11:09 Melike bolan gyzjagaz hakynda erteki | |
– Erteki aýdyp beräý-dä, eje!
Ertekiler
– Erteki bolarmy, şu wagtam? Ýat, ertir aýdyp bererin! – Aýdaýsana, eje jan! – Halys ertekisiz ukyň tutmaýan bolsa, aýdyp beräýmeli bolar-da, oglum. Ýöne diňläp bolup ýatgynyň… xxxxx …Bolan bolmagam ahmal, bolmadyk bolmagam mümkin, haýsydyr bir ýurtda, haýsydyr bir zamanda, kiçeňräk obanyň çetinde ýerleşen, garypja külbesinde, bir garyp bende ýaşanmyş. Ol küren obanyň golaýyndaky jeňňelden odun getirip satmak bilen gün-güzeranyny dolapdyr. Ýöne, garyp ýaşlygyndan tä gojalýança agaýana ýatyp dynç almasa-da, düzüwli, ine-gana iýip-içmän, gijesini gündiz edip işlese-de, diňe zordan maşgalasynyň her günki iýjegini gazanyp bilipdir. Öz garyplygynyň üstesine-de onuň aýaly bilen gyzjagazyndan başga garyndaşy hem bolmandyr. „Ýerden ýeke çykan“ diýilýäni eken. Emma ähli jebir-jepalarynyň öwezine berlen serpaý ýaly, garybyň aýaldan-a bagty getiren ekeni. Aýalynyň häsiýeti şeýlebir gowumyş, şeýlebir gowumyş welin, tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly dälmiş. Elmydam ýanýoldaşynyň göwnüni tapmagy başarýany üçin garyp bilen aýaly bilelikdäki durmuşlarynda ýeke gezegem sene-mene etmändir. Garybyň gyzjagazy hem edil ejesine çekip ýetişipdir. Şeýdibem olar güzeranlary nähili kyn bolsa-da, durmuşlaryndan nalaman, berenine şükür edip, ýaşap ýörmüşler… Emma günlerde bir gün garybyň aýaly agyr keselleýär-de amanadyny tabşyrýar. Başdaşynyň özüni terk edenine gussa batan garyp ýalňyz däldigi hakyndaky pikir bilen özüni her näçe köşeşdirjek bolsa-da, ol hem hasrata döz gelmän, Gülzada atly gyzjagazyny dünýäde ýeke goýup, ýagty jahany terk edýär. Kakasynyň aradan çykan gününiň ertesi gijara gelen algydarlar bolsa rehimsizlik bilen Gülzadany südürläp, daşaryk kowdular: – Ýok bol, gedaý! Seniň kakaň bergileriniň deregine şu köne sümelgäňizi ýykyp, onuň agaçlaryny odun edip satjak. Gümüňi çek! Bu sakgallak adamlaryň hyrsyz keşplerinden elheder alan Gülzada zordan külbelerinden ejesiniň ýasap beren matadan gurjagyny almaga ýetişdi. Kakasynyň ýyrtyk içmegini bolsa sakgallak daýylar oňa bermediler. Gülzada öýlerini ýumrup başlaýyşlaryna seredip, sowukdan ýaňa galdyrap durşuna sessiz aglaýardy. Sebäbi sesli aglanynda-da bu wagt hiç kim gelip ony köşeşdirmez, şonuň üçin ses geregem däldi, diňe allajy gyşyň çapgyn ýeliniň ýere ýetirmän gapyp alyp gidýän gözýaşlary horja ýaňagyndan syrygyp aşak gaçsa bolýardy. Aýaz. Gar köwsarlap ýagýardy. Sowuk ýel aşyrlyp-aşyrlyp gelip, Gülzadanyň endamyny gök-dalak edip ýalaýardy. Asmanyň ýüzi garalyp durdy. Saň-gaty bolup doňup barýan Gülzada öýlerini ýykyşlaryna seretdi-seretdi-de, ahyrynam çapgyn ýele, aýaza çydaman, gurjagyny kükrejigine gysyp, golaýdaky, üçegine hyşadyr-sazak-selin basylyp, gum bilen basyrylan, saman suwag kepbeleriň birine tarap ylgady. Ylgap barşyna-da Gülzadanyň göwnüne bolmasa gurjagy: “Üşeýän” diýip jyňňyldaýan ýaly boldy. Gülzada ylgamasyny peseltmän, gurjagyny has berk gysdy-da: – Köşeş gurjagym, häzir hol kepbä ýeteris, onsoň olar bizi öýlerine salarlar, ýylynarys, çaý-çörek bererler, garnymyz doýar, düşek ýazansoňlar uklarys, dynjymyzy alarys. Sebäbi ol adamlar gowy adamlardyr. – diýip pyşyrdady. Gülzada elmydama şeýdip gurjagy bilen gepleşýärdi, sebäbi onuň ýeke-täk jorasy – gurjagydy. Ojagaz gurjagy ejesi ýasap bermänkä bolsa Gülzadanyň hiç-hili jorasy ýokdy, ýöne oňa derek ejesi bardy. Indi bolsa ejesi ýok, jorasy bar, şonuň üçinem ol jorasyny hiç wagt ýanyndan goýmaz, sebäbi indi Gülzadanyň diňe ejesi däl, gurjagyndan başga hiç kimi ýok… Gülzada ylgap baryp kepbäniň işigini kakdy: – Açyň, açyň gelneje jan, açyň!… Gapy açylyp, gapynyň aňyrsyndan kimdir biriniň lopbuş, rehimdar ýüzi gyzaryp göründi: – Näme gerek? Gülzada galdyrap durşuna alňasap gepläp başlady: – Daýy jan, meni öýüňize goýberäýiň-dä! Men üşeýän, ajygýan, geýimlerim hem köne. Külbämizi bolsa ýykýarlar. Ejem-kakam ýok, gurjagym hem, ine, üşeýär. – diýip Gülzada gurjagyny öňe uzadyp görkezdi. Bosaganyň aňyrsynda duran, ilk-ä çapgyn ýel öwüsýän daşaryk seretdi, ini tikenekläp gidensoňam, Gülzadanyň gagşaýan göwrejiginde galgaýan şalha-şalha geýimlerini ünsli synlady. Birdenem onuň lopbuş ýüzünden rehimdarlyk ýitdi. Ol Gülzadanyň elinden gurjagyny silkip aldy-da, garyň içine zyňyp goýberdi: – Bar ýok bol, ykmanda! – Gapyny ýapandan soň ol alagaraňky kepbäniň törüne ýazylan saçagyň başynda nahar edinip oturan çagalaryna-aýalyna sereden badyna-da, onuň çişik ýüzüne ýene-de rehimdarlyk çaýyldy. Gülzada bolsa yzyna topuldy-da, gurjagyny garyň arasyndan garbap aldy. Gülzadanyň göwnüne bolmasa gurjagy aglaýan ýaly boldy: – Köşeş, gurjagym aglama. Ol adamyň näme üçin beýdendigine menem haýran galdym. Adamlar gowy bolmaly ahyry… Ýöne aglama, häzir beýleki kepbä baryp göreris, ol ýerde bizi gowy garşylarlar. Şeýle diýip gurjagyny köşeşdirjek bolup Gülzadanyň özüniň aglamalydygy hem ýadyndan çykyp gitdi. Gülzada indiki kepbä barýança garaňky gatlyşdy, gar hem has güýçlendi. Indi on ädim öňüň hem görner ýaly däldi. Çar-töwerek bolsa tümlükden ýaňa näbelli, geň, eýmenç jandarlardan doly ýaly bolup durdy. Gorkunçdy. Hiç zat görmese-de töweregine howatyrly gözlerini aýlap Gülzada ikinji kepbäniň işigini kakdy. Ýene-de kimdir biriniň ýüzi göründi. Ol ýüz lopbuş däldi, gözlerinde bolsa nähilidir bir ýylylyk bardy: – Näme gerek? – diýende onuň sesi hem lopbuş ýüzliniňki ýaly yzgytsyz çykmady. Bu gezek Gülzada gurjagyny uzatmady, özi hem sowukdan ýaňa gök-nil bolan dodaklaryny zordan gymyldatdy: – Öýmüzi ýykdylar… Ejem-kakam ýok… üşeýän… ajygýan… sowuk… öýňüze goýberäýiň… Ol adamyň şol bada öňünde duran bu gyzjagazy gujaklap öýüne salasy, üstüne içmek atyp, tördäki ojagyň ýanynda oturdasy geldi. Mähirliden-mähirli sözleri gaýtalap-gaýtalap aýdyp, onuň ýetimje başyny sypalap-sypalap, gowzuk desterhanynda bolanjasyny öňüne üýşüresi geldi. Ol hatda şeýtmek üçin işigi çekip, serpiginem galdyrdy… Emma sümelgesiniň dardygy, bu gyzjagazy-da öýüne salaýsa hasam daryşganlyk boljakdygy onuň ýadyna düşende ol saklandy. Soňam az salym pikirlendi-de Gülzada: – Garaş gyzym, men häzir. – diýip ylgap baryp, saçakdaky ýekeje çöregiň ýarsyny alyp, yzyna öwrüldi… Emma ýene-de çagalarynyň ertir turup özünden çörek sorajakdyklary ýadyna düşdi. Ol eline alan ýarty nanynyň ujundan şapbat ýalysyny döwüp, galanyny yzyna goýdy. Soňam şol bir döwüm çöregi Gülzada eltip berdi-de: – Bar gyzjagaz, Allaýaryň bolsun! – diýip serpigi goýberdi. Sandyraklap duran Gülzada bolsa bu gezek haýran galmady. Diňe şol duran ýerinden butnaman, sowukdan ýaňa äňi-äňine degmän howlugyp çörek iýmäge başlady. Çöregiň ýarsyny iýibem galanyny gurjagy üçin, goltugynda gizledi. Soň ýene-de hol aňyrrakda garalyp görünýän kepbä tarap ýüzlendi. Gülzada bu gezek gurjagy dymsa-da, barybir ony köşeşdirmegi makul bildi: – Sen gynanma, gurjagym. Zyýany ýok. Häzir hol kepbä barsak bizi öýe salarlar we ojagyň gapdalynda oturdarlar. Sebäbi seret, adamlar barha oňatlaşýarlar ahyry. Ol lopbuş ýüzli seni gara zyňdy, bu bolsa ynha çörek berdi, indiki bolsa bizi hökman törüne goýberer. Garaňky bolany üçin Gülzada gorkýardy, gorkmazlyk üçinem jogap bermese-de gurjagy bilen gepleşen bolýardy. Şeýdip hümürdäp barşyna-da Gülzada üçünji kepbä nädip ýetendiginem duýman galdy. Sowukdan ýaňa doňan ellerini zordan galdyryp, Gülzada kepbäniň çalamydar işigini ysgynsyzja kakdy. Hiç kim gapyny açmady. Gülzada ikinji gezek hem, ýöne öňküden gatyrak kakdy. Öýden: – Kim bar? – diýip mähirli ses eşidildi. – Men. – diýip Gülzada zordan dil ýardy-da, ýykylmazlyk üçin kepbä söýendi. Şol bada gapy jarkyldap açyldy-da, topulyp daşaryk çykan zenan Gülzadany garbap alyp, öýe saldy. – Päk Biribar-a, seni kim beýdip daşaryk goýberdi? – diýip zenan jibrinip durşuna Gülzadanyň gögeren el-aýaklaryny owkalap, aglamjyrap başlady. Gülzada bolsa bu zenanyň, ejesiniň ýadynda galan mähriban ysyna meňzeş ysyny lezzet bilen kükregine sorup oturşyna, özüniň daşarda näme işleýändigini aýdyp berdi… Gülzadanyň ejesine meňzeýän bu zenan çaltlyk bilen, emma sessiz-şakyrdysyz hereket edip, Gülzadany iýdirip-içirdi, geýindirdi, könerägem bolsa içmek bilen ýyljajyk çokaý berdi. Özem Gülzadanyň gyssanman iýip-içişine şol seretdi durdy… Birdenem kepbäniň iň garaňky burçundan ýakymsyz üsgürinjireme eşidildi. Ol zenan tisginip gitdi-de, ýüzüne kölege inderip, ojagyň gapdalyndan garaňky künje süýşdi. Ol ýerden birhili sowuk pyşyrdy eşidilip ugrady: – Häziriň özünde muny güm et, heleý! – Daşaryň nähilidigini göreňokmy, gyzjagaz doňar ahyry?! – Ony kowmasaň, ýany bilen özüňem gitmeli bolarsyň … – Ýalbarýaryn. Rehimiň insin… Gülzada bu pyşyrdylary eşitdi-de, gurjagyny gursajygyna gysyp, sessiz-üýnsüz kepbeden çykyp ötägitdi. Daşaryk çykyp kepbeden esli arany açandan soň bolsa gurjagyna lak atdy: – Çykyp gaýdanymyz gowy bolaýdy, gurjagym! Ýogsa garaňky burçdaky sowuk pyşyrdy ejeme meňzeýän gelnejäni daşaryk kowardy. Bu bolsa ýagşy däl. Nähili oňat gelneje ekeni. Indi ikimizem içmekli-çokaýly, garnymyz dokka gaty üşemeris. Şonuň üçinem ýör, ýöräbereli. Garaňky bolsa bolsun. Gorkmaly. Sebäbi nähili goýy tümlük bolsa-da, tümlügiň aňyrbaşynda bir ýerde bir uçgunjyk ýylpyldar we ýüregiňi umytdan doldurar, öňe çagyrar, öňe ýöremäge güýç-kuwwat berer, öňde halas bolmagyň bardygyna ynandyrar, şol uçgunjyga ýeteniňden soň bolsa seni ýagty, ýyly tör hem yssy alaw garşylar. Onsoň töre geçen badyňa tümlügem, sowugam, öýke-kinedir, gahar-gazabam ýiter, ýüregiňem şol ýagty tör ýaly ýagty bolar. Ýör gurjagym, ýöräli! Bu zatlary maňa kakam aýdýardy. Maňa şu zatlara ynanmagy öwrederdi. Ýör, gurjagym ýöräli. Ahyrsoňy garaňkylyk gutarar, sebäbi garaňkylyklar elmydam gutarýarlar ahyry… dogry olar başlaýarlar hem ýöne başlaýyşlary ýaly gutarýarlar hem… Gülzada gurjagy bilen gepleşip barşyna, birden özüniň gür jeňňeliň içine girip gidendigini duýup galdy. Geň galaýmaly zat, dag eteginiň jeňňelligi bolsa-da, bu tokaýda ýekeje-de arça agajy ýokdy, diňe kileň ýapraklary dökülen şahalaryny gara basdyryp ýegşerilip duran ýalaňaç agaçlar. Agaçlaryň köpüs-ä garyň agramyna boýun sunup, egilýärdiler, ýöne egilmän başlaryny dik tutmaga çalyşýanlaram bardy, emma ol egilmek islemeýän buýsançly agaçlary garyň üstlerinden basýan agramy döwýärdi ýa-da çapgyn ýel olaryň şahalaryny omur-jomur edişdirip, tä egilýänçäler olary gynaýardy… Gülzada demini dürsemek üçin bir ýaş deregiň ýanynda saklandy. Derek hem üstünden basýan ak gara boýun egmejek bolup, garşylyk görkezýärdi. Çapgyn ýel eýýäm onuň ençeme şahasyny döwüpdi, emma ol agyra çydap, ýaşlygyna garamazdan ýegşerilmän durdy… Jeňňeliň hemme agaçlary agyr dem alşyp, uklap ýatyrdylar. Bu derek bolsa näme üçindir oýady, özem birhili “ah” çekýän ýaly uly-uludan demini alýardy. Gülzadanyň bu derek bilen gepleşesi geldi: – Derek, derek, sen näme üçin “ah” çekýärsiň? – Wah, men gyzjagaz guşlary söýýärin. Olar gelip meniň şahalaryma gonsalar men has parlap ösýärin, gollarymy giňden ýaýradýaryn. Ol guşlaryň hemmesinden bolsa men bir mähirli gumryjygy has beter söýýärin. Şol gumry meniň şahalarymda höwürtge ýasanmag-a beýlede dursun, diňe gonsa-da ýer ýüzünde menden bagtly derek galmaýar. Emma her ýyl güýz gelip, meniň ýapraklarym dökülenden soň guşlaryň bary saýramaklaryny goýup uçup gidýärler, meniň gumryjygym hem meni taşlap, uçup gidýär. Ine bu ýylam gumryjygym meni terk edip, özüne ýyly höwürtge gözlenmek üçin gitdi. Şonuň üçinem men „ah“ çekýärin. – Köşeş ahyry, derek! Ah çekme! Gumryjygyň uçup gitse, ýaz gelensoň yzyna dolanar. Seniňem ýapraklaryň çykar, onsoň ýene-de guşlar seniň şahalaryňda saýrarlar. – A belki ol gumry gelmese… Ýa-da has erbedi gelibem maňa däl-de, başga bir derege gonsa… Şonda nähili bolar? – Ol geler derek, hökman geler. Sebäbi sen ol gumryny şeýle söýýärsiň ahyry. – Belki aýdanyň gelsin-dä, jan jigim! Ýöne welin, menden has owadan, güýçli, höwürtge ýasanmaga has ýaramly baglar bu tokaýda köp ahyry, şonuň üçinem gumrynyň meni saýlamazlygy ahmal…Onsoňam biziň ikimiz şeýle üýtgeşik ahyry. Ol guş men bolsa bag… Gumrynyň özi ýaly bir gumry bilen höwürli gelip, höwürtge ýasanyp, ýumurtga basyrynmaklary hem ahmal… Ýöne bolýar! Goý höwürli gelsin, diňe gelse bolýar. Meniň şahalaryma gonsa, şol gumryjygymy görüp, duýup dursam bolýar. Hatda goý, ol maňa däl-de başga derege-de gonaýsyn, diňe gelse bolýar! Men bag, ýöne men guşy söýýärin, özem şol guşuň maňa elýetmezem bolsa diri gezip ýörenini bilip durmasam men gurap galaryn. Deregiň sesi şeýlebir gamgyn eşidildi welin, Gülzada onuň sütünini gujaklanyny duýman galdy: – Rahatlan, ýaş derek, güýçli derek, söýýän derek! Gumry geler, özem höwürsiz gelip, diňe seniň şahalaryňda gonar! – “Ah” men näme üçin gumry edip ýaradylmandyryn?! Sag bol, mähriban jigim, seniň bu sözleriň maňa teselli berdi. Şu mähribanlygyň üçinem sen meniň aşagymda otur-da, dynjyňy al! – Wah oturaýjak welin, seniň ýapraklaryň ýok ahyry, derek! Onsoň sen barybir meni gardan-ýelden gorap bilmersiň-ä… Birden Gülzada bu zatlary diýmeli däl ekendigine düşünip dilini dişledi, emma eýýäm giçdi… Derek aglaýardy: – Hawa gyzjagaz, meniň ýapraklarym ýok. Şonuň üçin men senem, hiç kimem bu sowukdan, gardan-ýelden gorap bilemok. Şonuň üçinem özümi günäkär duýýaryn, gynanýaryn… Ah, men näme üçin hol baglar ýaly başymy egip, rahat uklap bilmeýärin?! Näme üçin men şeýle gazaply gyşlaryň boljakdygyna düşünsem-de, şeýle buýsançly hem ynsaply bolup gögeripdirin?! Ah, uklap bilemok… Gülzada derege dözmedi, onuň sütünini emaý bilen sypalady: – Aglamasana, derek! Göwnüňe degen bolsam bagyşla! Ýöne ýene-de bahar geler ahyry. Onsoň rehimsiz gyş hem bolmaz, senem hiç zada garşylyk görkezmän, ýapraklaryňa guwanyp ýaşarsyň… Onsoňam sen näme üçin uklap bilmeýärsiň? Ukla ahyry, ukla! – Men özümi günäli duýýanym üçin uklap bilemok, onsoňam ukladygym bu gar we çapgyn ýel meniň başymy egerler, bir egilenimden soň bolsa men hiç wagt dikelmerin. – Dikelmäniňde näme, uklaý derek. Beýleki baglar ýaly uklaý. Hanha olar uklap ýatyrlar. – Men beýtmegi başaramok. Eger ýegşerilsem men özüme gaharlanyp, guraryn. Häzir bolsa men diňe tümlüge gaharlanýaryn, şol gaharym hem maňa egilmezlige kömek edýär. – Sen näme üçin garaňkylyga gaharlanýarsyň, derek? – Sebäbi maňa şu ezýetleriň baryny garaňkylyk berýär. Ähli zada şol günäkär… Deregiň bolşuna Gülzadanyň ýüregi gysyp başlady. Ol birdenkä derekden aýryldy-da: – Hoş onda, derek!. – diýip duýdansyz öňe ylgap gitdi. Gyzjagazyň bolşuna geň galan derek gamgynlyk bilen: – Ho-o-oş!!! – diýip Gülzadanyň yzyndan şahalaryny galgadyp galdy. Gülzada bolsa bu wagt garaňkylygy görjek bolup ylgaýardy, emma näçe ylgasa-da garaňkylygy görüp bilmeýärdi. Ahyry Gülzada ýadap saklandy-da, eşider diýen umyt bilen garaňkylygy çagyrdy: – Gije, sen nirede? – Men bärde-e-e!… – diýip Gülzadanyň edil gapdaljygynda agras ses ýaňlandy. Gülzada tisginip gitdi-de, daş-töweregine göz aýlady, emma hiç kimi görmän, ýene-de gepläp başlady: – Garaňkylyk, sen meni eşidýäňmi? – Hawa eşidýän, gyzjagaz! Aýdyber. – Sen bara… sen bara onda… Şeýle diýdi-de Gülzada birden hamsygyp goýberdi. – Wiý jigim jan, saňa näme boldy? Näme aglaýarsyň? Kim seniň göwnüňe degdi?! Gülzada aglamjyrap durşuna gepläp başlady: – Sen, sen… Sen zalym ekeniň garaňkylyk! Men öň seni söýýärdim, sebäbi sen şeýlebir owadandyň, ýyldyzlaryň, şöhle saçýan aýyň, pessaýja şemalyň bardy. Indi bolsa seniň ýyldyzlaryň, aýyň öňüni gara bulut tutýar, şemalyň deregine-de şu çapgyn ýel öwüsýär. Özüňem rehimsiz. Näme üçin ýaş deregi gynaýarsyň, ony uklatman köseýärsiň, ony döwjek, ýegşertjek bolýarsyň? Nämäňe gerek beýtmek? Sen gaýta owadan hem rehimli bolsaň, hemmeler seni oňat görýärler ahyry. Häzir bolsa sen diňe eýmenç… – Ah gyzjagaz, entek sen nähili ýaşajyk!–diýende garaňkylygyň sesinde şeýlebir çuňňur gussa eşidildi: – Men zalym däl, ýok. Ýöne bu wagt men zalym bolmaly bolýaryn. Bu ýerde-de meniň hiç-hili günäm ýok, sebäbi men şeýle döredilipdirin. Rehimdar ýürekli, ýöne gorkunçlygym zerarly halanmaýan… Ol derek üçin bolsa gynanma, ine gyş geçer, onsoň ýaz geler we hemme zat gülala-gülluk bolar. Ine, seret şu gar, şu aýaz topragy rehimsizlik bilen doňdurýar, muňa-da toprak gaharlanýar, zarynlaýar, gargaýar, sebäbi ol kösenýär, sessiz çekerden juda agyr jepalary döz gelýär. Ýöne bahym ýaz geler, onsoň garlar eräp topraga siňerler. Bu wagt gyşda çekýän jebirleri bolsa onuň üçin diňe peýdaly. Çünki şu ezýetleri görmese toprak baharda şeýle ajaýyp gülleri döretmezdi. Gyş bolmasa, hiç kim bahary şeýle güýçli küýsemezdi. Bagt kösençden döreýär. Kösenç bagtyň bagtdygyna göz ýetirdýär. Diňe gyş baharyň gadryny bildirýär, garaňkylyk bolsa ýagtylygyň… Derege gynanma, ol bu horluklaryna has taplanar. Sen gaýta begen, onuňam beýleki baglar ýaly baş egip, uklamaýanyna begen. Eger ol hem uklaýsa şonda nähili bolar?! Ol “ýyldyz, aý, şemal” diýýäniň bolsa ýene-de bolar. Onsoň senem ýene-de meni söýersiň. Deregiň gumrysam geler, menem öňkim ýaly owadan bolaryn… Häzir bolsa bar, jigim jan, öňe git, bir ýerde durma. Ýogsa meniň aýazym, garym, ýelim, seni doňdurar. Islemeseler-de doňdurarlar. Sebäbi zalym bolmasalar-da, olaryňam döredilişi şeýle. Bar uýajygym, ýoluň ak bolsun!… Gülzada gijäniň öz ýanyndan gidendigini duýup, gözýaşlary häli kepän gözlerini süpürdi-de, öňe ugrady. Ýel gyzjagazy arkasyndan itýärdi. Gar we aýaz üşedýärdi. Ýöne Gülzada indi olara gaharlanmaýardy, gaýta olara nebsi agyrýardy. Sebäbi bu gaty uly betbagtlyk ahyry – rehimdar ýüregiň barka onuň rehimini ýagşylyga ulanyp bilmeseň, bu gaty uly betbagtlyk… Gülzada içmegine berk çolanyp, ýykylsa-da ýene turup ýöräp barýardy… Ine-de birdenem Gülzada bir zada büdräp ýykyldy. Garyň üsunde garalyp ýatan zada töňňedir öýdüp, Gülzada ilki turup gidiberjek boldy, emma siňe-siňe seredeninde onuň adamdygyny gördi: – Adam! Bu adam ahyry. – diýdi-de Gülzada ony silkeledi: – Ata, ata turuň, ata, ýogsa doňarsyňyz! Emma garry ata turmady, diňe çala gymyldap, iňledi: – Üş… üşe… üşeýän! – Üşeýäňizmi, ata jan? Men häzir, häzir.–diýip Gülzada garry atany gujaklady-da, içmegi bilen onuň üstüni ýapdy. Özem gözi garaňkyrap başy aýlanyp dursa-da, aldygyna ýyly demini atanyň ýüzüne üfläp ugrady. Birsalymdan garry atanyň endamyna ýyly aralaşyp, ol gymyldap başlady. Şonda Gülzada gursagyndan gurjagy üçin gizläp goýan çöregini aldy-da, agzynda çeýnäp atanyň agzyna saldy. Ata agzyny müňküldedip çöregi çeýnedi. Soň gözlerini açdy: – Gy… gyzym, sen bu ýerde näme işleýärsiň? – Ata, siz ýykylyp ýatyrdyňyz welin, menem gördüm. Men sizi ýyladýaryn. – Ýaňky çöregem meniň agzyma sen saldyňmy? – Hawa, ata. – Sen nähili rehimdar gyzjagaz, ekeniň! Ýöne bar git, ýogsa senem meniň bilen doňup galarsyň. – Ýok men sizi taşlap gidip bilmerin, ata! – Bar git gyzym, git! – diýip garry ata gözlerini ýumdy: – Meniň ýöremäge ýagdaýym ýok, men bu ýerde doňup galaryn! – Doňmarsyň, ata jan, men seni aýaga galdyraryn! Gülzada zordan garry atany çekip-çekip turuzdy-da, horja eginleri bilen onuň agyr göwresini diredi: – Ýörüň. – Ýok, taşla meni gyzjagaz, ýogsa özüňem doňarsyň. – diýse-de, ata känbir garşylyk görkezmedi. Olar itenek-çomanak bolup, ýöräp ugradylar. Şol baryşlaryna-da garry ata, birnäçe gezek Gülzada “taşla meni” diýip ýalbardy, emma Gülzada ony diňlemedi. Şeýdibem olar az ýöräp, köp ýöräp, ahyry güýçden gaçyp başladylar… Ine birdenem… Olaryň öňünde bir uçgunjyk ýylpyldap gitdi. Muny gören Gülzada elini çarpyp gygyrdy: – Ata, ot, ot! Biz halas bolduk. Ýör, ýör, ata! – Ýok gyzjagaz, seni gözleriň aldaýandyr. Bu ot däldir. Eger bolaýanda-da, ol oduň eýeleriniň bizi öz otlaryna golaýlatjaklaryny näbilýärsiň? Gülzadanyň ýadyna hälki lopbuş ýüz düşdi, soň gulagyna sowuk pyşyrdy eşidildi… Nädip aşak çökenini onuň özem duýman galdy: – Hawa ata, seniňki dogry. Meni gözlerim aldaýandyr, aldamaýanda-da ol oduň eýeleriniň rehimdar adamdyklaryny näbiljek? Belki olar bize otlarynda ýylynmaga rugsat bermezler. Gülzada şeýle diýdi-de, sesini çykarman oturdy. Şol pursadam onuň göwnüne bolmasa gurjagy gepläp başlan ýaly boldy: – Ruhdan düşme, joram! Seni gözleriň aldan däldir. Tümlük näçe goýy boldugyça uçgunlar şonça-da gowy görünýändir. Özüň aýtdyň-a: “adamlar gowy” diýip. Tur! Öňe ýöräliň! Muňa birhili bolan Gülzada, ýerinden göwünli-göwünsiz turdy. – Iň bolmanda şol uçguna ýetip bir görmeli – diýip hümürdäp, ol atany-da garşylyk görkezmesine garaman, ýerinden turuzdy. Ýene-de ýöräp ugradylar. Ýöredikleriçe-de uçgun olara ýakynlaşdy. Ine-de olaryň öňlerinde kiçeňräk külbe garalyp göründi. Külbäniň ýalňyz penjiresi bolsa ýap-ýagtydy. Külbä gözleri düşüp olar ädimlerini hasam ýygjamlatdylar. Külbäniň agzyna ýetenlerinden soň Gülzada işigi itdi welin, ol öz-özünden açylaýdy. Olar girdiler. Külbäniň içinde yns-jyns bolmasa-da, tördäki ojak gübürdäp ýanýardy. Gülzada bilen ata ikisi ojagyň gapdalyna geçen batlaryna, içerde janly-jemendäniň ýoklugyna geň galmak ýatlaryna-da düşmän, uklap galdylar… Gülzada ertesi gün oýananda gözlerini açan badyna zähresi ýaryldy. …Bu nä boluş?! Hiýh… Hemme ýer altyn-kümüş bilen zerlenen nagyşlardan doly, bu ýer köşgüň içi ýaly-la… Gülzadanyň ýatan ýeri bolsa per düşekçeli pil süňkünden ýasalan ýatyş sekisi. Hany düýnküje kepbe, köne ojak, ýanynda uklap galan goja. Onsoňam bu gol gowşuryp duran adamlar kimler?! Gülzada dik oturdy-da, özüniň aýagujunda baş egip duran peri-peýker kaddy-kamatly näzeninlere garady. Olaryň ählisiniň ýüzleri mähirlidi: – Siz kim? Men bu ýerde näme işleýärin? Näzeninler Gülzadanyň soragyna jogap bermän: – Melikämiz, ertiriňiz haýyrly bolsun! Eger turmaga merhemet etseňiz, biz sizi ýuwundyryp, özüňize mynasyp geýimleri geýindirerdik!-diýip tagzym etdiler. Gülzada özüniň düşekden turmalydygyndan başga hiç zada düşünmän, ýerinden turdy. Şol bada gözeller Gülzadanyň daşyny gurşadylar-da, ähli köne esgilerini çykaryp zyňdylar. Soň ony suwa düşürip, saçlaryny timarladylar we ejesiniň aýdyp berýän ertekilerindäki ýaly, zer-zerbap geýimleri geýindirip, başyna-da kiçijik hem ýeňiljek tylladan, göwher gaşly jygany oturtdylar. Soňam ýene-de baş egdiler-de, çykyp gitdiler. Gülzada bu bolup geçýän zatlara düşünip bilmän, töweregine göz aýlady. Birdenem äpet penjiräniň öňünde duran gurjagyna gözi düşüp, ýüwrüp baryp, ony eline aldy: – Gurjagym, bu ýerde nämeler bolup geçýär? Biz nirä düşdük? Entek gurjagy jogap bermäge ýetişmänkä-de, Gülzada penjireden hol aşakda üýşüp duran sanýetmez mähelläni gördi. Olar hem Gülzadany gördüler. Birdenem olar telpeklerini göge zyňyp, gygyryşyp başladylar: – Ýaşasyn biziň kiçijik Melikämiz! Ýaşasyn biziň rehimdar Melikämiz! Şöhrat! Şöhrat! Gülzada penjireden yza çekildi: – Gurjagym, olar kime: “ýaşasyn, şöhrat” diýip gygyrýarlar. – Size, meniň Melikäm! Gülzada bu sese tisginip gitdi. Yzyna öwrülen badyna-da düýnki garry atany tanady: – Ata? Bu ýer nire, ata? Näme üçin olaryň hemmesi maňa “Melike” diýýärler? – Sebäbi siz olaryň, Melikesi. – O nädip beýle bolýar? Düýn men sizi ata, gardan tapdym, soň biz bir külbä baryp, uklap galdyk. Ine bu gün irdenem men eýýäm “Melike“… – Häzir düşündireýin, meniň Melikäm! Şu ýurda Fahry-Jahan diýýärler. Bu ýurtda garyplyk, agzalalyk, erbetlik ýok. Ol zatlaryň hemmesini merhum patyşamyz Serwer ýok etdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun, ýagşyzada hökümdarymyzyň! Gaty rehimdar, adalatly patyşady, bütin halkam ony öz atasynyň deregine görýärdi. Men bolsa onuň baş weziri–jadygöý Kerem. Ine günlerde bir gün Serwer şa meni huzuryna çagyryp, wesýet etdi: “Eger men amanadymy tabşyrsam, Fahry-Jahanyň tagtyna ýer ýüzüniň iň rehimdar adamsyny çykaryň” diýdi. Şondan soň köp wagt geçmänkä-de Serwer şa dünýäden gaýdyş boldy. Bütin halk gara geýnip, ýas baglady. Haçan-da adamlara durmuş höwesi gaýdyp gelenden soň men olara Serwer şanyň wesýetini aýdyp berdim. Halk razy boldy. Şeýdibem men bütin zemini aýlanyp çykdym, emma Fahry-Jahanyň tagtyna mynasyby tapyp bilmedim. Senden başga hiç kim synagdan geçip bilmedi. Diňe sen özüň doňjagyňy bilseň-de, ölüm howpundan gorkman, meni halas etdiň, iň soňkuja döwüm çöregiňi berdiň… ...Şeýdibem rehimdar ýürekli gyzjagaz Gülzada Fahry-Jahan ýurdunyň Melikesi bolanmyş. Gülzadanyň on sekiz ýaşy dolandan soň bolsa deňizleriň aňyrsyndan, daglaryň üstünden ak atly şazada gelenmiş we ähli synaglardan geçip, köp-köp edermenlikler görkezip, Gülzada öýlenenmiş. Olardanam köp-köp çagalar dünýä inenmiş. Gülzada bilen Şazadanyň çagalarynyň hemmesini bolsa garry jadygöý Kerem terbiýelänmiş. Ýöne bu zatlar hakda soň. Sebäbi bu eýýäm başga, mundan has gyzykly erteki… xxxxx – Eje, maňa-da Kerem ýaly jadygöý duşarmyka? – Hawa oglum, hemmelere ýagşylyk edip ýörseň, ahyrsoňy şolaryň biri jadygöý bolup çykar… Hany bolýar-la, ýataýsana oglum! – Aý ýok eje, gowusy, meniň özüm ulalsam, Kerem ýaly jadygöý boljak! Goý, hemmeler bagtly bolsunlar! Bolýarmy eje, men hemmeleri melike etjek, bolýarmy?!… - Bolýar, oglum bolýar!… | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |