NEBITDAGYÑ DÜNÝÄSI
Öwlüýämi sen, keramatmyň, käbemiň,
Meni sekiz jennet bolup ýalkadyň,
Üzdüň garyplygyň jebrin, labyryn,
Hemem ýetimligiň polat halkasyn.
Açlyk näme, azap näme, gam näme,
Bilmedim men, seniň goýnuňa düşüp.
Jahyllyk ýetişdi oglan dünýäme,
Seniň mahmal gijäň bilen duşuşyp.
Seniň atlaz gündizleriňi söýdüm.
Umydum gülledi, yhlasym parlap,
Seniň aýlaň nagma, günleriň aýdym,
Sende ýaşap, ajap geljegme barýan.
Mähribanym, Nebitdagyň dünýesi.
Sen meniň umydym, ylhamym açdyň.
Hiç adama çekdirmediň minneti,
Sen maňa agasyň, ýalňyz gardaşsyň.
Sentýabr 1963.
■ NAMYS
Indi men düşünýän dünýäň oýnuna,
Meni harlap ýören pelek däl eken.
Asyl , görsem, adamzadyň kowmyna,
Ejizsiräp ýörmek gerek däl eken.
Ýigitlik namysyn gylyja öwrüp,
Parlatmaly eken şeriň öňünde.
Namysyňy gorap, gitseň döwülip,
Kaýyl bolup, Allanyň mert ölümne.
Bu dünýäniň , görseň kadasy şeýle,
Oýnap, utdum bilen herki synaýar.
Ahyry ölende goç ýigidi däl,
Namyslyny hemem merdi sylaýar.
Nebitdag,
sentýabr 1963.
■ ÇELEKEN
Deňziň gözýetimi asmana sapýar.
Mawy giňişlikde tutulýar demiň.
Kenarynda otyr gadym Çeleken,
Misli ezizine garaşýan gelin.
Bir balykçy ýigit, „Garaş, gelerin“
Ýaňagyňdan ogşap, ysgap diýdimi.
Sen mydama deňze garap delminýäň.
Köňlüň içre aýralygyň aýdymy.
Ýagyşlar çisňände dumana dönüp,
Hasratyňdan asman zemin aglýar.
Meňem bar umydym gümana dönüp,
Seniň derdiň dertlewşenmi aňmaýan.
Seniň ruhuňa garylyp galdym.
Rahatlyk küýsäp, geldim, alaýyn,
Gamlanma ezizim, eý näzik aýdym.
Ber maňa, hasratyň, derdiň alaýyn.
Maý, 1964.
■ HOŞ GAL BALKAN DAGY, GÖZEL NEBITDAG
Ýigitligim geçdi bu gözel ýerde,
Sag bol Balkan dagy, gözel Nebitdag.
Sataşyp ylham diýp bir agyr derde,
Sag bol Balkan dagy, gözel Nebitdag.
Açyldy ylhamym, ganatym parlap,
Ýanyp, ýanyp ýazdym, ýok janda arman,
Men indi garaňky ýkbala barýan,
Sag bol Balkan dagy, gözel Nebit dag.
Aç goýmadyň, ýer galmady ynjara,
Men sende düşündim halal ynsaba,
Dönüp galdym säher ogşan gunçaňa,
Sag bol Balkan dagy, gözel Nebitdag.
Gördüm Çelekeni, Şagadam, Jebel,
Men ýene gelerin bar etse Ezel,
Ýolda tutup galsa şum pelek eger,
Hoş gal Balkan dagy, gözel Nebitdag.
Men sizi hiç haçan, hiç wagt unutman,
Mert ogluň men, kasamymda durup men,
Salam ýollap salkyn ýelden, bulutdan,
Hoş gal Balkan dagy, eziz Nebitdag.
Awgust 1965.
■ GYZYLARBAT. AWTOBUS STANSIÝASY
Bu ýerde aýal kän, ejeňe meňzeş,
Kakaňa meňzeýär, gojalar kileň.
Bu ýerde geplerem, gürrüňem heňdeş,
Saýgarlanok söhbetdeşiň kimligem.
Bu ýerde ýolýatyr, indi geçmeli,
Öňde ýadawlygyň, duşjak dildar-da.
Ýüregiňde ýatlamalaň seçmesi,
Ýukajyk alada ýatyr didäňde.
Bu ýerde bir wagt ýadyňdan çykan,
Duşuljak, duşmajak adama duşýaň.
Bu ýerde obam diýp ýara duz sepen,
Kösän zabun çaglar ýadyňa düşýär.
Ähli zat öňkülik, şol köne-täze,
Bilen „Bar-ýok“ gepiň galjak däl hergiz,
Awtobusa dyknyş bolup münmäge,
Endik edipdirler, nätjek, çek görgiň.
Maşyn ugrar, bagryň başy jyzylar,
Tegek bolar ýatlamalardamaga,
Indi hiç wagt görüşmejek didarlar,
Dideleňden ýanyp gaýdar ýaňaga.
Bu ýerde aýal kän, ejeňe meňzeş,
Kakaňa meňzeşdir, gojalar kileň.
Wah, bu ýere her günde gelseň,
Bu günem düşensiň saý-sebäp bilen.
2.04.1991.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular