22:43 Sargyt | |
SARGYT
Goşgular
“Söýýän, köýýän, ölýän” diýip ýazanmyň, Bilýärin bir tüýsli gödekdigini. Meniň bu sözlerme gabarlyp-çişip, Unudaýma birden edepliligňi. Owadan kamatyň, zülpleriň towy, Ýatlatmasyn maňa hile-aldawy. Hökman-a däl welin, eşitseň gowy, Biz ýaly jübütleň seýrekdigini. Söýginiň ýükünden ejizdir gerden, Hijran hesretini getirme birden. Hiç haçan, hiç ýerde çykarma serden, Tutuş ykbalyma gerekdigiňi. Ýanyma gel, gaýgy-hasrata batma, Ýagşy niýet, arzuwlarňy ownatma. Sen meni ýaşadýaň, hergiz unutma, Gursagymda duran ýürekdigiňi. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |