08:33 Ogluma | |
OGLUMA
Goşgular
Bu gün sekiz ýaşyñ dolupdyr balam, Uzak etsin Allam seniñ ömrüñi. On ýediñ dolanda, ýigit çykañda, Aýan bolar bu ýollaryñ öwrümi. Enäniñ dilegi hasyl bolarmyş, Meñ dilegim öwrümli däl, ak ýollar. Dowamatym ýene dowam edere, Taýyñ bolsun päk göwünli,ak dilber. Mährem enäñ gujagy deý ýylydyr, Watanyñ hem ogullarna gujagy. Şoñ üçinem diñe ejeñ ogly däl, Bolgun iliñ hem watanyñ goçagy. Düşün balam,watan üçin hemişe, Är gaýratly, mert ogullar gerekli. Islärin emdiren ak süýdüm üçin, Merdem ogul göýä şir deý ýürekli. Il içinde atañ başy beýgelsin, Ýüze sylsyn oglum seni görenler. Ýigit çykyp ynamlarmy ödãrsiñ, Alla gorap, pata berse Erenler... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||