22:24 Pyragynyñ edep sapaklary | |
PYRAGYNYÑ EDEP SAPAKLARY
Magtymgulyny öwreniş
Her bir adamyň, döwrüň, asyryň öňe çykaran şahsyýetleri bolýar. Olar ýaşan döwürlerinde özleriniň ajaýyp işleri, täsin döredijiligi bilen ýatdan çykmajak yz galdyrýarlar. Paýhasa öwrülip halkyň aňynda, kalbynda ornaşan umman kimin hazynany ýatladýan döredijiligi bilen ynsanlary özüne bendi eden Magtymguly Pyragy XVIII asyryň sowgat beren söz sungatynyň taýsyz ussadydyr. Pyragynyň dünýä ýüzünde, ähli adamzat tarapyndan gyzgyn garşylanan, paýhas siňen şygyrlarynda durmuşyň ähli ugurlaryndan söhbet açylýar. Biziň söhbetimiz akyldaryň nesillerine miras galdyran edep sapaklary barada, halk paýhasy “Edep bergidir, bermedige görgüdir” diýip seslenýär. Ene-atanyň perzendiniň öňünde bergisini – edebi berip, ilhalar perzendi durmuş ummanyna goşmagy üçin dana şahyryň edep sapaklary gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde goç ýigit baradaky pikirler kän gabat gelýär. Her bir ene-ata öz çagasynyň-oglanjygynyň goç ýigit bolup ýetişmegini isläpdir. Goç ýigit nadanlykdan, nebisjeňlikden, ogrulykdan, ýalançylykdan, mahlasy, biedepligiň ähli görnüşlerinden daşdaky ilhalar ýigit bolmagy. Her bir ata-enäniň arzuwyşeýle ogully bolmak bolsa gerek. Şonuň üçin-de, Pyragynyň goç ýigit , mert ýigit baradaky ajaýyp nesihat beriji goşgulary hiç haçan gymmatyny ýitirmejek setirlerdir. Watany söýmek, Watan üçin gerek ýerinde janyňy bermäge taýyn bolmak goç ýigidiň häsiýetli aýratynlygydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle, emma şahyryň ýaşan döwründe has hem zerurdy. Şol ýagdaýlar sebäpli akyldaryň goşgularynyň agramly bölegi goç ýigit mertlik-namartlyk, watansöýüjilik babatdaky öwüt-nesihatlara ýugrulandyr. At gazanan goç ýigidiň, Owwal badew aty gerek. Gelen garşy çykmaga, Ýagşy muhabbeti gerek. ( Magtymguly, 1977, 188s) Mert oguldyr, ile ýazar desterhan, Dogry söz üstünde berer şirin jan, Ömrüni ötürer, diýmez bir ýalan, Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma! (192s. ) Bu setirler goç ýigitleri terbiýelemekde tüýs edep sapaklary bolup ýaňlanýar. Şahyr “Gidiji bolma” diýen goşgusynda nesihat beriji setirlerine diň salmagy ündeýär: Men diýdim birniçe pendi-nesihat, Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat, Pesihat bilmegil,barça nesihat, Ýalgançy sözleri aýdyjy bolma! Söz sungatynyň piri dana Pyragy goç ýigit baradaky pikirlerini gaýta-gaýta nygtaýar: Namysly, gaýratly, arly goç ýigit, Söweş güni gurban eder başyny (197s.) Akyldaryň: Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli, Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri işi gerekdir. (198s.) diýen setirlerini her bir mekdep okuwçysy hem bilýän bolsa gerek. Bu setirler üç ýüz ýyla golaý terbiýe mekdebi bolup hyzmat edip geldi. Parasatly şahyryň dana setirlerinden ähli edep kadalaryny öwrenip oturmaly. Şahyryň durşy bilen paýhasa öwrülen setirleri şu günki akyldaryň arzuwlan Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe hem öwüt-ündew çeşmesi bolup hyzmat edýär.Ýene-de ençeme asyrlar geçse-de, Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan setirleri ynsanlara ýol görkeziji şamçyrag bolmagynda galar. Owwal akan ýerden akarmyş aryk, Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük, Mertden aşna tutsaň, abraýňa şärik, Namart aşnasyna hile getirmiş. (333s.) Ýa-da: Magtymguly, imdi özüňni gözle, Ýagşyny taryplap ýamany düzle, Az iýip,az uklap, ýene az sözle, Köp söz seni il içinde har eýlär. (348s.) Heý-de, şu setirleriň ähniýeti peselermi ?!Ussat şahyryň beýle setirleri sanardan kän, umman ýaly hazyna. Bu ajaýyp setirler şahyryň ýaşan döwründe güýç-kuwwat,akyl -paýhas, bilim-edep babatdakamillige ýeten, ahlak taýdan terbiýeli, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, ahlak ýörelgelerine belet bolan goç ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän uly ähmiýeti bolansetirlerdir. Bu gymmatly setirleriň ähmiýeti hiç döwürde-de egsilenok. “Dünýä sözüni gelin-gyz bolmasa duzsuz tagma meňzeden” dana şahyryň olara bagyşlan edep öwrediji setirleri hem dürdäneleri kimin özüne çekiji hazynadyr. Şahyr “Edepli-ekramly, mylaýym, sözlegen sözleri bal kimin” gözelleriň hyzmatynda durmagy arzuwlap, şeýle gözellere sataşmagyň ýigitler üçin uly bagtdygyny aýratyn nygtaýar. Saýlantgy gözelleri taryplaýar, näzenin gözelleri harlaýan nogsanlyklary hem sypaýçylyk bilen duýdurýar. Ol nogsanlyklar gelin-gyzlara gelişmejek hapysalyk, uly ýaşlylary sylamazlyk, agzyna paýyş sözleri almaklykdyr. Akyldaryň “Durasyň geler” şygryny öwrenenýuwaň seçegi kimin jowurdap duran näzeninlermiziň öňküden gowulaşasy geler, tarypy ýetirilýän gözellere meňzäsi geler. Ýagşy gylyk-häsiýetli gözelleredünýä malyny harç etseň hem azdygyny bellän şahyr “Islärin” diýen goşgusynda özüniň hem “Oturşy-turşy edaly, äriniň hyzmatyny bitirýän,gaşyny çytmaýan, zyba senem isleýänligini” belleýär. Magtymgulynyň şygyrlary külli adamzada degişli. Hemme ýigitleriň hem islegi şeýle bolsa gerek. Şonuň üçin-de, beýle goşgularyň täsiri örän güýçli hemme döwürler üçin ähmiýetlidir. Şeýle ajaýyp şygyrlary bilen ynsanlaryň kalbynyň töründe müdimilik ornaşan Pyragyny Hormatly Ýurtbaştutanymyz “Ynsan kalbynyň ruhy lukmany” hasaplaýar. Bu örän jaýdar baha, onuň şygyrlary ynsan ýüregine melhem, tenekär,gamlanan göwünlere teselli beriji ruhy gymmatlyk. “Hudaýym aýalsyzlygy, görkezmesin musulmana” diýýän şahyr “Til bilmez bela duş etmezligi” Gudraty güýçli Biribardan dileýär. Şahyryň dilegi diňe özi üçin däl, onuň dilegleri külli adamzat üçin. Şahyr aýal maşgalany erkek adamynyň ýürekdeş syrdaşy, kynçylyklary deň çekişýän söwer ýary hasaplaýar. Şonuň üçin-de, ýigitlere öýli-işikli bolmagy ündeýär. “Pygamber sünnetin berjaý, kylaýyn diýseň, öýlengin” diýýän şahyr”Öýi düzýänem aýal, bozýanam aýal” diýen pikire gulluk edip, ýagşy zeniň dünýäniň bezegidigini gaýta-gaýta nygtaýar. Goç ýigitlere mynasyp gelin-gyzlaryň köp bolmagyny arzuw edýär. Şahyryň öz köňül söýen Meňlisine bagyşlan ajaýyp setirleri bolsa ähli türkmen gözelleriniň tarypy bolup ýaňlanýar. Däli köňlüm arzymany, Külli gözelleriň hany, Sekiz jennetiň bossany, Bakjaly bardan aýryldym. Şygryýet äleminiň taýsyz ussady Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň her bir döwürde, häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de Watana wepaly, ynsana mahsus bolan iň ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemlän ýigitleri we gözelleri terbiýeläp ýetişdirmekde özüniň hem belläp geçişi ýaly,şerhi (peýdasy) köp. Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp, Bilmeze hiç, bilenlere nyrhy köp, Ýeriň ýerden , äriň ärden parhy köp, Müşgil oldur, sözleşende deň bolar. (511s.) Beýik Pyragynyň edep sapaklary hic haçan könelmejek täsinlikdir, ony ürç edip öwrenmegimiz gerek Gurbanjemal YLÝASOWA, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. TYA-nyň Milli golýazmalar inistitutynyñ esasy ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |