09:06 Mekir hatyn: Şemgunyñ başdan geçiren wakalarynyñ beýany | |
ŞEMGUNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Rowaýatçylar şeýle rowaýat edipdirler: Gadym zamanlarda beni Ysraýylyň döwründe bir abyt we zahyt bar eken. Ol şeýle bir abyt (takwa) eken welin, gündizi saýyl (agzy bekli) we gijesi kaýyl (ýatman ybadat etmeklik) eken. Bu abyt özüniň tutuş ömrüni namaz, oraza we ybadat bilen geçiripdir. Şeýle hem, ol ömrüniň köp bölegini gazawat edip, ýagny kapyrlar bilen söweş edip geçiripdir. Şeýdip ol Allatagalanyň ýolunda yhlas-tagalla baryny edip ýaşar ekeni. Onuň bir düýe çekisi bar eken. Ol elmydam oňa daýanardy. Heran-haçan ol abydyň garny ajygsa, şol düýe çekisini agzyna salardy welin şol düýe çekisinden dürli-dümen jennet tagamlary agzyna girerdi we doýardy. Suwsan wagtynda hem şol düýe çekisini agzyna salardy welin dişleriniň arasyndan abyhaýat mysaly suwlar akyp, ganýança içerdi. Ol şol görnüşde birnäçe aý kapyrlar bilen söweşip, jeň ederdi. Her gün kapyrlardan birnäçesini gyrardy. Asla şu wagta çenli kapyrlar bir gezek hem ondan üstün çykyp bilmändiler. Gaýtam onuň elinden ejiz we biçäre bolup, zar-u zebun çekerdiler. Ol döwletli, takwa we danadaryň mübärek adyna Şemgun diýerdiler. Şemgun Päk we Belent Allanyň doga-dilegi kabul bolýan bir bendesidi. Kapyrlar Şemgunyň elinden ýaňa dermansyz derde sataşyp gan aglardylar. Söweşdir jeň bilen oňa garşy durup bilmezdiler. Onsoň kapyrlar başga bir hile gurmagyň pikirini edip başladylar. Olar munuň ýolundan nädip üstün çykyp bolar diýip, birküç gün maslahat edip oturdylar. Ahyrynda bolsa şeýle netijä geldiler. Şemgunyň bir görmegeý aýaly bardy. Ol husn-u jemalda Züleýha bilen bäsleşerdi. Şemgun aýalyny örän gowy görýärdi. Asla onuň bir sözüni iki aýtdyrmazdy. Kapyrlar bu ýagdaýy bilip özaralarynda dil birikdirip: «Biz baryp Şemgunyň aýalyna kör mal we baýlyk bereli. Goý ol gije ýatyrka ärini tutup baglap bize habar bersin. Onsoň biz ony başga ýere eltip öldüreris we şeýdip onuň elinden gutularys» diýen netijä geldiler. Şeýdip bäş-on sany kapyr bir ýere jemlenip, şol aýalyň ýanyna bardylar we oňa: - Eý, hatyn, biz seniň ýanyňa näme üçin geldik, bilýärmiň? – diýip soradylar. Ol aýal: - Ýok, bilemok! Aýdyň, näme üçin geldiňiz? — diýdi. Onda kapyrlar: - Biz saňa köp mal-pul we göwherler getirdik. Sen bulary al-da bize öz adamyňy tutup, onuň el-aýagyny baglap ber. Onsoň sen bu baýlyklary alarsyň we edil patyşanyň aýaly ýaly bolup, uly döwlete eýe bolarsyň — diýdiler. Bu söze ol aýalyň göwni gidip: - Siz gaýgy etmäň. Men ony tutup baglap, size habar ederin. Onsoň näme ederin diýseňiz özüňiz bilýärsiňiz — diýdi. Kapyrlar bu habary eşidip mes bolup, yzlaryna gaýtdylar. Şemgun hem gazawatdan gaýdyp geldi we ýadaw halda öýüne girdi. Ol şol wagt hem uka galyp bolup ýatyp galdy. Bu melgun hatyn şol wagt uklap ýatan äriniň elini-aýagyny mäkäm baglady. Biraz wagtdan soňra Şemgun oýandy. Görse, eli-aýagy mäkäm baglanypdyr, ýanynda bolsa, aýalyndan başga hiç kim ýok. Onsoň ol aýalyna garap: - Eý, hatyn, meniň el-aýagymy kim baglady — diýip sorady. Aýaly: - Seniň güýç-kuwwatyňy barlamak üçin men bagladym — diýdi. Şol wagty Şemgun: «Ýa Alla» diýip, bir gezek gygyrdy welin, bentleriň hemmesi gyrlyp taşlandy. Birküç günden soňra ol takwa kişi ýene-de kapyrlar bilen gazawat etmäge gitdi we olar bilen söweşip ýene-de birnäçesini gyrdy. Ol ýene-de gazawatdan ýadaw halda gaýdyp geldi-de uka gitdi. Şol wagt ýaňky melgun aýal ýene-de onuň elini aýagyny zynjyr bilen mäkäm edip baglady. Zynjyry bolsa başga bir zada berkidip goýdy. Şemgun oýanyp görse, eli-aýagy zynjyra mäkäm baglanypdyr. Ol hem başga bir zada berkidilipdir. Onsoň ol aýalyna: - Meni kim zynjyr bilen baglap goýdy — diýip sorady. Ol melgun hatyn: - Bu gezek hem seniň güýç-kuwwatyňy barlamak üçin men bagladym, hany göreýin, demir zynjyry hem gyryp bilermikäň — diýdi. Şonda Şemgun aýalyna garap: - Eý, akmak heleý meni dünýäde hiç bir zat bilen baglap saklap bolmaz. Diňe başymdaky saçym bilen baglansa saklap bolar — diýdi. Ol aýal bu sözi eşidip hiç zat diýmän ümsüm boldy. Soňra Şemgun ýene-de bir gezek «Ýa Alla» diýip, ol demir zynjyry hem gyryp taşlady. Aradan birküç gün geçenden soňra Şemgun ýene-de kapyrlar bilen gazawat etdi we gazawatdan ýadaw halda öýüne gelip, ýatyp galdy. Ol melgun hatyn bolsa onuň saçyndan bir mukdaryny gyrkyp alyp, Şemgunyň el-aýagyny mäkäm baglap, bent edip goýdy. Birnäçe wagtdan soňra Şemgun oýanyp görse, eli-aýagy mäkäm baglanypdyr. Onsoň aýalyna: - Eý, hatyn, menin el-aýagymy kim baglady — diýip sorady. Ol melgun hatyn bolsa: - Seniň güýç-kuwwatyňy barlap görmek üçin men bagladym. Hany göreýin, saçyňy-da gyryp bilermikäň — diýdi. Onda Şemgun: - Muny gyryp taşlamak elimden gelmez — diýip, birnäçe gezek zor salyp gördi. Emma ol saçyň bir taryny hem üzüp bilmedi. Melgun hatyn hem bu ýagdaýy gören badyna şol wagt daşary çykdy. Çünki ol bu töwerekde birnäçe kapyry bukuda ýygşyryp goýupdy. Biwepa hatyn derrew şolaryň ýanyna baryp, ol kapyrlara bu ýagdaýy habar berdi. Kapyrlar hem şol wagt ylgaşyp gelip, Şemgunyň öýüne girdiler. Ony bentli ýagdaýda gören batlaryna ony çekeläp, süýrekläp, patyşalarynyň ýanyna getirdiler. Ol melgun bolsa Şemgunyň burnuny we gulagyny kesmekligi buýrdy. Soňra bolsa onuň mübärek gözlerini oýup çykardylar. Ahyrynda bolsa olar kapyrlar bilen jeň edip, kapyrlary gyran ellerini we aýaklaryny gazawada äkidip, kesip para-para etdiler. Ol asly haram bolan melgun we haýyn hatyn bolsa, äriniň bu hala düşenini görse-de, oňa merhemet we şepagat etmedi. Gaýtam oňa tomaşa bilen bakyp durdy. Şol wagt asmandan: «Eý, meniň wepaly gulum! Menden näme dilegiň bar bolsa dile. Men seniň dilegiňi rowa ederin» diýen owaz geldi. Ol bende mätäçlik bilen: «Eý, Rebbim, meniň dilegim şeýle! Maňa kuwwat ber, men şu kapyrlary heläk edeýin» diýdi. Şol bada ol takwanyň ähli kesilen agzalary ýene-de öňküsi ýaly sag we sagat bolup, ýerli-ýerine geldi. Güýç-kuwwaty hem öňküsi ýaly bolup gaýdyp geldi. Bu kapyrlaryň üýşüp oturan ýeri bir öýüň içidi. Bu öýüň ortasynda bir mäkäm duran direg bardy. Şemgun derrew öýüň ortasynda duran direge el urup «Ýa Alla» diýip, ony çekip sogurdy. Şol bada hem bu öý, içinde oturan kapyrlaryň üstlerine ýykyldy. Kapyrlaryň ählisi heläk boldy. Ol melgun hatyn hem şolar bilen bile oturdy. Ol hem heläk bolup, eden erbet işi öz başyndan indi. Hawa, eý, jan-jigerim, mähribanlarym! Gördüňmi, hatynlar gör nähili merhemetsiz we şeragatsyz bolupdyrlar. Ol hatyn bu takwa adamsy bilen ýetmiş ýyl ömür sürüpdir. Onuň näçe nan-u nygmatyny iýipdir. Emma ahyrynda onuň duz-çöregini basgylap ärini ne hala salypdyr. Oňa merhemet we şeragat etmegiň deregine, gaýtam, ony para-para edipdir. Ýöne özi hem öz eden işine duçar bolupdyr. Diýmek, hatyn jynsynda wepa ýokdur. Oňa bu hekaýat hem şaýatdyr. Asla wepaly bolmaklyk göz öňüne hem tutulan däldir. Howa, mähribanlarym! Jahanda üç zatda wepa ýokdur: biri aýal, biri gylyç, ýene biri hem atdyr. Oňatja pähim ediň, şonda bu zatlaryň hemmesine düşünersiňiz. Ine, bu hekaýat hem şu ýerde tamam boldy. Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |