11:56 Mekir hatyn: Üç şertiñ bozulmagy hakynda hekaýat | |
ÜÇ ŞERTIŇ BOZULMAGY HAKYNDA HEKAÝAT Habarlary rowaýat edijiler, eserleri gürrüň berijiler we durmuş hadysalaryny beýan edijiler şeýle hekaýat edipdirler: Günlerde bir gün bir hatyn bir ýigidi söýüpdir. Ol oňa guwanyp: – Eý, ýigit, men seni tüýs ýürekden söýýärin. Meniň şirin janym saňa gurban bolsun. Men saňa Allatagalanyň emrine laýyklykda nika bilen bararyn. Emma meniň üç sany şertim bar. Eger sen olary kabul etseň, men saňa bararyn — diýipdir. Ol ýigit hem: – Hany aýt, göreýin, ol üç şertiň nämedir? — diýdi. Ol hatyn: – Birinji şertim hiç haçan kofe içmeli dälsiň, ikinji şertim hiç wagt garpyz iýmeli dälsiň, üçünji şertim hem mermer daşyň üstünde oturmaly dälsiň — diýipdir. Bu ýigit hem bu üç şerti kabul edip, ol hatyny nika bilen özüne hatynlyga kabul edip alypdyr. Birküç ýyllar ýigit bu hatyn bilen ýagşy durmuşda aýşy-eşret we zowky-sapa bilen ýaşady. Biri-birlerine muhabbet bilen ysnyşdylar. Günlerde bir gün ol ýigit öz-özi bilen pikirlenip: «Hany şol şertleri bozur göreýin, şonda näme bolarka» diýip, bir gün bir mermer daşyň üstünde bir sagat töweregi oturyp, garpyz iýdi we bir käse kofe hem içdi. Şondan soňra ýerinden syçrap turup, öýe geldi. Agşam düşüp, ýorgan-düşegine girip, aýalyna ýakynlaşmak isledi. Ol ýigit ýaňy aýalyna golaýlaşan badyna ol aýal ony birnäçe sapar urup, öz düşeginden daşary oklap goýberdy. Dertment ýigit ol betkäriň öz eden işini bilendigini ýa-da aňlandygyny bildi hem-de eden işine ökünip, puşman etdi. Emma ökünçden ne peýda, boljak iş boldy. Indi elinden näme iş gelsin. Onsoň baryp bir çüňkde ýygrylyp ýatdy. Emma pikir-aladalardan ýaňa asla gözlerine uky gelmedi. Daň atan badyna ol hatyn ýerinden turup, başyna çadyryny örtülnip, lybaslaryny geýip, ol ýigit bilen kazyhana bardy we kazy Ependiniň huzuryna girdi. Ol hatyn kaza garap: — Şerigat emrine laýyklykda men bu ýigide üç şert bilen durmuşa çykdym. Bu ýigit hem ol üç şerti kabul etdi. Birküç ýyl ol şertleri berjaý edip özüni saklady. Häzir hem şol şertleri bozdy. Şu günden şeýläk men bu adama hatyn boljak däl. Meni siziň huzuryňyzda özünden boşatsyn — diýende, kazy ol şertleri sorady. Şonda hatyn ol şertleri birin-birin sanap berdi. Soňra bolsa: — Düýnki gün hem daş üstünde oturyp, hem garpyz iýdi, hem kofe içdi — diýende, ýaňky ýigit kalbynda oýlanyp: — Meniň bu zatlardan habarym ýokdur. Men beýle işler etmedim — diýip, ony inkär etdi. Adamsynyň öz sözlerini inkär edendigini gören ol hatyn: — Eý, ependi, men bilýärin, ol ählisini edendir — diýdi. Onda kazy ependi: — Sen nireden bilýärsiň? — diýip, ol hatyndan sorady. Onda ol hatyn: — Erkek kişi gilýan-suwçilim çekende şeýle bolýar, aýaklaryny sowuk suwa sokanda beýle bolýar, mermer daşyň üstünde oturanda şeýle bolýar, kofe içende beýle bolýar — diýip, ähli ýagdaýlary aýdyp berende, kazy ependi haýran galyp: — Dogrusyny aýtsam, eý, hatyn sen örän mekir ekeniň — diýdi. Bu söz hatynyň örän hoşuna geldi. Daş-töwerekde duran ependiler we beýleki kişiler hem onuň adamsyna merhemet edip, hatyna töwella etdiler. Onda hatyn: — Bolýar, ýöne indi ýeke gezek hem munuň ýaly iş etmesin — diýdi. Şeýdir, hatyny adamsy bilen barlaşdyrdylar. Emma kazy ependiniň munça halkyň arasynda özüne beýle sözler aýdandygy hatynyň köňlünde yz goýdy. Onsoň ol kazy ependä garap: — Eý, kazy ependi! Size bir sowalym bar, maňa jogap beriň — diýdi. Onda kazy ependi: — Aýdyberiň — diýende, ol hatyn: — Eý, kazy ependi! Etmidir, siňipmidir, gemikmidir (süňkmüdir) — diýdi. Kazy ependi hiç wagt beýle sözleri eşidip görmändi. Onsoň ol sakgalyna elini ýetirip, oý-pikire batdy. Soňra hatyna garap: – Häzir bu meseläniň jogaby hatyrymda ýokdur. Agşam öýe baryp, kitaplaryma seredeýin. Ertir daňdan gel, şonda saňa jogabyny bererin — diýdi. Onda ol hatyn: — Örän ýagşy — diýip, öýüne gaýtdy. Kazy ependi öýüne baryp, öňüne tagam aldy. Emma tagam bilen hiç hili höwesi ýokdy. Kazy ependiniň bar pikiri hälki hatynyň özüne beren sowalyndady. Kazy ependä bu sowal örän agyr göründi. Göwünli-göwünsiz nahar iýip başlady. Nahar iýip otyrka hem öz-özüne: «Indi haýsy kitaplara bakarkam, haýsy kitaplarda bu meseläniň jogaby barka. Bäh, siňipmidir, gemikmidir, etmidir bu diýdigi nämekä» diýip, pikire batyp oturdy. Bu kazynyň on alty-on ýedi ýaşlarynda bir gyzy bardy. Ol gyz kakasynyň oýa batyp, eli bilen sakgalyny sypalap, pikir edip oturandygyny gördi. Ol: — Janym babam, näme beýle pikire çümüp otyrsyň — diýip sorady. Onda kazy ependi: — Eý, gyzym, bar git, sen meni öz günüme goý — diýdi. Onda gyz ýene-de: — Janym babam (kakam) aýt, seni gaýgy-alada batyrýan zat nämedip — diýip, aýak diräp durdy. Onsoň kazy ependi ýaňky hatynyň soran sowalyny birin-birin aýdyp berdi. Ol gyz ony eşiden badyna güldi-de: – Eý, baba jan, näme boldy beýle oý-pikire batar ýaly. Bu ýerde bilmez ýaly zat ýog-a. Gemikmlidir diýdigi otuz ýaşly diýdigidir. Çünki gemikmli diýdigi adam on ýaşyndan otuz ýaşyna çenli gemikli bolýandyr. Otuz ýaşyndan altmyş ýaşyna barýança siňirdir, altmyş ýaşyndan soňra bolsa etdip diýdigidir — diýdi. Bu sözi eşiden ependi, ol sözüň düýp manysyny bilip, şat bolup, «Haçan daň atar, haçan ol aýalyň jogabyny bererin» diýip, gyssanyp garaşyberdi. Daň atan badyna kazy ependi çaltlyk bilen ýerinden turup, kazyhanasyna geldi. Bir zamandan soňra bolsa ol hatyn hem ýetip geldi. Ol gelip kaza salam berdi-de: — Eý, kazy ependi, sowalyma jogap tapdyňmy — diýende, kazy ependi: — Hawa, tapdym. Gemikmidir diýdigiň, adam on ýaşyndan otuz ýaşyna barýança gemik bolýarmyşyn. Otuz ýaşyndan altmyş ýaşyna çenli bolsa siňip bolýarmyşyn. Altmyşdan soňra bolsa et bolýarmyşyn — diýende, ol hatyn: «Bu ependimiň gyzy örän akylly we sowatly eken» diýdi. Ol bu gyzyň beýle «akyllydygyny» bilýärdi. Onuň maksady hem şuldy. Hatyn bu soraglaryň jogaplaryny kazynyň gyzynyň aýdyp bependigini bildi. Onsoň kaza garap: – Aperin, eý ependi kazy! Bu jogaplary beren mahbuba gyza aperinler bolsun. Diýmek bu gyz eýýäm bulary bilýän bolsa, onda onuň gezmedik ýeri, görmedik zady ýokdur — diýdi. Hatyn şeýle diýensoň, kazy ependi ähli halkyň öňünde masgara bolup, utanja galdy. Hatyn ol ýerden öýüne gaýdyp geldi. Ondan soň bu hatyn Muhammet şa bilen galan ömürlerini zowky-sapada geçirdiler. Şeýdip hekaýat hem tamam boldy. Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |