PALÇY DAÝZA
Palçy daýza!
Pal atyp ber sen maňa,
Dyndar bir dem gussalaryň baryndan.
Biwepa dildaryň çekip derdini,
Aýryldyk, aýryldyk adam sanyndan.
Ykbal nädip çatyp bildi, bilmedik,
Nebir ýigitleri biwepa gyza,
Ygtybar ýok biwepanyň lebzine,
Emma seň öňüňde çökýärin dyza.
Bir wagtky ýüz öwürip gidenler,
Ýene-de öwürlip geler diý, geler.
Goý, olar öwürlip gelmän geçsinler,
Emma ornun tutmasynlar özgeler.
Palçy daýza, pal atyp ber san maňa,
Soňky manatlygym goýup gideýin.
Ýaryň lebzi deýin ýalan sözle sen.
Ýaryň garaşar diý,heý bolmanynda,
Az wagtam bolsa, köňle teselli,
Ýalňyz däldigim bir duýup gideýin.
Iýun, 1969.
Goşgular