyr-takat edip bilmän şol bada bir çapgyr ata münüp, niredesiň köşk diýip, ýola rowana boldy. Gijäniň ýarymynda gelip köşgünde düşledi. Atyndan düşüp, hiç hili habar-hatyr edip durman, bilinmezden özüniň aýratyn bolýan haremhanasyna girdi. Ol gös-göni hatynynyň bolýan otagynyň gapysyny gyssanmaçlyk bilen açyp, otaga seretdi. Şol wagt ol öz otagynda nämeleriň bolup geçýändigini görüp, haýran galdy. Rowaýatçylaryň habar bermegine görä, ol otagyna girip görse, muhabbet bilen ýakyp-ýandyrýan agasynyň gyzy bir aşçy oglan bilen patyşanyň hut özüniň aýratyn saklanylýan ýorgan-düşeginiň içinde köýnekçe halda biri-birine saralyp ýatyrlar. Emma, ol aşçy oglan şeýle bir ýigrenji, myrdar ekeni welin, onuň ýüzüne bir gezek sereden kişiniň ömür boýy işi rowaç bolmaz eken. Mälik Denan patyşa hatynyny bu halda göreninden soň ilkibada näme etjegini bilmän biraz säginip, yza çekilip durdy. Ol az-kem pikir edip oýlandy we: «Be, Allajanlarym! Men şeýle gözel patyşadyryn. Şäheriň bütin erkegi-aýaly meniň husny-jemalyma aşykdyr. Haktagala ýaradyş gudraty bilen maňa şeýle derejede gözellik bagş edipdir. Özümem ýaňy ýigrimi bäş, ýigrimi alty ýaşymda. Mundan başga-da şeýle ýokary derejede döwletdir soltanlyga eýe bolup otyryn. Şeýle ýagdaýda hem men heniz şäherden bütinleý aýrylyp gitmänkäm meniň jan-u köňülden muhabbet bilen söýen maşgalam, hatynym beýle işler edýär» diýip, pikire batdy. Ol şeýle oý-pikirler bilen gümra bolup, biraz wagt sabyr edip durdy. Emma hatyny bilen ol aşçy ýigidiň Denan şanyň gelenliginden habarlary ýokdy. Şol wagt ol çirkin-hapysa ýigit ol hatynyň ýanyna has golaý baryp ýakynlyk edeninden soň, hatyna garap: - Eý, meniň jan-jigerim! Sen meni güýçli söýýärmiň ýa-da gojaň-adamyňy Denan şany güýçli söýýärmiň? — diýip sorady. Hatyn: - Men seni üç ýyl bäri söýüp gelýärin. Şirin janym sen ependiniň ýoluna gurban bolsun. Men seni şeýle bir söýýärin welin, hatda men seni müň sany Denan patyşa hem deňemerin. Dünýäde seniň ýaly gözel ýigit heýbir barmydyr?! Sen meniň öz ependimsiň, heran-haçan sen meniň bilen ýakynlyk kylan ýagdaýyňda her gezek on iki, on bäş gezek ýakynlaşýarsyň, patyşa bolsa bäş-alty gezek ýakynlaşýardy. Şondan soň uka giderdi hem-de daň atýança uklardy. Daň atandan soň bolsa çaltlyk bilen ýerinden turup öz işi bilen gümra bolardy. Howa, meniň jan-jigerim, meniň seni söýelim bäri patyşa menden bir gezegem lezzet tapan däldir. Her gezek ýakynlaşan ýagdaýynda hem men oňa dürli mekir-hilelikler bilen jepa baryny görkezerdim. Akylym-pikirim hemişe diňe seniň ýanyňdady — diýdi. Şondan soň hatyn ýene-de: - Wah, meniň ependim! Gojam ─ ärim mälik Denan belki giden ýerinden sag-salamat gelmesindä hernä. Inşalla, belki onuň öldi habary gelsindä. Eger, şeýle habar geläýse men hökman sen ependime bararyn. Emma birdenkä patyşa ölmän, sag-salamat geläýse, onda men ony zäherläp öldürerin we sen ependime bararyn. Onuň ýaly müň patyşany men seniň ýoluňda gurban ederin — diýdi. Emma şol wagt bu ýigit ynsap edip, hatyna garap: – Eý, meniň janym-jigerim! Seniň gojaň ─ äriň Mälik Denan ýaly görmekli, owadan kişi entek dünýä gelen hem däldir. Ol göýä ikinji Ýusupdyr . Men onuň barmagyna-da meňzeýän we degýän hem däldirin. Men bir kirli aşçy oglandyryn. Men özümi gowy bilýärin. Men örän ýigrenjidirin, çirkin-hapysadyryn. Seniň ýaly owadan gözele bolsa, diňe patyşa aýal bolmak ýaraşýar. Meniň ýaly betnyşanyň seniň kibi soltana laýyk bolmaga hetdi ýokdur. Täk Allatagala seni patyşamyza ýazypdyr, patyşamyzy bolsa saňa baglapdyr — diýdi. Soňra ýene-de olar biri-birine çyrmaşyp, uka galyp boldular. Bu gürrüňleri diňläp duran Mälik Denan mundan artyk sabyr edip durup bilmän, gaýrata galyp, bilindäki gylyjyny gynyndan çykaryp, uky düşeginde ýatan bu iki haýasyzy şolbada gylyçdan geçirdi. Soňra ýene gijäniň içinde haremhanasyndan çykyp, sapara barýan ýolundaky otagyna gelip girdi. Ol gije daň atýança uklap bilmedi. Daň atandan soň bolsa Mälik Denan patyşa düşlän menzilinden göç edip, niredesiň Hindistan diýip, ýola rowana boldy. Olar göçe-gona ençeme menziller söküp, ýollar aşyp ahyry günlerde bir gün Hindistan serhedine gadam basdylar. Hindistanyň patyşasynyň bolýan şäherine dört-bäş menzil ýol galanda Mälik Jepbaryň weziri Denan şanyň öňünden çykyp baş egip, ýer örüp, onuň öňünden gitmäge rugsat aldy we Mälik Jepbara habar bermek üçin ugrady. Şähere gelip, dogry Mälik Jepbaryň köşgüne baryp, atdan düşdi. Soňra göni Mälik Jepbaryň huzuryna baryp, ýer örüp, oňa dogany Denan şanyň gelendigini aýdyp, buşluk habaryny berdi. Mälik Jepbar hem bu wezire agyr halatlar geýdirip, oňa bir welaýaty mülk edip berdi. Soňra patyşanyň buýrugyna görä, şäheriň öňünde bir giňişlik ýerde otaglar gurdular, çadyrlar dikdiler. Soňra Mälik Jepbar şa ähli wezir-wekilleri we döwlet sütünleri bilen atly-atyna münüp, bir menzile çenli öňe sürüp dogany Mälik Denan şany garşylamaga çykdylar. Denan şa hem Mälik Jepbara golaýlaşan badyna özüni atyndan aşak salyp, pyýada ýöräp ugrady. Mälik Jepbar hem atyndan düşüp, pyýada ýöräp ugrady. Iki sany hesretdeş (göwündeş) dogan biri-biri bilen gujaklaşyp görüşdiler. Soňra ýene-de iki sany beýik patyşa atlaryna münüp, at başyny deňäp, ortada durdular. Onsoň ähli wezir-wekiller bolsa olaryň garşysynda durdular. Soň ähli wezir-wekiller we döwlet sütünleri ýeke-ýekeden salama gelip, Mälik Denan şa bilen salamlaşmaga durdular. Iki tarapdan salamlaşyk we hal-ahwal soraşmaklyk başlandy. Salamlaşyk tamamlanandan soňra iki dogan atlaryny deňine sürüp çadyrlara gelip ornaşdylar. Iki dogan bir çadyrda we bir tagtyň üstünde oturyp ýene-de hal-ahwal soraşyp başladylar. Onýança saçak ýazylyp dürli-dümen nazy-nygmatlar getirilip ortada goýuldy. Olar iýip-içip özara söhbet edip oturdylar. Hoşboý ysly tütünler tütedildi we her dürli şirin-şerbetler içildi. Soňra olar ýene-de atlaryna atlanyp, şähere, ýagny Mälik Jepbaryň köşgüne tarap ugradylar. Gelip köşkde düşlediler we ol ýerde mäkäm ornaşyp, oňat dem-dynç aldylar. Şu görnüşde bir-iki aý geçdi. Mälik Jepbar gardaşy Denan şaha uly-uly zyýaratlar edip, myhmanparazlyk görkezdi. Käte-käteler sähralarda awa-şikara giderdiler. Käte bolsa köşkde aýşy-eşret we zowky-söhbet edip, wagtlaryny şadyýanlykda geçirerdiler. Emma Mälik Denan ne işdäli iýerdi, ne-de işdäli içerdi. Mydama gam-gussa we oý-pikirler içinde gezerdi. Mälik Jepbar inisi Mälik Denanyň bu ahwalyny görüp öz ýanyndan: «Munuň gamlanmagynyň sebäbi nämekä? Eýsem munuň gam-gussasy näme bolup biler?! Näme diýseňem, bu bir mysapyr (saparda ýören) kişidir, belkem men onuň sebäbini sorasam onuň göwnüne degerin» diýip, känbir sorap hem durmady. Emma onuň gamlanmagy gün-günden artýardy. Ahyry günlerde bir gün olar özara ýekelikde söhbet edip otyrkalar, Mälik Jepbar dogany Denan şaha garap: – Eý, meniň jan-u jigerim! Mähriban doganym, eziz gardaşym, senden bir zat sorasam bolarmyka?! Men şu wagta çenli doganymyň mübärek göwnüne degerin diýip, kän bir sorap hem bilmedim – diýdi. Onda Mälik Denan: – Aýdyberiň, näme sowalyň bolsa-da jogap bererin — diýdi. Şol wagt Mälik Jepbar: – Eý, meniň mähriban doganym! Eý, meniň janym-jigerim, sen biziň şäherimize gelip, biziň bilen görüşeliň bäri, biziň bilen näçe söhbet we aýşy-eşret etseň-de, mydama gam-gussadan açylaňok. Eý, meniň eziz doganym! Seniň bu gam-gussaň we gaýgy-aladaň nämedip?! Sen meni-de şol gam-gussa salýan syrlaryňdan habardar et. Iň bolmanda, men hem seniň bilen bile gam-gussa çekeýin. Seni beýle gam-gussada görelim bäri, meniň hem ne gijäm gijedip, ne gündizim gündizdir. Ýa-da sen öz welaýatyňdan we memleketiňden aýra düşeniňe gam-gussa çekýärmiň?! Çünki sen gün-günden saralyp-solup barýarsyň. Eý, janymdan eziz byradarym, aýt derdiňi, elimden geldigiçe alaç-çäre edeýin. Näme üçin derdiňi söýlemeýärsiň. Ýöne sakgalyňy dyrmap otyrsyň. Sen ne günlere duçar bolduň. Ýagdaýyňy maňa mälim et — diýdi. Onda Denan şa: – Eý, janym agam! Soranyň üçin sag bol. Meniň ýagdaýlarym ýagşydyr. Meniň hiç bir gaýgy-aladam ýokdur — diýip, başga hiç zat aýtmady. Bu wakadan birküç gün geçenden soň, bir gün Mälik Jepbar bir tarapa, düze gidip, aw-şikar edip, dynç almak isledi. Onsoň ol Denan şaga garap: – Eý, mähriban doganym, buýruň, bu gün biziň bilen bileje çöl-sähra gezelenje gideliň. Ol ýerde aw-şikar ederis. Şeýdip hem dem-dynç alarys. Belki siziň göwnüňiz açylyp, biziň şatlyk-şagalaňlarymyza goşularsyňyz — diýdi. Onda Denan şa: – Eý, eziz doganym, aw-şikara siziň özüňiz gidiberiň. Bu gün meniň keýpim ýok. Gezelenje gitmäge ýagdaýym ýok, halym gowşapdyr — diýip, bahana etdi. Şeýdip, Mälik Denan şa dogany bilen gezelenje gitmekden boýun gaçyrdy. Emma Mälik Jepbar wezir-wekilleri bilen awa-şikara gitdi. Mälik Denan şanyň oturan otagynyň bir penjiresi bardy. Ol penjire bagy-bossanlyga tarap açylýardy. Denan şa hem penjireden bagy-bossanlyga tarap seredip, tomaşa edip otyrdy. Birdenkä bagy-bakjanyň gapysyndan ýigrimi töweregi garaýagyz arap kenizekleri girip geldi. Olaryň yzyndan bolsa ýene-de ýigrimi töweregi akýagyz kenizekler girdi. Olaryň arasynda Mälik Jepbar şanyň aýaly hem bardy. Olar içeri girip, bir howzuň kenaryna baryp, eşiklerini çykardylar. Soňra Mälik Jepbaryň hatyny soltan deý geçip, belent tagtyň üstünde ornaşdy. Onsoň mejlis taýýar edilip, iýilip-içilip, aýşy-eşrete we zowky-sapa meşgul bolup başladylar. Emma ol garaýagyz arap kenizekleriň ählisi erkek kişi ekeni. Şol wagt «soltan» hatyn yşarat etdi welin, ol garaýagyz arap kenizekleri hasaplanylýan erkek kişiler, akýagyz kenizekleriň ellerinden tutup, hersi bir kenizek bilen bir çete çykdylar. Olar bu ak kenizekler bilen aýşy-eşrete meşgul bolup, zyna etmäge başladylar. Emma eý, meniň jany-jigerim, hekaýatyň yzyny diňläň. Ondan soň ýaňky «soltan» hatyn howzuň başynda ýeke-ýalňyz galdy. Şondan soň ol bir gezek «Eý, Mesgut» diýip, gygyrdy welin, şolbada bir ýerden bir gap-gara we betnyşan ýüzli bir arap peýda boldy. Ol hem gele-gelmäne howzuň kenarynda duran tagtyň üstüne çykdy. Ol «soltanyň» ýakynyna golaýjak baryp, onuň bilen aýşy-eşretde bolup, zyna etmäge başlady. Biraz wagtdan araplaryň ählisi işlerini tamam edip, ol howza girip, suwa düşünip başladylar. Ondan soň bolsa garaýagyzlar öňki geýimlerini geýnip ýene-de şol giren gapylaryndan ýeke-ýekeden çykyp, yzlaryna zym-zyýat boldular. Mälik Denan şa bu ahwaly görenden soň, onuň synyk köňli biraz aram tapdy, gam-gussasy egsildi. Ol bir zaman pikirlenip oturandan soň öz-özüne: «Eý, waý, weýran bolan düýbi çüýrük dünýe, megerem, durmuşyň hökümi, ýol-ýörelgesi şeýledir. Ähtimal, dünýä beýle ýagdaýdan hemişe boş däldir. Agam Mälik Jepbar menden hem beter betbagtlykda ýaşaýan ekeni. Şeýle hem hatyn jynsynda wepa ýok ekeni. Mundan başga hem aýal jynsy döwlete ýa-da at-abraýa bakmaz ekeni. Eger jynsy gatnaşyk ýok ediläýmese, walla, islendik pursatda olar şunuň ýaly gatnaşygy etmäge taýýarmykan diýýärin» diýdi. Mälik Jepbar agşama ýakyn aw-şikardan dolanyp geldi. Ol ýene-de dogany Mälik Denan bilen ýürekden söhbet etdi. Emma, bu gezek Mälik Denan öňküleri ýaly şeýle bir gam-gussa batyp oturanok. Ýüz-gözünde şadyýanlyk alamatlary peýda bolupdyr. Ol muňa haýran galdy. Emma hiç zat diýip soramady. Olar birküç günlär şu ýagdaýda şatlyk-şagalaň, saz-söhbet bilen gün geçirdiler. Şondan soňra Mälik Jepbar dogany Mälik Denan şada asla bir zerre hem gam-gussa görmedi. Ol bu ýagdaýa haýran galyp birnäçe gün garaşdy. Ahyry günleriň bir güni Mälik Jepbar Mälik Denana garap sowal berdi: – Eý, janym-jigerim, mähriban doganym! Sen öňler beýle şadyýan däldiň, elmydama gam-gussa batyp oturardyň. Eý, gardaşym, indi görýän welin, göwnüň-göwsüň açylyp, gül meňziň öz katdyna gelipdir. Asla gam-gussaň we gaýgy-aladaň ýok. Eý, doganym, eger mümkin bolsa meni bu ahwaldan habardar et — diýip, haýyş edip, ýalbaryp başlady. Emma Mälik Denan hiçzat diýmedi. Ol ýene-de ýalbaryp başlady. Ahyrynda Mälik Denan Mälik Jepbar şanyň haýyşdyr ýalbarmalaryna dözmän, öz aýaly, ýagny agasynyň (kakasynyň doganynyň) gyzy bilen aşkez oglanyň aralarynda bolup geçen wakalary, özüniň bolsa sabyr-takat edip bilmän, ikisini hem öldürip, Hindistana gelendigini, umuman ähli başyndan geçirenlerini boýdan-başa birin-birin gürrüň berdi. Soňra hem ýene-de: — Hawa, meniň mähriban gardaşym! Men hernäçe siziň bilen gürleşip, aýşy-eşret we zowky-söhbet etsem-de, şol melgun arwatyň eden hyýanaty asla meniň hatarymdan gitmän, hemişe meniň gam-gussa içinde ýörmegime sebäp bolupdy. Emma, eý, jandan eziz gardaşym, siz birnäçe gün mundan öň bagtyýarlyk bilen awa-şikara gideniňizde, men siziň yzyňyzda köşkde galypdym. Şonda penjireden bagy-bossanlyga tarap bakyp, olara tomaşa edip otyrdym. Görsem, ýigrimi töweregi garaýagyz arap kenizekleri bagy-bakjanyň garysyndan gelip girdiler. Olaryň yzyndan hem ýigrimi töweregi ak bedenli kenizekler gelip girdiler — diýip, olaryň aralarynda bolup geçen bozuk işleriň we ahwalatlaryň hemmesini bolşy ýaly birin-birin gürrüň berdi. Soňra hem: – Hawa, eý, meniň eziz gardaşym. Eger sen maňa ynanmaýan bolsaň, ertir ýene-de awa-şikara gidip, keşbiňi özgerdip, bildirmän, ýalňyz-ýeke özüň gaýdyp gel. Soňra hem şu penjireden tomaşa eýle, synla, gör bak, saňa duçar bolan ryswalyk maňa duçar bolan wakadan hem müň esse erbet ekeni — diýip, dymyp oturdy. Haçan-da Mälik Jepbar doganyndan bu aýylganç habary eşideninde, birnäçe wagtlap oý-pikire batyp oturdy. Ol bu bolup geçen wakalaryň gaty aýylgançdygyna erbet gynandy. Soňra olar ýene-de aýşy-eşrete meşgul bolan bolup, söhbet edip oturdylar. Ol gije geçip, daň atanda Mälik Jepbar: «Men aw-şikara gitjek» diýip, aw-şikar esbarlaryny taýýar edip, nepis atlara münüp, şäherden daşary çykdy. Şondan soň Mälik Jepbar derrew egin-eşigini özgertdi. Wezir-wekilleriniň ählisi ýanynyň esgerleri bilen sähra tarap gitdiler. Mälik Jepbar bolsa, keşbini özgerdip, yzyna gaýdyp gelip, dogany Mälik Denanyň oturan penjiresiniň öňünde ornaşyp oturdy. Ol şol bagy-bossanlyga tarap bakyp, olara tomaşa edip otyrdy. Birdenkä görse, edil inisiniň aýdyp berşi ýaly görnüşde ýigrimi töweregi arap kenizekleri bagy-bakjanyň gapysyndan girdiler. Olaryň yzyndan bolsa ýene-de ýigrimi töweregi ak bedenli kenizler girip geldiler. Ol kenizleriň ortasynda «soltan» hatyn hem bardy. Olar howzuň kenaryna baryp, lybaslaryny tamam çykardylar. «Soltan» hatyn hem müň näz we kereşme bilen gelip, ol näzeninleriň hataryna goşulyp, tagt üstünde ornaşdy. Soňra onuň emri bilen mejlis taýýar edildi. Ol näzenin kenizler birküç bulgur gyrmyzy reňk badany dolduryp, «soltan» hatyna berdiler. «Soltan» hatyn hem yşk söwdasyndan ýaňa mes bolup, müň näz-kereşme bilen bulgury alyp başyna çekip, şolbada noş etdi. Şeýlelikde, ählisi birnäçe bulgur badany noş edip, badanyň keýpi başlaryna çykdy. Ondan soň «soltan» hatyn betşekil we myrtar araplaryň hersine akýagyz kenizekleriň birini ýanyna alyp, bir çete çekilmeklerine ygtyýar berip yşarat etdi. Araplar hem hersi bir akýagyz kenizegiň elinden tutup, bir bukuja ýere baryp, olar bilen zyna işini etmäge meşgul boldular. Mälik Jepbar bulary görüp durka, «soltan» hatyn ýalňyz galypdy. Ol hem oturan ýerinden «Eý, Mesgut» diýip, gygyrdy. Şol wagt bir tarapdan bir gara meňiz, ýigrenji we betşekilli bir arap peýda boldy. Ol gele-gelmäne göni tagtyň üstüne çykyp, mejlis başyna geçdi. Ondan soň bolsa «soltan» hatynyň dyzyna golaý oturdy. Soltan hatyn hem hut öz eli bilen ol betnyşan araba birküç bulgur gyrmyzy şerap guýup berdi. Arap hem şol wagt ony noş etdi. Arabyň keýpi kellesine çykandan soňra, derrew «soltan» hatyny gujagyna alyp, keýpi-sapalylyk bilen aýşy-eşrete meşgul boldy. Şeýdip, ol nejis arap Mälik Jepbaryň gözüniň alnynda onuň bozuk hatyny bilen zyna işini edip başlady. Işini tamam edip bolandan soň, bolsa howza girip suwa düşünip başlady. Şol wagt beýlekiler hem gelip howza girip suwa düşdüler. Soňra bolsa hemmesi lybaslaryny geýip, gelen yzlaryna tarap gidiberdiler. Şondan soň «soltan» hatyn hem kenizleri bilen haremhana tarap gaýtdy. Mälik Jepbar bu ahwalaty öz gözi bilen görenden soň, namysdan ýaňa tas ölürdi. Ol şol wagt sabyr-takatyny ýitirip, dogry haremhanasyna baryp, ol melgun kenizekleri, araplary we hatynyny tutuşlygyna gylyçdan geçirdi. Soňra doganynyň ýanyna gelip: — Eý, gardaşym, menden äht bolsun, mundan buýana hiç wagt hatyn almaryn — diýip, kasam etdi. Soňra inisi Mälik Denan bilen birnäçe wagt söhbet edip oturdy. Söhbetdeşlik wagtynda Mälik Jepbar inisi Denan şaha garap: – Gel, eý doganym, ikimiz eşiklerimizi çalşyryp, keşbimizi özgerdip, ençeme wagtlar şu älemi keşt we seýran edeli. Göreli, durmuş bize ýene-de özüniň nähili ýüzüni görkezerkä?! Bu dünýäde biziň duçar bolan betbagtlygymyz ýaly betbagtçylyga başga kişi duçar boldumyka?! – diýdi. Onsoň aga-ini ikisi-de eşiklerini çalşyp, keşplerini özgerdip, ýola düşdüler-de gidiberdiler. Şu görnüşde ýigrimi-otuz gün ýol ýörediler. Hawa, meniň jan-jigerim, yzyny diňle. Olar birnäçe gün ýol ýöräp, günlerde bir gün bir derýanyň kenaryna baryp ýetdiler. Ol ýerde bir agajyň saýasynda oturyp, biraz wagt dynç alyp eglendiler. Birdenkä görseler, bir tarapdan bir güýçli ses peýda boldy. Iki gardaş biri-birlerine bakyp: «Gaty geň zat, bu gürrüldi nämekä?» diýişdiler. Olar uly howsala düşüp, tizden-tiz ol agajyň üstüne çykyp, ýapraklaryň arasynda gizlendiler-de, seredip oturyberdiler. Görseler, derýadan bir aýylganç we gorkunç bir döw çykdy. Onuň deresinde bolsa bir sandyk bardy. Döw agajyň düýbüne gelip, sandygy başyndan aşak düşürip, ýerde goýdy. Soňra sandygyň gapagyny açyp, içinden bir gözel we görmekli gyzy çykardy. Ol biraz wagtlar ol gyzy öpüp, guçur we gujaklap oturdy. Soň bolsa, ol gyzyň dyzyna başyny goýup, süýji uka gitdi. Emma bu gyz döwüň başyny ýerde goýup, o ýana, bu ýana nazar aýlap başlady. Şol mahal birden ol gyzyň lowurdap duran gözi agajyň üstünde oturan Jepbar şa bilen Mälik Denana düşdi. Ol şol bada bulara garap: – Tiz boluň, hany aşaga düşüň. Ýogsam döwi oýararyn welin, ol siziň işiňizi görer — diýdi. Şol wagt bu iki dertment patyşalaryň gorkudan ýaňa meňizlerinde gan-pet galman, derrew agaçdan aşaga düşdüler-de, gelip gyzyň ýanynda durdular. Gyz olara garap: – Hany tiz boluň, siz meniň bilen aýşy-eşret işine meşgul boluň. Ýogsam işiňiz kyn bolar — diýdi. Bu iki dogan bialaç bolup, bu gyz bilen aýşy-eşret işine meşgul boldular. Olar gyzyň myrady hasyl bolýança bu iş bilen meşgullandylar. Ondan soň ol gyz: — Indi bolsa barmaklaryňyzdaky ýüzükleriňizi çykaryp maňa beriň — diýdi. Bular gorkularyndan ýaňa bialaç bolup, barmaklaryndaky ýüzüklerini çykaryp onuň eline berdiler. Ol gyz bulary bir käsäniň içine oklap goýberdi. Soňra bulara garap: – Bu ýüzükler indi togsan dokuz boldy. Heran-haçan bu döw meni şunuň ýaly bir ýere çykaran wagtynda, men şol wagt kimdir bir adamy taryp, onuň bilen şunuň ýaly işleri edýärin. Soňra bolsa olaryň barmaklaryndan altyn-göwher ýüzüklerini alyp galýaryn. Emma bu döw bolsa meni: «Hiç wagt hiç kim bilen ne adam, ne-de döw bilen görüşmesin» diýip, hemişe sandyga salyp, depesinde göterýär — diýdi. Ol ýene sözüni dowam edip: — Hawa, meniň mähribanlarym, meniň özüm hem bir patyşanyň ýeke gyzydyryn. Bu döw meni zor bilen alyp gaýdyp, gulp astynda saklap, şeýle gezdirýär. Emma bu akmak bilenok, dünýäde hergiz aýallaryň öňüne çykyp bolmaz. Olaryň mekirliklerine aň we akyl ýetirip bolmaz — diýdi. Soňra bu iki dogan ol ýerden gaýdyp, Mälik Jepbaryň ülkesi bolan Hindistana gaýdyp geldiler. Bu iki dogan: «Ol döwüň betbagtçylygy biziň betbagtçylygymyzdan hem has artyk eken» diýip, özlerine az-kem teselli berdiler. Şondan soň, Mälik Denan birküç gün Mälik Jepbar bilen söhbetdeş bolup oturdy. Bir gün hem Mälik Denan: – Eý, dogan! «Gezmek eradat, gitmek ejazat» diýipdirler — diýip, gaýtmaga rugsat sorady. Mälik Jepbar hem doganyna yzyna gaýtmaga rugsat berdi. Mälik Denan derrew ýol şaýyny tutup, Hindistandan gaýdyp, öz ýurduna tarap ýola düşdi. Mälik Jepbar hem inisi Denan şany üç menzile çenli wezir-wekilleri bilen ugradyp, ýola saldy. Şol ýerde biri-birleri bilen gujaklaşyp, hoşlaşyp, bir zaman aglaşyp durdular. Soňra hersi öz ýoluna tarap rowana boldylar. Mälik Jepbar özüniň paýtagtyna gelip ornaşdy. Mälik Denan hem Samarkanta tarap rowana boldy. Hawa, eý, meniň ruhy-rowanym, yzyny diňle. Mälik Denan hem menziller aşyp, birnäçe wagtdan soň özüniň tagtyna gaýdyp geldi. Gelmeginiň şükranasyna gurbanlar kesir, pakyr-pukaralara sadakalar berdi. Şondan soňra ne Mälik Jepbar, ne-de Denan şa öýlendi, asla olaryň ikisem hatyn almak barada pikir hem etmediler. Eý, meniň jan-u jigerim, diňle. Bu kyssadan myrat bolan akyl we nesihatlar şeýledir: Asla, hergiz hatynlar taýpasyna ynanmaň, olarda wepa ýokdur. Arwat taýpasy hergiz gözel diýmez, betgelşik diýmez, şeýle-de bolar diýmez, bolmaz hem diýmez, eline pursat düşen badyna gaýrylar bilen sözleşip, goşulyşyberer. Şonuň üçin eliňe aýal düşende, gözüňi giňräk aç, bek sakla, arwata hiç hili pursat berme. Eý, meniň janym! Munuň şeýledigini biljek bolsaňyz, gözüňizi giňden açyp, arwaty örän zyýada göz öňünde sakla we pähim et. Çünki «Suwa daýanma, arwata ynanma» diýipdirler. Ine, şeýdip bu hekaýat hem şu ýerde tamam boldy. Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |