SEN GELERSIÑ
(Dostum Arazbaý Öräýewiň hormatyna)
Penjiräňden bakýan, çyralaň ýanýar,
Ýöne, indi öz didaryň görünmez.
Bu dünýäde ýoklugyňa ynanman,
Gijeler gynanyp turýan ýerimden.
Sen gadymdan galan köne kitapdyň,
Harplary ýok, açar-gulpy undulan.
Elipden şermende, bahyl, ynsapsyz,
Ograş bary aýlap ýere urdular.
Diriligiň bahyllara zulumdy,
Ölümiň ondan hem müň esse boldy.
Uçjak pilläň ganatlaryň gyryldy,
Zaryň has ir çekmek müwessa boldy.
Şeýle bormuş Hakyň keremin içen,
Görmedim sen kibi har bolan älem.
Seni har tutanlaň barysy geçer,
Seniň köňül zaryň - bossanyň galar.
Geldiň, ýazdyň, ýazdyň, soň gitdiň, dostum,
Zerur bolsa, geler, ýazar gidersiň,
Goýup erenlere köneje postuň,
Bize-de derdiň...
07.12.2002.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular