SALYH KIŞINIŇ DOGA-DILEGINIŇ BOZULMAGYNYŇ WAKASYNYŇ BEÝANY
Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş hadysalaryny beýan edijiler şeýle rowaýat edipdirler:
Hezreti Dawut pygamberiň zamanasynda bir salyh kişi bardy. Günlerde bir gün ol salyh kişi gaýyp äleminden: «Eý, meniň salyh gulum! Dünýäde seniň üç sany doga-dilegiňi kabul eýledim. Menden näme dilegiň bolsa dilegin» diýen owaz eşidipdir. Ol kişi hem bu sözi hatynyna gürrüň beripdir. Hatyny hem ol kişiden ýalbaryp we haýyş edip:
– Eý, janymyň jany, soltanym, gojam─ärim! Sen doga-dileg et, goý, men dünýäde şeýle bir gözel, şeýle bir görmekli bolaýyn welin, goý, meniň dünýäde deňim-taýym bolmasyn — diýipdir.
Ol kişi doga-dileg edeninden soň, ol hatyn şeýle bir gözel boldy welin, göýä ikinji Züleýhady we ikinji Bylkysdy. Ol döwürde ondan gözel, ondan owadan we zyba hatyn tapylmady. Bir gün ol hatyn eline aýna alyp, aýna bakyp, keşbine guwanyp: «Beý, janymyň jany, men beýle gözel we beýle görmekli bolanymdan soň, men bu kişiniň laýygy däldirin. Men patyşa mynasypdyryn» diýdi. Hatyn şeýdip öz keşbine guwanyp, dönüp, Salyh ärine garap:
– Men seni islemeýärin. Sen maňa laýyk we mynasyp dälsiň — diýip, şolbada ärini gapydan çykaryp kowdy.
Bu hatynyň owadanlygynyň dabarasy dag aşyp baryp patyşanyň gulagyna ýetdi. Patyşa hem şol wagt ol hatyny ärinden boşadyp, özüne nikalap hatyn edip aldy. Birküç gün geçenden soň ol salyh kişi ýagdaýyň beýle halda üýtgändigini görüp, gaýtadan doga-dileg edip: «Ýa Rebbim, senden dilegim şeýle. Sen ol hatyny şeýle bir betşekil, şeýle bir myrtar et, goý, şu dünýäde ondan çirkin-betgelşik, ondan myrtar, hatyn bolmasyn» diýdi. Ol salyh kişi şeýle diýip, Allatagala ýalbaryp, doga-dileg eden badyna ol kişiniň dilegi kabul bolup, ol hatyn şeýle bir çirkin-görmeksiz boldy welin, asla beýan ederden zyýada boldy. Bu tarapda patyşa hem bu aýalyň beýle çirkin-betgelşikdigini görüp, ony özünden daşlaşdyryp kowdy. Ondan soň ol hatyn özüniň eden bu işine puşman edip ökündi. Şeýdip il-günden çetde, bir bujakda ölüp-ýitip gitdi. Bu bagyş edilen dogadan hem hiç bir peýda bolmady. Hawa, eý, meniň ezizlerim, hatyn sözüne uýan kişi şeýle zyýanlara we ýitgilere duçar bolýandyr. Ine, bu hekaýat hem şu ýerde tamam boldy.
Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA.
Hekaýalar