18:58 "Taýak" operasiýasy / satiriki hekaýa | |
"TAÝAK" OPERASIÝASY
Satiriki hekaýalar
Köwşüñ dar bolsa dünýäñ daralyberýä diýýärler welin, gaty bir uly bolsa-da gowy bolmaýan eken. Ýok, men muny ilden eşidip aýdamok, özümden misil tutýan. Ýörämde aýagymdan gaçyp, halys bizar edýär how, men köwşümiñ burnuna ep-eslije pagta dykýan. Walla, çynyñy etseñ, köwşümiñ bir taýyna iki aýagyñam sygdyryp bolarmykan öýdýän. Ony täzelemäñ kül-külüne düşdüm. - Sapby aga, geçen ýekşenbe güni ýarmarkada gaty gowy köwüş satylypdyr, özem daşary ýurduñkymyş - diýip, köwüşden zeýrenip ýörenimi eşiden goñşymyñ ortanjy ogly bize telefon etdi. Men indi ýekşenbäñ gelerine howlukdym. Köwüş bilen baglanyşykly her hili wakalar gijelerine düýşüme-de girip çykdy. - Sapby, aýu Sapby, hany oýansa-na. Bi, gykylygyñ näme?! - diýip, aýalym dañyñ öñ ýanlarynda meni yralap oýardy. O-ho-how, düýşümde täze bir köwüş alan ekenim. Ony aýagyma sokanymdan, birhili ol meni aldy-da gidiberdi. Indi hiç durup bilemok. Aýalymyñ oýarany gowy bolaýdy, ýogsam ol köwşüñ meni nirä alyp gitjegem belli däl. Men bu ahwalaty nämä ýorjagymy bilmedim. Göz dikip, ýekşenbä garaşdym. Howluganyñ bilen tudana wagtyndan ir bişenok, oña akylym çatýar. Sanalgy gün geçip dur. Ine-de, ýekşenbe gelip ýetdi. Bägül ýygjak ýaly dañ bilen turdum-da, çaý-suw edindim. Onsoñam nirdesiñ ýarmarka diýip, gitdim şo ýana. Baý-baý-ow, bi mähelläñ içinden köwüş tapyp bolarmyka?! Ikirjiñlenip durkam, gapdalymdan eli köwüşli bir adam geçip barýa. Gelşiksizen bolsa, tutdum ýañkyñ çigninden. - Manlyk-saglykmy, inim? - Şükür. - Bi, eliñdäki köwşi şu ýerlerden bir ýerden aldyñmy? Ol oglan yzyna tarap öwrüldi-de, elini uzatdy. - Ho-ol, asylgy duran halylary görýäñmi, köz ýaly gyzaryşyp duran... - Hawa, hawa. - Ine, şoñ on ädim gündogar ýüzünde maşynyñ üstünde satylýa. Ýañky oglana minnetdarlyk bildirip ugradym, adamlaryñ arasy bilen. Ahyry gözläp tapdym-aý. Wah, ýöne onuñ golaýyna barar ýaly däl. Menem bogazyma bat berip gygyrdym. - Ah-ow, inim, satýan köwüşleñ kyrkynjysy barmy? Satyja derek edil alkymymdan biri seslendi. - Bar, bar, baryp alyp bolsa. Dogrudanam, men-ä beýdip köwüş alyp biljek däl. Birden ýöne, bi gürmege girip, jübimi bilbiliñ ketegi ýaly etdiräýmäýin. Aýakýalañ gezibem-ä bolmaz! Näme etsemkäm? Götinjekläp yza çekildim. Aýagym bir zada degip büdüredim. Aýagymyñ aşagyna seretsem, ynha bir uzyn taýak ýatyr. Aldym ýañkyny, egilip. Birden güpbe bir zat ýadyma düşdi. Jübimden hasyr-husur pulumy çykardym-da, köwşüñ bahasyna laýyklap dañdym ýañky taýagyñ ujuna. Ynha, indi hezillik. Dyknyşyp adamlaryñ arasyna girjek bolup durmaly däl. Olaryñ üstaşyry satyja tarap uzatdym-da: - Eý, inim, şo taýagyñ ujundaky puly al-da, ýerine kyrkynjy razmer köwşüñ birimi ildirip goýber - diýip, gygyrdym. Tüweleme, satyjy düşbüje oglan eken. Birki manat artykmajrakdygyny añdy öýdýän. Ynha, şeýdip derrew köwüşlije boldum oturyberdim. Töweregimiñ hümeri artdy. - Agam, bir minutlyjak taýagyñyzy berseñizläñ?! - Ýaşuly, bir manat bereýin, taýagyñyzy berseñiz. Ine, şu soñky teklip "taýak" operasiýasynyñ başlanmagyna sebäp boldy. - Dagy näme, mugt Buharda bardyr öýdýäñizmi?! Men täze kooperatiw açdym. Ol adamlary ynha, şu taýak bilen üpjün edýär. Puluñyzy töläñ-de, alyberiñ - diýip, men gomaljyradym. Şondan soñ taýagyñ nobatyna duranlaram köwşüñkiden az bolmady. Adamyñ rysgaly açyljak bolsa bir zat sebäp bolaýar eken. Taýagyñ kömegi bilen jübimi ep-eslije pökgertdim. Henizem köwüş gutaraýdy, ýogsam dagy hezil edinäýmeli. Öýe baranymdan, çaý-suw içmäge-de howlugyp, elim byçgyly geçdim gögerip duran agaçlaryñ daşyna. Goñşularymyñ biri ylgap geldi. - Ah-ow, Sapby aga, bi edýäniñ näme, gök agaçlary pürreläp ýörsüñ? - diýip, gygyrdy. - Gök agaç ýene-de gögerer, maña taýak gerek, taýak - diýip, goñşyma bolam wakany gürrüñ berdim. - Be-e, onda "taýak" operasiýasy başlanypdyr-da - diýip, ol geñ galdy. Hawa, meñ içimi it ýyrtyp barýar. Indiki ýekşenbäniñ gelerine howlugýan. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |